REJIG WAKASY
Uhud söweşiniň iň ökde okçularyndan hezreti Asym ibn Sabit bu söweşde müşriklerden Musafi ibn Talhany we onuň dogany Harysy öldüripdi. Kinçilligi bilen meşhur bolan olaryň ejesi Sulafe binti Sagt iki ogluny öldüren Asym ibn Sabitiň kellesini getirene ýüz düýe berjekdigine söz berdi. Ol hezreti Asymyň kelle çanagyndan şerap içmäge kasam etdi. Mundan başga-da, Resulullahyň iberen bir seriýýesinde Abdylla ibn Uneýsiň Lihýan ogullaryndan Halyt ibn Sufýany öldürendigi sebäpli, Lihýan ogullary Adal we Kare taýpalary bilen ylalaşdylar. Mekgäniň töwereginde ýaşaýan bu iki taýpa bir meýilnama düzüp, ilçiler taýýarladylar. Olara: “Musulman bolandygyňyzy aýdarsyňyz. ‘Biz zekat bereris, ony almak we bize yslamy öwretmek üçin mugallymlar soraýarys’ diýersiňiz. Gelenleriň bir bölegini öldürip, arymyzy alarys. Bir bölegini bolsa Mekgä äkidip, kuraýşlylara satarys” diýdiler.
Hijretiň dördünji ýylynyň Sapar aýynda bu iki taýpadan alty ýa-da ýedi kişilik bir wekiliýet Pygamberimiziň ýanyna gelip: “Biz musulman bolduk, bize Kurany Kerimi we dini öwreder ýaly mugallymlar iber” diýdiler.
Bu wagt söýgüli Pygamberimiz mekgeli müşrikleriň söweşe taýýarlanýandygyny-taýýarlanmaýandygyny barlamak üçin on adamdan ybarat bir seriýýe taýýarlapdy. Adal we Kare taýpalaryndan hem şeýle bir wekiliýetiň gelip mugallym soramagy sebäpli, ol ýagdaýy barlamak, öwrenip habar bermek üçin bu on kişilik gözleg toparyny gelenler bilen bile iberdi.
Bu seriýýede hormatly sahabalardan Mersed ibn Abu Mersed, Halyt ibn Abu Bukeýr, Asym ibn Sabit, Hubeýp ibn Adiý, Zeýd ibn Desinne, Abdylla ibn Taryk, Mugattip (Mugir) ibn Ubeýt we atlary belli bolmadyk ýene üç sahaba (radyýallahu anhum) bardy.
Bu gözleg topary gündizine gizlenip, gijesine ýol ýöräp, bir gün daň atmazdan öň Rejig suwunyň başyna gelip ýetdi. Ol ýerde biraz dynç alyp, ajwe diýilýän gowy hilli Medine hurmasyndan iýdiler. Soňra ol ýerden aýrylyp, ýakynlaryndaky bir daga çykyp gizlendiler.
Huzeýl taýpasyndan goýun bakýan bir aýal hem Rejig suwunyň başyna gelipdi. Hurma çigitlerini görüp, ol bu ýerde Medine hurmasynyň iýlendigine düşündi. “Bu ýere Medineden gelenler bolupdyr!” diýip gygyryp, taýpasyna habar berdi.
Bu wagt hormatly sahabalaryň bu on kişilik seriýýesiniň ýanynda bolan Adal we Kare taýpalarynyň wekiliýetinden biri bir bahana bilen olaryň ýanyndan aýryldy. Ol derrew Lihýan ogullarynyň ýanyna baryp, habar berdi.
Bu habary alan Lihýan ogullary herekete geçdiler. Bu kiçijik seriýýäniň üstüne ýüzüsi okçy bolan iki ýüz kişilik güýç iberdiler. Bu müşrik sürüsi hezreti Asym ibn Sabiti we onuň ýoldaşlaryny dagyň depesinde tapyp, gabady. Şu arada on sahabanyň ýagdaýyny müşriklere habar beren adam hem olara goşuldy. Hormatly sahabalar şol pursat aldanandyklaryna düşündiler we söweşmek kararyna gelip, gylyçlaryny sogurdylar. Muny aňan müşrikler olary aldajak bolup: “Eger ýanymyza düşseňiz, hiç biriňizi öldürmeris. Berk söz berýäris. Allaha kasam, biz sizi öldürmek islemeýäris. Emma siziň üçin mekgelilerden fidýe (töleg) almak isleýäris” diýdiler.
