Söýgüli Pygamberim

HUDEÝBIÝE WAKASY

Niýeti – umra, ahyry – Hudeýbiýe

Hijretiň altynjy ýylynyň Zülkagda aýydy. Bir gije hormatly Nebi (sallallahu aleýhi we sellem) düýşünde hormatly sahabalar bilen Mekgeýi mükerremä baryp, Käbeýi muazzamany towap edendiklerini, olaryň bir böleginiň saçlaryny gysgaldandygyny, bir böleginiň bolsa syrdyrandygyny gördi. Resulullah bu düýşüni sahabalaryna gürrüň berende, olar örän tolgundylar. Hijretden bäri ilkinji gezek olar doglup-ösen, ajy-süýji ýatlamalardan doly gözel ýurtlary Mekgä gitjekdiler. Bäş wagt namazda ýüzlerini öwrüp, hasratyny çeken mukaddes Käbäni zyýarat edip, towap etjekdiler. Bu nähili gözel buşlukdy!.. Söýgüli Pygamberimiziň: “Siz hökman Mesjidul-Harama girersiňiz!” diýen buşlugyny alan badyna, hormatly sahabalar derrew taýýarlyk görüp başladylar. Taýýarlyklar tamamlanansoň, Habyby ekrem Medinede Abdylla ibn Ummu Mektumy orunbasar goýdy. Zülkagda aýynyň birinji duşenbe güni ol Kaswa atly düýesine mündi. Ýola taýýarlanan müň dört ýüz sahabasy bilen bilelikde olar Medinede galýanlar bilen hoşlaşdylar. Umra niýet edip, mukaddes şäher Mekgä tarap ýola düşdüler. Ýanlaryna ýolagçy ýaragy bolan gylyçlaryny we gurban etmek üçin ýetmiş düýe aldylar. Kerwendäkileriň iki ýüzüsi atly, dördüsi aýal sahabady. Bu aýallaryň biri söýgüli Pygamberimiziň mübärek we päk aýaly hezreti Ummu Seleme enemizdi. Zulhuleýfe diýilýän mikat ýerine gelenlerinde, olar ihrama girdiler we öýle namazyny okadylar. Soňra gurban ediljek düýeleriň gulaklaryna bellik edip, boýunlaryna ýüp daňdylar. Najiýe ibn Jundup Eslemä kömekçiler berilip, oňa düýelere seretmek wezipesi tabşyryldy. Abbat ibn Bişr ýigrimi kişilik atly toparyň serkerdesi bellenip, öňe barlaga iberildi. Bişr ibn Sufýan Mekgä habarçy edilip iberildi.1 Ihram eşigini geýen, aga beslenen söýgüli Pygamberimiz we gahryman sahabalar Allahu tagala hamd edip, Onuň şanynyň beýikligini tassyklap, Oňa ýalbaryp başladylar:

“Lebbeýk, Allahumme lebbeýk! Lebbeýk, la şerike leke lebbeýk! Innel-hamde wen-nigmete leke wel-mülk, la şerike lek!”

(Ine men, Allahym, ine men! Çagyryşyňa sözüm we özüm bilen gaýta-gaýta jogap berdim, buýrugyňa boýun egdim. Seniň şärigiň ýokdur, bütin barlygym bilen Saňa ýöneldim. Hamd hem, nygmat hem diňe Saňa mahsusdyr. Mülk hem Seniňkidir. Seniň şärigiň ýokdur.) Bu mübärek telbiýe bilen ýer-gök lerzana gelýärdi, Zulhuleýfe nurana bir howa bürenýärdi. Her kes tolgunypdy we mümkin boldugyça tiz Mekgä ýetmek üçin olar Zulhuleýfeden ýola düşdüler.

Ýolda hezreti Omar bilen Sagt ibn Ubade hezretleri Habyby ekremiň ýanyna gelip, aladalaryny bildirdiler: “Ýa Resulallah! Seniň bilen söweş ýagdaýynda bolan adamlaryň üstüne biz ýaragsyz gitmelimi? Kuraýşlylaryň size hüjüm edip, mübärek bedeniňize zyýan ýetirmeklerinden gorkýarys!..” Iki jahanyň serweri olara: “Men umra niýet etdim. Bu ýagdaýda men ýarag götermek islemeýärin” diýdi.

Ýol asuda geçýärdi. Ýoluň ugrundaky dürli taýpalara sowlup geçýärdiler, Pygamberimiz bolsa olary yslama çagyrýardy. Olaryň bir bölegi kabul etmekden çekinýärdi, bir bölegi sowgatlar iberýärdi. Şeýdip olar ýoluň ýarysyny geçip, Usfanyň aňyrsyndaky Gadirul-Eştat diýen ýere gelip ýetdiler. Bu ýerde öň mekgelilere habar ýetirmek üçin wezipe berlen hezreti Bişr ibn Sufýan kuraýşlylar bilen gürleşip, yzyna dolanypdy. Ol görenlerini Pygamberimize şeýle gürrüň berdi: “Ýa Resulallah! Kuraýşlylar seniň gelýändigiňi eşidipdirler. Gorkularyndan töwerekdäki taýpalara zyýapatlar berip, olardan kömek sorapdyrlar. Size garşy barlag üçin iki ýüz kişilik atly topary çykardylar. Töwerekdäki taýpalar bu haýyşy kabul edip, Beldah diýen ýerde birleşdiler. Olar köp goşun toplap, sizi Mekgä goýbermezlige ant içdiler”.

