Söýgüli Pygamberim

UHUD SÖWEŞI

Hijretiň üçünji ýyly, Şewwal aýy… Mekgeli müşrikler Bedr söweşinde başdan geçiren ýeňlişinden sapak almadyklary ýaly, onuň ajysyny hem hiç ýatdan çykaryp bilmeýärdiler. Kuraýş bu söweşde öz öňdebaryjy adamlarynyň köpüsini ýitiripdi. Mundan başga-da, Şam (Siriýa) söwda ýolunyň musulmanlaryň gözegçiligine geçmegi olaryň gaharyny has-da joşdurýardy.

Abu Sufýanyň baştutanlygyndaky söwda kerweni Mekgä ýüz göterim girdeji bilen dolanypdy. Maýa goşanlaryň köpüsi Bedr söweşinde ölendigi sebäpli, kerweniň girdejisi Darun-Nedwe diýilýän binada saklanýardy; müşrikler karar kabul etmek üçin şol ýerde ýygnanýardylar.

Bedrde kakalaryny, doganlaryny, ärlerini, ogullaryny ýitiren Safwan ibn Umeýýe, Ikrime ibn Abu Jehil, Abdylla ibn Rebiga ýaly adamlar Abu Sufýana ýüz tutup: “Musulmanlar biziň uly adamlarymyzy öldürdi. Bizi perişan etdi. Indi olardan ar almagyň wagty geldi. Kerweniň girdejisine bir goşun taýýarlalyň. Medinäniň üstüne çozalyň, arymyzy alalyň!” diýdiler.

Abu Jehil, Utbe, Şeýbe ýaly azgyn kapyrlar mundan öň öldürilendigi üçin, müşrikleriň başynda entek musulman bolmadyk Abu Sufýan durýardy. Şam söwdasyndan ýüz müň altyn gazanylypdy. Onuň ýarysy maýa, ýarysy bolsa girdejidi. Maýa derrew eýelerine paýlandy, girdeji bolsa ikä bölünip, ýarysyna ýarag alyndy, beýleki ýarysyna esger ýygnaldy. Mundan başga-da, şahyrlara we notuklara hem pul berildi. Halky joşdurmak, söweşe ruhlandyrmak üçin notuklar we şahyrlar goşgular, mersiýeler okaýardylar; aýallar bolsa dep we deprek kakyp, olara goşulýardylar. Musulmanlary Medineden çykarmagy, söýgüli Pygamberimizi aradan aýyrmagy we yslamy ýok etmegi maksat edinen müşrikler töweregindäki taýpalary hem aýlanyp, esger ýygnadylar.

Ahyrynda Mekgede 3000 kişilik uly goşun taýýarlandy. Olaryň 700-si sowutly, 200-si atlydy, mundan başga-da olaryň 3000 düýesi bardy. Sazandalaryň we aýallaryň hem gatnaşan bu uly goşuna Abu Sufýan serkerdelik edýärdi. Onuň aýaly Hind aýallaryň başynda durup, müşrikleri söweşe öjükdirmekde örän aşa gidýärdi. Sebäbi ol Bedr söweşinde kakasyny we iki doganyny ýitiripdi. Ol munuň ajysyny ýatdan çykaryp bilmeýärdi. Aýallaryň söweşe gatnaşmazlygyny isleýänleri ol: “Bedr söweşini ýadyňyza salyň! Aýallaryňyza, çagalaryňyza gowuşmak üçin Bedrden gaçdyňyz!… Mundan beýläk gaçmak isleýänler garşylarynda bizi görerler!…” diýip dymdyrýardy. Şeýdip ol kuraýşlylary bar güýji bilen söweşe öjükdirýärdi.1

Müşriklerden Jubeýr ibn Mutgymyň naýza zyňmakda örän ussat Wahşy atly bir guly bardy. Ol nyşana alanyny sypdyrmaýan ökde mergendi. Hezreti Hamza Bedrde Hindiň kakasy Utbäni, Jubeýriň kakasynyň dogany Tuaýmäni öldürendigi üçin, Hind bilen Jubeýr ondan ar almagyň ody bilen ýanyp-tutaşýardylar. Jubeýr guly Wahşa şeýle diýdi:

“Eger Hamzany öldürseň, seni azat ederin, erkinlige goýbererin!” Hind hem: “Ony öldürseň, saňa köp altyn we gymmatbaha daşlar bererin!” diýip söz berdi.2

“Uhud bizi söýýär, biz hem ony söýýäris” Hadysy şerif

Ähli taýýarlygyny tamamlan Kuraýş goşuny baýdaklaryny açyp, olaryň birini Talha ibn Abu Talhanyň eline, birini Ahabişden bir adamyň eline, birini hem Uweýf ogly Sufýanyň eline berdi.

Mekgede taýýarlyk tamamlanypdy. Hezreti Abbas ynanýan bir adamy arkaly Medinä derrew hat iberdi. Onda ol müşrikleriň üç müň kişilik goşun düzendigini, olaryň ýedi ýüzüsiniň sowutly, iki ýüzüsiniň atlydygyny, üç müň düýesiniň we sansyz ýaragynyň bardygyny habar berdi. Abbas goşunyň ýola çykmakçydygyny hem bildirip, şoňa görä çäre görülmegini haýyş etdi.

Şondan soň Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ýagdaýy öwrenmek üçin birnäçe ýoldaşyna tabşyryk berdi. Bu sahabalar Mekge tarap ýola düşdüler. Ýolda müşrik goşunynyň gelýändigini eşidip, maglumat ýygnamaga başladylar. Işlerini gysga wagtda bitirip, howlukmaç Medinä dolandylar. Gören we bilen zatlary gelen hat bilen gabat gelýärdi.

Älemleriň Serweri derrew taýýarlyga başlady. Mundan başga-da, duýdansyz çozuşa uçramazlyk üçin Medinäniň töweregine garawullar goýup, çäre gördi. Hormatly sahabalar gysga wagtda ýygnanyp, taýýarlyklaryny tamamladylar. Öýde galýanlar bilen hoşlaşyp, biri-birinden halallyk alyşyp, pygamberleriň soltanynyň töweregine üýşdüler.

Şol gün annady. Pygamberimiz sahabalaryna anna namazyny okatdy. Hutbada ol Allahu tagalanyň dinini ýaýmak üçin jihat etmegiň, Allahyň ýolunda söweşmegiň ähmiýeti barada durup geçdi. Bu ýolda ölenleriň şehit bolup, jennete girjekdigini buşlady. Duşmanyň garşysynda berk durýanlara, kynçylyklara döş gerýänlere Allahu tagalanyň ýardam etjekdigini bildirdi.

Resuly ekrem hormatly sahabalary bilen söweşi nirede geçirmelidigi barada maslahatlaşmak isleýändigini aýtdy we şol gije gören düýşüni gürrüň berdi. Ol şeýle diýdi: “Düýşümde özümi berk bir sowudyň içinde gördüm. Zülfikar gylyjymyň ýüzünde bir gädik açylandygyny, soýlan bir sygry, soňra bir goçuň getirilendigini gördüm”. Hormatly sahabalar: “Ýa Resulallah! Bu düýşi nähili ýorduň?” diýip soranlarynda, ol şeýle diýdi: “Berk sowut geýmek – Medinä, Medinede galmaga yşaratdyr. Şol ýerde galyň…

Gylyjymyň ýüzünde gädik görmegim – meniň bir zyýana uçrajakdygyma yşaratdyr. Soýlan sygyr – sahabalarymdan käbiriniň şehit boljakdygyna yşaratdyr. Onuň yzyndan getirilen goça gelsek, goç – bir harby topara yşaratdyr, olary inşalla Jenaby Hak heläk eder”.

Başga bir rowaýatda ol şeýle diýdi: “Düýşümde gylyjymy ýere urdum, onuň ýüzi döwüldi. Bu – Uhud güni sahabalarymdan käbiriniň şehit boljakdygyna yşaratdyr. Gylyjymy ýene ýere urdum, ol öňki düzgün halyna geldi. Bu bolsa Allahu tagaladan ýeňiş (feth) geljekdigine, möminleriň bir ýere jemlenjekdigine yşaratdyr”.

Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) özüne wahy bilen bildirilmedik meselelerde sahabalary bilen maslahatlaşardy we şoňa görä hereket ederdi. Duşmany nirede garşylamalydygy barada sahabalaryň käbiri: “Medinede galyp, goranyş söweşini alyp baralyň” diýdiler. Bu teklip Pygamberimiziň islegine hem laýykdy. Hezreti Abu Bekir, Omar, Sagt ibn Muaz (radyýallahu anhum) ýaly sahabalaryň ululary Pygamberimiz ýaly pikir edýärdiler. Emma Bedr söweşinde bolup bilmedik gahryman we ýaş sahabalar Bedr söweşine gatnaşan sahabalaryň gazanan sylagyny (ejrini) we sogabyny3, Bedr şehitleriniň ýeten beýik derejelerini Pygamberimizden eşidenlerinde, şol söweşde bolup bilmändiklerine örän gynanýardylar. Şonuň üçin olar duşmany Medinäniň daşynda garşylamak we döşme-döş söweşmek isleýärdiler. Hezreti Hamza, Nugman ibn Malik, Sagt ibn Ubade şolaryň hatarynda bardy. Hezreti Haýsame rugsat alyp, şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Kuraýşly müşrikler dürli arap taýpalaryndan esger ýygnadylar. Düýelerine, atlaryna münüp, topraklarymyza girdiler. Bizi öýlerimizde we galalarymyzda gabap, soňra yzlaryna dolanyp giderler. Arkamyzdan köp gürrüň ýaýarlar. Bu ýagdaý olaryň batyrlygyny artdyrar, olar täze çozuşlar gurarlar. Häzir olaryň garşysyna çykmasak, beýleki arap taýpalary hem bize göz dikerler. Allahu tagalanyň bize müşrikleriň garşysynda ýeňiş bagyş etjekdigine umyt edýärin.

Eger ikinjisi bolsa – ol şehitlikdir; Bedr meni ondan mahrum etdi. Emma men ony gaty küsäpdim. Oglum Bedr söweşine gatnaşmak isleýändigimi eşidende, meniň bilen bije atypdy. Ol menden bagtly eken – şehitlik şerefine ýetdi.

Ýa Resulallah! Şehitligi gaty küsedim. Düýn gije düýşümde oglumy gözel bir keşpde gördüm. Ol jennetiň baglarynyň we derýalarynyň arasynda aýlanyp ýördi we maňa: ‘Jennet ýaranlaryna goşul! Men Allahu tagalanyň wada eden hakykatyna gowuşdum!’ diýýärdi.

Ýa Resulallah! Allaha kasam edip aýdýaryn, şu gün irden jennetde ogluma ýoldaş bolmagy has-da arzuw edip başladym. Indi ýaşym hem ötdi. Rebbime gowuşmakdan başga arzuwym galmady.

Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Şehit bolup, jennetde ogluma ýoldaş bolmak şerefine ýetmegim üçin Allahu tagaladan diläp doga et!…” diýip ýalbardy. Pygamberimiz onuň bu islegini yzyna gaýtarmady we şehit bolmagy üçin doga etdi.

Köplügiň şu pikirdedigini gören söýgüli Pygamberimiz duşmany Medinäniň daşynda garşylamaga karar berdi. Soňra şeýle diýdi: “(Eý sahabalarym!) Sabyr edip, berk dursaňyz, bu gezek hem Jenaby Hak size ýardamyny bagyş eder. Bize düşýän zat – berk niýet we gaýrat görkezmek!”

Ikindi namazyny okadan Kainatyň Soltany bagtly we mübärek öýüne bardy. Onuň yzyndan hezreti Abu Bekir bilen Omar rugsat alyp girdiler. Olar Resuly ekreme (sallallahu aleýhi we sellem) sellesini saramaga, sowudyny geýmäge kömek etdiler. Pygamberimiz gylyjyny biline guşandy, galkanyny arkasyna ýerleşdirdi.

Bu wagt daşarda hormatly sahabalar ýygnanyp, Pygamberimize garaşýardylar. Medinede galyp, goranyş söweşini alyp barmak isleýänler beýlekilere: “Resulullah Medinäniň daşyna çykmak pikirinde däldi. Ol muny siziň sözüňiz bilen kabul etdi. Emma Resulullah buýrugy Allahu tagaladan alýar. Siz bu işi oňa tabşyryň. Ol näme buýursa, şony ediň” diýdiler. Beýlekiler hem edenlerine puşman etdiler we: “Resuly ekreme garşy çykan bolmalyň” diýip, bu pikirlerinden el çekdiler. Söýgüli Pygamberimiz bagtly öýünden çykanda, olar onuň huzuryna baryp: “Janlarymyz saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Sen nähili isleseň, şeýle et. Medinede galmak isleseň, galalyň. Biz seniň buýrugyňa garşy çykmakdan Jenaby Haka sygynýarys” diýip, ötünç soradylar.