“Ýaralanandan soň hem Allahu tagalanyň we Onuň Pygamberiniň çagyryşyna howlukanlar üçin, aýratyn hem olardan ýagşylyk edip, ýamanlykdan saklananlar üçin örän uly sylag bardyr” Äli-Ymran: 172
Rejig wakasy
Asym ibn Sabit, Mersed ibn Abu Mersed we Halyt ibn Abu Bukeýr (radyýallahu anhum): “Biz müşrikleriň sözlerini we ähtlerini hiç haçan kabul etmeris” diýip, olaryň ähli tekliplerini ret etdiler. Hezreti Asym ibn Sabit: “Men müşrikleriň howandarlygyny hiç haçan kabul etmezlige kasam etdim. Allaha kasam, olaryň howandarlygyna we sözlerine aldanyp, aşak düşüp boýun egmerin” diýdi. Ol ellerini galdyryp: “Allahym! Pygamberiňe biziň ýagdaýymyzdan habar ber” diýip doga etdi. Allahu tagala hezreti Asymyň dogasyny kabul etdi we Resulullaha olar hakynda habar berdi.
Hezreti Asym müşriklere: “Biz ölmekden gorkmaýarys. Çünki biz dinimizde basyratlydyrys (ölsek, şehit bolup jennete gideris)” diýdi. Müşrikleriň baştutany: “Eý Asym! Özüňi-de, ýoldaşlaryňy-da heläk etme, boýun bol!” diýende, Asym ibn Sabit ok bilen jogap berdi. Ok atanda ol şu setirleri okaýardy:
Men güýçli, hiç bir kemim ýok.
Ýaýymyň ýogyn kirişi çekilgi.
Ölüm hak, durmuş boş we geçijidir.
Kader edilenleriň hemmesi başa geljekdir.
Ynsanlar ir-u-giç Allaha dolanjakdyr.
Eger men siz bilen söweşmesem,
ejem (gamdan) akylyny ýitirer.
Asymyň okdanynda ýedi ok bardy. Atan her oky bilen ol bir müşrigi öldürdi. Oklary gutaranda, köpüsini naýzasy bilen deşik-deşik etdi. Emma onuň naýzasy hem döwüldi. Derrew ol gylyjyny sogrup, gynyny döwüp zyňdy. (Bu “ölýänçäm söweşerin, boýun egmerin” diýmegi aňladýardy.) Soňra şeýle doga etdi: “Allahym! Men şu güne çenli Seniň diniňi goradym. Şu günüň ahyrynda meniň bedenimi goramagyňy, aman saklamagyňy Senden dileýärin”. Hezreti Asym ibn Sabitiň we beýleki sahabalaryň “Allahu ekber!” sesleri daglary ýaňlandyrýardy. Iki ýüz adama garşy on mujahyt janlaryny aýaman söweşýärdi, olaryň ýanyna ýakynlaşanlar edenleriniň jezasyny görýärdiler. Ahyrynda Asym (radyýallahu anhu) iki aýagyndan ýaralanyp, ýere ýykyldy. Kapyrlar ondan örän gorkandyklary üçin, ol ýykylandan soň hem onuň ýanyna ýakyn baryp bilmediler we uzakdan ok atyp, ony şehit etdiler. Şol gün ol ýerde bolan on sahabanyň ýedisi şehit boldy, üçüsi ýesir alyndy.
Lihýan ogullary Sulafe binti Sagda satmak üçin Asym ibn Sabitiň mübärek kellesini kesip almak islediler. Emma Allahu tagala hezreti Asym ibn Sabitiň dogasyny kabul edendigi üçin, ol ýere bir topar ary iberdi. Olar bulut ýaly Asym ibn Sabitiň üstünde durdular. Müşrikler onuň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Ahyrynda olar: “Goýberiň, agşam düşende arylar dargar, biz hem kellesini kesip alyp gideris” diýdiler.
