Söýgüli Pygamberim

ÇAGYRYŞ HATLARY

Hökümdarlara iberilen hatlar

Hudeýbiýeden gaýdyp gelenden soň, hormatly Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) yslamyň bütin dünýä ýaýramagyny, ynsanlaryň dowzah azabyndan halas bolup, hakyky bagta ýetmegini isleýärdi. Çünki ol bütin äleme rahmet edilip iberilipdi. Şonuň üçin ol töweregindäki hökümdarlara ilçiler iberip, olary yslama çagyrmagy ýüregine düwdi. Hijri altynjy ýylyň Zülhijje aýynyň ahyrlarynda, ýedinji ýylyň Muharrem aýynyň başlarynda ol Amr ibn Umeýýäni (radyýallahu anhu) Habeşistanyň, Dihýe Kelbini (radyýallahu anhu) Wizantiýanyň, Hatyp ibn Abu Beltagany (radyýallahu anhu) Müsüriň hökümdaryna iberdi. Şol wezipe bilen Abdylla ibn Huzafany (radyýallahu anhu) Eýranyň hökümdaryna, Şuja ibn Wehbi (radyýallahu anhu) Gassana, Selit ibn Amry (radyýallahu anhu) Ýemamä, Ala Hadramyny bolsa Bahreýniň emiri Munzir ibn Sawynyň ýanyna iberdi.1 Bu ilçiler hormatly sahabalaryň iň saýlantgylarydy: daş keşbi hem, sözi hem iň gözel bolanlardy. Her hökümdara aýratyn yslama çagyryş haty ýazyldy. Söýgüli Pygamberimiz hatlaryň aşagyna kümüş ýüzüginiň gaşynda aşakdan ýokaryk üç setir bolup “Muhammet, Resul, Allah” diýip ýazylan möhüri bilen möhür basdy. Pygamberimiziň bir mugjyzasy hökmünde hökümdarlara iberiljek ilçiler ertir ukudan turanlarynda, her biri barjak döwletiniň dilini bilýärdi.2

Najaşy Ashama ýazylan hat

Habeşistana gitjek Amr ibn Umeýýe hezretleri mundan öň ol ýere hijret eden hormatly sahabalaryň Medinä iberilmegini hem Najaşy Ashamadan haýyş etmelidi. Resulullah Najaşy üçin iki hat iberipdi. Amr ibn Umeýýe gysga wagtda Habeşistana ýetip, patyşa Najaşy Ashamanyň huzuryna bardy. Ilki birinji haty gowşurdy. Najaşy tagtyndan düşüp, haty uly hormat we söýgi bilen aldy. Ony öpüp, ýüzüne we gözlerine sürtenden soň, açyp okatdy: “Bismillähir-rahmänir-rahym! Allahu tagalanyň resuly Muhammet aleýhisselamdan Habeşistanyň patyşasy Najaşy Ashama!.. Hidaýata eýerene salam bolsun!..

“Eý hökümdar! Men seni deňi-taýy, şärigi bolmadyk Allahu tagala iman getirmäge, Oňa ybadat etmäge, maňa eýermäge we Allahu tagalanyň maňa inderenlerine ynanmaga çagyrýaryn. Çünki men Allahu tagalanyň bulary ýetirmäge buýrulan resulydyryn” Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam

Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem)

hökümdarlara iberen hatlarynyň biri

Hatyň çep aşaky burçundaky möhürde üç setir bolup aşakdan ýokaryk “Muhammet, Resul, Allah” sözleri ýazylypdyr. Kümüş ýüzügiň gaşyna oýulyp ýazylan bu möhür iberilen her bir çagyryş hatynyň aşagyna basylardy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) bu ýüzügi döwlet möhüri hökmünde ahyrete göçýänçä ulandy. Soňra ol hezreti Abu Bekiriň, ondan soň hezreti Omaryň we üçünji bolup hezreti Osmanyň halyflyk döwründäki möhüri boldy. Hezreti Osman ony bary-ýogy alty aý ulanyp bildi. Bir gün ýüzük halyfyň barmagyndan sypyp, Eris guýusyna düşdi. Ony näçe gözleseler-de, hiç tapyp bilmediler.

Eý hökümdar! Saňa saglyk-amanlyk dileýärin we saňa beren nygmatlary üçin Allahu tagala hamd edýärin. Ondan başga ilah ýokdur. Ol – Melikdir (bütin kainatda tasarruf eýesi diňe Oldur). Kuddusdyr (her hili aýypdan we kemçilikden päkdir). Salamdyr (gullaryny ähli howp-hatardan aman saklaýandyr). Mömindir (ynam-amanlyk berýändir). Muheýmindir (her zady gözegçilikde saklap goraýandyr).

Men şaýatlyk edýärin: Isa (aleýhisselam) Allahu tagalanyň örän päk, iffetli, dünýä durmuşynyň her hili lezzetlerinden doly el çeken Merýeme salan ruhy we sözüdir (kelimesidir). Şeýlelikde ol Isa bilen göwreli boldy. Allahu tagala Adamy Öz gudraty bilen nähili ýaradan bolsa, Isany hem şeýle ýaratdy.

Eý hökümdar! Men seni deňi-taýy, şärigi bolmadyk Allahu tagala iman getirmäge, Oňa ybadat etmäge, maňa eýermäge we Allahu tagalanyň maňa inderenlerine ynanmaga çagyrýaryn. Çünki men Allahu tagalanyň bulary ýetirmäge buýrulan resulydyryn. Indi men saňa gerek zatlary ýetirdim, dünýä we ahyret bagtyny üpjün etjek nesihat etdim. Nesihatymy kabul ediň! Hidaýata ýeten, dogry ýola düşenlere salam bolsun!”.

Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) hatyny uly edep we kiçigöwünlilik bilen diňlän hökümdar Ashama derrew kelimeýi şahadat getirip, musulman boldy:

“Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluh.” Soňra: “Kasam edýärin, ol ähli kitap bolan ýahudylaryň we hristianlaryň gelmegine garaşýan, öňki pygamberleriň geljegini buşlan pygamberdir. Eger onuň ýanyna gitmäge mümkinçiligim bolsady, hökman giderdim we oňa hyzmat etmek şerefine ýeterdim!” diýdi. Ol haty hormat bilen owadan bir guta salyp: “Bu hatlar şu ýerde durdugyça, Habeşistandan haýyr-bereket gitmez” diýdi.3 Najaşy Ashama ikinji hatda bildirilen buýruklary hormat bilen okap, Pygamberiň buýrugy boýunça söýgüli Pygamberimiziň mübärek aýaly Ummu Habyba enemizi Resuly ekreme nikalady. Soňra Ummu Habyba enemizi we ol ýerdäki hormatly sahabalary iki aý töweregi myhman edip saklandan soň, gämilere mündürip, köp sowgatlar bilen Medinä ugratdy. Olar bilen iberen hatynda iman getirendigini bildirdi.