Bu habara Älemleriň Serweri örän gynandy we şeýle diýdi: “Kuraýş heläk boldy. Söweş eýýäm olary iýip gutarypdyr… Kuraýş müşrikleri özlerinde bir güýç bar öýdýärlermi? Allaha kasam, Allahu tagalanyň ýaýmak üçin meni iberen bu dini agalyk edip üstün çykýança, kellem bedenimden aýrylýança, men olar bilen söweşmekden asla el çekmerin!” Soňra ol gahryman sahabalaryna ýüzlenip, bu iş barada olaryň pikirini we garaýşyny sorady. Bütin barlygy bilen özlerini Resulullaha bagyşlan şanly sahabalar: “Allahu tagala we Onuň Resuly has gowy bilýär. Janymyz saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Biz Beýtullahy towap etmek niýeti bilen ýola çykdyk. Biz ne birini öldürmek, ne-de söweşmek üçin geldik. Emma Käbäni zyýarat etmegimize päsgel bermek isleseler, olar bilen hökman söweşeris we maksadymyza ýeteris!..” diýdiler. Hormatly sahabalaryň bu kararly ýagdaýy söýgüli Pygamberimiziň göwnüne ýarady. Ol şeýle diýdi: “Onda Allahu tagalanyň mübärek ady bilen öňe ýöräň!..” Sahabalar Pygamberimiziň daşyny gurşap, “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk!..” diýip telbiýe we “Allahu ekber! Allahu ekber!..” diýip tekbir getirip, Mekgä tarap öňe gitdiler.

Bir gün öýle wagty Bilal Habeşi sesiniň ähli gözelligi bilen Muhammedi azany okap, namaz wagtynyň girendigini bildirdi. Şol wagt iki ýüz kişilik Kuraýş atly topary ol ýere gelip ýetdi we Mekge bilen sahabalaryň arasyna girip, hüjüme taýýar ýagdaýda durdy. Şeýle bolsa-da, Älemleriň Serweri beýik sahabalary bilen saf durup, namaza başlady. Söýgüli Pygamberimiziň arkasynda müň dört ýüz töweregi sahabanyň saf bolup kyýamda hereketsiz durmaklary, rukuga egilmekleri görmäge degerli bir manzarady. Hususan-da, olaryň hemmesiniň bilelikde seždä gitmekleri haýbatly bir dagyň egilip, ýene dikelmegine meňzeýärdi.

“Allahu tagalanyň haky üçin, Kuraýş menden näme talap etse-de, Beýti şerife hormat goýmak şerti bilen kabul ederin!” Hadysy şerif

Hudeýbiýe sapary

Olaryň Allahu tagalanyň huzurynda şerefli maňlaýlaryny topraga goýup görkezen kiçigöwünlilikleri Kuraýşyň käbir atlylarynyň ýüregine yslamyň muhabbetini saldy. Hormatly sahabalar salam berip namazdan çykanlarynda, Kuraýş atlylarynyň serkerdesi: “Musulmanlaryň bu ýagdaýyndan peýdalanyp çozan bolsadyk, olaryň köpüsini öldürerdik!.. Olar namazdaka näme üçin hüjüm etmedik?” diýip ökündi. Soňra ýoldaşlaryna bu gezek pursaty elden gidermejekdiklerini bildirdi: “Alada etmäň. Nähili-de bolsa, olar janlaryndan-da, çagalaryndan-da söýgüli bolan ýene bir namaza dururlar!..” Olaryň bu sözlerini Allahu tagala Jebraýyl aleýhisselam arkaly wahy iberip, Pygamberimize bildirdi. Inen aýaty kerimede manysyna görä şeýle diýildi: “(Eý Habybym!) Sen olaryň arasynda bolup, (duşmanyň garşysynda) olara (sahabalaryňa) namaz okatjak bolsaň, (olary iki bölege böl,) bir bölegi seniň bilen (namazda, beýlekisi duşmanyň garşysynda) dursun. Ýaraglaryny ýanlaryna alsynlar. Seniň bilen namazda bir rekagat okanlar (namazy bozjak amallardan saklanyp) duşmanyň garşysyna gitsinler. Soňra heniz namazyny okamadyk beýleki bölegi gelip, ikinji rekagaty seniň bilen okasynlar, olar hem sowutlaryny, goraýjy gurallaryny we ýaraglaryny ýanlaryna alsynlar. (Teşehhüdi seniň bilen okasynlar. Sen salam bereniňde, olar salam bermän duşmanyň garşysyna gitsinler; ilki bir rekagat okanlar yzyna gelip, özbaşdak ýene bir rekagat okap, salam bersinler. Ikinji rekagaty imam bilen okanlar hem ýene gelip, ýene bir rekagat okap, namazy tamamlasynlar we salam bersinler.) Kapyrlar siziň ýaraglaryňyzdan we goş-golamlaryňyzdan gapyl bolmagyňyzy we size duýdansyz çozmagy isleýärler… Eger size ýagyşdan bir kynçylyk bolsa ýa-da syrkaw bolsaňyz, ýaraglaryňyzy goýmagyňyzda size hiç hili günä ýokdur. Emma ýene-de ähli seresaplyk çärelerini görüň. Şübhesiz, Allahu tagala kapyrlara horlaýjy, kemsidiji azap taýýarlandyr”.2 Ikindi wagtynda hezreti Bilal azan okanda, Kuraýş atlylary ýene Mekge bilen hormatly sahabalaryň arasynda hüjüme taýýar bolup durdular. Pygamberimiz sahabalaryna aýaty kerimede görkezilişi ýaly namaz okatdy. Musulmanlaryň şeýle seresaplyk bilen namaz okaýşyna müşrikler haýran galdylar. Allahu tagala olaryň ýüregine gorky saldy. Olar hiç hili hereket etmäge het edip bilmediler. Mekgä habar ýetirmek üçin ol ýerden gitdiler. Pygamberimiz we onuň sahabalary hem bu ýerden Mekgä tarap ýola düşdüler. Mukaddes Mekgäniň serhedine gelenlerinde, Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) düýesi Kaswa, görnüp duran hiç hili sebäp bolmasa-da, birden çökdi. Ony turuzmak üçin köp synanyşdylar, emma ol turmady. Şondan soň Kainatyň Soltany şeýle diýdi: “Onuň beýle çökmek endigi ýokdur. Emma bir wagtlar (Abrahanyň) pilini Mekgä girmekden saklan Allahu tagala indi Kaswany hem saklady. Barlygym gudrat elinde bolan Allahu tagala kasam edýärin: Kuraýş Allahu tagalanyň Haremiň içinde etmegi haram eden zatlaryndan (söweşmegi we gan dökmegi terk etmek ýaly) näme sorasa-da, olaryň bu islegini hökman ýerine ýetirerin!”

