BEDR SÖWEŞI
Bu gazota Ikinji Bedr, Bedrul-Kytal we Bedri Kubra hem diýilýär. Seriýýelerde hormatly sahabalaryň üstünlik gazanmagy kapyrlary gorkuzyp başlady. Indi olaryň kerwenleri topar-topar bolup we ýanlarynda esgerler bilen ýola çykýardy. Hijretiň ikinji ýylynda mekgeli müşrikler her maşgaladan maýa ýygnap, müň düýelik bir kerweni Damaska iberdiler. Olaryň başynda Mekgäniň öňdebaryjy adamlaryndan Abu Sufýan durýardy, ol heniz musulman bolmandy.1 Kerweni goramak üçin kyrka golaý garawul hem bellenipdi… Mallar satylandan soň, ähli puluna ýarag satyn aljakdylar we bu ýaraglar musulmanlar bilen söweşde ulanyljakdy.
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) müşrikleriň uly bir kerweni söwda üçin Damaska iberendiklerini eşidende, olaryň ýagdaýyny anyklamak üçin muhajyrlardan birnäçe adama wezipe tabşyrdy. Olar Zul-Uşeýre diýilýän ýere baranlarynda, kerweniň geçip gidendigini bilip, Medinä dolandylar. Eger küfür ähliniň ýaraglary we mallary ellerinden alynsa, olar yslam ähline zyýan ýetirip bilmezdi we garşylyklary döwülerdi. Şonuň üçin Resulullah ýagdaýa baha berip, derrew söweşe taýýarlyk görüp başlady.
Pygamberimiz öz ornuna namaz okatmak üçin Abdylla ibn Ummu Mektumy galdyrdy.2 Talha ibn Ubeýdulla bilen Sagyt ibn Zeýd hezretlerini kerweniň dolanyşyny anyklamak üçin gözegçi edip iberdi.3 Hezreti Osmanyň aýaly agyr hassa bolany üçin, oňa Medinede galmagy buýurdy. Soňra ýene dört adama wezipe berdi. Şeýlelikde, wezipe berlenler sekiz adam boldy.
Bu pursaty elden gidermek bolmazdy. Pygamberimiz derrew taýýarlyk görüp, muhajyrlardan we ensarlardan üç ýüz bäş sahabany ýanyna alyp, mübärek Ramazan aýynyň on ikinji güni Bedre tarap ýola düşdi. Wezipe berlenler bilen bilelikde olaryň sany 313 adama ýetýärdi.4 Olaryň altmyş dördüsi muhajyrlardy.
Bedr – Mekgä, Medinä we Siriýa gidýän ýollaryň birleşýän ýeridi.
Bu ýörişe çykmak üçin täze ýetişen ýaşlar, hatda aýallar hem Pygamberimize ýalbarýardylar. Ummu Waraka Resulullahyň huzuryna gelip: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Rugsat berseňiz, siz bilen gitmek isleýärin. Ýaralylaryň ýarasyny sararyn, hassalara hyzmat ederin. Belki, Allahu tagala maňa-da şehitlik nesip eder!” diýende, Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem): “Sen öýüňde otur, Kurany Kerim oka. Şübhesiz, Allahu tagala saňa şehitlik nesip eder” diýdi.
“Sen (Ummu Waraka) öýüňde otur, Kurany Kerim oka. Şübhesiz, Allahu tagala saňa şehitlik nesip eder” Hadysy şerif
Bedr söweşiniň ugry
Sagt ibn Abu Wakkas şeýle gürrüň berdi: “Resulullah biziň bilen gazota gitmek isleýän çagalary yzyna gaýtarjak bolanda, men doganym Umeýriň bir tarapa gizlenmäge, göze görünmezlige çalyşýandygyny gördüm. Ol wagt ol on alty ýaşyndady. ‘Saňa näme boldy, näme beýle gizlenýärsiň?’ diýdim. ‘Resulullahyň meni hem kiçi görüp, yzyma gaýtarmagyndan gorkýaryn! Men bolsa gazota gatnaşyp, Allahu tagalanyň maňa şehitlik nesip etmegini isleýärin’ diýdi. Şol wagt ol hakda Resulullaha habar berlende, ol doganyma: ‘Sen yzyňa dolan’ diýdi. Şonda doganym Umeýr aglap başlady. Rehimdarlyk deryasy Habyby ekrem Pygamberimiz onuň gözýaşlaryna çydap bilmän, rugsat berdi. Doganymyň gylyjyny bolsa, ol özi guşanyp bilmänsoň, biline men daňypdym”.5 Älemleriň Serweri bolan söýgüli Pygamberimiziň baýdagyny Musgap ibn Umeýr, Sagt ibn Muaz we hezreti Aly göterýärdi.6 Hormatly sahabalaryň ýanynda diňe üç at we ýetmiş düýe bardy. Atlaryň biri Mikdadyňky, biri Zubeýriňki, biri-de Mersed ibn Abu Mersediňkidi. Iki ýa-da üç adam bir düýä nobatma-nobat münýärdi. Resulullah hezreti Aly, Abu Lubabe we Mersed ibn Abu Mersed bilen nobatma-nobat münýärdi. Emma olaryň hemmesi Resul aleýhisselam pyýada ýöremesin, hemişe düýäniň üstünde gitsin diýip: “Janymyz saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Siz düýeden düşmäň. Siziň ýeriňize biz pyýada ýöräris” diýip ýalbarýardylar. Emma Kainatyň Soltany özüni olardan tapawutly saýman: “Siz ýöremekde menden güýçli bolmaýşyňyz ýaly, men hem sogaba we sylaga sizden az mätäç däldirin” diýdi. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) we onuň beýik sahabalary çölde ýakyp barýan yssynyň astynda ýöreýärdiler. Üstesine, olar orazalydylar. Hormatly sahabalar yslamy ýaýmak üçin köp kynçylyklara çydap, Pygamberimiziň yzyndan söýgi we joşgun bilen barýardylar. Çünki ahyrynda Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň razylygy, olaryň gaty köp arzuw edýän şehitligi we jenneti bardy… Söýgüli Pygamberimiz sahabalarynyň ýagdaýyna seredip: “Allahym! Olar pyýadadyr. Sen olara münmäge ulag ber! Allahym! Olar ýalaňaçdyr. Sen olary geýindir! Allahym! Olar açdyr, olary doýur. Olar pakyrdyr, Öz fazlyň we keremiň bilen olary baý et!” diýip doga etdi.
Pygamberimiz we onuň mübärek goşuny bu güýçli yssylaryň astynda Bedre tarap barýarka, müşrikleriň Damaskdan gelýän kerweni hem Bedre ýakynlaşypdy. Pygamberimiziň kerwen hakda habar almak üçin iberen iki sahabasy kerweniň bir-iki günüň içinde Bedre gelip biljekdigini bilip, çalt yzlaryna dolandylar. Kerwendäkiler olaryň habar alan obasyna gelenlerinde, oba adamlaryndan: “Musulmanlaryň içalylaryndan habaryňyz barmy?” diýip soradylar. Olar: “Bilmeýäris. Emma iki adam gelip, şu ýerde biraz oturdy, soňra turup gitdi” diýdiler.
Abu Sufýan aýdylan ýere baryp barlanda, ýerdäki düýe tezeklerini ezdi we içinde iým çigitlerini gördi-de: “Bular Medinäniň iýmidir. Meniň pikirimçe, ol iki adam Muhammediň (aleýhisselam) içalylarydyr” diýdi. Musulmanlaryň gaty golaýdadygyny çaklap, uly gorka düşdi. Kerweniň soňy hakda aladalanyp, gije-gündiz ýöräp, wagt ýitirmän, Gyzyl deňziň kenary bilen Mekgä çalt gitmek kararyna geldi. Mundan başga-da, ýagdaýy habar bermek üçin Damdam ibn Amr Gyfary atly bir adamy Mekgä çapar edip iberdi.7
“Allahym! Olar (sahabalarym) pyýadadyr. Sen olara münmäge ulag ber! Allahym! Olar ýalaňaçdyr. Sen olary geýindir! Allahym! Olar açdyr, olary doýur. Olar pakyrdyr, Öz fazlyň we keremiň bilen olary baý et!” Hadysy şerif
Bu adam Mekgä gelende köýneginiň öňüni we arkasyny ýyrtdy. Düýesiniň palanyny tersine öwürdi. Geň bir görnüşde: “Kömek ediň! Kömek!.. Eý kuraýşlylar! Ýetişiň!.. Kerweniňize, Abu Sufýanyň ýanyndaky mallaryňyza Muhammet we onuň sahabalary hüjüm etdiler. Eger ýetişip bilseňiz, kerweniňizi halas edip bilersiňiz!..” diýip, nala-pygan edip gygyryp başlady.
Muny eşiden mekgeliler derrew ýygnanyp, taýýarlyklaryny gördüler. Ýedi ýüz düýeli, ýüz atly we ýüz elli pyýada esger ýygnadylar. Abu Lehebe: “Hany, sen hem goşul!” diýenlerinde, ol gorkusyndan keselini bahana etdi. Öz ornuna As ibn Hişamy iberdi. Umeýýe ibn Halef atly müşrik söweşe taýýarlanmakda örän haýal hereket edýärdi. Sebäbi ol Pygamberimiziň: “Meniň sahabalarym Umeýýäni öldürer” diýendigini eşidipdi. Onuň hiç haçan dogruçyllykdan daşlaşmaýandygyny bilýändigi üçin gorkýardy. Şonuň üçin Abu Jehiliň gyssamagyna garşy garrydygyny we gaty semizdigini bahana etdi. Emma Abu Jehil ony gorkaklykda aýyplansoň, gitmäge mejbur boldy.
Müşrik goşuny müň adama golaýdy. Hemmesi demir sowut geýipdi. Ýanlarynda owazy owadan aýallar bardy. Saz gurallaryny we içgi almagy hem unutmandylar. Şeýle güýçli goşun bilen üç ýüz adamy däl, hatda müň adamlyk goşuny hem bada-bat ýeňeris öýdýärdiler. Ýola çykmazdan öň kimleri öldürjekdiklerini, nähili olja aljakdyklaryny hasaplaýanlar hem bardy. Emma olaryň hemmesiniň iň uly arzuwy yslamy ortadan aýyrmakdy. Bu azgyn müşrik sürüsi aýallaryň kakýan depleri we aýdýan aýdymlary bilen ýola çykdy.
Şol aralykda Abu Sufýan Bedrden ep-esli daşlaşyp, Mekgä tarap köp ýol geçipdi. Howpuň sowlandygyna göz ýetirensoň, ol Kaýs ibn Imriul-Kaýs atly adamyny kuraýşlylara iberip: “Eý Kuraýş jemagaty! Siz kerweniňizi, adamlaryňyzy we mallaryňyzy goramak üçin Mekgeden ýola çykypdyňyz. Biz howpdan halas bolduk. Indi yzyňyza dolanyň!..” diýdi. Mundan başga-da: “Musulmanlar bilen çaknyşmak üçin Medinä gitmekden saklanyň!” diýip maslahat berdi.
Kaýs bu habary müşrik goşunyna getirende, Abu Jehil şeýle diýdi: “Kasam edýärin, biz Bedre baryp, üç gün, üç gije toý-tomaşa edip, düýe soýarys, şerap içeris. Töwerekdäki taýpalar bize tomaşa edip, halymyza höwes ederler we hiç kimden gorkmaýandygymyzy görerler. Mundan soň haýbatymyzdan hiç kim bize hüjüm etmäge het edip bilmez. Eý ýeňilmez Kuraýş goşuny! Öňe!..” Kaýs Abu Jehiliň söz diňlejek ýagdaýda däldigini görüp, yzyna dolandy we ýagdaýy Abu Sufýana habar berdi. Öňüni görýän we seresap adam bolan Abu Sufýan: “Wah! Kuraýşyň halyna ýazyk!.. Bu Amr ibn Hişamyň (Abu Jehiliň) meýilnamasydyr. Ol bu işi, hökman, adamlara baştutan bolmak höwesi bilen etdi. Beýle azgynlyk bolsa hemişe uly kemçilik we betbagtlykdyr. Eger musulmanlar olara duşsa, Kuraýşyň halyna waý!..” diýmekden özüni saklap bilmedi.
Abu Sufýan kerweni çalt Mekgä ýetirip, goşuna goşuldy. Şol aralykda kainatyň serweri Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalary bilen Bedre ýakynlaşýardy. Bir salym ol yslam goşunynyň arasynda medineli müşriklerden Hubeýp ibn Ýesaf bilen Kaýs ibn Muharrisi gördi. Hubeýbiň başynda demir tuwulga bolsa-da, ony tanady we hezreti Sagt ibn Muaza: “Bu Hubeýp dälmi?” diýdi. Ol hem: “Hawa, ýa Resulallah!” diýdi. Hubeýp söweş hünärini bilýän, gaýduwsyz bir pälwandy. Ol Kaýs bilen Resulullahyň mübärek huzuryna geldi. Pygamberimiz olara: “Siz biziň bilen näme üçin gelýärsiňiz?” diýdi. Olar hem: “Sen biziň gyz doganymyzyň oglusyň we goňşymyzsyň. Biz hem kowmumyz bilen bilelikde olja ýygnamak üçin gelýäris!” diýdiler. Pygamberimiz Hubeýbe: “Sen Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getirdiňmi?” diýende, ol: “Ýok” diýdi. Resul aleýhisselam: “Onda yzyňa dolan! Biziň dinimizde bolmadyk adam biziň bilen bile bolup bilmez!” diýdi. Hubeýp: “Meniň ýigitligimi, gahrymanlygymy we duşmanyň bagryny ýaralaýan bir pälwandygymy her kim bilýär. Olja üçin seniň ýanyňda duşmanyňa garşy söweşerin” diýdi. Pygamberimiz onuň kömegini kabul etmedi.
Biraz ýöränlerinden soň Hubeýp haýyşyny gaýtalady, emma Pygamberimiz musulman bolmaýança onuň isleginiň kabul edilip bilinmejekdigini bildirdi. Rewha diýilýän ýere gelenlerinde, Hubeýp Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) huzuryna gelip: “Ýa Resulallah! Allahu tagalanyň älemleriň Rebbidigine we seniň pygamberligiňe ynandym, iman getirdim” diýende, kainatyň serweri Pygamberimiz gaty begendi. Kaýs hem Medinä dolanandan soň iman bilen şereflendi (radyýallahu anhu).
Yslam goşuny Safra jülgesine gelende, mekgelileriň goşun düzüp, kerwenlerini halas etmek üçin Bedre tarap ýöreýändikleri barada habar aldy. Pygamberimiz sahabalaryny ýygnap, olar bilen bu ýagdaý barada maslahatlaşdy. Çünki medineli musulmanlar Akabada Resulullaha beýgat edenlerinde: “Ýa Resulallah! Sen biziň şäherimize gel. Seni ol ýerde, janymyzyň bahasyna bolsa-da, duşmanyňdan gorarys we saňa tabyn bolarys” diýip söz beripdiler. Emma indi olar Medineden daşaryk çykypdylar. Garşylarynda bolsa özlerinden san, ýarag we mal taýdan birnäçe esse köp, uly bir duşman goşuny durdy.
Resulullah sahabalaryndan pikirlerini soranda, muhajyrlardan Abu Bekir Syddyk we Omarul-Faruk aýry-aýry turup, duşman goşuny bilen söweşmelidigini bildirdiler. Ýene muhajyrlardan Mikdat ibn Eswet turup şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Allahu tagalanyň buýrugy näme bolsa, şony ýerine ýetir. Onuň permany bilen ýöre. Biz her pursat seniň bilendiris, bir pursat hem ýanyňdan aýrylmarys. Biz Ysraýyl ogullarynyň Musa aleýhisselama: ‘Eý Musa! Jebbarlar, zalymlar kowmy ol ýerde bolýança, biz ol ýere gitjek däl we ol ýurda hiç haçan girjek däldiris. Indi sen we Rebbiň bile gidiň-de, ikiňiz olar bilen söweşiň, çaknyşyň. Biz bu ýerde galyp oturarys…’8 diýişleri ýaly söz aýtmarys. Janymyzy we başymyzy Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň ýolunda pida ederis. Seni hak pygamber edip iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýäris: deňziň aňyrsyndaky Habeşistana iberseň-de, gideris. Saňa hiç haçan iň kiçi garşylyk hem görkezmeris. Her islegiňizi ýerine ýetirmäge taýýardyrys. Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah!..”
