HORMATLY SAHABALARYŇ TERBIÝESI
Mesjidi Nebewi
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Medinä gelende, ilkinji iş hökmünde sahabalaryny terbiýeläp ýetişdirjek, jemagat bilen namaz okaljak bir metjidiň gurulmagyny isledi. Şol wagt Jebraýyl aleýhisselam gelip: “Ýa Resulallah! Allahu tagala saňa Özi üçin daşdan we çig kerpiçden bir öý (metjit) gurmagy buýurýar” diýdi. Habyby ekrem Pygamberimiz Medinä gelende Kaswa düýesiniň çöken ýerini derrew eýelerinden satyn almak isledi. Ýeriň eýeleri: “Ýa Resulallah! Biz onuň bahasyny diňe Jenaby Hakdan garaşýarys. Bu ýeri size Allahyň razylygy üçin sowgat edýäris” diýip, ony bagyş etmegi örän islediler. Muňa garamazdan, Pygamberimiz sowgady kabul etmedi we onuň bahasyny artygy bilen töledi.1
Bir tarapdan ýer tekizlenip düzedilýärdi, beýleki tarapdan çig kerpiçler guýulýardy we daşlar daşalýardy. Ahyrsoňy ähli taýýarlyk görlenden soň, düýbüni tutmak üçin ýygnandylar. Düýbe ilkinji daşy Muhammet Mustafa (sallallahu tagala aleýhi we sellem) mübärek elleri bilen goýdy. Soňra ol nobat bilen şeýle diýdi: “Abu Bekir öz daşyny meniň daşymyň ýanyna goýsun! Omar öz daşyny Abu Bekiriň daşynyň ýanyna goýsun! Osman öz daşyny Omaryň daşynyň ýanyna goýsun! Aly öz daşyny Osmanyň daşynyň ýanyna goýsun!” Onuň buýrugy ýerine ýetirilenden soň, ol şol ýerdäki hormatly sahabalaryna: “Siz hem daşlaryňyzy goýuň” diýdi. Olar hem goýup başladylar.
Metjidiň gurluşygynda söýgüli Pygamberimizden başlap, ähli hormatly sahabalar arman-dynman işlediler. Mübärek arkalarynda daş we çig kerpiç daşadylar. Daş bilen düýbüni bir ýarym metr belentlige galdyryp, onuň üstüni çig kerpiç bilen örüp çykdylar. Bir gün Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) çig kerpiç göterip barýardy. Sahabalaryndan biri onuň huzuryna gelip, örän uly edep bilen: “Ýa Resulallah! Kerpiji maňa daşamaga rugsat bermezmisiňiz?” diýdi. Pygamberleriň soňkusy (Hatamul-enbiýa) Pygamberimiz oňa has-da uly mylaýymlyk bilen özüniň sogap gazanmaga has köp mätäçdigini bildirdi we kerpiji bermedi. Onuň hem gidip, daş getirmegini maslahat berdi.
Mesjidi Nebewiniň gurluşygynda iň köp işleýänleriň biri hem Resulullahdy. Ol iň agyr daşlary göterip, mübärek döşi gysyla-gysyla olary ussalaryň ýanyna eltýärdi. Bu daşlary we kerpiçleri daşanda, edilýän işiň gadyryny aýdyp, gowuşyljak nygmatlary buşlap, sahabalaryny höweslendirýärdi.
Pygamberimiziň bu tagallasyny gören musulmanlar uly yşk bilen işleýärdiler. Hatda her kes bir kerpiç daşanda, Ammar ibn Ýasyr ikiden kerpiç – birini Pygamberimiz üçin, birini özi üçin daşaýardy. Muny gören Resulullah onuň ýanyna bardy. Mübärek eli bilen hezreti Ammaryň arkasyny sypap: “Eý Sumeýýäniň ogly! Seniň iki, beýlekileriň bir sogaby bar!” diýdi.
Metjidiň diwarlary gysga wagtda gutardy we onuň üsti ýapyldy. Otaglar arap däbine görä hurma şahalaryndan bolup, üsti hem gyldan edilen keçe bilen ýapylgydy. Gapylarynda diňe perde asylgydy. Otaglar metjidiň günorta-gündogar we demirgazyk tarapyndady. Olaryň köpüsiniň gapysy metjide açylýardy. Potologynyň beýikligi orta boýly adamyň boýundan bir garyş artykdy. Hezreti Fatma bilen hezreti Aişäniň otaglarynyň arasynda gapy bardy. Mundan başga-da, metjide ýanaşdyrylyp, Resulullah üçin çig kerpiçden iki otag guruldy. Olaryň üsti hem hurma agajynyň baldaklary we şahalary bilen ýapyldy. Wagtyň geçmegi bilen bu otaglar dokuza çenli köpeldildi. Metjidiň gurluşygy tamamlanandan soň, Pygamberimiz hezreti Halyt ibn Zeýdiň öýünden özi üçin gurlan öýe göçdi.2
“Möminler diňe doganlardyr” Hujurat: 10
ÝA RESULALLAH!