“Sahabalaryma dil ýetirmäň! Uhud dagy ýaly altyn sadaka berseňiz hem, ol olaryň bir owuç arpa sadakasynyň sogaby ýaly bolmaz!” Hadysy şerif

Habyby ekrem Pygamberimiz şeýle diýdi: “Pygamber geýen sowudyny, tä Jenaby Allah onuň bilen duşmanynyň arasynda hökümini berýänçä, söweşmän çykarmaz. Size nesihatym şudur: buýran zatlarymy ýerine ýetirseňiz, Allahu tagalanyň adyny ýatlap, sabyr edip, berk dursaňyz, Allahu tagala size ýardam eder…”

Bu wagt hezreti Amr ibn Jemuh öýünde dört ogluna: “Balalarym! Meni hem bu gazota alyp gidiň!” diýýärdi, ogullary bolsa kakalaryny yrjak bolup: “Kakajan! Aýagyňyň maýyplygy sebäpli Allahu tagala seniň ötünjiňi kabul etdi. Resulullah hem seniň ötünjiňi kabul etdi. Jihada çykmak saňa borç däl. Seniň ýeriňe biz gidýäris!” diýýärdiler. Emma hezreti Amr: “Siz ýaly perzentlere waý! Bedr söweşinde hem şeýle diýip, meni jenneti gazanmakdan saklapdyňyz. Bu ýörişden hem mahrum etjekmisiňiz?…” diýdi. Soňra ol söýgüli Pygamberimiziň huzuryna baryp: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Ogullarym käbir bahanalary öňe sürüp, meni bu gazotdan mahrum etmek isleýärler. Allaha kasam edip aýdýaryn, men seniň bilen bile ýörişe çykyp, jennete girmek şerefine ýetmek isleýärin. Ýa Resulallah! Sen meniň Allahyň ýolunda söweşmegimi we şehit bolup, şu agsak aýaklarym bilen jennetde gezmegimi makul bilmeýärmiň?” diýdi. Älemiň buýsanjy Pygamberimiz: “Hawa, makul bilýärin” diýdi. Muňa örän begenen hezreti Amr ibn Jemuh taýýarlanyp, goşuna goşuldy.4

Medinede namaz okatmak üçin Abdylla ibn Ummu Mektum galdyryldy.5

Resullaryň soltany üç baýdak daňdy. Birini Hubap ibn Munzire, birini Useýt ibn Hudaýra, beýlekisini bolsa Musgap ibn Umeýre berdi. Takmynan müň kişilik goşunda iki atly we ýüz sowutly esger bardy.6

Anna güni ikindiden soň söýgüli Pygamberimiz “Allahu ekber!” tekbir sesleriniň astynda, baýrama gidýän ýaly, Uhuda tarap ýola düşdi. Öňde sowutlaryny geýen hezreti Sagt ibn Ubade bilen Sagt ibn Muaz, sagda muhajyrlar, çepde ensarlar barýardy.

Ýolda olar ýahudylardan düzülen alty ýüz kişilik bir harby topara duşdular. Bular münapyklaryň (ikiýüzlileriň) başlygy Abdylla ibn Ubeý ibn Selulyň ýaranlarydy we yslam goşunyna goşulmak isleýärdiler. Pygamberimiz: “Olar musulman bolupdyrlarmy?” diýip sorady. “Ýok, ýa Resulallah” diýip jogap berdiler. Şondan soň ol: “Baryň-da aýdyň, yzlaryna gaýtsynlar. Çünki biz müşriklere garşy kapyrlardan kömek soramaýarys” diýdi. Hormatly Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Medine bilen Uhudyň arasyndaky Şeýhaýn diýilýän ýere geldi. Bu ýerde gijäni geçirmek üçin düşlediler. Gün entek ýaşmandy. Goşunyň içinde duşman bilen söweşmek we şehitlik derejesine ýetmek isleýän çaga ýaşyndaky sahabalar hem bardy. Söýgüli Pygamberimiz bu ýerde goşuny barlap görende, onda on ýedä golaý çaganyň bardygyny gördi.

Olaryň arasyndan Rafyg ibn Hadyj beýigräk görünmek üçin aýaklarynyň ujunda durýardy. Hezreti Zuheýr: “Ýa Resulallah! Rafyg ok atmaga ökde” diýende, ony goşuna aldylar. Muny gören Semure ibn Jundup: “Men göreşde Rafygy ýykyp bilerin. Şonuň üçin men hem gazotda bolmak isleýärin” diýdi. Pygamberimiz ýylgyryp, olary göreşdirdi. Hezreti Semure Rafygy ýykansoň, ony hem mujahytlaryň arasyna aldylar. Galan çagalary şol ýerde galanlary goramak üçin Medinä iberdiler.7

Agşam we ýassy namazlarynyň azanyny Bilal Habeşi täsirli sesi bilen okady. Söýgüli Pygamberimiz namazy okadandan soň, Muhammet ibn Meslemäni elli kişilik bir toparyň başyna goýdy we ertire çenli garawulda durmagy buýurdy. Hormatly sahabalar dynç almaga gitdiler. Şol gije Pygamberimiziň başujunda garawul durmak şerefi hezreti Zekwana nesip etdi.

Şol arada duşman goşuny yslam goşunynyň Şeýhaýnda dynç almak üçin düşländigini bilip, Ikrimäniň serkerdeligindäki bir atly topary gözegçilige iberdi. Entek musulman bolmadyk Ikrime topary bilen Harra diýilýän ýere çenli yslam goşunyna golaýlaşan hem bolsa, mujahytlaryň garawulyndan gorkup, yza çekildi. Daň atanda Älemleriň Serweri sahabalaryny oýardy. Olar Uhud dagyna geldiler. Bu ýerde iki goşun biri-birini görüp bilýärdi. Bilal Habeşi ruhlary joşdurýan, ýürekleri eredýän täsirli sesi bilen ertir namazynyň azanyny okady. Mujahytlar ýaraglaryny aýyrman, söýgüli Pygamberimiziň yzynda namazlaryny okadylar, dogalaryny etdiler. Kainatyň Soltany üstüne ikinji sowudy, mübärek başyna bolsa tuwulgany geýdi.

Bu wagt münapyklaryň başlygy Abdylla ibn Ubeý: “Biz bu ýere özümizi öldürtmäge geldikmi? Muny başda näme üçin aňmadyk?” diýip, 300 töweregi münapyk bilen bile yslam goşunyny taşlap, Medinä dolanyp gitdi.

Iman getiren, köňül birligini eden, janlaryny, başlaryny bu ýola goýan, gözüni-de gyrpman şehitlik derejesine ýetmäge ymtylýan adamlaryň sany ýedi ýüze golaýdy. Olaryň hemmesi söýgüli Pygamberimizi ganlarynyň soňky damjasyna çenli goramaga söz berdiler.

Pygamberleriň serweri (sallallahu aleýhi we sellem) mujahytlary sapa düzdi. Goşuny arkasy Uhud dagyna, ýüzi Medinä bakar ýaly edip ýerleşdirdi.

“Pygamber geýen sowudyny, tä Jenaby Allah onuň bilen duşmanynyň arasynda hökümini berýänçä, söweşmän çykarmaz” Hadysy şerif

Uhud söweşi

Sag ganata ol Ukkaşe ibn Mihsany, çep ganata Abu Seleme ibn Abdylesedi serkerde belledi. Sagt ibn Abu Wakkas bilen Abu Ubeýde ibn Jerrah öňdäki sapda okçy toparlarynyň başynda orun aldylar. Sowutly toparlaryň başyna Zubeýr ibn Awwam, öňdäki sowutsyz toparlaryň başyna hezreti Hamza geçdi. Mikdat ibn Amra yzdaky toparlaryň başynda durmak wezipesi berildi.

Diňe Allah üçin halky söýerdi, diňe Allah üçin ýigrenerdi hem,
ne nebsi üçin dost bolupdy, ne duşman ol sahawat käni.
Ne gahkaha bilen güldi ol, ne hiç zada sögdi asla,
gözel sözli, güler ýüzlüdi her pursat ol sahawat käni.
Haýa we hilim bilen bezelipdi, hem lutf, hem hormat bilen,
gelip ýalbarany aglaýan halda goýmazdy ol sahawat käni.

Yslam goşunynyň çep tarapynda Aýneýn depesi bardy. Bu depede dar bir geçelge bardy. Resuly ekrem bu geçelgä Abdylla ibn Jubeýriň serkerdeliginde elli okçy goýdy. Okçular geçelgede öz ýerlerini eýelediler. Söýgüli Pygamberimiz olaryň ýanyna gelip, şu berk buýrugy berdi:

“Bizi arkamyzdan goraň. Ýeriňizde duruň we bu ýerden hiç aýrylmaň. Duşmany ýeňendigimizi görseňiz hem, size habar bermesek, adam ibermesek, ýerleriňizden asla aýrylmaň. Duşmanyň bizi öldürjekdigini, öldürýändigini görseňiz hem, gelip bize kömek etmäň.

Bizi olardan goramaga çalyşmaň. Duşman atlylary size tarap ýönelende, olary oka tutuň. Çünki atlylar atylan oklaryň garşysyna gelip bilmezler. Allahym! Bulary olara ýetirendigime Seni şaýat tutýaryn!” Bu buýruklaryny birnäçe gezek gaýtalandan soň, söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Guşlaryň jesetlerimizi talaşyp iýýändigini görseňiz hem, men size adam ibermesem, ýeriňizden hiç aýrylmaň.8 Eger biziň kapyrlary gyryp, aýaklarymyzyň astynda depeländigimizi görseňiz hem, men size habar ibermesem, ýeriňizi asla taşlamaň!…” Soňra ol ýerden aýrylyp, goşunyň başyna geçdi.

Baýdagy ol Musgap ibn Umeýre berdi. Hezreti Musgap elinde baýdak bilen Pygamberimiziň öňünde öz ýerini eýeledi.9 Bu wagt täze öýlenen hezreti Hanzala Medineden howlukmaç Uhuda gelip, mujahytlaryň sapyna goşuldy.

Uhuda üç gün öň gelen müşrik goşunyna Abu Sufýan serkerdelik edýärdi. Olar Medinäni arkalarynda galdyrar ýaly ýerleşdiler. Sag ganatdaky atlylara Halyt ibn Welit, çep ganatdaky atlylara bolsa Ikrime serkerdelik etmelidi. Safwan ibn Umeýýäniň hem atly toparlaryň başynda wezipe alandygy rowaýat edilýär. Müşrikleriň baýdagyny Talha ibn Abu Talha göterip barýardy.

Iki goşunyň arasyndaky güýç gatnaşygy juda deňsizdi. Kuraýş goşuny san, ýarag we enjam taýdan yslam goşunyndan dört esseden hem köpdi.

Kuraýş goşunynda gykylyk-galmagal asla kesilmeýärdi; ar almak hyrsyndan gözlerini gan basan aýallar dep we deprek kakyp, aýdym aýdyp, esgerleri söweşe öjükdirýärdiler, çokunýan butlaryndan kömek dileýärdiler.

Mujahytlaryň tarapynda bolsa dogalar edilýärdi, “Allahu ekber! Allahu ekber!…” diýip tekbir getirilýärdi. Olar yslam dininiň goralmagy we ýaýramagy üçin Allahu tagaladan kömek dileýärdiler.

Söýgüli Pygamberimiz gahryman sahabalaryny jihada, Jenaby Hakyň ýolunda söweşmäge ruhlandyrýardy, bu ýolda gazanjak sogaplaryny gürrüň berip, şeýle diýýärdi: “Eý sahabalarym! Sany az bolan adamlara duşman bilen söweşmek kyn düşýär. Eger olar berklik we gaýrat görkezseler, Allahu tagala olara giňlik berer. Çünki Allahu tagala Özüne boýun egýänler bilen biledir… Allahu tagalanyň size wada eden sylagyny diläň…” Uhud söweşi bilen baglanyşykly aýaty kerimelerde hem manysyna görä şeýle diýilýär: “(Eý möminler!) Size rehim edilmegi üçin Allahu tagala we Onuň Resulyna (buýran zatlarynda) tabyn boluň.