Agşam Allahu tagala güýçli ýagyş ýagdyrdy. Jülgelerden siller akdy we hezreti Asym ibn Sabitiň mübärek jesedini näbelli bir ýere alyp gitdi. Müşrikler näçe gözleseler hem, tapyp bilmediler. Şonuň üçin olar hezreti Asym ibn Sabitiň hiç bir ýerini kesip bilmediler.
“Allahym! Men şu güne çenli Seniň diniňi goradym. Şu günüň ahyrynda meniň bedenimi goramagyňy, aman saklamagyňy Senden dileýärin” Asym ibn Sabit (radyýallahu anhu)
Arylaryň hezreti Asymy goramagy ýatlananda, hezreti Omar şeýle diýdi: “Allahu tagala elbetde mömin guluny gorar. Asym ibn Sabit diri wagty müşriklerden nähili goranan bolsa, Allahu tagala hem ol ölenden soň onuň jesedini gorady we müşriklere degdirmedi”. Şonuň üçin Asym ibn Sabit ýatlananda, ony “arylaryň goran adamy” diýip atlandyrýardylar.1
Ýesir alnan üç sahaba Hubeýp ibn Adiý, Zeýd ibn Desinne we Abdylla ibn Taryk (radyýallahu anhum) bolupdy. Lihýan ogullary üçüsini hem ýaý kirişleri bilen daňdylar. Olaryň arasyndan Abdylla ibn Taryk mekgeli müşrikleriň ýanyna äkidilmäge razy bolmady. Gitmezlik üçin garşylyk görkezdi. “Şehit edilen ýoldaşlarym jennet bilen şereflendiler!” diýip gygyrdy. Ol elindäki daňylary üzdi, emma Lihýan ogullary daşa tutup, ony hem şehit etdiler. Hezreti Hubeýp ibn Adiý bilen Zeýd ibn Desinne: “Belki, Resulullahyň beren gözleg wezipesini ýerine ýetirmäge mümkinçilik taparys” diýen pikir bilen sabyr etdiler.
Lihýan ogullary ikisini hem Mekgä äkitdiler. Bedr we Uhud söweşlerinde ýakynlary öldürilen müşrikler kin we ar almak hyrsy bilen ýanýardylar we pursat gözleýärdiler. Hezreti Hubeýbi müşriklerden Hujeýr ibn Abu Ihab Temimi Bedr söweşinde öldürilen doganynyň, hezreti Zeýd ibn Desinnäni bolsa Safwan ibn Umeýýe Bedr söweşinde öldürilen kakasy Umeýýe ibn Halefiň aryny almak üçin satyn aldylar. Müşrikleriň niýeti ikisini hem öldürmekdi. Emma söweşmegi gadagan hasaplaýan aýlarynda bolandyklary sebäpli, olary tussag edip, wagtyň geçmegine garaşdylar. Olary aýry-aýry ýerlerde tussag etdiler. Iki sahaba hem bu ýesirlikde uly sabyr, çydamlylyk we asyllylyk görkezdiler.
Hezreti Hubeýp ibn Adiýiň tussag edilen öýünde ýaşaýan azat edilen gyrnak Mawiýe (bu aýal soňra musulman boldy) şeýle gürrüň berdi:
“Hubeýp meniň ýaşaýan öýümde bir otaga tussag edilipdi. Men ondan has haýyrly ýesiri görmedim. Bir gün seretsem, onuň elinde aftaba ýaly uly bir salkym üzüm bar. Ol ondan iýýärdi. Ony her gün elinde şeýle üzüm salkymy bilen görerdiler. Ýylyň şol paslynda, onda-da Mekgede üzüm tapmak asla mümkin däldi. Allahu tagala oňa rysk berýärdi. Tussag edilen otagynda ol namaz okardy, Kurany Kerim okardy. Onuň okaýan Kurany Kerimini diňleýän aýallar aglaşardylar we oňa rehimleri inerdi. Käte: ‘Bir isleg-arzuwyň barmy?’ diýip soranymda, ol: ‘Maňa süýji suw ber, butlar üçin soýlan haýwanlaryň etinden getirme, bir hem meni öldürjek wagtlaryny öňünden aýt, başga hiç zat islemeýärin’ diýerdi. Ony öldürjek günleri kesgitlenende, baryp oňa aýtdym. Muny bilende, ol asla üýtgemedi we zerre ýaly-da gaýgy alamatyny görkezmedi.
