Ýagyş dogasy
Hijretiň altynjy ýylynda aýylganç gytlyk bolupdy, asmandan ýekeje damja hem düşmändi. Şonuň üçin ýerde ot bitmändi, adamlar hem, haýwanlar hem açlyk azabyna düşüpdiler. Mübärek Ramazan aýynyň bir anna güni adamlar söýgüli Pygamberimize isleglerini bildirdiler: “Ýa Resulallah! Doga etseňiz-de, Allahu tagala bize ýagyş bagyş etse!..” Pygamberimiz sahabalary bilen meýdana çykyp, azan okalman we kamat getirilmän iki rekagat namaz okady. Pygamberimiz mübärek ridasyny ters öwrüp, tekbir getirdi. Soňra mübärek ellerini ýeňleriniň arasyndan mübärek goltuklarynyň asty görünýänçä galdyryp: “Allahym! Bize ýagyş bagyş et!..” diýip doga edip başlady. Hormatly sahabalar: “Amin! Amin!” diýýärdiler. Şol pursat asman dupduru bolup, bir bulut hem ýokdy. Resuly ekrem doga edip durka, ýel öwüsip başlady we asmany bulutlar gaplady. Soňra ýuka ýagyş sepeläp başlady. Şondan soň Älemleriň Serweri: “Allahym! Bu ýagşy çelekden guýan ýaly ýagdyr we biziň üçin haýyrly et!” diýip doga etdi. Şol pursat ýagyş çelekden guýan ýaly ýagyp başlady. Pygamberimiziň we hormatly sahabalaryň eşiklerinde gury ýer galmady. Öýe ýetýänçäler, suw her tarapy köle öwürdi. Her kes suwa batyp ýöreýärdi. Ýagyş dynmady. Ol gün hem, ertesi gün hem, ondan soň hem… Indiki anna namazynyň wagtynda hormatly sahabalar: “Ýa Resulallah! Ýagyş suwundan öýlerimiz ýykylyp, mallarymyz gark bolup başlady. Allahu tagala doga etseňiz-de, ýagyş kesilse!..” diýdiler. Söýgüli Pygamberimiz ýylgyrdy, mübärek ellerini galdyryp, şeýle doga etdi:
“Ýa Rebbim! Bu ýagşy ekin meýdanlaryna, agaç bitýän ýerlere we jülgelere iber!” Şol pursat bir hepde ýagan ýagyş durdy, doga edilen ýerlere bolsa ýagyş ýagyp başlady.
Älemler nura gark boldy
Muhammet doglan gijesi,
Mömin, münapyk saýlandy
Muhammet doglan gijesi.
Asmandan ýere nur indi,
Ýediler, kyrklar goşuldy,
Keşişiň dili tutuldy
Muhammet doglan gijesi.
“Bu gün atlylarymyzyň iň haýyrlysy – Abu Katada, pyýadalarymyzyň iň haýyrlysy – Seleme ibn Ekwa” Hadysy şerif
