GAZOTLAR WE SERIÝÝELER
Mekgede wagtlary müşrikler musulmanlara köp zulum ederdiler. Käbirini ýenjerdiler, käbiriniň kellesini ýarardylar, käbirini bolsa görlüp-eşidilmedik gynamalara salardylar. Ol wagt söweşe rugsat ýokdy, sebäbi müşrikler köpdi, söweşmek musulmanlaryň zyýanyna bolardy. Medinä gelenlerinden soň hormatly sahabalar köpeldi. Ensarlaryň kömegi bilen güýç peýda boldy. Yslam kuwwata eýe bolup, jihat şerigata laýyk boldy. Kapyrlar bilen söweşmäge rugsat berildi.
Sefer, gazot we seriýýe
Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Medinäniň asudalygyny goramak, duşmanlaryň ýagdaýyny gözegçilikde saklamak üçin seriýýeleri (çapawul toparlaryny, bölükleri), ýagny kiçi harby toparlary düzdi. Resulullahyň özi gatnaşman, kapyrlaryň üstüne iberen bu seriýýelerine gatnaşanlaryň sany bäşden dört ýüze çenli bolardy. Pygamberimiziň özi gatnaşan we özi ýolbaşçylyk eden söweşlerine gazot (gazwe) diýilýär. Goşunyň söweşe gitmegine sefer, söweş ýagdaýyna bolsa seferberlik diýilýär.
Söýgüli Pygamberimiz duşmanyň duýdansyz hüjümleriniň öňüni almak üçin Medinede garawul durmak tertibini girizip, gözegçi toparlary çykaryp, zerur howpsuzlyk çärelerini gördi.
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ýigrimi ýedi gazot etdi. Olar şulardyr: Ebwa (Weddan), Buwat, Birinji Bedr (Safwan, Ilkinji Bedr), Zul-Uşeýre, Bedr (Bedri Kubra), Karkaratul-Kudr, Beni Kaýnuka, Sewik, Gatafan (Enmar, Zi Emr), Bahran (Beni Süleým, Nejran), Uhud, Hamraul-Esed, Beni Nadyr, Kiçi Bedr (Bedri Sugra), Zatur-Rika, Dumatul-Jendel, Müreýsi (Beni Mustalyk), Hendek (Ahzap), Beni Kuraýza, Beni Lihýan, Gaba (Zu-Karad), Haýber, Wadil-Kura, Mekgäniň fethi, Huneýn, Taýyf we Tebuk.
Bu gazotlaryň diňe dokuzynda çaknyşyk boldy. Olar: Bedr (Bedri Kubra), Uhud, Müreýsi (Beni Mustalyk), Hendek (Ahzap), Beni Kuraýza, Haýber, Wadil-Kura, Huneýn we Taýyf. Mekge söweşilmezden feth edildi, onuň ähli ilaty musulman boldy.
Beýleki gazotlarda hiç hili çaknyşyk bolmady: käbirinde şertnama baglaşyldy, käbirinde duşman boýun egdi; kapyrlaryň bir bölegi yslam goşuny bilen ýüzbe-ýüz bolmaga het edip bilmedi, kapyrlaryň köpüsi bolsa yslam goşunynyň gelýändigini eşiden badyna daglara gaçyp, gözden gaýyp boldy.
Bu nakyl bilen ähli döwletler halas bolup, bagt tapar:
“Söweşe taýyn bol, eger ýaraşyk we parahatlyk isleseň.”