“Biziň dinimizde bolmadyk adam biziň bilen bile bolup bilmez!” Hadysy şerif
Bedr söweşi
Mikdadyň bu sözleri söýgüli Pygamberimizi gaty begendirdi, ol oňa haýyr-doga etdi.9
Bu ýerde medineli musulmanlaryň pikiri örän möhümdi. Çünki olar san taýdan hem köpdüler, Resulullahy Medinede goramak üçin söz hem beripdiler. Medineden daşarda söweşmek barada wadalary ýokdy. Bu pikir düşnükli bolansoň, ensarlardan Sagt ibn Muaz ýerinden turdy we: “Ýa Resulallah! Eger rugsat berseňiz, ensarlaryň adyndan gürläýin” diýdi. Rugsat berlensoň, ol şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Biz saňa iman getirdik, pygamberligiňi tassykladyk. Näme getiren bolsaň, hakdyr, dogrudyr. Bu babatda diňlemek we boýun bolmak üçin saňa berk söz berip, kasam etdik. Biz ol sözümizden hiç haçan dänmeris, nirä teşrip etseňiz-de, buýrugyňyza taýýardyrys. Buýrugyňyzy başymyzyň üstünde tutarys. Janymyzy we başymyzy ýoluňda pida ederis. Seni hak pygamber edip iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýäris: deňze çümseň, yzyňdan biz hem çümeris. Hiç birimiz mundan bir ädim hem yza galmarys. Mübärek göwnüňizde näme bar bolsa, buýur, biz şony tutarys. Malymyz hem janymyz bilen bilelikde pida bolsun. Duşmandan hiç haçan ýüz öwürmeris. Söweşde sabyrlydyrys. Umydymyz seni begendirip, razylygyňa ýetmekdir. Allahu tagalanyň rahmeti siziň üstüňizde bolsun…” Bu sözleri diňlän hormatly sahabalar gaty tolgundylar. Hemmesi bu sözlere jan-dilden goşulýandyklaryny bildirdiler. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) gaty razy boldy, hezreti Sagda we sahabalaryna doga etdi. Indi ähli ikirjiňlenmeler ortadan aýrylypdy. Duşman näçe köp, näçe güýçli bolsa-da, şanly sahabalar söýgüli Pygamberimiziň yzyndan göz gyrpman şehitlige ýörejekdiler, Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň razylygyny gazanjakdylar. Başlarynda Kainatyň Serweri bolanda, olaryň gitmejek ýeri ýokdy… Älemiň buýsanjy Pygamberimiz sahabalarynyň özüne bolan wepalylygyny we joşgunyny görüp, olara: “Hany, ýöräň! Allahu tagalanyň merhemeti bilen şat boluň. Allaha kasam edýärin, men häzir edil kuraýş kowmunyň söweş meýdanynda urlup ýykyljak ýerlerine seredip, olary görýän ýalydyryn!” diýip, buşlady. Bu buşlukdan soň hormatly sahabalar söýgi bilen Resulullahyň yzyndan ýöräp gitdiler.
Perişdeleriň kömege gelmegi
Bedriň töweregine ýetenlerinde, anna gijesidi. Söýgüli Pygamberimiz sahabalaryna: “Şu kiçi depäniň ýanyndaky guýynyň başyndan käbir maglumatlary bilip bilersiňiz diýip umyt edýärin” diýdi. Ol şol ýere Allahu tagalanyň arslany hezreti Alyny, Sagt ibn Abu Wakkasy, Zubeýr ibn Awwamy we käbir sahabalaryny iberdi. Hezreti Aly we onuň ýoldaşlary derrew guýynyň başyna bardylar. Ol ýerde kuraýşlylaryň düýekeşlerini we suwçularyny gördüler. Olar musulmanlary görüp gaçdylar. Emma olaryň ikisi tutuldy. Olaryň biri Hajjaj ogullarynyň guly Eşlem, beýlekisi bolsa As ibn Sagyt ogullarynyň guly Ariz Abu Ýesardy.
Olary Pygamberimiziň huzuryna getirenlerinde, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) olardan: “Kuraýş nirede?” diýip sorady. Olar: “Ine, görnüp duran gum depesiniň aňyrsyna düşlediler” diýip jogap berdiler. Pygamberimiz: “Kuraýş näçe adam?” diýip sorady. “Bilmeýäris” diýdiler. “Günde näçe düýe soýýarlar?” diýen soraga: “Bir gün dokuz, bir gün on” diýip jogap berdiler. Şonda Pygamberimiz: “Olar müňden az, dokuz ýüzden köpdür” diýdi. Ýene: “Kuraýşyň mertebeli adamlaryndan kimler bar?” diýip sorady. Olar: “Utbe, Şeýbe, Harys ibn Amr, Abul-Buhteri, Hakym ibn Hyzam, Abu Jehil, Umeýýe ibn Halef…” diýenlerinde, Resulullah sahabalaryna öwrülip: “Mekge halky size öz jigerbentlerini pida etdi” diýdi. Soňra ol iki adamdan: “Gelýärkäňiz Kuraýşdan yzyna dolanan boldumy?” diýip soranda, olar: “Hawa. Beni Zuhradan Ahnes ibn Abu Şerik yzyna dolandy” diýip jogap berdiler. Pygamberimiz: “Ol dogry ýolda bolmasa-da, ahyreti, Allahu tagalany we kitaby bilmese-de, Beni Zuhra taýpasyna dogry ýoly görkezipdir… Olardan başga yzyna dolanan boldumy?” diýip soranda: “Adi ibn Kagb ogullary dolandy” diýen jogaby aldy.10
“Ýa Resulallah! Allahu tagalanyň buýrugy näme bolsa, şony ýerine ýetir. Onuň permany bilen ýöre. Biz her pursat seniň bilendiris, bir pursat hem ýanyňdan aýrylmarys” Mikdat ibn Eswet (radyýallahu anhu)
Pygamberimiz kuraýşlylary soňky gezek duýdurmak üçin olara şertnama teklibi bilen hezreti Omary iberdi. Omar ibn Hattap olara şeýle diýdi: “Eý ters kowum! Resul aleýhisselam şeýle diýýär: ‘Her kim bu işden el çeksin we salamatlyk bilen yzyna dolansyn. Çünki sizden başgalar bilen söweşmek meniň üçin siz bilen söweşmekden has makbuldyr!..’”
Bu teklibe garşy kuraýşly müşriklerden Hakym ibn Hyzam öňe çykyp: “Eý Kuraýş jemagaty! Muhammet size örän insaply çemeleşdi. Onuň isleýänini derrew kabul ediň. Eger onuň aýdanyny etmeseňiz, kasam edýärin, mundan soň ol size hiç hili insap etmez!..” diýdi. Hakymyň bu sözüne gaharlanyp, Abu Jehil: “Biz muny hiç haçan kabul etmeris we musulmanlardan ar almaýança yzymyza dolanmarys. Goý, mundan beýläk hiç kim kerwenimize hüjüm edip bilmesin” diýdi we ýaraşyk ýollaryny ýapdy. Hezreti Omar yzyna dolandy.
Şol gije Pygamberimiz we onuň şanly sahabalary Bedre müşriklerden öň gelip, guýulara golaý bir ýere düşlediler. Pygamberimiz sahabalary bilen maslahatlaşyp, düşelgäniň nirede gurulmalydygy barada olaryň pikirini sorady. Olaryň arasyndan heniz otuz üç ýaşyndaky Hubap ibn Munzir turup, söz sorady. Rugsat berlensoň: “Ýa Resulallah! Bu ýer Allahu tagalanyň size düşelge gurmak üçin buýran we hökman galmaly ýerimi? Ýa-da şahsy pikir netijesinde, söweş çäresi hökmünde saýlandymy?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Ýok! Bu ýer söweş çäresi hökmünde saýlandy” diýdi.
Şondan soň hezreti Hubap şeýle diýdi: “Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah!
Biz söweşiji adamlardyrys. Bu ýerleri hem gowy bilýäris. Ine, kuraýşlylaryň düşjek ýeriniň golaýyndaky guýuda süýji we bol suw bar. Rugsat berseňiz, şol ýerde düşläliň. Töwerekdäki guýularyň hemmesini ýapalyň. Soňra bir howuz gazyp, içini suw bilen dolduralyň. Duşman bilen söweşýärkäk, suwsadygymyzça howzumyzdan gelip suw içeris. Duşman bolsa suw tapmaz we perişan bolar”.11 Şol wagt Jebraýyl aleýhisselam bu pikiriň dogrudygyny bildirýän wahyny getirdi. Pygamberimiz: “Eý Hubap! Dogry pikir seniň görkezen pikiriňdir” diýdi-de, ýerinden turdy. Hemmeler bilelikde görkezilen guýynyň başyna geldiler. Süýji suwly guýudan başga ähli guýulary ýapyp, uly bir howuz gazdylar. Içini suw bilen doldurup, içmek üçin gap-gaçlar goýdular.
Şol wagt hezreti Sagt ibn Muaz Pygamberimiziň mübärek huzuryna gelip: “Ýa Resulallah! Saňa hurma şahalaryndan içinde oturar ýaly bir saýawan ýasalyňmy?” diýip teklip etdi. Älemiň buýsanjy Pygamberimiz Sagdyň bu pikirinden razy boldy we oňa doga etdi. Derrew bir saýawan ýasaldy. Pygamberleriň soltany şerefli sahabalary bilen söweş meýdanyny aýlanyp, gözden geçirdi. Wagtal-wagtal durup, mübärek elleri bilen kuraýşly müşrikleriň öldüriljek ýerlerini birin-birin görkezip: “Inşalla, ertir irden pylanyň urlup ýykyljak ýeri şu ýerdir! Inşalla, ertir irden pylanyň urlup ýykyljak ýeri şu ýerdir! Ine, şu ýerdir! Şu ýerdir!..” diýdi.
Soňra hezreti Omar muny şeýle habar berdi: “Olaryň her biriniň Resuly ekremiň mübärek elini goýan ýeriniň edil üstünde urlup öldürilendigini gördüm. Olar ne biraz öňde, ne-de biraz yzdady”.
Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) hormatly sahabalary üç topara böldi. Muhajyrlaryň baýdagyny Musgap ibn Umeýre, ewslileriňkini Sagt ibn Muaza, hazrejlileriňkini bolsa Hubap ibn Munzire berdi. Her biri öz baýdagynyň astynda ýygnandy.12 Pygamberimiz goşuny hatara düzüp, tertibe saldy.
Goşuny tertibe salýarka, ol hatardan öňe çykan Sewat ibn Gaziýýäniň döşüne mübärek elindäki taýagy bilen degip: “Hatara dur, eý Sewat!” diýdi. Sewat: “Ýa Resulallah! Eliňizdäki taýak janymy agyrtdy. Seni hak din, Kitap we adalat bilen iberen Allahu tagalanyň haky üçin, men hem size taýak bilen şeýle degmek isleýärin” diýdi. Onuň bu sözüne ähli hormatly sahabalar haýran galdylar. Kainatyň Serwerinden kysas talap etmek bolarmy? Beýle zat edilip bilnermi? Resulullah bolsa mübärek köýneginiň öňüni açdy-da: “Hany, kysas et we hakyňy al” diýdi. Şonda hezreti Sewat uly şatlyk we söýgi bilen Habyby ekrem Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek döşüni ogşady.
Hemmeler kysasa garaşýarka, gören manzaralary garşysynda doganlary Sewada haýran galyp, onuň ýagdaýyna höwes etdiler. Söýgüli Pygamberimiz: “Näme üçin beýle etdiň?” diýip soranda, Sewat: “Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Şu gün Allahu tagalanyň emri bilen ajalymyň gelendigini görýärin we sizden aýrylmakdan gorkýaryn. Şonuň üçin aramyzdaky bu soňky minutlarda mübärek bedeniňize dodaklarymyň degmegini arzuw etdim. Muny kyýamat güni maňa şepagat etmegiňize, şeýdip azapdan halas bolmagyma sebäp etmek isledim” diýdi. Onuň bu söýgüsi garşysynda Pygamberimiz hem gaty tolgundy we hezreti Sewada doga etdi.
Mübärek yslam goşunynyň sag ganatyna gahryman mujahyt Zubeýr ibn Awwam, çep ganatyna bolsa Mikdat ibn Eswet serkerdelik etmelidi.13
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şerefli sahabalary bilen söweşe nähili başlamalydygy barada maslahatlaşmak isledi we: “Nähili söweşersiňiz?” diýip sorady. Asym ibn Sabit elinde ýaýy we oky bilen ýerinden turup, öz pikirini bildirdi: “Ýa Resulallah! Kuraýşlylar bize ýüz metre golaý ýakynlaşanlarynda, olary oka tutalyň. Soňra el bilen daş atymy aralyga gelenlerinde, daş atalyň. Naýza ýeter ýaly ýakynlaşanlarynda, naýzalarymyz döwülýänçä olar bilen göreşeliň. Soňra gylyçlarymyzy gynyndan sogrup söweşeliň!” Bu taktika Pygamberimiziň göwnünden turdy. Ol sahabalaryna şeýle görkezme berdi: “Hatarlaryňyzy taşlap aýrylmaň. Ýerleriňizden gymyldaman berk duruň. Men buýruk bermesem, söweşe başlamaň. Duşman size ýakynlaşmazdan öň oklaryňyzy ulanyp, isrip etmäň. Duşman galkanyny açanda, okuňyzy atyň. Duşman has golaý gelende, eliňiz bilen daş atyň. Ýakynlaşanlarynda, naýzalaryňyzy ulanyň. Duşman bilen döşme-döş gelnende, gylyçlaryňyz bilen söweşiň…”
“Inşalla, ertir irden pylanyň urlup ýykyljak ýeri şu ýerdir! Inşalla, ertir irden pylanyň urlup ýykyljak ýeri şu ýerdir! Ine, şu ýerdir! Şu ýerdir!..” Hadysy şerif
Soňra garawullar goýuldy we hormatly sahabalara dynç berildi. Allahu tagalanyň hikmeti bilen olar şeýle bir agyr uka gitdiler welin, hatda gabaklaryny hem galdyryp bilmeýän ýagdaýdadylar. Pygamberimiz hurma şahalaryndan ýasalan saýawana geçende, hezreti Abu Bekir, soňra Sagt ibn Muaz gylyçlaryny gynyndan sogrup, saýawanyň gapysynda garawul durdular. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek ellerini galdyryp, uly gaýgy içinde: “Ýa Rebbim! Eger Sen şu bir owuç jemagaty heläk etseň, indi ýer ýüzünde Saňa hiç ybadat edilmez…” diýip, Allahu tagalanyň dergähine ýalbaryp başlady. Bu dertli doga daň atýança dowam etdi.
Mübärek yslam goşunynyň düşelge guran ýeri çägelikdi. Şonuň üçin ýöremek kyndy, aýaklar guma batýardy. Allahu tagalanyň ihsany we Resulullahyň dogasynyň bereketi bilen şol gije barha güýçlenýän ýagyş ýagyp başlady, derelerden daşar ýaly sil akdy. Suw gaplary dolduryldy, ýer bolsa aýaklar batmaz ýaly gatady.
Müşrikler bolsa palçygyň we siliň içinde galdylar.
Daň atandan soň Resulullah sahabalaryny namaza oýardy.
Ertir namazyny okadandan soň, duşman bilen jihat etmegiň we şehitligiň fazyleti barada gürrüň berip, olary söweşe ruhlandyrdy. Ol şeýle diýdi: “Hakykatdan-da, Allahu tagala hak we dogry bolany buýurýar. Allahu tagalanyň razylygy üçin edilmedik hiç kimiň amalyny kabul etmeýär… Rebbimiziň bu ýerlerde size rahmetini we magfyratyny wada eden buýrugyny ýerine ýetirmäge çalşyň we synagdan geçiň! Çünki Onuň wadasy hak, sözi dogry, jezasy hem agyrdyr. Men hem, siz hem Haýý we Kaýýum bolan Allahu tagala baglydyrys. Oňa sygyndyk, Oňa ýapyşdyk, Oňa daýandyk. Iň soňky dolanyşymyz hem Oňadyr. Allahu tagala meni we ähli musulmanlary bagyşlasyn!..”
