Söýgüli Pygamberim

HENDEK SÖWEŞI

Oňa Ahzab söweşi hem diýilýär. Ahzab – “hizb” sözüniň köplük görnüşidir. Hizb – taýpa, topar, bölek diýmekdir. Bu söweşde Resulullah bilen söweşmek üçin birnäçe topar birleşendigi sebäpli, oňa Ahzab söweşi diýlipdir. Hijretiň bäşinji ýylydy. Medineýi münewwereden kowlan, pitne-pyssadyň çeşmesi bolan ýahudy Nadyr ogullary toparlara bölünip, bir bölegi Şama (Siriýa), bir bölegi hem Haýbere gidipdi. Emma olaryň ýüreklerini yslama we Pygamberimize bolan kin we ar alyş duýgusy gaplap alypdy. Olaryň baştutany Huýeý ibn Ahtap kowmunyň öňdebaryjylaryndan ýanyna ýygnan ýigrimi adamy bilen Mekgä gitdi. Olar Abu Sufýan bilen duşuşyp, söýgüli Pygamberimiziň mübärek barlygyny ýok etmek barada ylalaşmak üçin oturdylar. Olar: “Bu işi gutarýança, sizden hiç aýrylman, ýanyňyzda bolarys!” diýdiler. Abu Sufýan şeýle diýdi: “Biziň duşmanymyza duşman bolanlar biziň ýanymyzda hormatlydyr. Emma size ynanyp bilmegimiz üçin, siz biziň butlarymyza çokunmalysyňyz. Diňe şondan soň siziň ýürekdendigiňizi kabul edip, arkaýyn bolup bileris”. Maksatlaryna ýetmek üçin hatda dinlerini-de bermäge taýýar bolan haýyn ýahudylar butlaryň öňünde ýere ýykyldylar… Kitaply kapyrlar ekenler, kitapsyz kapyrlara öwrüldiler. Söýgüli Pygamberimizi ýok etmäge we yslam dinini ýykmaga ant içdiler.

Müşrikler derrew söweşe taýýarlyk görüp başladylar. Goňşy müşrik taýpalaryna-da adam iberdiler. Ýahudylar hem dürli taýpalary öz taraplaryna çekmek üçin herekete geçdiler. Käbir taýpalara pul we hurma wada berip, olary ýaraglandyrdylar. Müşrikler Mekgäniň töwereginden dört müň kişilik uly güýç çykardylar. Abu Sufýan Darun-Nedwede baýdak daňyp, ony Osman ibn Talhanyň eline berdi. Goşunda üç ýüz at, köp ýarag we müň bäş ýüz düýe bardy.

Dört müň kişilik müşrik goşuny Merruz-Zahrana gelende, Süleým ogullary, Fezara ogullary, gatafanlylar, Mürre ogullary, Eset ogullary ýaly köp taýpalar alty müň kişilik kömek bilen müşrik goşunynyň sanyny on müňe ýetirdiler. Bu şol döwre görä örän uly güýçdi.

Öňden bäri Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) bilen dost bolup gelýän Huzaga taýpasy derrew Medinä habar ýetirdi: on günlük ýoly dört günde geçen bir atly Pygamberimize müşrikleriň ýagdaýyny jikme-jik habar berdi.

Işlerini hormatly sahabalar bilen maslahatlaşyp edýän söýgüli Pygamberimiz derrew sahabalaryny ýygnap, ýagdaýy olar bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşdy. Söweşi nirede we nähili alyp barmaly diýen meselede her sahaba öz teklibini aýtdy. Bu maslahatda bolan Selman Farsy hezretleri söz alyp, şeýle diýdi:

“Ýa Resulallah! Bizde şeýle bir söweş usuly bar: duşmanyň duýdansyz çozmagyndan gorkan wagtymyz, töweregimize hendek gazyp goranardyk”. Bu usul Pygamberimiziň hem, hormatly sahabalaryň hem göwnüne ýarady we duşman bilen şu usulda söweşmek barada karar berildi.1

Pygamberimiz derrew käbir sahabalaryny ýanyna alyp, hendegi nirede gazmalydygyny anyklady. Medinäniň günorta tarapy baglyk bolup, gür agaçlar bilen örtülendi. Müşrikleriň bu tarapdan bar güýçleri bilen hüjüm etmek ähtimallygy azdy.

“Eý Aişe, saňa buşluk bolsun! Hak tagala seni aklady. Seniň päkligiňe şaýatlyk etdi” Hadysy şerif

Mundan başga-da bu ýeri az güýç bilen hem goramak mümkindi. Gündogarda bolsa musulmanlar bilen ylalaşyk baglaşan Beni Kuraýza atly ýahudy taýpasy ýaşaýardy. Şonuň üçin müşrikler diňe günbatar we demirgazyk tarapdaky açyk ýerlerden hüjüm edip bilerdiler. Hendek gazyljak ýerler şu taraplarda bellenildi. Hormatly sahabalaryň her birine üç metre golaý ýer düşýärdi. Her kim öz paýyna düşen ýeri iki adam boýy (takmynan 3,5 metr) çuňlukda gazmalydy, hendegiň giňligi bolsa çapyp gelýän atyň hem böküp geçip bilmejek ýaly (7–8 metr) bolmalydy. Wagt azdy. Duşman Mekgeden çykyp, Medinä tarap ýola düşüpdi. Hendegi mümkin boldugyça tiz gazyp gutarmalydy.

Söýgüli Pygamberimiz özi hemmeleriň öňünde durup, gahryman sahabalary bilen bilelikde “Bismillähir-rahmänir-rahym” diýip, ilkinji bolup ýere kerki urdy. Her kim bar gaýratyny gaýgyrman, hendegi tizräk gazyp gutarmaga çalyşýardy. Hatda çagalar hem bu işe gatnaşýardylar. Resulullah üçin Zubap depesiniň üstünde türk çadyry guruldy.2 Hendekden çykarylan toprak zenbiller bilen şu depäniň töweregine dökülýärdi, gaýdyp gelýärkäler bolsa duşmana atmak üçin Sel dagyndan daş daşalýardy. Zenbil tapmadyklar topragy eteklerinde daşaýardylar. Söýgüli Pygamberimiz hem ýadaýança işleýärdi. Muny gören hormatly sahabalar has-da gaýrata gelýärdiler. Olar: “Janymyz saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Biziň işlemegimiz ýeterlik. Sen işleme, dynjyňy al” diýseler-de, ol: “Men hem işläp gazanýan sogabyňyza şärik bolmak isleýärin” diýip jogap berýärdi.

Ol günler howa örän sowukdy. Mundan başga-da şol ýyl guraklyk sebäpli gytlyk höküm sürýärdi. Iýmit tapmak hem örän kyndy. Älemleriň Serweri hem, ähli hormatly sahabalar hem agyr açlyk çekýärdiler. Özlerini güýçli duýmak üçin olar açlykdan garynlaryna daş daňýardylar, aşgazanlaryny gysyp, iýmit islegini basmaga çalyşýardylar. Älemlere rahmet edilip iberilen söýgüli Pygamberimiz öz açlygyny pikir etmeýärdi. Ol sahabalarynyň şeýle sowukda aç işleýändigine we çekýän zähmetlerine örän gynanýardy, olara rehimi inýärdi we şeýle diýip doga edýärdi: “Allahym! Ahyret durmuşyndan başga (islenmeli) durmuş ýokdur. Ýa Rebbim! Ensarlary we muhajyrlary bagyşla!” Olar hem öz janlaryndan artyk söýýän Habyby ekreme: “Ömrümiziň ahyryna çenli Allahu tagalanyň ýolunda yslam dinini ýaýmak üçin Resulullaha eýerdik” diýip jogap berýärdiler. Bu özara muhabbet açlyk, suwsuzlyk ýaly köp kynçylyklary kökünden goparyp aýyrýardy.