Aşyklary hemişe hasratdan däli eden
– seniň ýüzüň, ýa Resulallah.
Irden-agşam olary dert bilen ah çekdiren
– saňa bolan hasrat, ýa Resulallah!
Gije-gündiz işimi nala-zar eden,
hasrat ody bilen göwnümi ýakan,
dem-dem gözlerimi aglatan
– senden aýralyk, ýa Resulallah!
Asfiýanyň gören Allah lutfy,3
öwlüýäniň süren zowk-sapasy,4
pygamberleriň ýeten belentligi, eý şa,
– seniň döwletiň, beýikligiň, ýa Resulallah!
Merhemet kyl maňa – garyba, sergezdana,
günäkärdirin, rehim eýle garaýüze,
kimsesize, çäresize mähir etmek
– seniň adatyň, ýa Resulallah!
Eý günäkärleriň şepagatçysy, Ýekäniň nury,
Nasuhy – öz guluň, ony kowma.
Sahylyk et, lutfuň gapysyndan yzyna öwürme,
ol – seniň ymmatyňdan, ýa Resulallah!
Nasûhî Üsküdârî
Hurma sütüniniň iňlemegi
Mesjidi Nebewide dikilgi duran bir hurma sütüni bardy. Pygamberimiz anna günleri metjitdäki Hannane atly şu sütüne daýanyp, hutba okaýardy.
Soňra ol üç basgançakly bir münber ýasatdy. Bir anna güni Resulullah we hormatly sahabalar Mesjidi Nebewide ýygnanypdylar. Pygamberimiz hutba üçin täze münbere çykanda, öň özüniň daýanýan gury hurma sütüni hemmäniň eşider ýaly, göwreli düýäniň aglaýşyny ýada salýan bir ses bilen aglap, iňläp başlady. Ähli hormatly sahabalar haýran galyp, bu sesi diňlediler. Emma ses hiç hili kesilmeýärdi. Şondan soň Älemleriň Serweri münberden düşdi we mübärek elleri bilen sütüni sypady. Şol pursatda aglamak we iňlemek kesildi. Gury hurma sütüniniň Pygamberimize bolan bu söýgüsini we yşkyny gören sahabalar gözýaşlaryny saklap bilmediler.
Bu waka barada hezreti Enes ibn Malik: “Onuň sesinden hatda metjit hem titredi” diýipdir, Ibn Abu Wedaga bolsa: “Hurma sütüni ýarylyp, ýerinden gozgaldy. Resulullah gelip, mübärek elini onuň üstüne goýandan soň, ol dymdy” diýipdir.
Pygamberimiz şeýle diýdi: “Janym gudrat elinde bolan Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, eger men ony sypamadyk bolsam, ol maňa bolan hasratyndan we gussasyndan kyýamata çenli şeýdip aglardy”. Başga bir rowaýatda şeýle bildirildi: Resul aleýhisselam gury hurma sütünine ýüzlenip: “Isleseň, seni öňki ösen bagyňa gaýtaraýyn. Ýene pudak-şaha ýaýyp, öňki halyňa gaýdyp gelersiň. Isleseň, seni jennete oturdaýyn-da, Allahu tagalanyň dostlary seniň miwäňden iýsinler” diýdi. Resulullah oňa gulak salyp, onuň şeýle diýenini eşitdi: “Meni jennete oturt, Allahu tagalanyň dostlary menden iýsinler we men könelip-çüýremejek bir ýerde bolaýyn”. Agajyň bu sözüni Pygamberimiziň ýanyndakylar hem eşitdiler. Şondan soň Resulullah oňa: “Isleýän zadyňy ederin” diýip jogap berdi. Soňra sahabalaryna ýüzlenip: “Ol baky dünýäni (Darul-bekany) pany dünýäden (Darul-fenadan, bu dünýäden) ileri tutdy” diýdi.5 Soňra Resulullahyň buýrugy bilen hurma sütüni ýere jaýlandy.