Mübärek Ramazan aýynyň on ýedisinde, anna güni, gün dogdy. Biraz soňra taryhyň iň rehimsiz, iň deňsiz, iň möhüm, iň uly söweşi başlanjakdy…
Bir tarapda älemiň buýsanjy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) we janyny pida etmekden zerre çenli-de çekinmeýän bir owuç şerefli sahabasy; beýleki tarapda bolsa yslamy bir çemçe suwda bogmak, Allahu tagalanyň habyby bolmak bilen şereflenen bir pygamberi ýok etmek üçin ýygnanan azgyn we çäkden çykan kapyrlar topary durdy. Gynansak-da, olaryň arasynda Resuly ekremiň garyndaşlary hem bardy. Olar hem söýgüli doganlarynyň ogly bilen söweşmek üçin Bedre gelipdiler.
Pygamberimiz goşunynyň tertibini täzeden gözden geçirip, beren görkezmelerini gaýtalady. Şol wagt kuraýşly müşrikler düşelgelerinden çykyp, Bedr jülgesine tarap akyp başladylar. Olaryň köpüsiniň üsti sowutlydy. Uly gurur we tekepbirlik bilen yslam goşunyna hüjüm etdiler. Resulullah müşrikleriň bu ýagdaýyny görende, hezreti Abu Bekir bilen çadyra girdi we mübärek ellerini galdyryp, Jenaby Haka ýalbaryp başlady: “Ýa Rebbim! Ine, kuraýşly müşrikler ähli gurur we tekepbirlikleri bilen gelýärler!.. Olar Saňa garşy çykýarlar, Pygamberiňi ýalana çykarýarlar. Allahym! Maňa beren kömek we ýeňiş wadaňy ýerine ýetirmegiňi Senden dileýärin!.. Allahym! Eger şu bir owuç musulmanyň heläk bolmagyny dileýän bolsaň, mundan soň Saňa ybadat edýän bolmaz!..”
Ol şeýdip, yzygiderli, gaýta-gaýta kömek diläp, Allahu tagalanyň dergähine ýalbarýardy. Pygamberimiziň bu örän dertli, içleri parçalaýan ýalbaryşy, ol özünden gidip, ýapynjasy mübärek egninden düşýänçä dowam etdi. Bu içgin ýalbaryşa çydap bilmedik hezreti Abu Bekir mübärek ýapynjany uly hormat bilen ýerden galdyryp, Pygamberimiziň mübärek egnine goýýarka, şeýle diýip teselli berdi: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Bu derejede ýalbarmagyňyz ýeterlik!.. Rebbiňe doga etmekde berk durduňyz! Hakykatdan-da, Allahu tagala saňa wada eden ýeňşini ýakyn wagtda berer”. Şol pursat Älemleriň Serweri şu aýaty kerimeleri okap, çadyrdan çykdy. Olarda manysyna görä şeýle diýilýär: “(Bedrdäki) bu topar ýakynda, hökman, derbi-dagyn bolar we arkalaryny öwrüp gaçarlar. Has dogrusy, olaryň hakyky azap wagty kyýamatdadyr. Ol wagtyň azaby has-da elhenç, has-da ajydyr”.14
Söýgüli Pygamberimiz goşunynyň başyna geldi. Şanly sahabalaryna şu aýaty kerimeleri okady: “Eý iman getirenler! Siz bir duşman topary bilen duşuşanyňyzda, berk duruň we halas bolmak üçin Allahu tagalany köp zikir ediň… Şeýdip, belki, siz felaha ýetersiňiz. Allaha we Onuň Resulyna boýun boluň. Araňyzda dawa-jenjele düşmäň, ýogsa şowsuzlyga uçrarsyňyz we eliňizdäki satwatyňyz (güýjüňiz, kuwwatyňyz) gider. Sabyr ediň. Çünki Allahu tagala sabyr edýänler bilendir”.15
Duşman bilen tutuş goşun bilelikde geçiriljek ilkinji söweş şu boljakdy. Söweş başlanjak bolup durdy. Tolgunma iň soňky çägine ýetipdi. Resuly ekrem “Allahu tagalany köp zikir ediň…” manysyndaky aýaty kerimäni okandan soň, ähli hormatly sahabalar bilelikde “Allahu ekber!.. Allahu ekber!..” diýip, ýeňiş bermegi üçin Jenaby Haka ýalbaryp başladylar. Indi olar Pygamberimiziň diňe bir yşaratyna garaşýardylar. Şol döwrüň däbine görä, iki goşun duşuşmazdan öň, iki tarapdan hem ýigitler meýdana çykyp, biri-biri bilen ýekebara söweşerdiler. Bu çaknyşykda iki tarapyň hem söweşmek gazaby we höwesi artardy, olar söweşe gyzyşardylar. Müşriklerden Amyr ibn Hadramy bu kada boýun bolman, ony depeläp, yslam goşunyna bir ok atdy. Ok muhajyrlardan Mihja degdi; ol şehit boldy we onuň mübärek ruhy jennete göterildi. Pygamberleriň serweri bu ilkinji şehit hakda: “Mihja – şehitleriň serweridir” diýip buşlady. Hormatly sahabalar ýerlerinde durup bilmez ýagdaýa geldiler. Emma Pygamberimizden buýruk gelmese, olar kiçijik hereket hem edip bilmeýärdiler.
“Ýa Rebbim! Ine, kuraýşly müşrikler ähli gurur we tekepbirlikleri bilen gelýärler!.. Olar Saňa garşy çykýarlar, Pygamberiňi ýalana çykarýarlar. Allahym! Maňa beren kömek we ýeňiş wadaňy ýerine ýetirmegiňi Senden dileýärin!..” Hadysy şerif
Olaryň her biriniň içi wulkan ýaly gaýnap başlady!..
Şol wagt müşrik goşunyndan üç adamyň öňe okdurylandygy göründi. Olar Rebiga ogullaryndan yslamyň gazaply duşmanlary Utbe, onuň dogany Şeýbe we ogly Welitdi. Olar mujahytlara tarap: “Araňyzda biziň bilen söweşip biljek adam barmy?” diýip gygyrdylar. Hormatly sahabalardan ilki bilen hezreti Abu Huzeýfe kakasy Utbä garşy söweşmek üçin öňe çykanda, Älemleriň Soltany oňa: “Sen dur!” diýdi. Şonda medineli mujahytlardan Afra hatynyň ogullary – Muaz bilen Muawwez we Abdylla ibn Rewaha öňe çykdylar. Olar Utbäniň, Şeýbäniň we Welidiň garşysynda durdular. Ellerinde gylyç, taýyn garaşýardylar.
Müşrikler: “Siz kim?” diýip, olaryň özlerini tanyşdyrmagyny islediler. Olar: “Biz medineli musulmanlardandyrys” diýende, müşrikler: “Biziň siz bilen işimiz ýok! Bize Abdylmuttalyp ogullary gerek. Biz olar bilen söweşmek isleýäris” diýdiler we yslam goşunyna öwrülip: “Eý Muhammet! Biziň garşymyza öz kowmumyzdan deňimiz bolanlary çykar!” diýip gygyrdylar.
Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) meýdandaky bu üç gaýduwsyz sahabasyna doga edenden soň, olara öz ýerlerine dolanmagy buýurdy. Soňra sahabalarynyň arasyna göz aýlap: “Eý Haşym ogullary! Turuň! Allahu tagalanyň nuruny batyl dinleri bilen söndürmek üçin gelenlere garşy Hak ýolunda söweşiň, çünki Allahu tagala Pygamberiňizi hem hut şonuň üçin iberdi. Tur, eý Ubeýde! Tur, eý Hamza! Tur, eý Aly!” diýdi.
Allahu tagalanyň arslanlary hezreti Hamza, hezreti Aly we hezreti Ubeýde tuwulgalaryny geýip, meýdana çykdylar. Olaryň garşysyna geçenlerinde, müşrikler: “Siz kim? Eger biziň deňimiz bolsaňyz, siz bilen söweşeris” diýdiler. Olar: “Men – Hamza! Men – Aly! Men – Ubeýde!” diýip jogap berenlerinde, müşrikler: “Siz hem biziň ýaly şerefli adamlarsyňyz. Siz bilen söweşmäge razydyrys” diýdiler. Gahryman yslam mujahytlary müşrikleri ilki imana çagyrdylar, emma olar kabul etmediler. Şondan soň üçüsi birden gylyçlaryny gynyndan sogrup, müşrikleriň üstüne topuldylar. Hezreti Hamza we hezreti Aly kapyrlar Utbe bilen Welidi bir hüjümde öldürdiler. Hezreti Ubeýde Şeýbäni ýaralady. Şeýbe hem Ubeýdäni ýaralady. Hezreti Hamza we hezreti Aly Ubeýdäniň kömegine ýetişip, Şeýbäni şol ýerde öldürdiler. Hezreti Ubeýdäni gujaklap, Resulullahyň huzuryna getirdiler.16 Hezreti Ubeýde ibn Harysyň mübärek topugyndan gan we ýilik akýardy. Ol bu ýagdaýyna hiç üns bermän: “Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Men şu ýagdaýymda ölsem, şehit dälmi?” diýip sorady. Pygamberimiz hem: “Hawa, sen şehitsiň” diýip, onuň jennetlikdigini buşlady. (Hezreti Ubeýde (radyýallahu anhu) söweşden dolanyp gelýärkä, Safra diýilýän ýerde wepat boldy.) Bu çaknyşykda üç möhüm adamyny ýitiren müşrikler aljyraňňy boldular. Şoňa garamazdan Abu Jehil goşunynyň ruhuny göterjek bolup: “Siz Utbäniň, Şeýbäniň, Welidiň ölendigine seretmäň, olar söweşde howlukdylar we biderek öldüler! Kasam edýärin, musulmanlary tutup, ýüplere daňmasak, yzymyza dolanmarys!..” diýip, teselli bermäge çalyşýardy. Gahryman hormatly sahabalar bolsa bu müşrik toparyny gylyçlary bilen tizden-tiz jezalandyrmak üçin sabyrsyzlanýardylar. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek dilinden düşürmeýän şu dogany gaýtalaýardy: “Allahym! Maňa beren wadaňy ýerine ýetir!.. Allahym! Şu bir owuç musulman jemagatyny heläk etseň, indi ýer ýüzünde Saňa ybadat etjek hiç kim galmaz!..”
Şol wagt müşrik hatarlaryndan kuraýşlylaryň iň batyr we iň mergen okçularyndan biri, heniz musulman bolmadyk hezreti Abu Bekiriň ogly Abdyrahman meýdana çykyp, ýekebara söweşmäge adam sorady. Iýul aýynyň bu günortan yssysynda mujahytlaryň hatarlaryndan hem bir adamyň derrew gylyjyna ýapyşyp, öňe çykandygy göründi. Bu adam ilkinji musulman bolmak we Syddyklyk derejesi bilen şereflenen, pygamberlerden soň ynsanlaryň iň beýigi, gahryman hezreti Abu Bekirdi… Ol ogluna garşy söweşmek üçin öňe okdurylypdy. Emma Älemleriň Serweri oňa: “Eý Abu Bekir! Seniň meniň görýän gözüm, eşidýän gulagym ýerindedigiňi bilmeýärmiň? Ýanymdan aýrylma! Bedenime we ýüregime gelýän her bir kynçylyk seniň mübärek ýüzüňi görmek bilen ýeňilleşýär. Seniň bilen ýüregim berkeýär” diýdi.
Şeýdip, ol ony söweşmekden saklady. Abu Bekir Syddyk ogluna: “Eý habys! Meniň bilen bolan garyndaşlygyň nirede galdy?” diýmekden özüni saklap bilmedi.
Soňra pygamberleriň soltany Habyby ekrem Pygamberimiziň ýere egilip, bir owuç gum alandygy göründi. Bu gumy duşmanyň üstüne sepip: “Ýüzleri gara bolsun!.. Allahym! Ýüreklerine gorky sal, aýaklaryna titreme ber!” diýdi we sahabalaryna öwrülip: “Hüjüme!.. Topulyň!” diýip buýruk berdi. Bir yşarata garaşyp duran şanly sahabalar öňünden berlen görkezmä görä hereket edip başladylar. “Allahu ekber!.. Allahu ekber!..” sesleriniň arasynda oklar wyzlap, daşlar nyşana degip, naýzalar sowutlara urlup başlady… Allahu tagalanyň arslanlary: hezreti Hamza iki eline alan iki gylyjy bilen söweşýärdi; hezreti Aly, hezreti Omar, Zubeýr ibn Awwam, Sagt ibn Abu Wakkas, Abu Dujana17 we Abdylla ibn Jahş müşrik hatarlarynyň bir çetinden girip, beýleki çetinden çykýardylar, kapyrlary aljyradýardylar. Olaryň her biri geçip bolmajak bir gala öwrülipdi. “Allahu ekber!.. Allahu ekber!..” sesleri älemi doldurýardy, Allahu tagalanyň şanynyň beýikligi kapyrlaryň kellelerine uly çekiç ýaly inýärdi. Pygamberimiz: “Ýa Haýýu! Ýa Kaýýum! Ýa Haýýu! Ýa Kaýýum!” diýip, Allahu tagalanyň dergähine ýalbarýardy. Hezreti Aly şeýle diýipdir: “Bedrde hemmämiziň iň batyry, iň gahrymany Resul aleýhisselamdy. Müşrik hatarlaryna iň ýakyn duran hem oldy. Kynçylyga düşenimizde, oňa sygynardyk”.
Müşrikler baştutanlary Abu Jehili ortalaryna aldylar. Olaryň arasyndan birini Abu Jehil ýaly geýindirip, oňa meňzetdiler. Bu nesipsiziň ady Abdylla ibn Munzirdi. Hezreti Aly Abdyllanyň üstüne topuldy we Abu Jehiliň gözüniň alnynda onuň kellesini kesdi. Soňra Abu Kaýsy geýindirdiler. Ony hem hezreti Hamza öldürdi.
Hezreti Aly bir müşrik bilen söweşýärdi. Müşrik gylyjyny hezreti Ala salgapdy, gylyç galkana çümüp galypdy. Hezreti Aly Zülfikaryny müşrigiň sowutly bedenine salgap, ony sowudy bilen bilelikde egninden döşüne çenli kesip barýarka, başynyň üstünde bir gylyjyň ýalpyldandygyny gördi. Ol çalt başyny egdi. Gylyjy ýalpyldadan: “Al! Bu hem Hamza ibn Abdylmuttalypdan!” diýende, müşrigiň kellesi tuwulgasy bilen bilelikde ýere gaçdy. Hezreti Aly öwrülip seredende, kakasynyň dogany hezreti Hamzanyň iki gylyç bilen söweşýändigini gördi. Pygamberimiz sahabalarynyň şeýle gaýduwsyz söweşýändigini gördügiçe: “Olar Allahu tagalanyň ýer ýüzündäki arslanlarydyr” diýip, olary öwýärdi.
“Allahym! Maňa beren wadaňy ýerine ýetir!.. Allahym! Şu bir owuç musulman jemagatyny heläk etseň, indi ýer ýüzünde Saňa ybadat etjek hiç kim galmaz!..” Hadysy şerif
Bir salym Pygamberimiziň ýanynda söweşýän hezreti Ukkaşäniň gylyjy döwüldi. Muny gören söýgüli Pygamberimiz ýerdäki bir taýagy alyp, oňa uzatdy we: “Eý Ukkaşe! Munuň bilen söweş!..” diýdi. Ukkaşe taýagy alan badyna, Pygamberimiziň mugjyzasy bolup, taýak uzyn, ýalpyldap duran, arkasynyň ortasy berk we ýiti bir gylyja öwrüldi. Ol bu gylyç bilen söweşiň ahyryna çenli köp müşrigi öldürdi.
Älemleriň Serweri Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) bir tarapdan söweşýärdi, beýleki tarapdan hem sahabalaryny joşdurýan şu mübärek hadysy şerifi aýdýardy: “Janym gudraty elinde bolan Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin: şu gün Jenaby Hakyň razylygyny umyt edip, sabyr we sebat görkezip söweşýänleri, arkalaryna öwrülmän öňe barýarka öldürilenleri Hak tagala, hökman, Öz jennetine salar”. Bu mübärek sözi eşiden Umeýr ibn Humam: “Nähili gowy! Nähili gowy! Diýmek, jennete girmegim üçin şehit bolmakdan başga zat gerek däl ekeni!” diýip, hüjümlerini has-da ýygjamlaşdyrdy. Ol bir tarapdan duşman bilen çaknyşýardy, beýleki tarapdan hem: “Allahu tagalanyň huzuryna maddy azyk bilen däl, diňe Hak tagaladan gorkmak, ahyret amaly, jihatda sabyr we sebat görkezmek bilen gidilýär. Mundan başga ähli azyklar, şübhesiz, gutarar, tükener!..” diýýärdi. Şeýdip, ol şehit bolýança söweşdi.