Rebbiňizden bagyşlanmagy dilemäge we Allahu tagaladan gorkýanlar üçin taýýarlanan, giňligi asmanlar we ýer ýaly bolan jennete howlugyň (munuň üçin edil ýaryşyň). (Ol takwalar) bollukda-da, gytlykda-da mallaryny Allahyň ýolunda sarp edýärler. Gaharlaryny ýuwudyp bilýärler we ynsanlary bagyşlaýarlar. Allahu tagala ihsan (ýagşylyk) edýänleri söýýär”.10

“Ine, olaryň sylagy – Rebbinden bagyşlanmak we agaçlarynyň aşagyndan derýalar akýan jennetlerdir. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Şeýle edýänleriň, Allahu tagala we Onuň Resulyna tabyn bolýanlaryň sylagy nähili gözel!”11

“Eger biziň kapyrlary gyryp, aýaklarymyzyň astynda depeländigimizi görseňiz hem, men size habar ibermesem, ýeriňizi asla taşlamaň!…” Hadysy şerif

Köňülleri iman bilen doly, gözlerinden batyrlyk uçgunlary syçraýan, şehit bolmak arzuwy bilen ýanýan hormatly sahabalar ýerlerinde durup bilmeýärdiler, duşmanyň üstüne tizräk atylmak üçin buýruga garaşýardylar. Bedr söweşindäki ýaly, hezreti Aly ak, Zubeýr ibn Awwam sary, Abu Dujana bolsa gyzyl reňkli sellelerini başlaryna daňdylar. Hezreti Hamza hem düýeguş ýeleginden edilen jygasyny dakdy. Iki goşun biri-birine has golaýlaşdy. Indi tolgunma iň ýokary derejesine ýetipdi.

Biraz salymdan bir tarapda Allahu tagalanyň dinini ýaýmak üçin iň ýakynlary bilen söweşmekden hem asla ikirjiňlenmeýän yslam mujahytlary bilen, beýleki tarapda batyl ýollarynda tutanýerlilik edýän yslam duşmanlarynyň arasynda uly meýdan söweşi başlanjakdy.

Goşunlar bir ok atymy aralyga golaýlaşanlarynda, duşman saplaryndan düýesini öňe süren sowutly bir müşrik mujahytlardan özi bilen söweşmek üçin pälwan çykarmagy talap etdi. Her kim ondan çekinýär öýdüp, ol bu talabyny üç gezek gaýtalady. Şondan soň yslam goşunyndan uzyn boýly, sary selleli bir gahryman mujahydyň pyýada meýdana çykandygy göründi. Bu Pygamberimiziň bibisiniň ogly Zubeýr ibn Awwam (radyýallahu anhu) eken. Yslam goşunyndan “Allahu ekber!…” sesleri ýokary galýardy, hezreti Zubeýriň ýeňiş gazanmagy üçin doga edilýärdi. Zubeýr ibn Awwamyň müşrige ýakynlaşan badyna onuň düýesiniň üstüne bökendigi göründi. Düýäniň üstünde aýylganç göreş başlandy. Şol wagt söýgüli Pygamberimiziň: “Ony ýere ýyk!” diýeni eşidildi. Hezreti Zubeýr bu buýrugy alan badyna garşydaşyny aşak itekledi. Soňra özi hem bökdi-de, gylyjyny onuň boýnuna çaldy. Müşrigiň tuwulgaly kellesi sowutly göwresinden aýryldy. Pygamberimiz hezreti Zubeýre doga etdi.

Soňra müşrikleriň baýdakdary Talha ibn Abu Talha meýdana okdurylyp çykdy we: “Araňyzda meniň garşyma çykjak adam barmy?” diýip gygyrdy. Onuň garşysyna Allahu tagalanyň arslany hezreti Aly çykdy. Ol başdan-aýak sowuda bürenen müşrik baýdakdarynyň kellesini bir uruşda eňegine çenli ýardy. Muny gören söýgüli Pygamberimiz: “Allahu ekber!… Allahu ekber!…” diýip tekbir getirdi. Oňa hormatly sahabalar hem goşulanda, tekbir sesleri ýeri-gögi titretdi.12

Müşrikleriň baýdagynyň ýere düşendigini gören Talhanyň dogany Osman ibn Abu Talha meýdana ylgap çykdy. Baýdaklaryny galdyryp, özi bilen söweşmäge pälwan sorady. Onuň garşysyna hezreti Hamza çykdy. Ol “Ýa Allah!” diýip, Osmanyň egnine gylyç bilen şeýle bir urdy welin, baýdak tutan goly kesilen müşrik ýere ýykylyp jan berdi.13

Bu gezek müşrikleriň baýdagynyň ýene ýere düşendigini gören Abu Sagt ibn Abu Talha pyýada meýdana çykdy. Ol hem başdan-aýak sowutlydy. Küfrüň baýdagyny ýerden galdyrdy-da, yslam goşunyna öwrülip: “Men – Kusemiň kakasy. Meniň garşyma kim çykyp biler?” diýip gygyryp başlady. Pygamberimiz onuň garşysyna hem hezreti Alyny çykardy. Hezreti Aly bu müşrigi hem öldürip, baýdaklaryny ýere ýykandan soň, mujahytlaryň sapynda öz ýerini eýeledi.

Mundan soň köp müşrikler nobatma-nobat meýdana çykyp, ýere düşen baýdaklaryny galdyryp, mujahytlardan özleriniň garşysyna pälwan çykarmagy talap etdiler. Emma her gezek Allahu tagalanyň rugsady bilen gahryman sahabalar ýeňiji çykdy. Her baýdakdar öldürilende, yslam goşunyndan tekbir sesleri ýokary galýardy, duşman saplaryna bolsa uly gam we umytsyzlyk çökýärdi. Hatda gykylyklary asmana ýeten müşrik aýallary hem bir tarapdan öz esgerlerini: “Size waý!…” diýip kemsidýärdiler, beýleki tarapdan: “Ýene nämä garaşýarsyňyz?…” diýip söweşe öjükdirýärdiler.

Bu gylyjyň hakyny kim berer?

Iki tarapyň hem ýerinde durup bilmeýän bir gyzgyn pursatynda söýgüli Pygamberimiz elinde tutan gylyjyny görkezdi. Onuň üstünde şeýle beýt ýazylgydy:

Gorkaklykda – masgaraçylyk, öňe gitmekde – şeref we abraý bar.
Ynsan gorkmak bilen kaderden gutulmaz.

Şonda onuň: “Bu gylyjy menden kim alar?” diýeni eşidildi. Muny eşiden hormatly sahabalaryň köpüsi ony almak üçin birden ellerini uzatdylar. Pygamberimiz ýene: “Onuň hakyny bermek üçin kim alar?” diýende, hormatly sahabalar dymdylar we yza çekildiler. Gylyjy gyzgyn isleýänlerden Zubeýr ibn Awwam: “Men alaryn, ýa Resulallah” diýdi. Pygamberimiz gylyjy hezreti Zubeýre bermedi. Abu Bekiriň, Omaryň, Alynyň (radyýallahu anhum) haýyşlaryny hem Pygamberimiz kabul etmedi.

Abu Dujana: “Ýa Resulallah! Bu gylyjyň haky näme?” diýip sorady. Söýgüli Pygamberimiz şeýle diýdi: “Onuň haky – egrelip-bükülýänçä onuň bilen duşmana urmakdyr. Onuň haky – onuň bilen musulmany öldürmezlik, onuň bilen kapyrlaryň öňünden gaçmazlykdyr. Allahu tagala saňa ýeňiş ýa-da şehitlik nesip edýänçä, onuň bilen Allahyň ýolunda söweşmekdir”. Şondan soň Abu Dujana: “Ýa Resulallah! Men ony hakyny bermek üçin alýaryn” diýdi. Pygamberimiz elindäki gylyjy oňa gowşurdy.14

Abu Dujana (radyýallahu anhu) örän gaýduwsyz we gahryman bolmak bilen birlikde, söweş meýdanlarynda örän tilsimli hereket ederdi, “Söweş – hiledir”15 diýen hadysy şerife doly eýerýärdi. Hezreti Abu Dujana gylyjy alanda, beýtler aýdyp, söweş meýdanyna tarap kerdeňläp, salykatly we buýsançly ädim urup gitdi. Üstünde bir köýnekden we başynda gyzyl selleden başga hiç zat ýokdy.

Hezreti Abu Dujananyň bu ýörişi hormatly sahabalaryň arasynda o diýen gowy garşylanmady. Şondan soň Pygamberimiz: “Bu şeýle bir ýöriş bolup, bu ýerlerden (söweş meýdanlaryndan) daşarda Allahu tagalanyň gazabyna sebäp bolýar” diýip, kerdeňläp ýöremegiň diňe duşmanyň garşysynda rugsat berlendigini bildirdi.

Mundan artyk garaşyp bilmedik Halyt ibn Welit müşrik saplaryndan öz serkerdeligindäki goşun bilen hüjüme geçdi. Söýgüli Pygamberimiz hem ýerlerinde durup bilmeýän hormatly sahabalara hüjüm buýrugyny berdi. Bir pursatda söweş meýdany “Allahu ekber!” sesleri bilen doldy. Iň öňde, sowutsyz toparlaryň başynda, hezreti Hamza elindäki gylyçlary bilen her duşan kapyra gylyç çalyp başlady. Uly hyrs bilen gelen Halyt ibn Welidiň goşuny derrew yza serpikdirildi. Şondan soň Halyt ibn Welit dag geçelgesinden aýlanyp, arkadan urmak üçin giň aýlaw edip, Aýneýn depesine bardy. Emma hezreti Abdylla ibn Jubeýr we onuň serkerdeligindäki elli ýigit olary ok ýagyşy bilen yza serpikdirdiler.

Indi söweş gyzyşypdy. Iki tarap hem bar güýji bilen söweşýärdi. Her sahaba iň azyndan dört müşrik bilen göreşip, öňe geçmäge çalyşýardy.

“Eý sahabalarym! Sany az bolan adamlara duşman bilen söweşmek kyn düşýär. Eger olar berklik we gaýrat görkezseler, Allahu tagala olara giňlik berer” Hadysy şerif

Hezreti Hamza bir tarapdan: “Allahu ekber! Allahu ekber!” diýip gygyrýardy, beýleki tarapdan: “Men – Allahu tagalanyň arslany!” diýip, duşmany gyra-gyra öňe barýardy. Safwan ibn Umeýýe töweregindäkilere: “Hamza nirede? Ony maňa görkeziň” diýip, söweş meýdanyny gözden geçirýärdi. Birden onuň gözi iki gylyç bilen söweşýän birine düşdi we: “Bu söweşýän kim?” diýip sorady. Töweregindäkiler: “Seniň gözleýän adamyň! Hamza!” diýdiler. Safwan: “Men şu güne çenli öz kowmuny öldürmek üçin çozýan, onuň ýaly hyrsly we gaýduwsyz başga birini görmedim” diýdi.

Söweşiň iň gyzyşan wagtynda muhajyrlardan Zubeýr ibn Awwam gylyjyň özüne berilmändigi sebäpli göwni ýykylyp, öz-özüne: “Men Resulullahdan gylyjy soradym, emma ol ony Abu Dujana berdi. Hakykatda men onuň bibisi Safiýäniň ogly. Üstesine men kuraýşly. Ilki men soran ahyryn. Baryp göreýin, Abu Dujana menden artyk näme eder?” diýdi. Soňra ol Abu Dujananyň yzyndan gözegçilik edip başlady. Hezreti Abu Dujana “Allahu ekber!” diýip tekbir getirýärdi, müşriklerden kime duşsa, ony urup öldürýärdi. Müşrikleriň iň azgynlaryndan biri, iri göwreli, her ýeri sowut bilen örtülen, diňe gözleri görünýän bir adam Abu Dujana bilen gabatlaşdy. Ilki bilen ol özi hezreti Abu Dujana hüjüm etdi. Abu Dujana onuň zarbyndan galkany bilen goranyp galdy. Müşrigiň gylyjy Abu Dujananyň galkanyna çümdi. Ol gylyjyndan ýapyşyp çekdi, emma çykaryp bilmedi. Indi nobat Abu Dujana ýetipdi. Ol gylyjyň bir zarby bilen garşydaşyny öldürdi.

Mundan soň Abu Dujana öňünden çykan her imansyzy ýykyp, dagyň eteginde depleri bilen müşrikleri öjükdirýän aýallaryň ýanyna çenli bardy. Emma gylyjyny galdyran ýagdaýynda, Abu Sufýanyň aýaly Hindi öldürmekden el çekdi.16 Muny gören Zubeýr ibn Awwam öz-özüne: “Gylyjyň kime berilmelidigini Allah we Onuň Resuly menden gowy bilýär” diýdi. Soňra: “Allaha kasam edip aýdýaryn, men ondan has gowy söweşýän, gylyç çalýan adamy görmedim” diýip goşdy.

Mikdat ibn Eswet, Zubeýr ibn Awwam, hezreti Aly, hezreti Omar, Talha ibn Ubeýdulla, Musgap ibn Umeýr – olaryň hemmesi alynmaz gala ýalydy. Pygamberimiziň duşmana örän ýakyn durup söweşýändigini, gaýta-gaýta hüjüm edýändigini gören şanly sahabalar ýerlerinde durup bilmeýärdiler. Resulullaha bir zyýan ýetäýmesin diýip, olar onuň töweregine üýşýärdiler we sowuda bürenen duşmana göz açdyrmaýardylar. Bu wagt hezreti Abdylla ibn Amryň şehit bolandygy göründi. Bu Uhudyň ilkinji şehididi. Onuň şehit bolandygyny gören ýoldaşlary arslana öwrülip, Allahu tagalanyň razylygy üçin duşmanyň edil ortasyna çümdüler.