Şondan soň Kaswany turuzmak islediler. Düýe böküp turdy. Ol Haremiň serhetleriniň içine girmedi, edil serhediň üstünde ýerleşýän Hudeýbiýe diýen ýerde durdy. Pygamberimiz we hormatly sahabalar suwy az bolan bu ýerde düşläp galdylar.

“Kuraýş müşrikleri özlerinde bir güýç bar öýdýärlermi? Allaha kasam, Allahu tagalanyň ýaýmak üçin meni iberen bu dini agalyk edip üstün çykýança, kellem bedenimden aýrylýança, men olar bilen söweşmekden asla el çekmerin!” Hadysy şerif

Resuly ekrem öz çadyryny mübärek Mekgäniň serhedinden daşarda gurdurdy. Ol sahabalary bilen şol ýerde garaşyp başlady. Namaz wagty girende, olar namazlaryny Mekgeýi mükerremäniň serhetleriniň içinde okaýardylar. Guýularda içmäge-de, ulanmaga-da suw galmandy. Suw diňe Pygamberimiziň aftabasynda bardy. Kyn ýagdaýda galan sahabalar: “Janymyz saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Ýanymyzda suw diňe siziň aftabaňyzda bar. Biz heläk bolduk” diýdiler.

Älemleriň Serweri: “Men siziň araňyzda bolsam, siz heläk bolmarsyňyz” diýdi. Soňra ol “Bismillah” diýip, mübärek elini aftabanyň üstüne goýdy. Elini galdyryp: “Alyň!..” diýende, mübärek barmaklarynyň arasyndan çeşme ýaly suw akyp başlady. Hormatly sahabalar gana-gana suw içdiler, täret aldylar, ähli tulumlaryny doldurdylar, atlaryny we düýelerini suwardylar. Sahabalaryna ýylgyryp seredýän rehim deňzi söýgüli Pygamberimiz Allahu tagala hamd etdi. Şol gün ol ýerde bolan hezreti Jabyr ibn Abdylla: “Biz müň dört ýüz adamdyk. Hatda ýüz müň adam bolsadyk-da, ol suw hemmämize ýeterdi” diýdi.

Beýgatur-Rydwan

Resuly ekrem Hudeýbiýede bolanda, öňden bäri musulmanlar bilen dost bolup gelýän Huzaga taýpasynyň baştutany Büdeýl onuň huzuryna gelip, töwerekdäki taýpalaryň hem goşulmagy bilen Kuraýş goşunynyň Hudeýbiýäniň golaýynda düşländigini, goşunlary dargaýança söweşmäge ant içendiklerini habar berdi. Şondan soň Pygamberimiz şeýle diýdi: “Biz bu ýere hiç kim bilen söweşmek üçin gelmedik. Biz diňe umra etmek, Käbeýi muazzamany towap we zyýarat etmek üçin geldik. Şeýle bolsa-da, kim-de-kim bizi Beýtullahy zyýarat etmekden saklajak bolsa, biz onuň bilen söweşeris. Şübhesiz, söweşler Kuraýşy juda ýadatdy, güýçsüz etdi we oňa köp zyýan ýetirdi. Eger olar isleseler, men olara bir wagtlaýyn ýaraşyk möhletini belläýin. Bu möhletiň dowamynda olar menden howpsuz bolsunlar. Olar meniň bilen beýleki taýpalaryň arasyna girmesinler; meni olar bilen ýüzbe-ýüz goýsunlar. Eger men ol taýpalary ýeňsem we Jenaby Hak olara hidaýat (dogry ýol) berip, olar musulman bolsalar, Kuraýşyň müşrikleri hem, isleseler, olar ýaly musulman bolup bilerler. Eger men, olaryň pikir edişi ýaly, beýleki jemagatlary ýeňip bilmesem, onda olaryň özleri hem rahat bolarlar, güýç toplarlar. Eger Kuraýşyň müşrikleri bulary kabul etmän, meniň bilen söweşmäge başlasalar, barlygym gudrat elinde bolan Allahu tagala kasam edýärin, men ýaýmaga jan edýän bu dinim ugrunda kellem bedenimden aýrylýança olar bilen söweşerin. Şonda Allahu tagala hem maňa kömek etjekdigi baradaky wadasyny hökman ýerine ýetirer!”

