Söýgüli Pygamberim

BENI KURAÝZA SÖWEŞI

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Hendek söweşinden soň Medineýi münewwerä dolanansoň, hezreti Aişe enemiziň öýüne geldi. Ýaraglaryny we sowudyny çykardy. Mübärek bedeni tozana batypdy. Ol ýuwundy. Şol pursat hezreti Dihýäniň keşbinde, üstünde sowudy we ýaraglary bolan bir atly geldi. Bu Jebraýyl aleýhisselamdy. Pygamberimiz onuň ýanyna baranda, ol: “Eý Allahu tagalanyň Resuly! Jenaby Hak saňa häziriň özünde Kuraýza ogullarynyň üstüne ýöriş etmegi buýurýar!” diýip, buýrugy ýetirdi. Kainatyň Soltany hezreti Bilaly çagyrdyp, hormatly sahabalara yglan etmek üçin şeýle buýruk berdi: “Eý sahabalarym! Turuň, atlaryňyza, düýeleriňize atlanyň! Boýun bolýanlar ikindi namazyny Kuraýza ogullarynyň ýurdunda okasynlar!”

Habyby ekrem derrew sowudyny geýip, gylyjyny guşandy. Mübärek başyna tuwulgasyny geýdi, galkanyny arkasyna, naýzasyny eline aldy. Soňra atyna mündi. Sahabalarynyň arasyna baryp, hezreti Ala yslam baýdagyny berdi we ony öňdäki topar hökmünde Medinäniň edil günorta-gündogaryndaky düzlükde ýerleşýän Kuraýza ýahudylarynyň galasyna iberdi. Medinede Abdylla ibn Ummu Mektumy orunbasar goýdy.1

Şanly sahabalar söýgüli Pygamberimizi ortalaryna alyp, “Allahu ekber! Allahu ekber!” tekbirleriniň arasynda Medineden çykdylar. Ýolda olar Ganm ogullary bilen duşuşdylar. Olar ýaraglanyp, Resulullaha garaşyp durdular. Pygamberimiz olardan: “Size kimdir biri duş geldimi?” diýip sorady. Olar: “Ýa Resulallah! Bize Dihýe Kelbi duş geldi. Ol eýerli ak gatyra münüpdi. Ol gatyryň üstünde atlasdan bir barhyt ýapynja bardy” diýdiler. Söýgüli Pygamberimiz olara şeýle diýdi:

“Bu – Jebraýyl. Ol Beni Kuraýzanyň galalaryny sarsytsyn we olaryň ýüregine gorky salsyn diýip, olara iberildi…” Kuraýza ýahudylarynyň galasyna baryp ýetýänçä, yslam goşunynyň sany üç müňe ýetdi. Hezreti Aly yslam baýdagyny Kuraýza ýahudylarynyň galasynyň öňünde dikdi. Muny gören ýahudylar Pygamberimiziň garşysyna ýaman sözler aýdyp başladylar. Hezreti Aly baryp, ýagdaýy Pygamberimize gürrüň berdi. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) üç müň esger bilen ol ýere gelensoň, rehimdarlyk edip, ýahudylary yslama çagyrdy. Ýahudylar bu gözel teklibi kabul etmediler. Söýgüli Pygamberimiziň: “Onda Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň buýrugyna boýun egip, galadan düşüň we teslim boluň” diýen teklibini hem ret etdiler.

Şondan soň Älemleriň Serweri okçularyň ussady hezreti Sagt ibn Abu Wakkasa: “Eý Sagt! Öňe git-de, olary oka tut!” diýdi. Hezreti Sagt we beýleki okçular okdanlaryndaky oklary tekbir sesleriniň arasynda ýahudy galasyna atyp başladylar. Ýahudylar hem ok we daş atyp jogap berdiler, şeýdip söweş başlandy. Musulmanlaryň kyn güninde olara arkadan zarba uran we gabanjaňlykdan Muhammet aleýhisselamyň pygamberligini kabul etmedik bu ýahudy toparynyň galanyň gapysyny açyp, meýdana çykar ýaly batyrlygy ýokdy.