Maşgala agzalarynyň Medinä gelşi
Älemiň serweri Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bilen hezreti Abu Bekir hijret edenlerinde, çagalaryny Mekgede goýupdylar. Imam Buharynyň rowaýat eden hadysy şerifinde hezreti Aişe Resulullahyň oňa şeýle diýendigini gürrüň berdi: “Eý Aişe! Sen maňa düýşümde iki gezek görkezildiň. Men, megerem, ýaşyl ýüpek matanyň bir böleginde seniň suratyňy gördüm we maňa: ‘Bu suratyň eýesi – seniň geljekki zenanyň’ diýildi”. Bu düýşden soň (Hatyja enemiziň wepatyndan bir ýyl soň) Pygamberimiz bilen Aişe enemiz entek Mekgedekä adaglanypdylar. Emma toý entek bolmandy. Aişe enemiz muny şeýle gürrüň berdi: “Resulullah Medinä hijret eden wagty bizi we öz gyzlaryny Mekgede goýupdy. Medinä gelip ýerleşenden soň, ol azat eden guly Zeýd ibn Harysa bilen Abu Rafygy iki düýe we gerek boljak zatlary satyn almak üçin 500 dirhem ýol harajaty bilen bize iberdi.
Kakam hem Abdylla ibn Ureýkyty iki-üç düýe bilen olara goşup, doganym Abdyllanyň adyna hat ýazyp, ejemi, meni we gyz doganym Esmany düýelere mündürip ugratmagy buýurdy. Men, ejem Ummu Ruman, Resulullahyň gyzlaryndan hezreti Fatma Zähra bilen Ummu Gülsüm, onuň aýaly Sewde, şeýle hem Ummu Eýmen bilen Usama – hemmämiz bilelikde ýola çykdyk. Kudeýd diýen ýere baranymyzda, Zeýd 500 dirheme ýene üç düýe satyn aldy. Kerwene Talha ibn Ubeýdulla hem goşuldy. Minadan Beýd diýilýän ýere ýetenimizde, meniň düýäm gaçdy. Men kejebäniň içindedim. Ejem hem ýanymdady. Ejem: ‘Waý, gyzjagazym, waý, gelinjigim!’ diýip, jany-jahany bilen ýalbarýardy. Allahu tagala düýämizi köşeşdirdi we bizi halas etdi. Ahyrsoňy Medinä geldik. Men kakamyň maşgalasy bilen bilelikde düşdüm. Resulullahyň maşgalasy bolsa onuň otaglarynyň öňünde düşdi”.
“Eger men ony (Hannanäni) gujaklamadyk bolsam, ol menden aýrylandygy üçin kyýamata çenli aglardy” Hadysy şerif
Aişe enemiz birnäçe wagt kakasy hezreti Abu Bekiriň öýünde ýaşady. Olaryň toýy Bedr söweşinden soň boldy.
Nähili bagtlydyr ol kişi,
dilinde Kuran bolsa!
Azan, kamat eşidende,
göwni iman bilen dolsa!
Azany Muhammedi
Mesjidi Nebewi gurlandan soň, namaz wagtynyň gelendigini bildirjek we musulmanlary metjide çagyrjak bir usul ýokdy. Diňe: “Essalatu jamiga (Namaza geliň)” diýilýärdi.
Bir gün Resulullah sahabalary bilen maslahatlaşyp, namaz wagtlarynda möminleri metjide nähili çagyrmalydygyny sorady. Käbirleri namaz wagtlaryny bildirmek üçin nasranylar ýaly nakus, ýagny jaň kakalyň, käbirleri bolsa ýahudylar ýaly surnaý çalynsyn diýdiler. Käbirleri-de: “Namaz wagty ot ýakyp, ony ýokary galdyralyň” diýip, pikirlerini aýtdylar. Resulullah olaryň hiç birini kabul etmedi.6
Abdylla ibn Zeýd ibn Saglebe bilen hezreti Omar düýşde azanyň okalýandygyny gördüler. Hezreti Abdylla söýgüli Pygamberimiziň ýanyna gelip, düýşüni şeýle gürrüň berdi: “Men egnine ýaşyl şal atyp, biline bilguşak guşap, eline jaň alan bir adamy gördüm. Oňa: ‘Eliňdäki jaňy satarmyň?’ diýip soradym. Ol maňa: ‘Ony näme etjek bolýarsyň?’ diýdi. Men: ‘Namaz wagtlaryny bildirmek üçin kakjak’ diýenimde, ol şahs: ‘Men saňa mundan has haýyrlysyny öwredeýin’ diýdi-de, gybla öwrülip, gaty ses bilen: ‘Allahu ekber, Allahu ekber…’ diýip okap başlady. Gutarandan soň: ‘Namaza turjak wagtyňda-da’ diýip, azany gaýtalady we ahyryna ýakyn ‘Kad kametis-salah’ diýen sözleri goşdy”.
