HIJRET
Ews we Hazrej taýpalarynyň birden musulman bolmagy we Mekge musulmanlary bilen Medine musulmanlarynyň birleşmek ähtimallygy müşrikleri gaty gorkuzyp, gazaba mündüripdi. Ikinji Akaba beýgatyny eşiden mekgeli müşrikleriň garaýşy örän gazaply we örän howply häsiýete eýe boldy. Musulmanlar üçin Mekgede galmak çydap bolmajak derejä ýetdi. Soňky Akaba beýgaty bilen Medine musulmanlar üçin rahatlyk tapjak we sygynjak ýerine öwrülipdi. Olar bir ýoluny tapyp, bu şäherden hijret etmegi, azajyk dem aljak, biraz erkin ýaşap biljek topraklara gitmegi arzuw edýärdiler. Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) ýagdaýlaryny aýdyp, hijret üçin rugsat soradylar. Ol sahabalaryna sabyr etmegi maslahat berdi. Sebäbi Mekgäni terk etmäge entek rugsat çykmandy. Ahyrsoňy hijret üçin garaşylýan ylahy rugsat geldi. Şol gün söýgüli Pygamberimiz şatlykly ýagdaýda hormatly sahabalaryň ýanyna gelip, şeýle diýdi: “Siziň hijret etjek ýeriňiz maňa bildirildi. Ol ýer – Ýesrip (Medine). Şol ýere hijret ediň. Ol ýerde musulman doganlaryňyz bilen birleşiň. Allahu tagala olary size dogan etdi. Ýesribi (Medinäni) size howpsuzlyk we rahatlyk tapjak ýurduňyz etdi”. Resulullahyň rugsady we maslahaty bilen musulmanlar Medinä yzly-yzyna topar-topar bolup hijret edip başladylar.1 Pygamberimiz hijret edýänlere örän seresap we öňdengörüjilikli hereket etmegi berk tabşyrýardy. Musulmanlar müşrikleriň ünsüni çekmezlik üçin kiçi kerwenler bolup ýola çykýardylar we mümkin boldugyça gizlin hereket edýärdiler. Medinä ilkinji hijret eden Abu Seleme müşriklerden köp azar görüpdi. Birneme wagtdan soň işiň nämedigine düşünen müşrikler hijret üçin ýola çykan musulmanlardan görüp bilenlerini ýoldan yzyna öwürmäge, aýallary ärlerinden aýyrmaga, güýçleri ýetenleri zyndana salmaga başladylar we dürli jebirlere sezewar etdiler. Olary dinlerinden dändirmek üçin her hili azar berdiler. Emma içerki uruşyň turmagyndan gorkandyklary üçin öldürmäge het edip bilmediler. Musulmanlar bolsa muňa garamazdan, her bir pursatdan peýdalanyp, Medine ýollaryna düşdüler. Bir gün hezreti Omar hem gylyjyny biline dakdy. Oklaryny we naýzasyny ýanyna alyp, hemmäniň gözüniň öňünde Käbäni ýedi gezek towap etdi. Ol ýerdäki müşriklere gaty ses bilen şeýle diýdi: “Ine, men hem dinimi goramak üçin Allahu tagalanyň ýolunda hijret edýärin. Aýalyny dul, çagalaryny ýetim goýmak, ejesini aglatmak isleýän bar bolsa, şu jülgäniň aňyrsynda meniň öňümden çyksyn!..” Şeýdip, hezreti Omar we ýigrimä golaý musulman güpbe-gündiz, hiç zatdan çekinmän Medinä tarap ýola çykdylar. Ondan gorkup, hiç kim bu kerwene degip bilmedi. Mundan soň göçleriň yzy üzülmedi, hormatly sahabalar topar-topar bolup Medinä gelip ýetdiler.