“Eý sahabalarym! Turuň, atlaryňyza, düýeleriňize atlanyň! Boýun bolýanlar ikindi namazyny Kuraýza ogullarynyň ýurdunda okasynlar!” Hadysy şerif

Söweş gabaw görnüşinde dowam etdi. Yslam goşunynyň arasyndaky münapyklar hem gala gizlinlikde habar iberip şeýle diýýärdiler: “Asla teslim bolmaň! Medineden gitmegiňizi isleseler-de, razy bolmaň! Eger söweşi dowam etseňiz, biz size bar güýjümiz bilen kömek ederis, hiç zadymyzy sizden gaýgyrmarys. Eger sizi Medineden kowup çykarsalar, biz hem siz bilen bile çykyp gideris!..” Bu habary alan we münapyklardan kömek garaşýan ýahudylar goranmagy täze gaýrat we täze umyt bilen dowam etdiler. Gabaw uzaga çekdi, bir aýa golaý wagt geçse-de, münapyklardan hiç hili kömek gelmedi. Ýahudylaryň ýüregine gorky düşdi we olar ylalaşyk baglaşmak isleýändiklerini bildirdiler.

Ylalaşyk baglaşmak üçin Nebbaş ibn Kaýs atly bir ýahudy Resulullahyň huzuryna gelip, şeýle diýdi: “Eý Muhammet! Nadyr ogullaryna görkezen rehimiňizi bize-de görkeziň. Malymyz hem, ýaraglarymyz hem seniňki bolsun! Diňe ganymyzy dökmäň. Çagalarymyz we aýallarymyz bilen bilelikde ýurdumyzdan çykyp gitmegimize rugsat beriň. Ýaragdan başga her maşgala üçin bir düýe ýük äkitmegimize-de rugsat beriň!..” Älemleriň Serweri: “Ýok! Bu teklibi kabul edip bilmerin!” diýip jogap berdi. Bu gezek Nebbaş: “Mal äkitmekden el çekdik. Ganymyzy dökmäň! Aýallarymyzy we çagalarymyzy äkitmäge rugsat beriň!” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Ýok! Hiç hili şertsiz meniň hökümime boýun egmekden, tabyn bolup teslim bolmakdan başga çäräňiz ýokdur!” diýdi. Ýahudy Nebbaş perişan ýagdaýda gala dolanyp, gepleşikleri gürrüň berdi. Bu gezek Kuraýza ogullary uly umytsyzlyga we gaýga batdylar.2 Olaryň baştutanlaryndan Kagb ibn Eset insaba gelip, kowmuna şeýle boýun aldy we teklip etdi: “Eý kowmum! Görşüňiz ýaly, başymyza uly bela düşdi. Bu ýagdaýda meniň size üç maslahatym bar. Olardan isleýäniňizi saýlap, şoňa görä hereket edip bilersiňiz! Birinjisi: şu adama eýereliň we onuň pygamberligini kabul edeliň! Allaha kasam, onuň Allah tarapyndan iberilen, sypatlaryny öz kitaplarymyzda gören pygamberdigini hemmämiz bilýäris. Eger biz oňa iman getirsek, ganlarymyz, çagalarymyz, aýallarymyz we mallarymyz halas bolar. Biziň oňa eýermezligimiziň ýeke-täk sebäbi – araplara bolan gabanjaňlygymyz we onuň Ysraýyl ogullaryndan däldigidir. Emma bu Allahyň biljek işidir. Geliň, oňa eýereliň!..” Ýahudylar hemmesi birden garşy çykdylar we: “Ýok! Biz muny kabul etmeris we özümizden başga hiç kime eýermeris!” diýdiler.

Bu gezek Kagb ikinji teklibini etdi: “Geliň, hemmämiz çagalarymyzy we aýallarymyzy öldüreliň-de, arkamyzda aladasyny etjek adamymyz galmansoň, musulmanlaryň üstüne ýöriş edeliň, ölýänçä söweşeliň!..” Ýahudylar muny hem ret etdiler.