Söweşiň örän gyzyşan bir pursatynda batyrlygyň nyşany hezreti Abdylla ibn Jahş bilen okçylaryň piri hezreti Sagt ibn Abu Wakkas duşuşdylar. Ikisi hem dürli ýerlerinden ýaralanypdy. Hezreti Sagt ibn Abu Wakkas şeýle gürrüň berýär: “Uhudda söweşiň iň gazaply pursatlarynyň biridi. Birden Abdylla ibn Jahş meniň ýanyma geldi, elimden tutup, meni bir gaýanyň düýbüne çekdi. Soňra maňa: ‘Indi şu ýerde sen doga et, men “Amin” diýeýin. Soňra men doga edeýin, sen bolsa “Amin” diý!’ diýdi. Men: ‘Bolýar’ diýdim. Men şeýle doga etdim: ‘Allahym! Maňa örän güýçli we gazaply duşmanlary iber. Olar bilen aýawsyz söweşeýin. Olaryň hemmesini öldüreýin. Gazy bolup yzyma dolanaýyn’. Meniň bu dogama ol bütin ýüreginden: ‘Amin’ diýdi.

Soňra ol özi doga edip başlady: ‘Allahym! Maňa güýçli duşmanlary iber, olar bilen aýawsyz söweşeýin. Jihadyň hakyny bereýin. Olaryň hemmesini öldüreýin. Ahyrynda olaryň biri meni şehit etsin. Soňra dodaklarymy, burnumy, gulaklarymy kessin. Men Seniň huzuryňa gana boýalyp geleýin. Sen: “Abdylla! Dodaklaryňy, burnuňy, gulaklaryňy näme etdiň?” diýip soranyňda, men: “Allahym! Men olar bilen köp günä etdim, olary ýerinde ulanmadym. Olary huzuryňa getirmäge utandym. Söýgüli Pygamberimiň bolan bir söweşinde tozana-topraga bulaşdym, şeýle geldim” diýeýin’. Köňlüm beýle bir doga ‘Amin’ diýmegi islemeýärdi. Emma ol muny isländigi we men öňünden söz berendigim üçin, islemezden: ‘Amin’ diýdim.

Soňra gylyçlarymyzy sogrup, söweşi dowam etdik. Ikimiz hem öňümize geleni öldürýärdik. Ol örän gahrymançylyk bilen hüjüm edýärdi we duşman saplaryny dargadýardy. Ol duşmana gaýta-gaýta urýardy, şehit bolmak üçin söndürip bolmajak arzuw bilen täzeden çozýardy. ‘Allahu ekber! Allahu ekber!…’ diýip söweşip ýörkä, onuň gylyjy döwüldi. Şol pursat söýgüli Pygamberimiz oňa bir hurma şahasyny uzadyp, söweşi dowam etmegi buýurdy. Bu şaha mugjyza bolup gylyja öwrüldi, ol hem öňüne gelen bilen söweşmegini dowam etdi. Köp duşmany öldürdi. Söweşiň ahyryna golaý Abul-Hakem atly bir müşrigiň atan oklary bilen ol arzuw eden şehitligine gowuşdy. Ol şehit bolanda, kapyrlar onuň jesedine çozup, burnuny, dodaklaryny we gulaklaryny kesdiler. Onuň her ýeri gana boýaldy”.

Mujahytlaryň sapynda Kazman atly bir adam bardy. Ol gylyjynyň gynyny döwüp: “Ölmek gaçmakdan has gowudyr!” diýdi-de, ýalaňaç gylyç bilen müşrikleriň arasyna çümdi. Kazman köp ýigitlik, gahrymançylyk görkezdi. Ýeke özi ýedi-sekiz kapyry öldürdi. Ahyrynda ýaralanyp, ýere ýykyldy. Hormatly sahabalar onuň bu gahrymançylygyna haýran galyp, Pygamberimize habar berenlerinde, ol: “Ol – dowzahlykdyr” diýdi. Hezreti Katada ibn Nugman Kazmanyň ýanyna baryp: “Eý Kazman! Şehitlik saňa mübärek bolsun!” diýende, Kazman: “Men din gaýraty üçin däl, kuraýşlylar Medinä gelip, hurmalygymy weýran etmesinler diýip söweşdim!” diýdi. Soňra ol ok bilen bilek damarlaryny deşip, öz-özüni öldürdi. Şeýdip, Pygamberimiziň: “Ol – dowzahlykdyr!” diýen sözüniň hikmeti düşnükli boldy.

Söweşiň başyndan bäri Älemleriň Serweri söýgüli Pygamberimizden başlap, ähli hormatly sahabalar uly göreş alyp bardylar. Güýçli hüjümler bilen müşrik goşunyny yza serpikdirdiler. Müşrikler daşdan, agaçdan ýasan butlaryna “Lat, Uzza, Hubel!” diýip çokunýardylar we olardan peýda, kömek dileýärdiler. Mujahytlaryň bu gahrymançylyklarynyň garşysynda olaryň topary dargap gaçyp başlady. Olary söweşe öjükdirmek üçin gelen aýallar perýat edip, gaçýan esgerlere ýetişmäge çalyşýardylar.

Kuraýşly müşrikler söweş meýdanyny taşlap, ýanlary bilen getiren mallaryny galdyryp, Mekge tarap gaçyp başlanlarynda, yslam esgerleri begenip, Allahu tagalanyň özlerine wada eden ýeňşine ýetendikleri üçin Oňa hamd etdiler. San we güýç taýdan birnäçe esse artykmaçdyklaryna garamazdan, müşrikler musulmanlaryň garşysynda perişan bolupdylar. Olar biri-birini depeläp gaçyp barýarkalar, şanly sahabalar olary kowalaýardylar, ýetenlerini urup öldürýärdiler. Şol galmagalda täze öýlenen hezreti Hanzala ibn Abu Amyr müşrik goşunynyň baş serkerdesi Abu Sufýana ýetişdi; Abu Sufýan aty bilen gaçmaga çalyşýardy. Atyň aýaklaryna gylyç urup, aty ýere çökerdi. Ýere ýykylan Abu Sufýan bar güýji bilen: “Eý kuraýşlylar!… Ýetişiň!… Men – Abu Sufýan! Hanzala meni gylyç bilen dogramakçy!…” diýip perýat edip başlady. Onuň bilen bile gaçmaga çalyşýan müşrikler bu ýagdaýy gören hem bolsalar, jan aladasyna düşüp, serkerdelerine üns bermediler.

“Söweş – hiledir” Hadysy şerif

Emma şol pursat hezreti Hanzalanyň edil arkasynda duran müşrik Şeddat ibn Eswet naýzasyny Hanzalanyň arkasyna sançdy. Hezreti Hanzala “Allahu ekber!” diýip bir hamla etmek islän hem bolsa, ýere ýykylyp şehit boldy we onuň mübärek ruhy jennete uçdy. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Men perişdeleriň asman bilen ýeriň arasynda Hanzalany kümüş bir tabagyň içinde ýagyş suwy bilen ýuwýandyklaryny gördüm”. Abu Useýdi şeýle gürrüň berdi: “Resulullahyň bu sözüni eşidenimden soň, Hanzalanyň ýanyna bardym. Onuň başyndan ýagyş suwy damýardy. Yzyma dolanyp, muny Resuly ekreme habar berdim”. Hezreti Hanzalany “Gasilul-melaike”, ýagny perişdeleriň ýuwan adamy diýip atlandyrdylar.17

Müşrikleriň gaçýandygyny gören Aýneýn geçelgesindäki okçularyň käbiri söweş gutardy öýdüp, ýerlerini taşlap gitdiler. Olaryň serkerdesi Abdylla ibn Jubeýr we on iki adam ýerlerinde galdylar.18

Hezreti Alynyň ýigitligi

Bu wagt sak durup garaşýan, her pursatdan peýdalanmaga çalyşýan Kuraýşyň okçy toparynyň serkerdesi Halyt ibn Welit geçelgedäki mujahytlaryň azalandygyny görüp, serkerdeligindäki atlylary herekete getirdi.

Halyt bilen Ikrime ibn Abu Jehil bir pursatda Aýneýn geçelgesine gelip ýetdiler. Hezreti Abdylla ibn Jubeýr we onuň wepaly, sadyk ýoldaşlary sapa düzülip, ýaýrap durdular. Okdanlaryndaky oklar gutarýança duşmana ok ýagdyrdylar. Soňra naýzalary bilen söweşdiler, döşme-döş gelenlerinde bolsa “Allahu ekber! Allahu ekber!” diýip, gylyçlary bilen köp gahrymançylyk görkezdiler. Imanlylar bilen imansyzlaryň arasyndaky gatnaşyk örän deňsizdi: bire ýigrimi bäş. Şanly hormatly sahabalar Pygamberleriniň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin ganlarynyň soňky damjasyna çenli söweşdiler. Biri-biriniň yzyndan şehitlik şerbetini içip, mübärek bedenleri ýere düşdi, ruhlary jennete uçdy (radyýallahu anhum).

Müşrikler kinlerinden hezreti Abdyllanyň eşiklerini soýup, mübärek bedenini naýzalar bilen deşik-deşik etdiler. Garnyny ýaryp, içegelerini daşyna çykardylar.

Halyt ibn Welit bilen Ikrime geçelgedäki mujahytlary şehit edenlerinden soň, yslam goşunyna arkadan çalt hüjüm etdiler. Hormatly sahabalar arkalarynda birden peýda bolan duşmany görüp, toplanyşmaga ýetişmediler. Çünki olaryň köpüsi hatda ýaraglaryny hem goýupdy. Hemme zat birden üýtgedi. Öňde gaçyp barýan kuraýşly müşrikler Halyt ibn Welidiň arkadan hüjüme geçendigini görüp, yzlaryna öwrüldiler. Mujahytlar iki otuň arasynda galypdy. Duşman öňden hem, arkadan hem hüjüme geçip, mujahytlary gysyp başlady. Sahabalaryň biri-biri bilen aragatnaşygy kesildi. Olar dargamaga mejbur boldular.19

Hezreti Aly şeýle gürrüň berdi: “Arasynda Ikrime ibn Abu Jehil hem bolan bir müşrik toparynyň ortasyna çümdüm. Olar meniň daşymy gurşadylar, köpüsini gylyçdan geçirdim. Başga bir toparyň içine girdim, olardan hem köpüsini hatardan çykardym. Ajalym ýetmändigi üçin, maňa hiç zat bolmady. Bir salym men Resulullahy görüp bilmedim. Öz-özüme: ‘Kasam edýärin, ol söweş meýdanyny taşlap gitjek adam däl. Belki, Allahu tagala biziň nädogry işlerimiz sebäpli ony aramyzdan alyp gidendir! Indi meniň üçin söweşe-söweşe ölmekden başga ýol galmady’ diýdim-de, gylyjymyň gynyny döwdüm. Müşrikleriň üstüne hüjüm edip, olary dargadanymda, Resulullahyň olaryň arasynda galandygyny gördüm. Şonda men Allahu tagalanyň Resulullahy perişdeleri bilen goraýandygyna düşündim”.

Duşman esgerleri Resuly ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna çenli golaýlaşypdylar. Ýagdaý örän howplydy. Söýgüli Pygamberimiz edil berk bir dag ýaly durýardy, berklik görkezýärdi, ýerinden gozganmaýardy. Ol bir tarapdan duşman bilen söweşýärdi, beýleki tarapdan dargan sahabalaryny jemlemäge çalyşyp, şeýle diýýärdi: “Eý pylany, maňa tarap gel! Eý pylany, maňa tarap gel! Men – Resulullah.

Maňa dolanyp gelene jennet bar!” Hezreti Abu Bekir, hezreti Omar, Abdyrahman ibn Awf, Talha ibn Ubeýdulla, Aly ibn Abu Talyp, Zubeýr ibn Awwam, Abu Dujana, Abu Ubeýde ibn Jerrah, Sagt ibn Muaz, Sagt ibn Abu Wakkas, Hubap ibn Munzir, Useýt ibn Hudaýr, Sehl ibn Huneýf, Asym ibn Sabit, Harys ibn Simme (radyýallahu anhum) bir pursatda söýgüli Pygamberimiziň töwereginde halka bolup durdular we ony goramak üçin janly gala diwaryny emele getirdiler.

Bu wagt hezreti Abbas ibn Ubadäniň dargan hormatly sahabalary jemlemek üçin gygyran sesi eşidildi: “Eý doganlarym! Biziň başymyza gelen bu musybat – Pygamberimiziň buýrugyny ýerine ýetirmändigimiziň netijesidir. Dargamaň! Pygamberimiziň töweregine geliň! Eger biz ony goraýanlaryň ýanynda orun almasak we biziň sebäbimiz bilen Resulullaha bir zyýan ýetse, Rebbimiziň huzurynda aýdara hiç bir ötünjimiz galmaz!” Hezreti Abbas ibn Ubade Harije ibn Zeýd we Ews ibn Erkam bilen bile “Allahu ekber!” diýip, ýalaňaç gylyç bilen duşmanyň içine çümdi. Olar Resulullahyň ýolunda, ony goramak üçin gahrymanlarça söweşdiler. Harije ibn Zeýd on dokuz ýerinden ýara alypdy. Beýlekileriňki hem ondan az däldi. Üçüsi hem gaty küsän şehitlik derejesine ýetdiler.

