Selman Farsynyň musulman bolşy
Günsaýyn yslamyň nury ýaýrap, Resulullahyň mübärek ady eşidildigiçe ýüreklerde orun alyp başlady. Onuň gelmegine hasrat bilen garaşýan ylym ehli adamlar gözläp-agtaryp we tolgunyp Medinä ylgap, iman getirmek bilen şereflenýärdiler. Olaryň biri hem Selman Farsy hezretleridi. Ol özüniň musulman bolşuny şeýle gürrüň beripdir: – Men Parsyň (Eýranyň) Yspyhan şäheriniň Jeý obasyndandyryn. Kakam obanyň iň baýydy, ýerimiz we malymyz köpdi. Men öýüň ýeke-täk çagasy we kakamyň ýeke-täk söýgülisidim. Şonuň üçin ol meni gyz ýaly ösdürip ýetişdirdi. Öýden çykmagyma rugsat bermezdi. Ol mejusy (otparaz) bolandygy üçin, maňa mejusylygy öz isleýşi ýaly, kemsiz öwretdi. Öýde hemişe bir ot ýanyp durardy, biz hem oňa çokunyp, sežde ederdik.
Kakamyň maly-mülki köp bolandygy üçin, bir gezek ol meni daşaryk çykardy we: “Balam! Men ölenimde, bu mallaryň eýesi sen bolarsyň, şonuň üçin git-de, mallaryňy we ýerleriňi tanap goý” diýdi. Men hem: “Bolýar” diýip, baglarymyzy aýlanyp çykdym.
Bir gün ekin meýdanlaryna seretmäge gidenimde, bir hristian ybadathanasyna gabat geldim. Hristianlaryň seslerini eşitdim, ýanlaryna baranymda, olaryň içerde ybadat edýändiklerini gördüm. Men mundan öň beýle zat görmändigim üçin haýran galdym. Sebäbi biziň ybadatymyz ot ýakyp, oňa sežde etmekden başga zat däldi. Olar bolsa görünmeýän bir Allaha ybadat edýärdiler. Öz-özüme: “Allaha kasam, bularyň dini hakdyr, biziňki bolsa batyldyr” diýdim. Agşama çenli olara gyzyklanyp tomaşa etdim. Entek ekin meýdanlarymyza baryp ýetmänkäm, garaňky düşüp başlady. Men olara: “Bu diniň merkezi nirede?” diýenimde, olar: “Damaskda” diýdiler. Soňra: “Damaska gitsem, meni hem kabul ederlermi?” diýip soranymda: “Hawa, kabul ederler” diýip jogap berdiler. “Siziň araňyzda ýakyn wagtda Damaska gitjek adamlar barmy?” diýip soranymda, birnäçe wagtdan soň bir kerweniň gitjekdigini aýtdylar. Meniň gürleşen adamlarym az bolup, olar Damaskdan Yspyhana gelipdiler. Men olar bilen güýmenip, öýe gitmäge gijä galdym. Meniň dolanmandygymy gören kakam meni gözläp başlapdyr we adam iberipdir.
Gözläpdirler, tapmandyrlar. Olar aljyraňňy ýörkäler, men öýe geldim. Kakam: “Şu wagta çenli niredediň? Seni gözlemedik ýerimiz galmady” diýdi. Men: “Kakajan! Men şu gün ekin meýdanlaryny aýlanmaga çykypdym. Emma ýolda bir hristian ybadathanasyna gabat geldim. Içeri girdim. Görsem, olar özleri görmeýän, her zada hökümdar we gadyr bolan bir Allaha iman getirýärler. Olaryň ybadatlaryna haýran galdym. Agşama çenli olara tomaşa etdim. Olaryň dininiň hakdygyna düşündim” diýdim. Muny eşiden kakam: “Eý oglum! Sen ýalňyş pikir edýärsiň, ata-babalaryňyň dini olaryň dininden has dogrudyr. Olaryň dini bozukdyr. Asla aldanma we ynanma!” diýdi. Men bolsa: “Ýok, olaryň dini biziňkiden has haýyrlydyr; olaryňky hak, biziňki batyldyr” diýdim. Kakam muňa gaty gaharlandy, ellerimden-aýaklarymdan daňyp, meni öýde gabady.
Şu ýagdaýda men hemişe Damaska gitjek kerwenden habar garaşýardym. Ahyrsoňy hristian rahyplarynyň kerweni taýýarlandyklaryny bildim.
Daňylarymy çözüp gaçdym we kerweniň bolýan ybadathanasyna gitdim. Bu ýerlerde durup bilmejekdigimi aýtdym we kerwene goşulyp, Damaskyň ýoluny tutdum. Damaskda hristian dininiň iň uly alymyny soradym. Maňa birini salgy berdiler, men onuň ýanyna baryp, halymy aýtdym. Onuň ýanynda galmak, oňa hyzmat etmek isleýändigimi aýdyp, maňa hristiançylygy öwretmegini, Allahu tagalany tanatmagyny haýyş etdim. Ol razy boldy. Indi men oňa hyzmat edip, ybadathananyň işlerini edip başladym. Ol hem maňa hristiançylygy öwredýärdi.