Kagb üçünji teklibinde şeýle diýdi: “Bu gije – şenbe gijesi. Musulmanlar biziň bu gije söweşmejekdigimizi bilýändikleri üçin, arkaýyn we gapyl bolup bilerler. Gylyçlarymyzy gynyndan sogrup, gapydan hemmämiz bilelikde çykalyň. Şeýle duýdansyz çozuş bilen, belki, ýeňeris!..”

Ýahudylar: “Biz şenbe güni işlemek gadagançylygyny bozup bilmeris!” diýip, bu teklibi hem ret etdiler. Diňe olaryň arasyndan Esit bilen Saglebe atly doganlar we olaryň kakasynyň doganynyň ogly Eset birinji teklibi kabul edip, musulman bolmak bilen şereflendiler. Olar galadan çykyp, hormatly sahabalaryň arasyna goşuldylar.3 Ýahudylar öz aralarynda uzak wagtlap jedelleşdiler. Ahyrsoňy olar teslim baýdagyny galdyrdylar we Pygamberimizden olar hakynda höküm çykarmak üçin bir adamy kazy (hakem) edip bellemegini soradylar. Resulullah: “Sahabalarymdan isleýän adamyňyzy kazy edip saýlaň” diýdi. Olar: “Biz Sagt ibn Muazyň çykarjak hökümine razydyrys” diýdiler. Pygamberimiz muny kabul etdi we Sagt ibn Muaz hezretleriniň getirilmegini buýurdy.

Sagt ibn Muaz Hendek söweşinde agyr ýaralanypdy. Resulullah ony Mesjidi Nebewide bir çadyryň içinde bejerdýärdi. Kazy saýlanansoň, hezreti Sagdy zembilde Kuraýza galasyna alyp bardylar. Ýolda hezreti Sagt öz-özüne: “Allaha kasam, Allahu tagalanyň ýolunda men hiç bir kakynjaňyň kakynjyna gulak asmaryn!” diýýärdi. Resulullahyň huzurynda ony zembilden düşürdiler. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Eý Sagt! Şular seniň hökümiň boýunça teslim bolmaga razy boldular. Hany, olar hakyndaky hökümiňi maňa bildir”. Sagt ibn Muaz bolsa: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Şübhesiz, höküm çykarmaga Allahu tagala we Onuň Resuly has mynasypdyr” diýdi. Resulullah: “Olar hakynda höküm çykarmagy Allahu tagala saňa buýurdy” diýdi. Hezreti Sagt ýahudylardan öz hökümine razy boljakdyklary barada berk söz aldy. Iki tarap hem çykaryljak höküme sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlady. Şondan soň hezreti Sagt öz beýikligini görkezýän, adamyň tüýüni üýşürýän, şanyna mynasyp bolan şu beýik hökümi yglan etdi:

“Meniň hökümim şeýle: akylly we baluga ýeten ähli erkekleriň kellesi kesilsin! Olaryň aýallary, çagalary ýesir alynsyn, mallary bolsa musulmanlaryň arasynda paýlansyn!..”

Bu kesgitli hökümi eşiden ýahudylar doňup galdylar. Çünki öz kitaplarynda-da şeýle azgynlyk edenlere beriljek jeza edil şeýledi. Onda şeýle ýazylgydy: “Söweşmek üçin bir şähere barsaň, olary parahatçylyga çagyr. Olar muny kabul edip, gapylaryny açsalar, ondakylaryň hemmesi saňa salgyt tölesinler we hyzmat etsinler. Eger söweşmek kararyna gelseler, olary gaba. Allahu tagalanyň ihsany bilen olary ýeňeniňde, erkekleriniň hemmesini gylyçdan geçir. Aýallaryny, çagalaryny we mallaryny olja edip al!..”

Sagt ibn Muazyň çykaran hökümi ylahy höküme laýyk gelendigi üçin, Älemleriň Serweri, söýgüli Pygamberimiz ony gutlady we: “Sen olar hakynda Allahu tagalanyň ýedi gat asmanyň üstünde, Lewhi mahfuzdaky hökümine laýyk höküm çykardyň!” diýip, oňa öz makullamasyny bildirdi.