Bu örän howply pursatda hormatly sahabalar Pygamberimiziň töweregine ýuwaş-ýuwaşdan üýşüp başladylar. Müşrikler söýgüli Pygamberimizi we oňa göwrelerini galkan eden şanly sahabalaryny halkanyň içine aldylar. Her tarapdan toparlar bolup öňe süýşüp, halkany daraldýardylar. Kuraýşlylardan bir toparyň öňe okdurylandygyny gören Älemleriň Serweri ýanyndaky, janlaryny pida etmäge taýýar duran sahabalaryna: “Şu topary kim garşylar?” diýende, hezreti Wehb ibn Kabusyň: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Men garşylaryn!” diýip, öňe okdurylandygy göründi. Allahu tagalanyň şerefli adyny dilinden düşürmeýän bu gahryman ýalaňaç gylyç bilen müşrikleriň arasyna girip gitdi. Pygamberimiz: “Saňa jennet bilen buşluk berýärin” diýdi. Onuň duşmanyň garşysynda görkezen berkligini we gaýratyny görüp: “Allahym! Oňa rahmet et! Oňa rehim et!” diýdi.

Müşrikleriň hezreti Wehbi ortalaryna alyp, naýzalar bilen şehit edendiklerini gören Sagt ibn Abu Wakkas oňa kömek etmek üçin öňe atyldy, duşmanyň ortasyna girip, görlüp-eşidilmedik gahrymançylyklar görkezdi. Köp kapyry hatardan çykardy, galanlaryny yza serpikdirip, söýgüli Pygamberiniň ýanyna dolandy. Resuly ekrem hezreti Wehb hakynda: “Men senden razy. Allahu tagala hem razy bolsun” diýdi. Habyby ekrem Pygamberimiz bir müşrik toparynyň mujahytlaryň halkasyny ýaryp, özüne tarap gelýändigini görüp, hezreti Ala: “Olara hüjüm et!” diýdi. Hezreti Aly hüjüm edip, Amr ibn Abdyllany öldürdi, galanlaryny gaçyrdy. Onuň gylyjy döwlende, Pygamberimiz oňa Zülfikary berdi. Başga bir topar gelende, Pygamberimiz: “Eý Aly! Bularyň ýamanlygyny menden daşlaşdyr” diýdi. Janyny Resulullaha pida eden Allahu tagalanyň arslany derrew hüjüme geçdi. Şeýbe ibn Maligi öldürip, galanlaryny yza serpikdirdi. Şol pursat Jebraýyl aleýhisselam gelip, Pygamberimize: “Ýa Resulallah! Bu – Alydan ýüze çykan adatdan daşary merdanalykdyr” diýdi. Resulullah: “Ol mendendir, men hem ondandyryn” diýdi.

“Men perişdeleriň asman bilen ýeriň arasynda Hanzalany kümüş bir tabagyň içinde ýagyş suwy bilen ýuwýandyklaryny gördüm” Hadysy şerif

Jebraýyl aleýhisselam hem: “Men hem ikiňizdendirin” diýdi. Şol pursat: “Aly ýaly ýigit, Zülfikar ýaly gylyç ýokdur” diýen bir ses eşidildi.

Söýgüli Pygamberimiziň ýanyna golaýlaşyp bilmejekdiklerine düşünen müşrikler ok atyp başladylar. Atylan oklar ýa onuň üstünden geçýärdi, ýa öňüne, ýa sagyna, ýa-da çepine düşýärdi.

Duşmany yza serpikdirmek üçin janlaryny aýaman söweşýän hormatly sahabalar bu ýagdaýy gören badyna, Älemleriň Serweriniň töweregine üýşüp, gelýän oklara mübärek bedenlerini galkan edip başladylar. Pygamberimiz sahabalaryna ok bilen jogap bermegi buýranda, sahabalar hem duşmana ok atyp başladylar. Söýgüli Pygamberimiz hezreti Sagt ibn Abu Wakkasy öz öňünde oturtdy. Örän ökde mergen bolan hezreti Sagt çaltlyk bilen, yzly-yzyna duşmana ok ýagdyryp başlady. Okdanyndan, ýagny ok gabyndan her oky çykaranda, ol: “Ýa Rebbim! Bu – Seniň okuň. Onuň bilen duşmany ur!” diýýärdi, Pygamberimiz bolsa: “Allahym! Sagdyň dogasyny kabul et! Allahym! Sagdyň okuny dogrula!… Dowam et, Sagt! Dowam et! Ejem-kakam saňa pida bolsun!” diýýärdi. Şeýdip, her ok atylanda, Pygamberimiz şol dogalaryny gaýtalaýardy.

Hezreti Sagdyň oklary gutaranda, söýgüli Pygamberimiz oňa öz oklaryny berip atdyrdy. Hezreti Sagt ibn Abu Wakkasyň her oky ýa bir duşmana, ýa-da onuň münen haýwanyna degýärdi.

Müşrikler ok atanlarynda, hezreti Abu Talha söýgüli Pygamberimiziň öňüni ýapyp, gelýän her oka öz bedeni we galkany bilen galkan bolýardy, arasynda bolsa duşmany aljyraňňylyga salýan nagra çekýärdi. Pygamberimiz: “Goşunyň içinde Abu Talhanyň sesi ýüz adamdan haýyrlydyr” diýdi. Abu Talha pursat tapdygyça müşriklere ok atmakdan saklanmaýardy, güýçli we örän çalt atýardy, atan oky boşuna gitmeýärdi. Resuly ekrem onuň atan oklary bilen gyzyklanyp, mübärek başyny ýokary galdyrdygyça, Abu Talha Resulullaha ok deger diýip gorkup, şeýle diýýärdi: “Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Mübärek başyňy galdyrma, saňa duşman oky degip, zyýan ýetirmesin! Bedenim seniň mübärek bedeniňe galkan we saňa pidadyr! Meni öldürmän, saňa ýetip bilmezler! Men ölmesem, saňa hiç zat bolmaz!…” Şeýdip, ol söýgüli Pygamberimizi öz janyndan ileri tutýardy.

Uhud meýdanynyň her ýerinde aýawsyz, aýylganç söweş bar güýji bilen dowam edýärdi, käbirleri atly, käbirleri pyýada iman bilen küfrüň göreşini alyp barýardylar. Hormatly sahabalar entek toplanyşyp bilmändiler. Pygamberimiziň töwereginde bary-ýogy otuz töweregi sahaba perwana ýaly aýlanýardy. Olar gelýän oklara, naýzalara, gylyç zarbalaryna öz bedenlerini galkan edýärdiler. Olaryň ýeke-täk arzuwy – Pygamberimiziň buýrugyny ýerine ýetirmek we oňa gelip biljek her dürli zyýany daşlaşdyrmakdy. Ýigitleriň serdary hezreti Hamza şol galmagalda Pygamberimizden aýrylyp galypdy. Ol bir märekäniň ortasynda iki elinde iki gylyç bilen söweşýärdi, “Allahu ekber!…” sesleri bilen duşmanyň ýüregine gorky salýardy. Şu wagta çenli ol ýeke özi otuz bir müşrigi öldüripdi, köpüsini bolsa golsuz ýa-da aýaksyz galdyrypdy. Ortasyna düşen müşrik sürüsini dargadyp duran pursatynda, Siba ibn Ummu Enmar: “Maňa garşy durup biljek ýigit barmy?” diýip, hezreti Hamzany meýdana çagyrdy. Hezreti Hamza: “Ýanyma gel, eý sünnetçi aýalyň ogly! Diýmek, sen Allaha we Onuň Resulyna garşy çykýarsyňmy, şeýlemi?” diýdi-de, oňa göz açdyrman, aýaklaryndan tutup ýere ýazdy.20 Hezreti Hamza onuň üstüne çöküp, kellesini göwresinden aýyrdy. Soňra ol garşydaky gaýanyň arkasynda entek musulman bolmadyk Wahşynyň elinde naýza bilen özüni nyşana alýandygyny gördi. Derrew onuň üstüne ýöneldi, emma öňündäki sil suwunyň açan çukuryna gelende, aýagy taýyp, arkan ýykyldy. Şol pursat garnynyň deňinden sowudy açyldy. Pursaty elden bermedik Wahşy naýzasyny zyňdy!… Naýza uçup gelip, hezreti Hamzanyň mübärek bedenine sançyldy we beýleki tarapyndan çykdy. Gahrymanlaryň beýigi: “Allahym!” diýip, şol ýere çökdi. Ol şehit boldy, küsän derejesine ýetdi. Allahu tagalanyň ýolunda, söýgüli Pygamberiniň ugrunda janyny pida etdi (radyýallahu anhu).

“Eý Sagt! Ejem-kakam saňa pida bolsun! Ýa Rebbim! Onuň oklaryny nyşanasyna ýetir we dogalaryny kabul et!” Hadysy şerif

Bu wagt duşman saplarynda biri: “Eý Kuraýş jemagaty! Garyndaşlyk haklaryny saklamaýan, kowmuňyzy bölen Muhammet bilen söweşmekden el çekmäň. Eger Muhammet halas bolsa, men halas bolmaýyn!…” diýip, müşrikleri Kainatyň Serwerine (sallallahu aleýhi we sellem) hüjüm etmäge öjükdirýärdi. Bu ses Asym ibn Abu Awfuň sesidi. Hezreti Abu Dujana bu sesi eşitdi. Ol söweşe-söweşe Asym ibn Abu Awfy tapdy we derrew öldürdi. Emma onuň arkasyndaky müşrik Magbet bar güýji bilen hezreti Abu Dujana gylyç salgady. Allahu tagalanyň bir ihsany bolup, duýdansyz we örän çalt hereket bilen ýere çöken Abu Dujana öldüriji zarbadan halas boldy. Ol derrew turup, Magbede gylyç urup, ony öldürdi.

Kuraýşly müşrikleriň nyşanasy Älemleriň Serweridi. Oňa ýakynlaşmak üçin olar bar güýçlerini sarp edýärdiler. Emma onuň töwereginde perwana ýaly aýlanýan, oňa bir zyýan ýeter diýen gorky bilen janlaryny pida etmekden zerre ýaly-da çekinmeýän şanly, şerefli sahabalaryny hiç geçip bilmeýärdiler. Bu otuz gahryman ýigit Resulullahyň öňünde şeýle diýdiler: “Ýa Resulallah! Ýanyňdan hiç aýrylmazlyk üçin ýüzlerimiz seniň mübärek ýüzüňiň öňünde galkan we gala; bedenlerimiz seniň mübärek bedeniňe pida; diňe sen aman bol!”

Müşrikler topar-topar bolup hüjüm edýärdiler. Älemiň buýsanjy Pygamberimiz bir topary görkezip, ýanyndaky, bedenlerini oňa galkan eden gahryman sahabalaryna: “Allahu tagalanyň ýolunda bedenini bize kim pida eder?” diýende, medineli bäş sahaba öňe okduryldy. Bu gahryman perwanalar Resulullahyň mübärek gözleriniň öňünde tekbir getire-getire, aýlana-aýlana söweşdiler. Ahyrynda olaryň dördüsi şol ýerde şehit boldy. Bäşinjisi on dört ýerinden ýaralanyp ýere ýykylanda, Älemleriň Serweri: “Ony meniň ýanyma getiriň” diýdi. Onuň bedeniniň her ýerinden gan akýardy. Söýgüli Pygamberimiz oturdy-da, mübärek aýaklaryny onuň başyna ýassyk etdi. Şol ýagdaýda şehit bolmak şerefine ýeten bu bagtly sahaba hezreti Umara ibn Ýezitdi.

Talha ibn Ubeýdullanyň gahrymançylygy

Müşrikler has golaýlaşan bir wagtda Pygamberimiz: “Bulary kim garşylar, kim saklar?” diýdi. Hezreti Talha ibn Ubeýdulla: “Men! Ýa Resulallah!” diýip, öňe atylmak isledi. Pygamberimiz: “Seniň ýaly ýene kim bar?” diýdi. Medineli sahabalaryň biri: “Ýa Resulallah! Men!” diýip rugsat sorady. Söýgüli Pygamberimiz: “Hany, sen garşyla” diýende, ol öňe okduryldy we müşrikleriň üstüne atyldy.

