Söýgüli Pygamberim

BIR-MAGUNE WAKASY

Şol ýylyň Sapar aýynda Arabystanyň Nejd sebitindäki Amyr ogullarynyň baştutany Abu Bera Amyr ibn Malik Medinä geldi. Ol Resuly ekremi (sallallahu aleýhi we sellem) zyýarat etdi. Pygamberimiz oňa yslamy düşündirip, musulman bolmagy maslahat berdi. Abu Bera musulman bolmady, emma yslamyň gözel we şerefli dindigini aýtdy. Mundan başga-da, Nejdde yslamyň ýaýramagy üçin hormatly sahabalardan birnäçe adamy şol ýere ibermegi haýyş etdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Iberjek adamlarym babatda Nejd halkyna ynanmaýaryn!” diýdi. Amyr: “Olary men öz howandarlygyma alaryn. Şonda olara hiç kim zyýan ýetirip bilmez” diýdi.

Älemleriň Serweri bu berk borçnamany kabul etdi we Ashaby Suffadan ýetmiş kişilik bir wekiliýet taýýarlady. Olar gijelerine Kurany Kerim okardylar. Hemmesi Kuranyň hafyzlarydy. Olara Ashabul-kurra diýilýärdi. Olaryň käbiriniň atlary şulardyr: Amyr ibn Fehr, Amr ibn Zamri, Atyýýe ibn Abdylla, Enes ibn Muawiýa, Hakem ibn Keýsan, Harys ibn Simme, Kagb ibn Zeýd, Malik ibn Sabit, Munzir ibn Amr, Rafyg ibn Mezil, Sagyt ibn Huzam, Selim ibn Milhan, Suheýl ibn Amyr, Tufeýl ibn Esgat, Urwa ibn Salt (radyýallahu tagala anhum). Resulullahyň emri bilen olar hezreti Munzir ibn Amryň serkerdeliginde ýola çykdylar. Resulullah hatlar hem ýazdyryp, olary Beni Amr we Beni Nejd baştutanlaryna iberdi.

Öz taýpasynyň yslam bilen şereflenmegini isleýän Abu Bera Ashaby Suffadan öň ýola çykyp, taýpasyna geldi we wekiliýeti öz howandarlygyna alandygyny aýdyp, olara hiç kimiň degmezligini berk tabşyrdy. Doganynyň ogly Amyr ibn Tufeýlden başga her kim olara degmezlige razy boldy. Amyr ibn Tufeýl bolsa üç taýpanyň adamlaryny ýaraglandyryp, olaryň başyna geçdi we Bir-Magunä gelen hormatly sahabalary gabady. Dört tarapdan gabalan sahabalar gylyçlaryna ýapyşdylar we hemmesi ganlarynyň soňky damjasyna çenli gahrymanlarça söweşdiler. Olaryň ikisinden başga hemmesi şehitlik şerbetini içdi. Hezreti Amr ibn Umeýýäni ýesir aldylar. Hezreti Kagb ibn Zeýdi bolsa öli öýdüp taşlap gitdiler.

Şehit bolan bu mübärek sahabalaryň soňky sözleri şeýle boldy: “Ýa Rebbim! Häzir Resulullaha ýagdaýymyzy habar berjek Senden başga hiç kim ýok. Oňa biziň salamymyzy ýetir!” Şol pursat Jebraýyl aleýhisselam örän gamgyn halda Pygamberimiziň ýanyna gelip, olaryň salamyny ýetirdi we: “Olar Allahu tagala gowuşdylar. Allahu tagala olardan razy boldy, olar hem Allahu tagaladan razy boldular” diýdi.

Pygamberimiz: “We aleýhisselam” diýip jogap berenden soň, gaty gynanyp, hormatly sahabalara öwrüldi we olara bolan wakany habar berdi: “Doganlaryňyz müşrikler bilen gabatlaşdylar. Müşrikler olary kesip-dograp, naýzalar bilen deşik-deşik edip öldürdiler…”

“Olar (Bir-Magune şehitleri) Allahu tagala gowuşdylar. Allahu tagala olardan razy boldy, olar hem Allahu tagaladan razy boldular” Hadysy şerif

Bir-Magune wakasy

Seniň ruhuň – Allahyň nurunyň bir nokady, ýa Resulallah,
jemalyň ruhy galkyndyrýar, köňülleri açýar, ýa Resulallah.
Rahmet alamatlaryny göteren zatyňyň dogmagy
küfrüň garaňkylygyny dagytdy – muny her mömin bilýär, ýa Resulallah.
Resullyk gülüstanynda sen – bir gül nahaly,
emma Allahyň ösdüren iň soňky nahaly – sen, ýa Resulallah.
Sahawat eýle, eý serwerim, Mewlanyň şerefli delili!
Nejibiň derdine seniň feýziň – derman, ýa Resulallah.
Sultan III. Ahmed (Necîb)

Bu wakada duşman bilen söweşilýän wagty, hezreti Amyr ibn Fuheýräniň arkasyna Jebbar atly biri naýzasyny sançdy. Şol pursat hezreti Amyr: “Allaha kasam, jenneti gazandym!” diýdi. Soňra ol Jebbaryň we beýleki müşrikleriň gözleriniň öňünde asmana tarap göterildi. Muňa her kim haýran galdy, emma olaryň arasyndan diňe ony şehit eden Jebbar musulman boldy.

Pygamberimiz Rejig we Bir-Magune wakalaryna örän gynandy. Bu elhenç işi eden taýpalaryň başyna bela inmegi üçin, ol bir aýlap her namazdan soň doga etdi. Allahu tagala Resulynyň dogasyny kabul etdi. Ol taýpalara aýylganç gurakçylyk we açlyk iberdi. Soňra olara ýokanç kesel düşüp, ýedi ýüz adam öldi.1

Sen älemlere tebip, men – ýüregi örän syrkaw,
şypa tapmak umydy bilen ony saňa getirdim.
Arkamda – günä dagy, ýüzüm saman dek saralan,
emma umydym uly: günälerim ýok bolsun diýip bu ýere getirdim.
Eý Älemleriň Serweri! Saňa aşyk, haýranym;
seniň aýralygyňdan gije-gündiz aglaýaryn.
Seniň beýik rahmetiň – abyhaýat, men bolsa suwsuz;
bir damjasy bolmasa, ölerin, jan bererin.
Ony hulky bilen öwmek – boşuna jan çekmekdir,
ony söz bilen beýan etmek mundan-da kyn gelýär.
Ol bagyşlaýjy, kerim we şeýle sahydyr: suwdan dür,
daşdan göwher, tikenden gül gelýär.
Gün nur saçýan bolsa, onuň nurlaryndandyr,
güldäki der damjasy onuň gül ýüzünden gelýär.
Ony wasp etmek mundan-da ýokarydyr, emma
has ýokary aýtsam, agýarlar inkär edýär.
Älemi bir zerrä sygdyrmak mümkin bolar,
ony söz bilen beýan etmek mundan-da kyn gelýär.
Mewlana Halyt Bagdady

“Allaha kasam, jenneti gazandym!” Amyr ibn Fuheýre (radyýallahu anhu)

Beni Nadyr ýörişi