Ýahudylar öz kitaplarynda görkezilen bu höküme hiç hili garşy çykyp bilmediler. Akylly we baluga ýeten ähli erkekleriň ellerini boýunlaryna daňyp, Medinä alyp gitdiler. Ertesi gün Resulullahyň buýrugy bilen hezreti Aly we hezreti Zubeýr hökümi ýerine ýetirdiler. Çagalar, aýallar we mallar hormatly sahabalaryň arasynda paýlandy.4 Şeýlelikde, musulmanlaryň iň kysga düşen wagtlarynda arkadan zarba uran, ähli ylalaşyklary bozan, Pygamberimizi çagalygyndan bäri ýok etmäge çalşan bu mekir, haýyn we pitneçi kowum Medineden we onuň töwereginden arassalandy. Ýesirleriň arasyndan bir aýal musulman bolmak bagtyna eýe boldy. Reýhana atly bu aýal Pygamberimiziň paýyna düşüpdi. Resulullah oňa islese öz dininde galmaga, islese musulman bolmaga erkinlik berdi. Reýhana öz dininde galmak isleýändigini aýtdy. Ony Ummu Munzyryň öýüne iberdiler. Soňra Saglebe ibn Sagýäniň maslahaty we tagallasy bilen onuň ýüregi yslama ýylady. Şondan soň Pygamberimiz Reýhana: “Sen Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň ýoluny tutmak isleýärsiňmi? Men şeýle etmegi oňat görýärin” diýdi. Reýhana: “Hawa” diýdi. Onuň bu edimine örän şatlanan söýgüli Pygamberimiz onuň hem şatlanmagy we jennetdäki derejesiniň örän beýik bolmagy üçin rehim edip, ony azat etdi we aýallyga kabul etdi. Mehrini berip, ony nikasyna aldy. Olaryň toýy hem Ummu Munzyryň öýünde boldy. Şeýlelikde, Reýhana (radyýallahu anha) ähli musulmanlaryň enesi bolmak şerefine eýe boldy.5

“Ýok! Hiç hili şertsiz meniň hökümime boýun egmekden, tabyn bolup teslim bolmakdan başga çäräňiz ýokdur!” Hadysy şerif

Sagt ibn Muazyň şehit bolşy

Sagt ibn Muaz Beni Kuraýza ýahudylary hakyndaky hökümi çykarandan soň, ony ýene çadyryna alyp gitdiler. Onuň ýarasy agyrlaşdy, ýagdaýy ýaramazlaşdy. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) onuň ýanyna gelip, ony gujaklady we şeýle doga etdi: “Allahym! Sagt Seniň razylygyň üçin Seniň ýoluňda jihat etdi. Seniň Resulyňy-da tassyklady. Oňa ýeňillik bagyş et…” Söýgüli Pygamberimiziň bu mübärek sözlerini eşiden Sagt ibn Muaz hezretleri gözlerini açyp: “Ýa Resulallah! Saňa salam we hormatlarymy ýetirýärin. Seniň Allahu tagalanyň pygamberidigiňe şaýatlyk edýärin” diýip pyşyrdady. Şondan soň Sagt ibn Muazyň ýakynlary ony ýatan çadyryndan Abdyleşhel ogullarynyň öýüne alyp gitdiler. Ol gije onuň ýagdaýy has agyrlaşdy. Pygamberimize Jebraýyl aleýhisselam gelip: “Ýa Resulallah! Bu gije seniň ymmatyňdan wepat bolan we wepaty perişdeleriň arasynda buşluk edilip habar berlen kim?” diýdi. Şondan soň Kainatyň Soltany derrew Sagt ibn Muazyň ýagdaýyny sorady. Ony öýüne alyp gidendiklerini aýtdylar. Pygamberimiz käbir hormatly sahabalary bilen Sagt ibn Muazyň ýanyna gitdi. Ýolda örän çalt ýöreýändikleri üçin hormatly sahabalar: “Ýadadyk, ýa Resulallah!” diýdiler. Pygamberimiz näme üçin howlukýandyklaryny düşündirip, şeýle diýdi: “Perişdeler Hanzalanyň jynazasynda bizden öň bolşy ýaly, Sagdyň jynazasynda-da bizden öň bolarlar. Biz olardan öň ýetişip bilmeris”.