Abdülhak Molla
“Size garşy söweş açanlar bilen siz hem Allahu tagalanyň ýolunda söweşiň. Emma çäkden çykyp, aşa gitmäň” Bakara: 190
Resulullahyň iberen seriýýeleri
Ilkinji seriýýeler – hezreti Hamzanyň topary
Müşrikleri söwda we ykdysady taýdan gowşatmak we akyllaryny başlaryna getirmek gerekdi. Munuň üçin Siriýa söwda ýollaryny kesmek zerurdy. Şol wagt bir müşrik kerweniniň Medinäniň golaýyndan geçip barýandygy eşidildi. Hijretiň birinji ýylynyň ýedinji aýy – Ramazanyň başynda söýgüli Pygamberimiz derrew ýörişe taýýarlyk görülmegini buýurdy we otuz atlynyň başyna hezreti Hamzany serkerde edip belledi. Oňa Allahu tagaladan gorkmagy, gol astyndakylara gowy çemeleşmegi maslahat berenden soň: “Allahu tagalanyň ýolunda, Allahu tagalanyň adyny tutup, gazota çykyň! Allahu tagalany tanamaýanlar bilen söweşiň…” diýdi. Hezreti Hamzanyň eline ak baýdak berip, ony ýola salyp ugratdy.
Hezreti Hamza serkerdeligindäki atlylar bilen üç ýüz atlynyň goraýan müşrik kerwenine tarap ýola düşdi. Damaskdan Mekgä gidip barýan kerwen Sifrul-Bahr diýilýän ýere gelende, mujahytlar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şanly sahabalar derrew söweş tertibine durup, çaknyşyga taýyn boldular. Şol wagt ol ýerde bolan Mejdi ibn Amr Juheni ýetişip, aralaryna düşdi. Mejdi ibn Amr Juheni iki tarapyň hem ýaranydy. Musulmanlaryň sanynyň örän azdygyny, müşrikleriň bolsa gaty köpdügini görüp, ol musulmanlaryň ýeňilip biljekdigini pikir etdi. Musulman döwletiniň ebedi dowam etmegine umyt baglap, araçylyk etdi we iki tarapy hem çaknyşmakdan saklady. Soňra hezreti Hamza we onuň ýoldaşlary Medinä dolandylar. Mejdiniň eden işi Pygamberimize ýetirilende, ol razydygyny bildirip: “Ol mübärek, gowy we dogry bir iş edipdir” diýdi.1
Ubeýde ibn Harysyň topary
Mundan soň seriýýeleriň yzy kesilmedi. Ubeýde ibn Harys hezretleriniň serkerdeligine altmyş ýa-da segsene golaý mujahyt berilip, ol Rabyga iberildi. Iki goşun biri-birine garşy gelen badyna, iki tarap hem ok atyp başlady. Yslam goşunyndan ilkinji oky Sagt ibn Abu Wakkas atdy. Abu Sufýanyň serkerdeligindäki iki ýüz müşrik yslam goşunynyň uly bölegi bukuda ýatandyr öýdüp, musulmanlardan gorkup, halas bolmagy gaçmakda gördi.2
Allahyň ýolunda söweşeliň, şan alalyň, şan…
Kuranda ýeňiş wada edýär hezreti Ýezdan.
“Allahu tagalanyň ýolunda, Allahu tagalanyň adyny tutup, gazota çykyň! Allahu tagalany tanamaýanlar bilen söweşiň” Hadysy şerif
Resulullahyň gazotlary
Ilkinji gazotlar – Weddan ýörişi
Oňa Ebwa ýörişi hem diýilýär. Bu Resulullahyň ilkinji gazotydyr. Ol hijretiň on ikinji aýynda bolup geçdi. Medinede orunbasar edip Sagt ibn Ubade hezretleri galdyryldy. Kuraýşyň we Beni Damra taýpasynyň üstüne altmyş adam bilen gidildi. Baýdagy hezreti Hamza göterýärdi. Mekgeliler bilen duşuşylmady. Weddan diýilýän ýere geldiler. Beni Damra taýpasy bilen ýazmaça şertnama baglaşyldy. Oňa görä:
1- Damra ogullary hiç bir ýagdaýda duşmana kömek etmez,
2- Damra ogullarynyň janynyň we malynyň howpsuzlygy musulmanlaryň kepilliginde bolar,
3- munuň öwezine Pygamberimiz Damra ogullaryny bir söweşe çagyranda, olar derrew kömege howlukarlar.