Söweş barha gyzyşdy!.. Bir sahabanyň üstüne azyndan üç müşrik birden hüjüm edýärdi. Olaryň her birine aýry gylyç ýetirmäge çalyşýan şanly sahabalary hiç zat gorkuzyp bilmedi. “Allahu ekber! Allahu ekber!..” diýdikçe, olar täzeden güýçlenýärdiler, gaýta-gaýta hüjüm etmekden ýadamaýardylar. Bir salym müşrikleriň hüjümi güýçlendi, hormatly sahabalar kyn ýagdaýa düşdüler. Şol wagt Resulullah hezreti Abu Bekir bilen hurma şahalaryndan ýasalan çadyryna girdi. Pygamberimiz ýene Allahu tagalanyň dergähine münajat edip başlady: “Ýa Rebbim! Maňa wada eden kömegiňi ber!..” diýip ýalbarýardy. Şol pursat wahy geldi. Onda manysyna görä şeýle diýildi: “Şol wagt siz Rebbiňizden kömek we ýeňiş dileýärdiňiz, Ol hem size: ‘Hakykatdan-da, Men size yzly-yzyna gelýän müň perişde bilen kömege ýetişerin’ diýip, bu islegiňize jogap berip, dogaňyzy kabul edipdi”.18 Pygamberimiz derrew ýerinden turdy we: “Buşluk, eý Abu Bekir! Saňa Allahu tagalanyň kömegi ýetişdi! Ine, şu Jebraýyldyr. Gum depeleriniň üstünde atynyň jylawyny tutup, ýaraglanyp, buýruga garaşýar” diýdi. Enfäl süresinde bildirilişi ýaly, Jenaby Hak perişdelere manysyna görä şeýle diýipdi: “Ýadyňa sal, Rebbiň perişdelere: ’Men siziň bilendirin (musulmanlara nusrat we kömek bermek babatda). Hany, möminleri (nusrat buşlugy bilen) goldaň, olara güýç-kuwwat beriň. Men häzir kapyrlaryň ýüreklerine dehşet we gorky salaryn. Olaryň boýunlarynyň üstüne uruň, el we aýak barmaklarynyň bognuny, birleşýän ýerlerini döwüň’ diýip wahy etdi. Çünki olar Allahu tagala we Onuň Resulyna garşy çykdylar. Kim Allahu tagala we Onuň Resulyna garşy çyksa (Onuň azabyna uçrar), Allahu tagalanyň jezasy örän agyrdyr!”19
Bu buýrukdan soň Jebraýyl, Mikaýyl we Ysrapyl aleýhimusselam ýanlaryna müňden perişde alyp, söýgüli Pygamberimiziň tertip bilen ýanynda, sagynda we çepinde orun aldylar.20
Jebraýyl aleýhisselam başyna sary selle oranypdy. Beýleki perişdeleriň başlarynda bolsa ak selleler bardy. Selleleriniň uçlaryny arkalaryna sallapdylar, ak atlara münüpdiler. Älemiň serweri Pygamberimiz sahabalaryna: “Perişdeleriň alamaty we nyşany bar. Siz hem özüňize bir alamat we nyşan ediň!” diýdi.
Zubeýr ibn Awwam başyna sary, Abu Dujana bolsa gyzyl mata bölegini selle edip orady. Hezreti Aly ak bir jyga, hezreti Hamza bolsa döşüne düýeguşunyň ganatyny dakdy. Perişdeleriň söweşe girmegi bilen ýagdaý bir pursatda üýtgedi. Hormatly sahabalar öňlerindäki kapyra heniz gylyç salgamankalar, onuň kellesi bedeninden aýrylyp ýere gaçýardy. Pygamberimiziň sagynda-çepinde, öňünde we arkasynda tanalmaýan adamlaryň müşrikler bilen söweşýändigi görünýärdi.
Hezreti Sehl şeýle gürrüň berdi: “Bedr söweşinde her birimiz bir müşrigiň kellesine gylyjymyzy salganymyzda, gylyç heniz nyşana ýetmänkä, onuň kellesiniň bedeninden aýrylyp, ýere togalanýandygyny görýärdik!..”
Abu Jehiliň öldürilmegi
Müşrikleriň baýdakdary Abu Aziz ibn Umeýr ýesir alyndy. Olaryň serkerdesi Abu Jehil bolsa kuraýşlylary ruhlandyrmak üçin yzygiderli goşgular okap, esgerleriniň ruhuny göterjek bolýardy. Ol ýaş ýigit ýaly hüjüm edýärdi, “Ejem meni şu günler üçin dogrupdyr!..” diýip öwünýärdi, ýaşlary ruhlandyrýardy. Müşriklerden Ubeýde ibn Sagyt başdan-aýak sowut geýipdi. Onuň diňe gözleri görünýärdi. Ol atynyň üstünde birde ol tarapa, birde bu tarapa öwrülip: “Men – Abu Zatul-Keriş! Men – Abu Zatul-Keriş!”, ýagny “men uly garynly, garnyň kakasy” diýip, özüçe meýdan okaýardy. Gahryman mujahyt hezreti Zubeýr ibn Awwam onuň ýanyna ýakynlaşyp, naýzasyny edil gözüne çenedi-de: “Allahu ekber!” diýip zyňdy. Nyşana degen naýza ony atyndan ýere ýykdy. Hezreti Zubeýr ylgap ýanyna baranda, Ubeýde ölüpdi. Aýagyny onuň ýaňagyna basyp, bar güýji bilen çekse-de, naýza zordan çykdy, ol egrelipdi. Hezreti Zubeýriň Bedr söweşinde görkezen gahrymançylygy örän uludy. Onuň bedeninde ýaralanmadyk ýer galmandy. Bu ýagdaýy ogly Urwa şeýle gürrüň beripdi: “Kakam üç sany agyr gylyç zarbasyny alypdy. Olaryň biri boýnundady. Ýara şeýle çuň yz galdyrypdy welin, men onuň içine barmagymy sokup bilýärdim”. Abdyrahman ibn Awf hem kuraýşlylar bilen rehimsiz söweşýärdi, alan ýaralaryndan akýan gana üns bermän, öňüne geleni ýykýardy. Hezreti Abdyrahman özüniň şaýady bolan bir wakany şeýle gürrüň berdi: “Bir salym öňümde hiç kim galmady. Sagyma-çepime seredenimde, ensarlardan iki ýigit gözüme ilişdi. Olaryň iň güýçlüsi we iň urujysy bilen bile bolmak isledim. Bu iki ýigidiň biri meni göz bilen synlady-da, maňa öwrülip: ‘Eý agam! Abu Jehili tanaýarsyňmy?’ diýip sorady. Men: ‘Hawa, tanaýaryn’ diýdim. ‘Eý doganymyň ogly, Abu Jehili näme etjek bolýarsyň?’ diýip soranymda, ol: ‘Maňa habar berişlerine görä, ol Resulullaha sögýän ekeni. Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, ony bir görsem, ony öldürýänçäm ýa-da özüm ölýänçäm hiç haçan ondan aýrylmaryn’ diýdi. Bir ýigidiň tolgunyp aýdan bu kesgitli we gaýratly sözüne, dogrusy, haýran galdym.
“Eý Abu Bekir! Seniň meniň görýän gözüm, eşidýän gulagym ýerindedigiňi bilmeýärmiň? Ýanymdan aýrylma! Bedenime we ýüregime gelýän her bir kynçylyk seniň mübärek ýüzüňi görmek bilen ýeňilleşýär. Seniň bilen ýüregim berkeýär” Hadysy şerif
Bu iki ýigidiň beýlekisi hem meni gözden geçirip, ol birisiniň aýdanyny aýtdy. Şol wagt men Abu Jehili gördüm! Ol Kuraýş goşunynyň içinde hiç durman, öňe-yza öwrülip ýördi. Men: ‘Eý ýigitler! Ine, ol o ýan-bu ýana howlukmaç ýören adam Abu Jehildir’ diýenimde, olar derrew gylyçlaryna ýapyşdylar we Abu Jehile tarap gitdiler.
Olar söweşip başladylar. Bu ýigitler Afra hatynyň ogullary – Muaz we Muawwez atly doganlardy”. Şol wagt hormatly sahabalaryň gahrymanlaryndan Muaz ibn Amr Abu Jehiliň ýanyna golaý barmaga mümkinçilik tapdy. Ol uzyn guýrukly atyň üstünde oturan Abu Jehiliň üstüne topuldy we bar güýji bilen onuň aýagyna gylyç bilen urdy. Abu Jehiliň aýagy ýere gaçdy. Şol wagt kakasynyň kömegine ýetişen, heniz musulman bolmadyk Ikrime hezreti Muaz ibn Amr bilen söweşip başlady.
Şol pursat Muaz bilen Muawwez doganlar laçyn ýaly öňe okduryldylar. Öňlerine geleni ýykyp, Abu Jehile ýetdiler. Öldi öýdýänçäler, ony gylyçlary bilen urdular.
Hezreti Muaz ibn Amr bolsa Ikrime bilen söweşende elinden we golundan ýaralanypdy. Onuň mübärek eli bilekden kesilip, derisinde salanyp galypdy. Söweşe berlip giden Muaz ibn Amryň eli bilen güýmenmäge, ony bejermek üçin daňmaga wagty ýokdy. Kesilen eli derisinde salanyp dursa-da, ol gahrymanlarça söweşýärdi.
Allahu ekber!.. Bu nähili güýçli iman!.. Bu nähili görmeli manzaradyr!.. Hezreti Muaz biraz wagt şeýle söweşenden soň, hereket etmek ukybynyň azalandygyny gördi. Munuň sebäbi kesilen elidi. Ol derrew ony aýagynyň astyna alyp, üzüp taşlady…21
Yslamyň gazaply duşmanlaryndan Nowfal ibn Huweýlit Kuraýşyň iň meşhur pälwanlaryndandy. Ol yzygiderli gygyrýardy, müşrik sürüsini tolgundyrmaga we gozgalaňa getirmäge jan edýärdi. Onuň bu ýagdaýyny görüp, Pygamberimiz: “Allahym! Nowfal ibn Huweýlide garşy maňa kömekçi bol. Onuň hakyndan gel” diýip doga edipdi. Allahu tagalanyň arslany hezreti Aly müşrik Nowfaly görüp, derrew onuň üstüne topuldy. Gylyjyny şeýle güýç bilen indirdi welin, aýaklary sowut bilen örtülendigine garamazdan, ikisi birden kesildi. Soňra gylyjyny boýnuna urup, kellesini bedeninden aýyrdy.22
Bilal Habeşini gyzgyn gumuň üstünde ýatyryp, döşüne ullakan daşlary goýan Umeýýe ibn Halef müşrikleriň iň gazaplylaryndandy. Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) azap bermek üçin her bir pursatdan peýdalanan bu uly yslam duşmany Bedr jülgesinde hem müşrikleri jemlemäge, yslamyň nuruny söndürmäge jan edýärdi. Onuň bu ýagdaýyny gören hezreti Bilal ýalaňaç gylyç bilen oňa ýakynlaşyp, garşysynda durdy-da: “Eý küfrüň başy Umeýýe ibn Halef!.. Sen halas bolsaň, men halas bolmaýyn!” diýip, hüjüm etdi. Bir tarapdan hem: “Eý ensar doganlar! Ýetişiň, küfrüň başy şu ýerde!” diýen badyna, hormatly sahabalar Umeýýäniň töweregini gabap, ony derrew öldürdiler.23
Müşrik goşunynda indi baştutan galmandy. Olaryň her biri näme etjegini bilmän, nirä düşse, şol ýere gaçjak bolýardy. Küfrüň galasy ýykylypdy. Şanly sahabalar yzarlamagy dowam etdiler. Müşrikleriň bir bölegi ýesir alyndy. Ýesirleriň arasynda söýgüli Pygamberimiziň kakasynyň dogany Abbas hem bardy.24
Ýeňiş iman getirenleriňkidi
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şanly sahabalaryndan: “Nowfal ibn Huweýlit hakda bir zat bilýän barmy?” diýip sorady. Hezreti Aly öňe çykyp: “Ýa Resulallah! Ony men öldürdim” diýdi. Bu habara gaty begenen söýgüli Pygamberimiz: “Allahu ekber!” diýip tekbir getirdi we: “Allahu tagala onuň hakyndaky dogamy kabul etdi” diýdi.
Umeýýe ibn Halefiň öldürilendigini aýdanlarynda-da, ol gaty begendi we: “Elhamdulilla! Allahu tagala şükürler bolsun. Rebbim Öz bendesini tassyklady, Öz dinini üstün etdi” diýdi.
Resuly ekrem Abu Jehil hakda: “Abu Jehil näme etdikä, oňa näme boldukka, kim baryp bir seredip geler?” diýip, ölüleriň arasyndan ony gözlemegi buýurdy. Gözlediler, tapmadylar. Pygamberimiz: “Gözläň, onuň hakda meniň sözüm bar. Eger ony tanap bilmeseňiz, dyzyndaky ýaranyň yzyna serediň. Bir gün men we ol Abdylla ibn Judganyň myhmançylygyndadyk. Ikimiz hem ýaşdyk. Men ondan biraz ulurakdym. Gysylyşanymyzda men ony itekledim. Ol dyzlarynyň üstüne ýykyldy. Dyzlarynyň biri ýaralandy we bu ýaranyň yzy onuň dyzyndan ýitmedi” diýdi.
Şondan soň Abdylla ibn Mesgut Abu Jehili gözlemäge gitdi. Ony ýaraly ýagdaýda tapdy we tanady. “Abu Jehil senmi?” diýdi. Onuň boýnuna aýagyny basdy. Sakgalyndan tutup çekdi-de: “Eý Allahu tagalanyň duşmany! Ahyrsoňy Allahu tagala seni horlap, kemsitdimi?” diýdi. Abu Jehil: “Näme üçin meni horlap, kemsitsin! Eý goýun çopany! Allah seni horlap, kemsitsin. Sen çykmasy örän kyn bir ýere çykypsyň! Sen maňa şu gün ýeňşiň we üstünligiň haýsy tarapdadygyny habar ber” diýdi. Ibn Mesgut hezretleri: “Ýeňiş Allahyň we Onuň Resulynyň tarapyndadyr” diýdi. Abu Jehiliň tuwulgasyny kellesinden çykaranda: “Eý Abu Jehil! Men seni öldürjek” diýdi. Abu Jehil: “Sen kowmuňyň ulusyny öldürenleriň ilkinjisi däl. Emma, dogrusy, seniň meni öldürmegiň maňa gaty agyr degjek. Hiç bolmanda, boýnumy döşüme ýakyn kes, kellem haýbatly görünsin!” diýip, küfrüniň, gururynyň we tekepbirliginiň nähili derejä ýetendigini görkezdi.
Ibn Mesgut Abu Jehiliň kellesini öz gylyjy bilen kesip bilmänsoň, Abu Jehiliň gylyjy bilen kesdi. Soňra onuň ýaragyny, sowudyny, tuwulgasyny we kellesini getirip, Pygamberimiziň öňünde goýdy-da: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Bu Allahu tagalanyň duşmany Abu Jehiliň kellesidir” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Ol Allah – Ondan başga ilah ýokdur” diýdi. Soňra turup, sahabalary bilen bilelikde Abu Jehiliň jesediniň ýanyna çenli bardy. Ol ýerde şeýle diýdi: “Seni horlap, kemsiden Allahu tagala hamd bolsun.