Wizantiýa imperatory Irakliusa hat

Hezreti Dihýe Kelbi hem Wizantiýa imperatoryny yslama çagyrmak üçin wezipelendirilipdi. Ol haty Busradaky Gassan hökümdary Harysa bermelidi, Harys hem ony Wizantiýa imperatory Irakliusa ibermelidi. Hezreti Dihýe Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) çagyryş hatyny uly hormat bilen alyp, tiz wagtda Busra şäherine geldi. Harys bilen duşuşyp, ýagdaýy düşündirdi. Harys Dihýäniň ýanyna entek musulman bolmadyk Adiý ibn Hatemi goşup, olary şol wagt Iýerusalimde (Kudusda) bolan Irakliusyň ýanyna iberdi. Ikisi bilelikde Iýerusalime gelip, imperator bilen duşuşmagyň ýoluny gözläp başladylar. Imperatoryň adamlary oňa: “Kaýsaryň huzuryna baranyňda, başyňy egip ýörärsiň, ýakynlaşanyňda bolsa ýere ýykylyp sežde edersiň. Ol sežden turmaga rugsat bermese, hiç haçan başyňy ýerden galdyrmarsyň” diýdiler. Bu sözler hezreti Dihýä agyr degdi we ol olara: “Biz, musulmanlar, Allahu tagaladan başga hiç kime sežde etmeýäris. Üstesine-de, ynsanyň ynsana sežde etmegi onuň ýaradylyşyna ters gelýär” diýdi. Munuň üstüne kaýsaryň adamlary: “Onda kaýsar sen getiren haty hiç haçan kabul etmez we seni huzuryndan kowar” diýdiler. Hezreti Dihýe: “Biziň Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam başgalaryň özüne sežde etmegine däl, hatda öňünde azajyk egilmegine-de rugsat bermeýär. Özi bilen gürleşmek isleýän adam gul bolsa-da, oňa üns berýär. Ony huzuryna kabul edýär, derdini diňleýär, kynçylygyny aýyrýar, göwnüni alýar. Şonuň üçin oňa eýerenleriň hemmesi azat we şereflidir” diýdi.

“Kasam edýärin, ol ähli kitap bolan ýahudylaryň we hristianlaryň gelmegine garaşýan, öňki pygamberleriň geljegini buşlan pygamberdir” Najaşy Ashama (rahmetullahi aleýh)

Bu sözleri diňleýänleriň biri şeýle diýdi: “Kaýsara sežde etmejek bolsaň, öz üstüňe alan wezipäňi ýerine ýetirip bilmegiň üçin saňa başga bir ýol görkezeýin. Köşgüň öňünde kaýsaryň dynç alýan bir ýeri bar. Ol her gün günortandan soň şol howla çykýar we şol ýerde gezim edýär. Ol ýerde bir münber bar. Onuň üstünde haýsydyr bir ýazgy bolsa, ilki ony alyp okaýar, soňra dynç alýar. Sen hem häzir git-de, haty şol münberiň üstünde goý we daşarda garaş. Haty görende, seni çagyrdar. Şonda wezipäňi ýerine ýetirersiň”.

Munuň üstüne hezreti Dihýe haty aýdylan ýerde goýdy. Iraklius haty aldy we arap dilini bilýän bir terjimeçini çagyrtdy. Terjimeçi Resulullahyň hatyny okap başlady. Hatyň iň ýokarsynda: “Bismillähir-rahmänir-rahym! Allahu tagalanyň resuly Muhammetden (aleýhisselam) wizantiýalylaryň ulusy Irakliusa” diýip ýazylypdy. Irakliusyň doganynyň ogly Ýennak hatyň şeýle başlanmagyna gaty gaharlandy we terjimeçiniň döşüne güýçli ýumruk urdy. Ýumrugyň zarbyndan terjimeçi ýere ýykyldy, mübärek hat onuň elinden gaçdy. Iraklius Ýennakdan: “Näme üçin beýle etdiň?” diýip soranda, ol şeýle diýdi: “Haty görmeýärmiň? Ol haty seniň adyňdan öň öz ady bilen başlapdyr, seniň hökümdardygyňy hem aýtman, ‘wizantiýalylaryň ulusy Irakliusa’ diýipdir. Näme üçin ol ‘wizantiýalylaryň hökümdaryna’ diýip ýazmandyr we ilki seniň adyň bilen başlamandyr? Onuň haty bu gün okalmaly däl”.

Munuň üstüne Iraklius: “Allaha kasam, sen ýa gaty akylsyz, ýa-da düýbünden däli ekeniň. Seniň beýledigiňi bilmändirin. Men entek hatda näme ýazylandygyna seretmänkäm, sen ony ýyrtyp taşlamak isleýärmiň? Janyma kasam edýärin, eger ol özüniň aýdyşy ýaly Allahyň resuly bolsa, hatynda öz adyny meniň adymdan öň ýazmaga we meni wizantiýalylaryň ulusy diýip ýatlamaga haklydyr. Men olaryň diňe eýesidirin, hökümdary däldirin” diýdi-de, Ýennagy huzuryndan kowdy. Soňra hristianlaryň iň alymy, baştutany we özüniň geňeşçisi bolan Uskuf atly adamy çagyrtdy. Haty oňa okatdy. Hatyň dowamynda şeýle diýilýärdi: “Allahu tagalanyň hidaýatyna eýerenlere, dogry ýola ýetenlere salam bolsun!” Mundan soň: “(Eý wizantiýalylaryň ulusy!) Men seni yslama çagyrýaryn. Yslamy kabul et, halas bolarsyň. Musulman bol, Allahu tagala saňa iki esse sogap berer. Eger ýüz öwürseň, ähli hristianlaryň günäsi seniň boýnuňdadyr. (Resulym!) Aýt: ’Eý ähli kitap (ýahudylar we hristianlar)! Biziň aramyzda umumy bolan söze geliň: Allahu tagaladan başga hiç bir zada çokunmarys, Oňa hiç bir zady şärik goşmarys, Allahu tagalany goýup, aramyzdan hiç kimi Ýaradan Reb hasap etmeris. Eger bu sözden ýüz öwürseler, aýdyň: Şaýat boluň, biz hakyky musulmanlardyrys’”.4

Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) haty okalýarka, Irakliusyň maňlaýyndan der damjalary akýardy. Hat okalyp gutarandan soň, ol: “Süleýman aleýhisselamdan soň men ‘Bismillähir-rahmänir-rahym’ diýip başlanýan hat görmändim” diýdi. Iraklius bu meselede Uskufyň pikirini soranda, Uskuf şeýle diýdi:

“Allaha kasam, ol – Musa we Isa (aleýhimesselam) bize geljegini buşlan pygamberdir. Biz eýýäm onuň gelmegine garaşýardyk”.

