MEDINEÝI MÜNEWWERE DÖWRI
Söýgüli Pygamberimiziň bigsetiň on üçünji ýylynda, Rebiulewwel aýynyň 12-sinde, milady 622-nji ýylda Medinä hijret etmegi bilen on ýyl dowam etjek Medine döwri başlandy. Pygamberimiz Halyt ibn Zeýd Abu Eýýup Ensary hezretleriniň öýüne gelende, aşaky gatda ýaşamagy makul bildi we şol ýerde ýerleşdi.1 Şeýdip, Kainatyň Serwerini myhman almak we öz öýünde saklamak şerefi bu mübärek şahsa nesip boldy.
Hezreti Halyt şeýle gürrüň berdi: “Resulullah öýümi şereflendirende, aşaky gatda ýaşamagy makul bildi. Biz bolsa ýokarky gatda ýaşaýardyk we bu ýagdaýa örän gynanýardyk. Bir gün men: ‘Ejem-kakam size pida bolsun, ýa Resulallah! Meniň ýokarda, siziň bolsa aşakda ýaşamagyňyza göwnüm razy bolmaýar, muny ýerlikli hasaplamaýaryn. Bu maňa örän agyr degýär. Haýyş edýärin, siziň ýokarda, biziň bolsa aşakda ýaşamagymyza rugsat beriň’ diýdim. Şonda ol: ‘Eý Abu Eýýup! Öýüň aşaky gatynda bolmagymyz bize has amatly we oňaýlydyr’ diýdi. Gelýän myhmanlar bilen has rahat görüşmek niýeti bilen ol aşaky gatda galmagy makul bildi. Biz bolsa öýüň ýokarky gatynda galdyk.
Bir gün suw küýzämiz döwüldi. Dökülen suwuň Resulullahyň üstüne damjalap, ony biynjalyk etmeginden gorkup, aýalym ikimiz ýapynýan ýeke-täk duhowa ýorganymyzy derrew suwuň üstüne basdyrdyk”.
Abu Eýýup Ensary ýokarky gatda bolmakdan özüni örän oňaýsyz duýýardy. Ahyrynda ol özi aşaky gata düşüp, Resulullahy ýokary çykardy. Abu Eýýup hezretleri şeýle gürrüň berdi: “Biz Resulullaha hemişe agşamlyk nahar taýýarlap ugradardyk. Galanyny bize yzyna ugradanda, men we aýalym Ummu Eýýup Resulullahyň eliniň degen ýerlerini gözläp, şol ýerlerden iýerdik we munuň bilen bereket alardyk. Ýene bir gije biziň taýýarlap ugradan sogan ýa-da sarymsak goşulan naharymyzy Resulullah yzyna gaýtardy. Onda onuň eliniň yzyny görmänsoň, men zar-zar aglap, onuň ýanyna bardym we: ‘Ýa Resulallah! Ejem-kakam saňa pida bolsun! Siz agşamlyk nahary yzyna gaýtardyňyz. Emma men onda mübärek eliňiziň yzyny görmedim. Aslynda men we Ummu Eýýup siziň yzyna gaýtaran naharyňyzda eliňiziň degen ýerlerini gözläp, munuň bilen bereket alýardyk’ diýdim. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: ‘Bu gök önümde bir ys duýdum. Şonuň üçin ondan iýmedim. Men perişde bilen gürleşýän bir adamdyryn’. Men: ‘Ol nahar harammy?’ diýip soradym. Ol: ‘Ýok! Ýöne men onuň ysy sebäpli ony halamadym’ diýende, men: ‘Siziň halamaýan zadyňyzy men hem halamaýaryn!’ diýdim. Pygamberimiz: ‘Siz ony iýiň’ diýdi. Şondan soň biz ony iýdik we mundan beýläk Resulullaha şol gök önümden nahar bişirmedik.