“Siziň hijret etjek ýeriňiz maňa bildirildi. Ol ýer – Ýesrip (Medine). Şol ýere hijret ediň” we “Ol ýerde musulman doganlaryňyz bilen birleşiň. Allahu tagala olary size dogan etdi. Ýesribi (Medinäni) size howpsuzlyk we rahatlyk tapjak ýurduňyz etdi” Hadysy şerif
Hijret ýoly
Şol arada hezreti Abu Bekir hem hijret üçin rugsat sorady. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem): “Sabyr et. Umydym şol: Allahu tagala maňa-da rugsat berer. Bilelikde hijret ederis” diýdi. Hezreti Abu Bekir: “Ejem-kakam saňa pida bolsun! Beýle bir ähtimallyk barmy?” diýip soranda, Pygamberimiz: “Hawa, bar” diýip, ony begendirdi. Hezreti Abu Bekir sekiz ýüz dirhem berip, iki düýe satyn aldy we şol güne garaşyp başlady. Indi Mekgede söýgüli Pygamberimiz bilen hezreti Abu Bekir, hezreti Aly, garyplar, näsaglar, garrylar we müşrikleriň zyndana salan möminleri galypdy.
Beýleki tarapdan medineliler (ensarlar) hijret eden mekgelileri (muhajyrlary) örän gowy garşylap, myhman etdiler. Olaryň arasynda berk bir agzybirlik ýüze çykdy.
Resulullahyň hem hijret edip, musulmanlaryň başyna geçmek ähtimallygy sebäpli mekgeli müşrikler howsala düşüpdiler. Olar möhüm işleri maslahatlaşmak üçin ýygnanýan ýerleri bolan Darun-Nedwede ýygnandylar we näme etjeklerini gürleşip başladylar. Şeýtan Şeýhi Nejdi keşbinde, ýagny Nejdden gelen garry bir adamyň keşbinde müşrikleriň ýanyna geldi. Olaryň gürrüňlerini diňledi. Dürli teklipler öňe sürüldi. Emma olaryň hiç biri halanmady. Soňra şeýtan söze goşuldy we öz pikirini aýtdy: “Pikir edenleriňiziň hiç biri çäre bolup bilmez. Sebäbi onuň güler ýüzi we süýji dili her bir tedbiri bozar. Başga çäre oýlanyň”.
Kuraýşyň baştutany Abu Jehil şeýle diýdi: “Her taýpadan bir güýçli adam saýlalyň. Olar ellerinde gylyçlary bilen Muhammediň üstüne topulsynlar. Gylyç urup, onuň ganyny döksünler. Ony kimiň öldürendigi belli bolmasyn. Şeýdip, olar islemeseler-de, gan bahasyna (diýete) razy bolarlar. Biz hem onuň gan bahasyny töläp, bu aladadan dynarys”. Şeýtan hem bu pikiri halady we ony gyzgyn goldap, makullady.2
Müşrikler şeýle taýýarlyk görýärkäler, Jebraýyl aleýhisselam gelip, Resuly ekreme müşrikleriň kararyny habar berdi, şol gije öz ýerinde ýatmazlygy tabşyrdy we Allahu tagalanyň hijret baradaky buýrugyny-da bildirdi. Bu ylahy buýruk boýunça söýgüli Pygamberimiz hezreti Ala öz ýerinde ýatmagy, özüne goýlan amanatlary eýelerine gowşurmagy tabşyrdy we şeýle diýdi: “Şu gije meniň ýerimde ýatyp uka git, şu çäkmenimi-de üstüňe ýap! Gorkma, saňa hiç hili zyýan ýetmez”.
Hezreti Aly Pygamberimiziň buýruşy ýaly ýatdy. Ol wagt ol ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Habybullahyň ýerine hiç gorkman öz janyny pida etmäge taýýardy.