Ýyldyrym çakdy

Hendegi her gün ir säherden gazyp başlaýardylar we agşama çenli gazýardylar. Bir gün gazyp durkalar Aly ibn Hakem hezretleri aýagyndan ýaralandy. Ony ata mündürip, Pygamberimiziň huzuryna getirdiler. Älemleriň Serweri “Bismillähir-rahmänir-rahym” diýip, onuň aýagyny sypady. Pygamberimiziň bir mugjyzasy hökmünde onuň aýagyndan akýan gan derrew durdy, agyrysy aýryldy. Hendek gazmak dowam edýärdi. Bir gezek sahabalar örän gaty bir ýere duş geldiler. Ony gazyp bolmaýardy. Olar Resuly ekremiň ýanyna gelip, ýagdaýy aýtdylar. Ol gelip, hendege düşdi. Bir gap suw isledi. Ondan bir owurt alyp, ýene gaba gaýtardy. Soňra ol suwy gaty ýere sepdi. Agyr çekiji alyp, ol ýeri bir urşda gum ýaly dargatdy. Indi ol ýer ýeňil gazylýardy. Şol urgy wagtynda söýgüli Pygamberimiziň mübärek garny açylanda, ýanyndakylar onuň açlykdan mübärek aşgazanynyň üstüne daş daňandygyny gördüler. Resulullahyň bu ýagdaýyny gören hezreti Jabyr ibn Abdylla onuň huzuryna baryp, rugsat sorady: “Ejem-kakam saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Rugsat berseňiz, öýe bir baryp geleýin”. Rugsat alandan soň näme bolanyny hezreti Jabyr şeýle gürrüň berdi:

“Rugsat berlensoň, men öýe gelip, aýalymdan: ‘Resul aleýhisselamda çydar ýaly däl açlyk ýagdaýyny gördüm. Öýde iýere bir zat barmy?’ diýip soradym. Ol: ‘Şu owlakdan we birnäçe gysym arpadan başga hiç zat ýok’ diýdi. Men derrew owlagy soýdum, aýalym hem arpany el degirmeninde üweýip, un etdi. Soňra ondan hamyr ýugurdy. Eti küýzä salyp, tamdyrda bişirip başlady. Resulullahyň ýanyna dolanyp barýarkam, aýalym nahar az bolany üçin utanyp galmalyň diýip, maňa berk tabşyrdy. Şondan soň men Resulullahyň ýanyna bardym we: ‘Ýa Resulallah! Meniň örän az naharym bar. Ýanyňyza bir-iki adam alyp, biziňkä nahara geliň!’ diýdim.

Resulullah maňa: ‘Aýalyňa aýt, men gelýänçäm ne et küýzesini, ne-de çöregi tamdyrdan çykarmasyn’ diýdi. Soňra mujahytlara ýüzlenip: ‘Eý hendekdäkiler! Jabyr bize zyýapat taýýarlapdyr, bizi nahara çagyrýar. Onuň nahary hem bol, hem tagamly. Turuň! Jabyryň zyýapatyna gideris!’ diýdi. Bu buýrugy eşiden hormatly sahabalar ýygnanyp, Pygamberimiziň yzy bilen ýöräp başladylar. Men derrew öýe dolanyp, bolan zatlary aýalyma gürrüň berdim-de: ‘Indi näme etjekdiris?’ diýdim. Ol: ‘Resul aleýhisselam naharyň näçedigini soramadymy?’ diýdi. Men: ‘Sorady, men hem aýtdym’ diýdim. Aýalym: ‘Hormatly sahabalary sen çagyrdyňmy, ýa-da Resulullahmy?’ diýip sorady. ‘Resulullah çagyrdy’ diýenimde, ol: ‘Resul aleýhisselam has gowy bilýändir’ diýip, meni köşeşdirdi.

Kän wagt geçmänkä, gapymyzda Pygamberimiziň nurly ýüzi göründi. Ol köp sanly sahabalara: ‘Bir-biriňizi gysman içeri giriň’ diýdi. Sahaba doganlarym on adamlyk toparlar bolup oturdylar. Hormatly Nebi çörege we ete bereket bermegini diläp doga etdi. Soňra küýzäni tamdyrdan çykarman, çemçe bilen içindäkini alyp, elindäki çörekleriň üstüne goýdy we sahabalaryna hödür etdi. Ähli sahabalar doýýança, ol şeýdip dowam etdi. Kasam edýärin, nahar iýenler müňden köp bolsa-da, çörek hem, et hem öňküsi ýaly durdy. Biz hem iýenimizden soň, galanyny goňşularymyza paýladyk”.3

Selman Farsy hezretleri hendegi örän ussat gazýardy. Ol ýeke özi on adamyň işini edýärdi. Ol ýoldaşlary bilen özlerine bölünip berlen ýeri gazýarkalar, örän gaty we uly ak gaýa duş geldiler. Ony döwmek üçin köp synanyşdylar. Emma ähli zähmetleri biderek gitdi. Üstesine-de agyr çekiçleri, kerkileri we pilleri döwüldi. Hezreti Selman söýgüli Pygamberimiziň huzuryna gelip, ýagdaýy aýtdy: “Ejem-kakam, janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Hendegi gazýarkak, gaty bir gaýa duş geldik. Demirden ýasalan ähli gurallarymyz döwülse-de, ony ýerinden hem gozgap bilmedik”. Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) ol ýere gelip, agyr çekiç isledi. Ol ýerde bolan hormatly sahabalar netijä sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Pygamberleriň soltany hendege düşdi. Ol çekiji galdyryp, “Bismillähir-rahmänir-rahym” diýip, gaýa şeýle bir güýçli urdy welin, bu urgudan Medinäni ýagtyldan ýyldyrym çakdy we gaýadan bir bölek gopdy.

Resuly ekrem “Allahu ekber!” diýip tekbir getirdi. Muny eşiden sahabalar hem tekbir getirdiler. Soňra ol gaýa ikinji gezek çekiç bilen urdy. Ýene töweregi ýagtyldan ýyldyrym!

“Men hem işläp gazanýan sogabyňyza şärik bolmak isleýärin” Hadysy şerif

We gaýadan gopan bölekler… Söýgüli Pygamberimiz ýene “Allahu ekber!” diýip tekbir getirdi. Oňa eýerip, hormatly sahabalar hem tekbir getirdiler. Çekiç üçünji gezek inende, töweregi ýagtyldan ýene bir ýyldyrym çakdy we gaýa bölek-bölek boldy. Älemleriň Serweri ýene “Allahu ekber!” diýip tekbir getirdi. Şerefli sahabalary hem oňa eýerip, ýene tekbir getirdiler.

Hezreti Selman elini uzatdy. Söýgüli Pygamberimiz hendekden çykdy. Selman Farsy: “Ejem-kakam, janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Ömrümde asla görmedik zadymy indi gördüm. Munuň hikmeti näme?” diýende, Pygamberimiz sahabalaryna ýüzlenip: “Selmanyň görenini siz hem gördüňizmi?” diýip sorady. Olar: “Hawa, ýa Resulallah! Sen gaýa çekiç bilen uranyňda, güýçli ýyldyrymyň çakanyny gördük. Sen tekbir getireniňde, biz hem tekbir getirdik” diýdiler. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Birinji urgynyň ýagtysynda maňa Eýran şasynyň (kisranyň) (Medaýindäki) köşkleri göründi. Jebraýyl (aleýhisselam) gelip, maňa: ‘Seniň ymmatyň ol ýurtlara eýe bolar’ diýip habar berdi. Ikinji urguda Wizantiýa welaýatynyň (Şamyň) gyzyl köşkleri göründi. Jebraýyl (aleýhisselam) gelip: ‘Seniň ymmatyň ol ýurda hem eýe bolar’ diýdi. Üçünjisinde Sananyň (Ýemeniň) köşkleri göründi. Jebraýyl (aleýhisselam) maňa: ‘Ol ýere hem seniň ymmatyň eýe bolar’ diýip habar berdi”.

Soňra Kainatyň Soltany Eýran şasynyň (kisranyň) Medaýindäki köşgüni suratlandyranda, şol ýerli bolan hezreti Selman şeýle diýdi: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Seni hak din we Kitap bilen iberen Allahu tagala kasam edýärin, ol köşkler edil siziň aýdyşyňyz ýalydyr. Seniň Allahu tagalanyň Resulydygyňa şaýatlyk edýärin”. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Eý Selman! Şam hökman fetih ediler. Iraklius öz ýurdunyň iň çetki ýerine gaçar. Siz Şamyň her tarapyna eýe bolarsyňyz. Size hiç kim garşy durup bilmez. Ýemen hökman fetih ediler. Şu ‘Gündogar ýurdy’ (Diýary Meşrik) hem hökman fetih ediler we Eýran şasy (kisra) öldüriler. Allahu tagala bu fetihleri menden soň size nesip eder”.4

Selman Farsy hezretleri: “Resulullahyň bu buşluklarynyň hemmesiniň amala aşandygyny gördüm” diýip gürrüň berdi.