Buwat ýörişi
Bu gazot Resulullahyň ikinji gazotydyr. Hijretiň ikinji ýylynyň Rebiulewwel aýydy. Medinede orunbasar edip Saib ibn Osman ibn Mazgun hezretleri galdyryldy. Abu Sufýanyň ýolbaşçylygyndaky ýüz adamlyk bir müşrik kerweniniň iki müň bäş ýüz düýe bilen Damaska gidip barýandygy habar alnanda, iki ýüz adam bilen Kuraýş kerweniniň üstüne gidildi. Buwat dagyna çenli her tarap ädimme-ädim gözlenendigine garamazdan, müşrikleri tutup bolmady.
Zul-Uşeýre ýörişi
Bu gazot hijretiň on altynjy aýynyň başlarynda boldy. Abu Sufýanyň serkerdeligindäki mekgeli müşriklere degişli uly bir söwda kerweniniň Damaska gidip barýandygy barada habar alyndy. Resulullah Abu Seleme ibn Abdylesedi öz ornuna orunbasar goýdy. Baýdagy hezreti Hamzanyň (radyýallahu anhu) eline berdi. Olaryň otuz düýesi bardy, olara nobatma-nobat münýärdiler. Ýüz elli ýa-da iki ýüze golaý mujahyt Uşeýre diýilýän ýere gelip, birnäçe gün garaşdy. Kerweni tutup bolmady. Müdlij ogullary bilen ýaraşyk baglaşyp, Medinä dolandylar.
Birinji Bedr ýörişi
Oňa Safwan ýörişi hem diýilýär. Buwat ýörişinden dolanyp gelenlerine birnäçe gün geçende, Kürz ibn Jabyr Fihri atly bir kuraýşlynyň öz adamlary bilen Jemma dagyna çozup, ol ýerde örüp ýören sygyrlary we düýeleri sürüp alyp gidendigi barada habar alyndy.
Pygamberimiz öz ornuna Zeýd ibn Harysany orunbasar goýup, birnäçe sahaba bilen waka bolan ýere tarap ugrady. Baýdagy bu gezek hezreti Ala berdi.
Mujahytlar waka bolan ýere gelenlerinde, Kürz we beýlekiler mallary taşlap, yzlaryny ýitiripdiler. Bedriň Safwan jülgesine çenli her daşyň aşagy barlansa-da, olar tapylmady.
Abdylla ibn Jahşyň topary (Batny Nahle seriýýesi)
Bir gün Pygamberimiz kuraýşly müşrikleri gözegçilikde saklamak üçin Nahlä seriýýe ibermek isledi. Iberiljek esgerlere Abu Ubeýde ibn Jerrah hezretlerini serkerde etmek isledi. Abu Ubeýde ibn Jerrah bu buýrugy alanda, Pygamberimizden aýra düşmegiň derdinden aglap başlady.
“Haj ýolunda ölenlere we Allahyň ýolunda gazot edenlere buşluklar bolsun!” Hadysy şerif
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) onuň ornuna Abdylla ibn Jahş hezretlerini emir edip belledi.3
Abdylla ibn Jahş yslamy joşgun bilen ýaşaýan şahslardandy. Ol musulman bolanda, kapyrlar oňa akyla sygmajak gynamalary etseler-de, ol olara iman güýji bilen garşy durupdy, olaryň azap-jebirlerine metanat bilen çydapdy. Şonuň üçin Pygamberimiz ol hakda sahabalaryna: “Ol siziň açlyga we suwsuzlyga iň köp çydaýanyňyz we döz gelýäniňizdir” diýipdi. Abdylla ibn Jahş Resulullahyň şehitler üçin beren buşluklaryny eşidip, hemişe şehitlige jan atýardy. Söweşlerde iň öňde gahrymanlarça söweşerdi.