“Menden eşidenleriňizi din doganlaryňyza-da gürrüň beriň! Biri-biriňize eşitdiriň!” Hadysy şerif
Emma soňra men onuň erbet adamdygyna düşündim. Sebäbi ol hristianlaryň garyplara bermek üçin getiren sadakalaryny, altyn-kümüşlerini gizläp saklaýardy, mätäçlere bermeýärdi. Ol jemi ýedi küýze altyn we kümüş toplapdy. Muny menden başga bilýän ýokdy. Biraz wagtdan soň ol öldi.
Hristianlar ony jaýlamak üçin ýygnandylar. Men olara: “Näme üçin muňa beýle hormat goýýarsyňyz, ol bu hormata mynasyp adam däl!” diýdim. Olar: “Sen muny nireden çykarýarsyň?” diýdiler we maňa ynanmadylar. Şonda men onuň toplan altynlarynyň ýerini görkezdim. Olar ýedi küýze altyn we kümüşi gazyp çykardylar, soňra: “Bu adam kepenlenmäge we jaýlanmaga mynasyp däl” diýip, ony bir ýere zyňdylar we üstüni daş bilen örtdüler. Onuň ýerine başga biri geçdi.1
Bu adam hakykatdan hem ylym eýesi, zahyt bir kişi bolup, dünýä asla ähmiýet bermeýärdi. Ol ahyret isleýän bir adamdy we hemişe ahyret üçin çalyşýardy, gije-gündiz ybadat edýärdi. Men ony örän söýdüm we uzak wagt onuň ýanynda galdym. Oňa höwes bilen hyzmat edýärdim. Bilelikde ybadat ederdik.
Bir gün men oňa: “Eý hojaýynym! Men köp wagtdan bäri siziň ýanyňyzdadyryn we sizi örän söýdüm. Sebäbi siz Allahu tagalanyň buýruklaryna boýun egýärsiňiz we Onuň gadagan edenlerinden gaça durýarsyňyz. Siz wepat bolanyňyzda, men näme edeýin, maňa näme maslahat berýärsiňiz?” diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: “Oglum, Damaskda adamlary düzetjek hiç kim galmady. Kime barsaň-da, ol seni bozar. Emma Mosulda bir şahs bar, ony tapmagyňy maslahat berýärin”.
Ol wepat bolanda, men Mosula geçdim, onuň salgy beren şahsyny tapdym we başymdan geçenleri gürrüň berdim. Ol meni hyzmatyna kabul etdi. Ol hem beýleki şahs ýaly örän gymmatly, dünýä berilmedik we hemişe ybadat edýän bir adamdy. Oňa-da uzak wagt hyzmat etdim. Emma bir gün ol syrkawlady. Wepat bolmazyndan öň men oňa hem şol soraglary berdim. Ol maňa Nusaýbindäki bir şahsy maslahat berdi. Ol wepat bolanda, men derrew Nusaýbine gitdim. Onuň aýdan adamyny tapyp, ýanynda galmak isleýändigimi bildirdim. Ol razy boldy, men birnäçe wagt onuň hyzmatynda boldum. Ol syrkawlanda, meni başga birine ibermegini haýyş etdim. Bu gezek ol maňa Rum şäheri Amuriýedäki başga bir şahsy salgy berdi. Ol wepat bolandan soň, men Amuriýäniň ýoluny tutdum. Onuň aýdan bu adamyny hem tapyp, hyzmatyna girdim we uzak wagt galdym.
Soňra onuň hem wepaty ýakynlaşdy. Meni birine tabşyrmagyny haýyş edenimde, ol: “Allaha kasam, häzir men şeýle bir adamy bilmeýärin. Emma ahyrzaman Pygamberiniň gelmegi ýakynlaşdy” diýdi we onuň alamatlaryny sanap berdi: “Ol araplaryň arasyndan çykar, öz watanyndan hijret edip, daşlyk ýerleriň arasynda hurmasy köp bir şäherde ýerleşer.
Ol sowgady kabul eder, sadakany kabul etmez. Iki egniniň arasynda pygamberlik möhri bardyr”. Bu şahs hem wepat bolanda, onuň sözlerine eýerip, arap ýurduna gitmek kararyna geldim. Amuriýede işläp, birnäçe öküze we biraz goýna eýe bolupdym. Beni Kelb taýpasyndan bir kerwen arap ýurduna gitjek bolup durdy. Men olara: “Bu öküzler we goýunlar siziňki bolsun, meni arap ýurduna alyp gidiň!” diýenimde, olar teklibimi kabul edip, meni ýanlaryna aldylar. Emma Wadil-Kura diýilýän ýere gelenlerinde, olar maňa dönüklik edip, gul diýip, meni bir ýahuda satdylar. Ýahudynyň ýaşaýan ýerinde hurma baglaryny gördüm. “Ahyrzaman Pygamberiniň hijret etjek ýeri, megerem, şu ýerdir” diýip oýlandym. Emma bu ýere hiç hili ysnyşyp bilmedim. Bu ýahuda birnäçe wagt hyzmat etdim. Soňra ol meni kakasynyň doganynyň ogluna satdy. Ol hem meni alyp, Medinä getirdi. Medinä baryp ýetenimde, men bu ýeri öň gören ýaly, oňa derrew ysnyşdym. Indi günlerim Medinede geçýärdi, meni satyn alan ýahudynyň üzümçiliginde, bagynda işläp, oňa hyzmat edýärdim. Bir tarapdan bolsa asyl maksadyma ýetmegiň sabyrsyzlygy içindedim.