Eý Allahyň duşmany! Sen bu ymmatyň firgawunydyň”. Soňra: “Ýa Rebbim! Maňa beren wadaňy ýerine ýetirdiň” diýip, Allahu tagala şükür etdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ýaraly hormatly sahabalaryň ýaralaryny daňdyrdy. Şehit bolanlary anyklatdy. Muhajyrlardan alty, ensarlardan sekiz adam bolmak bilen, jemi on dört şehit berlipdi. Olaryň hemmesiniň mübärek ruhlary jennete uçup barýarka, yslamyň nuruny söndürmäge çalyşan müşriklerden ýetmiş adam öldürildi we ýetmiş adam ýesir alyndy. Resulullah ýeňşi buşlamak üçin Medinä Abdylla ibn Rewahany we Zeýd ibn Harysany iberdi. Pygamberimiz şehitleriň jynaza25 namazyny okap, olary gabyrlaryna jaýlatdy. Müşrikleriň jesetlerinden ýigrimi dördüsini suwsuz bir köne guýa, beýlekilerini bolsa bilelikde çukurlara taşlap, üstlerini doldurdylar. Älemleriň Serweri şerefli sahabalary bilen guýynyň başyna gelip: “Eý guýa taşlananlar!” diýdi. Soňra öldürilen müşrikleriň atlaryny kakalarynyň atlary bilen bilelikde sanap: “Eý Utbe ibn Rebiga! Eý Umeýýe ibn Halef! Eý Abu Jehil ibn Hişam!.. Siz öz Pygamberiňize nähili erbet kowum bolduňyz! Siz meni ýalana çykardyňyz, başgalar bolsa meni tassyklap, dogry diýdiler. Siz meni şäherimden, ýurdumdan çykardyňyz, başgalar bolsa maňa gapylaryny açyp, meni bagyrlaryna basdylar. Siz meniň bilen söweşdiňiz, başgalar bolsa maňa kömek etdiler. Rebbimiň wada edenine ýetdiňizmi? Men Rebbimiň wada eden ýeňşine ýetdim” diýdi.
“(Eý sahabalarym!) Perişdeleriň alamaty we nyşany bar. Siz hem özüňize bir alamat we nyşan ediň!” Hadysy şerif
Hezreti Omar: “Ýa Resulallah! Leş bolan adamlara gürleýärsiňizmi?” diýip sorady. Şonda Resuly ekrem: “Meni hak pygamber edip iberen Rebbimiň haky üçin aýdýaryn: siz meni olardan artyk eşitmeýärsiňiz. Emma olar jogap berip bilmeýärler” diýdi.
Söweş meýdanyndan janlaryny halas etmek üçin çalt gaçan müşrikler getiren zatlarynyň hiç birini alyp gidip bilmediler. Hemmesi musulmanlaryň eline geçdi. Pygamberimiz olja mallaryny Bedr söweşine gatnaşan we wezipeli bolan ähli sahabalaryna paýlady. Olar Bedrde ýene üç gije galyp, on dokuz günden soň Medinä dolandylar. Şol aralykda buşlukçy edip iberilen Abdylla ibn Rewaha bilen Zeýd ibn Harysa Medinä ýakynlaşypdylar. Ýekşenbe güni çaşt wagty Akyk diýilýän ýere gelenlerinde, olar aýryldylar. Abdylla ibn Rewaha bir tarapdan, Zeýd ibn Harysa bolsa başga bir tarapdan Medinä girdi. Olar öýme-öý aýlanyp, ýeňşi habar berýärdiler. Resulullahyň şahyry Abdylla ibn Rewaha ýokary ses bilen şu goşgyny okap, ýeňşi buşlaýardy:
Eý ensar jemagaty! Size buşlaýaryn:
Sag-aman, salamatdyr Allahyň Pygamberi.
Müşrikler öldürildi, ýesir alyndy olar,
Ýesirleriň içinde köp meşhur kişiler bar.
Rebiga we Hajjajyň ogullary bütinleý
Öldürildi Bedrde, Abu Jehil – Amr ibn Hişam hem.
Hezreti Asym ibn Adi: “Eý Ibn Rewaha! Aýdýanyň dogrumy?” diýip sorady. Abdylla ibn Rewaha: “Hawa, Allaha kasam, dogrudyr! Inşalla, ertir Resulullah hem elleri daňylan ýesirler bilen bilelikde geler!” diýdi.
Hezreti Rukaýýanyň wepaty
Şol gün söýgüli Pygamberimiziň gyzy hezreti Rukaýýa (radyýallahu anha) wepat bolupdy. Onuň äri hezreti Osman jynaza namazyny okadypdy. Bu gaýgynyň üstüne gelen ýeňiş habary olaryň göwnüni biraz ýeňilletdi.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalary bilen bilelikde özüne Bedr ýeňşini ihsan eden Allahu tagala hamd edip, şükür seždesini etdi. Soňra ýesirler bilen bilelikde Medineýi münewwerä tarap ýola düşdi.
Öňräk buşluk habaryny ýetiren Abdylla ibn Rewaha bilen Zeýd ibn Harysa Bedr söweşinde bolup geçenleri we kimleriň şehit bolandygyny gürrüň beripdiler. Medinede galan çagalar, aýallar, wezipeliler ýeňşe gaty begenipdiler. Olar Pygamberimizi garşylamaga çykdylar. Şehit bolanlaryň arasynda Harysa ibn Suraka hem bardy. Hezreti Harysanyň ejesi Rubeýýi oglunyň howuzdan suw içip durka, bir duşman okuna uçrap şehit bolandygyny bilipdi. Rubeýýi enemiz bu habary eşidende: “Resul aleýhisselam gelmese, oglum üçin aglamaryn. Ol bagt bilen Medinä teşrip edende, ondan soraryn. Eger oglum jennetde bolsa, hiç aglamaryn. Eger dowzahda bolsa, gözlerimden ýaşyň ýerine gan dökerin” diýipdi.
Söýgüli Pygamberimiz mübärek hormatly sahabalary bilen Medinä teşrip edende, Rubeýýi onuň huzuryna baryp: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Oglum Harysany nähili söýýändigimi bilýärsiň. Ol şehit bolup, jennete girdimikä? Eger şeýle bolsa, sabyr edeýin. Eger beýle bolmasa, gözümden ganly ýaş dökeýin” diýdi. Habyby ekrem Pygamberimiz oňa: “Eý Ummu Harysa! Seniň ogluň bir däl, birnäçe jennetdedir. Onuň ýeri Firdewsdir” diýip buşlady. Şondan soň Rubeýýi: “Indi oglum üçin aglamaryn” diýdi. Kainatyň Soltany bir gapda suw isledi. Rehim edip, mübärek elini suwa salyp çykardy. Bu suwy hezreti Harysanyň ejesine we gyz doganyna içirdi. Mundan başga-da, bu suwy olaryň başlaryna we ýüzlerine çaldy. Şol günden soň Rubeýýiniň we onuň gyzynyň ýüzleri örän nurlydy. Ömürleri hem örän uzyn boldy. Kainatyň mugallymy (Hojaýy kaýinat) Pygamberimiz (aleýhi efdalussalawat) Medinä getirilen ýetmiş ýesiri sahabalarynyň arasynda paýlap, olara gowy garalmagyny buýurdy. Ýesirleriň ykbaly barada Allahu tagaladan heniz wahy gelmändi. Resulullah sahabalary bilen maslahatlaşandan soň, ýesirleri fidýe tölegi bilen azat etmek kararyna geldi.
Her ýesiriň baýlygyna görä fidýäniň mukdary kesgitlendi. Puly bolmadyklardan okap-ýazmagy bilýänler Medinede okap-ýazmagy bilmeýän on adama okamagy we ýazmagy öwretmelidi, şondan soň Mekgä gidip bilerdiler. Pygamberimiz ýesirleriň arasynda bolan kakasynyň dogany Abbasa: “Eý Abbas! Özüň üçin, doganyňyň ogly Ukaýl (Akyl) ibn Abu Talyp we Nowfal ibn Harys üçin halas puluny töläň. Çünki sen baýsyň” diýdi. Hezreti Abbas: “Ýa Resulallah! Men musulman. Kuraýşlylar meni zor bilen Bedre getirdiler” diýdi. Resulullah: “Seniň musulmanlygyňy Allahu tagala bilýär. Eger dogry aýdýan bolsaň, Allahu tagala saňa, elbetde, onuň sogabyny berer. Emma sen daşky görnüşden biziň garşymyzdasyň. Şonuň üçin halas puluňy tölemelisiň” diýdi. Abbas: “Ýa Resulallah! Menden olja edip alan 800 dirhemiňizden başga baýlygym ýok” diýende, Pygamberimiz: “Eý Abbas! Onda ol altynlar hakda näme üçin aýtmaýarsyň?” diýdi. Ol: “Haýsy altynlar?” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Hany, sen Mekgeden çykjak günüň aýalyň – Harysyň gyzy Ummul-Fadla beren altynlaryň! Olary berýärkäň, ýanyňyzda sizden başga hiç kim ýokdy. Sen Ummul-Fadla: ‘Bu ýörişde başyma näme geljegini bilmeýärin. Eger bir bela uçrap, dolanyp bilmesem, şunçasy seniňki, şunçasy Fadl üçin, şunçasy Abdylla üçin, şunçasy Ubeýdulla üçin, şunçasy Kusem üçin’ diýen altynlaryň” diýende, hezreti Abbas aňk-taňk boldy we: “Kasam edýärin, men bu altynlary aýalyma berenimde, ýanymyzda hiç kim ýokdy. Muny nireden bilýärsiňiz?” diýdi. Pygamberimiz: “Allahu tagala habar berdi” diýende, Abbas: “Seniň Allahu tagalanyň resulydygyňa we dogry aýdýandygyňa şaýatlyk edýärin” diýip, kelimeýi şahadat getirdi.26 Hezreti Abbas musulman bolansoň, Pygamberimiz oňa Mekgede wezipe berdi: ol ýerdäki musulmanlary goramagy, yslama duşman bolanlar barada habar iberip durmagy buýurdy.
“Meni hak pygamber edip iberen Rebbimiň haky üçin aýdýaryn: siz meni olardan (müşrikleriň jesetlerinden) artyk eşitmeýärsiňiz. Emma olar jogap berip bilmeýärler” Hadysy şerif
Bedr söweşinde ýeňlen kuraýşlylara habar iberildi we olara ýesirlerini fidýe tölegi bilen alyp gidip biljekdikleri bildirildi. Emma hijretden öň pygamberleriň serwerine köp azap-jebir beren Nadr ibn Harysyň boýny uruldy. Şeýle hem Resul aleýhisselam Käbede namaz okaýarka, onuň mübärek arkasyna düýäniň içege-garnyny goýmak ýaly betbagtlygy görkezen pes Ukbe ibn Abu Mugaýt öldürildi. Bu gazaply yslam duşmanynyň kellesi bedeninden aýrylanda, Resulullah Allahu tagala hamd etdi. Onuň ýanyna baryp: “Allaha kasam, Allahu tagalany, Onuň Resulyny we Kurany Kerimi inkär eden, Onuň pygamberini azapdan azaba salan seniň ýaly erbet adamy bilmeýärin” diýdi.
Ýesirler, eýeleri tarapyndan fidýe tölenip alynýança, hormatly sahabalaryň (aleýhimur-rydwan) ýanynda galdylar. Sahabalaryň hemmesi ýesirlere örän gowy çemeleşip, olary öz iýmitlerine şärik etdiler.
Musgap ibn Umeýriň dogany Abu Aziz ýesirleriň arasyndady. Ol şeýle gürrüň berdi: “Men hem medineli bir musulmanyň öýünde ýesirdim. Olar maňa örän gowy garaýardylar: ertir we agşam iýjek çöreklerini maňa berýärdiler, özleri bolsa diňe hurma iýmäge mejbur bolýardylar. Olaryň biriniň eline bir bölek çörek düşse, göni maňa getirip berýärdi. Men utanyp, çöregi getirene gaýtaryp berýärdim. Emma ol çöregi ýene maňa gaýtarýardy”.
Ýene ýesirlerden Ýezit atly bir kuraýşly şeýle gürrüň berdi: “Musulmanlar Bedrden Medinä gelýärkäler, bizi – ýesirleri haýwanlara mündürdiler, özleri bolsa pyýada ýöräp geldiler”.
Ýesirleriň arasynda Hatyjanyň (radyýallahu anha) gyz doganynyň ogly, Pygamberimiziň giýewisi Abul-As ibn Rebig hem bardy. Abul-As Mekgäniň täjirlerindendi, köp maly bardy. Ol ynamdarlygy we dindarlygy bilen meşhurdy. Mekgeden ýesirleriň fidýesi iberilende, hezreti Zeýnep fidýäni doldurmak üçin ejesiniň oňa toýunda sowgat beren boýun monjugyny hem iberipdi. Fidýeler gelende, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) boýun monjugyny tanady we şeýle diýdi: “Eý meniň sahabalarym, eger mynasyp görseňiz, gyzym Zeýnebiň ýesirini fidýesi bilen bilelikde oňa iberiň”. Sahabalar razy boldular. Zeýnebi Medinä ibermek şerti bilen Abul-Asa maly bilen Mekgä gitmäge rugsat berildi. Abul-As Zeýnebi we onuň ýanyndakylary dogany Kinäne bilen bilelikde ýola saldy. Muny eşiden müşrikler gazaplanyp, adamlaryndan birnäçesini olaryň yzyndan iberdiler. Olar Zi Tuwada yzlaryndan ýetdiler. Hebbar ibn Eswet naýzasyny zyňanda, düýe ürküp, hezreti Zeýnebi üstünden ýere ýykdy. Kinäne oklaryny öňüne döküp, kim Zeýnebe kast etse, ony ok bilen heläk etjekdigini aýtdy. Ol Zeýnebi Mekgeden çykaryp, menzile ýetirdi. Hezreti Zeýnep alan ýaralaryndan syrkawlady. Ol göwrelidi, Medinä baranda çagasyny düşürdi. Resul aleýhisselam muny eşidende gaty gynandy.
Müşrikleriň Bedrde ýeňlip, perişan ýagdaýda söweş meýdanyndan gaçmagy Mekgede uly aljyraňňylyk döretdi. Olaryň hiç garaşmadyk, hatda akyllaryna-da getirmedik netijesi ýüze çykypdy. Habary ilkinji getireniň sözlerine Abu Leheb we beýleki müşrikler ynanmadylar. Söweş meýdanyndan gaçan Abu Sufýan Mekgä gelende, ony derrew ýanlaryna çagyrdylar. Abu Leheb ondan: “Eý doganymyň ogly! Hany, gürrüň ber, nähili boldy?” diýip sorady. Abu Sufýan ol ýerde bir ýere oturdy. Köp adam ör turup diňleýärdi. Abu Sufýan şeýle gürrüň berdi:
“Hiç sorama, musulmanlar bilen duşuşanymyzda, edil elimiz-golumyz daňylan ýalydy. Olar isleýşi ýaly hereket etdiler: birnäçämizi öldürdiler, birnäçämizi ýesir aldylar. Kasam edýärin, men özümizkilerden hiç kimi ýazgarmaýaryn, aýyplamaýaryn. Çünki şol wagt ýer bilen asmanyň arasynda çal atlaryň üstünde ak eşige bürenen adamlar bilen duşuşdyk. Olara hiç zat garşy durup bilmeýärdi, hiç kim garşy çykyp bilmeýärdi!”
Ol ýerde yslamyň ilkinji döwürlerinde musulman bolandygyna garamazdan, müşrikleriň erbetliginden çekinip, musulmanlygyny aşgär etmedik Abbasyň guly hezreti Abu Rafyg bardy. Olary ses-üýnsüz diňläp oturan Abu Rafyg şatlygyndan hemme zady unutdy-da: “Allaha kasam, olar perişdelerdir” diýip goýberdi.
Abu Leheb oňa gaty şarpyk çaldy we ony göterip ýere urdy. Soňra ony ep-esli ýenjdi. Şonda ol ýerde bolan hezreti Abbasyň aýaly Ummul-Fadl çydap bilmedi. Çünki ol hem öňräk musulman bolupdy. Ummul-Fadl otagdaky sütünleriň birini alyp: “Hiç kimi ýok diýip, ony ejiz gördüňmi?” diýip, Abu Lehebe gaty urdy. Abu Lehebiň kellesi ýaryldy. Ol ganyny akdyryp, horlanan, kemsidilen we masgara bolan ýagdaýda yzyna öwrülip gitdi. Ýedi günden soň Allahu tagala oňa “gara gyzyl” diýilýän bir kesel berdi. Ol şol keselden öldi. Ogullary ony iki ýa-da üç gije jaýlaman goýdular. Ahyrsoňy jeset porsap başlady. Abu Lehebe ýolugan keselden her kim wabadan gaçan ýaly gaçýardy we ýigrenýärdi. Şondan soň kuraýşlylardan biri Abu Lehebiň ogullaryna: “Waý siziň halyňyza, utanmaýarsyňyzmy? Kakaňyzy porsaýança öýde goýduňyz. Hiç bolmanda, ony bir ýere gömüp, gözden ýitiriň” diýdi. Ogullary ol adama: “Biz ondaky keselden gorkýarys!” diýip jogap berdiler. Bu gezek ol adam olara: “Siz gidiberiň, men gelýärin, size kömek ederin” diýdi. Soňra üçüsi bir ýere jemlendiler. Jesedi göterip, çetrek bir ýere eltip goýdular. Görünmez ýaly bolýança, üstüne daş atdylar. Abu Leheb şeýdip, ebedi azapda we oduň içinde galjak mesgenine – garaňky we dowzah çukury bolan gabryna girdi.