Hijret gijesi kapyrlar Resulullahyň bagtly öýüniň daşyny gabapdylar. Şol gije Ýäsin süresiniň ilkinji aýatlary indi. Pygamberimiz mübärek öýünden çykanda, olara seredip, Ýäsin süresiniň “Biz olaryň öňünden bir böwet, yzlaryndan hem bir böwet çekdik-de, olary örtdük, indi olar görmezler” diýen 9-njy aýaty kerimesini okady we ýerden bir owuç toprak alyp, kapyrlaryň başlaryna sepdi. (Bu toprak kimiň başyna degen bolsa, olaryň hemmesiniň Bedr söweşinde öldürilendigi rowaýat edilýär.) Resulullah sag-aman olaryň arasyndan geçip, hezreti Abu Bekiriň öýüne ýetdi. Müşrikleriň hiç biri ony görüp bilmedi.
“Eý Abu Bekir! Sabyr et. Umydym şol: Allahu tagala maňa-da rugsat berer. Bilelikde hijret ederis” Hadysy şerif
Biraz wagtdan soň müşrikleriň ýanyna biri gelip: “Bu ýerde nämä garaşýarsyňyz?” diýip soranda, olar: “Muhammediň öýden çykmagyna” diýip jogap berdiler. Ol gelen adam: “Kasam edýärin, Muhammet araňyzdan geçip gitdi, başyňyza-da toprak sepdi” diýdi. Müşrikler ellerini başlaryna äkitdiler. Hakykatdan hem, başlarynda toprak tapdylar. Ýüzlerindäki we başlaryndaky topragy süpürdiler. Derrew gapa topulyp, içeri girdiler. Resul aleýhisselamyň ýerinde hezreti Alyny görüp, Resuly ekremiň nirededigini soradylar.
Hezreti Aly: “Bilmeýärin! Meni onuň goragyna belläpmidiňiz?” diýdi. Şondan soň olar hezreti Alyny itekläp-urup ýençdiler. Kapyrlar Resulullahy tapmak üçin daşaryk çykyp, gözläp başladylar. Hezreti Alyny bolsa birnäçe wagt Käbäniň ýanynda tussag edip saklap, soňra goýberdiler.3
Soňra olar hezreti Abu Bekiriň öýüne baryp, onuň gyzy Esmadan soradylar. Ol jogap bermänsoň, ony urdular. Her ýeri gözlänlerine garamazdan, tapyp bilmediler we gaharlaryndan däli ýaly boldular. Olaryň iň gazaplysy bolan Abu Jehil Mekgede we onuň töwereginde jarçylara gygyrdyp, söýgüli Pygamberimizi we hezreti Abu Bekiri tapyp getirenlere ýa-da olaryň nirededigini habar berjeklere 100 düýe berjekdigini wada etdi. Onuň bu wadasyny eşiden we mala hyrs eden käbir adamlar ýaraglanyp, atlaryna münüp, gözlemäge girişdiler.
Resulullah hezreti Abu Bekiriň öýüne gelip: “Maňa hijret etmäge rugsat berildi” diýende, hezreti Abu Bekir Syddyk tolgunyp: “Mübärek aýagyňyzyň tozanyna ýüzümi süreýin, ýa Resulallah!.. Men hem siziň bilen bilelikdemi?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Hawa…” diýip jogap berdi. Hezreti Syddyk şatlygyndan aglady. Gözýaşlarynyň arasynda: “Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Düýeler taýýar. Haýsysyny isleseňiz, şony kabul ediň” diýdi. Älemleriň Soltany: “Meniňki bolmadyk düýä münmerin. (Diňe) pulunu töläp alaryn” diýdi. Bu kesgin buýrugyň öňünde mejbur bolan hezreti Syddyk düýäniň bahasyny aýtdy. Hezreti Abu Bekir ýolbeletligi bilen meşhur bolan Abdylla ibn Ureýkyt atly adamy çagyryp, ýol görkezmegi üçin hakyna tutdy we düýeleri üç günden soň Sewr dagyndaky gowaga getirmegi tabşyrdy.
Bigsetiň on üçünji ýylynda, Sapar aýynyň 27-sinde, penşenbe güni Pygamberimiz we Abu Bekir Syddyk ýanlaryna biraz azyk alyp, ýola çykdylar.