Iraklius: “Bu işde maňa näme etmegi maslahat berýärsiň, nämäni dogry hasaplaýarsyň?” diýip sorady. Uskuf: “Oňa eýermegiňi dogry hasaplaýaryn” diýip jogap berdi. Iraklius: “Seniň aýdýan zadyňy men gaty gowy bilýärin. Emma oňa eýerip, musulman bolmaga güýjüm ýetmez. Çünki onda hem hökümdarlygym gider, hem meni öldürerler” diýdi. Munuň üstüne ol hezreti Dihýäni we Adiý ibn Hatemi çagyrtdy. Adiý: “Eý hökümdar! Dowar we düýe saklaýan araplardan bolan şu ýanymdaky adam öz ýurdunda bolup geçen geň bir waka hakynda gürrüň berýär” diýdi. Iraklius: “Siziň ýurduňyzdaky waka näme?” diýip soranda, hezreti Dihýe: “Aramyzda bir adam peýda boldy. Ol özüniň pygamberdigini yglan etdi. Halkyň bir bölegi oňa eýerýär, bir bölegi bolsa garşy çykýar. Iman getirenler bilen iman getirmedikleriň arasynda çaknyşyklar bolýar” diýdi.

Mundan soň Iraklius Pygamberimiz hakynda derňew geçirip başlady. Ol Damaskyň häkimine Resuly ekrem bilen bir nesilden bolan birini tapmagy buýurdy. Şol arada özüniň dosty bolan we gadymy ýewreý dilini bilýän Rimdäki bir alyma hem hat ýazyp, bu meseläni sorady. Rimdäki dostundan onuň aýdýan adamynyň ahyrzaman Pygamberidigini bildirýän hat geldi. Damaskyň häkimi bolsa söwda üçin barýan bir kuraýş kerwenine gabat geldi. Olaryň arasynda entek musulman bolmadyk kuraýşlylaryň baştutany Abu Sufýan hem bardy. Abu Sufýan şeýle gürrüň berýär: “Biz Gazzada bolanymyzda, Irakliusyň Damaskdaky häkimi üstümize çozjak ýaly bolup geldi-de: ‘Siz şol Hijazdaky adamyň kowmundanmy?’ diýip sorady. ‘Hawa’ diýdik. ‘Ýörüň, biziň bilen imperatoryň ýanyna gidersiňiz!’ diýdi”. Ol Abu Sufýany we onuň ýoldaşlaryny Damaska alyp gitdi. Damaskyň häkimi Abu Sufýany we onuň ýanyndakylary Irakliusyň huzuryna getirdi. Şol wagt Iraklius Iýerusalimde, Beýtul-Mukaddesdedi. Ol weziri bilen bile, başyna täjini geýip otyrdy. Iraklius Abu Sufýany we onuň ýanyndaky otuz töweregi mekgelini şol ýerde kabul etdi.

Ol terjimeçi çagyrdy we olardan: “Araňyzda özüni pygamber diýýän adama nesil taýdan iň ýakyny haýsyňyz?” diýip sorady. Abu Sufýan: “Oňa nesil taýdan iň ýakyny men” diýip jogap berdi. Iraklius Abu Sufýany özüne ýakyn getirmegi, galanlaryň bolsa Abu Sufýanyň arkasynda durmagyny buýurdy. Iraklius: “Garyndaşlygyňyz nähili?” diýip soranda, ol: “Ol – kakamyň doganynyň ogly” diýdi. (Çünki Abu Sufýanyň atasy – Umeýýe, Resulullahyň atasy bolsa Abdylmuttalypdyr. Olaryň atalary doganoglanlardyr. Şonuň üçin ol “kakamyň doganynyň ogly” diýdi. Olaryň nesilleri atalarynyň atasy Abdy Menafda birleşýär.) Abu Sufýan ilkibaşda ýalan sözlän hem bolsa, hökümdaryň haýbatyndan gorkup, mundan artyk ýalan sözläp bilmedi.

“Allaha kasam, ol – Musa we Isa (aleýhimesselam) bize geljegini buşlan pygamberdir. Biz eýýäm onuň gelmegine garaşýardyk” Iýerusalimiň Uskufy

Soňra olaryň arasynda şeýle gürrüňdeşlik boldy. Iraklius: – Özüni pygamber diýýän adamyň siziň araňyzdaky nesli nähili? – Ol öz zamanynyň iň asylly nesilli adamy. Nesil taýdan ol biziň iň saýlantgymyz. – Siziň araňyzda ondan öň pygamberlik dawa eden adam boldumy? – Bolmady. – Onuň ata-babalarynyň arasynda hökümdar bolan barmy? – Ýok. – Oňa halkyň begzadalary eýerýärmi ýa-da garyplary we ejizlerimi? – Oňa eýerýänler garyplar, ejizler, ýaşlar we aýallardyr. Kowmunyň ýaşulularyndan we begzadalaryndan oňa eýerýän kän däl. – Oňa eýerýänler köpelýärmi ýa-da azalýarmy? – Köpelýär. – Onuň dinine girenden soň ony halaman ýa-da gaharlanyp, ondan dänen adam barmy? – Ýok. – Pygamberdigini aýtmazdan öň onuň ýalan sözländigi görlüpmidi? – Ýok. – Bu pygamberiň haçan-da bolsa ähdini bozany, sözünde durmadygy boldumy? – Ýok, bolmady. Ýöne biz häzir onuň bilen belli bir möhlet üçin uruşmazlyk barada şertnama baglaşdyk. Şu möhletiň içinde onuň näme etjegini bilmeýäris. – Ol size näme buýurýar? – Ýeke-täk Allaha ybadat etmegi, Oňa hiç bir zady şärik goşmazlygy buýurýar. Ata-babalarymyzyň çokunan zatlaryna (butlara) çokunmagy bize gadagan edýär. Namaz okamagy, dogruçyl bolmagy, garyplara kömek etmegi, haramlardan saklanmagy, ähde wepaly bolmagy, amanata hyýanat etmezligi we garyndaşlara baryp-gelmegi buýurýar. Bu gürrüňdeşlikler Beýtul-Mukaddesde boldy we Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek haty hem şol ýerde okaldy. Iraklius haty öpüp, gözlerine sürtüp, başynyň üstünde goýanda, wizantiýalylaryň arasynda galmagal has-da güýçlendi.

Imperator Abu Sufýany we onuň ýanyndaky kuraýşlylary daşaryk çykarmagy buýurdy. Entek musulman bolmadyk Abu Sufýan şol ýerde kasam edip, söýgüli Pygamberimiziň işiniň üstünlik bilen tamamlanjakdygyna ynanýandygyny aýdypdy. Hezreti Dihýe Irakliusyň garşysynda durup, mübärek owadan ýüzi we mylaýym sesi bilen şeýle diýdi: “Eý kaýsar! Meni seniň ýanyňa Busradan bir adam (Harys) iberdi, ol senden haýyrlydyr. Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, meni onuň ýanyna iberen şahs (Resulullah) bolsa ondan hem, senden hem haýyrlydyr. Sen meniň sözlerimi kiçigöwünlilik bilen diňläp, berlen nesihatlary kabul etmelisiň! Çünki kiçigöwünli bolsaň, nesihatlara düşünersiň. Nesihatlary kabul etmeseň, insaply bolup bilmersiň!”

