Söýgüli Pygamberim

BENI NADYR ÝÖRIŞI

Amr ibn Umeýýe (radyýallahu anhu) Magunede ýesirlikde wagty daňysyndan boşanyp, Medinä dolanyp barýarka, ýolda Beni Amyrdan iki müşrige duşdy. Ol bu iki kapyry öldürdi. Bu ikisi Resulullahyň amanyna giripdiler, emma Amryň mundan habary ýokdy. Ol Medinä gelip, ýagdaýy Resulullaha gürrüň berdi. Pygamberimiz Amryň ýalňyşandygyny aýtdy we olaryň mirasdüşerlerine gan bahasyny (diýet) tölemegi buýurdy.

Beni Amyr bilen Beni Nadyr taýpalarynyň arasynda dostluk bardy. Beni Nadyr goňşuçylyk hakyny hem berjaý ederdi. Şonuň üçin bu gan bahasyny tölemekde Beni Nadyr taýpasynyň araçylygy gerek boldy.

Uhud söweşinden soň, hijretiň dördünji ýylynyň Rebiulewwel aýynda Resulullah hormatly sahabalardan hezreti Abu Bekiri, Omary, Alyny, Zubeýri, Talhany, Sagt ibn Muazy we Useýt ibn Hudaýry (radyýallahu anhum) alyp, Beni Nadyryň ýanyna bardy. Olar işiň näme hakdadygyny bildirdiler. Olar hem ol iki kapyryň gan bahasyna kömek etmäge taýýardyklaryny aýdyp: “Biraz garaşyň, nahar taýýarlalyň” diýdiler. Resul aleýhisselam şol wagt olaryň düşen öýüniň diwaryna arkasyny diräp otyrdy, sahabalar hem ýygnanyşyp, onuň töwereginde otyrdylar. Şol wagt Huýeý ibn Ahtap şeýle diýdi: “Eý ýahudylar! Muhammedi beýle ýeke halda tapmak pursaty asla ele düşmez. Biriňiz bu öýüň üçegine çyksyn-da, ol ýerden onuň başyna daş taşlasyn, ondan dynalyň”. Amr ibn Jehhaş: “Men bu işi ederin” diýdi. Sellam ibn Mişkem olary mundan näçe saklajak bolsa-da, peýdasy bolmady. Ol: “Bu işden el çekiň. Oňa muny habar bererler. Bu iş ähtimiziň bozulmagyna sebäp bolar. Mundan örän ýaman zatlar çykyp biler” diýdi. Beni Nadyr ýahudylary ony diňlemediler. Şol pursat Jebraýyl aleýhisselam gelip, bu ýagdaýy Resulullaha habar berdi. Pygamberimiz sahabalara hiç zat diýmän, bir iş bilen gidýän ýaly, ol mejlisden turup, Medinä gitdi. Şeýdip, olaryň kast etmek niýeti netijesiz galdy.

Şondan soň Älemleriň Serweri ähtnamany bozan bu ýahudy taýpasyna Muhammet ibn Meslemäni iberdi we şeýle diýdi: “Nadyr ogullary ýahudylarynyň ýanyna bar! Olara aýt: ‘Resulullah meni size şu buýrugy bildirmek üçin iberdi: ýurdumdan çykyp gidiň! Bu ýerde meniň bilen bile ýaşamaň! Siz maňa kast etmegiň meýilnamasyny düzdüňiz. Men size on gün möhlet berýärin. Bu möhletden soň bu ýerlerde siziň araňyzdan kim görünse, onuň boýny urlar’”.

Hezreti Muhammet ibn Mesleme bu buýrugy ýetirende, olar gorkularyndan ýola taýýarlanyp başladylar. Emma münapyklaryň başlygy Abdylla ibn Ubeý olara: “Galaňyzdan asla çykmaň. Mallaryňyzy we ýurduňyzy taşlap gitmäň. Adamlarymdan iki müň kişi bilen size kömege gelýäris” diýip, habar iberdi.

Muny eşiden Kainatyň Soltany hormatly sahabalary bilen Mesjidi Nebewiden dört kilometr uzaklykdaky Nadyr ogullarynyň galasyna tarap ýöneldi. Medinede hezreti Ibn Ummu Mektum orunbasar edilip galdyryldy. Baýdagy hezreti Aly göterýärdi. Gala gabaldy, gabaw başlandy. Mundan öň hormatly sahabalary söweşe çagyryp duran ýahudylar galadan çykmaga het edip bilmediler. Münapyklaryň kömegi hem gelmedi.

Hormatly sahabalar galany gözegçilik astyna alyp, guş hem uçurmadylar. Ýigrimi günden köp dowam eden gabawyň ahyrynda ýahudylar boýun egdiler. Ähli ýaraglaryny, altynlaryny we kümüşlerini musulmanlara galdyryp, olaryň bir bölegi Şama (Siriýa), bir bölegi Haýbere sürgün edildi. Şeýdip, Medine sebitinde ýahudylardan diňe Kuraýza ogullary galdy.1

“Ýahudylar meni öldürmegi meýilleşdirdiler! Jebraýyl maňa muny habar berende, turdum!” Hadysy şerif

Hijretiň dördünji ýylynda bolan möhüm wakalar

Bu ýyl serhoş ediji içgini haram eden aýaty kerime indi.2 Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek aýallaryndan hezreti Zeýnep binti Huzeýme hijretiň dördünji ýylynyň Rebiulahyr aýynda, nikalaşandan takmynan sekiz aý soň, otuz ýaşynda wepat boldy.3 Ýene bu ýyl hezreti Aly bilen hezreti Fatmanyň ikinji çagasy hezreti Hüseýin dünýä indi.4 Uhud söweşinde ýaralanyp, soňra wepat bolan hezreti Ummu Selemäniň äri birnäçe çaga galdyrypdy. Ummu Seleme enemiz ýaşy ötüp, kyn ýagdaýda galypdy. Söýgüli Pygamberimiz oňa örän rehimi inip, nikasyna almak bilen ony şereflendirdi.5