Bir gün men bir hurma agajyna çykyp işleýärdim. Hojaýynym kimdir biri bilen agajyň aşagynda gürleşýärdi. Bir salymdan olar: “Ews we Hazrej taýpalary heläk bolsunlar! Mekgeden Kuba bir adam gelipdir. Özüni pygamber diýýär. Bu taýpalar hem ony kabul edip, onuň dinine girýärler…” diýip gürleşdiler. Men bu sözleri eşidip, özümden giden ýaly boldum. Derrew aşak düşüp, ol adama: “Näme diýýärsiň?” diýdim. Hojaýynym maňa: “Saňa näme gerek, näme üçin soraýarsyň, sen öz işiňe seret!” diýip, bir şarpyk urdy. Şol gün agşam düşende, biraz hurma alyp, derrew Kuba bardym. Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna girip: “Sen salyh bir adamsyň, ýanyňda garyplar hem bar. Bu hurmalary sadaka edip getirdim” diýdim.
Resulullah ýanyndaky sahabalara: “Geliň, hurma iýiň” diýdi. Olar iýdiler. Emma özi asla iýmedi. Öz-özüme: “Ine, alamatlaryň biri şu. Ol sadaka kabul etmeýär” diýdim. Resulullah Medinä gelenden soň, men ýene biraz hurma alyp, Resulullaha getirdim. “Bu – sowgat” diýdim. Bu gezek ol ýanyndaky sahabalary bilen bilelikde iýdi. “Ine, ikinji alamat hem çykdy” diýdim. Meniň eltýän hurmam ýigrimi bäşe golaýdy. Emma iýlen hurmalaryň çigitleri müňe golaýdy. Resulullahyň mugjyzasy bilen hurma köpelipdi. Öz-özüme: “Ýene bir alamat gördüm” diýdim. Men Resulullahyň ýanyna ýene bardym. Olar bir jynazany jaýlaýardylar. Pygamberlik möhrüni görmek isländigim üçin, men örän ýakyn bardym. Ol meniň islegime düşünip, köýnegini galdyrdy. Mübärek arkasy açylanda, men pygamberlik möhrüni gördüm; derrew ony ogşadym we agladym. Şol pursatda kelimeýi şahadaty aýdyp, musulman boldum.
Soňra men Resulullaha başymdan geçen wakalary birin-birin gürrüň berdim. Bu onuň göwnüne ýarady. Ol maňa muny hormatly sahabalara-da gürrüň bermegimi buýurdy. Hormatly sahabalar ýygnandy, men hem başymdan geçenleri iň inçe jikme-jigine çenli gürrüň berdim…2
Selman Farsy iman getiren wagty arap dilini bilmeýändigi üçin, terjimeçi isläpdi. Gelen ýahudy terjimeçi onuň söýgüli Pygamberimizi wasp etmegini tersine terjime edýärdi. Şol wagt Jebraýyl aleýhisselam gelip, hezreti Selmanyň sözlerini Resulullaha dogry edip bildirdi. Ýahudy ýagdaýa düşünende, kelimeýi şahadat getirip, musulman boldy.
Selman Farsy musulman bolandan soň hem birnäçe wagt gullukda galdy. Söýgüli Pygamberimiziň: “Özüňi gullukdan halas et, eý Selman!” diýmegi bilen, ol hojaýynyna baryp, azat bolmak isleýändigini aýtdy. Muňa islemezlik bilen razy bolan ýahudy üç ýüz hurma nahalyny oturdyp, olary hurma berer ýaly ýetişdirmegi we müň alty ýüz dirhem altyn (bir rowaýatda dört müň dirheme golaý kümüş) bermegi şerti bilen ylalaşdy.
Ol muny Resulullaha habar berdi. Pygamberimiz sahabalaryna: “Doganyňyza kömek ediň” diýdi. Olar onuň üçin üç ýüz hurma nahalyny ýygnadylar. Resulullah: “Olaryň çukurlaryny taýýarla-da, gutaranyňda maňa habar ber” diýdi. Ol çukurlary taýýarlap habar berende, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şol ýere geldi we nahallary öz mübärek elleri bilen oturtdy. Olaryň birini hezreti Omar oturdypdy. Hezreti Omaryň oturdanyndan başga hemmesi Allahu tagalanyň rugsady bilen şol ýyl hurma berdi. Resulullah ol ýeke-täk nahaly hem gazyp alyp, mübärek eli bilen täzeden oturtdy we ol oturdylan badyna hurma berdi.