Bedrde ýesir alnan kuraýşlylaryň arasynda Welit ibn Welit hem bardy. Ony Abdylla ibn Jahş ýesir alypdy. Welidiň doganlary Hişam we heniz musulman bolmadyk Halyt ibn Welit Medinä geldiler. Abdylla ibn Jahş fidýeýi nejat, ýagny halas puly berilmese, ony goýbermek islemedi. Doganlaryndan Halyt razy bolsa-da, kakasy bir, ejesi aýry dogany Hişam kabul etmedi. Resulullah kakalarynyň ýaragynyň we enjamlarynyň berilmegini teklip etdi. Muňa Hişam razy bolsa-da, Halyt kabul etmedi. Emma ahyrsoňy kakalarynyň ýüz dinar gymmatyndaky gylyjynyň, sowudynyň we tuwulgasynyň öwezine ylalaşdylar. Welidi ýesirlikden halas edip, Mekgä ýola çykdylar. Emma Welit Mekge ýolunda Medineden dört mil uzaklykdaky Zulhuleýfede olardan aýrylyp, Pygamberimiziň ýanyna geldi, iman getirip, hormatly sahabalardan boldy. Musulman bolanyndan biraz wagt soň, Mekgä doganlarynyň ýanyna gitdi. Şonda Halyt ibn Welit: “Musulman boljak bolsaň, halas puluny tölemezden öň bolaýsadyň! Kakamyzdan galan ýadygärligi elimizden çykardyň. Näme üçin beýle etdiň?” diýip soranda, Welit: “Kuraýşlylaryň: ‘Ýesirlige çydap bilmedi-de, Muhammet aleýhisselama eýerdi’ diýmeklerinden gorkdum” diýip jogap berdi.
“Eý Abbas! Seniň musulmanlygyňy Allahu tagala bilýär. Eger dogry aýdýan bolsaň, Allahu tagala saňa, elbetde, onuň sogabyny berer. Emma sen daşky görnüşden biziň garşymyzdasyň. Şonuň üçin halas puluňy tölemelisiň” Hadysy şerif
Bu jogaba doganlary gaty gaharlandylar we ony Mahzum ogullaryndan käbir musulmanlaryň – Aýýaş ibn Abu Rebiganyň we Seleme ibn Hişamyň (radyýallahu anhuma) ýanynda tussag etdiler. Welit ibn Welit (radyýallahu anhu) iman getireni üçin ýyllarboýy tussaglykda ýatdy. Yslamyň gazaply duşmanlaryndan bolan kakasynyň dogany Hişamdan we müşrik garyndaşlaryndan köp zulum we azap gördi. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) müşrikleriň zulmuna duçar bolan Aýýaş ibn Abu Rebiga, Seleme ibn Hişam we Welit üçin şeýle doga etdi: “Ylahy! Welit ibn Welidi, Seleme ibn Hişamy, Aýýaş ibn Rebigany we (kapyrlaryň elinde ejir çekip) ejiz (we biçäre) görülýän beýleki möminleri halas et. Ylahy, Mudary (Kuraýşy) has-da berk (örän agyr) depele. Bu ýyllary (olara) Ýusubyň ýyllaryna meňzet”.
Resulullahyň dogasynyň bereketi bilen hezreti Welit bir mümkinçilik tapyp, daňylan ýerinden gaçdy. Ol Medineýi münewwerä gelip, söýgüli Pygamberimize gowuşdy. Habybullah Pygamberimiz Aýýaş ibn Rebiganyň we Seleme ibn Hişamyň ýagdaýyny soranda, Welit olaryň aýaklarynyň biri-birine daňlandygyny, agyr azap we gynamalaryň astynda gowrulýandyklaryny habar berdi.
Kainatyň Soltany olaryň ýagdaýyna gaty gynandy we olary halas etmegiň çärelerini gözledi. Olary kimiň halas edip biljekdigini soranda, ýyllarboýy gynamalaryň astynda galandygyna garamazdan, Welit uly batyrlyk we söýgi bilen: “Ýa Resulallah! Olary men halas ederin, saňa getirerin” diýip jogap berdi. Ol ýene Mekgä gelip, olara iýmit eltýän bir aýalyň yzyna düşüp, gynalýan musulmanlaryň ýerini bildi. Ikisi hem üçeksiz bir binada tussagdy. Welit gije ölümi göz öňüne getirip, uly batyrlyk bilen diwardan düşüp, ýoldaşlarynyň ýanyna bardy. Iman getirmekden başga hiç hili günäsi bolmadyk bu iki mazlum müşrikler tarapyndan bir daşa daňlyp, Arabystanyň çöl howasynyň ýakýan yssysynda her hili zuluma duçar edilýärdi. Welit bu mübärek doganlaryny halas edip, düýesine mündürdi. Özi bolsa pyýada, ýalaňaýak Medineýi münewwerä – gaty söýýän Resulullahyň ýanyna tizden-tiz ýetmek üçin ýola çykdy. Ony çölüň ýakýan yssysy däl, Älemleriň Serwerine gowuşmak yşky ýakýardy.
Ol Medinä aç, suwsuz, ýalaňaýak üç günde geldi. Barmaklary daşlardan ýyrtylyp, parça-parça bolupdy. Welit ibn Welit gana boýalyp, gaty söýýän Habybullaha gowuşdy.
Bedr ýeňşi musulmanlary uly şatlyga gark etdi. Müşrikler bolsa uly gaýga we umytsyzlyga düşdüler. Habeşistanyň patyşasy Najaşy hem Resulullahyň ýeňiş gazanandygyny eşidende, derrew öz ýurdundaky hormatly sahabalaryň ýanyna baryp: “Öz Resulyny Bedrde ýeňiji edip, oňa ýeňiş ihsan eden Allahu tagala hamd bolsun” diýip buşlady.
Bedr söweşinden soňky wakalar
Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Medinede ýahudylar bilen hem, Abdylla ibn Ubeý ýaly musulman bolup görünýän münapyklar bilen hem, müşrikler bilen hem göreşýärdi. Mundan başga-da, ol Medineden daşardaky müşrik taýpalary yslama çagyrýardy, olaryň musulman bolmak bilen şereflenmekleri üçin jan edýärdi. Karkara, Beni Kaýnuka, Sewik, Gatafan, Bahran… ýaly gazotlaryň hemmesi Bedr söweşinden soň boldy.
Hijretiň ikinji ýylynda bolup geçen käbir wakalar
Bu ýyl zekatyň parz edilmegi, pitir sadakasynyň berilmegi, baýramçylyk namazlarynyň okalmagy we gurbanlyk soýmak barada buýruk geldi. Resulullah gyzy Ummu Gülsümi hezreti Osmana durmuşa çykardy. Pygamberimiz hezreti Omaryň gyzy Hafsany we Zeýnep binti Huzeýmäni (radyýallahu anhuma) öz nikasyna aldy. Hezreti Alynyň ogly hezreti Hasan dünýä indi.
Hezreti Aişe bilen nikalaşmagy
Pygamberimiz hezreti Aişe bilen Mekgede wagtlary adaglaşypdy, emma heniz toýlary bolmandy. Bir gün hezreti Abu Bekir älemiň serweri Pygamberimizden: “Ýa Resulallah! Seni maşgalaň bilen bile ýaşamakdan saklaýan näme?” diýip sorady. Resulullah: “Mähir” diýdi. Şondan soň hezreti Abu Bekir Resulullaha mähir puluny iberdi.27
Şondan soň hezreti Aişe enemiziň toýy boldy. Şol wagt Pygamberimiz elli bäş ýaşyndady.28 Hezreti Aişe enemiz örän zehinli we ukyply bolup, wakalary şol bada goşgy görnüşinde aýdyp bilýärdi. Öwrenen we ýatda saklan zadyny hiç haçan unutmazdy. Ol örän akylly, zehinli, alyma, edebiýatçy, päk we salyha aýaldy. Ýady örän güýçli bolany üçin, hormatly sahabalar köp zatlary ondan sorap öwrenerdiler. Ol aýaty kerime bilen öwüldi.
Karkaratul-Kudr ýörişi
Beni Süleým we Gatafan taýpalaryndan bir toparyň Karkarada ýygnanandygy barada habar geldi. Şondan soň Pygamberimiz muhajyrlardan we ensarlardan iki ýüz adam bilen Medineden ýola çykdy. Medinede Ibn Ummu Mektum hezretleri orunbasar edip galdyrylypdy. Ak baýdagy hezreti Aly göterýärdi. Ol ýere bardylar, hiç kimi tapmadylar: yslam goşunynyň gelýändigini eşiden müşrikler ol ýeri taşlap gidipdiler. Jülgäniň içi bilen barýarkalar, bir düýekeşe duş geldiler. Ondan Beni Süleým we Gatafan adamlarynyň nirededigini soradylar. Düýekeş: “Olar meni mallaryna seretmek üçin bäş günlük hakyna tutupdylar. Häzir nirededigini bilmeýärin” diýdi. Bäş ýüz düýä olja hökmünde eýe çykyldy. Çopan Ýesar hem ýesir alyndy. Karkaratul-Kudr jülgesinde üç gije galandan soň, düýeler sürlüp, Medinä tarap ugur alyndy. Pygamberimiz Derar diýilýän ýerde düýeleriň bäşden birini aýryp, galanyny paýlady. Her kime ikiden düýe düşdi. Ertesi güni ertir namazyny okaýarkalar, Ýesar atly bu düýekeşiň olar bilen bilelikde namaz okaýandygyny gördüler. Şondan soň Pygamberimiz ol guly azat etdi. Soňra salamatlyk bilen Medinä dolandylar.
“Allaha kasam, Allahu tagalany, Onuň Resulyny we Kurany Kerimi inkär eden, Onuň pygamberini azapdan azaba salan (Ukbe ibn Abu Mugaýt) seniň ýaly erbet adamy bilmeýärin” Hadysy şerif
Yşk otuna ýanan her jan nura öwrüler,
Söýgi derdi bilen haraba dönen göwün abat bolar.
Beni Kaýnuka ýörişi
Bir gün Beni Kaýnuka ýahudylary bir musulman aýaly masgaralamak isläpdi. Muny gören sahabalardan biri derrew gylyjyny çekip, ol ýahudyny öldüripdi. Ýahudylar hem ýygnanyp, ol mübärek sahabany şehit etdiler. Waka Pygamberimize habar berildi. Resuly ekrem olary Kaýnuka bazar meýdanynda ýygnap, şeýle diýdi: “Eý ýahudy jemagaty! Allahu tagalanyň Kuraýşa beren azaby ýaly bir azaba uçramakdan gorkuň we musulman boluň. Meniň Allahu tagala tarapyndan iberilen pygamberdigimi gowy bilýärsiňiz. Muny hem, Allahu tagalanyň size bolan ähtini hem öz kitabyňyzdan okapsyňyz…”
“Öz Resulyny Bedrde ýeňiji edip, oňa ýeňiş ihsan eden Allahu tagala hamd bolsun” Najaşy Ashama (rahmetullahi aleýh)
Beni Kaýnuka ýörişi
Şeýle merhemet görkezilse-de, baglaşan şertnamasyny bozan ýahudylar Älemleriň Soltanyna: “Eý Muhammet! Söweşmegi bilmeýän bir kowmy ýeňmegiň seni aldamasyn! Kasam edýäris, biz söweşjeň adamlardyrys! Sen diňe biziň bilen söweşip başlanyňda, nähili batyrlardygymyza düşünersiň!..” diýip, meýdan okadylar. Şeýdip, olar öňki şertnamany bozup, meýdan okaýandyklaryny aşgär etdiler. Şondan soň Jebraýyl aleýhisselam wahy getirdi, onda manysyna görä şeýle diýilýärdi: “(Eý Habybym!) Eger (seniň bilen) şertnama baglaşan bir kowmuň dönüklik etmeginden (şertnama garşy hereket etmeginden) howatyr etseň, (söweş açmazdan öň) hak we adalat esasynda olaryň ähtlerini ret edendigiňi göni özlerine bildir. Çünki Allahu tagala haýynlary söýmeýär”.29
Başga bir aýaty kerimede manysyna görä şeýle diýildi: “Eý Resulym! Ol kapyr ýahudylara aýt: Siz, hökman, ýeňlersiňiz we ýygnalyp dowzaha sürülersiňiz. Ol dowzah galynjak nähili erbet ýerdir!”30
Habyby ekrem Pygamberimiz derrew, Şewwal aýynyň ortasynda, şenbe güni bir goşun düzüp, Kaýnuka ýahudylarynyň ýaşaýan galasyna tarap ýöredi. Ak baýdagy hezreti Hamza göterýärdi, Medinede bolsa orunbasar edip Abu Lubabe galdyrylypdy.31
Mübärek goşun Kaýnuka galasyny gabady. “Biz nähili söweşjeň batyrlar!..” diýen ýahudylar garşylyk görkezmek däl, galalaryndan bir ok atmaga-da het edip bilmediler. Resulullah giriş we çykyş ýollaryny gözegçilik astyna aldy. Hiç kim daşaryk çykyp bilmedi. Bu ýagdaý on bäş gün dowam etdi.32
Ýahudylar gorka düşüp, boýun egdiler. Olaryň her biri öldürilmeli bolsa-da, älemlere rahmet edilip iberilen söýgüli Pygamberimiz rehim edip, Kaýnuka ýahudylaryna Damaska gitmäge rugsat berdi. Olaryň hiç birine ol töwerekde galmaga rugsat berilmedi. Şeýdip, olar Medine topraklaryndan çykaryldy.33 Beni Kaýnuka öz ýurtlaryndan göçüp gitdi. Olaryň mallary we ýaraglary musulmanlara olja boldy.
Sewik ýörişi
Abu Sufýan Bedr söweşinden gaçyp Mekgä baranda, Muhammetden (sallallahu aleýhi we sellem) ar alýança “başyna ýag çalmazlyga we aýallarynyň ýanyna barmazlyga” nezir etdi. Hijretiň ikinji ýylynda, Zülhijje aýynyň bäşinji güni, ýekşenbe güni nezrini ýerine ýetirmek üçin iki ýüz atly bilen Medinä tarap ýola çykdy. Bir gije Medinede biriniň öýüne baryp, Pygamberimizi sorady. Ol adam oňa üns bermedi.
Hatda gapysyny-da açmady. Abu Sufýan ol ýerden aýrylyp, Sellam ibn Mişkeme myhman boldy. Ertesi güni ol ýerden turup, Ariz diýilýän ýere geldi. Ol ýerde ensarlardan Magbet ibn Amruşa we onuň hyzmatkärine duş gelip, olary iş başynda wagty öldürdi, olar şehit boldular. Bir hurmalygy oda berdi-de: “Kasamym ýerine geldi” diýip, ol ýerden gitdi.
Bu waka Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) habar berlende, ol Medinede Abu Lubabäni orunbasar goýup, iki ýüz adam bilen Abu Sufýanyň yzyna düşdi.
“Siz, hökman, ýeňlersiňiz we ýygnalyp dowzaha sürülersiňiz. Ol dowzah galynjak nähili erbet ýerdir!” Äli-Ymran: 12
Müşrikler muny eşidip, gaçyp başladylar. Halas bolmak üçin olar ýüklerini we “sewik” diýilýän bir hili däne iýmitini bişirmek üçin getiren gazanlary bilen bilelikde şol ýerde taşlap gaçdylar. Musulmanlar bulary tapyp, olja hökmünde aldylar. Şonuň üçin bu gazota Sewik ýörişi diýilýär.