Fatma binti Esediň wepaty

Hezreti Alynyň ejesi Fatma binti Eset hem bu ýyl wepat boldy.6 Muňa söýgüli Pygamberimiz örän gynanyp: “Bu gün ejem wepat boldy!” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz atasy Abdylmuttalyp wepat bolandan soň, onuň ýanynda ulalypdy. Ol pygamberligini bildirende bolsa, Fatma derrew musulman bolmak şerefine ýetipdi. Şonuň üçin Kainatyň Soltany ony ene ýerinde görerdi, oňa uly hormat goýardy. Oňa bolan merhemetinden ol üstündäki mübärek köýnegini çykaryp, ony şol köýnege kepen edip dolamagy buýurdy. Jynaza namazyny okadandan soň, namazda ýetmiş müň perişdäniň hazyr bolandygyny habar berdi. Ol gabra çenli baryp, onuň içine düşdi. Gabyr durmuşy oňa rahat we hoş bolsun diýip, gabryň burçlaryna tarap giňeldýän ýaly yşarat edenden soň, gabra uzyn düşüp ýatdy.

Gabyrdan çykanda, onuň mübärek gözleri ýaşdan dolupdy, mübärek gözýaşlary gabra damypdy. Ýa Rebbim! Bu nähili merhemetdi?… We bu nähili bagtly aýaldy?… Hatda hezreti Omar hem çydap bilmedi we: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Hiç kime etmediňizi bu aýala etdiňiz!” diýende, wepalylaryň iň wepalysy bolan söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Abu Talypdan soň bu garyp aýal ýaly maňa ýagşylygy degen hiç kim bolmady. Ol meniň ejemdi. Öz çagalary aç durka, ol ilki bilen meniň garnymy doýurardy. Öz çagalarynyň üst-başy tozanly-topraklydygyna garamazdan, ol ilki bilen meniň saçymy darardy we gül ýagy bilen ýaglardy. Ol meniň ejemdi! Oňa jennet lybaslaryndan geýdirilsin diýip, köýnegimi kepen edip geýdirdim. Gabyr durmuşy oňa ýumşak we ýeňil bolsun diýip, gabyrda onuň ýanynda ýatdym. Jebraýyl maňa Allahu tagalanyň tarapyndan: ‘Bu aýal jennetlikdir’ diýen habary getirdi”. Mundan soň ol Fatma binti Eset enemiz üçin şeýle doga etdi: “Allahu tagala seni bagyşlasyn, günäleriňi ötsün, saňa sylag bersin. Eý ejem! Allahu tagala saňa rahmet etsin. Özüň aç bolsaň-da, meni doýurdyň. Özüň geýmän, maňa geýdirerdiň, özüň iýmän, maňa iýdirerdiň. Direldýän hem, öldürýän hem Allahu tagaladyr. Ol hemişe diridir. Ol ölmez. Allahym! Ejem Fatma binti Esedi bagyşla, günäsinden geç! Oňa hüjjetini bildir. Gabryny giňelt. Eý rehimlileriň iň rehimlisi bolan Allahym! Seniň Pygamberiň, ýagny meniň hakym üçin we geçen pygamberleriň haky üçin, bu dogamy kabul et”.

Hijretiň dördünji ýylynda bolan beýleki möhüm wakalar

Hezreti Osmanyň hezreti Rukaýýadan bolan alty ýaşly ogly Abdylla wepat boldy. Älemleriň Serweri agtygynyň jynaza namazyny okatdy we ony özi gabra goýdy. Ol örän gynandy, mübärek gözýaşlary gabra damdy. Gabyr daşyny mübärek elleri bilen dikdi we: “Allahu tagala gullarynyň arasyndan rehimli we ýumşak ýüreklilere rahmet eder” diýdi.7

Sen resullaryň soltany, şanly şasyň, serwerim.
Sen biçärelere ebedi döwletsiň, serwerim.
Ylahy diwanda iň öňdäkisiň, serwerim.
“Le-gamruk” permany bilen goldalansyň, serwerim.
Sen Ahmet hem, Mahmyt hem, Muhammetsiň, serwerim,
Hakdan bize goldalan soltansyň, serwerim.
Päk ruhlara ýalkym beriji – seniň göwheriňdir.
Perişdeleriň ýüz süren ýeri – gapyňyň topragydyr.
Tejelli didarynyň aýnasy – seniň nazaryňdyr,
Abu Bekir, Omar, Osman we Aly – seniň ýaranlaryňdyr.
Sen Ahmet hem, Mahmyt hem, Muhammetsiň, serwerim,
Hakdan bize goldalan soltansyň, serwerim.
Bakylyk ülkesiniň münberinde seniň hutbaň okalýar.
Jeza gününiň mähkemesinde seniň hökmüň ýöreýär.
Gelşiňi öwýän gülbaňk Allahyň Arşynda ýaňlanýar.
Şerepli atlaryň ýerde we asmanda ýatlanýar.
Sen Ahmet hem, Mahmyt hem, Muhammetsiň, serwerim,
Hakdan bize goldalan soltansyň, serwerim.
Şeyh Galib

“Abu Talypdan soň bu garyp aýal (Fatma binti Eset) ýaly maňa ýagşylygy degen hiç kim bolmady. Ol meniň ejemdi” Hadysy şerif

Kiçi Bedr ýörişi