Huzaga taýpasynyň baştutany Büdeýl Pygamberimiziň sözlerini Kuraýşyň düşelgesine ýetirmek üçin ýola çykdy. Resulullahyň sözlerini Büdeýlden diňländen soň, müşrikler gepleşik geçirmek üçin Pygamberimiziň ýanyna öňdebaryjy adamlaryndan Urwa ibn Mesgudy iberdiler. Urwa kuraýşlylaryň hiç kimi Mekgä goýbermezlige berk karara gelendiklerini bildirende, Habyby ekrem şeýle diýdi: “Eý Urwa! Allahyň haky üçin aýt! Şu gurbanlyk düýeleriň gurban edilmegine, şu Käbeýi muazzamany zyýarat we towap etmäge päsgel berip bolarmy?” Soňra ol Huzaga taýpasynyň baştutanyna aýdanlaryny Urwanyň özüne-de gürrüň berdi.

Urwa bir tarapdan Pygamberimizi diňleýärdi, beýleki tarapdan bolsa hormatly sahabalaryň özlerini alyp baryşlaryna we hereketlerine, biri-birlerine we Älemleriň Serwerine bolan garaýyşlaryna, olaryň sarpasyna we hormatyna üns berýärdi. Söýgüli Pygamberimiziň teklibini diňländen soň, ol turdy we muny kuraýşlylara gürrüň bermek üçin gitdi. Olaryň ýanyna baryp şeýle diýdi: “Eý Kuraýş jemagaty! Meniň Wizantiýa imperatory (kaýsar), Najaşy, Eýran şasy (kisra) ýaly köp patyşalaryň huzuryna ilçi bolup barandygymy bilýänsiňiz. Kasam edýärin, men şu wagta çenli musulmanlaryň Muhammede görkezýän hormatynyň we sarpasynyň hiç bir patyşa görkezilendigini görmedim. Onuň sahabalarynyň hiç biri ondan rugsat almasa, gürlemeýär. Onuň başyndan bir gyl düşse, ony kapyp alyp, bereket üçin gursaklarynda saklaýarlar. Onuň ýanynda gürleşenlerinde, seslerini eşidilmez ýaly peseldýärler. Oňa bolan hormatlaryndan onuň ýüzüne seredip bilmeýärler, gözlerini aşak dikýärler. Ol sahabalaryna bir yşarat etse ýa-da bir buýruk berse, jany bahasyna-da bolsa, ony ýerine ýetirmäge çalyşýarlar.

Eý Kuraýş jemagaty! Gylyçlaryňyza näçe ýapyşsaňyz-da, ähli çärelere ýüz tutsaňyz-da, olar size Pygamberiniň ýekeje gylyny-da bermezler. Hatda oňa hiç hili zyýan ýetmegine-de, oňa biriniň el degirmegine-de ýol bermezler. Ýagdaý şeýle. Mundan soňkusyny gowy oýlanyň! Ýagdaý şeýle bolsa-da, Muhammet bize gowy bir ýaraşyk teklip edýär, mundan peýdalanyň!”

Kuraýşyň müşrikleri bu sözleri kabul etmediler, Urwa bilen gödek gürleşip, onuň göwnüne degdiler. Kuraýşyň düşelgesinden hiç hili habar gelmänsoň, Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) tekliplerini gaýtalamak üçin Hyraş ibn Umeýýäni ilçi edip iberdi. Müşrikler yslam ilçisine örän gödek çemeleşdiler. Onuň düýesini soýup iýdiler, özüni öldürmek üçin üstüne topuldylar. Olaryň elinden zordan gutulan Hyraş ibn Umeýýe Pygamberimiziň huzuryna gelip, ýagdaýy gürrüň berende, ol ilçisiniň şeýle kemsidilmegine örän gynandy. Şol wagt müşrikleriň düşelgesinden Ahabiş taýpasynyň baştutany Huleýs göründi. Ol Pygamberimize tarap gelýärdi. Müşrikler oňa ilçilik wezipesini tabşyrypdylar. Huleýsiň gelýändigini görüp, söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Bu gelýän gurbana hormat goýýan, Allahu tagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirmäge we ybadat etmäge yhlas edýän bir kowumdandyr. (Eý sahabalarym!) Gurbanlyk düýeleri oňa tarap süriň, görsün!” Hormatly sahabalar gurbanlyk düýeleri oňa tarap goýberdiler we: “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk!” diýip telbiýe getirdiler. Boýunlary daňlan, gulaklary bellenen gurbanlyklary görende, Huleýs olara uzak seredip durdy. Onuň gözleri ýaşa doldy we ol ruhunyň çuňlugyndan gelýän gamly ses bilen şeýle diýmän durup bilmedi: “Musulmanlaryň Käbäni towap we zyýarat etmekden başga hiç hili niýeti ýok. Olary mundan saklamak nähili ýaman iş! Käbäniň Rebbine kasam edýärin, kuraýşlylar bu ýalňyş hereketleri sebäpli heläk bolarlar!” Bu sözleri eşiden Älemleriň Serweri: “Hawa, şeýle, eý Kinäne ogullaryndan bolan dogan” diýdi. Huleýs utanjyndan Resulullahyň huzuryna gelip bilmedi, hatda onuň mübärek ýüzüne-de seredip bilmedi. Ol Kuraýşyň düşelgesine yzyna dolandy. Görenlerini gürrüň berip, öz pikirini aç-açan aýtdy: “Siziň ony Käbäni zyýarat etmekden saklamagyňyzy dogry hasaplamaýaryn”. Kuraýşyň müşrikleri gaty gaharlandylar we Huleýsi nadanlykda aýypladylar.