Iraklius: “Dowam et” diýende, hezreti Dihýe şeýle diýdi: “Onda men seni Allahu tagala iman getirmäge çagyrýaryn – Isa aleýhisselam hem Oňa namaz okapdy. Men seni öňi bilen Musa aleýhisselamyň, ondan soň Isa aleýhisselamyň geljegini buşlap habar beren şu ummy (okap-ýazmagy öwrenmedik) Pygambere iman getirmäge çagyrýaryn. Eger sen bu barada bir zat bilýän bolsaň we dünýä hem ahyret bagtyny gazanmak isleýän bolsaň, olary göz öňüne getir. Ýogsa ahyret bagtyny elden gidirersiň, küfrüň we şirkiň içinde galarsyň. Şuny-da gowy bil: seniň Rebbiň bolan Allahu tagala zalymlary heläk edýändir we nygmatlary üýtgedýändir”.

Iraklius: “Men elime düşen bir ýazgyny okaman, ýanyma gelen bir alymdan bilmeýän zatlarymy sorap öwrenmän goýmaýaryn. Mundan diňe haýyr we ýagşylyk görerin. Sen maňa oýlanyp, hakykaty tapýançam möhlet ber” diýdi. Iraklius soňra hezreti Dihýäni ýanyna çagyryp, onuň bilen ýekme-ýeke gürleşdi. Ýüregindäkini şeýle açyp aýtdy: “Men bilýärin: seni iberen şahs kitaplarda geljegi buşlanan we gelmegine garaşylýan ahyrzaman Pygamberidir. Ýöne oňa eýersem, wizantiýalylaryň meni öldürmeginden gorkýaryn. Men seni Safatyryň ýanyna ibereýin – ol olaryň iň uly alymy we olaryň menden-de köp hormat goýýan adamydyr. Ähli hristianlar oňa eýerýär. Eger ol iman getirse, wizantiýalylaryň hemmesi iman getirer. Şonda men hem ýüregimdäkini we ynanjymy aç-açan bildirerin”.

Mundan soň Iraklius bir hat ýazyp, ony hezreti Dihýä berdi we ony Safatyryň ýanyna iberdi.

Rahyp Safatyr

Resulullah Safatyra-da hat iberipdi. Safatyr hatlary okap, Pygamberimiziň sypatlaryny eşidende, onuň hezreti Musanyň we hezreti Isanyň geljegini habar beren ahyrzaman Pygamberidigine hiç hili şübhe ýokdugyny aýtdy we iman getirdi. Öýüne gidip, gapysyny ýapdy-da, her ýekşenbe edýän wagyzlaryna üç hepdeläp çykmady. Hristianlar: “Safatyra näme boldy, ol şol arap bilen gürleşeli bäri daşaryk çykanok? Biz ony görmek isleýäris!” diýip gygyryşdylar.

Safatyr egnindäki gara rahyp eşigini çykardy. Ak eşik geýip, elinde hasasy bilen ybadathana geldi. Şäheriň ilatyny ýygnandan soň, aýak üstüne galyp şeýle diýdi: “Eý hristianlar! Biliň, bize Ahmetden (aleýhisselam) hat geldi. Ol bizi hak dine çagyrýar. Men aç-açan bilýärin we ynanýaryn: ol Allahu tagalanyň hak resulydyr”. Hristianlar muny eşidip, Safatyryň üstüne topuldylar we ony urup şehit etdiler. Hezreti Dihýe gelip, bolan ýagdaýy Irakliusa habar berdi.

Iraklius: “Men saňa aýtmadymmy? Safatyr hristianlaryň ýanynda menden-de söýgüli we eziz. Eger meniň şeýle diýenimi eşitseler, meni-de onuň ýaly öldürerler” diýdi. Buharynyň “Sahyh” kitabynda getirilen we Zuhrynyň rowaýat eden habarynda bolsa şeýle diýilýär: “Iraklius wizantiýalylaryň ulularyny Humsdaky köşgüne çagyryp, gapylary ýapmagy buýurdy. Soňra beýik bir ýere çykyp: ‘Eý wizantiýalylar jemagaty! Bagta, rahatlyga ýetmegi, hökümdarlygyňyzyň berk durmagyny we hezreti Isanyň aýdanyna eýermegi isleýärsiňizmi?’ diýdi. Wizantiýalylar: ‘Eý biziň hökümdarymyz! Bulara ýetmek üçin näme edeli?’ diýip soradylar. Iraklius: ‘Eý wizantiýalylar jemagaty! Men sizi haýyrly bir iş üçin ýygnadym. Maňa hezreti Muhammediň haty geldi. Ol meni yslam dinine çagyrýar. Allaha kasam, ol biziň gelmegine garaşyp duran, kitaplarymyzda ýazylandygyny tapan we alamatlaryny bilýän pygamberdir. Geliň, oňa eýerip, dünýäde-de, ahyretde-de halas bolalyň’ diýdi. Munuň üstüne hemmeler erbet sözler aýdyp, hüňürdeşip, daşaryk gaçmak üçin gapylara ylgaşdylar. Emma gapylar ýapyk bolansoň, çykyp bilmediler. Iraklius wizantiýalylaryň bu hereketini görüp, olaryň yslamdan şeýle gaçýandyklaryna düşünende, janyndan gorkup: ‘Eý wizantiýalylar jemagaty! Meniň aýdan sözlerim siziň diniňize bolan wepalylygyňyzy synamak üçindi. Diniňize wepalydygyňyzy we meni begendiren hereketiňizi öz gözlerim bilen gördüm’ diýdi. Munuň üstüne wizantiýalylar Irakliusa sežde etdiler we köşgüň gapylary açylanda, çykyp gitdiler”.5 Iraklius hezreti Dihýäni çagyryp, bolan zatlary gürrüň berdi. Oňa birinden-biri gymmatly sowgatlar berdi. Mundan başga-da Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) hat ýazdy. Hatyny we taýýarladan sowgatlaryny hezreti Dihýe arkaly söýgüli Pygamberimize iberdi.