Şondan soň Resulullah: “Düýş – hakdyr. Ol sözleri Bilala öwret, ol okasyn!” diýdi. Muňa azan diýen at berildi.7
Hezreti Bilal hem Mesjidi şerifiň golaýyndaky belent bir üçege çykyp, ilkinji azany öwredilen sözler bilen okady.
Hezreti Omar azanyň sesini eşidende, ylgap Resulullahyň huzuryna geldi. Hezreti Bilalyň aýdan sözlerini düýşünde edil şeýle görendigini aýtdy. Şol gije hormatly sahabalaryň käbiri hem şol düýşi görüpdi. Edil şol wagt Juma süresiniň 9-njy aýaty kerimesi indi we bu wahy bilen hem bildirildi.
Bir gün ertir namazynyň wagtynda Bilal Habeşi söýgüli Pygamberimiziň gapysynyň öňünde iki gezek: “Essalatu haýrun minen-newm” diýip seslendi.8 Bu Pygamberimiziň göwnüne ýarady. Ol: “Eý Bilal, bu nähili gözel söz! Ertir namazynyň azanyny okanyňda muny hem aýt” diýdi. Şeýdip, ertir namazynyň azanynda bu söz hem aýdylyp başlandy.
Pygamberimiziň wepatyna çenli azançylyk eden Bilal Habeşiniň sesi gür, örän owadan we juda täsirlidi. Ol azan okap başlanda, her kes uly yşk we wejt bilen diňläp, özüni unudardy. Ol azan okanda hemmäni aglatardy.
Hormatly sahabalaryň namaz wagtlarynda biri-birini metjide Azany Muhammedi bilen çagyrmaklary medineli müşrikleriň we ýahudylaryň örän geňine galdy. Azan okalanda, olar ony masgaralaýardylar, gülki edýärdiler. Olaryň bu masgaraçylygyna garşy Allahu tagala Kurany Kerimde manysyna görä şeýle diýdi: “Siz namaza azan bilen çagyranyňyzda, olar ony oýna we gülki zada öwürýärler. Bu – olaryň akyly ýetmeýän bir kowum bolandyklary sebäplidir”.9
Seslendi ol azançy, durdy, kamat getirdi,
Käbä öwrüp ýüzüni, hem niýet etdi.
Eşidip iman ehli hormat bilen diňledi,
Soňra namaza durup, Rebbe gulluk eýledi.
Suffa sahabalary
Pygamberimiz Mesjidi Nebewiniň demirgazyk diwaryna hurma şahalaryndan bir saýawan ýasatdy. Bu ýerde Mekgeden hijret eden, maly-mülki bolmadyk, öýlenmedik sahabalaryň ýaşamagyny buýurdy.10 Bu öýlenmedik sahabalar, şeýle hem ensarlaryň we muhajyrlaryň garyplary Mesjidi Nebewiniň ýanyndaky Suffa atly uly çerdagyň aşagynda ýaşaýardylar, ylym öwrenmek we öwretmek bilen meşgul bolýardylar. Olaryň sany ondan dört ýüze çenli üýtgeýärdi. Köplenç olar ýetmiş adam bolýardy. Bu sahabalar Resulullahyň ýanyndan asla aýrylmaýardylar we onuň söhbetlerinden hiç galmaýardylar. Gije-gündiz Kurany Kerim okaýardylar, ylym öwrenýärdiler, hadysy şerifleri ýatlaýardylar. Günleriniň köpüsini oraza tutup geçirýärdiler; ybadatdan we tagatdan bir pursat hem aýrylmaýardylar. Bu ýerde ýetişenler täze musulman bolan taýpalara iberilýärdi we olara Kurany Kerimi we sünneti şerifi, ýagny yslam dinini öwredýärdiler. Örän köp fazyletlere eýe bolan bu mübärek sahabalar uly bir magrypat goşunydy. Pygamberimiz olary örän söýýärdi, olar bilen oturyp söhbet edýärdi we bilelikde nahar iýýärdi. Bu ýerde galýanlara “Ashaby suffa” diýilýärdi. Bir gün Resulullah Suffa sahabalaryna seredip, olaryň örän garypdyklary barada oýlandy. Şeýle ýagdaýda bolsalar-da, olar göwün rahatlygy we ýagtylygy bilen ybadat edýärdiler. Pygamberimiz olara merhemet edip: “Eý Suffa ehli! Size buşluklar bolsun! Eger ymmatymdan siziň içinde ýaşaýan bu agyr şertleriňize razy bolan bir adam galsa, ol, elbetde, meniň dostlarymdandyr” diýdi.