“Eý Urwa! Allahyň haky üçin aýt! Şu gurbanlyk düýeleriň gurban edilmegine, şu Käbeýi muazzamany zyýarat we towap etmäge päsgel berip bolarmy?” Hadysy şerif

Bu gezek müşrikler zalymlygy bilen at-owaza çykan Mikraz ibn Hafsy ilçi edip iberdiler. Ol hem öz jogabyny alyp, yzyna dolandy. Mikrazyň ilçiliginden soň müşrikleri musulmanlar duýdansyz çozarlar diýen gorky gaplap aldy.

Pygamberimiz işi ýarym ýolda goýmak islemeýärdi we kuraýşlylaryň arasynda abraýly bolan bir sahabasyny ibermek isleýärdi. Ahyrsoňy hezreti Osmany ibermek kararyna gelindi. Söýgüli Pygamberimiz Osman ibn Affana şeýle diýdi: “Olara: ‘Biz bu ýere hiç kim bilen söweşmek üçin gelmedik. Biz diňe Käbeýi muazzamany towap we zyýarat etmek üçin geldik. Ýanymyzdaky gurbanlyk düýeleri soýup gaýdarys’ diýip aýt we olary yslama çagyr!” Mundan başga-da ol oňa Mekgedäki musulmanlara Mekgäniň ýakyn wagtda fetih ediljekdigi barada buşluk ýetirmegi hem tabşyrdy.3

Hezreti Osman müşrikleriň ýanyna baryp, Pygamberimiziň sözlerini edil şol durşuna ýetirdi. Olar hezreti Osmanyň getiren teklibini hem ret etdiler. Islese, diňe özüniň Beýtullahy towap edip biljekdigini aýtdylar. Hezreti Osman bolsa: “Resul aleýhisselam Beýtullahy towap etmeýänçä, men hem etmerin!” diýdi. Munuň üçin gaty gaharlanan müşrikler ony saklap goýdular. Bu habar sahabalara: “Osman şehit edilipdir” diýen görnüşde gelip ýetdi. Muny Pygamberimize habar berenlerinde, ol örän gynandy we: “Eger bu habar dogry bolsa, bu kowum bilen söweşmän, bu ýerden gitmeris” diýdi. Soňra ol ýerdäki Semure atly agajyň aşagynda oturyp: “Allahu tagala maňa beýgat etmegiňizi buýurdy” diýip, sahabalaryny beýgata çagyrdy. Gahryman sahabalar ellerini Pygamberimiziň mübärek eliniň üstüne goýup: “Allahu tagala saňa ýeňiş nesip edýänçä, seniň öňüňde söweşe-söweşe fethi amala aşyrmaga ýa-da bu ýolda şehit bolmaga beýgat etdik!” diýip söz berdiler. Pygamberimiz bir elini beýleki eliniň üstüne goýup, ol ýerde bolmadyk hezreti Osmanyň adyndan özi özüne beýgat etdi. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalarynyň bu beýgatyna örän hoşal boldy we: “Agajyň aşagynda çyn ýürekden beýgat edenleriň hiç biri dowzaha girmez” diýdi. Bu beýgata Beýgatur-Rydwan diýildi.4 Hormatly sahabalar (radyýallahu anhum) indi gylyçlaryny gynyndan sogrup, ýerlerinde durup bilmeýärdiler, Resul aleýhisselamyň bir yşaratyna garaşýardylar. Şol wagt yslam düşelgesini yzarlaýan Kuraýşyň içalylary mujahytlaryň söýgüli Pygamberimize şehitlik şerbetini içýänçäler bu ýolda söweşmäge beýgat edendiklerini we taýýarlyk görýändiklerini gördüler. Olar derrew Kuraýşyň düşelgesine baryp, bolup geçenleri gürrüň berdiler. Pygamberimiz her ähtimallyga garşy gijelerine sahabalaryny goramak üçin garawullar goýýardy. Hezreti Osmanyň tussag edilen günleriniň bir gijesinde Mikrazyň ýolbaşçylygyndaky elli kişilik müşrik topary yslam esgerlerini ukuda basmak üçin hüjüm etdi. Ol gije Muhammet ibn Mesleme we onuň ýoldaşlary garawulda durýardylar. Gelen kapyrlary olar gysga çaknyşykdan soň berk tutdular. Diňe Mikraz gaçyp bildi. Ýesirleri Resulullahyň huzuryna getirdiler. Olaryň bir bölegi tussag edildi, bir bölegi bagyşlandy. Müşrikler ertesi gije hem çozmak islediler, emma ýene tutuldylar. Pygamberimiz olary hem bagyşlap goýberdi.

Hudeýbiýe ýaraşyk şertnamasy

Yslam goşunynyň gije-gündiz söweşe taýýar ýagdaýda garaşýandygyna we islän pursatynda hüjüm edip biljekdigine düşünen kapyrlaryň goşunynyň ýüregine gorky düşdi. Ylalaşykdan başga çykalga ýokdugyny görüp, olar howlukmaç ilçiler toparyny saýladylar. Suheýl ibn Amryň ýolbaşçylygynda saýlanan bu topara: “Bu ýyl Mekgä girmezlik şerti bilen ylalaşyk baglaşyň” diýildi.