Duşman indi-indi gelip ýetmelidi. Hendek bar güýç bilen, mümkin boldugyça tiz gutarylmaga çalşylyp gazylýardy. Mujahytlar diňe zerur bolanda, Pygamberimizden rugsat alyp, işi goýýardylar, zerurlygy ödänsoň bolsa ýene işiniň başyna ylgaýardylar.

Münapyklar bolsa örän biparh hereket edýärdiler. Olar islän wagtlary işe gelýärdiler, islän wagtlary rugsat soraman taşlap gidýärdiler. Üstesine-de sahabalaryň şeýle işleýşiniň üstünden gülýärdiler, hatda Pygamberimiziň beren buşluklary hakynda-da: “Biz duşmandan gorkup, hendeklere sygynýarys. Ol bolsa bize Ýemeniň, Wizantiýanyň we Parsyň köşklerini wada berýär. Siziň bu halyňyza haýran galýarys!..” diýýärdiler.

Şondan soň mujahytlar hakynda aýaty kerime indi, onda manysyna görä şeýle diýildi: “Hakyky möminler diňe Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getiren we (hemmä degişli jemgyýetçilik) umumy bir iş üçin onuň (Resulullahyň) ýanynda bolanlarynda, ondan rugsat almazdan taşlap gitmeýän adamlardyr. Diýmek, (eý Habybym!) senden rugsat soraýanlar – hakykatdan-da Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getirenlerdir. Bu möminler käbir işleri üçin senden rugsat soranlarynda, sen hem olardan isleýän adamyňa rugsat ber we olar üçin Allahu tagaladan bagyşlanma dile. Şübhesiz, Allahu tagala Gafurur-Rahymdyr, Ol örän bagyşlaýjy, örän rehimlidir”.5

Münapyklar hakynda inen aýaty kerimelerde bolsa manysyna görä şeýle diýildi: “Allahu tagalanyň Resulynyň çagyryşyny öz araňyzda bir-biriňizi çagyrmagyňyza meňzetmäň! Araňyzdan bir-biriňizi galkan edip, gizlinlikde (sypyp) gaçýanlaryňyzy Allahu tagala hökman bilýär. Onuň buýrugyna garşy çykýanlar dünýäde pitnä, ahyretde-de agyr azaba uçramakdan saklansynlar! Üns beriň! Asmanlarda we ýerde näme bar bolsa, hemmesi Allahu tagalanyňkydyr. Ol siziň nähili ýagdaýdadygyňyzy (ähli häsiýetleriňizi, niýetleriňizi, mömindigiňizi ýa-da münapykdygyňyzy) hem bilýär. Siz Oňa gaýtarylýan kyýamat güni Allahu tagala size eden ähli işleriňizi habar berer. Allahu tagala her zady bilýändir”.6

Hendek gazmaga başlanaly bäri alty gün geçipdi. Her kim öz işini gowy ýerine ýetiripdi. Emma bir ýeri wagt ýetmändigi sebäpli giň we çuň gazyp bolmandy. Pygamberimiz bu ýer üçin aladasyny bildirip: “Müşrikler bu ýerden başga hiç bir ýerden geçip bilmezler” diýdi. Ol bu ýere garawullar goýdy.

Allahu tagala iň gowy wekildir

Müşrik goşuny Medinä örän ýakynlaşan wagty ýahudy Nadyr ogullarynyň baştutany Huýeý Kuraýş goşunynyň serkerdesine Medinedäki Kuraýza ýahudylarynyň musulmanlar bilen ylalaşyk baglaşandygyny, emma olaryň baştutany Kagb ibn Esedi aldap, öz tarapyna çekip biljekdigini habar berdi. Serkerde: “Eý Huýeý! Häziriň özünde Kagb ibn Esediň ýanyna git. Musulmanlar bilen baglaşan ylalaşygyny bozup, bize kömek etsinler” diýdi. Şol ylalaşygyň maddalarynyň biri şeýledi: “Medinä duşman goşuny hüjüm etse, musulmanlar bilen birleşip, duşmana garşy durmak”.

Ýahudy Huýeý müşrik goşunyndan aýrylyp, gije Beni Kuraýzanyň baştutany Kagbyň öýüne geldi. Gapyny kakyp, özüni tanyşdyrdy we şeýle diýdi: “Eý Kagb! Men Kuraýşyň bütin goşunyny, Kinäne we Gatafan ogullary ýaly köp taýpalary – on müň kişilik goşuny getirdim. Indi Muhammet we onuň sahabalary gutulyp bilmez. Olary doly ýok edýänçä, kuraýşlylar bilen bu ýerden gitmezlige ant içdik!..” Kagb aladasyny bildirdi: “Muhammedi we onuň sahabalaryny öldürip bolmasa, kuraýşlylar bilen gatafanlylar hem ýurtlaryna gaýdyp gitseler, biz bu ýerde ýeke galarys. Ahyrsoňy olar hemmämizi öldürerler diýip gorkýaryn!..” Huýeý: “Bu gorky aýrylar ýaly, kuraýşlylardan we gatafanlylardan ýetmiş adamy girew edip sora. Bu girewler seniň ýanyňda bolsa, olar bu ýerden gidip bilmezler. Eger ýeňlip gitseler, men siziň ýanyňyzdan aýrylmaryn. Siziň başyňyza düşen bela meniň başyma-da düşer” diýip, ilki Kagby, soňra beýleki ýahudylary hem aldady. Olary musulmanlar bilen baglaşylan ylalaşygy ýyrtmaga mejbur etdi. Şeýlelikde ylalaşyk bozuldy.

Huýeý müşrik goşunyna dolanyp, ýagdaýy gürrüň berdi. Beni Kuraýzanyň musulmanlara arkadan zarba urjakdygyny habar berdi.

“Eý hendekdäkiler! Jabyr bize zyýapat taýýarlapdyr, bizi nahara çagyrýar. Onuň nahary hem bol, hem tagamly. Turuň! Jabyryň zyýapatyna gideris!” Hadysy şerif

Ýedinji güni müşrikler on müň kişilik uly goşun bilen Medinäniň demirgazyk we demirgazyk-günbatar tarapyna gelip, düşelgelerini gurdular. Bu düşelge hendek gazylan ýeriň garşy tarapyndady. Müşrikleriň pikiri şudy: bu uly goşun bilen Medinäni başdan-aýak ýakyp-ýykmak, Pygamberimizi we onuň sahabalaryny ýok edip, yslamy ýer ýüzünden aýyrmak. Daşyndan seredeniňde, bu – garşy durmak kyn bolan örän uly goşundy. Hyýallaryna-da gelmedik hendek böwedini görende, müşrikler aljyraňňy boldular, ruhdan düşdüler. Çünki hendek gowy atyň hem çapyp gelip böküp geçip bilmejek giňligindedi. Içine ýykylan adam hem aňsat çykyp bilmezdi. Esasan-da sowutly adamyň ýokaryk dyrmaşyp çykmagy örän kyndy. Müşrikleriň gelendigini eşiden söýgüli Pygamberimiz alty günden bäri dynman işläp ýadan sahabalaryny derrew ýygnap, hendegiň bu tarapynda, Sel dagynyň eteginde düşelgesini gurdy. Olaryň arkasynda Sel dagy we Medine, öňünde hendek, onuň aňyrsynda bolsa duşman… Ýene Ibn Ummu Mektum Medinede Pygamberimiziň orunbasary edilip galdyryldy. Aýallar we çagalar galalara ýerleşdirildi. Üç müň kişilik yslam goşunynyň otuz alty atlysy bardy. Baýdaklary Zeýd ibn Harysa bilen Sagt ibn Ubade hezretleri göterýärdiler.7 Resulullahyň deriden ýasalan çadyry Sel dagynyň eteginde guruldy. Ýene köp gahrymançylyk görkezjek hormatly sahabalar duşmanyň hereketlerini üns bilen yzarlap başladylar. Şu wagt söýgüli Pygamberimiziň huzuryna hezreti Omar geldi. Ol: “Ýa Resulallah! Eşidişime görä, Kuraýza ýahudylary aramyzdaky ylalaşygy bozupdyrlar we bize garşy söweşe taýýarlanýan ekenler!” diýdi. Garaşylmadyk bu habara Älemleriň Serweri: “Hasbunallahu we nigmel-wekil (Allahu tagala bize ýeterlikdir. Ol nähili gowy Wekildir!)” diýip jogap berdi. Ol örän gynandy. Indi yslam goşuny iki otuň arasynda galypdy. Demirgazykda we günbatarda müşrik goşunlary, günorta-gündogarda bolsa ýahudylar durdy. Resulullah Zubeýr ibn Awwam hezretlerini Kuraýza ogullarynyň galasyna iberdi. Hezreti Zubeýr baryp, ýagdaýy öwrendi. Gaýdyp gelende, görenlerini gürrüň berdi: “Ýa Resulallah! Men olaryň galalaryny abatlaýandyklaryny, söweş türgenleşiklerini we maşklaryny geçirýändiklerini gördüm. Mundan başga-da olar mallaryny hem ýygnaşdyrýardylar”. Şondan soň Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Sagt ibn Muazy, Sagt ibn Ubadäni, Hawwat ibn Jübeýri, Amr ibn Awfy we Abdylla ibn Rewahany Kuraýza ogullaryna nesihat edip, ylalaşygy täzelemek üçin iberdi.8 Wezipe berlen bu bäş sahaba Kuraýza ýahudylarynyň galasyna baryp, olara nesihat etdiler. Emma nesihat peýda bermedi. Üstesine-de ýahudylar olary kemsidip başladylar. Soňky söz hökmünde olar şeýle diýdiler: “Doganlarymyz Nadyr ogullaryny öz ýurdundan kowup çykaryp, siz biziň golumyzy-ganatymyzy döwdüňiz. Muhammet hem kim bolupdyr! Onuň bilen biziň aramyzda hiç hili söz hem, ylalaşyk hem ýokdur. Biz hemmämiz birlikde siziň Pygamberiňiziň üstüne çozup, ony öldürmäge ant içdik. Doganlarymyza hökman arka durup, kömek ederis!..” Sagt ibn Muaz hezretleri we onuň ýoldaşlary Resulullahyň huzuryna gelip, ýagdaýy her kimiň düşünip bilmejek görnüşinde, yşaratlar bilen gürrüň berdiler. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Habaryňyzy gizlin saklaň. Ony diňe bilýän adama açyň. Çünki söweş – tedbirden we hileden ybaratdyr”.9