Hezreti Aly bilen hezreti Fatmanyň nikalaşmagy
Hijretiň ikinji ýylydy. Kainatyň buýsanjy Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) gyzy hezreti Fatma on bäş ýaşyna ýetipdi.
Bir gün hezreti Fatma bir iş bilen Resuly ekremiň huzuryna giripdi. Resulullah gyzynyň durmuşa çykmak ýaşyna ýetendigini gördi. Şol günden soň Fatmatuz-Zähra enemizi köp adam sorady. Resul aleýhisselam olara üns bermän: “Onuň işi Hak tagalanyň buýrugyna baglydyr” diýdi.
Bir gün Abu Bekir, Omar we Sagt ibn Muaz metjitde oturyp: “Hezreti Fatmany hezreti Alydan başga her kim sorady. Hiç kime razylyk berilmedi” diýip gürrüňleşdiler. Hezreti Syddyk: “Meniň pikirimçe, ol Ala nesip bolar. Geliň, onuň ýanyna baralyň-da, bu meseläni açalyň. Eger ol garyplygyny bahana etse, kömek edeliň” diýdi. Sagt: “Eý Abu Bekir! Sen hemişe ýagşylyk edýärsiň. Tur, biz hem saňa ýoldaş bolalyň” diýdi. Üçüsi birden metjitden çykyp, hezreti Aly bilen görüşmäge gitdiler. Hezreti Aly düýesini alyp, ensarlardan biriniň hurmalygyna suw tutmaga gidipdi. Olary görüp, garşylap, hal-ahwal sorady. Hezreti Abu Bekir: “Eý Aly! Her haýyrly işde sen öňdesiň we Resuly ekremiň ýanynda hiç kime nesip bolmadyk derejedesiň. Hezreti Fatmany her kim sorady. Hiç kime razylyk berilmedi. Biz onuň saňa nesip boljakdygyny çaklaýarys. Näme üçin synanyşmaýarsyň?” diýip sorady.
Hezreti Aly muny eşidende, mübärek gözleri ýaşdan doldy we: “Eý Abu Bekir! Sen meni gaty ýakdyň. Oňa menden artyk höwes edýän ýokdur. Emma elimiň gysgalygy muňa päsgel berýär” diýdi. Hezreti Abu Bekir: “Beýle diýme. Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň ýanynda dünýä hiç zat däldir. Muňa garyplyk päsgel berip bilmez. Bar, sora” diýdi.
Hezreti Aly şeýle gürrüň berýär: “Resulullahyň huzuryna utanyp we gysynyp girdim. Resulullahyň ähli haýbaty we mertebesi üstündedi. Onuň huzurynda oturdym, emma gürläp bilmedim. Resulullah: ‘Näme üçin geldiň, bir haýyşyň barmy?’ diýip sorady. Men dymdym. ‘Belki, Fatmany soramaga gelensiň’ diýende, men: ‘Hawa’ diýip bildim. (Pygamberimiz hezreti Alynyň ony soraýandygyny hezreti Fatmanyň özüne-de aýtdy. Ol hem dymdy.) Pygamberimiz: ‘Fatma üçin mähir edip berjek näme zadyň bar?’ diýip sorady. ‘Ýa Resulallah, ýanymda oňa berjek hiç zadym ýok’ diýdim”.
Ol ýene: “Saňa beren Hutamy sowutly köýnegiň nirede, oňa näme boldy?” diýip sorady. “Ol mendedir” diýenimde, ol: “Ony sat-da, puluny maňa getir. Mähir edip şol ýeterlikdir” diýdi.34 Başga bir rowaýatda, Resulullah hezreti Alydan: “Seniň näme zadyň bar?” diýip soranda, ol: “Atym we sowutly köýnegim bar” diýip jogap beripdir, Resulullah bolsa: “Atyň saňa gerek bolar, emma sowudyňy sat” diýipdir. Ýene bir rowaýatda ol: “Eý Aly, git, özüňe bir öý kireýne al” diýipdir.
Hezreti Aly öýlenýänçä Pygamberimiz bilen bile ýaşaýardy. Pygamberimiziň emri bilen ol Mesjidi Nebewiniň golaýynda, hezreti Aişäniň otagynyň garşysynda ýerleşýän Harysa ibn Nugmanyň öýüni kireýne aldy. Sowudyny bazara iberdi. Hezreti Osman (radyýallahu tagala anhu) bazarda gezip ýörkä, hezreti Alynyň sowudyny tanady. Dellaly çagyryp: “Bu sowuda eýesi näçe baha soraýar?” diýdi. Dellal: “Dört ýüz dirhem soraýar” diýdi. Osman (radyýallahu anhu): “Gel, puluny al” diýdi. Soňra bagtly öýüne bardy. Sowudy dellaldan alyp, puluny berdi. “Bu sowut ondan başga hiç kime laýyk däldir. Bu puly hem toýa harçlasyn. Biziň ötünç soraýşymyzy hem kabul etsin” diýdi. Dört ýüz dirhemi berip, sowudy hem üstüne goýup, sowgat edip hezreti Ala iberdi. Hezreti Aly sowut we dirhemler bilen Pygamberimiziň ýanyna gelende, Pygamberimiz hezreti Osmana köp haýyr-doga etdi we: “Osman – jennetde meniň ýoldaşymdyr” diýdi. Soňra Bilal Habeşini çagyryp, pulyň bir bölegini berdi-de: “Bu puly al-da, bazara çyk! Biraz gülap suwy, galan pula-da bal al we metjidiň bir çetinde arassa bir gapda suw bilen garyşdyryň. Nika gyýylandan soň içer ýaly bal şerbetini taýýarlaň. Ensarlardan we muhajyrlardan şu ýerde bolan sahabalarymy metjide çagyr we Fatma bilen Alynyň nikasynyň gyýyljakdygyny halka yglan et” diýip buýurdy.
Bilal Habeşi daşary çykyp, hezreti Aly bilen hezreti Fatmanyň nikasynyň gyýyljakdygyny halka yglan etdi. Hormatly sahabalar Mesjidi Nebewä gelip, onuň içini-de, daşyny-da doldurdylar. Şonda Pygamberimiz ýerinden turup, şu hutbany okady: “Ähli hamd we şükür älemleriň Rebbine mahsusdyr. Ol beren nygmatlary üçin öwülýän, tükeniksiz gudraty we güýji sebäpli Oňa ybadat edilýän, azabyndan we hasabyndan gorkulýan, hökümi we permany ýer ýüzünde-de, asmanlarda-da höküm sürýän Zatdyr. Mahlukatlary gudraty bilen ýaradan, adalatly hökümleri bilen olary biri-birinden aýyran, ynsanlary (yslam) dini we Pygamberi Muhammet (aleýhisselam) bilen şereflendiren Oldur… Allahu tagala maňa gyzym Fatmany Aly ibn Abu Talyba nikalamagymy buýurdy. Indi men sizi şaýat tutýaryn: men (Allahu tagalanyň emri bilen) 400 mysgal kümüş mähir bilen Fatmany Aly ibn Abu Talyba nikaladym. Rebbim olary bir ýere jemlesin we muny olara mübärek etsin. Nesillerini päk, rahmete açar, hikmete kän, Muhammediň ymmatyna ynamdar etsin.
Aýtjak sözüm şudur. Rebbimden özüm üçin hem, siziň üçin hem bagyşlanmak dileýärin”.
Hezreti Aly hem turup, şu gysga hutbany okady: “…Huzurynda bolan Muhammet aleýhisselama salawat we salam aýdýaryn, ol öz mübärek gyzy Fatmany 400 mysgal kümüş mähir bilen maňa nikalady. Eý din doganlarym! Şübhesiz, siz Pygamberimiziň aýdanlaryny eşitdiňiz we şaýat bolduňyz. Men hem muňa şaýat we razydyryn. Ony edil şeýle kabul edýärin. Allahu tagala hemmämiziň sözlerimize şaýatdyr, hemmämize wekildir”.35
“Osman – jennetde meniň ýoldaşymdyr” Hadysy şerif
Nika gutarandan soň Pygamberimiz täze hurma getirtdi-de: “Hany, bu hurmadan alyň, iýiň” diýdi. Her kim alyp iýdi. Soňra hezreti Bilal bal şerbetini paýlady, ony hem içdiler we ähli sahabalar: “Barekallahu fikuma we aleýkuma we jemaga şemlekuma” diýip doga etdiler. Nika gyýylanda Fatma (radyýallahu anha) on bäş, Aly (radyýallahu anhu) ýigrimi bäş ýaşyndady.
Nikadan soň hezreti Fatma aglaýardy. Pygamberimiz onuň ýanyna geldi-de: “Eý Fatma! Saňa näme boldy, näme aglaýarsyň? Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, men seni soranlaryň iň alymyna, mylaýymlykda we akyllylykda iň artykmajyna we ilkinji musulman bolanyna nikaladym” diýdi. Hezreti Fatma: “Kakajan! Durmuşa çykýan her gyzyň mähri altyn we kümüş bilen bahalandyrylýar we kesgitlenýär. Meniň mährim hem şeýle kesgitlense, seniň bilen beýlekileriň arasynda näme tapawut bolar? Kyýamat güni sen möminleriň günäkärlerinden näçe adama şepagat etseň, men hem olaryň aýallaryna şepagat etmek isleýärin. Meniň islegim şudur” diýdi.
Allahu tagala hezreti Fatmanyň bu isleginiň kabul edilendigini bildirende, Resulullah: “Eý Fatma, pygamber perzendidigiňi görkezdiň!” diýdi.
Hezreti Aly şeýle diýipdir: “Bu işleriň üstünden birnäçe aý geçdi. Bu hakda mejlisde hiç söz bolmady. Men hem haýamdan, ýagny utanjymdan agzymy açyp bilmedim. Emma Resulullah käwagt meni ýeke görende: ‘Seniň aýalyň nähili gowy aýal! Saňa buşluk bolsun, ol – älemdäki aýallaryň seýidesidir’ diýerdi”.
Şol günlerde hezreti Alynyň dogany hezreti Ukaýl: “Eý Aly! Bu nika bilen biz şatlandyk. Emma meniň islegim bu iki bagtly adamyň biri-birine ýakyn bolmagydyr” diýende, hezreti Aly: “Meniň islegim hem şol, emma utanýaryn” diýdi. Hezreti Ukaýl hezreti Alynyň elinden tutup, Pygamberimiziň öýüne baranda, Resulullahyň gyrnagy Ummu Eýmene duş geldiler. Ýagdaýy oňa aýtdylar. Ummu Eýmen: “Bu iş üçin siziň gelmegiňiz gerek däl. Biz päk aýallar (ezwajy tahirat) bilen ylalaşyp, size habar bereris. Çünki bu meselede aýallaryň sözi diňlenýär” diýdi.
Ummu Eýmen bu ýagdaýy Resulullahyň aýallaryna aýtdy. Şondan soň beýleki päk aýallar hezreti Aişäniň öýüne geldiler. Hezreti Hatyjany ýatlap: “Eger ol diri bolsady, bizde hiç bir alada bolmazdy” diýdiler. Resulullah aglady we şeýle diýdi: “Hatyja ýaly aýal hany? Halk meni ýalana çykaranda, ol meni tassyklady we ähli malyny meniň ýolumda harç etdi. Yslam dinine köp kömek etdi. Ol diri wagty Hak tagala maňa: ‘Hatyjany buşla: jennetde onuň üçin zümerretden bir köşk guruldy’ diýdi”. Resulullahyň aýallary hezreti Alynyň islegini ýetirdiler. Şondan soň Resulullah Ummu Eýmene hezreti Alyny çagyrmagy buýurdy. Aly gelende, mejlisdäki aýallar turup gitdiler. Hezreti Aly başyny aşak egip oturdy. Resulullah: “Aýalyňy isleýärsiňmi, eý Aly?” diýip sorady.
Aly (radyýallahu anhu): “Hawa, ýa Resulallah! Ejem-kakam saňa pida bolsun” diýdi. Resuly ekrem Esma binti Umeýse: “Git, Fatmanyň öýüni taýýarla” diýdi. Esma hezreti Fatmanyň gelin bolup gitjek öýüne bardy. Bir düşegi täze gönden, bir düşegi ýamaly gönden, bir düşegi bolsa bordadan ýasap, içlerini hurma süýümi bilen doldurdy. Resulullah ýassy namazyndan soň Fatmanyň öýüne gelip, taýýarlananlary gözden geçirdi.
Pygamberimiz hezreti Alynyň getiren pulunyň üçden iki bölegine iýmit, bezeg we atyr ýaly zatlaryň, üçden bir bölegine bolsa geýimiň alynmagyny buýurdy we öý goşlaryny doly taýýarlatdy. Hezreti Fatmanyň gyz enjamynda we öý goşlarynda şular bardy: Esma binti Umeýsiň taýýarlan üç düşegi, saçakly bir haly, içi hurma süýümi bilen doldurylan bir ýassyk, iki sany el degirmeni, bir suw meşigi, toprakdan ýasalan bir suw küýzesi, gönden ýasalan bir suw käsesi, bir süpürgi, bir ýubka, işlenen bir goç derisi, könelip, ýüňi dökülen ala-mula bir Ýemen halysy, hurma ýapragyndan örülen bir seki, Ýemen işi iki sany ala-mula geýim we bir bagmal ýorgan. Mundan soň Resulullah hezreti Ala birneme pul berip, hurma we ýag almagyny aýtdy. Hezreti Aly ondan soňkulary şeýle gürrüň berdi:
“Bäş dirheme hurma, dört dirheme ýag aldym. Resulullahyň huzuryna getirdim. Ol gönden bir saçak isledi. Hurmany, uny, ýagy we gatygy mübärek eli bilen garyp, bir hili tagam taýýarlady-da: ‘Eý Aly! Bar, kimi tapsaň, getir’ diýdi. Men daşaryk çykdym, köp adam gördüm, hemmesini çagyrdym we içeri girip: ‘Ýa Resulallah! Halk köp’ diýdim.
Älemleriň Serweri, Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz: ‘Olary onlap-onlap içeri getir, tagam iýsinler’ diýdi. Men şeýle etdim. Hasapladylar: erkeklerden we aýallardan ýedi ýüz adam iýipdir we doýupdyr”.
Hezreti Alynyň we Fatmanyň toý naharyndan iýilenden soň, Ummu Eýmeniň habar bermegine görä, Pygamberimiz hezreti Ala: “Eý Aly, gyzym Fatma gelin bolup siziň öýüňize gitdi. Men hem agşam namazyndan soň gelip doga ederin. Maňa garaşyň” diýdi.
Hezreti Aly öýe gelende, bir burça oturdy. Hezreti Fatma hem öýüň beýleki bir burçuna oturdy. Soňra Resulullah gelip, gapyny kakdy. Gapyny Ummu Eýmen açdy.
Resulullah: “Doganym şu ýerdemi?” diýip sorady. Ummu Eýmen: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Siziň doganyňyz kim?” diýdi. Resulullah: “Ol – Aly ibn Abu Talypdyr” diýende, Ummu Eýmen: “Gyzyňyzy doganyňyza durmuşa çykardyňyzmy?” diýdi. Resulullah: “Hawa” diýdi. Resulullahyň “Doganym şu ýerdemi?” diýmeginden Ummu Eýmen nikanyň jaýyz bolmajakdygyny pikir etdi. Resulullah bolsa “Hawa” diýmek bilen, nika päsgel berýän zadyň bir ejeden dogulmakdygyna yşarat etdi.
Soňra Resulullah Ummu Eýmenden: “Esma binti Umeýs hem şu ýerdemi?” diýip sorady. “Hawa” diýip jogap berende: “Diýmek, Resulullahyň gyzyna hyzmat etmäge gelipdir” diýdi. Ummu Eýmen: “Hawa” diýende: “Haýra ýetsin” diýip, oňa doga etdi.