Ýene bir gezek men Resulullah bilen Abu Bekire ýeter ýaly nahar taýýarlap, olaryň huzuryna eltdim. Resulullah: ‘Eý Abu Eýýup! Ensarlaryň hormatly adamlaryndan otuz kişini çagyr’ diýdi. Men naharyň azdygyny, belki, Resuly ekrem bu nahary köp hasaplandyr öýdüp oýlanyp durkam, ol ýene: ‘Eý Abu Eýýup! Ensarlaryň hormatly adamlaryndan otuz kişini çagyr’ diýdi. Müň dürli pikire batyp, men ensarlardan otuz kişini çagyrdym, olar geldiler. Olar ol nahardan iýip doýdular. Munuň mugjyzadygyna düşünip, gelenleriň imany has-da berkedi we olar ýene bir gezek beýgat etdiler. Soňra gitdiler. Bu saýlanan sahabalar gidenden soň, bu gezek ol: ‘Altmyş kişini çagyr’ diýdi. Mugjyza bilen naharyň azalmandygyny görüp, men has-da begenip, Resulullahyň huzuryna altmyş kişini çagyrdym.
“Düýäniň ýoluny açyň! Onuň nirä çökmelidigi oňa buýrulandyr” Hadysy şerif
Medineýi münewwere we onuň töweregi
Olar gelip, ol nahardan iýdiler. Olaryň hemmesi Resulullahyň mugjyzasyny tassyklap yzlaryna dolandylar. Soňra ol: ‘Ensarlardan togsan kişini çagyr’ diýdi. Men çagyrdym, olar geldiler. Resulullahyň buýrugy bilen olar on-on bolup saçaga oturyp iýdiler; olaryň hemmesi bu beýik mugjyzany görüp gitdiler. Şeýdip, ýüz segsen adam nahar iýdi. Nahar bolsa meniň eltişim ýaly durdy, oňa asla el degmedik ýalydy”.2
Ensarlar bilen muhajyrlaryň dogan bolşy
Pygamberimiz Medineýi münewwerede has berk agzybirlik döretmek üçin hijret eden muhajyrlary we olary öz öýlerinde ýerleşdiren ensarlary biri-birine dogan etdi. Hezreti Aly iň soňa galanda, ýatdan çykaryldym öýdüp: “Ýa Resulallah! Meni ýatdan çykardyňyzmy?” diýip sorady. Şonda Älemleriň Serweri: “Sen dünýäde-de, ahyretde-de meniň doganymsyň” diýdi. Bu doganlyk maddy we manawy ýardamlaşmak esasynda gurlupdy. Şeýdip, öz ýurtlaryndan, öý-öwzarlaryndan we garyndaşlaryndan aýry düşmegiň gussasy biraz-da bolsa aýrylmalydy. Onsuz hem medineli musulmanlar Allahu tagalanyň dinine eýerip ýaşamak we ony ýaýmak üçin öz ýurtlaryny terk eden muhajyr doganlaryna bagyr açypdylar, olary öýlerine çagyrypdylar we olara her hili kömek etmek üçin jan-tenden çalyşypdylar. Bu doganlyk ýola goýlandan soň, olar biri-birine has-da ýürekden baglandylar. Resulullah her bir muhajyry onuň häsiýetine laýyk gelýän bir ensar bilen dogan etdi. Bu doganlyk şeýle bir derejedi welin, olar hatda kakalaryndan galan maly hem paýlaşýardylar.3
Her bir medineli ýerini, üzümçiligini, bagyny, öýüni, mallaryny… näme zady bar bolsa, ikä bölüp, ýarysyny muhajyr doganyna göwün hoşlugy bilen berýärdi. Muhajyrlardan Abdyrahman ibn Awf hezretleri şeýle gürrüň berdi: “Biz Medineýi münewwerä hijret edenimizde, Resulullah meni Sagt ibn Rebig bilen dogan etdi. Şondan soň doganym Sagt maňa: ‘Eý doganym Abdyrahman! Men mal babatda medineli musulmanlaryň iň baýydyryn. Malymy ikä böldüm, ýarysy – seniňki’ diýdi. Men bolsa: ‘Allahu tagala malyňy özüňe mübärek we haýyrly etsin. Meniň mala mätäçligim ýok. Diňe meni söwda edýän bazaryňyza bir alyp baraý, şol ýeterlik’ diýdim”.