Hezreti Abdylla ibn Jahş şeýle gürrüň berýär: “Şol gün Resul aleýhisselam ýassy namazyny okandan soň, meni ýanyna çagyrdy we: ‘Ertir irden ýanyma gel. Ýaragyň hem ýanyňda bolsun. Men seni bir tarapa ibererin’ diýdi.
Ertir bolanda, metjide bardym. Gylyjym, ýaýym, oklarym we torbam üstümde, galkanym hem ýanymdady. Resul aleýhisselam ertir namazyny okadandan soň öýüne dolandy. Men öňräk gelendigim üçin gapynyň agzynda garaşyp durdum. Ol muhajyrlardan meniň bilen gitjek birnäçe adamy tapdy. ‘Men seni şu adamlaryň üstüne serkerde belledim’ diýip, maňa bir hat berdi we: ‘Git! Iki gije ýol ýöränden soň haty aç. Onda nähili buýrulsa, şoňa görä hereket et’ diýdi. ‘Ýa Resulallah! Haýsy tarapa gideýin?’ diýip soradym. ‘Nejdiýe ýoluny tut. Rekiýä, guýa tarap ugur al!’ diýdi”.
Abdylla ibn Jahş Nahle ýörişine bellenende, oňa ilkinji gezek Emirul-müminin ady berildi. Yslamda bu at bilen atlandyrylan ilkinji emir ol boldy. Sekiz ýa-da on iki adamlyk topar bilen iki günden soň Melel diýilýän ýere baranlarynda, ol haty açdy, onda şeýle ýazylgydy:
“Bismillähir-rahmänir-rahym. Bu haty okap çykanyňda, Mekge bilen Taýyfyň arasyndaky Nahle jülgesine düşýänçäň, Allahu tagalanyň ady we bereketi bilen ýörüp git. Ýoldaşlaryňdan hiç birini seniň bilen gitmäge mejbur etme! Nahle jülgesindäki kuraýşlylary we kuraýşlylaryň kerwenini gözegçilikde saklap, yzlaryna düşüp barla. Olaryň habarlaryny bize ýetir”.
Emirul-müminin hezreti Abdylla ibn Jahş haty okandan soň: “Biz Allahu tagalanyň bendeleridiris we hemmämiz Oňa dolanarys. Eşitdim we boýun boldum. Allahu tagalanyň we Onuň söýgüli Resulynyň buýrugyny ýerine ýetirerin” diýip, haty öpüp, başyna goýdy. Soňra ýoldaşlaryna ýüzlenip: “Haýsyňyz şehit bolmaga jan atýan bolsa, meniň bilen gelsin. Gelmek islemeýän dolanyp gidip biler. Hiç biriňizi mejbur etmeýärin. Gelmeseňiz, men ýeke özüm gidip, Resul aleýhisselamyň buýrugyny ýerine ýetirerin” diýdi. Ýoldaşlary bir agyzdan: “Biz Pygamberimiziň buýruklaryny eşitdik. Biz Allahu tagala, Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) we saňa boýun bolýanlardyrys. Nirä isleseň, Allahu tagalanyň bereketi bilen ýöre” diýip jogap berdiler.
Sagt ibn Abu Wakkas hezretleri hem içinde bolan bu kiçi goşun Hijaza tarap ýol aldy we Nahlä geldi. Bir ýerde gizlenip, ol ýerden gelip-geçýän kuraýşlylary gözegçilikde saklap başladylar. Şol wagt bir Kuraýş kerweni geçdi. Düýeleri ýüklüdi. Mujahytlar kerwene ýakynlaşyp, olary yslama çagyrdylar, kabul etmänlerinden soň çaknyşyp başladylar. Birini öldürip, ikisini ýesir aldylar, biri atly bolany üçin oňa ýetip bilmediler. Kapyrlaryň ähli maly mujahytlara galdy. Abdylla ibn Jahş bu olja mallarynyň bäşden birini Resulullah üçin aýyrdy. Bu musulmanlaryň alan ilkinji oljasydy.4
Pygamberimiz ýesirlere yslamy düşündirip, olara iman getirmegi teklip etdi. Hakem ibn Keýsan musulman boldy. Osman ibn Keýsan yslamy ret edip, Mekgä gitdi.