Hormatly sahabalar hendegiň bu tarapynda Pygamberimize garaşýardylar we nähili hereket etjekdiklerini bilmäge howlugýardylar. Kän wagt geçmänkä, Kainatyň Soltany gahryman sahabalarynyň ýanyna geldi we “Allahu ekber! Allahu ekber!” diýip tekbir getirdi. Muny eşiden şanly sahabalar bir agyzdan tekbir getirip, Jenaby Hakyň mübärek adynyň beýikligini yglan etdiler we hendegiň aňyrsynda gum ýaly gaýnaşýan kapyrlaryň ýüregine gorky saldylar. Tekbirleri eşiden müşrikler: “Muhammede we onuň sahabalaryna, megerem, bir şatlykly habar gelendir” diýdiler.

Pygamberimiz sahabalaryna: “Eý musulmanlar jemagaty! Allahu tagalanyň fethi we kömegi bilen şatlanyň!” diýip, olara ýeňiji boljakdyklary barada buşluk berdi. Şanly sahabalar şu wagta çenli köp seriýýelerde (harby toparlarda) bolupdylar, Bedr we Uhud söweşlerine gatnaşypdylar. Sany hem, güýji hem köp bolan müşrikleri olar Allahu tagalanyň rugsady we Resuly ekremiň dogasynyň bereketi bilen her gezek ýeňipdiler. Başlarynda ähli barlyklaryň “Baş täji” durka, olaryň edip bilmejek işi, çydap bilmejek kynçylygy bolup bilmezdi. Howa sowuk, gytlyk agyr, açlyk güýçlüdi… Pygamberimiz hem, başga köpler hem mübärek garynlaryna daş daňypdylar. Garşyda duşman gum ýaly gaýnaşýardy! Emma şanly sahabalar üçin duşmanyň köplüginiň hem, çekilýän kynçylyklaryň hem ähmiýeti ýokdy. Allahu tagala iň gowy wekildi… Olar Oňa baglanypdylar, Oňa daýanypdylar, Oňa sygynypdylar. Kuraýşyň öňdebaryjy serkerdeleri we kuraýşlylar bilen bile gelen beýleki taýpalaryň ýolbaşçylary umumy hüjüme geçmek barada karar bermezden öň, hendegiň boýunda geçip boljak ýer gözläp başladylar. Hendegiň bir başyndan beýleki başyna çenli aýlandylar. Ahyrsoňy howlukmaçlykdan ýarym galan dar ýerde durup, şu ýerden hüjüm etmegiň amatly boljakdygy barada karara geldiler. Müşrik esgerleri hem serkerdeleriniň yzy bilen ýöräp, bir hendege, bir-de şanly sahabalara seredip haýran galýardylar. Olar: “Kasam edýäris, bu araplaryň ulanýan usuly däl. Muny hökman ol pars adamy maslahat berendir!” diýýärdiler. Kuraýşly serkerdeler esgerlerine hendegiň dar ýerini görkezip: “Bu ýerden kim böküp, aňyrsyna geçip biler?” diýenlerinde, olaryň arasyndan bäş atly bölünip çykdy. Olar ýekme-ýek söweşmek üçin hendegiň beýleki tarapyna geçmelidiler. Şanly sahabalar hem, müşrik esgerleri hem bu bäş atlynyň hereketlerini gyzyklanma bilen synlap başladylar. Atlylar bat almak üçin yza çekildiler. Soňra atlarynyň başyny hendegiň iň dar ýerine gönükdirip, çapdyrdylar. Ýel ýaly çapýan bäş seçme at bir bökmekde hendegiň beýleki tarapyna geçmegi başardy. Olaryň yzyndan köp atly geçmek isleseler-de, başarman, hendegiň ol tarapynda galdylar. Bu geçenleriň arasynda Amr ibn Abdut atly, örän güýçli, arkasy ýere degmedik bir pälwan bardy; her kes ondan gorkýardy, onuň garşysyna hiç kim çykyp bilmeýärdi. Ol ýeke özi bir goşuna barabardy. On müň kişilik goşunyň içinden onuň bu ýere çykmagy hem muny görkezýärdi. Ol başdan-aýak sowut geýipdi. Atynyň üstünde örän haýbatly görünýärdi. Görnüşi bilen ýüreklere gorky salýan bu adam mujahytlara garap: “Meniň bilen söweşip biljek biri bar bolsa, meýdana çyksyn!..” diýip gygyrdy. Bu tekepbirligiň janly nyşanyny gören hezreti Aly söýgüli Pygamberimiziň huzuryna gelip, rugsat sorady: “Janym saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Onuň bilen men söweşeýin”. Onuň üstünde hatda sowudy hem ýokdy.

“Eý Selman! Şam hökman fetih ediler. Iraklius öz ýurdunyň iň çetki ýerine gaçar. Siz Şamyň her tarapyna eýe bolarsyňyz. Size hiç kim garşy durup bilmez. Ýemen hökman fetih ediler. Şu ‘Gündogar ýurdy’ (Diýary Meşrik) hem hökman fetih ediler we Eýran şasy (kisra) öldüriler. Allahu tagala bu fetihleri menden soň size nesip eder” Hadysy şerif

Hormatly sahabalar oňa gibta bilen seredýärdiler. Söýgüli Pygamberimiz öz mübärek sowudyny çykaryp, hezreti Ala geýdirdi. Gylyjyny onuň biline guşady. Mübärek başyndan sellesini alyp, ony öz mübärek elleri bilen onuň başyna dolady. Soňra ýalbaryp, şeýle doga etdi: “Allahym! Bedr söweşinde kakamyň doganynyň ogly Ubeýde, Uhud söweşinde kakamyň dogany Hamza şehit boldular. Ýanymda doganym we kakamyň doganynyň ogly Aly galdy. Sen ony gora. Oňa kömegiňi bagyş et. Meni ýeke-täk goýma!” Hormatly sahabalar: “Amin!” diýdiler. Dogalaryň we tekbirleriň arasynda pyýada öňe ýöreýän Allahu tagalanyň Arslany atynyň üstünde bir äpet kölege ýaly duran Amr ibn Abduduň garşysynda dikildi. Gözlerinden başga ähli ýeri sowut bilen örtülen Amr bu gahrymany tanap bilmedi we onuň kimdigini sorady. Ol: “Men Aly ibn Abu Talyp” diýip özüni tanyşdyranda, Amr guýa oňa rehimi inen ýaly bolup: “Eý doganymyň ogly! Seniň kakaň meniň dostumdyr. Şonuň üçin men seniň ganyňy dökmek islemeýärin. Meniň garşyma çykjak kakaňyň doganlaryndan biri ýokmy?” diýdi. Hezreti Aly bolsa ony gyzyşdyryp: “Eý Amr! Allaha kasam, men seniň ganyňy dökmek isleýärin. Ýöne ikimiziň deň ýagdaýda bolmagymyz gerek dälmi? Ýigitligiň şanyna-da şu ýaraşmaýarmy? Men pyýada, sen bolsa atly!..” diýdi.