Beýle pidakärlik diňe yslam doganlygy bilen mümkin bolýardy. Adam aleýhisselamdan bu zamana çenli köp göçler bolupdy. Emma beýle manyly we beýik bir hijret, daşardan gelenler bilen ýerli halkyň arasynda beýle söýgüli bir ýakynlaşma we ýürekden gujaklaşma bolmandy. Hakykatdan hem, Allahu tagala manysyna görä: “Möminler diňe doganlardyr” diýdi.4 Munuň bilen hakyky söýginiň we ýürekdenligiň maddy bähbit bilen däl-de, diňe iman we ynanç bilen bolup biljekdigine yşarat edilýärdi. Hormatly sahabalardaky bu ýagdaý Resulullahyň diňe bir söhbeti bilen gazanylýardy. Söýgüli Pygamberimiziň mübärek ýüreginden deňizler dek joşup çykýan feýz we bereketler hormatly sahabalaryň ýüreklerine akýardy, munuň netijesinde olar biri-birini görülmedik pidakärlik bilen söýýärdiler we doganlaryny özlerinden ileri tutýardylar.
“Ýa Rebbim! Mekge şäherini söýşümiz ýaly, bize Medinäni-de söýdür. Mekgeden-de köp söýdür. Ýa Rebbim! Ölçeglerimize we gaplarymyza bereket ber. Medine şäherini biziň üçin sagdyn et. Onuň howasyny gözel eýle!” Hadysy şerif
Ensarlar we muhajyrlar bu täze yslam merkezinde ele-el, göwne-göwün berip, yslam dini berkisin diýip, her hili pidakärlige çydamaga we ahyrynda şehitlik derejesine ýetmäge söz berdiler. Şeýdip, olar Resulullahyň töwereginde jemlenip, yslam dininiň esaslaryna eýerip, täze bir tertip we bagtly durmuş gurýardylar. Yslam indi hijret wakasy bilen “döwlet” bolmak ýolunda ilkinji ädimini ätdi. Medineýi münewwere bolsa yslam dininiň sallançagyna we merkezine öwrülýärdi.
Medinede hormatly sahabalardan başga-da hristianlar, ýahudylar we butlara çokunýan müşrikler hem bardy. Ýahudylar Beni Kaýnuka, Beni Kuraýza we Beni Nadr diýen üç taýpadan ybaratdy. Olar yslama we esasan hem söýgüli Pygamberimize juda duşmandylar.
Şol arada mekgeli müşrikler Pygamberimiziň Medinede sahabalaryny biri-birine dogan edip birleşdirmegini özleri üçin uly howp hasapladylar. Eger olar bu işiň hötdesinden gysga wagtda gelip bilmeseler, musulmanlar güýçlenip, Mekgä hüjüm edip, taşlap giden ýerlerini, öýlerini, ýurtlaryny olaryň elinden alyp bilerdiler… Şeýle pikirler bilen ýaşaýan mekgeli müşriklerden medineli musulmanlara haýbat atýan hatlar gelýärdi. Bu hatlaryň birinde şeýle diýilýärdi: “Şübhesiz, biziň bilen duşmançylykly bolan arap taýpalarynyň hiç biri bizi siziň ýaly gazaplandyrmady. Sebäbi siz bizden bolan bir adamy bize tabşyrmaly bolsaňyz-da, oňa kömek edip, gujak açyp, ony goradyňyz. Bu – siziň üçin örän uly kemçilikdir. Haýyş edýäris, onuň bilen biziň aramyzdan çykyň we ony bize goýuň. Eger onuň işi şowly bolsa, muňa iň köp begenjekler – biz. Tersine bolsa, onuň hötdesinden gelmek hem ýene biziň borjumyz!..”