“Siz namaza azan bilen çagyranyňyzda, olar ony oýna we gülki zada öwürýärler. Bu – olaryň akyly ýetmeýän bir kowum bolandyklary sebäplidir” Mäide: 58
Habyby ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) her zatdan öň bu saýlanan sahabalarynyň zerurlyklaryny üpjün edýärdi, soňra özüniň Ähli beýtiniň zerurlyklaryny ödemäge çalyşýardy. Abu Hureýre şeýle gürrüň berdi: “Ondan başga ilah bolmadyk Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, men käte açlykdan garnymy ýere direýärdim, käte-de ýerden alan bir daşymy garnyma basýardym. Ýene şeýle ýagdaýdadym. Şol gün men Resulullahyň metjide barýan ýolunyň üstünde oturypdym. Şol wagt älemlere rahmet edilip iberilen iki jahanyň bezegi nur saçyp ýanyma geldi. Ol meniň halyma düşünip ýylgyrdy we: ‘Eý Abu Hureýre!’ diýdi. Men: ‘Janym saňa pida bolsun, buýruň, ýa Resulallah!’ diýenimde, ol: ‘Meniň bilen ýör’ diýdi. Men derrew onuň yzyna düşdüm. Ol bagtly öýüne girdi. Öýde bir käse süýt bardy. Ol: ‘Hany, Suffa ehliniň ýanyna bar. Olary meniň ýanyma çagyr’ diýdi. Olary çagyrmaga barýarkam, öz-özüme: ‘Bir käse süýt bütin Suffa ehline nädip ýetsin? Maňa-da bir owurt düşermikä?..’ diýip oýlanýardym. Men olary çagyrdym, bagtly öýe geldik, rugsat sorap içeri girdik. Laýyk ýerlere oturanymyzdan soň, Resulullah: ‘Eý Abu Hureýre! Şu süýt käsesini al-da, olara ber!’ diýdi. Men käsäni alyp, ýoldaşlaryma nobat bilen berip başladym. Olaryň her biri käsäni alýardy, doýýança içýärdi we maňa yzyna berýärdi. Hemmeden yzyna alanymda, käsäniň asla azalmandygyny, öňküsi ýaly süýtden doludygyny görýärdim. Şeýdip, men gelen ähli ýoldaşlaryma berdim. Olaryň hemmesi içip doýdy. Soňra Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) käsäni aldy, maňa ýylgyryp: ‘Eý Abu Hureýre! Süýt içmedik bir men galdym, bir-de sen. Hany, sen hem otur, iç!’ diýdi. Men oturyp içdim. Ol: ‘Ýene iç!’ diýdi, men içdim. Pygamberimiz birnäçe gezek: ‘Iç!’ diýdi, men hem her gezek içdim. Ahyrsoňy men: ‘Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Indi içip bilmerin. Seni hak din bilen iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, men gaty doýdum’ diýdim. Ol: ‘Onda käsäni maňa ber’ diýdi. Men berdim. Ol Allahu tagala hamd we sena aýdyp, Bismilla aýdyp, süýdi içdi”.
Metjitde Resulullahyň hiç bir söhbetini sypdyrman ylym öwrenýän bu saýlanan sahabalara medineli sahabalar görülmedik söýgi bilen garaýardylar. Bir agşam Suffa ehlinden açlykdan ysgyny gaçan bir sahaba Resulullahyň huzuryna gelip, halyny aýtdy. Pygamberimiz bagtly öýünden iýere bir zadyň bardygyny-ýokdugyny sorady. “Häzir öýde iýere suwdan başga hiç zat ýok” diýen jogaby alanda, ol şol ýerdäki sahabalaryna: “Şu aç adamy kim myhman eder?” diýdi. Medineli hormatly sahabalardan biri hemmeden öň: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Ony men myhman ederin” diýdi. Ol myhmany bilen öýüne gidip, aýalyna: “Resulullahyň myhmanyny hezzet etmek üçin bir zat taýýarla” diýdi. Aýaly: “Häzir öýümizde çagalaryň iýmitinden başga hiç zat ýok” diýip jogap berdi. Sahaba: “Ilki çagalary uklat. Soňra şol nahary getir” diýdi-de, diňe bir adama ýeterlik nahary alyp, myhmanyň otagyna girdi. Saçagy ýazyp, ony nahara çagyrdy. Bilelikde iýip başlandan soň, ol turdy-da, çyrany düzedýän bolup, ony öçürdi. Ýene garaňkyda saçagyň başynda oturdy. Iýýän ýaly hereket edip, myhmanyň doýmagyna garaşdy. Myhman doýandan soň, saçagy ýygnady. Şol gije olar çagalary bilen aç ýatyp, daňy atdyrdylar. Irden Pygamberimiziň huzuryna baranlarynda, Resulullah: “Allahu tagala siziň şu gijeki işiňizden razy boldy” diýdi. Şondan soň Allahu tagala Haşr süresiniň 9-njy aýaty kerimesini iberip, manysyna görä şeýle diýdi: “Olar (ensarlar) özlerinde garyplyk we mätäçlik bolsa-da, (muhajyrlary) özlerinden ileri tutýarlar”.
