Söýgüli Pygamberim

KIÇI BEDR ÝÖRIŞI

Bu ýörişe Bedrul-Mewgut we Bedrus-Sugra hem diýilýär. Abu Sufýan Uhuddan gaýdyp barýarka: “Geljek ýyl Bedrde ýene söweşeliň” diýende, hezreti Faruky agzam Omar (radyýallahu anhu) Habyby ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) yşaraty bilen: “Bolýar, şeýle bolsun” diýip jogap beripdi. Abu Sufýan goşun ýygnap, kuraýşlylary söweşe ündeýärdi. Emma ýüreginden muny islemeýärdi. Ýöne “sözünde durmady” diýmesinler diýip, halkyň öňüne düşüp ýörýärdi. Şol wagt Mekgä Nugaým ibn Mesgut Eşjagy gelipdi. Ol yslam goşunynyň söweşe taýýardygyny gürrüň berip, olaryň güýjüni we haýbatyny beýan etdi. Abu Sufýan oňa şeýle diýdi: “Eger Medinä baryp, Muhammedi we onuň sahabalaryny söweşe çykmakdan dändirseň, saňa üç ýaşly ýigrimi düýe bererin. Bu wadama Suheýl ibn Amr kepil bolsun”. Nugaým razy boldy. Medinä gelip, kapyrlaryň goşunynyň gaty köpdügini habar berdi. Sahabalaryň bir bölegi ikirjiňlenip galdy. Emma Abu Bekir bilen Omar (radyýallahu anhuma) Pygamberimiziň huzuryna baryp, Medineden çykmagy teklip etdiler. Resulullah muňa örän şatlandy. Ol şeýle diýdi: “Janym gudrat elinde bolan Allaha kasam edýärin, men hökman söweşe çykaryn”. Ol Abdylla ibn Rewahany Medinede öz ýerine orunbasar goýdy, baýdagy bolsa hezreti Ala berdi.

Şol wagt Mekgäniň müşrikleri yslamyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin Abu Sufýanyň serkerdeliginde iki müň esger bilen Bedre tarap ýola düşdüler. Älemleriň Serweri müň bäş ýüz gahryman sahabasy bilen Bedre olardan öň geldi. Mujahytlaryň özlerinden öň Bedre gelendigini eşiden müşrikleriň ýüregine gorky düşdi. Olar diňe Merruz-Zahrana çenli öňe gidip bildiler. Gahryman yslam goşuny bilen ýüzbe-ýüz bolmaga het edip bilmediler. Ýüreklerine gorky düşüp, şol ýylky gytlygy hem bahana edip, Mekgä yzlaryna dolandylar. Mekge halky olaryň üstünden gülüp, olary masgara etdi.

Musulmanlaryň bary-ýogy iki aty bardy. Emma söwda harytlary köpdi. Olar bu harytlary Bedrde gaty gymmat bahadan satdylar. Zülkagda aýynyň ortasydy. Olar köp gazanç etdiler. Resuly ekrem şanly sahabalary bilen müşriklere Bedrde sekiz gün garaşdy. Soňra şatlyk we izzet bilen Medinä tarap ýola düşdüler.

Zatur-Rika ýörişi

Bu ýöriş Muharrem aýynda boldy. Medinä goýun satmaga gelen bir adam musulmanlara Beni Enmar bilen Beni Selemäniň olara garşy goşun ýygnaýandygyny habar berdi. Bu habar Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) gelip ýetdi. Pygamberimiz hezreti Osmany Medinede orunbasar goýdy we musulmanlar dört ýüz, bir rowaýata görä bolsa ýedi ýüz kişilik güýç bilen şol aýyň onunjy güni, ýekşenbe gijesi Medineden çykdylar. Müşrikleriň ýaşaýan ýerine baryp ýetdiler. Emma ol ýerde aýallardan başga hiç kimi tapmadylar. Müşrikleriň erkekleri daglara gaçypdy. Müşrikler bukudan çozmasyn diýip, ol ýerler talandy, töwerekdäki müşrik taýpalary bolsa gorkuzylyp, ýuwaşadyldy.1 On bäş gün ýörişde bolandan soň, Medinä dolandylar.

“Janym gudrat elinde bolan Allaha kasam edýärin, men hökman söweşe çykaryn” Hadysy şerif

Müreýsi söweşi

Dumatul-Jendel ýörişi

Resulullah Dumatul-Jendelde ýaşaýan, Damaska gidip-gelýän ýolagçylary biynjalyk edýän we Medineýi münewwerä howp salýan taýpalaryň üstüne müň kişilik goşun bilen ýörişe çykdy. Rebiulewwel aýynyň ahyrlarydy, duşenbe günüdi. Ol Siba ibn Urtufany Medinede orunbasar goýdy. Yslam goşunynyň gelýändigini eşiden duşman taýpalary gaçdylar. Ol ýerde birnäçe gün galandan soň, Rebiulahyr aýynyň ýigriminji gününe golaý Medinä dolanyldy.2

Müreýsi söweşi

Bu söweşe Beni Mustalyk söweşi hem diýilýär. Müreýsi – Huzaga taýpasynyň Kudeýddäki suw guýularynyň we şol guýulary goramak üçin gurlan berkitmäniň adydyr. Bu ýer şol bir wagtyň özünde Beni Huzaga taýpasynyň öňdäki garawulhanasydy.