Muny eşiden Amryň ýigitlik damary gozgaldy: ol derrew atyndan düşdi we atynyň aýaklaryny gylyç bilen çapyp, gazap bilen hezreti Alynyň garşysyna geçdi. Ol hüjüm etmekçi bolanda, Allahu tagalanyň Arslany: “Eý Amr! Eşitmegime görä, sen Kuraýşdan biri bilen ýüzbe-ýüz bolsaň, onuň iki isleginiň birini ýerine ýetirmäge ant içipsiň. Şu dogrumy?” diýip sorady. Ol: “Hawa, dogry” diýip jogap berende, Aly ony imana çagyrdy: “Onda meniň birinji islegim – seniň Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getirip, musulman bolmagyňdyr!” Muny eşiden Amr gaharlandy we: “Goý muny! Bu maňa gerek däl!” diýdi. Hezreti Aly: “Ikinji islegim – söweşi goýup, Mekgä dolanmagyňdyr. Çünki Resul aleýhisselam duşmany ýeňse, sen bu hereketiň bilen oňa kömek eden bolarsyň!..” diýdi. Amr: “Muny-da goý! Men ar almasam, hoşboý ys sürtmezlige ant içdim. Başga islegiň bar bolsa, şony aýt!” diýende, hezreti Aly: “Eý Allahu tagalanyň duşmany! Indi seniň bilen söweşmekden başga hiç zat galmady!” diýdi.

Amr bu sözlere gülüp şeýle diýdi: “Geň zat! Arap ýurdunda meniň garşyma çykyp biljek bir ýigidiň bardygy hyýalyma-da gelmezdi! Eý doganymyň ogly! Kasam edýärin, men seni öldürmek islemeýärin. Çünki seniň kakaň meniň dostumdy. Men garşyma Kuraýşyň begzadalaryndan Abu Bekir ýaly, Omar ýaly birini isleýärdim”. Hezreti Aly: “Şeýle bolsa-da, men seni öldürmek üçin bu ýere çykdym” diýende, Amryň gany başyna urdy. Onuň gylyjyny galdyrmagy bilen indermegi bir boldy. Şeýle zada garaşyp duran Allahu tagalanyň Arslany hezreti Aly (kerremallahu wejheh) ýyldyrym ýaly bir gapdala bökdi we zarbany galkany bilen garşylady. Emma Amr şunuň ýaly köp galkanlary döwüpdi. Onuň urgusyna iň berk galkanlar hem çydap bilmezdi. Bu gezek hem şeýle boldy. Hezreti Alynyň galkany döwüldi, üstesine-de gylyç onuň başyny syryp, ýaralady. Indi hüjüm nobaty hezreti Ala gelipdi.

Ol Allahu tagala sygynyp, “Ýa Allah!..” diýip, Zülfikary Amryň boýnuna indirdi. Onuň indermegi bilen yslam goşunynda ýeri-gögi lerzana getirýän “Allahu ekber!.. Allahu ekber!..” sesleri, kapyrlaryň goşunynda bolsa nala-perýatlar ýokary galyp başlady… Hawa, pygamberleriň soltanynyň, ähli barlyklaryň baş täjiniň dogasy kabul bolupdy. Pälwan Amr ýere serlipdi, onuň bedeninden gan çeşme ýaly akýardy, kellesi bolsa tuwulgasy bilen bile uçup gidipdi. Iň köp ynanýan Amrlarynyň ýere ýykylandygyny gören ýoldaşlary derrew hezreti Alynyň üstüne çozdular. Muny gören hormatly sahabalar ol ýere ylgap geldiler. Zubeýr ibn Awwam Nowfal ibn Abdyllany ýaralap, aty bilen bile hendege ýykdy.

Hezreti Aly hendege düşüp, Nowfaly iki bölege böldi. Galanlary hendegi zordan geçip, yzlaryna gaçdylar. Müşrik goşunynyň baş serkerdesi bolsa söweşiň başyndaýka uly umytsyzlyga düşüpdi.

Indi söweşiň görnüşi belli boldy. Hendek döşme-döş söweşmäge ýol bermeýärdi. Iki tarap ok atyp, biri-birine ýitgi ýetirmäge çalyşdy. Bu diňe netijäni uzaltmakdan başga zada ýaramaýardy. Müşrikler şeýdip ýeňip bilmejekdiklerine düşünip, hendegiň her tarapyndan hüjüme geçmegiň iň amatly ýol boljakdygy barada karara geldiler we hüjüme geçdiler. On müň kişilik äpet duşman goşuny hendegi geçmäge çalyşýardy, üç müň kişilik şanly yslam goşuny bolsa ok, daş bilen olary hendekden geçirmezlige jan edýärdi. Aýylganç göreş başlandy. Bu göreş agşama çenli dowam etdi.

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) gije hendegiň dürli ýerlerine garawullar goýdy. Özi hem dar ýerde garawul çekip başlady. Medinä bäş ýüz kişilik gözegçi topary iberip, köçelerde ýokary ses bilen tekbir getirmeklerini buýurdy. Şeýdip ýahudylardan ýa-da Kuraýşyň müşriklerinden gelip biljek howpuň öňi wagtynda alnyp, aýallar we çagalar goraljakdy.

Kuraýza ýahudylary bolsa Huýeý ibn Ahtaby müşrikleriň ýanyna iberip, gijeki çozuşlary etmek üçin iki müň kişilik güýç soradylar. Olar gijelerine goragsyz galan aýallara we çagalara hüjüm etmekçidiler. Emma mujahytlaryň daň atýança gözegçilik edip aýlanmaklary we “Allahu ekber!” sesleri bilen tekbir getirmekleri olaryň ýüregine uly gorky saldy. Olar galalaryna çekilip, pursada garaşyp başladylar. Wagtal-wagtal kiçi toparlar bolup, Medinä girmäge synanyşdylar.

Bir gije Kuraýza ogullarynyň öňdebaryjylaryndan Gazzal ýanyna alan on kişilik topary bilen Pygamberimiziň bibisi Safiýe enemiziň bolýan köşgüne çenli gelip ýetmegi başardy. Içerde aýallar we çagalar bardy. Olaryň özlerini gorar ýaly ýekeje ýaragy hem ýokdy. Ýahudylar ilki köşge ok atyp, soňra içeri girmäge çalyşdylar. Olaryň biri içki howla geçmegi başardy we içeri girmek üçin töweregi barlap başlady. Şol wagt söýgüli Pygamberimiziň gahryman bibisi ýanyndakylara ses çykarmazlygy tabşyrdy-da, aşak düşüp, gapynyň ýanyna geldi. Başyny ýaglyk bilen berk daňyp, erkek adamyň keşbine girenden soň, eline bir uzyn taýak alyp, biline pyçak gysdyrdy. Gapyny ýuwaşja açyp, ol ýahudynyň arkasyna golaýlady we elindäki taýagy bar güýji bilen onuň kellesine indirdi. Hiç wagt ýitirmän, ýere ýykylan ýahudyny öldürdi. Soňra öldürilen ýahudynyň kellesini daşarda ok atyp duran ýahudylara zyňdy. Ýoldaşlarynyň kesilen kellesini aýaklarynyň astynda gören ýahudylar gaty gorkup, gaçyp başladylar.

Gaçyp barýarkalar hem olar: “Bize musulmanlar öýlerinde ýekeje erkek adam hem galdyrman, hemmesini söweşe iberipdirler diýip habar berlipdi!..” diýip, hüňürdeşýärdiler.10 Ertirine söweş ýene şol bir güýç bilen dowam etdi. Oklar howada şuwlap uçýardy. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) şanly sahabalaryna: “Barlygym gudrat elinde bolan Allahu tagala kasam edýärin, ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarymyz siziň üstüňizden hökman aýrylar we siz giňlige çykarylarsyňyz” diýip, olara sabyr etmegi maslahat berdi we ýeňşiň iman getirenleriňki boljakdygy barada buşluk berdi. Bu buşlugy alan gahryman sahabalar açlyk, gytlyk ýaly kynçylyklary unutdylar.