“Ahyrzaman Pygamberiniň gelmegi ýakynlaşdy. Ol araplaryň arasyndan çykar, öz watanyndan hijret edip, daşlyk ýerleriň arasynda hurmasy köp bir şäherde ýerleşer. Ol sowgady kabul eder, sadakany kabul etmez. Iki egniniň arasynda pygamberlik möhri bardyr” Amuriýeli rahyp
Hezreti Selman Farsy şeýle gürrüň berdi: “Bir gün bir adam meni gözläp: ‘Garyp mukatep (azatlyga ýetmek üçin hojaýyny bilen belli bir mukdarda ylalaşan gul) Selman Farsy nirede?’ diýip soraýardy. Ol meni tapdy we elindäki ýumurtga ululygyndaky altyny maňa berdi. Men ony alyp, Pygamberimiziň ýanyna bardym we ýagdaýy aýtdym.
Resulullah altyny maňa yzyna berip: ‘Bu altyny al-da, bergiňi öde!’ diýdi. Men: ‘Ýa Resulallah! Bu altyn ýahudynyň isleýän agramynda däl’ diýenimde, Resulullah ol altyny alyp, mübärek diliniň üstüne degirdi. Soňra: ‘Al muny! Allahu tagala munuň bilen seniň bergiňi öder’ diýdi. Allahyň haky üçin, men ol altyny çekdim, ol edil soralan mukdardady. Ony hem eltip berdim. Şeýdip, gullukdan halas boldum”.3
Şu günden soň Selman Farsy Suffa sahabalarynyň arasyna goşuldy.
Perişdeler diňlemäge gelerdi
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Kurany Kerimi şeýle owadan, şeýle süýji we täsirli okardy welin, ony diňleýän musulman däller hem haýran galardylar. Ony diňläp, musulman bolanlar köpdi.
Hezreti Bera ibn Azyp şeýle gürrüň berdi: “Bir gezek ýassy namazyndan soň men Resulullahyň Tin süresini okaýşyny diňledim. Ol şeýle owadan okaýardy welin, sesi we okaýşy ondan kämil bolan hiç bir adamy eşidip görmändim”.
Hormatly sahabalaryň arasynda sesi örän owadan bolan, Kurany Kerimi okanda aglaýan we beýlekileri aglatýanlar köpdi. Olaryň biri Useýt ibn Hudaýrdy. Bir gije ol atyny ýanynda daňyp, Bakara süresini okap başlady. Okaýarka at birden ürkdi. Hezreti Useýt dymdy, at köşeşdi. Ol okap başlady, at ýene ürkdi. Dymanda, at köşeşdi. Ol ýene okap başlanda, at ýene ürkdi. Useýt ibn Hudaýryň ogly Ýahýa ata ýakyn bir ýerde ýatyrdy. Atyň çaga zyýan ýetirmeginden gorkup, ol okamagyny bes etdi.
Asmana seredende, ol ak bulut kölegesine meňzeş bir dumanyň içinde çyra ýaly ýalpyldap duran zatlary gördi. Okamagyny bes edende, ol ýalpyldap duran zatlaryň asmana tarap göterilip gidýändigini gördi.
Ertir bolanda, ol söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) huzuryna baryp, başyndan geçenleri gürrüň berdi.
Pygamberimiz: “Olaryň nämedigini bilýärmiň?” diýip soranda, hezreti Useýt: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Bilmeýärin” diýip jogap berdi.
Pygamberimiz şeýle diýdi: “Olar perişdelerdi. Seniň sesiňe ýakynlaşypdylar. Eger okamagyňy dowam eden bolsaň, daňa çenli seni diňlärdiler, ynsanlar hem olary görerdiler we tomaşa ederdiler. Olar halkyň gözünden gizlenmezdiler”.
Kurany Kerimi örän ýakymly okaýanlaryň biri hem hezreti Abu Bekir Syddykdy. Namaz okaýarka sesli okap başlasa, ol özüni saklap bilmezdi, mübärek gözlerinden ýaş akardy. Görenler onuň bu halyna haýran galardylar. Bir gün müşrikler ýygnanyp: “Bu adam pygamberiň getirenlerini ýakymly okap aglaýar. Çagalarymyzyň we aýallarymyzyň onuň bu halyna maýyl bolup, musulman bolmaklaryndan gorkýarys” diýdiler.
Abdylla ibn Selamyň musulman bolşy
Söýgüli Pygamberimiziň mübärek jemalyny görüp, oňa aşyk bolanlardan, onuň mübärek sözlerini we okaýan Kurany Kerimini diňläp, haýran galyp musulman bolanlardan biri hem Abdylla ibn Selam hezretleridir.