Sagt ibn Muazyň ýanyna gelende, Pygamberimiz ony wepat bolan halynda tapdy. Ol onuň başujunda durup, Sagt ibn Muaza künýesi bilen ýüzlenip, şeýle diýdi: “Eý Abu Amr! Sen baştutanlaryň iň gowusydyň. Allahu tagala saňa bagt, bereket we iň haýyrly sylag bersin! Sen Allahu tagala beren sözüňi ýerine ýetirdiň. Allahu tagala hem saňa wada edenini berer!” Şol wagt Sagt ibn Muazyň ejesi aglap, şu beýdi okady:6

Nädip çydasyn, waý, bu biçäre ejesi!
Sabyr gerek; aglaýaryn başyma düşen derde!

Eslem ibn Harys şeýle gürrüň beripdir: “Resulullah Sagt ibn Muazyň öýüne geldi. Biz gapyda garaşyp durduk. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) içeri girdi; ol ädimlerini örän giň ätläp ýöreýärdi. Biz hem onuň yzyndan ýöredik. Resulullah durmagymyzy yşarat edende, durduk we yzymyza öwrüldik. Içerde Sagdyň jynazasyndan başga hiç kim ýokdy. Resulullah içerde biraz durandan soň, daşaryk çykdy. Men gyzyklanyp: ‘Ýa Resulallah! Ädimleriňizi giň ätläp ýöremegiňiziň hikmeti näme?’ diýip soradym. Şonda ol şeýle diýdi: ’Men şeýle köp adamly mejlisde bolmandym. (Perişdeler dolupdy.) Perişdeleriň biri meni ganatynyň üstüne aldy-da, diňe şeýdip oturyp bildim’. Soňra ol Sagt ibn Muaza künýesi bilen ýüzlenip: ‘Saňa saglyk-amanlyk bolsun, eý Abu Amr! Saňa saglyk-amanlyk bolsun, eý Abu Amr! Saňa saglyk-amanlyk bolsun, eý Abu Amr!’ diýdi”.

Onuň wepaty Resulullahy we hormatly sahabalary örän gynandyrdy, olar gözýaş döküp agladylar. Onuň jynazasyna ähli hormatly sahabalar ýygnandy. Söýgüli Pygamberimiz jynaza namazyny okatdy we onuň jynazasyny göterişdi. Sagt ibn Muazyň jynazasyny göterip barýarkalar, hormatly sahabalar: “Ýa Resulallah! Biz şeýle ýeňil göterilýän jynaza görmändik!” diýdiler. Şondan soň Pygamberimiz: “Perişdeler indi, ony olar göterip barýarlar” diýdi. Jynaza barýarka, münapyklar hem Sagdy kemsitmek üçin: “Nähili ýeňil!” diýenlerinde, söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Sagdyň jynazasyna ýetmiş müň perişde indi. Şu wagta çenli olar ýer ýüzüne beýle köp bolup inmändiler”.

Abu Sagyt Hudry atasynyň şeýle diýenini rowaýat edipdir: “Sagt ibn Muazyň gabryny gazanlaryň biri hem mendim. Oňa gabyr gazyp başlanymyzda, gabyrdan töwerege müşk ysy ýaýrady!” Şerahbil ibn Hasene hem şeýle diýipdir: “Sagt ibn Muaz jaýlanýarka, biri onuň gabryndan bir owuç toprak alypdy. Soňra ony öýüne alyp gidende, ol toprak müşke öwrüldi. Jynazasy gabra goýlanda, Pygamberimiz gabryň başynda oturdy, mübärek gözleri ýaşardy, mübärek sakgalyny eli bilen tutup, örän gynandy. Ol: ‘Sagt ibn Muazyň ölümi sebäpli Arş sarsdy’ diýdi”. Bir gezek Pygamberimize örän gymmatly bir lybas sowgat berlipdi. Hormatly sahabalar onuň nähili gözeldigini aýdanlarynda, ol: “Sagt ibn Muazyň jennetdäki ýaglyklary mundan-da gözeldir” diýdi.