Ol gün ýakynlaşanda, ol ölmezinden öň bedenini arassalamak isleýändigini aýtdy we bir päki sorady. Men çagamyň eline bir päki berip, ony iberdim. Çaga onuň ýanyna girende, men birden gorkdum. ‘Waý! Bu adam çagany päki bilen öldürer ahyryn. Ol nähili-de bolsa öldüriljek’ diýdim. Ylgap baryp çaga seretdim. Hubeýp meniň iberen päkimi çaganyň elinden alyp, çagany söýmek üçin dyzyna oturdypdyr. Men bu ýagdaýy görüp, gaty gorkup, gygyryp başladym. Ýagdaýa düşünende, ol şeýle diýdi: ‘Bu çagany öldürer öýdýärmiň? Biziň dinimizde beýle zat ýok. Nähak ýere jana kast etmek biziň halymyzdan-da, şanymyzdan-da däldir’”.
Müşrikleriň Hubeýp ibn Adiýi we Zeýd ibn Desinnäni öldürmek üçin kesgitlän güni geldi. Şol gün ir bilen olar ýesirleriň zynjyrlaryny çözüp, olary Mekgäniň daşyndaky Tenim diýilýän ýere alyp bardylar. (Tenim Käbeden 5–8 km uzaklykda ýerleşýär. Ondaky dagyň ady hem Tenim dagydyr.) Mekge halky we müşrikleriň öňdebaryjylary olaryň jezalandyrylyp öldürilişine tomaşa etmek üçin ýygnanypdy. Töwerekde uly märeke bardy.
Müşrikler ýesirleri jezalandyrjak ýerlerinde iki dar agajyny gurupdylar. Hezreti Hubeýbi dar agajyna galdyryp daňmak isländiklerinde, ol: “Meni goýberiň, iki rekagat namaz okaýyn” diýdi. Ony goýberdiler we: “Ine, şol ýerde oka” diýdiler. Hubeýp derrew namaza durup, köňli bilen Allaha berlip, iki rekagat namaz okady. Ýygnanan müşrikler, aýallar, çagalar oňa tolgunyp seredip durdular. Namazyny tamamlandan soň, ol: “Allaha kasam, eger siz meni ölümden gorkup namazy uzaldýar öýtmejek bolsaňyz, namazy uzaldardym we has köp okardym” diýdi. Şeýle jezalandyrylyp öldürilmezinden öň iki rekagat namazy ilkinji bolup okan we munuň däbe we sünnete öwrülmegine sebäp bolan – hezreti Hubeýp ibn Adiýdir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) onuň öldürilmezinden öň iki rekagat namaz okandygyny eşidende, bu işini ýerlikli we dogry hasaplady.2
Namazyny okandan soň, hezreti Hubeýbi dar agajyna galdyryp daňdylar. Ýüzüni gybladan Medinä tarap öwürdiler. Soňra: “Hany, diniňden dän! Seni boşadaly” diýdiler. Ol şeýle jogap berdi: “Allaha kasam, dänmerin! Bütin dünýä meniňki bolsa, maňa berilse-de, yslamdan dänmerin!”
Bu jogaby alan müşrikler: “Indi seniň ýeriňde Muhammediň bolmagyny, onuň öldürilmegini isleýärmiň? ‘Hawa’ diýseň, halas bolarsyň, öýüňde arkaýyn oturarsyň!” diýdiler. Hubeýp: “Men Muhammet aleýhisselamyň aýagyna bir tikeniň batmagyna-da asla razy däldirin!” diýdi.
Müşrikler ýaňsylap, gülüşip: “Eý Hubeýp! Yslam dininden dän! Eger dänmeseň, seni hökman öldürjekdiris!” diýdiler. Hubeýp olara: “Allahu tagalanyň ýolunda bolsam, meniň üçin öldürilmegimiň hiç hili ähmiýeti ýokdur” diýip jogap berdi.