Goşgy setiri:
Näme bolsa-da, dost hakda gürlemek has süýji!
Göwünleriň Soltanynyň söhbeti
Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hormatly sahabalaryny terbiýelemek, kämilleşdirmek üçin Mesjidi Nebewide deňi-taýy bolmadyk söhbetler edýärdi we Allahu tagalanyň oňa ihsan eden feýz we bereketlerini olaryň ýüreklerine akdyrýardy. Pygamberimiziň söhbetine gatnaşmak şerefine ýetenler ilkinji söhbetde-de ýüreklerinde uly üýtgeşiklik duýýardylar we örän ýokary ylahy magrypatlara gowuşýardylar. Bu söhbetleriň bereketi bilen hormatly sahabalar ilki bilen söýgüli Pygamberimizi, soňra ähli sahaba doganlaryny öz janlaryndan hem artyk söýýän ýagdaýa gelýärdiler. Allahu tagala olary aýaty kerimelerde öwdi. Olar Resulullahyň huzurynda, edil başlaryna guş gonan-da, gymyldasalar uçup gitjek ýaly, örän edepli we örän ünsli oturardylar. Şeýdip, hormatly sahabalar pygamberlerden we beýik perişdelerden soň mahluklaryň iň fazyletlisi we iň artykmajy boldular. Resulullah sahabalaryna dinimiziň buýruklaryny we gadaganlaryny inçeden-inçe düşündirýärdi, öwredýärdi: imanyň, yslamyň şertleri; namaza, oraza, haja, zekata degişli ähli hökümler; aýaty kerimeleriň tefsirleri; haram we halal bolan iýmitler, geýimler; ant, nezir11 we kefaretler; söwda bilimleri; iýmek-içmek, geýinmek, görüşmek-gürleşmek, salamlaşmak edepleri; goňşuçylyk, garyndaşlyk we dostluk gatnaşyklary; nika, nepaka, mirasdüşerlik we miras hökümleri; dawalar, jezalar, ylalaşyklar we şäriklikler; saglyk, sagdynlyk bilimleri; duşman bilen söweşmek, uruş hukugy… gysgaça, yslam dinine degişli ahyrete we dünýä bagly ähli bilimleri “a”-dan “z”-e çenli her kesiň düşüner ýaly edip düşündirýärdi, möhüm hasaplan meselesini üç gezek gaýtalaýardy.12 Aýallara degişli bilimleri bolsa mübärek aýallarynyň üsti bilen öwredýärdi.
Jibril hadysy şerifi
Musulmanlaryň gahryman imamy, hormatly sahabalaryň beýiklerinden bolan, hemişe dogruçyl bolmagy bilen meşhur söýgüli ulumyz Omar ibn Hattap radyýallahu anhu şeýle diýýär:
– Şeýle bir gündi: hormatly sahabalardan birnäçämiz Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) huzurynda we hyzmatyndadyk. Ol gün, ol sagat şeýle şerefli, şeýle gymmatly we hiç ele düşmejek bir gündi. Şol gün bize Resulullahyň söhbetinde, onuň ýanynda bolmak bilen şereflenmek, ruhlara iýmit bolan, janlara zowk we sapa berýän jemalyny görmek nesip bolupdy. (Bu günüň şerefini, gadyryny düşündirmek üçin ol: “Şeýle bir gündi…” diýdi. Jebraýyl aleýhisselamy ynsan keşbinde görmek, onuň sesini eşitmek, gullaryň mätäç bolan bilimini örän gözel we aýdyň edip Resulullahyň mübärek agzyndan eşitmek nesip bolan bir gün ýaly şerefli we gymmatly bir wagt bolup bilermi?)