“Onuň hezreti Musanyň we hezreti Isanyň geljegini habar beren ahyrzaman Pygamberidigine hiç hili şübhe ýokdur” Rahyp Safatyr

Iraklius musulman bolmak isläpdi, emma wezipesinden aýrylmakdan we ölümden gorkup, iman getirmedi. Onuň Pygamberimize ýazan hatynda şeýle diýilýärdi: “Hezreti Isanyň buşlan Allahyň resuly Muhammede – Wizantiýanyň hökümdary kaýsardan! Seniň ilçiň hatyň bilen bile meniň ýanyma geldi. Men şaýatlyk edýärin: sen Allahyň hak resulysyň. Çünki biz seni Injilde ýazylgy tapdyk, hezreti Isa hem bize seni buşlapdy. Men wizantiýalylary saňa iman getirmäge çagyrdym, emma olar muňa golaý gelmediler. Eger meni diňlän bolsalar, bu, elbetde, olar üçin haýyrly bolardy. Men seniň ýanyňda bolmagy, saňa hyzmat etmegi we aýaklaryňy ýuwmagy örän isleýärin”. Hezreti Dihýe Irakliusyň ýanyndan aýrylyp, Hisma diýen ýere geldi. Ýolda Juzam jülgeleriniň biri bolan Şenar jülgesinde Huneýd ibn Us, onuň ogly we adamlary hezreti Dihýäni taladylar. Köne eşiklerinden başga näme zady bar bolsa, hemmesini aldylar. Bu ýerde Dubeýb ibn Rifaga ibn Zeýd we onuň kowmy yslamy kabul edipdi. Dihýe olaryň ýanyna gelip, bolan zatlary gürrüň berende, olar Huneýd ibn Usuň we onuň taýpasynyň üstüne ýöriş edip, zatlaryň hemmesini yzyna aldylar.

Soňra Resulullah Zeýd ibn Harysany Huneýd ibn Usuň we onuň adamlarynyň üstüne iberdi. Ol ýerde ýaşaýanlaryň hemmesi iman getirdi. Hezreti Dihýe Medinä gelende, öýüne-de sowulman, göni Habyby ekremiň gapysyna bardy. Gapyny kakdy. Pygamberimiz: “Kim bar?” diýip sorady. Dihýe: “Dihýetul-Kelbi” diýdi. Älemleriň Serweri: “Içeri gir” diýdi. Hezreti Dihýe içeri girdi we bolan zatlaryň hemmesini ähli jikme-jiklikleri bilen gürrüň berdi. Pygamberimize Irakliusyň hatyny okady. Resulullah: “Onuň ýene biraz wagt (tagtda) galmagy bar. Meniň hatym olaryň elinde durdugyça, olaryň hökümdarlygy dowam eder” diýdi.

Iraklius hatynda Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) iman getirendigini ýazan hem bolsa, Resulullah: “Ýalan sözleýär. Ol dininden dänmändir” diýdi. Iraklius söýgüli Pygamberimiziň hatyny ýüpek atlasa dolap, tegelek altyn gutynyň içinde saklady. Irakliusyň maşgalasy bu haty saklapdyr we ony hemmelerden gizläpdir. Olar bu hat ellerinde durdugyça, hökümdarlyklarynyň dowam etjekdigini aýdýardylar we muňa ynanýardylar. Hakykatdan-da, şeýle boldy.6

Müsüriň patyşasy Mukawkysa hat

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Hatyp ibn Abu Beltagany Müsüriň hökümdaryna ibermezden öň: “Eý sahabalarym! Sylagyny Allahu tagaladan garaşyp, şu haty Müsüriň hökümdaryna haýsyňyz eltersiňiz?” diýip soranda, hezreti Hatyp ýerinden böküp turdy-da: “Ýa Resulallah! Men elterin!” diýdi. Pygamberimiz bolsa: “Eý Hatyp! Allahu tagala bu wezipäňi seniň üçin mübärek etsin!” diýdi. Hatyp ibn Abu Beltaga hezretleri haty söýgüli Pygamberimizden aldy. Hoşlaşyp, öýüne gitdi. Ulagyny taýýarlady. Maşgalasy bilen hem hoşlaşandan soň, ýola çykdy. Hezreti Hatyp Müsüriň hökümdary Mukawkysyň Isgenderiýede bolýandygyny öwrendi we onuň köşgüne baryp ýetdi. Içeri goýbermezden öň onuň maksadyny öwrenen derwezeban hezreti Hatyba uly hormat goýdy we ony asla garaşdyrmady. Mukawkys şol wagt deňizde, bir gäminiň üstünde öz adamlary bilen gürrüňdeşlik edýärdi. Hezreti Hatyp bir gaýyga münüp, Mukawkysyň bolýan ýerine geldi. Oňa Pygamberimiziň hatyny berdi. Mukawkys haty Hatypdan alyp, okap başlady:

“Bismillähir-rahmänir-rahym!

Allahu tagalanyň guly we resuly Muhammetden Kybtyň (gadymy Müsür halkynyň) ulusy Mukawkysa! Hidaýata eýerenlere salam bolsun. Halas bolmagyň üçin men seni yslama çagyrýaryn. Musulman bol, halas bolarsyň we Allahu tagalanyň iki esse sogabyna ýetersiň. Eger ýüz öwürseň, ähli Kybtyň günäsi seniň boýnuňdadyr! ’(Resulym!) Aýt: Eý ähli kitap (ýahudylar we hristianlar)! Biziň aramyzda umumy bolan söze geliň: Allahu tagaladan başga hiç bir zada çokunmarys, Oňa hiç bir zady şärik goşmarys, Allahu tagalany goýup, aramyzdan hiç kimi Ýaradan Reb hasap etmeris. Eger bu sözden ýüz öwürseler, aýdyň: Şaýat boluň, biz hakyky musulmanlardyrys!’”7

Kainatyň Soltanynyň haty okalandan soň, Mukawkys hezreti Hatyba: “Haýyrlysy bolsun!” diýdi. Müsüriň hökümdary serkerdelerini, döwlet adamlaryny ýygnap, Hatyp bilen gürleşip başlady. Ol şeýle diýdi: “Düşünmek isleýän käbir zatlarymy soraryn, bu barada seniň bilen gürleşerin”. Hezreti Hatyp: “Buýur, gürleşeliň!” diýende, Mukawkys: – Seni iberen şahs hakynda maňa habar ber. Ol pygambermi? Biraz gürrüň ber! – Hawa, ol pygamber. – Eger ol hakykatdan-da pygamber bolsa, näme üçin özüni öz ýurdundan çykaryp, başga bir ýere sygynmaga mejbur eden kowmuna gargamady? – Sen Isa ibn Merýem aleýhisselamyň pygamberdigine ynanýarsyň, şeýle dälmi? Kowmy ony tutup öldürmek islände-de, ol olara gargamady, Jenaby Hak bolsa ony dünýä asmanyna göterdi, ony sylaglady. Emma ol Allahu tagaladan kowmunyň heläk bolmagyny diläp gargamaly dälmidi? Ol beýle etmedi.

“Eý Hatyp! Allahu tagala bu wezipäňi seniň üçin mübärek etsin!” Hadysy şerif

– Gaty gowy jogap berdiň. Hakykatdan-da, sen hikmet eýesi bolan şahsyň ýanyndan gelen akyldar adamsyň. Bu gije biziň ýanymyzda gal, ertir saňa jogabymy bereýin.