Töwraty we Injili gowy bilýän Abdylla ibn Selam iman getirmezinden öň ýahudy alymydy. Ol özüniň musulman bolşuny şeýle gürrüň berýär: “Men Töwraty we onuň düşündirişlerini kakamdan okap öwrenipdim. Bir gün kakam ahyrzamanda geljek pygamberiň sypatlaryny, alamatlaryny we etjek işlerini maňa gürrüň berdi we: ‘Eger ol Harun neslinden gelse, oňa eýererin; ýogsa eýermerin!’ diýdi. Ol Resulullah Medinä gelmänkä öldi.
Resulullahyň Mekgede pygamberligini yglan edendigini eşiden wagtym, men onuň sypatlaryny, adyny we geljek wagtyny bilýärdim. Şonuň üçin men oňa garaşyp durdum. Resulullahyň Medinäniň golaýyndaky Kuba diýilýän ýerde Amr ibn Awf ogullarynyň öýünde myhman bolandygyny birinden eşidýänçäm, men bu ýagdaýymy ýahudylardan gizläp, dymyp ýördüm.
Bir gün bagymda hurma agajyndan täze hurma ýygnaýarkam, Nadyr ogullaryndan biri: ‘Bu gün araplaryň adamy geldi!’ diýip gygyrdy. Meni titreme basdy. Derrew: ‘Allahu ekber’ diýip tekbir getirdim. Şol wagt bibim Halyda binti Harys agajyň aşagynda otyrdy. Ol örän garry aýaldy. Meniň tekbirimi eşidip, ol maňa käýedi: ‘Allah eliňi boş goýsun, seni umyt edeniňe ýetirmesin! Allaha kasam, sen Musa ibn Ymranyň4 geljekdigini eşiden bolsaň-da, mundan artyk begenmezdiň!’ Men oňa: ‘Eý bibi! Allaha kasam, ol – Musa ibn Ymranyň dogany we onuň ýaly bir pygamber. Ol onuň ýolundadyr we ol haýsy tewhit bilen iberilen bolsa, şol tewhit bilen iberilendir’ diýdim.
Şondan soň ol maňa: ‘Eý doganymyň ogly! Ýa-da ol kyýamata ýakyn iberiljekdigi bize bildirilen pygambermi?’ diýdi. ‘Hawa’ diýdim. ‘Onda sen haklysyň’ diýdi.5
Resulullah Medinä hijret edende, men ony görmek üçin derrew halkyň arasyna goşuldym. Onuň mübärek jemalyny, nurly ýüzüni gören badyma: ‘Onuň ýüzi ýalançynyň ýüzi bolup bilmez!’ diýdim. Resulullah ýygnanan adamlara yslamy düşündirýärdi, nesihatlar berýärdi. Şol ýerde men Resulullahdan eşiden ilkinji hadysy şerifim şudur: ‘Salamy araňyzda ýaýradyň, aç adamlary doýuryň, sylaýy rahm ediň (ýakyn garyndaşlaryňyzy zyýarat ediň), adamlar ukudaka namaz okaň. Şeýdip, jennete sag-salamat girersiňiz’.
Älemiň buýsanjy (sallallahu aleýhi we sellem) meni pygamberlik nury bilen tanap: ‘Sen Medinäniň alymy Ibn Selam dälmi?’ diýdi. Men: ‘Hawa’ diýenimde, söýgüli Pygamberimiz: ‘Ýakyn gel’ diýdi we şeýle sorag berdi: ‘Eý Abdylla! Allahyň haky üçin aýt! Sen Töwratda meniň sypatlarymy okap öwrenmediňmi?’ Men: ‘Allahu tagalanyň sypatlary nähili, aýdyp bilersiňizmi?’ diýdim.
Bu soraga garşy Resulullah biraz garaşdy we Jebraýyl aleýhisselam Yhlas süresini indirdi. Resulullahyň okan bu süresini eşidenimde, men Pygamberimize derrew: ‘Hawa, ýa Resulallah! Sen dogry aýdýarsyň, şaýatlyk edýärin: Allahu tagaladan başga ilah ýokdur. Sen – Onuň guly we resulysyň’ diýip, kelimeýi şahadat getirip, musulman boldum. Soňra: ‘Ýa Resulallah! Ýahudylar – adamy haýran galdyrjak derejede ýalan sözleýän, esassyz aýyp ýöňkeýän we töhmet atýan zalym bir halkdyr. Eger siz meniň häsiýetimi we ähli ýagdaýymy olardan sorap bilmänkäňiz, olar meniň musulman bolandygymy eşidip bilseler, hökman siziň huzuryňyzda maňa akyla sygmajak töhmetler atarlar. Siz ilki meni olardan soraň!’ diýdim-de, öýüň bir tarapynda gizlendim. Meniň yzym bilen ýahudylaryň öňdebaryjy adamlaryndan bir topary içeri girdi. Resulullah ýahudylardan: ‘Araňyzdaky Abdylla ibn Selam nähili adam?’ diýip sorady. Ýahudylar: ‘Ol – biziň iň beýik alymymyz we iň uly alymymyzyň ogly! Ibn Selam – biziň iň haýyrlymyz we iň haýyrlymyzyň ogly!’ diýdiler. Şondan soň Resulullah ýahudylardan: ‘Eger ol musulman bolan bolsa, siz muňa näme diýersiňiz?’ diýip sorady.