“Eý Suffa ehli! Size buşluklar bolsun! Eger ymmatymdan siziň içinde ýaşaýan bu agyr şertleriňize razy bolan bir adam galsa, ol, elbetde, meniň dostlarymdandyr” Hadysy şerif
Şol wagt ýanymyza aý dogan ýaly bir şahs geldi. Onuň eşigi örän ak, saçy örän garady. Onuň üstünde tozan, toprak, der ýaly ýolagçylyk alamatlary görünmeýärdi. Resulullahyň sahabalary bolan bizleriň hiç birimiz ony tanamaýardyk. Ýagny ol biziň görüp-bilýän adamlarymyzdan däldi. Ol Resulullahyň huzurynda oturdy. Dyzlaryny onuň mübärek dyzlaryna ýanaşdyrdy. (Bu gelen Jebraýyldy. Ol ynsan keşbine giripdi. Jebraýyl aleýhisselamyň şeýle oturmagy möhüm bir zady bildirmek üçindi. Ýagny din bilimini öwrenmek üçin utanmagyň dogry däldigini we ussada tekepbirligiň, gedemligiň ýaraşmaýandygyny görkezýär. Her kesiň dinde öwrenmek isleýän zatlaryny mugallymlardan erkin we çekinmän soramalydygyny Jebraýyl aleýhisselam hormatly sahabalara şu ýagdaýy bilen düşündirýär. Sebäbi din öwrenmekde utanmak, Allahu tagalanyň hakyny ödemekde, öwretmekde we öwrenmekde çekinmek dogry däldir.)
Ol şerefli şahs ellerini Resuly ekremiň mübärek dyzlarynyň üstüne goýdy we: “Ýa Resulallah! Maňa yslamy, musulmançylygy düşündir” diýdi.
Resuly ekrem şeýle diýdi: “Yslamyň şertleriniň birinjisi – kelimeýi şahadat getirmekdir. (Kelimeýi şahadat getirmek – ‘Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu’ diýmekdir. Ýagny akylly, baluga ýeten we gürläp bilýän adamyň: ’Ýerde-de, gökde-de Ondan başga ybadat edilmäge we çokunylmaga mynasyp hiç bir zat, hiç bir kimse ýokdur.
Hakyky mabut diňe Allahu tagaladyr. Ol – wajibul-wujutdyr. Her bir kämillik Ondadyr. Onda hiç bir kemçilik ýokdur. Onuň ady – Allah’ diýmegi we muňa ýüregi bilen berk ynanmagydyr. Ýene-de: ‘Gyzyl gül reňkli, ak-gyzyl, nurly, mylaýym ýüzli, gara gaşly we gara gözli, mübärek maňlaýy açyk, gözel häsiýetli, kölegesi ýere düşmeýän we süýji sözli, Arabystanda, Mekgede doglandygy üçin arap diýlen, Haşym neslinden Abdyllanyň ogly Muhammet atly beýik şahs – Allahu tagalanyň guly we resuly, ýagny pygamberidir’ diýmegidir.)
Soňra – wagty gelende namaz okamakdyr. Malyň zekatyny bermekdir. Ramazany şerifde her gün oraza tutmakdyr. Güýji ýetýäniň ömründe bir gezek haj etmegidir”.
Ol şahs Resulullahdan bu jogaplary eşidende: “Dogry aýtdyň, ýa Resulallah!” diýdi. Biz, diňleýänler: “Hem soraýar, hem-de ony tassyklaýar!” diýip, onuň bu sözüne geň galdyk.
Bu şahs ýene: “Ýa Resulallah! Imanyň nämedigini hem maňa bildir” diýdi. (Bu hadysy şerifde imanyň sözlükdäki manysy hakda oýlanmaly däldir. Sebäbi onuň sözlük manysy tassyklamak we ynanmak bolandygy üçin, arap nadanlarynyň arasynda bu manyny bilmeýän adam ýokdy. Hormatly sahabalaryň (radyýallahu tagala anhum ejmagin) ony bilmezligi asla mümkinmi? Jebraýyl aleýhisselam imanyň manysyny hormatly sahabalara öwretmek isleýärdi. Bu ýerde yslamda nämä iman diýilýändigi soralýar.) Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) hem imanyň belli alty zada ynanmakdygyny şeýle bildirdi: “Ilki bilen Allahu tagala, Onuň perişdelerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe, kadara, haýryň we şeriň Allahu tagaladandygyna ynanmakdyr”. Ol şahs ýene: “Dogry aýtdyň” diýip, tassyklady.