Ol deňi-taýy bolmadyk gahrymançylyklar görkezdi. Birnäçe imansyzy öldürenden soň, şehitlik şerbetini içdi.21 Resuly ekrem ýene: “Bulara kim garşy durar?” diýdi. Hemmeden öň ýene hezreti Talha çykdy. Pygamberimiz: “Seniň ýaly ýene kim bar?” diýip soranda, ensarlardan bir mübärek adam: “Men garşylaryn, ýa Resulallah” diýdi. Pygamberimiz: “Hany, olary sen garşyla” diýdi. Ol hem müşrikler bilen söweşe-söweşe şehit boldy. Şeýdip, şol pursat Pygamberimiziň ýanynda bolan ähli sahabalar söweşe-söweşe şehitlige ýetdiler.

Indi Kainatyň Soltany Pygamberimiziň ýanynda hezreti Talha ibn Ubeýdulladan başga hiç kim galmandy. Hezreti Talha Resulullaha bir zyýan ýeter diýip alada edip, dört tarapa ylgaýardy, kapyrlar bilen aýawsyz söweşýärdi. Onuň gylyjy beýle çalt salgamagy, bir pursatda Resulullahyň her tarapyndaky duşmana jogap gaýtarmagy, ok, naýza we gylyç zarbalaryna öz bedenini galkan etmegi deňi görülmedik wakady. Hezreti Talha perwana ýaly aýlanýardy, özüne degýän gylyçlara asla üns bermeýärdi. Onuň arzuwy – Kainatyň Soltanyny goramak, bu ýolda beýleki doganlary ýaly şehit bolmakdy. Bedeninde ýara almadyk ýeri galmandy, eşiginde gandan başga hiç zat görünmeýärdi. Muňa garamazdan, ol dört tarapa birden ýetişýärdi. Şol wagt Resuly ekremiň ýanyna hezreti Abu Bekir bilen hezreti Sagt ibn Abu Wakkas gelip ýetdiler.

Şol arada ýigitleriň serweri hezreti Talha gan ýitirmekden gyzgyn topraga ýykylyp, huşuny ýitirdi. Onuň her ýeri gylyç, naýza we ok zarbalaryndan deşik-deşikdi. Onuň altmyş alty uly we sanap bolmajak derejede köp ownuk ýarasy bardy. Söýgüli Pygamberimiz hezreti Abu Bekire derrew hezreti Talhanyň kömegine howlukmagy buýurdy. Abu Bekir Syddyk hezreti Talha özüne gelsin diýip, onuň mübärek ýüzüne suw sepdi. Hezreti Talha ibn Ubeýdulla özüne gelen badyna: “Eý Abu Bekir! Resulullah sag-salamatmy?” diýip, söýginiň we wepadarlygyň iň gözelini görkezdi. Resuly ekremi söýmek, janyny onuň mübärek bedenine pida etmek diňe şeýle bolar. Hezreti Abu Bekir: “Resulullah sag. Meni ol iberdi” diýende, Talha rahat dem alyp: “Allahu tagala tükeniksiz şükür bolsun. Ol sag bolsa, her musybat hiç zatdyr” diýdi. Şol wagt ýene birnäçe sahaba gelip ýetişipdi.

Älemleriň Serweri Muhammet Mustafa (sallallahu tagala aleýhi we sellem) hezreti Talhanyň ýanyna geldi. Ýaraly mujahyt Resulullahy sag-aman görüp, begenjinden aglady. Pygamberimiz onuň bedenini sypalandan soň, ellerini galdyryp: “Allahym! Oňa şypa ber, güýç bagyş et” diýip doga etdi. Resuly ekremiň bir mugjyzasy bolup, hezreti Talha sap-sagdyn bolup aýaga galdy we ýene duşman bilen söweşip başlady. Söýgüli Pygamberimiz ol hakda şeýle diýdi: “Uhud güni ýer ýüzünde sagymda Jebraýyldan, çepimde bolsa Talha ibn Ubeýdulladan başga maňa ýakyn hiç kimiň ýokdugyny gördüm”.22 “Ýer ýüzünde gezýän jennetlik bir adamy görmek isleýän Talha ibn Ubeýdulla tarap seretsin”.

“Talha bilen Zubeýr – jennetde meniň goňşularymdyr” Hadysy şerif

Bütin söweş meýdanynda çaknyşyk bar güýji bilen dowam edýärdi. Pygamberimiziň töwereginde Abu Dujana, baýdakdar Musgap ibn Umeýr, Talha ibn Ubeýdulla, Pygamberimizi goramak üçin yzky saplardan ylgap gelen Nesibe hatyn we birnäçe sahaba bardy. Olar Resulullah bilen bile müşriklere garşy söweşýärdiler. Başdan-aýak ýaragly, sowut we tuwulga geýen azgyn müşrik Abdylla ibn Huneýt söýgüli Pygamberimizi görende, atyna gamçy urup çapdyrdy. Ol: “Men – Zuheýriň ogly. Maňa Muhammedi görkeziň. Ýa men ony öldürerin, ýa-da onuň ýanynda ölerin!” diýip gygyrýardy. Ol atyny Pygamberimize tarap sürende, hezreti Abu Dujana onuň ýoluny kesip durdy we şeýle diýdi: “Hany, bärik gel! Men – öz bedenim bilen Muhammet aleýhisselamyň mübärek bedenini goraýan adam. Meni depelemän, oňa ýetip bilmersiň!” Atyň aýaklaryna gylyç urup, Abdylla ibn Huneýdi ýere ýykdy-da, gylyjyny galdyryp: “Al, bu-da – Hareşäniň oglundan!” diýip, bir uruşda ýere ýazdy. Bu wakany synlap duran Älemleriň Serweri: “Allahym! Hareşäniň oglundan (Abu Dujanadan) men nähili razy bolsam, Sen hem ondan şeýle razy bol!” diýip doga etdi.

Müşriklerden örän ökde mergen, atan her okuny nyşana degirýän okçy Malik ibn Zuheýr her ýerde Pygamberimizi gözleýärdi, pursat tapan badyna oňa ok degirmek isleýärdi. Ol Resulullaha has ýakyn geldi-de, ýaýyny çekip, söýgüli Pygamberimiziň mübärek başyny nyşana alyp, okuny atdy. Göz açyp-ýumasy wagt hem ýokdy. Hezreti Talha derrew aýasyny açyp, okuň garşysyna tutdy. Ok hezreti Talhanyň aýasyna sançyldy we elini parçalady. Barmaklarynyň ähli damarlary kesildi, eliniň süňkleri döwüldi. Bolup geçen zady Älemiň buýsanjy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hem görüp, örän gynandy we şeýle diýdi: “Eger (meni goramak üçin eliňi oka uzadanyňda) ‘Bismillähir-rahmänir-rahym’ diýen bolsaň, adamlar saňa seredip durka, perişdeler seni asmanlara göterjekdiler”.23

Mekge müşriklerinden Abdylla ibn Kamiýa, Ubeý ibn Halef, Utbe ibn Abu Wakkas, Abdylla ibn Şihab Zuhri atly dört müşrik Resuly ekremiň ömrüne kast etmek üçin ylalaşyp, kasam edipdiler. Bu gysyk pursatda Resulullah ýanyndaky birnäçe sahaba bilen duşmana garşy aýawsyz göreşýärdi. Pygamberimiziň öňünde baýdakdar hezreti Musgap ibn Umeýr bardy. Hezreti Musgap geýen sowudy sebäpli söýgüli Pygamberimize örän meňzeýärdi. Ol hem sag elinde yslam baýdagy bilen müşrikler bilen aýylganç göreşe giripdi. Şol wagt sowuda bürenen Ibn Kamiýa atly bolup, şol ýere golaýlaşdy. Ol: “Maňa Muhammedi görkeziň! Ol halas bolsa, men halas bolmaýyn!” diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, atyny Pygamberimize tarap sürdi. Hezreti Musgap bilen Nesibe hatyn oňa garşy durup, bedenlerini Pygamberimize galkan edip söweşip başladylar. Bu kapyra näçe gylyç ursalar hem, sowudy sebäpli täsir etmedi. Ibn Kamiýa Nesibe hatyna gylyç urup, egnini ýardy. Soňra hezreti Musgabyň baýdak tutan sag eline gylyç urdy. Sag eli kesilen Musgap ibn Umeýr öz janyndan ileri tutýan mübärek yslam baýdagyny ýere düşürmän, çep eline aldy.

Şol wagt ol manysy şeýle bolan aýaty kerimäni okaýardy: “Muhammet aleýhisselam – resuldyr. Ondan öň hem resullar gelipdir”.24 Bu gezek Ibn Kamiýa hezreti Musgabyň çep eline gylyç urdy. Çep eli hem kesilen şanly baýdakdar yslam baýdagyny henizem ýere düşürmedi. Gahryman sahaba baýdagy bilekleri bilen tutup, göwresine gysdy we ony pasyrdatmagyny dowam etdi. Şondan soň Ibn Kamiýa şanly sahabanyň bedenine naýzasyny sançdy. Ol hem beýleki ýoldaşlary ýaly şehit bolup, ahyrete göçdi.

Hezreti Musgap ýere ýykylanda, şanly yslam baýdagy ýere düşürilmedi: ony derrew Musgabyň keşbine giren bir perişde alyp galdy. Söýgüli Pygamberimiz: “Öňe, eý Musgap! Öňe!” diýende, baýdagy tutan perişde: “Men Musgap däl” diýdi. Şonda Kainatyň Soltany Pygamberimiz onuň perişdedigine düşünip, baýdagy hezreti Ala berdi.25

Ibn Kamiýa bolsa hezreti Musgaby Pygamberimiz öýdendigi üçin, howlukmaç müşrikleriň arasyna bardy we: “Muhammedi öldürdim!” diýip gygyryp başlady. Muny eşiden müşrikler maksatlaryna ýetmegiň lezzetinden has-da azgynlaşdylar. Wakanyň aslyny bilip bilmedik hormatly sahabalaryň bolsa eli-aýagy işlemez boldy. Töwerekde ýas howasy öwüsýärdi. Hatda hezreti Omaryň hem elleri sallanyp, ol ýoldaşlary bilen bolan ýerinde oturyp galypdy. Enes ibn Nadr olary şol ýagdaýda görüp: “Näme üçin otyrsyňyz?” diýip sorady.

Olar: “Resulullah şehit edilipdir!…” diýip jogap berdiler. Hezreti Enes şeýle diýdi: “Eger Resulullah şehit edilen bolsa, onuň Rebbi (Allahu tagala) bakydyr. Resulullahdan soň biz diri galyp näme ederis! Hany, turuň! Pygamberimiz haýsy maksat üçin söweşip, mübärek janyny pida eden bolsa, biz hem şol maksat üçin janymyzy pida edeliň”. Enes gylyjynyň gynyny döwdi26 we “Allahu ekber!…” sesleri bilen ýalaňaç gylyç bilen duşmanyň ortasyna çümdi. Kapyrlaryň köpüsini gyrdy we şehit boldy. Onuň diňe ýüzünde ýetmiş ýara bardy. Bedeninde sanap bolmajak derejede köp ýara bolandygy üçin, ony aýal doganyndan başga hiç kim tanap bilmedi.

Hormatly sahabalaryň köpüsi dargapdy, bir bölegi bolsa şehitlige ýetipdi. Olaryň şeýle dargamagyndan peýdalanan müşrikler Resuly ekremiň töweregine üýşdüler. Daş bilen, gylyç bilen iki jahanyň soltanyny şehit etmäge çalyşdylar. Onuň üstünde iki sowut bolandygy üçin, zarbalar täsir etmedi. Utbe ibn Abu Wakkasyň atan daşlary söýgüli Pygamberimiziň mübärek ýüzüne degdi we aşaky dodagyny ýaralady. Aşaky eňegindäki mübärek sag rebagyýýe, ýagny kesiji dişi döwüldi. Şol wagt Ibn Kamiýa diýilýän müşrik hem geldi we Älemleriň Serweriniň mübärek başyna gylyç urdy. Söýgüli Pygamberimiziň tuwulgasy ýaryldy, onuň iki halkasy mübärek çekgelerine batdy.

Ibn Kamiýanyň ýene bir gylyç zarbasy bilen ol mübärek egninden ýaralandy we musulmanlary düşürmek üçin Abu Amyryň gazan çuň çukuryna gapdaly bilen ýykyldy. Söýgüli Pygamberimiz haýyn Ibn Kamiýa hakynda: “Allahu tagala seni hor we perişan etsin!” diýip doga etdi. Ibn Kamiýa örän begenip: “Muhammedi öldürdim! Muhammedi öldürdim!…” diýip gygyra-gygyra Abu Sufýanyň ýanyna gitdi. Müşrikler maksatlaryna ýetipdiler! Indi olar Pygamberimiz bilen gyzyklanmaýardylar. Pygamberimiziň bolan çukurynyň töwereginden aýrylyp, hormatly sahabalar bilen söweşip başladylar.27

“Ýer ýüzünde gezýän jennetlik bir adamy görmek isleýän Talha ibn Ubeýdulla tarap seretsin” Hadysy şerif

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) çukura ýykylanda, onuň mübärek ýaňaklaryndan gan akýardy. Ol mübärek ellerini ýüzüne süýkände, elleriniň we mübärek sakgalynyň gana boýalandygyny gördi. Bir damja hem ýere düşmänkä Jebraýyl aleýhisselam ýetişip, şol mübärek gany alyp galdy we şeýle diýdi: “Ýa Habyballah! Allahu tagalanyň haky üçin, eger bu gandan bir damja ýere düşse, kyýamata çenli ýerde ot bitmezdi”. Älemiň buýsanjy Pygamberimiz: “Eger menden bir damja gan ýere düşse, asmandan azap iner. Ýa Rebbim! Kowmumy bagyşla! Çünki olar bilmeýärler” diýip, özüni öldürmäge synanyşan, mübärek bedenine gylyç uran, mübärek dişlerini döwen we mübärek ýüzüni gana boýan adamlaryň dogry ýola (hidaýata) gelmekleri üçin doga edýärdi.