“Eý musulmanlar jemagaty! Allahu tagalanyň fethi we kömegi bilen şatlanyň!” Hadysy şerif

Olar jan-tenden çalyşdylar we hendekden ýekeje müşrigi hem geçirmediler.

Hormatly sahabalaryň öňdebaryjylaryndan Sagt ibn Muaz hezretleri uly gahrymançylyk görkezip söweşýärdi. Söweş wagtynda Hibban ibn Kaýs ibn Araka atly bir müşrigiň atan oky onuň goluna degip, ony ýaralady. Ok uly gan damaryna degip, köp gan ýitirmegine sebäp boldy. Ýaralanan hezreti Sagt töweregindäkileriň gany saklamak üçin jan edýändiklerini görüp, ýagdaýynyň agyrdygyna düşündi we şeýle doga etdi: “Ýa Rebbim! Eger Kuraýş söweşi dowam etjek bolsa, maňa ömür bagyş et. Çünki Seniň Resulyňy injiden, ony ýalançy hasaplan bu müşrikler bilen söweşmek maňa nähili ýaraýan bolsa, başga hiç zat maňa beýle ýaramaýar. Eger aramyzdaky söweş tamamlanýan bolsa, meni şehitlik derejesine göter. Emma Beni Kuraýzanyň ahyryny görmezimden öň janymy alma”. Onuň dogasy kabul bolup, gany durdy. Hormatly sahabalaryň arasynda söweşýän bolup görünýän Abdylla ibn Ubeý ýaly münapyklar bolsa örän haýal hereket edýärdiler, öňdäki hatarlara ýakynlaşmaýardylar. Üstesine-de mujahytlaryň ruhuny peseltmek üçin ellerinden gelenini edýärdiler we pitne turuzjak bolup: “Muhammet size Wizantiýa imperatorynyň (kaýsaryň) we Eýran şasynyň (kisranyň) hazynalaryny wada berip dur. Emma häzir biz hendegiň içinde gabalyp otyrys. Gorkymyzdan hajatymyzy ödemäge-de gidip bilmeýäris. Allah we Onuň Resuly bizi aldamakdan başga hiç zat etmeýär, dünýälik hökmünde-de hiç zat wada bermeýär!..” diýýärdiler. Kysga düşen wagtlary öýlerimize duşman hüjüm edip biler diýip bahana tapyp, wezipe ýerlerini taşlap gidýärdiler. Münapyklaryň bu hereketleri hem aýry bir dert, aýry bir kynçylyk bolýardy. Müşrik goşuny mümkin boldugyça tiz netijä ýetmek üçin bar güýjüni sarp edýärdi, emma şerefli sahabalaryň gahrymanlarça goranmagynyň öňünde hiç zat edip bilmeýärdi. Olaryň iň köp hüjüm eden ýeri dar geçitdi. Söýgüli Pygamberimiz bu ýerden aýrylmaýardy we sahabalaryny söweşe ruhlandyrýardy. Pygamberimiziň gapdalynda söweşmek şerefine ýetmek isleýän hormatly sahabalar söweş meýdanynda görlüp-eşidilmedik gahrymançylyklary görkezýärdiler. Bir gezek müşrikleriň güýçli ok atyp başlandyklary göründi. Olaryň ähli nyşanasy Kainatyň Soltanynyň bolýan çadyrydy.

Söýgüli Pygamberimiziň mübärek bedenini sowut örtýärdi. Mübärek başynda bolsa tuwulgasy bardy. Ol çadyryň öňünde dik durup, söweşiň barşyna görä sahabalaryna buýruk berýärdi. Müşrikler käte iň gowşak görünýän ýere birden abanýardylar, mübärek sahabalar bolsa ol ýere ylgap baryp, din duşmanlaryny yzyna serpikdirýänçäler aşyklyk bilen söweşýärdiler.

“Alynyň bir gezek gylyç urmagy ähli ynsanlaryň we jynlaryň ybadatlaryndan-da gymmatlydyr” Hadysy şerif

Hendek söweşi

Bu görlüp-eşidilmedik göreş örän agyrdy: gahryman sahabalaryň töweregine seretmäge-de wagty ýokdy. Şol gün ertirden başlanan göreş giç sagatlara çenli dowam etdi. Namaz wagtlary gelen saýy, şanly sahabalar: “Ýa Resulallah! Namazymyzy okap bilmedik” diýýärdiler, Älemleriň Serweri, Kainatyň Soltany bolsa uly gynanç bilen: “Allaha kasam, men hem okap bilmedim” diýip jogap berýärdi. Ýassy wagtyna golaý olar ybadat etmäge ýol bermedik müşrikleriň sürüsini örän güýçli hüjüm bilen yza serpikdirip, dargatdylar. Bu dargynlykdan gutulyp bilmedik kuraýşlylar we gatafanlylar gijäni geçirmek üçin düşelgelerine çekildiler. Mujahytlar hem söýgüli Pygamberimiziň çadyryna tarap ýöräp gitdiler. Şonda älemlere rahmet edilip iberilen älemiň buýsanjy (sallallahu aleýhi we sellem), gargamak onuň mübärek endigi bolmasa-da, namaz sebäpli çydap bilmedi we müşriklere gargap şeýle diýdi: “Olar bizi gün ýaşýança meşgul edip, namazymyzdan nähili saklan bolsalar, Allahu tagala hem olaryň öýlerini, garynlaryny we gabyrlaryny ot bilen doldursun!” Kaza galan öýle, ikindi we agşam namazlaryny okandan soň, ol ýassy namazyny okatdy.

Ýa Rebbim, kapyrlary ýeňlişe sezewar et

Yslamy düýbünden ýok etmek üçin alyp baran bu göreşlerinden soň müşrikler musulmanlary gündiz ýeňip bolmajakdygyna düşündiler. Olaryň pikirine görä, ýeke-täk çäre – şol bir güýç bilen gijeki çozuşlary gurnamakdy. Musulmanlary diňe şeýdip ýeňip bolardy. Olar bu kararlaryny derrew durmuşa geçirip, ýahudy Kuraýza ogullary bilen bilelikde gijeki çozuşlary edip başladylar. Esgerlerini toparlara bölen müşrikler nobatma-nobat hüjüme geçýärdiler. Bu ýagdaý günlerboýy dowam etdi. Söýgüli Pygamberimiz we gahryman hormatly sahabalar aç, ukusyz, ýadaw bolsalar-da, goranmagy dowam etdiler. Duşmanyň ýekeje esgerini hem hendekden bu tarapa geçirmediler. Jan-tenden alnyp barlan bu goranyş mundan öňki ähli söweşlerden has gorkuly, has agyr, has kyn we has zähmetlidi.

Günlerboýy söweşýän müşriklerde iýmit ýetmezçiligi başlandy. Ýerde bir tutam gury ot hem tapmandyklary üçin, olaryň atlary we düýeleri hem ölüp başlady. Şonuň üçin müşrikleriň serkerdesi Kuraýza ýahudylaryndan azyk getirmek üçin Dyrar ibn Hattabyň serkerdeligindäki bir topary iberdi. Kapyrlar üçin ähli zadyny gurban eden ýahudylar derrew ýigrimi düýä bugdaý, arpa, hurma we mallar üçin saman ýükläp tabşyrdylar. Dyrar esgerleri bilen şatlanyp gaýdyp barýarka, Kubanyň golaýynda bir topar sahaba bilen duşuşdylar. Gahryman sahabalar derrew hüjüm etdiler. Ganly çaknyşykdan soň olar duşmany gaçmaga mejbur etdiler, ýükli düýeleri Pygamberimize tabşyrdylar we onuň köp dogasyna mynasyp boldular.11 Kainatyň Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) bir aýa golaý dowam eden bu agyr söweşde örän kyn ýagdaýlarda galan gahryman sahabalaryna rehimi inýärdi, olara kakalaryndan-da birnäçe esse köp mähir-merhemet görkezýärdi. Şanly sahabalarynyň görkezen bu adam güýjünden aşa gaýratyny görüp, ol mübärek maňlaýyny topraga goýup, olar üçin Allahu tagalanyň dergähine şeýle ýalbardy:

“Eý darda galanlaryň imdadyna ýetýän! Eý mätäçleriň we çäresiz galanlaryň dogasyny kabul edýän Allahym! Meniň we sahabalarymyň ýagdaýyny, şübhesiz, Sen görýärsiň we bilýärsiň. Ýa Rebbim! Kapyrlary ýeňlişe sezewar et, olaryň arasyna agzalalyk sal, olara garşy bize kömek ber, ýeňiş bagyş et!..”