Mundan soň Hubeýp: “Allahym! Bu ýerde men duşman ýüzünden başga ýüz görmeýärin. Allahym! Menden Resulyňa salam ýetir. Bize edilen bu işi Resulyňa bildir!” diýip doga etdi we: “Esselamu aleýke, ýa Resulallah” diýdi. Hubeýp bu dogany edýän wagty, söýgüli Pygamberimiz hormatly sahabalar bilen otyrdy. Zeýd ibn Harysa şeýle gürrüň berdi: “Bir gün Resulullah sahabalary bilen oturyrka: ‘We aleýhisselam’ diýdi. Hormatly sahabalar: ‘Ýa Resulallah! Bu kimiň salamyna jogap?’ diýdiler. Ol şeýle diýdi: ’Bu – doganymyz Hubeýbiň salamyna jogap. Jebraýyl (aleýhisselam) maňa Hubeýbiň salamyny ýetirdi’”.3
Hubeýbiň töweregine ýygnanan kuraýşly müşrikler: “Ine, siziň kakalaryňyzy öldüren adam şudur” diýip, ýaşlary naýzalary bilen onuň üstüne atylmaga öjükdirdiler, olar hem onuň mübärek bedenini ýaralap başladylar. Şol wagt Hubeýbiň ýüzi Käbä tarap öwrüldi. Müşrikler ony Medinä tarap öwürdiler. Hezreti Hubeýp: “Allahym! Eger men Seniň huzuryňda makbul bir gul bolsam, ýüzümi gybla tarap öwür” diýip doga etdi. Onuň ýüzi ýene gybla öwrüldi. Müşrikleriň hiç biri onuň ýüzüni Käbeden başga tarapa öwrüp bilmedi. Şu arada Hubeýp dar agajynyň üstünde, duşmanlaryň arasynda garyp halda şehit edilýändigini beýan edýän bir goşgy aýtdy. Müşrikler ellerindäki naýzalary onuň bedenine sançyp, gynap başlanlarynda, ol şeýle diýdi: “Allaha kasam, musulman bolup öldürilýän bolsam, urlup, haýsy gapdalym bilen ýykylsam-da, gam iýmerin! Bularyň hemmesi Allahu tagalanyň ýolundadyr”.
“Men Muhammet aleýhisselamyň aýagyna bir tikeniň batmagyna-da asla razy däldirin!” Hubeýp ibn Adiý (radyýallahu anhu)
Mundan soň Hubeýp müşriklere şeýle beddoga etdi: “Allahym! Kuraýş müşrikleriniň hemmesini heläk et! Toparlaryny darat! Janlaryny birin-birin al, olary diri goýma!” Bu beddogany eşiden müşrikler gaty gorkup, bir bölegi ol ýerden gaçyp gitdi. Galanlaryň käbiri yzly-yzyna oňa naýza sançyp başladylar. Olaryň biri naýzany onuň döşüne sançdy, naýza arkasyndan çykdy. Bedeninden gan pürküp, dar agajynda asylyp soňky demini berýärkä, Hubeýp: “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýip, şehit boldy.4
Hubeýp ibn Adiýiň (radyýallahu anhu) jesedi kyrk gün dar agajynda asylgy galdy. Bedeni çüýremedi, ys bermedi. Ondan hemişe täze gan akýardy. Söýgüli Pygamberimiz onuň jesedini getirmek üçin hormatly sahabalardan hezreti Zubeýr ibn Awwamy we Mikdat ibn Eswedi iberdi. Olar gije gizlinlikde Mekgä girdiler. Hubeýbi asylan dar agajyndan düşürip, düýä ýüklediler-de, Medinä tarap ýola düşdüler. Müşrikler muny bilip, uly märeke bolup, olaryň üstüne ýöriş etdiler. Iki sahaba hem özlerini goramak üçin jesedi ýere goýdular. Biraz salymdan olar jesedi goýan ýerlerinde ýeriň ýarylyp, jesedi içine alyp ýapylandygyny gördüler we Medinäniň ýoluny tutdular.
Hezreti Zeýd ibn Desinnäni hem dikilen beýleki dar agajyna daňdylar. Ony dininden dändirmäge zor etdiler. Emma müşrikler Zeýdiň imanyny berkitmekden başga hiç zat gazanmadylar. Şondan soň Zeýdi ok ýagyşyna tutdular. Ahyrynda ony Safwan ibn Umeýýäniň azat edilen guly Nistas şehit etdi.