Bu hata hezreti Kagb ibn Malik Pygamberimizi wasp edýän örän owadan jogap ýazdy.
Mekgeli müşrikler medineli müşriklere-de şeýle haýbatly hatlar ýazdylar. Olara-da şeýle haýbat atdylar: “Eger biziň adamymyzy şäheriňizden çykarmasaňyz ýa-da öldürmeseňiz, üstüňize ýöriş ederis, sizi öldüreris, aýallaryňyzy özümize hyzmatkär edip alarys!..”
Şondan soň medineli müşrikler münapyk Abdylla ibn Ubeýiň töweregine ýygnanyp, pursat tapan badyna Resulullaha zyýan ýetirmek kararyna geldiler.
Musulmanlar bu ýagdaýy bilenlerinde, söýgüli Pygamberimizi goramak üçin ellerinden gelen ähli tagallany edip, onuň töwereginde berk jebisleşdiler. Hatda olar gijelerine köçä çykyp bilmeýän, öýlerinde ýatyp bilmeýän ýagdaýa düşdüler.
Ubeý ibn Kagb şeýle gürrüň berdi: “Resulullah we onuň sahabalary Medineýi münewwerä gelenlerinde, musulmanlar müşrik arap taýpalarynyň duşmançylygyna sezewar boldular. Sahabalar ýaragly halda daň atýança garawulda durdular”.
Hormatly sahabalar bir beden ýaly bolupdylar, howply ýagdaýlarda ähli güýçleri bilen musulman doganlaryna kömege ylgaýardylar. Olaryň başynda söýgüli Pygamberimiz durýardy. Resulullah her bir gözel häsiýetde öňde bolşy ýaly, edermenlikde hem sahabalarynyň iň öňündedi. Gijäniň haýsy sagadynda bolsa-da, bir pygan eşidilse, Pygamberimiz hiç kim baryp ýetmänkä aty bilen ol ýere ýyldyrym dek ýetip barardy, gorkara hiç zadyň ýokdugyny sahabalaryna bildirip, olary köşeşdirerdi.
“Eý Aly! Sen dünýäde-de, ahyretde-de meniň doganymsyň” Hadysy şerif
Iki jahanyň soltanynyň
dogan aýy geldi ýene,
ylym-magrypat käniniň
dogan aýy geldi ýene.
Şepagat isleýän gelsin,
ony söýen sapa bulsun,
ol gözel ahlak eýesiniň
dogan aýy geldi ýene.
Garaňkylygyň dolan aýy, irdenki gün,
Hudaýyň gülüstanynyň gyzyl güli,
Hakyň Habyby Mustafanyň
dogan aýy geldi ýene.
Kany bir sadyk aşyk? –
rahat tapsyn jany-teni,
hakykat syrynyň hazynasynyň
dogan aýy geldi ýene.
Ony, Hüdaýy, kim söýse,
maksadyna ýetişer ol,
jahanyň buýsanjy, ynsanlaryň iň haýyrlysynyň
dogan aýy geldi ýene.
Medinäniň köne bir görnüşi
Mesjidi Nebewi / Medineýi münewwere
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Medineýi münewwerä hijret edende, onuň Kaswa düýesiniň çöken ýer bölegi.
Söýgüli Pygamberimiz bu ýeri satyn alyp, onuň üstünde metjit gurdurdy.
Ol bu metjide ýanaşyk bolan öýünde wepat boldy,
we onuň mübärek gabry hem şu otagda boldy.
Soňra bu otagda hezreti Abu Bekir bilen hezreti Omar (radyýallahu anhuma) jaýlandy.
Olaryň ýanyndaky bir adamlyk ýerde Isa aleýhisselamyň
jaýlanjakdygy bildirildi.