Söýgüli Pygamberimiz bu dogasyny soňky günlerde ýygy-ýygydan gaýtalaýardy. Gytlygyň getiren azaplary sebäpli müşrikler musulmanlary mümkin boldugyça tiz ýok etmek üçin bar güýçlerini sarp edýärdiler. Şeýle söweşilen agşamlaryň birinde müşrik goşunyndan ýüregine yslamyň söýgüsi düşen bir adam Pygamberimiziň huzuryna geldi. Bu Gatafan taýpasyndan Nugaým ibn Mesgutdy. Ol söýgüli Pygamberimize şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Men Allahu tagalanyň birdigini we seniň hak pygamberdigiňi tassyklamak üçin geldim. Elhamdulilla, musulman bolmak bilen şereflendim. Şu wagta çenli size garşy söweşdim. Mundan beýläk kapyrlara garşy söweşerin. Maňa näme buýursaňyz, etmäge taýýardyryn! Ýa Resulallah! Meniň musulman bolandygymy hatda kowmum hem bilmeýär”. Resuly ekrem: “Bu kapyrlaryň arasyna girip, agzalalyk salyp, olary biri-birinden aýyrmaga çalşyp bilermiň?” diýip sorady. Ol: “Ýa Resulallah! Allahu tagalanyň kömegi bilen olary biri-birinden aýryp bilerin. Ýöne näme islesem, şony aýtmaga rugsat barmy?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Söweş – hiledir, isleýäniňi aýdyp bilersiň” diýdi.

Nugaým ibn Mesgut hezretleri ilki Kuraýza ýahudylarynyň ýanyna baryp: “Size bolan söýgimi bilýänsiňiz. Ýöne indi gürleşjeklerimiz aramyzda galsyn, hiç kim bilmesin!” diýdi. Ýahudylar: “Hiç kim bilmez” diýip ant içdiler. Şondan soň hezreti Nugaým şeýle diýdi: “Şu adamyň (Pygamberimiziň) işi hakyky beladyr. Onuň Nadyr we Kaýnuka ogullaryna edenini bilýänsiňiz. Olary ýurtlaryndan, öý-öwzarlaryndan kowup çykarandygyny hemmäňiz gördüňiz. Indi kuraýşlylar we gatafanlylar gelip, musulmanlar bilen söweşýärler, siz hem olara kömek edýärsiňiz. Günlerboýy söweşsek-de, heniz bir netijä gelip bilmedik. Şeýle dowam etse, gabaw uzaga çekjege meňzeýär. Kuraýşlylaryň we gatafanlylaryň mallary, emläkleri, ýurtlary, çagalary siziňki ýaly şu ýerde däl. Eger bu söweşde pursat tapyp ýeňseler, oljalary ýygnap giderler. Ýeňilseler bolsa, çekilip giderler-de, sizi musulmanlar bilen ýüzbe-ýüz goýarlar. Siziň bolsa musulmanlaryň garşysynda durar ýaly ne güýjüňiz, ne-de kuwwatyňyz bar. Söweşiň häzirki ýagdaýy bolsa musulmanlaryň ýeňiş gazanjakdygyny görkezýär. Eger meniň çaklaýşym ýaly bolsa, musulmanlar sizi gylyçdan geçirmän goýmazlar. Şonuň üçin biz tiz wagtda bir çäre görmeli!..”12 Bu sözleri uly tolgunma we gorky bilen diňlän ýahudylar hezreti Nugaýmyň olar hakynda şunça alada edýändigine örän hoşal boldular we: “Sen bize dostlugyňy mynasyp derejede görkezdiň. Bize nähili çäre görmelidigini hem aýt” diýdiler. Şuňa garaşyp duran Nugaým ibn Mesgut şeýle diýdi: “Dogrusy şudur: Kuraýşyň we Gatafanyň begzadalaryndan käbirini girew almasaňyz, musulmanlar bilen asla söweşe girmäň! Girewler siziň ýanyňyzda bolsa, olar söweşden gaçyp gidip bilmezler!” Muny örän gowy çäre hasaplan ýahudylar oňa sag bolsun aýdyp, ony hormatlap, hezzet etdiler. Hezreti Nugaým ýahudylaryň ýanyndan aýrylyp, göni Kuraýşyň düşelgesine bardy. Olaryň serkerdelerine şeýle diýdi: “Meniň Muhammede bolan duşmançylygymy we size nähili köp söýgi bildirýändigimi bilýänsiňiz. Men bir zady bildim we dostlugymyzyň talaby boýunça ony size ýetirmegi uly borjum hasapladym. Ýöne men aýtjaklarymy hiç kime eşitdirmejekdigiňize söz berip, ant içmelisiňiz!” Olar ant içdiler-de, gyzyklanyp: “Aýt, biz seni diňleýäris” diýdiler. Ol şeýle diýdi: “Bilip goýuň, Kuraýza ýahudylary siz bilen birleşendiklerine puşman edipdirler we Muhammede habar iberipdirler: ‘Kuraýşdan we Gatafanyň öňdebaryjylaryndan kellelerini kesmek üçin girew alyp, saňa tabşyralyň. Soňra seniň bilen birleşip, müşrikleriň köküni kesýänçä söweşeliň! Ýöne sen doganlarymyz Nadyr ogullaryny bagyşlap, ýurtlaryny olara yzyna bermelisiň!’ Muhammet hem ýahudylaryň bu talaplaryny kabul edipdir! Eger ýahudylar sizden girew sorasalar, asla razy bolmaň, olar girewleriň hemmesini öldürerler! Aýdanlarymy hiç kim eşitmesin!..” Kuraýşlylar bu möhüm habar üçin hezreti Nugaýma köp sag bolsun aýdyp, oňa uly hormat goýdular.

“Barlygym gudrat elinde bolan Allahu tagala kasam edýärin, ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarymyz siziň üstüňizden hökman aýrylar we siz giňlige çykarylarsyňyz” Hadysy şerif

Nugaým ibn Mesgut (radyýallahu anhu) ol ýerden aýrylyp, gatafanlylaryň ýanyna geldi. Kuraýşlylara aýdanlaryny olara-da aýtdy.

Bir günden soň Kuraýşyň serkerdesi Kuraýza ogullaryna şeýle habar iberdi: “Indi biziň üçin bu ýerde durmak örän kynlaşdy. Çünki howa sowuk, mallarymyz açlykdan gyrlyp gidýär. Bu gije gowy taýýarlyk görüp, ertir hemmämiz bilelikde güýçli hüjüme geçeliň”. Ýahudylar şeýle diýdiler: “Birinjiden, biz şenbe güni söweşmeýäris. Ikinjiden, siz bilen bilelikde söweşe gatnaşyp bilmegimiz üçin, siz bize öňdebaryjylaryňyzdan köp adamy girew edip bermelisiňiz. Eger gabaw uzaga çekse we siz hiç zat edip bilmän, ýurduňyza gaýdyp gitseňiz, bizi Muhammede tabşyran bolarsyňyz. Eger girew berseňiz, bizi taşlap gitmezsiňiz!..” Bu habar Kuraýşyň serkerdesine ýetende, ol: “Diýmek, Nugaým ibn Mesgudyň sözi dogry eken!” diýdi. Kuraýşlylar ýahudylara ýene habar iberdiler: “Biz size ýekeje adamymyzy hem girew edip bermeris. Eger ertir gelip, biz bilen bilelikde söweşseňiz – gowy, ýogsa biz ýurdumyza gideris. Siz bolsa Muhammet we onuň sahabalary bilen ýüzbe-ýüz galarsyňyz!..”

Muny eşiden Kuraýza ýahudylary Nugaýmyň sözüniň dogry çykandygyny pikir edip: “Onda biz hem siz bilen bilelikde musulmanlara garşy söweşmeris…” diýip jogap berdiler. Şeýdip, iki tarapyň hem ýüregine gorky düşdi.13 Pygamberimize Jebraýyl aleýhisselam gelip, Allahu tagalanyň müşrikleri tüweleý bilen pytradyp taşlajakdygyny buşlady. Şondan soň Älemleriň Serweri mübärek dyzlaryna çöküp, mübärek ellerini uzatdy we: “Allahym! Maňa we sahabalaryma rehim edeniň üçin Saňa şükür edýärin” diýip, Allahu tagalanyň dergähine şükür etdi. Soňra bu buşlugy gahryman sahabalaryna ýetirdi. Ol gije şenbe gijesidi. Töweregi aýylganç garaňkylyk gaplapdy, göz gözi görmeýärdi. Soňra gazaply aýaz düşdi, onuň yzyndan bolsa örän güýçli ýel öwüsip başlady.