Bu wagt hezreti Kagb ibn Malik: “Eý musulmanlar! Buşluk! Ine, Resulullah şu ýerde!…” diýip, gaty ses bilen gygyrýardy. Bu sesi eşiden şanly sahabalar täzeden direlen ýaly begenip, şol ýere ylgadylar. Hezreti Aly bilen Talha ibn Ubeýdulla derrew gelip, Pygamberimizi çukurdan çykardylar. Hezreti Abu Ubeýde ibn Jerrah söýgüli Pygamberimiziň mübärek çekgelerine batan tuwulga halkalaryny dişleri bilen çekip çykardy. Bu demir böleklerini çykaranda, onuň öz iki öň dişi hem çykdy. Hormatly sahabalardan hezreti Malik ibn Sinan Resulullahyň mübärek ýüzünden syzýan gany sordy. Şondan soň Pygamberimiz: “Gany meniň ganyma garyşan adama dowzah ody degmez” diýdi.

Müşrikler ýene üstlerine gelip başladylar. Hormatly sahabalar Pygamberimize täzeden gowuşmagyň begenji bilen bir pursatda Resulullahyň töwereginde halka bolup durdular we hiç bir müşrigi ýakyn goýbermediler. Müşrikler Pygamberimize indi hiç zat edip bilmejekdiklerine düşünip, dagyň depesine çykyp başladylar. Iki jahanyň soltany ýanyndaky hezreti Sagt ibn Abu Wakkasa: “Olary yzyna gaýtar” diýdi. Hezreti Sagt: “Ýa Resulallah! Meniň ýanymda bary-ýogy bir okum bar. Onuň bilen olary nädip yzyna gaýtaraýyn?” diýip soranda, Resuly ekrem şol bir buýrugy gaýtalady. Şondan soň okçylaryň piri hezreti Sagt ibn Abu Wakkas elini okdanyna salyp, okuny atdy. Nyşanasyna degen ok bir müşrigi ýykdy. Elini ýene okdanyna uzadanda, onda ýene bir okuň bardygyny gördi. Üns berip seretse, bu ok biraz öň atan okudy. Ýene bir müşrik öldi. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy. Bu – söýgüli Pygamberimiziň bir mugjyzasydy: hezreti Sagt her gezek okdanynda öňki atan okuny tapýardy. Adamlarynyň yzly-yzyna öldürilýändigini gören kuraýşlylar daga çykmakdan el çekdiler. Aşak düşüp, yza çekildiler.

Olaryň arasyndan Ubeý ibn Halef atyny Pygamberimize tarap sürüp: “Pygamberdigini öňe sürýän ol adam nirede? Garşyma çyksyn-da, meniň bilen söweşsin!” diýip gygyryp başlady. Hormatly sahabalar oňa garşy çykmak isleseler hem, söýgüli Pygamberimiz rugsat bermedi. Ol hezreti Harys ibn Simmäniň naýzasyny alyp, özi öňe çykdy. Pes Ubeý atyna gamçy urup: “Eý Muhammet! Sen halas bolsaň, men halas bolmaýyn!” diýip ýakynlaşdy. Ol başdan-aýak sowuda bürenipdi. Älemleriň Serweri elindäki naýzany Ubeýiň boýnuna zyňdy. Naýza uçup, tuwulgasy bilen sowudynyň ýakasynyň arasyndan onuň boýnuna sançyldy. Ubeý öküz ýaly bögürip, atyndan ýere togalandy. Onuň gapyrga süňkleri döwüldi. Müşrikler ony göterip alyp gitdiler. Ýolda ol: “Muhammet meni öldürdi!…” diýip gygyra-gygyra jan berdi. Resulullah ýanyndaky sahabalary bilen Uhudyň gaýalyklaryna tarap çykyp başlady. Gaýalaryň ýanyna baranda, ýokary çykmak isledi. Emma örän ýadandygy, üst-üstüne iki sowut geýendigi we mübärek bedenine ýetmişden gowrak gylyç urlandygy üçin, oňa güýji ýetmedi. Şondan soň hezreti Talha Pygamberimizi arkasyna alyp, gaýalaryň üstüne çykardy. Söýgüli Pygamberimiz: “Talha Resulullaha kömek edende, oňa jennet wajyp boldy” diýdi. Asla mejaly galmandygy üçin, ol öýle namazyny oturyp okady.

Dagyň eteklerinde sahabalar her biri bir arslana öwrülip, müşrikleriň üstüne atylýardylar. Pygamberimize gylyç uranlara olar dünýäni zyndana öwürdiler. Bir salymdan Hatyp ibn Beltaga söýgüli Pygamberimiziň ýanyna geldi we: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Saňa muny kim etdi?” diýip sorady. Pygamberimiz şeýle diýdi:

“Utbe ibn Abu Wakkas maňa daş atyp, ýüzüme degirdi we rebagyýýe dişimi döwdi”. Şondan soň hezreti Hatyp: “Ýa Resulallah! Ol haýsy tarapa gitdi?” diýip ýene sorady. Pygamberimiz onuň giden tarapyny yşarat bilen görkezdi. Hezreti Hatyp derrew şol tarapa ylgady. Gözläp-gözläp, Utbäni tapdy. Ony atyndan ýykyp, bir uruşda kellesini kesdi we kellesini Resulullahyň huzuryna getirip, buşluk berdi. Pygamberimiz: “Allahu tagala senden razy bolsun. Allahu tagala senden razy bolsun” diýip, oňa doga etdi. Jemlenip, täzeden hüjüme geçen hormatly sahabalaryň garşysynda müşrikler durup bilmediler. Otuza golaý öli berip, söweş meýdanyny taşladylar we Mekge tarap ýola düşdüler. Pygamberimiziň şehit bolandygy baradaky myş-myş Medinä ýetipdi. Hezreti Fatma, hezreti Aişe, Ummu Süleým, Ummu Eýmen, Hamne binti Jahş, Kugaýbe ýaly aýallar Uhuda ylgap geldiler. Hezreti Fatma kakasy Pygamberimizi ýaraly görüp aglady. Resulullah ony köşeşdirdi. Hezreti Aly galkany bilen suw getirdi. Fatma enemiz şol suw bilen Pygamberimiziň mübärek ýüzüni ýuwdy, ganlaryny ýuwup aýyrdy. Emma ýüzüniň gany durmaýardy. Hezreti Fatma bir bölek gamyş düşegini ýakyp, külüni ýara basanda, gan durdy.28

Soňra olar söweş meýdanyna düşdüler. Ilki ýaralylary tapyp, ýaralaryny daňdylar. Müşrikler käbir şehitleri tanalmaz ýagdaýa getiripdiler.

Olaryň gulaklaryny, burunlaryny we beýleki agzalaryny kesipdiler, garynlaryny ýarypdylar. Hezreti Abdylla ibn Jahş hem olaryň arasyndady. Bu ýagdaýy gören söýgüli Pygamberimiz we onuň sahabalary örän gynandylar. Sahabalaryň iň saýlantgylary şehitlik şerbetini içipdi, Uhudyň topragyny ganlary bilen suwaryp, jennete uçupdylar. Emma şehitlere edilen bu sütem çydar ýaly däldi. Pygamberimiz bilen bir hatarda ähli sahabalaryň hem içleri gamdan ezilýärdi. Bu görnüşiň öňünde Älemleriň Serweri aglady. Mübärek gözlerinden ýaş akyp durka, ol şeýle diýdi: “Men kyýamat güni şu şehitleriň Allahu tagalanyň ýolunda janlaryny pida edendiklerine şaýatlyk ederin. Olary ganlary bilen jaýlaň. Allaha kasam, kyýamat güni olar magşara29 ýaralaryndan gan akyp gelerler. Olaryň ganlarynyň reňki – ganyň reňki, ysy bolsa müşk ysy bolar”.

Soňra söýgüli Pygamberimiz: “Hamzany görmeýärin. Onuň haly näme boldy?” diýdi. Hezreti Aly gözläp, ony tapdy. Pygamberimiz şol ýere baryp, akyla sygmajak bir görnüşe gabat gelende, çydap bilmedi. Hezreti Hamzanyň gulaklary, burny we beýleki agzalary kesilipdi, ýüzi tanalmaz ýagdaýa getirilipdi, garny ýarylyp, bagry çykarylypdy. Pygamberimiz mübärek gözlerinden ýaş akyp durka, hezreti Hamzanyň jesedine ýüzlenip, şeýle diýdi: “Eý Hamza! Hiç haçan, hiç kim seniň ýaly musybata uçramady we uçramaz. Eý Resulullahyň kakasynyň dogany! Eý Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň arslany Hamza! Eý ýagşylyklar eden Hamza! Eý Resulullahy gorap gelen Hamza! Allahu tagala saňa rahmet etsin!…”

“Talha Resulullaha kömek edende, oňa jennet wajyp boldy” Hadysy şerif

Bu wagt garşydan howlukmaç, howsala içinde gelýän bir aýal göründi. Bu söýgüli Pygamberimiziň bibisi hezreti Safiýe enemizdi. Ol hem beýleki aýallar ýaly Resulullahyň şehit bolandygy baradaky myş-myşy eşidip, hemme zady unudyp, ylgap-ylgap Uhuda gelipdi. Resuly ekrem bibisini görüp, ol şehitleriň halyny görmäge çydamaz diýen pikir bilen, onuň ogly Zubeýr ibn Awwama: “Ejeňi yzyna gaýtar, doganynyň jesedini görmesin” diýdi. Hezreti Zubeýr ylgap ejesiniň ýanyna bardy. Mübärek hatyn tolgunyp: “Oglum! Resulullahdan habar ber!…” diýdi. Olaryň ýanyna hezreti Aly hem gelipdi. Ol: “Elhamdulilla30, Resulullah sag-aman” diýende, Safiýäniň göwni rahatlandy, emma ol: “Ony maňa görkeziň” diýmekden özüni saklap bilmedi. Hezreti Aly Älemleriň Serwerini yşarat bilen görkezdi. Hezreti Safiýe enemiz iki jahanyň güneşini sag-aman görüp, örän begendi we Allahu tagala hamd etdi. Bu gezek ol dogany hezreti Hamzanyň ýagdaýyny görmek üçin öňe ýöremek isledi. Ogly Zubeýr: “Ejejan! Resulullah size yzyňyza dolanmagy buýurýar” diýende, hezreti Safiýe şeýle diýdi: “Eger oňa edileni maňa görkezmezlik üçin yzyma dolanmaly bolsam, men eýýäm doganymyň jesediniň kesilip-dogralandygyny bildim. Ol bu ýagdaýa Allahu tagalanyň ýolunda uçrady. Biz bu ýolda mundan beterine hem razydyrys. Munuň sogabyny Allahu tagaladan garaşarys. Inşalla, sabyr edip çydarys”. Hezreti Zubeýr ibn Awwam gelip, muny habar berende, Pygamberimiz: “Onda goý, görsün” diýdi.

Hezreti Safiýe hezreti Hamzanyň jesediniň ýanynda oturdy we ses-üýnsüz aglady. Hezreti Safiýe gelende ýany bilen iki hyrka getiripdi. Olary çykaryp: “Bulary doganym Hamza üçin getirdim, ony bulara dolaň” diýdi. “Seýýiduş-şuhada”, ýagny şehitleriň serweri bolan hezreti Hamzany şol hyrkalaryň biri bilen kepenlediler.31 Habybullah Pygamberimiz baýdakdar Musgap ibn Umeýriň başujuna geldi. Hezreti Musgabyň elleri kesilipdi, köp ýerinden ýara alypdy. Töweregi gan köli ýalydy. Pygamberimiz bu ýerde hem örän gamlandy we bu eziz şehitlere ýüzlenip, Ahzab süresiniň 23-nji aýaty kerimesini okady, onuň manysy: “Möminleriň arasynda Allahu tagalanyň öňünde beren sözlerinde wepadarlyk görkezen şeýle ärler bardyr. Olaryň käbiri şehit bolýança söweşjekdigi barada beren sözüni ýerine ýetirdi (şehit boldy). Käbiri bolsa şehit bolmaga garaşýar. Olar beren sözlerini asla üýtgetmediler”. Soňra Pygamberimiz şeýle diýdi: “Allahu tagalanyň Resuly hem şaýatdyr: siz kyýamat güni Allahu tagalanyň huzurynda şehit bolup direlersiňiz”.