Söýgüli Pygamberimiz Kuraýşyň ilçilerini kabul etdi. Ilçileriň ilkinji islegi tussag edilen adamlarynyň boşadylmagy boldy. Älemleriň Serweri: “Mekgede saklan sahabalarymy boşatmasaňyz, men siziň bu adamlaryňyzy goýbermerin!” diýdi. Suheýl: “Dogrusy, siz biziň bilen örän adalatly we insaply çemeleşdiňiz” diýip, Mekgede saklanan hezreti Osmanyň we olaryň öň tussag eden on çemesi sahabasynyň boşadylmagyny gazandy. Şondan soň çozuş wagtynda tutulyp tussag edilen müşrikler boşadyldy.

Uzak gepleşiklerden soň ylalaşyga gelindi. Ony ýazmak nobaty geldi. Katyp edilip hezreti Aly saýlandy. Ýaraşyk şertnamasyny ýazmak üçin kagyz we galam-syýa taýýarlandy. Älemlere rahmet edilip iberilen Habybullah hezreti Ala: “Ýaz:

‘Bismillähir-rahmänir-rahym!’” diýdi. Suheýl derrew muňa garşy çykdy: “Kasam edýärin, men ‘Rahman’ sözüniň näme diýmekdigini bilemok. Beýle ýazma; ‘Bismike Allahumme’ diýip ýaz! Ýogsa ýaraşyga razy bolmaryn!” Pygamberimiz ýaraşygyň baglaşylmagynda örän uly hikmetler görýärdi. Şonuň üçin ol: “‘Bismike Allahumme’ hem gowudyr” diýdi we hezreti Ala şeýle ýazmagy buýurdy. Ýazylandan soň, Pygamberimiz: “Bular – Muhammet Resulullahyň Suheýl ibn Amr bilen ylalaşan, ýaraşan we şertlerini iki tarap hem ýerine ýetirmek üçin gol çeken maddalarydyr” diýende, Suheýl hezreti Alynyň elinden tutdy. Ol Pygamberimize ýüzlenip: “Kasam edýäris, eger biz seniň Allahyň resulydygyňy kabul eden bolsadyk, saňa garşy çykmazdyk, Käbäni zyýarat etmegiňe päsgel bermezdik. Şonuň üçin ‘Resulullah’ deregine ‘Abdyllanyň ogly Muhammet’ diýip ýaz!” diýdi.

Pygamberimiz muny hem kabul edip, şeýle diýdi: “Allaha kasam, siz meni ýalançy hasaplasaňyz-da, men ýene-de hiç şübhesiz Allahu tagalanyň resulydyryn. Adymy we kakamyň adyny ýazdyrmak meniň pygamberligimi aýyrmaz ahyryn. Eý Aly! Ony poz-da, ‘Muhammet ibn Abdylla’ diýip ýaz”.

Hormatly sahabalaryň hiç biriniň göwni “Resulullah” sözüniň pozulmagyna razy bolmady. Bir pursat hemme zady unudyp, olar: “Eý Aly! ‘Muhammet Resulullah’ diýip ýaz, ýogsa biziň bilen bu müşrikleriň arasyndaky işi diňe gylyç çözer!..” diýdiler. Pygamberimiz sahabalarynyň bu gaýratyna hoşal boldy, emma mübärek elleri bilen olara dymmaklaryny yşarat etdi. Hezreti Ala ony pozmagy buýuranda, ol: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Seniň bu mübärek sypatyňy pozmaga elim barmaýar!..” diýip, ötünç sorady. Söýgüli Pygamberimiz oňa ol ýeri görkezmegi tabşyrdy. Görkezende, ol ýazgyny onuň elinden aldy, bu sözleri öz mübärek barmagy bilen pozdy we “Abdyllanyň ogly” diýip ýazdyrdy. Soňra maddalar ýazylyp başlandy: 1) Ylalaşyk on ýyl güýjünde bolar; bu wagtyň dowamynda iki tarap biri-biri bilen söweşmez.

“Agajyň aşagynda çyn ýürekden beýgat edenleriň hiç biri dowzaha girmez” Hadysy şerif

  1. Musulmanlar bu ýyl Käbäni zyýarat etmezler, emma bir ýyldan soň zyýarat edip bilerler. 3) Käbäni zyýarat etmäge gelen musulmanlar üç gün galarlar we ýanlarynda ýolagçy ýaragyndan başga ýarag saklamazlar. 4) Musulmanlar Käbäni towap edenlerinde, Mekgäniň müşrikleri Käbeden daşaryk çykarlar we musulmanlara erkin towap etmäge mümkinçilik dörederler.

  1. Kuraýşlylardan musulman bolan biri öz hossarynyň rugsady bolmazdan Medinä gitse, yzyna gaýtarylar; musulmanlardan biri Kuraýşyň tarapyna geçip, Mekgä gitse, yzyna gaýtarylmaz. Bu madda barada hezreti Omar: “Ýa Resulallah! Bu şerti hem kabul etmelimi?” diýip soranda, söýgüli Pygamberimiz ýylgyryp: “Hawa. Bizden olara gitjekleri Allahu tagala bizden daş etsin!” diýdi.