Bu gije hakynda Huzeýfe ibn Ýemen hezretleri şeýle gürrüň berdi: “Biz şeýle bir gijede bolduk welin, şu wagta çenli ondan has garaňky gije görmändik. Bu goýy garaňkylyk bilen bilelikde, gök gürrüldisine meňzeş güwwüldi bilen aýylganç ýel hem öwüsip başlapdy. Şu wagt Pygamberimiz bize müşrik goşunynyň howsala we gorka düşüp, öz aralarynda dawa turuzandyklaryny habar berdi. Biz gazaply sowukdan, açlykdan we gijäniň elhenç ýagdaýyndan aýak üstüne galyp bilmän, oturan ýerimizde üstümize bir zatlar ýapynyp garaşýardyk. Resulullah namaza durdy we gijäniň bir bölegini namaz okap geçirdi.

Soňra bize tarap öwrülip, şeýle diýdi: ‘Araňyzda müşrik goşunynyň ýanyna baryp, olaryň ýagdaýyny öwrenip, maňa habar getirjek adam barmy? Bu habary getirjek adamyň jennetde maňa ýoldaş bolmagyny Allahu tagaladan dilärin’. Ol ýerde bolanlar güýçli açlykdan we sowukdan aýak üstüne galyp bilmediler. Şondan soň Resulullah meniň ýanyma geldi. Men sowukdan we açlykdan iki dyzymyň üstüne çöküp, büküşip otyrdym. Resulullah maňa elini degirip: ‘Sen kim?’ diýip sorady. ‘Men Huzeýfe, ýa Resulallah’ diýdim. Resulullah şeýle diýdi: ‘Bar, ol kowum näme edýär – görüp gel! Meniň ýanyma dolanyp gelýänçäň olara ne ok, ne daş at, ne naýza, ne-de gylyç ur. Sen meniň ýanyma dolanyp gelýänçäň ne sowukdan, ne-de yssydan zyýan görersiň, ýesir hem edilmersiň, gynalmarsyň hem’.

Men gylyjymy we ýaýymy alyp, gitmäge taýýarlandym. Resulullah meniň üçin: ‘Allahym, ony öňünden we arkasyndan, sagyndan we çepinden, üstünden we astyndan gora’ diýip doga etdi.

Men müşriklere tarap ýöräp başladym. Edil hammamda ýöreýän ýalydym. Allaha kasam, içimde ne gorky, ne üşeme, ne-de titreme bardy. Ahyrsoňy müşrikleriň düşelgesine baryp ýetdim. Olaryň serkerdeleri we öňdebaryjylary bir ýykgynda ot ýakyp ýylynýardylar. Abu Sufýan: ‘Bu ýerden çekilip gitmeli’ diýýärdi. Derrew aklyma ony şol ýerde öldürmek geldi. Okdanymdan bir ok çykaryp, ýaýyma goýdum. Otuň ýagtysyndan peýdalanyp, ony urmak isledim. Edil atjak bolan pursatymda Resulullahyň: ‘Meniň ýanyma dolanyp gelýänçäň, hiç hili waka çykarmarsyň’ diýenini ýatladym we öldürmekden el çekdim. Şondan soň özümde güýçli bir batyrlyk tapdym. Müşrikleriň arasyna girip, otuň başynda oturdym. Görlüp-eşidilmedik derejedäki güýçli ýel we Allahu tagalanyň göze görünmeýän goşuny (perişdeler) olara etjegini edýärdi. Ýelden olaryň gap-gaçlary agdarylýardy, otlary we çyralary sönýärdi, çadyrlary başlaryna ýykylýardy. Bir gezek müşrik goşunynyň serkerdesi Abu Sufýan ýerinden turup: ‘Araňyzda gözegçiler we içalylar bolup biler. Seresap boluň! Her kim ýanyndakynyň kimdigine seretsin! Her kim ýanynda oturanyň elinden tutsun!’ diýdi. Abu Sufýan, edil olaryň arasyna ýat birisiniň girendigini duýan ýalydy. Men derrew ellerimi uzadyp, sagymda we çepimde oturan iki adamyň elinden tutdum-da, olar menden soramazdan öň, men olardan atlaryny soradym. Şeýdip, özümi tanatmadym. Ahyrsoňy Abu Sufýan goşunyna şeýle ýüzlendi: ’Eý kuraýşlylar! Siz durar ýaly ýerde däl. Atlar, düýeler gyrlyp başlady. Gytlyk her tarapy gaplady.

Ýeliň biziň başymyza getirenlerini görýärsiňiz. Derrew göçüp gidiň! Ine, men gidýärin!’ diýip, ol düýesine mündi. Müşrik goşuny perişan ýagdaýda ýygnanyp, Mekgä tarap ýola düşdi. Olaryň üstüne gum we çagyl ýagýardy.14 Müşrik goşuny çekilip gidensoň, men hem Resulullahyň ýanyna tarap ýöredim. Ýoluň ýarysyna gelenimde, garşyma ak selleli ýigrimi çemesi atly (perişdeler) çykdy. Olar maňa: ‘Resulullaha habar ber: Allahu tagala duşmany perişan etdi…’ diýdiler. Men Resulullahyň ýanyna dolanyp gelenimde, ol bir palasyň üstünde namaz okaýardy. Emma men gelen badyma, gitmezimden öňki üşemäm we titremäm ýene başlady. Namazdan soň Resulullah meniň nähili habar getirendigimi sorady. Men oňa müşrikleriň düşen perişan ýagdaýyny we çekilip gidendiklerini habar berdim. Resulullah bu habara örän şatlandy we ýylgyrdy. Biz günlerboýy ukusyzdyk. Pygamberimiz meni hem ýanyna alyp, üstündäki palasyň bir ujuny meniň üstüme ýapdy. Ol gijäni biz şeýdip daňa ýetirdik. Säher wagty Resulullah meni oýardy. Ertir bolanda, müşrik goşunyndan nam-nyşan hem galmandy”. Olar Mekgä ýakynlaşýançalar, yzlaryndan güýçli ýel öwüsdi we olar yzlaryndan hemişe tekbir seslerini eşidip gitdiler.

Kuraýşyň müşrikleri düşelgelerini taşlap gaçandan soň, olara eýerip gelen beýleki müşrik taýpalary hem Medinäniň töweregini taşlap gitdiler. Olar hiç haçan unudyp bilmejek örän uly ýeňlişiň gussasyna we gaýgysyna batdylar. Olar bu ýeňlişe sezewar bolanlarynda, Kainatyň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) we onuň şanly sahabalary (radyýallahu anhum) Allahu tagala üçin şükür seždesine ýykyldylar, Oňa hamd we şükür etdiler.

“Allahym! Maňa we sahabalaryma rehim edeniň üçin Saňa şükür edýärin” Hadysy şerif

Mujahytlar “Allahu ekber!.. Allahu ekber!..” sesleriniň arasynda nurly Medinä tarap ýola düşdüler. Medinäniň köçeleri bir pursatda Kainatyň Soltanyny we özleriniň mübärek kakalaryny, kakalarynyň doganlaryny, daýylaryny, agalaryny garşylamaga çykan çagalardan doldy. Pygamberimiz hem ýylgyryp, olara jogap berýärdi… Hendek söweşinde alty musulman şehit boldy… Bu söweş hakynda Allahu tagala aýaty kerimelerde manysyna görä şeýle diýýär: “Allahu tagala (Hendek söweşindäki) ol kapyrlary hiç bir haýra, ýeňşe ýetmedik hallarynda gaharlary bilen yzyna gaýtardy. Şeýlelikde Allahu tagala (perişdeler we ýel bilen) söweşde (üstünlik gazanmaklary üçin) möminlere ýeterlik boldy. Allahu tagalanyň her zada güýji ýeter. Ol – Azizdir, her zatdan üstündir”.15

“Eý iman getirenler! Allahu tagalanyň üstüňizdäki nygmatlaryny ýada salyň. Ýadyňyzdamy, size (Hendek söweşinde) goşunlar hüjüm edipdi, Biz hem olaryň üstüne bir ýel we siziň görmedik (perişdelerden ybarat) goşunlarymyzy iberipdik…”16

Bu söweşden soň söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Indi nobat sizde. Mundan beýläk Kuraýş siziň üstüňize gelip bilmez”.

Beni Kuraýza söweşi