Hijretiň bäşinji ýylynda Mustalyk ogullarynyň baştutany Harys ibn Abu Dyrar Pygamberimiz bilen söweşmek üçin köp adam ýygnapdy. Ol olary ýaraglandyryp, Medinäniň üstüne ýöriş etmekçidi. Bu habar söýgüli Pygamberimize ýetende, derrew ýedi ýüz kişilik bir topar bilen Mustalyk ogullaryna garşy ýörişe çykyldy. Müreýsi guýusynyň başynda düşelge guruldy. Ilki bilen Mustalyk ogullary yslama çagyryldy. Olar kabul etmän, ok atyp, söweşi başladylar. Resulullahyň: “Hemmäňiz bilelikde duýdansyz hüjüm ediň!” diýen buýrugyny ýerine ýetiren hormatly sahabalar Mustalyk ogullaryndan on adamy öldürdiler. Taýpanyň baştutany gaçyp, janyny gutardy, emma onuň gyzy Berre we taýpasyndan 600 adam ýesir düşdi. Oljalar paýlandy. Berre Pygamberimiziň huzuryna gelip: “Men paýyna düşdügim eýäm bilen dokuz altyn töläp azat bolmak barada ylalaşdym. Maňa kömek ediň!” diýdi. Pygamberimiz rehim edip, onuň bu islegini ýerine ýetirdi we ony satyn aldy. Soňra ony azat edip, erkinlige çykardy. Söýgüli Pygamberimiz oňa yslamy düşündirensoň, ol musulman boldy. Onuň musulman bolmagyna örän şatlanan Älemleriň Serweri sylag hökmünde ony öz nikasyna alyp, şerefe eýe etdi. Muny gören hormatly sahabalaryň hemmesi: “Resulullahyň maşgalasy bolan enemiziň garyndaşlaryny hyzmatkär edip saklamakdan biz haýa edýäris” diýdiler we öz ýesirlerini azat etdiler. Bu nika ýüzlerçe ýesiriň azat bolmagyna sebäp boldy.

Söýgüli Pygamberimiz mübärek aýalynyň Berre diýen adyny Juweýriýe diýip üýtgetdi. Hezreti Juweýriýe enemiz hakynda hezreti Aişe enemiz: “Men Juweýriýeden has haýyrly, has bereketli aýal görmedim” diýerdi.3

Yslam goşuny ýeňiş bilen nurly Medinä dolanyp barýarka, töwerekdäki müşrik taýpalarynyň ýüregine gorky düşdi, olar musulmanlara hüjüm etmäge het etmegiň nähili howpludygyna düşündiler.

Hijretiň bäşinji ýylynda bolan käbir wakalar

Mustalyk söweşinden gaýdyp gelýärkäler güýçli ýel öwüsdi. Sahabalar duşman Medinä gelip, ony talamak isleýändir öýtdüler. Resulullah şeýle diýdi: “Gorkmaň. Medine howpsuz ýerdir, onuň her burçunda goragçy perişdeler bardyr. Emma bu gün bir münapyk öldi. Ol Ubeý Seluluň dosty Zeýd ibn Furagady”.

“Men Juweýriýeden has haýyrly, has bereketli aýal görmedim” Hezreti Aişe (radyýallahu anha)

Bu ýörişe möminleriň eneleri hezreti Aişe we Ummu Seleme hem bile gidipdiler. Münapyklar hezreti Aişe enemize töhmet atdylar. Käbir musulmanlar hem bu töhmete aldandylar. Aýaty kerimeler inip, münapyklaryň töhmetleri paş edildi, hezreti Aişe bolsa öwüldi.4 Resulullah şeýle diýdi: “Eý Aişe, saňa buşluk bolsun! Hak tagala seni aklady. Seniň päkligiňe şaýatlyk etdi”. Pygamber aleýhisselam sahabalary metjide ýygnady. Hutba okap, inen beýik aýatlary okady. Bu aýaty kerimeleriň bereketi bilen möminleriň ýüreklerindäki şübheler aýryldy. Bu töhmete het edenler hem jezalaryny aldylar. Bu söweşden gaýdyp gelýärkäler teýemmüm aýaty indi.5

Aişäniň (radyýallahu anha) boýun monjugy Medinä ýakyn Salsala diýen ýerde ýene bir gezek ýitdi. Monjuk tapylýança, olar şol ýerde garaşdylar. Ol ýerde suw ýokdy, sahabalaryň ýanynda-da suw ýokdy. Resulullah aleýhisselam Aişe Syddykanyň dyzynda ýatyrdy. Hormatly sahabalar suwuň ýokdugyny hezreti Abu Bekire aýtdylar. Ol hem Resulullahyň ýanyna bardy, Resulullah aleýhisselam oýandy. Allahu tagala teýemmüm aýatyny iberdi. Sahabalar teýemmüm edip, ertir namazyny okadylar. Soňra Aişäni (radyýallahu anha) düýä mündürdiler. Düýe ýerinden turanda, monjuk tapyldy.

Sen bu gün älemiň nury, hem Hudaýyň söýgülisi,
Aşyklaryňy gapyňdan aýyrma bir pursat hem.
Mübärek adyň dilimden gitmesin hiç bir demde,
Ol – dertli göwnüme derman, jan tapar ondan safa.
Umyt edýän: her bir adyň aýry şepagat eýlär –
Ahmet, Mahmyt, Abul-Kasym, Muhammet Mustafa.
Çünki oňa “Weş-Şems” diýildi, hem “Wed-Duha”,
Ýüzüni, maňlaýyny Güne, Aýa meňzetsem, näme geň?
Kanûnî Sultân Süleymân (Muhibbî)