“Allahu tagala maňa dört adamy söýýändigini bildirdi. Bu dördüsini söýmegi maňa buýurdy. Olar – Aly, Abu Zer, Mikdat we Selman” Hadysy şerif
Ýahudylar: ‘Allah ony beýle zatdan gorasyn!’ diýip jogap berdiler.
Şol wagt men gizlenen ýerimden çykyp, ony tassyklap şeýle diýdim: ‘Eý ýahudylar jemagaty! Allahu tagaladan gorkuň! Size geleni kabul ediň. Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, siz hem bilýärsiňiz: Allahu tagalanyň resuly – hut şudur, onuň adynyň we sypatlarynyň elleriňizdäki Töwratda ýazylandygyny gördüňiz. Men şaýatlyk edýärin, Allahu tagaladan başga ilah ýokdur. Ýene şaýatlyk edýärin, Muhammet aleýhisselam Onuň guly we resulydyr.’ Şondan soň ýahudylar: ‘Ol biziň iň erbedimiz we iň erbedimiziň oglydyr!’ diýip, maňa dürli kemçilikleri ýöňkäp, töhmet atyp, meni ýamanlap başladylar. Men: ‘Eýýäm gorkanym hut şudy. Ýa Resulallah! Men size olaryň zalym, ýalançy, ýamanlykdan çekinmeýän, töhmetçi bir halkdygyny habar bermänmidim? Ine, hemmesi ýüze çykdy!’ diýdim. Resulullah ýahudylara: ‘Siziň birinji şaýatlygyňyz bize ýeterlikdir, ikinjisi bolsa gerek däl’ diýdi. Şondan soň men derrew öýüme dolandym.
Maşgalamy we garyndaşlarymy yslama çagyrdym. Hemmesi, hatda bibim hem musulman boldy.
Meniň iman getirmegim ýahudylary gaty gaharlandyrdy. Şonuň üçin olar meni gysyp başladylar. Hatda käbir ýahudy alymlary: ‘Araplardan pygamber çykmaz, seniň eýerýän adamyň bolsa hökümdardyr’ diýip, meni yslamdan dändirmäge synanyşdylar, emma başarmadylar”.
Onuň bilen bilelikde Saglebe ibn Sagýe, Useýt ibn Sagýe, Eset ibn Ubeýd we käbir başga ýahudylar ak ýürekden musulman boldular. Emma käbir ýahudy alymlary: “Muhammede diňe biziň erbetlerimiz iman getirdi. Eger olar haýyrlylarymyzdan bolan bolsalar, ata-babalarynyň dinini taşlamazdylar” diýdiler. Şondan soň Allahu tagala olara jogap hökmünde aýaty kerime inderip, manysyna görä şeýle diýdi: “Olaryň (ähli kitabyň) hemmesi bir däldir. Ähli kitabyň arasynda ybadat we tagat edýän bir jemagat bar: olar gijäniň wagtlarynda sežde edip, Allahu tagalanyň aýatlaryny okaýarlar”.6
Günsaýyn halym erbetleşýär, juda erbet, ýa Resulallah!
Indi işlerim düzelsin, kömek et, ýa Resulallah!
Bu pes nebsim azaşdy, meni şeýtana uýdurdy,
Şunça günä bilen nädip pena diläýin, ýa Resulallah?
Nebsiň we şeýtanyň höwesinden halas bolmak mümkinmi,
Eger senden maňa hidaýat ýetmese, ýa Resulallah?
Seniň feýziň, ihsanyň bir pursat günäkäre ýetse,
Onuň ýoly iki jahanda-da – salamatlyk, ýa Resulallah!
Emri, nehýi beýik tutdum, harama halal diýmedim.
Her günämiň soňy puşmanlyk boldy, ýa Resulallah!
Eý ynsanlaryň we jynlaryň Resuly, ynsanlaryň iň beýigi,
Yhlasyma bagyşla, şepagat et, ýa Resulallah!
“Salamy araňyzda ýaýradyň, açlary doýruň, garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklaň (sylaýy rahym) we adamlar ukudaka namaz okaň. Şeýdip, jennete salamatlyk bilen girersiňiz” Hadysy şerif
Medineýi münewweräniň öňki görnüşi (1890)
Hijretiň birinji ýylynda bolup geçen käbir wakalar
Hijretiň birinji ýylynda ensarlardan Esgat ibn Zurara, Bera ibn Magrur, Kulsum ibn Hidm, muhajyrlardan bolsa Osman ibn Mazgun wepat boldy. Mundan başga-da, Medinäniň howasyna we suwuna çydap bilmedik hezreti Abu Bekir bilen Bilal Habeşi (radyýallahu anhuma) bezgek keseline duçar boldular. Şondan soň Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Ýa Rebbim! Mekgäni bize söýdürişiň ýaly, Medinäni hem söýdür we bu ýerde bize bereket we bol rysk ber” diýip doga etdi. Jenaby Hak hem onuň dogasyny kabul edip, muhajyrlara Medinäni söýdürdi.