Hezreti Hatyp hezreti Musanyň zamanyndaky Firgawuny göz öňünde tutup, Mukawkysa şeýle diýdi: – Senden öň bu ýerde bir hökümdar bardy. Ol halkyna: “Iň beýik ilah – men!” diýip, özüniň Rebdigini dawa edipdi. Allahu tagala ony dünýä we ahyret azaplary bilen jezalandyrdy we ondan ar aldy. Sen mundan ybrat al-da, başgalara ybrat bolma! – Biziň öz dinimiz bar. Biz bu dinimizi ondan haýyrlysy bolmasa, taşlamarys. – Seniň uýýan we ondan haýyrlysy bolmasa taşlamajakdygyňy aýdýan diniňden has haýyrly din, hiç şübhesiz, yslamdyr. Biz seni Allahu tagalanyň bu soňky dinine – yslama çagyrýarys. Allahu tagala Öz dinini onuň bilen tamamlady, ony ynsanlara ýeterlik etdi we bu kesgitlidir. Bu Pygamber diňe seni däl, ähli ynsanlary yslam dinine çagyrdy. Şonda oňa ynsanlaryň arasynda iň köp garşylyk görkezen we gödek garaýan – kuraýşlylar, iň köp duşmançylyk edenler – ýahudylar, iň ýakyn bolanlar bolsa hristianlar boldy. Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, Musa aleýhisselamyň Isa aleýhisselamy buşlamagy edil Isa aleýhisselamyň Muhammet aleýhisselamy buşlamagy ýalydyr. Şonuň üçin biziň seni Kurany Kerime çagyrmagymyz seniň ýahudylary Injile çagyrmagyň ýalydyr. Elbetde, saňa mälimdir: her pygamber özüne düşünip, aňlap biljek bir kowma iberilipdir. Şol kowma-da şol pygambere boýun bolmak wajyp bolupdyr. Ine, sen hem şu Pygamberiň zamanyna ýetenleriň birisiň. Biz seni bu täze dine çagyrýarys.

Hezreti Hatybyň bu sözlerinden soň Mukawkys şeýle diýdi: – Men bu pygamberiň ýagdaýyna seretdim. Onuň buýruklarynda we gadaganlyklarynda akyla laýyk gelmeýän hiç bir zat tapmadym. Düşünişime görä, ol jadygöý hem, kähin hem, ýalançy hem däl.

Men onda pygamberlik alamatlarynyň käbirini tapdym. Gizlin zatlary ýüze çykarmak şol alamatlaryň biridir. Bu şahsdan käbir syrlar barada habarlar eşidildi. Soňra ol: “Hany, biraz oýlanyp göreýin!” diýip, möhlet sorady.

Gijäniň bir mahaly Mukawkys Hatyp hezretlerini oýaryp, Pygamberimiz hakynda ýene köp soraglar bermek isleýändigini bildirdi.

Soňra olaryň arasynda şeýle gürrüňdeşlik boldy:

– Onuň hakynda berjek soraglaryma dogry jogap berseň, üç zady soramak isleýärin.

– Isleýän zadyňy sora! Men saňa hemişe diňe dogrusyny aýdaryn.

– Muhammet ynsanlary nämä çagyrýar?

– Diňe Allahu tagala ybadat etmäge çagyrýar. Gije-gündizde bäş wagt namaz okamagy, Ramazan orazasyny tutmagy, berlen sözde durmagy buýurýar. Öleksäniň etini iýmegi gadagan edýär.

“(Resulym!) Aýt: ‘Eý ähli kitap (ýahudylar we hristianlar)! Biziň aramyzda umumy bolan söze geliň: Allahu tagaladan başga hiç bir zada çokunmarys, Oňa hiç bir zady şärik goşmarys, Allahu tagalany goýup, aramyzdan hiç kimi Ýaradan Reb hasap etmeris. Eger bu sözden ýüz öwürseler, aýdyň: Şaýat boluň, biz hakyky musulmanlardyrys!’” Äli-Ymran: 64

Mundan soň Mukawkys sorady:

– Onuň daş keşbini we şemaýilini (daşky görnüşini) maňa suratlandyr! Hatyp gysgaça suratlandyryp berdi. Köp zatlary sanamady. Şondan soň Mukawkys şeýle diýdi:

– Seniň aýtmadyk ýene käbir zatlaryň galdy: onuň gözlerinde azajyk gyzyllyk, arkasynda pygamberlik möhüri bar. Ol eşege münýär, sof (ýüň mata) geýýär, hurma we az etli nahar bilen gün görýär. Ony kakasynyň doganlary ýa-da olaryň ogullary goraýar. Hezreti Hatyp: – Bular hem onuň sypatlarydyr, – diýdi.

Mukawkys hezreti Hatypdan Pygamberimiz hakynda ýene sorady: – Ol sürme ulanýarmy? – Hawa! Aýna seredýär, saçyny daraýar, saparda-da, öýde-de aýnany, sürmedany, daragy we miswagy ýanyndan aýyrmaýar! – Men ýene bir pygamberiň gelmelidigini bilýärdim we onuň Şamdan çykar öýdýärdim. Çünki öňki pygamberler hemişe şol ýerden çykypdylar. Hawa, soňky pygamberiň Arabystanda – gatylygyň, darlygyň we ýoklugyň ýurdunda çykjakdygyny hem kitaplarda görüpdim. Kitaplarda sypatlary ýazylan pygamberiň ýüze çykjak wagty hem, hiç şübhesiz, şu zamandyr. Biz onuň sypatyny kitapda şeýle ýazylgy tapypdyk: “Iki uýa-dogany bir nikanyň astynda birleşdirmez, sowgady kabul eder, sadakany kabul etmez. Garyplar, pukaralar bilen oturyp-turar”. Oňa eýermek meselesinde kybtylar meni diňlemezler. Men hökümdarlygymdan hem aýrylyp bilmerin. Bu meselede men gaty gysganjaň. Ol pygamber ýurtlara höküm sürer, ondan soň onuň sahabalary biziň şu topraklarymyza çenli gelip ornaşarlar. Ahyrynda olar şu ýerdäkilerden üstün çykarlar. Men kybtylara bu barada bir söz hem aýtmaryn, bu gürrüňdeşligimi hiç kime bildirmek hem islemeýärin!

Bu gürrüňdeşlikden soň Mukawkys arapça ýazýan mirzesini çagyrdy we Pygamberimiziň hatyna şeýle jogap ýazdyrdy: “Abdyllanyň ogly Muhammede – kybtylaryň ulusy Mukawkysdan! Saňa salam bolsun. Iberen hatyňy okadym. Onda ýatlan zadyňa we çagyryşyňa düşündim. Men hem bir pygamberiň geljegini bilýärdim. Ýöne onuň Şamdan çykar öýdýärdim. Ilçiňi hormatlap, myhman etdim. Saňa kybtylaryň arasynda uly gymmaty bolan iki gyrnak we geýim-eşik iberdim. Ýene-de münmegiň üçin bir urkaçy gatyr sowgat etdim”. Mukawkys mundan başga hiç zat etmedi, musulman hem bolmady. Hezreti Hatyby Müsürde bäş gün myhman etdi. Oňa uly hormat goýup, sylag-sarpa etdi. Soňra: “Derrew ýurduňa, eýäňiň ýanyna gaýdyp git! Onuň üçin iki gyrnak, iki münülýän haýwan, müň miskal (bir miskal – 4,8 g) altyn, ýigrimi toplum Müsürde tikilen inçe eşik we başga-da sowgatlar iberilmegini buýurdym. Saňa hem ýüz dinar we bäş toplum eşik berilmegini aýtdym. Ýanymdan git! Seresap bol, kybtylar seniň agzyňdan bir söz hem eşitmesinler!” diýdi. Mundan başga-da Mukawkys Pygamberimize bilur käse, ysly bal, sellebent, Müsüre mahsus zygyr matasy, agar (ud agajy, Aquilaria) we müşk ýaly hoş ysly zatlar, hasa, bir gutynyň içinde sürmedan, gül ýagy, darak, gaýçy, miswak, aýna, iňňe we sapak hem sowgat etdi.