  2. Sahabalardan biri haj ýa-da umra etmek niýeti bilen Mekgä gelse, onuň jany we maly howpsuz bolar.

  3. Müşriklerden biri Şama, Müsüre ýa-da başga ýere barýarka Medinä sowulsa, onuň hem jany, maly howpsuz bolar.

  4. Beýleki arap taýpalary islän tarapynyň howandarlygyna girip bilerler, musulmanlar bilen hem, müşrikler bilen hem birleşmekde erkin bolarlar.5

Ylalaşyga gol çekmek nobaty geldi. Şol wagt aýaklaryndaky zynjyrlary süýrän bir adamyň yslam goşunyna tarap gelýändigi göründi. Ol barha ýakynlaşdy we: “Meni halas ediň!..” diýip gygyrdy. Bu sesi eşiden Kuraýş ilçileriniň baştutany derrew ýerinden böküp turdy. Eline tikenli agaç şahasyny alyp, onuň başyna, ýüzüne urup başlady. Ol bolsa bar güýjüni ýygnap, özüni Resulullahyň mübärek dyzlarynyň düýbüne oklady we: “Meni halas et, ýa Resulallah!” diýip ýalbardy. Bu Mekgede musulman bolmak bilen şereflenendigi üçin kakasy tarapyndan zynjyra baglanan bir musulmandy. Oňa her gün agyr gynamalar berilýärdi, butlara çokunmaga mejbur edilýärdi. Müşrikleriň Hudeýbiýä gidenliginden peýdalanyp, ol zynjyrlaryny üzüpdi, hiç kime görünmän Mekgeden çykypdy we musulmanlaryň arasyna howlugypdy. Hidaýata eýe bolan bu mübärek adam müşrik ilçileriniň baştutany Suheýliň ogly Abu Jendel hezretleridi. Suheýl ogly Abu Jendeli görkezip, Pygamberimize: “Biraz öň ýazan ylalaşygymyza görä, sen maňa gaýtarmaly ilkinji adam – şudur!” diýdi.

Pygamberimiz hem, sahabalar hem örän tolgundylar. Her kes Resulullahyň nähili jogap berjekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Bir tarapda – ýaraşyk şertnamasy, beýleki tarapda – gynamalaryň astyndaky bir sahaba… Älemleriň Serweri Suheýle: “Biz bu ýaraşyk şertnamasyna heniz gol çekmedik!” diýdi. Suheýl öz diýeninde durdy: “Eý Muhammet! Ylalaşygyň maddalaryny oglum bu ýere gelmezinden öň ýazyp gutarypdyk. Eger oglumy gaýtarmasaň, men hiç haçan bu ýaraşyk şertnamasyna gol çekmerin!” Pygamberimiz: “Ony meniň hatyram üçin ylalaşykdan daşarda goý” diýse-de, müşrikler muny kabul etmediler. Suheýl ibn Amr oglyny süýräp alyp gidýärkä, Abu Jendel ahy-nala bilen gygyrýardy: “Ýa Resulallah! Eý musulman doganlarym!.. Musulman bolmak bilen şereflenip, size sygynyp gelen bolsam-da, meni müşriklere tabşyrýarsyňyzmy? Maňa her gün çydap bolmajak gynamalaryň edilmegini mynasyp görýärsiňizmi? Ýa Resulallah! Meni dinimden dändirsinler diýip yzyna gaýtarýarsyňyzmy?!..”

Ýüregi paralaýan bu ýalbaryşa çydamak örän kyndy. Göwni ýaralanan sahabalar aglap başladylar. Rehim deňzi söýgüli Pygamberimiziň hem mübärek gözleri ýaşa doldy. Ol Suheýliň ýanyna baryp: “Goý, etme! Ony maňa bagyşla!” diýip haýyş etdi. Emma Suheýl: “Mümkin däl, bagyşlamaryn!” diýip jogap berdi. Şondan soň söýgüli Pygamberimiz Abu Jendele teselli berip: “Eý Abu Jendel! Ýene biraz sabyr et! Saňa edilýänlere çyda! Bularyň sylagyny Allahu tagaladan dile. Allahu tagala saňa we seniň ýaly ejiz, kimsesiz musulmanlara hökman bir giňlik, bir çykalga nesip eder” diýdi we: “Beren sözümizde durmazlyk bize ýaraşmaz” diýip goşdy. Abu Jendel: “Bolýar, ýa Resulallah” diýip, sabyr etjekdigini bildirdi.

Ýüregi paralaýan bu ýagdaýa hatda ilçiler toparyndaky müşrikler hem çydap bilmediler we: “Eý Muhammet! Seniň hatyraň üçin biz Abu Jendeli öz howandarlygymyza alýarys. Suheýliň oňa gynama bermegine ýol bermeris!” diýdiler.

Şondan soň Resulullah bilen hormatly sahabalaryň göwni biraz rahatlandy. (Suheýl ibn Amr Mekgäniň fethinden soň musulman bolup, hormatly sahabalardan boldy.) Ýaraşyk şertnamasy iki nusgada ýazyldy we iki tarap hem oňa gol çekdi. Müşrikler öz düşelgelerine dolandylar.6 Musulmanlaryň zyýanyna ýaly görünýän bu maddalar üçin Kuraýşyň ilçileri örän şatdylar. Emma, tersine, bu ýaraşyk şertnamasy möminler üçin uly ýeňişdi we bu maddalar musulmanlaryň peýdasyna bolup durýardy. Ilki bilen, müşrikler musulmanlaryň döwletdigini ykrar edýärdiler. Mekgeden bir müşrik söwda ýa-da başga bir iş üçin Şama, Müsüre barýarka Medinä sowulsa, onuň jany-maly howpsuz boljakdy. Şeýdip müşrikler musulmanlaryň ýaşaýşyny ýakyndan görjekdiler, yslamyň adalatyna, sahabalaryň biri-birine bolan gözel garaýşyna haýran galjakdylar we yslamy söýjekdiler. Netijede olar musulman bolup, sahabalaryň saflaryna goşuljakdylar. On ýyl dowam etmeli bu ylalaşyk bilen musulmanlar köpeljekdiler, güýçlenjekdiler. Yslam her tarapa ýaýrajakdy. Emma “Kuraýşlylardan biri musulman bolup, Medinä sygynmak islese, yzyna gaýtarylar” diýen madda Pygamberimizi örän gynandyrdy we ol: “Allahu tagala olar üçin, elbetde, bir giňlik, bir çykalga ýaradar” diýdi. Indi müşrikler bilen ediljek iş galmandy. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) hormatly sahabalara: “Turuň! Gurbanlaryňyzy soýuň. Başlaryňyzy syrdyrandan soň, ihramdan çykyň” diýdi. Pygamberimiz hemmelerden öň öz gurbanyny soýdy. Soňra onuň dellegi Hyraş ibn Umeýýe hezretleri onuň başyny syrdy. Hormatly sahabalar ol mübärek saçlary ýere düşmänkä howada kapyp aldylar we bereket üçin sakladylar. Sahabalar hem gurbanlaryny soýdular; olaryň bir bölegi saçlaryny syrdyrdy, bir bölegi gysgaltdy.7