Ilkinji ýazmaça şertnama
Resulullah hijret etmezden öň, Medinedäki Hazrej taýpasynyň baştutany Abdylla ibn Ubeý Medinä hökümdar saýlanmalydy. Akaba beýgatlaryndan, soňra hem hijret wakasyndan soň Ews we Hazrej taýpalarynyň köpüsi musulman bolansoň, Abdylla ibn Ubeýiň hökümdarlygy amala aşmady. Şonuň üçin Abdylla ibn Ubeý ilki bilen Pygamberimize we muhajyr bolan hormatly sahabalara, soňra bolsa medineli sahabalara içinden diş gyjaýardy, emma duşmançylygyny aç-açan görkezip bilmeýärdi. Özi ýaly birnäçe adam bilen ol münapyklaryň (ikiýüzlileriň) toparyny düzdi. Olar musulmanlaryň ýanynda yslam dinini kabul edendiklerini aýdýardylar, emma yzlaryndan masgaralaýardylar. Gizlinlikde nyfak tohumlaryny sepip, pitne turzup başladylar. Bu işde şeýle bir öňe gitdiler welin, hatda älemiň buýsanjy Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek sözlerini tersine geçirmäge we üýtgetmäge synanyşdylar.
Bu aralykda mekgeli müşrikler hem dek durmaýardylar: Resulullaha Mekgede edip bilmedik zatlaryny Medinede etmäge synanyşýardylar. Olar medineli müşriklere haýbat hatlaryny iberişleri ýaly, Medinedäki ýahudy taýpalaryna hem haýbatdan doly hatlary we habarlary iberip durýardylar. Olaryň bu haýbatlary ýahudylaryň Resulullaha ýakynlaşmagyna sebäp boldy.
Şol wagt ýahudylar Resulullahyň huzuryna gelip: “Siz bilen ýaraşyk baglaşmaga geldik. Bir şertnama baglaşalyň-da, biri-birimize zyýanymyz degmesin” diýdiler. Pygamberimiz hem olar bilen elli bäş maddadan ybarat şertnama baglaşdy. Kabul edilen kararlaryň käbiri şulardyr:
1. Bu şertnama – Resulullah Muhammet aleýhisselam tarapyndan mekgeli we medineli musulmanlar, olara tabyn bolanlar, soňra olara goşulanlar we olar bilen bilelikde söweşýänler arasynda ýazylan resminamadyr.
2. Şübhesiz, olar beýleki adamlardan aýry bir jemagatdyr.
3. Her taýpa öz ýesirleriniň halas puluny (musulmanlaryň arasyndaky adalata görä) bilelikde tölär.
4. Musulmanlar öz aralarynda bulagaýlyk turuzýanlara, hatda öz perzentleri bolsa-da, garşy çykarlar.
5. Ýahudylardan musulmanlara tabyn bolanlara hiç hili zulum edilmez, üstesine, olara kömek hem ediler.
6. Ýahudylar musulmanlar bilen bilelikde bir topar bolar, her kim öz dininiň talaplaryny ýerine ýetirer.
7. Ýahudylaryň hiç biri Muhammet aleýhisselamyň rugsady bolmazdan harby ýörişe çykyp bilmez.