“Eý Fatma! Saňa näme boldy, näme aglaýarsyň? Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, men seni soranlaryň iň alymyna, mylaýymlykda we akyllylykda iň artykmajyna we ilkinji musulman bolanyna nikaladym” Hadysy şerif
Soňra ol bir gapda suw getirtdi. Mübärek ellerini ýuwdy. Suwuň içine biraz müşk damdyrdy. Soňra hezreti Fatmany çagyrdy. Hezreti Fatma utanjyndan eşigine seredip durdy. Resulullah suwdan biraz alyp, Fatmanyň döşüne, başyna we arkasyna sepdi-de: “Allahumme inni ugyzuha bike we zurriýýetiha mineş-şeýtanir-rajym” (Ýa Rebbim, ony we onuň nesillerini rajym, ýagny daşlanan şeýtanyň erbetliginden goramagyňy diläp, Saňa sygynýaryn) diýip doga etdi. Soňra hezreti Ala hem şeýle edip: “Allahumme barik fihima we barik aleýhima we barik lehuma fi neslihima” diýip doga etdi. Yhlas we Muawwizeteýn sürelerini okap: “Allahu tagalanyň ady we bereketi bilen aýalyňyň ýanyna gir” diýdi. Soňra mübärek elleri bilen gapynyň iki ganatyny tutup, bereket diläp doga etdi we ol ýerden gitdi.36
Hezreti Aly şeýle diýdi: “Toýumyzdan dört gün soň Resulullah öýümize teşrip etdi. Göwünleri alýan, hikmetden doly sözleri bilen bize nesihat etdi-de: ‘Eý Aly! Suw getir!’ diýdi. Men turup suw getirdim. Ol bir aýaty kerime okady we: ‘Bu suwdan biraz iç. Biraz galsyn’ diýdi. Men şeýle etdim. Galan suwy meniň başyma we döşüme sepdi. Ýene: ‘Suw getir’ diýdi. Men ýene suw getirdim. Maňa edenini Fatma üçin hem etdi. Soňra meni daşaryk iberdi”.
Aly daşaryk çykandan soň, Resulullah gyzyndan hezreti Aly hakda sorady. Fatma: “Kakajan, ähli kämil sypatlar onda bar. Emma käbir kuraýşly aýallar maňa: ‘Seniň äriň garyp’ diýýärler” diýende, Resulullah şeýle diýdi: “Eý gyzym! Seniň kakaň hem, äriň hem garyp däldir. Ähli ýer we asman hazynalaryny, baýlyklaryny maňa hödürlediler. Men olary kabul etmedim. Allahu tagalanyň huzurynda makbul bolany kabul etdim. Eý gyzym! Eger meniň bilýänimi sen bilseydiň, dünýä seniň gözüňde hor we pes bolardy. Allahu tagalanyň haky üçin, seniň äriň sahabalaryň ilkinjisidir. Yslamda-da ulusydyr, ylym taýdan-da iň çuňudyr. Eý gyzym! Allahu tagala Ähli beýtden (Pygamberiň maşgalasyndan) iki adamy saýlady. Biri – kakaň, beýlekisi – äriň. Hiç haçan oňa garşy gitme we onuň buýrugyna ters gelme”.
Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz (aleýhi efdalussalawat) gyzyna nesihat edenden soň, hezreti Alyny çagyrdy. Oňa Fatmany tabşyryp: “Eý Aly! Fatmanyň göwnüni gora. Ol – meniň bir bölegimdir. Ony hoş tut. Eger sen ony gynatsaň, meni gynadan bolarsyň” diýdi. Ikisini hem Allahu tagalanyň penasyna tabşyrdy. Soňra turup gitmekçi bolanda, hezreti Fatma: “Ýa Resulallah! Öýüň içindäki işleri men ederin, daşarky işleri Aly eder. Maňa bir gyrnak bagyş etseňiz, ol käbir işlerimde kömekçi bolar. Meni begendirersiňiz” diýdi. Resulullah: “Eý Fatma! Saňa hyzmatkärden has gowy bir zat bereýinmi, ýa-da hyzmatkär bereýinmi?” diýdi.
Hezreti Fatma enemiz: “Hyzmatkärden gowusyny ber” diýdi. Şonda Resulullah: “Her gün ýatanyňda otuz üç gezek ‘Subhanalla’, otuz üç gezek ‘Elhamdulilla’, otuz üç gezek ‘Allahu ekber’ we bir gezek ‘La ilähe illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala kulli şeýin kadir’ diý. Hemmesi ýüz sözdür. Kyýamatda müň hasana (ýagşylyk) taparsyň. Mizanda hasanalaryň agyr geler” diýdi. Soňra Pygamberimiz gyzynyň öýünden çykyp, bagtly öýüne gitdi.
Kagb ibn Eşrefiň öldürilmegi
Bedr ýeňşi bilen Medinedäki ýahudylaryň we butparaz müşrikleriň ýüreklerine gorky düşdi. Käbir ýahudylar insaba gelip: “Sypatlaryny kitaplarymyzda okan şahsymyz, hökman, şudur. Indi oňa garşy durmak mümkin däl. Çünki ol hemişe ýeňiji bolar” diýip, musulman boldular. Käbirleri bolsa: “Muhammet söweşden düşünmeýän kuraýşlylar bilen söweşdi. Şonuň üçin ýeňdi. Eger biziň bilen söweşen bolsa, oňa söweşiň nähili edilýändigini, ýeňşiň nähili gazanylýandygyny görkezerdik” diýdiler.
Kagb ibn Eşref atly bir ýahudy hem Bedrde yslam goşunynyň ýeňendigini eşidip, musulmanlara bolan kinesinden Mekgä gitdi. Ol ýerdäki müşrikleri ýygnap, olary Medinä hüjüm etmäge öjükdirip, goşgular okady, olary ruhlandyrdy, gozgady. Pygamberimiz bilen söweşmek üçin olar bilen ylalaşdy. Hatda söýgüli Pygamberimize gizlin kast etmegi meýilleşdirdi. Allahu tagala bu ýagdaýy Resulullaha habar berdi we manysyna görä şeýle diýdi: “Olar Allahu tagalanyň nälet eden (rahmetinden daşlaşdyran) adamlarydyr…”37
Şondan soň Resuly ekrem şerefli sahabalaryna: “Kagb ibn Eşrefi kim öldürer? Çünki ol Allahu tagala we Onuň Resulyna azar berdi” diýdi.
Muhammet ibn Mesleme: “Ýa Resulallah! Ony meniň öldürmegimi isleýärsiňmi?” diýip sorady. Resulullah: “Hawa, isleýärin” diýdi. Muhammet ibn Mesleme birnäçe gün bu iş hakda oýlanyp, meýilnamalar düzdi. Ýoldaşlaryndan Abu Naile, Abbat ibn Bişr, Harys ibn Ews, Abu Abs ibn Jebriň ýanyna baryp, meseläni olara açdy. Hemmesi muny makul bilip: “Bilelikde öldüreris” diýdiler. Bilelikde Pygamberimiziň ýanyna geldiler-de: “Ýa Resulallah! Rugsat berseňiz, biz onuň bilen gürleşenimizde, siziň hakyňyzda Kagbyň göwnünden turjak käbir sözleri aýdyp bilerismi?” diýdiler. Pygamberimiz olara isleýänlerini aýtmaga rugsat berdi.
Şondan soň Muhammet ibn Mesleme ýoldaşlary bilen Kagb ibn Eşrefiň ýanyna bardy. “Şu Muhammet bizden sadaka sorady. Bize köp salgyt ýükledi. Şonuň üçin senden karz bir zat almak üçin geldim” diýdi. Kagb Muhammet ibn Meslemäniň hem özi ýaly pikir edýändir öýdüp begendi we: “Ol sizi has-da ýadadar entek” diýdi. Muhammet ibn Mesleme: “Biz oňa bir gezek eýerdik. Oňa eýermegi dowam etdireris. Göreli, soňy näme bolarka? Indi sen bize karz biraz hurma ber” diýdi. Kagb: “Bolýar, bereýin, emma siz maňa bir zady girew goýmalysyňyz!” diýdi. Muhammet ibn Mesleme we onuň ýanyndakylar: “Näme isleýärsiň?” diýdiler. Kagb: “Aýallaryňyzy girew isleýärin” diýende, olar razy bolmadylar. Kagb: “Onda ogullaryňyzy girew beriň” diýdi. Olar: “Olary hem girew berip bilmeris. Olaryň biri hakda: ‘Bir-iki düýe ýüki hurma üçin girew goýuldy’ diýip gürrüň ederler, bu hem biziň üçin unudyp bolmajak tagma bolar. Emma saňa ýaraglarymyzy we sowutlarymyzy girew berip bileris” diýdiler. Kagb bu teklibi kabul etdi. Olara haçan gelmelidiklerini hem aýtdy.38
“Eý Aly! Fatmanyň göwnüni gora. Ol – meniň bir bölegimdir. Ony hoş tut. Eger sen ony gynatsaň, meni gynadan bolarsyň” Hadysy şerif
Bir gije Muhammet ibn Mesleme Kagbyň ýanyna geldi. Onuň bilen Abu Naile hem bardy. Kagb olary gala çagyrdy, özi bolsa olary garşylamak üçin aşak düşdi. Kagbyň aýaly: “Bu wagtda nirä çykýarsyň?” diýdi. Kagb: “Gelenler – Muhammet ibn Mesleme bilen doganym Abu Naile” diýdi. Aýaly: “Eşiden bu sesim maňa hiç ýaramaýar. Edil ondan gan damýan ýaly” diýdi. Kagb: “Ýok, olar – Muhammet ibn Mesleme bilen süýtdeş doganym Abu Naile. Ol gowy ýigitdir. Gije gylyç söweşine çagyrylsa-da, hiç ikirjiňlenmän geler. Ol şeýle adamdyr” diýdi. Muhammet ibn Mesleme özi bilen iki, bir rowaýata görä üç adamy gala saldy. Olar Abu Abs ibn Jebr, Harys ibn Ews we Abbat ibn Bişrdi.39 Muhammet ibn Mesleme hezretleri ýoldaşlaryna: “Kagb gelende, oňa saçyny ysgajakdygymy aýdaryn, başyny tutup ysgaryn. Siz meniň Kagbyň başyny berk tutandygymy göreniňizde, gylyçlaryňyz bilen uruň” diýdi. Kagb ibn Eşref owadan geýnip, hoş ys saçyp, olaryň ýanyna geldi. Ibn Mesleme: “Şu wagta çenli beýle hoş ys ysgamandym” diýip, Kagbyň ýanyna bardy. Kagb: “Araplaryň iň hoş ysly aýallary meniň ýanymda” diýip öwündi. Muhammet ibn Mesleme: “Başyňy ysgamaga rugsat berersiňizmi?” diýdi. Kagb rugsat berýändigini aýtdy. Ibn Mesleme ony ysgady, ýoldaşlaryna-da ysgatdy. Soňra ýene ysgamak isleýändigini aýtdy. Bu gezek Muhammet ibn Mesleme Kagbyň başyny tutup, ýoldaşlaryna gylyçlary bilen urmagy yşarat etdi.
Ilkinji gylyç urlanda, Kagb gaty gygyrdy, emma ölmedi. Şondan soň Muhammet ibn Mesleme ony hanjary bilen öldürdi. Kagby öldüren mujahytlar derrew ol ýerden aýrylyp, Medinä ýetdiler. Olar Resulullaha buşluk habaryny ýetirenlerinde, Pygamberimiz Allahu tagala hamd etdi we mujahytlara doga etdi. Kapyr Kagb ibn Eşrefiň öldürilmegi ýahudylary uly gorka saldy. Çünki Kagb ýaly öňdebaryjy bir baştutan öldürilenden soň, olaryň öldürilmegi hem wagt meselesidi. Ertesi irden olar ýygnanyp, Pygamberimiziň huzuryna geldiler. Gije bolan wakadan şikaýat etdiler. Resuly ekrem: “Ol bize hemişe azar berýärdi, biziň garşymyza goşgular düzýärdi. Eger siziň araňyzdan kim şeýle etse, bilsin: onuň jezasy gylyçdyr” diýdi. Bu duýduryşdan soň ýahudylar gorkularyndan Resulullah bilen täzeden şertnama baglaşdylar…40
Gatafan ýörişi
Bu gazota “Enmar ýörişi” hem, “Zi Emr ýörişi” hem diýilýär. Beni Saglebe we Beni Muharip taýpalaryndan bir topar Zi Emr diýilýän ýerde ýygnanyp, Medinäniň töwereginde näme tapsalar, şony talamak kararyna gelipdiler. Olaryň başlygy Gawras lakamly Dagsur ibn Harys ibn Muharip atly biridi. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Medinede Osman ibn Affany (radyýallahu anhu) orunbasar goýup, dört ýüz elli adamlyk goşun bilen Medineden ýola çykdy. Ýolda Jebbar atly bir adama duş geldiler. Duşman hakda ondan soradylar. Ol: “Olar siz bilen söweşmek islemeýärler. Sizi görüp, daglara gaçdylar” diýdi. Resulullah oňa yslamy hödürledi. Ol kabul edip, musulman boldy.
Yslam goşuny jülgä tarap barýarka ýagyş ýagyp başlady. Ol biraz wagt bar güýji bilen ýagdy, soňra haýallap, kesdi. Pygamberimizden başlap ähli mujahytlar başdan-aýak suw boldy. Her kim bir çetde üst-başyny guradýardy. Resulullah hem adamsyz bir ýerde eşigini guratmak üçin çykaryp, bir agajyň üstüne ýaýdy. Ol agajyň aşagynda dynç alyp ýatyrka, yslam goşunyny yzarlap duran kapyrlar Resulullahyň ýeke galandygyny görüp, bu barada Dagsur ibn Harysyň özüne habar berdiler. Ol Resulullahy öldürmek üçin onuň dynç alýan ýerine ses-üýnsüz golaýlaşdy. Gylyjyny sogrup: “Seni meniň elimden kim halas edip biler?” diýdi. Resulullah: “Allahu tagala halas eder” diýdi. Şol pursatda Jebraýyl aleýhisselam gelip, Dagsuryň döşüne urdy-da, ony ýere ýykdy. Gylyjy elinden düşdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Dagsuryň gylyjyny alyp: “Seni meniň elimden kim halas eder?” diýdi. Dagsur: “Hiç kim halas edip bilmez” diýdi-de, kelimeýi şahadaty aýdyp, musulman boldy. Onuň sebäbi bilen gaty köp adam iman getirdi.41 Ol mundan beýläk hiç haçan söweş üçin goşun ýygnamajakdygyna söz berdi. Ýaragly çaknyşyksyz Medinä dolandylar. Ýöriş on bir gün dowam etdi.
Bahran ýörişi
Bu ýörişe “Beni Süleým” ýa-da “Nejran ýörişi” hem diýilýär. Beni Süleýmde ýygnanan köp sanly müşrigiň Medinä hüjüm etjekdigi barada habar geldi. Medinede hezreti Ibn Ummu Mektum orunbasar edilip galdyryldy. Resulullah üç ýüz kişilik goşun bilen duşmanyň üstüne ýöriş etdi. Yslam goşunynyň gelýändigini eşiden duşman daglara gaçdy. Şonuň üçin garşylaşmak mümkin bolmady. Ýöriş on iki gün dowam etdi.
“Ol (Kagb ibn Eşref) bize hemişe azar berýärdi, biziň garşymyza goşgular düzýärdi. Eger siziň araňyzdan kim şeýle etse, bilsin: onuň jezasy gylyçdyr” Hadysy şerif
Yşkyň aldy menden meni;
söýýärin Seni, Rebbim!
Seniň söýgiň şeýle süýji;
söýýärin Seni, Rebbim!
Ne baýlyga begenerin,
ne ýoklukda gynanaryn.
Yşkyň bilen lezzet alýan;
söýýärin Seni, Rebbim!
Ybadatlary buýurdyň,
gowy hallary öwdüň,
tükeniksiz nygmat berdiň;
söýýärin Seni, Rebbim!
Neneň nankör nebsim bardyr:
öz lezzeti üçin maňa hemişe kast edýär!
Men hakyky lezzeti tapdym:
söýýärin Seni, Rebbim!
Ybadaty gözel etmek,
dünýä üçin hem zähmet çekmek –
gije-gündiz işim şudur, çünki
söýýärin Seni, Rebbim!
Söýmek söz bilen bolmaz, eý Hilmi!
Rebbiň: “Zähmet çekiň!” diýdi.
Halyňdan hem bilinsin:
söýýärin Seni, Rebbim!
Yslamyň duşmanlary näçe,
dine hile bilen çozýarlar;
dursaň, dogry bolarmy?
Söýýärin Seni, Rebbim!
Aşyk ýalta oturarmy?
Magşukyna tozan gondurarmy?
Duşmany dymdyr-da, aýt:
“Söýýärin Seni, Rebbim!”