Soňra ol ýanyndakylara öwrülip şeýle diýdi: “Olary zyýarat ediň. Olara salam beriň. Allahu tagala kasam edýärin, kim olara bu dünýäde salam berse, kyýamatda bu eziz şehitler onuň salamyna jogap bererler”.

Hezreti Musgap ibn Umeýre kepen boljak hiç zat tapmadylar. Öz dony onuň mübärek bedenini doly örtmeýärdi. Baş tarapyny örtseler, aýaklary, aýak tarapyny örtseler, başy açyk galýardy. Habyby ekrem Pygamberimiz: “Baş tarapyny don bilen, aýaklaryny bolsa izhir oty bilen örtüň” diýdi.32

Ömrüni yslama hyzmat edip geçiren we bu ýolda şehitlik derejesine ýeten bu bagtly sahaba dünýäden ýarym kepen bilen aýryldy.33

Beýleki şehitleriň jynaza namazlary okaldy we olar ganly eşikleri bilen ikiden-üçden bir gabra goýlup jaýlandy (radyýallahu anhum). Uhud söweşinde ýetmiş adam şehit boldy. Olaryň altmyş dördüsi ensarlardan, altysy muhajyrlardandy.

Hormatly sahabalaryň köpüsiniň ýakynlary şehit bolupdy. Şonuň üçin olaryň köňülleri ýaralydy. Galanlary köşeşdirmek üçin Habyby ekrem Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Allaha kasam, sahabalarym bilen bile men hem şehit bolup, Uhud dagynyň gujagynda gijelemegi nähili isleýärdim. Doganlaryňyz şehit bolanlarynda, Allahu tagala olaryň ruhlaryny ýaşyl guşlaryň gursaklaryna goýdy.

Olar jennetiň derýalaryna gelip, suwlaryndan içýärler. Miwelerinden iýýärler. Jennetiň dört künjüni synlaýarlar. Gülüstanlarynda uçýarlar. Soňra Arşy aglanyň aşagynda asylan altyn çyralaryň içine girip, agşamlaýarlar. Beýle iýmitleriň we içgileriň hoşlugyny, gözelligini görenlerinde, olar: ‘Käşki, Allahu tagalanyň bize nämeler bagyş edendigini doganlarymyz bilsedi-de, jihatdan çekinmeselerdi, söweşmekden gorkup, duşmandan ýüz öwürmeselerdi’ diýýärler. Allahu tagala: ‘Men siziň ýagdaýyňyzy olara bildirerin’ diýdi”. (We Jenaby Hak aýaty kerime iberip, manysyna görä şeýle diýdi:) “Allahu tagalanyň ýolunda şehit bolanlary ölüler hasaplamaň! Tersine, olar diridirler, Rebbiniň huzurynda rysk berilýärler. Olar Allahu tagalanyň özlerine beren zady (şehitlik derejesi) bilen şatlyk içindedirler. Yzlaryndan entek olara goşulyp bilmedikler (şehit bolup) hakynda: ‘Olara hiç bir gorky ýokdur we olar gam hem çekmezler’ diýip buşluk bermek isleýärler. Olar Allahu tagaladan gelen nygmat we merhemet sebäpli, Allahu tagalanyň möminleriň sylagyny zaýa etmejekdigi baradaky buşluk bilen şatlanýarlar”.34 “Allahu tagala olara görnüp: ‘Eý gullarym! Janyňyz näme isleýär, aýdyň, size ony artygy bilen datdyraýyn’ diýýär. Olar: ‘Eý Rebbimiz! Seniň bize beren nygmatlaryňdan has üstün nygmat ýok, ony dilär ýaly. Biz jennetde isleýän zatlarymyzdan iýip ýörüs. Emma dilesek, ruhlarymyzyň bedenlerimize gaýtarylmagyny, dünýä dolandyrylmagymyzy we Seniň ýoluňda söweşip, täzeden öldürilmegimizi dileris’ diýýärler”.

Indi bu ýerde edere iş galmandy. Olar jemlenip, ýola taýýarlandylar. Jihady fi sebilillah, ýagny Allahu tagalanyň dinini ýaýmak üçin gelnen Uhudda taryhda deňi-taýy bolmadyk bir gazot bolupdy. Bu ýerde hormatly sahabalaryň gözüň görmedik, hyýala sygmajak köp gahrymançylyklaryna şaýat bolnupdy, kapyrlara ýene bir sapak berlipdi.

“Eý Hamza! Hiç haçan, hiç kim seniň ýaly musybata uçramady we uçramaz. Eý Resulullahyň kakasynyň dogany! Eý Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň arslany Hamza! Eý ýagşylyklar eden Hamza! Eý Resulullahy gorap gelen Hamza! Allahu tagala saňa rahmet etsin!…” Hadysy şerif

Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek sahabalary bilen nurly Medinä tarap ugrady. Harra diýilýän ýere gelenlerinde, ol sahabalaryny sapa düzdi, mübärek ellerini galdyryp, Allahu tagalanyň dergähine ýalbaryp, şeýle doga edip başlady: “Allahym! Hamd we sena iň köp Saňa mahsusdyr. Allahym! Seniň azaşmakda goýanyňy dogry ýola getirjek, dogry ýola getireniňi hem azdyrjak ýokdur… Allahym! Bize imany söýdür. Köňüllerimizi iman bilen beze. Bize küfri, azgynlygy we aşa geçmekligi ýigrendir. Bizi dinimize we dünýämize zyýanly zatlary bilýänlerden, dogry ýola ýetenlerden et. Allahym! Bizi musulman bolup ýaşat we musulman bolup öldür. Bizi salyhlaryň we ýagşylaryň toparyna goş. Çünki olar ne şereflerini we abraýlaryny ýitirenlerdendir, ne-de dinlerinden dänenlerdendir. Allahym! Seniň Resulyňy ýalana çykaran, Seniň ýoluňdan ýüz öwüren, Seniň Pygamberiň bilen söweşen kapyrlaryň jezasyny ber! Olara hak we hakykat bolan azabyňy iber!… Amin!”

Hormatly sahabalar hem: “Amin! Amin!” diýip, bu doga goşuldylar. Söýgüli Pygamberimiz sahabalary bilen Medinä golaýlaşypdy. Medinede galan aýallar, çagalar ýollara dökülip, howsala we gam bilen gelýän goşunyň içinde Kainatyň Serwerini görmäge çalyşýardylar. Onuň jahany ýagtyldýan nurly ýüzüni görenlerinde, Allahu tagala hamd etdiler. Soňra gözler goşuna dikilýärdi, kakalar, ärler, ogullar, daýylar we kakalarynyň doganlary gözlenýärdi. Görüp bilmeseler… gözýaşlaryny saklap bilmeýärdiler. Sahabalarynyň bu gamly halyny gören mähir-merhemet derýasy Resuly ekrem hem örän gynanýardy, mübärek gözlerinden ýaş akýardy.

Bir salymdan hezreti Sagt ibn Muazyň ejesi Kebşe hatynyň Pygamberimize ýakynlaşýandygy göründi. Uhudda onuň ogly Amr şehit bolupdy. Bagtly huzura gelende, ol şeýle diýdi: “Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Elhamdulilla, men seni sag-aman gördüm. Sen aman bolsaň, ähli musybatlar meniň üçin hiç zatdyr!” Jigerbendi ogly hakynda ol soramady. Söýgüli Pygamberimiz oňa ogly Amr üçin başsaglyk berenden soň, şeýle diýdi: “Eý Sagdyň ejesi! Saňa we onuň öý adamlaryna buşluk bolsun: olardan şehit bolanlaryň hemmesi jennetde jemlendiler we biri-birine ýoldaş boldular. Olar öz öý adamlaryna hem şepagat ederler”.

Kebşe hatyn: “Allahu tagaladan gelen her zada razydyrys, ýa Resulallah! Bu buşluklardan soň indi olar üçin kim aglar! Siz yzda galanlar üçin doga ediň” diýdi. Älemleriň Serweri şeýle doga etdi: “Allahym! Olaryň ýüreklerindäki gamy aýyr! Yzda galanlaryny hem yzda galanlaryň iň haýyrlysy et!”

Pygamberimiz beden isleglerine garşy göreşi göz öňünde tutup, sahabalaryna şeýle diýdi: “(Eý sahabalarym! Indi) kiçi jihatdan dolandyk, uly jihada başlarys”.35 Soňra ol her kime öýlerinde dynç almagy, ýaralylara ýaralaryny bejermegi maslahat berdi. Özi hem ýaralydy. Ol göni bagtly öýüne gitdi.

Hamraul-Esed ýörişi

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Medinä dolananda, müşrikleriň islendik pursatda yzyna gaýdyp, Medinä çozup gelmek ähtimallygy bolandygy üçin, çäre gördi.

Uhud söweşinden soňky duşenbe güni, özi ýaraly bolsa-da, musulmanlaryň düýnki söweşden ejizlemändigini görkezmek we duşmany gorkuzyp, olaryň Medinä gaýdyp gelmeginiň öňüni almak üçin, ol Bilal Habeşä şeýle diýdi: “‘Resulullah size duşmany yzarlamagy buýurýar! Düýn Uhudda biziň bilen bile söweşmedikler gelmesin, diňe söweşe gatnaşanlar gelsin!’ diý”. Bilal bu buýrugy sahabalara ýetirende, olaryň köpüsi ýaraly bolsa-da, derrew taýýarlandylar. Hatda agyr ýaraly bolan Abdylla we Rafyg atly doganlar Resuly ekremiň bu çagyryşyny eşiden badyna, ähli agyry-sanjylaryna garamazdan: “Resulullah bilen gazota çykmak pursatyny elden bererismi näme?!” diýip, mujahytlaryň saplaryna ylgadylar.

Söýgüli Pygamberimiz şanly sahabalary bilen müşrikleri yzarlap başlady. Rewha diýilýän ýerde olar müşrikleriň ýygnanyp, Medinäniň üstüne çozmak we musulmanlary ýok etmek kararyna gelendiklerini bildiler. Bu çäräniň hem Pygamberimiziň bir mugjyzasy bolandygy äşgär boldy.

Resuly ekremiň öz üstlerine gelýändigini eşiden müşrikler gorkup, bolan ýerlerini taşladylar we Mekgä dolandylar.36

Pygamberimiz olary Hamraul-Esed diýilýän ýere çenli yzarlady. Müşriklerden iki adam tutuldy. Musulmanlar şol ýerde üç gün galdylar, soňra Medinä dolandylar.

Allahu tagala Hamraul-Esede giden bu şerefli sahabalary aýaty kerimesinde manysyna görä şeýle öwdi: “Ýaralanandan soň hem Allahu tagalanyň we Onuň Pygamberiniň çagyryşyna howlukanlar üçin, aýratyn hem olardan ýagşylyk edip, ýamanlykdan saklananlar üçin örän uly sylag bardyr”.37

Uhudda söýgüli Pygamberimizi öldürmäge kasam edenlerden Ibn Kamiýa Mekgä dolanandan soň, bir gün goýunlaryna seretmek üçin daga çykdy. Dagyň depesinde goýunlaryny tapdy. Olaryň arasyndan bir goç çalt ylgap gelip, Ibn Kamiýany süsüp başlady. Süse-süse, ony parçalap öldürdi.

Abdylla Şihab Zuhrini hem Mekgä barýarka ak tegmilli bir ýylan çakyp öldürdi.

Pygamberimize kast edenleriň hemmesi bir ýylyň içinde jezalaryny görüp öldüler.

“Eý sahabalarym! Indi kiçi jihatdan dolandyk, uly jihada başlarys” Hadysy şerif

Dosty ýylan zäherin içse – abyhaýat bolar oňa,
duşmany suw içse, elbetde, ýylan zäherine döner suw.
Her damjasynda müň rahmet derýasy tolkun atar,
täret üçin elin uzadyp, gül ýüzüne alanda suw.
“Aýak tozanyna ýeteýin” diýip, asyrlarboýy yzygiderli
başyny daşdan daşa urup, sergezdan gezer suw.
Bosagasynyň topragyna zerre-zerre nur sepmek isläp,
ol bosagadan dänmez, parça-parça bolsa-da, suw.
Günäkärler biler: seniň nagtyňy gaýtalamak – derman,
edil serhoşuň humaryny ýazmak üçin
içişi ýaly suw.
Ýa Habyballah, ýa Haýrel-beşer, men saňa müştakdyryn,
teşnelikden ýanan dodaklaryň isleýşi ýaly suw.
Sen şol keramat derýasysyň: Miraj gijesinde
feýziňiň çygyny ýyldyzlara, seýýarelere ýetiripdir suw.