8. Hiç kim şertnama baglaşan adamyna ýamanlyk etmez, zulum görene hökman kömek ediler.
9. Medine jülgesi bu şertnamany baglaşanlar üçin el degrilmeýän, haram ýerdir.
10. Mekgeli müşrikler we olara kömek edýänler hiç bir ýagdaýda gorag astyna alynmaz.
11. Medinä hüjüm etjeklere garşy musulmanlar bilen ýahudylar biri-birine kömek ederler.
Bu şertnama boýunça ýahudylar musulmanlar bilen (daşky görnüşde) dost bolmalydylar, olara kine saklamaly däldiler we duşmançylyk etmeli däldiler.7
Eý Habybym! Gam çekme
Duşmançylyklaryny içlerinde gizleýän ýahudylar bu şertnama gol çekenlerinden soň, Pygamberimiziň ýanyna topar-topar bolup geldiler. Özlerine görä gaty kyn bolan soraglary berdiler. Alan jogaplaryndan onuň hak pygamberdigine düşündiler. Emma tersliklerinden we gabanjaňlyklaryndan iman getirmediler. Şondan soň söýgüli Pygamberimiz: “Maňa ýahudy alymlaryndan on adam iman getiren bolsady, ýahudylaryň hemmesi iman getirerdi” diýdi. Resulullahyň şeýle gamlanmagyna Allahu tagala şu aýaty kerime bilen teselli berdi: “(Eý Habybym!) Eý şanly Resul! Ýürekleri bilen ynanmasalar-da, agyzlary bilen ‘ynandyk’ diýýänler (münapyklar) we ýahudylardan küfrüň içinde ylgaşýanlar(yň ýagdaýy) seni gamgyn etmesin. Olar yzygiderli ýalan diňleýänler we seniň huzuryňa gelmedik başga bir kowum (Haýber ýahudylary) üçin (Kuraýza ogullaryndan) içalyçylyk edýänlerdir. Olar eşiden sözleriniň, hakykatlaryň ýerlerini üýtgedýärler, olary hakdan daşlaşdyrjak görnüşde gürrüň berýärler. We: ’Eger size şu (fetwa) berilse, ony kabul ediň, berilmese, ondan saklanyň’ diýýärler. Allahu tagala kimiň pitnä düşmegini dilese, sen Allahu tagalanyň iradesiniň öňüni almaga hiç bir ýagdaýda gurbatly bolmarsyň. Olar şeýle adamlardyr welin, Allahu tagala (olaryň) ýüreklerini arassalamagy islemändir. Olara dünýäde horluk we perişanlyk, ahyretde bolsa örän uly azap bardyr”.8
Baglaşylan şertnama sebäpli sahabalaryň käbiri goňşulary bolan ýahudylar bilen dostluk gurupdy. Allahu tagala olary hem mundan gadagan edip şeýle diýdi: “Eý iman getirenler! Din doganlaryňyzdan başgalaryny (kapyrlary we münapyklary) dost tutmaň. Olar size ýamanlyk etmekde, bozgaklyk turuzmakda kemlik goýmazlar we siziň kynçylyga düşmegiňizi isleýärler. Olaryň size bolan kinesi we duşmançylygy agyzlaryndan daşary döküldi. Ýüreklerinde gizleýän duşmançylyklary bolsa has-da uludyr. Eger pikirlenip düşünýän bolsaňyz, olaryň duşmançylyklary baradaky aýatlary düşündirdik (üns bermeli zatlaryňyzy örän aç-açan görkezdik)”.9
Mekgeli müşrikler Medinedäki müşrikleri, münapyklary, ýahudylary we Medinäniň töweregindäki taýpalary yzygiderli öjükdirip, olara haýbat atmagyny dowam etdirýärdiler. Olar yslamyň nuruny tizden-tiz söndürmäge çalyşýardylar, söýgüli Pygamberimiziň mübärek wujudyny ortadan aýyrmagyň ýollaryny gözleýärdiler.
“Maňa ýahudy alymlaryndan on adam iman getiren bolsady, ýahudylaryň hemmesi iman getirerdi” Hadysy şerif
Münapyklaryň we müşrikleriň şeýle hereketlerine garşy Resulullah hemişe ýaraşyk ýoluny saýlaýardy. Hormatly sahabalaryň käbiri indi duşmana garşy çykmagyň zerurdygyna ynanýardy we şeýle doga edýärdi: “Ýa Rebbim! Biziň üçin Seniň ýoluňda şu müşrikler bilen göreşmekden gymmatly zat ýokdur. Bu kuraýşly müşrikler Seniň Habybyňyň pygamberligini ýalana çykardylar we ony Mekgeden çykmaga mejbur etdiler. Allahym! Sen, elbetde, olar bilen söweşmegimize rugsat berersiň!..” Resulullah bolsa bu ýolda Allahu tagalanyň buýrugyna garaşýardy, näme buýrulsa, şoňa görä hereket edýärdi. Indi wagty gelipdi. Jebraýyl aleýhisselamyň getiren wahysynda şeýle diýildi: “Size garşy söweş açanlar bilen siz hem Allahu tagalanyň ýolunda söweşiň. Emma çäkden çykyp, aşa gitmäň. Hakykatdan-da, Allahu tagala aşa gidenleri söýmeýär. Olary (kapyrlary) nirede tapsaňyz, öldüriň. Olar sizi (Mekgeden) çykaryşlary ýaly, siz hem olary çykaryň. Olaryň şirk pitnesi adam öldürmekden-de erbetdir. Olar Mesjidul-Haramda siz bilen söweşmeseler, siz hem ol ýerde olar bilen söweşmäň. Emma olar sizi ol ýerde öldürseler, siz hem olary ol ýerde öldüriň. Kapyrlaryň jezasy şeýledir. Eger olar Allahu tagalany inkär etmekden we söweşden el çekseler, (siz hem goýuň. Çünki) hakykatdan-da, Allahu tagala örän bagyşlaýjy we rehim edijidir”.10
Soňra inderilen bir aýaty kerimede hem şeýle diýildi: “Şirk pitnesinden yz galmaýança we din diňe Allahu tagalanyňky bolýança (diňe Allahu tagala ybadat edilýänçä), ol müşrikler bilen söweşiň. Eger olar (şirkden) el çekseler, (olara zulum ýokdur.) Duşmançylyk (jeza) diňe zalymlaradyr”.11
Ma medahtu Muhammeden bi makalati,
Lakin medahtu makalati bi Muhammedin.
(Muhammet aleýhisselamy öwüp bilmeýärin,
Onuň bilen ýazgylarymy gymmatlandyrýaryn.)
Imam Rabbany (rahmetullahi aleýh)