“Eý Abu Jendel! Ýene biraz sabyr et! Saňa edilýänlere çyda! Bularyň sylagyny Allahu tagaladan dile. Allahu tagala saňa we seniň ýaly ejiz, kimsesiz musulmanlara hökman bir giňlik, bir çykalga nesip eder” Hadysy şerif

Hudeýbiýede olar ýigrimi gün çemesi galdylar. Pygamberimiz ýoldaşlary bilen bilelikde Medinä dolanmak üçin ýola düşdi. Ýolda Allahu tagala Pygamberimize Feth süresini wahy edip iberdi we Öz nygmatyny we kömegini tamamlajakdygy barada buşluk berdi. Kainatyň Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) ýeňiji bolup nurly Medinä dolanan günlerinde Kuraýşyň Sakyf taýpasyndan Abu Basyr musulman bolmak bilen şereflendi. Müşrikleriň arasynda ýaşap bilmejekdigine düşünen Abu Basyr Medinä pyýada geldi. Emma Hudeýbiýe ylalaşygynyň talaby boýunça ol Medineden gitdi we Gyzyl deňziň kenaryndaky Is diýen ýerde ýerleşdi.8

Bu ýer Kuraýşyň müşrikleriniň Şama gidýän söwda ýolunyň ugrundady. Şondan soň Kuraýşdan musulman bolanlar Mekgäni terk edip, Medinä däl-de, Is diýen ýere, Abu Basyryň ýanyna gidip başladylar. Olaryň ilkinjisi hezreti Abu Jendeldi. Soňra munuň yzy üzülmedi. Olar elli, ýüz, iki ýüz, üç ýüz adam boldular. Kuraýşyň kerweni Şama barýarka bu ýerden geçmäge mejburdy. Hezreti Abu Basyr we onuň ýanyndaky musulmanlar bu ýerden geçýän müşrikleri tutýardylar we olara musulman bolmagy teklip edýärdiler. Musulman bolmadyklar bilen söweşip, olary kyn ýagdaýda goýýardylar. Şam söwda ýollarynyň kesilendigini gören Mekgäniň müşrikleri Medinä ilçiler toparyny iberdiler. Olar Hudeýbiýe ýaraşyk şertnamasynyň: “Kuraýşlylardan musulman bolan biri öz hossarynyň rugsady bolmazdan Medinä gitse, yzyna gaýtarylar!..” diýen maddasynyň ýatyrylmagyny ýalbaryp soradylar. Pygamberimiz rehim edip, olaryň bu haýyşyny kabul etdi. Şeýlelikde, kuraýşlylar üçin Şama söwda ýoly ýene açyldy. Musulmanlar bolsa sabyr etmekleriniň sylagy hökmünde Medinä, Pygamberimiziň ýanyna geldiler.

EÝ GÖZELLERIŇ GÖZELI!

Eý gözelleriň gözeli, meni yşkyň bilen ýakdyň!
Gözüm hiç zat görmez, aklym her dem hyýalyňda!
Sen – “Kabe kawseýn” şasy, men bolsa azgyn bir gul,
Saňa myhman bolmaga bu aljyraň nädip het etsin?
Rehim edip bir bakdyň, öli ýürekler direltdiň,
Çäksiz merhemetiňe sygynyp, gapyňy kakdym!
Sen – ýagşylyk çeşmesi, dermanlaryň deňzisiň!
Bir damja lutf et maňa, derdime derman tapmadym!
Her kes gelýär Mekgä – Käbä, Safa bilen Merwä,
Men bolsa seniň üçin daglary, depeleri aşdym!
Düýn gije bir düýşümde asmana degdi başym,
Gapyňdaky hyzmatkärler ensäme basdy öýtdüm!
Eý hezreti Jamy, söýgülimiň bilbili!
Goşgularyň arasyndan şu beýdi saýlap aldym:
“Dili sallanyp duran gotur itler deý,
Bir damjajyk umyt edip, ihsan deňziňe geldim”.
Mewlana Halyt Bagdady (kuddise sirruh)

“Biz saňa hökman aç-açan bir fetih bagyş etdik” Feth: 1

Resulullahyň çagyryş hatlary

Gün şöhle salmazdy äleme,
Ol jan gelip ýetmese,
Nur saçmazdy bu äleme,
Mewlit pursaty gelmese.
Ýugrulmazdy bilur bilen,
Gül jemaly şatlyk bilen,
Ýürege dolan nur bilen
Mujassam ten bolmasa.
Eyyübî