Soňra ol ýene: “Ýa Resulallah! Ihsanyň nämedigini hem maňa bildir” diýdi. Resulullah: “Ol – Allahu tagala, Ony görýän ýaly, ybadat etmegiňdir. Sebäbi sen Ony görmeseň-de, Ol seni hökman görýär” diýdi. Ol şahs ýene: “Ýa Resulallah! Maňa kyýamat hakda habar ber!” diýdi. Resul aleýhisselam: “Bu meselede soralýan soraýandan has köp bilýän däldir” diýdi. Ol şahs ýene: “Onda onuň alamatlaryny bildir” diýdi. Resulullah: “Gyrnaklaryň öz eýelerini dogurmagy we ýalaňaýak, ýalaňaç, garyp çopanlaryň (baýap) belent jaý gurmakda biri-biri bilen bäsleşýändiklerini görmegiňdir” diýdi. Mundan soň ol öwrülip gitdi. Resulullah maňa ýüzlenip: “Eý Omar! Soraýan adamyň kimdigini bilýärmiň?” diýip sorady. Men: “Allahu tagala we Onuň Resuly has gowy bilýär” diýdim. Şonda Resulullah: “Ol Jibrildi (Jebraýyldy). Size diniňizi öwretmek üçin geldi” diýdi.13 Söýgüli Pygamberimiz sahabalaryna olaryň dindäki derejelerine görä, düşünjek görnüşinde düşündirýärdi.
Hormatly sahabalaryň iň beýiklerinden bolan hezreti Omar bir gün metjide barýarka, Resulullahyň Abu Bekir Syddyga bir zat gürrüň berýändigini gördi. Ol olaryň ýanyna baryp diňledi. Muny beýlekiler hem gördüler, ýöne gelip diňlemäge çekindiler. Ertesi gün hezreti Omary görenlerinde: “Eý Omar! Resulullah düýn size bir zat gürrüň berýärdi. Aýt, biz hem öwreneliň” diýdiler. Sebäbi Resulullah hemişe: “Menden eşidenleriňizi din doganlaryňyza-da gürrüň beriň! Biri-biriňize eşitdiriň!” diýerdi. Hezreti Omar: “Düýn hezreti Abu Bekir Kurany Kerimden düşünip bilmedik bir aýaty kerimäniň manysyny sorapdy, Resulullah oňa düşündirýärdi. Men bir sagat diňledim, ýöne hiç zada düşünmedim” diýdi. Sebäbi Resulullah hezreti Abu Bekiriň ýokary derejesine görä düşündirýärdi. Hezreti Omar şeýle bir beýikdi welin, hatda Resulullah ol hakda: “Men – pygamberleriň soňkusy. Menden soň pygamber gelmez. Eger menden soň pygamber geljek bolsa, Omar pygamber bolardy” diýdi. Şeýle beýik bolandygyna we ene dili bolan arap dilini örän gowy bilýändigine garamazdan, ol hezreti Abu Bekire düşündirilen Kurany Kerimiň tefsirine düşünip bilmedi. Abu Bekiriň derejesi ondan has ýokarydy. Hezreti Abu Bekir, hatda Jebraýyl aleýhisselam hem Kurany Kerimiň manysyny, syrlaryny Resulullahdan soraýardy. Resulullah Kurany Kerimiň hemmesiniň tefsirini sahabalaryna bildiripdir.
Söýgüli Pygamberimiz sahabalaryna dini öwredişi ýaly, dawalara-da seredýärdi, şaýatlaryny diňläp, iň kyn dawa-jenjelleri çözýärdi, yslamy tanatmak we ýaýmak, ýene bir adamy dowzah odundan halas etmek üçin uly tagalla edýärdi, öz hal-hereketleri bilen ynsanlara görelde bolýardy, şeýle hem möminleri müşrikleriň ýamanlygyndan goramak üçin zerur çäreleriň görülmegini üpjün edýärdi.
“Eý Omar! Soraýan adamyň kimdigini bilýärmiň? Ol Jibrildi (Jebraýyldy). Size diniňizi öwretmek üçin geldi” Hadysy şerif
Eý öwlüýäleriň gözüniň nury bolan jemal,
medet, eý Hudaýyň nurunyň käni!
Aýagyňyň tozany – asfiýanyň gözüne sürme,
medet, eý Hudaýyň nurunyň käni!
Sensiz hiç kim Haka wysal tapmaz,
lutfuň feýzi bilen kişi kabul bolar,
sen – “älemlere rahmet”, ýa Resul,
medet, eý Hudaýyň nurunyň käni!
Hetsiz jenaýat we günä etdim,
hawa-heweslere uýanlara ýoldaş boldum,
günälerime şepagat eýle, eý Kerim,
medet, eý Hudaýyň nurunyň käni!
Eý Beýik Allahyň Resuly, sahawat käni,
ýalňyşlykdan doly bu Selimi – gullaryňyň iň kemteri,
dergähiňe sygynyp, senden ata dileýär,
medet, eý Hudaýyň nurunyň käni!
Yavuz Sultan Selim (Selîmî)