Mukawkys yslam ilçisi Hatyp ibn Abu Beltaga hezretleriniň ýanyna goragçy esgerleri goşup, ony ýola saldy. Arabystan topragyna aýak basanlarynda, olar Medinä barýan bir kerwene gabat geldiler. Hatyp Mukawkysyň esgerlerini yzyna gaýtaryp, şol kerwene goşuldy.

Hatyp ibn Abu Beltaga sowgatlar bilen Medinä gelip, Resulullahyň huzuryna bardy. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Mukawkysyň sowgatlaryny kabul etdi. Hatyp Mukawkysyň hatyny berip, onuň sözlerini ýetirende, Pygamberimiz: “Nähili erbet adam! Hökümdarlygyny gyýmady. Emma onuň iman getirmegine päsgel bolan hökümdarlygy onda galmaz!” diýdi.8

Mukawkysyň Pygamberimize sowgat edip iberen iki gyrnagy – Mariýa we onuň uýasy Şirindi. Hatyp ibn Abu Beltaga ýolda olara musulman bolmagy teklip edende, olar muny kabul edip, musulman bolupdylar. Pygamberimiz hezreti Mariýa enemiziň musulman bolmagyna gaty begendi we ony nikasy bilen şereflendirdi. Ondan Ybraýym atly bir ogly boldy. Şirini bolsa sahabalaryndan Pygamberiň şahyry bolan Hassan ibn Sabite berdi.

Iň gowy tohumly, ak reňke gaty ýakyn çal tüýli iki münülýän haýwandan gatyra Düldül, eşege bolsa Ufeýr ýa-da Ýagfur diýip at goýdular. Şol güne çenli Arabystanda ak tüýli gatyr görlüp-eşidilmändi. Musulmanlaryň ilkinji gören ak tüýli gatyry Düldül boldy. Pygamberimiz sowgat berlen bilur käseden suw içerdi. Mukawkys Pygamberimiziň hatyna uly hormat goýup, ony pil süňkünden ýasalan bir gutynyň içinde goýdy.

Gutyny möhürledi we gyrnaklarynyň birine tabşyrdy. (Ady agzalan bu hat hijri 1267-nji (milady 1850-nji) ýylda Müsüriň Ahmim sebitindäki köne bir monastyrda kybt kitaplarynyň arasynda tapyldy. Ony osmanly patyşasy, 96-njy halyf soltan Abdylmejit han satyn aldy we ol Stambuldaky Topkapy köşgüniň Mukaddes amanatlar bölümine goýuldy.)

Eýran kisrasy Hysrow Perwize hat

Eýranyň hökümdaryna Abdylla ibn Huzafa iberilipdi. Hezreti Abdylla tekepbir Eýran şasyna (kisra) Älemleriň Serweriniň gymmatly hatyny gowşuranda, ol okamak üçin haty mirzesine berdi.

“Bismillähir-rahmänir-rahym!

Allahu tagalanyň resuly Muhammetden (aleýhisselam) parslaryň ulusy Kisra…”

Mirza şu ýere çenli okapdy welin, tekepbir şanyň gany başyna urup, gahary geldi we haty elinden alyp ýyrtdy. Pygamberimiziň hatynyň öz mübärek ady bilen başlanmagyna ol örän gazaplanypdy. Yslam ilçisi Abdylla ibn Huzafa hezretlerini hem huzuryndan kowmak islände, hezreti Abdylla kisranyň özüne we onuň töwereginde ýygnanan otparazlara şeýle diýdi:

“Eý pars halky! Siz pygamberlere ynanmaýarsyňyz, kitaplary kabul etmeýärsiňiz. Üstünde ýaşaýan şu topraklaryňyzda sanawly günleriňizi geçirýärsiňiz, düýş ýaly bir durmuş bilen ýaşaýarsyňyz!..

“Allahym! Ol (kisra) meniň hatymy nähili bölek-bölek eden bolsa, Sen hem ony we onuň mülküni (hökümdarlygyny) şeýle bölek-bölek et!..” Hadysy şerif

Eý kisra! Senden öň näçe hökümdarlar bu tagta oturyp, höküm sürdüler. Allahu tagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirenler ahyretlerini gazanyp, ýerine ýetirmedikler bolsa ylahy azaba uçrap, bu dünýäden göçüp gitdiler!..

Eý kisra! Getirip gowşuran bu hatym, aslynda, seniň üçin uly bagtdy. Sen ony kemsitdiň. Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, sen kemsiden şol din bu ýere gelende, gaçara ýer gözlärsiň!..”

Soňra ol kisranyň köşgüni terk edip, ulagyna mündi. Tiz wagtda ol ýerden daşlaşdy. Medinä gelip, ýagdaýy Kainatyň Soltanyna gürrüň berende, ol: “Allahym! Ol meniň hatymy nähili bölek-bölek eden bolsa, Sen hem ony we onuň mülküni şeýle bölek-bölek et!..” diýdi.

Allahu tagala Resulynyň dogasyny kabul etdi: bir gije kisrany öz ogly hanjar bilen urup, bölek-bölek etdi. Hezreti Omaryň zamanynda bolsa Eýranyň ähli topraklary basylyp alnyp, musulmanlaryň eline geçdi.9

Gassan hökümdary Harys ibn Abu Şimre hat

Şuja ibn Wehb hezretleri Gassan hökümdarynyň ýanyna iberilipdi. Şuja (radyýallahu anhu) ilki hökümdaryň derwezebany bilen gürleşdi. Ony yslama çagyranda, derwezeban muny kabul etdi we Resulullaha hormatyny we salamlaryny iberdi. Ol hezreti Şujany asla garaşdyrman, hökümdar bilen duşuşdyrdy. Harys ibn Abu Şimr haty okap, gaharlandy we ony ýere zyňdy. Hezreti Şuja derrew Medineýi münewwerä gaýdyp gelip, ýagdaýy Allahu tagalanyň Söýgülisine habar berdi. Söýgüli Pygamberimiz hatynyň ýere zyňylmagyna gynandy we: “Hökümdarlygy ýok bolsun!” diýdi. Az wagtdan soň Harys ibn Abu Şimr öldi we onuň döwleti dargady.10