Abu Sufýanyň ar almak islegi

Hendek söweşinden gaýdyp gelenden soň, bir gün Abu Sufýan taýpasynyň ortasynda oturyrka olara: “Muhammetden biziň arymyzy aljak hiç kim ýokmy?!” diýdi. Bir çarwa arap bu sözi eşidip, Abu Sufýanyň ýanyna bardy. Ol: “Eger sen meniň zerurlygymy ödeseň, men bu işi ederin. Ýoly hem gowy bilýärin. Ýiti hanjarym hem bar. Hiç kimden gorkamok” diýdi. Abu Sufýan onuň zerurlyklaryny ödedi, isleglerini ýerine ýetirdi. Bir düýe alyp, oňa berdi we bu işi gizlin saklamagy tabşyrdy. Çarwa gije Mekgeden çykyp, az wagtda Medinä baryp ýetdi. Pygamber aleýhisselamyň Beni Abdyleşhel taýpasynda bolýandygyny bildi. Düýesini bir ýere daňyp, ol ýere pyýada bardy. Pygamber aleýhisselam şol taýpanyň metjidinde nesihat edýärdi. Çarwany uzakdan görüp, ol şeýle diýdi: “Şu gelýän adamda ýaman pikir bar. Emma Allahu tagalanyň lutfy we ihsany meniň bilen onuň arasynda perde bolar”.

Çarwa Resulullaha tarap ýöredi. Şol wagt Useýt ibn Hudaýr ony tutup, yza çekdi. Ol: “Resulullahdan daş dur, eý näletlenen!” diýip, elini onuň guşagyna uzatdy we biline gysdyrylan hanjary gördi. Onuň ýaman niýetlidigine düşündi. Çarwa Useýdiň aýagyna ýykylyp: “Ganyma galma!” diýip gygyrdy. Useýt ony Resulullahyň ýanyna alyp geldi. Pygamber aleýhisselam şeýle diýdi: “Eý çarwa, dogrusyny aýt, sen kim? Saňa dogry sözden başga hiç zat peýda bermez. Eger ýalan sözleseň, Allahu tagala seniň pikiriňi maňa bildirendir”. Çarwa aman sorady we ýagdaýy gürrüň berdi. Resulullah aleýhisselamyň buýrugy bilen ony tussag etdiler.

Ertesi gün ol çarwany çagyrdyp, şeýle diýdi: “Men saňa aman berdim, nirä isleseň, şol ýere git. Emma men saňa mundan-da haýyrly bir zady teklip edeýin”. Çarwa: “Ol näme?” diýip sorady. Pygamber aleýhisselam: “Seniň Allahyň birligine we meniň resullygyma şaýatlyk etmegiňi isleýärin” diýdi. Çarwa derrew kelimeýi şahadat getirdi we şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Men asla hiç kimden gorkmazdym. Seni görenimde, aklym başymdan gitdi. Sen meniň ýüregimdäkini bildiň. Muny menden we Abu Sufýandan başga hiç kim bilmeýärdi. Seniň Allahyň Resulydygyňa we Onuň goragyndadygyňa düşündim; Abu Sufýanyň pikiri – şeýtany pikirdir”.