Mesjidi Kybleteýn
Söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) Medineýi münewwerä hijret edeli bäri on ýedi aý geçipdi. Şu wagta çenli ol hemişe mukaddes Iýerusalimdäki (Kudusdaky) Beýtul-Mukaddese ýüzlenip namaz okaýardy. Şu günlerde ýahudylaryň: “Nähili geň iş! Dini bizden aýry, emma gyblasy biziňki ýaly!” diýip aýdýan sözleri Resulullaha çenli gelip ýetdi. Bu gep-gürrüňlerden onuň mübärek ýüregi agyrdy.
Bir gün Jebraýyl aleýhisselam gelende, ol oňa şeýle diýdi: “Eý Jebraýyl! Allahu tagalanyň meniň ýüzümi ýahudylaryň gyblasyndan Käbä öwürmegini isleýärin”.
Jebraýyl aleýhisselam: “Men diňe bir bendedirin. Muny Allahu tagaladan dile!” diýip jogap berdi.
Mundan soň Bakara süresiniň 144-nji aýaty kerimesi indi. Onda şeýle diýildi: “(Eý Habybym! Wahynyň gelmegi üçin) ýüzüňiň asmana tarap öwrülip durandygyny, elbetde, görýäris. Şonuň üçin Biz seni razy boljak bir gybla tarap öwreris. Indi ýüzüňi Mesjidul-Haram tarapa (Käbä) öwür. (Eý möminler!) Siz hem nirede bolsaňyz-da, namazlarda ýüzüňizi şol tarapa öwrüň. Şübhesiz, özlerine kitap berlenler gyblanyň bu öwrülmeginiň öz Rebbi tarapyndan hakdygyny elbetde bilýärler. Allahu tagala bolsa olaryň etjek işlerinden gapyl däldir”.
Şagban aýynyň ortasynda, sişenbe güni bu aýaty kerime inende, Resulullah Beni Selime metjidinde sahabalaryna öýle ýa-da ikindi namazyny okadýardy. Namazyň üçünji rekagatynda Käbä tarap öwrülmek buýruldy. Wahyny alan badyna ol ýüzüni Käbeýi muazzama tarap öwürdi. Hormatly sahabalar hem Habyby ekrem Pygamberimize eýerip, şol tarapa öwrüldiler. Şondan soň bu metjide Mesjidi Kybleteýn, ýagny “iki gyblaly metjit” ady berildi.
Resulullah Kuba tarapa hem gidip, ilkinji salnan metjidiň mihrabyny mübärek elleri bilen täzeden gurdy we metjidiň diwarlaryny täzeledi.5
“Eý Jebraýyl! Allahu tagalanyň meniň ýüzümi ýahudylaryň gyblasyndan Käbä öwürmegini isleýärin” Hadysy şerif
Mesjidi Kybleteýn
Musulmanlaryň ilkinji gyblasy demirgazyk-günbatar tarapdaky Mesjidul-Aksady. Ol ýahudylaryň hem gyblasydy. Ýahudylar: “Musulmanlar biziň gyblamyza öwrülýär” diýip, hormatly sahabalary masgaralaýardylar. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Jenaby Haka doga edip, gyblamyzyň Käbeýi muazzama bolmagyny diledi. Resulullah bu metjitde öýle namazyny (başga bir rowaýatda ikindi namazyny) okadýarka, “Käbä öwrüliň” manysyndaky aýaty kerime inende, olar günorta-gündogar tarapdaky Käbeýi muazzama tarap öwrüldiler. Şonuň üçin bu metjide Mesjidi Kybleteýn – “iki gyblaly metjit” diýilýär.