Ýemame hökümdary Hewze ibn Alynyň adyna hat

Selit ibn Amr Ýemame hökümdarynyň ýanyna iberilipdi. Hewze hristiandy. Pygamberimiz hatynda şeýle diýipdi: “Bismillähir-rahmänir-rahym! Allahu tagalanyň resuly Muhammetden (aleýhisselam) Hewze ibn Ala! Hidaýata ýeten, dogry ýola düşenlere salam bolsun! (Eý Hewze!) Bilgin: yslam düýeleriň we atlaryň baryp biljek iň uzak ýerlerine çenli ýaýrar, ähli dinlerden üstün çykar. Sen hem yslamy kabul et, halas bolarsyň. Musulman bolsaň, hökümdarlygyňyň astyndaky ýerleriň dolandyryşyny ýene saňa goýaryn…”

Ýemame hökümdary Hewze bu mübärek çagyryşy kabul etmekden ýüz öwürdi. Tagt söýgüsi, wezipe hyrsy onuň gözüni tutupdy. Şonuň üçin ol Kainatyň Soltanynyň dogasyna ýetmek ýaly beýik bagtdan mahrum galdy. Yslam ilçisi Selit ibn Amr hezretleri oňa rehimi inip, şeýle diýdi:

“Eý Ýemame hökümdary Hewze! Sen bu kowmuň ulususyň! Seniň uly hasaplaýan kaýsarlaryň ölüp, topraga öwrüldiler.

Hakyky uly adamlar bolsa Allahu tagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirip, gadaganlaryndan gaçyp, jennete mynasyp bolanlardyr. Eger bir jemgyýet iman getirmek bilen şereflenen bolsa, olary öz bozuk ynanjyň bilen dogry ýollaryndan azdyrmakdan saklan!.. Dogrusy, men saňa Allahu tagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirmegi, gadaganlaryndan saklanmagy maslahat berýärin. Allahu tagala iman getirip, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirseň, jennete girersiň. Şeýtana eýerseň, dowzahda galarsyň.

Eger bu nesihatlarymy kabul etseň, gorkýan zatlaryňdan aman bolarsyň, umyt edýän zatlaryňa ýetersiň. Eger nesihatlarymy ret etseň, indi size edip biljek hiç zadym galmady. Galanyny özüň oýlan!..”

Hewze yslam ilçisiniň bu gözel nesihatlaryny-da diňlemedi. Selit ibn Amr indi Ýemamede galmagyň geregi ýokdugyna düşünip, tiz Medinä gaýdyp geldi. Söýgüli Pygamberimize netijäni habar berdi. Resuly ekrem onuň yslama girmek bagtyndan mahrum galmagyna gynandy. Az wagtdan soň Hewzäniň ölüm habary geldi. Onuň tagt söýgüsi, wezipe hyrsy dowzah çukury bolan gabrynda soňlandy.11

Bahreýniň emiri Munzir ibn Sawynyň adyna hat

Ala ibn Hadramy hem Bahreýniň emirine hat eltdi. Emir mübärek haty söýgi bilen okady, mazmunyna düşündi we iman bilen şereflendi.

Ol (Najaşy Ashamadan başga) beýlekiler ýaly: “Başgalar maňa ony-muny diýer, tagtymdan aýrylaryn” diýmedi.

“Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluh!” diýip, ol özüni-de, özüne eýeren raýatlaryny-da dowzah odundan halas etdi. Hat bilen musulman bolmaga çagyrylanda, ýene bir wezipe eýesi iman getirmegiň paýhasyny görkezdi. Raýatlarynyň käbiri oňa eýerip musulman boldy, käbiri bolsa iman getirmedi. Munzir öz ýagdaýyny ýazyp, Ala ibn Hadramy (radyýallahu anhu) arkaly söýgüli Pygamberimize ýetirdi. Pygamberimiziň jogap haty şeýledi: “Saňa boýun bolanlara yslam öwredilsin. Garşy çykyp, inat edýänlere jizýe salynsyn. Mejusylaryň (otparazlaryň) soýan haýwanlarynyň eti iýilmesin we olar bilen gyz alşyp-berşilmesin”.

Şeýlelik bilen ýedi yslam ilçisi öz wezipelerini ýerine ýetirdi, zamananyň beýik döwletlerine yslamyň barlygyny eşitdirdi. Olar hakyky bagt barada habar berdiler we kyýamat güni “Biz eşitmändik” diýen sözlere ýer goýmadylar. Gysgaça aýdylanda, wezipe eýelerinden ikisi iman getirdi: biri – Najaşy, beýlekisi – Munzir. Galanlary küfrüň üstünde galdylar. Habeşistanyň hökümdary Ashama (rahmetullahi aleýh) musulman bolmak, hormatly sahabalaryň käbirini görmek, Pygamberimiziň mübärek dogasyna ýetmek we Resulullah bilen Ummu Habybanyň (radyýallahu anha) nikasyny gyýmak bilen şereflendi.

“Allahym! Ummu Rumanyň Seniň ýoluňda we Resulyňyň hatyrasyna çeken kynçylyklary Saňa gizlin däldir” Hadysy şerif

Wizantiýa imperatory Iraklius we Müsüriň soltany Mukawkys musulman bolmadylar, emma gelen hatlara uly hormat goýup, ýumşak jogaplar berdiler, ilçilere gowy garadylar we Resulullaha sowgatlar iberdiler.

Gassan we Eýran hökümdarlary ilçilere gowy garamadylar, duşmançylyklaryny aç-açan görkezdiler. Ýemame hökümdary bolsa yslam ilçisine mylaýym garady.

Hijri altynjy ýylda bolan beýleki wakalar

Hawla binti Saglebe ibn Kaýs ibn Malik Hazrejy bilen onuň äri Ews ibn Samyt ibn Ahzem Ensarynyň arasynda zyhar boldy we Mujadele süresi indi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) at we düýe bäsleşiklerine rugsat berdi. Şol wagta çenli onuň düýesini hiç kim ozup bilmändi. Bir çarwa arabyň düýesi ony ozanda, sahabalar gynandy, ol bolsa: “Her kämilligiň bir zowaly (peselmesi) bar, ýagny her ýokary galmagyň bir aşak inmesi bar” diýdi.

Aişe enemiziň (radyýallahu anha) ejesi Ummu Ruman (radyýallahu anha) wepat boldy. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) onuň jynaza namazyny okatdy we jaýlanyşyna gatnaşdy. Ony gabryna Resulullahyň özi düşürdi. Pygamberimiz ony jennet bilen buşlady we: “Kimi jennet hurylarynyň birine seretmek begendirýän bolsa, Ummu Rumana seretsin” diýdi. Ýene onuň üçin bagyşlanmak diläninden soň: “Allahym! Ummu Rumanyň Seniň ýoluňda we Resulyňyň hatyrasyna çeken kynçylyklary Saňa gizlin däldir” diýdi.