“Allahym! Sagt Seniň razylygyň üçin Seniň ýoluňda jihat etdi. Seniň Resulyňy-da tassyklady. Oňa ýeňillik bagyş et” Hadysy şerif

Abu Sufýandan şeýle ýamanlyk çykansoň, Kainatyň mugallymy (Hojaýy kaýinat) (sallallahu aleýhi we sellem) Amr ibn Umeýýe bilen Damra ibn Esleme Mekgä baryp, pursat tapsalar, Abu Sufýany öldürmegi buýurdy. Bu iki sahaba Harema baryp ýetip, towap edýärkäler, bir gyrnak olary tanady. Ol: “Eý mekgeliler, gapyl bolmaň! Bular – Amr ibn Umeýýe bilen Damra ibn Eslem!” diýip gygyrdy. Halk olary tanansoň, iki sahaba iki tarapa aýrylyşdylar. Amr Mekgäniň daglarynyň birindäki gowaga girip gizlendi. Ibn Eslem bolsa Medinä gitdi. Birnäçe günden soň Amr gowakdan çykdy. Onuň garşysyndan Abu Sufýanyň iki içalysy çykdy. Olaryň birini ol ok bilen atyp öldürdi, beýlekisi gaçdy. Soňra Amr sag-aman Medinä gelip ýetdi. Abu Sufýan muny bilende, gaty gorkdy.

Hijretiň bäşinji ýylyndaky käbir möhüm wakalar

Resuly ekrem Zülkagda aýynda Zeýnep binti Jahş bilen öýlendi.7 Bu ýyl hijap baradaky aýaty kerimeler indi we musulman aýallara örtünmek buýruldy.8 Medineýi münewwerä ýakyn ýerde ýaşaýan Müzeýne taýpasy wekiliýet iberip, musulman boldy we muhajyrlardan hasaplandy.9 Şeýle hem bu ýyl ýer titremesi we Aý tutulmasy boldy. Mundan başga-da haj bu ýyl parz edildi. Hendek söweşinden soň töwerekdäki taýpalaryň bir bölegi yslam döwletiniň güýjüni ykrar etdi. Indi olar musulmanlar bilen dostlukda ýaşamagyň, hatda musulman bolmagyň iň dogry ýol boljakdygyny pikir edip başladylar. Olaryň käbiri Pygamberimiziň huzuryna gelip, musulman bolmak bilen şereflendiler.

Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) yslam dinini ýaýmak üçin sahabalaryndan toparlar düzüp, töwerekdäki taýpalary yslama çagyrmaga iberdi. Käbir taýpalara özi bardy. Dumatul-Jendel halky ýaly taýpalar edilen nesihatlary kabul edip, musulman boldular. Gatafanlylar, Lihýan ogullary ýaly taýpalar bolsa yslam goşuny bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gorkup gaçdylar. Şeýlelikde, töwerekdäki taýpalara haýbat atyldy.

Beni Lihýan ýörişi

Müşrikler Rejig wakasynda Asym ibn Sabiti, Hubeýp ibn Adiýi we olaryň ýoldaşlaryny (radyýallahu anhum ejmagin) şehit edipdiler. Pygamberimiz munuň üçin örän gamgyn we perişan bolupdy. Ol Beni Lihýandan bu eden işleri üçin hasap soramak üçin amatly wagta garaşýardy, çünki olar haýynlyk edipdiler. Şertler ýetişensoň, musulmanlar iki ýüz kişilik güýç bilen Beni Lihýanyň üstüne ýola çykdylar. Pygamberimiz Medinede öz ýerine Abdylla ibn Ummu Mektumy orunbasar goýdy. Duşmany aldamak üçin olar Damaska barýan ýaly bolup, ol möminleriň şehit bolan ýeri bolan Rejig suwunyň başyna geldiler. Ol ýerde Asym we onuň ýoldaşlary üçin Jenaby Hakdan bagyşlanmak dilediler. Yslam goşunynyň gelýändigini eşiden Beni Lihýan halky daglara gaçdy.

Pygamberimiz we onuň sahabalary ol ýerde bir gün galdylar. Töwerege esgerler iberildi, emma näçe gözleseler-de, duşmany tapyp bolmady. Emma bu gorky olara ýeterlikdi. Soňra hormatly sahabalar Usfana gelip ýetdiler. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Abu Bekire (radyýallahu anhu): “On kişilik güýç bilen Ganyma çenli töweregi barlap geliň” diýdi. Kapyrlar yslam goşunynyň sesini eşitdiler we olaryň ýüregine gorky düşdi. Olar daglarda gaýyp boldular. Musulmanlar hiç kime duş gelmediler. Emma bu ýöriş töwerekdäki müşrikler üçin musulmanlaryň agalygyny tassyklaýan bir resminama ýalydy. Soňra olar Medinä dolandylar. Bu ýöriş on dört gün dowam etdi.

Gaba ýörişi

Oňa Zu-Karad ýörişi hem diýilýär. Resulullahyň öriste ýören ýigrimi sany köşekli maýasy bardy. Olary Abu Zeriň (radyýallahu anhu) ogly meýdanda bakýardy. Fezara taýpasyndan Uýeýne ibn Hysn atly biri çarşenbe gijesi kyrk atly bilen geldi we olar Ibn Abu Zeri şehit etdiler. Düýeleri hem sürüp alyp gitdiler.

Bu habar Resulullaha ýetende, ol Medinede Abdylla ibn Ummu Mektumy orunbasar goýdy, özi bolsa bäş ýüz atly bilen ýola çykdy. Ol Mikdat ibn Eswede (radyýallahu anhu) baýdak berip, ony sahabalaryň bir bölegi bilen öňdäki topar edip öňe iberdi. Kapyrlaryň üstüne Seleme ibn Ekwany (radyýallahu anhu) hem iberdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Zu-Karad diýen ýerde düşelge gurdy.

Öňdäki topar duşmanyň yzky bölegine ýetdi. Hezreti Abu Katada kapyr Mesgada Fezaryny öldürdi. Hezreti Ukkaşe Ibban ibn Amr atly bir kapyry öldürdi. Musulmanlardan bir adam şehit boldy. Hezreti Seleme ibn Ekwa kapyrlaryň yzyndan kowdy. Ol örän ussat ok atýardy. Näletlenenlerden köp adamy öldürdi, köpüsini ýaralady. Olary köp zatlaryny taşlap gitmäge mejbur etdi. Kapyrlaryň elinden on düýäni alyp galdy. Hezreti Abu Katada düşelgä gelende, Resulullah onuň üçin şeýle doga etdi: “Allahym! Abu Katadany sag-salamat et we ony ömrüniň ahyryna çenli sagdyn, gaýratly ýaşat!” Resulullah Mesgada Fezarynyň atyny we ýaragyny hezreti Abu Katadanyň eline gowşurdy. Abu Katadadan soň hezreti Seleme ibn Ekwa hem geldi. Onuň ýanynda müşriklerden galan iki at hem bardy. Pygamberimiz ony hem kabul edip gutlandan soň, şeýle diýdi: “Bu gün atlylarymyzyň iň haýyrlysy – Abu Katada, pyýadalarymyzyň iň haýyrlysy – Seleme ibn Ekwa”.

Bu ýöriş uly tekepbirlik bilen Pygamberiň malyna el uzadan müşrikler üçin hem, beýleki taýpalar üçin hem unudylmajak sapak boldy. Zu-Karadda bir gije we bir gündiz galdylar. Soňra Medinä dolandylar. Bu ýöriş bäş gün dowam etdi.

“Sagt ibn Muazyň jennetdäki ýaglyklary mundan-da gözeldir” Hadysy şerif

Gelşiň – rahmet, lezzet hem safadyr, ýa Resulallah,
Görnüşiň – aşyklaryň derdine derman, ýa Resulallah.
Adam heniz suw bilen palçyk arasyndaka, sen pygamberdiň,
Pygamberleriň imamy bolmagyň mynasyp, ýa Resulallah.
Kämilleriň kämilligi seniň nuruň bilen boldy,
Barlygyň – Hak gudratynyň kämil görnüşi, ýa Resulallah.
Seniň bilen ýetdiler Oňa, hem dürli lezzetlere,
Işiň – mätäçlere sahawat, ýa Resulallah.
Hüdaýy üçin şepagat et – aşkarda-da, gizlinde-de,
Ol gapyňa sygynan bir gedaýdyr, ýa Resulallah!
Aziz Mahmûd Hüdâyî