Hezreti Abu Bekir Resulullahyň töwereginde käte sagyna, käte çepine, käte öňüne, käte-de yzyna geçip barýardy. Pygamberimiz onuň näme üçin beýle edýändigini soranda, ol: “Töwerekden geljek bir howpuň öňüni almak üçin. Eger bir zyýan gelse, ilki maňa gelsin. Janym size pida bolsun, ýa Resulallah!” diýdi.
Älemiň serweri Pygamberimiz şeýle diýdi: “Eý Abu Bekir! Meniň başyma geljek bir musybatyň meniň ýerime seniň başyňa gelmegini isleýärmiň?” Hezreti Syddyk: “Hawa, ýa Resulallah! Seni hak din bilen, hak pygamber edip iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, geljek bir musybatyň seniň ýeriňe meniň başyma gelmegini isleýärin” diýdi.4
Söýgüli Pygamberimiziň aýakgaby dar bolany üçin ýolda ýyrtyldy, mübärek aýaklary ýaralandy we onuň ýöremäge-de haly galmady. Olar kynlyk bilen daga çykyp, gowaga ýetdiler. Gowagyň agzyna gelenlerinde, hezreti Abu Bekir: “Allahyň haky üçin, ýa Resulallah, içeri girmäň! Men gireýin, ol ýerde zyýanly bir zat bar bolsa, maňa degsin, mübärek janyňyza bir gaýgy, bir elem degmesin” diýdi-de, içeri girdi. Içerini süpürip arassalady. Onuň sagynda, çepinde uly-kiçi köp deşikler bardy. Ol çäkmenini ýyrtyp, deşikleri dykdy, ýöne biri açyk galdy. Ony hem ökjesi bilen ýapyp, Resulullahy içeri çagyrdy. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) içeri girdi we mübärek başyny Abu Bekiriň dyzyna goýup, uklady.
Şol wagt hezreti Syddygyň aýagyny ýylan çakdy. Resulullah oýanmasyn diýip, ol sabyr etdi we asla gymyldamady. Emma onuň gözýaşy Resulullahyň mübärek ýüzüne damanda, ol: “Näme boldy, eý Abu Bekir?” diýip sorady. Hezreti Abu Bekir: “Aýagym bilen ýapan deşigimden bir ýylan aýagymy çakdy” diýdi. Resulullah Abu Bekiriň ýarasyna gowulaşsyn diýip, mübärek agzynyň suwuny sürende, agyrysy derrew aýryldy we ol şypa tapdy.
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) bilen Abu Bekir Syddyk içerdekä, müşrikler yz yzarlap, gowagyň agzyna geldiler. Olar gowagyň agzyny bir möýüň örendigini we iki kepderiniň höwürtge gurandygyny gördüler. Yz yzarlaýjy Kürz ibn Alkama: “Ine, şu ýerde yz kesildi” diýdi. Kapyrlar: “Eger olar bu ýere giren bolsalar, gapynyň üstündäki möý tory ýyrtylan bolmalydy” diýdiler.
Käbirleri: “Şu ýere çenli geldik, biriňiz gowaga girip görsün!..” diýende, kapyr Umeýýe ibn Halef: “Siziň asla akylyňyz ýokmy? Üstünde gat-gat möý tory bolan şu gowakda näme işiňiz bar? Kasam edýärin, bu möý öz toruny Muhammet dogulmazdan öň örüpdir” diýdi.
Müşrikler gapynyň öňünde jedelleşýärkäler, içerde hezreti Abu Bekiri alada basdy we ol şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Allaha kasam, men özüm üçin gaýgy edemok. Ýöne size bir zat bolmagyndan gorkýaryn. Men öldürilsem, ýeke bir adam ölendir – hiç zat üýtgemez. Emma size bir zyýan ýetse, tutuş ymmat heläk bolar, din ýykylar”. Kainatyň Soltany Pygamberimiz: “Eý Abu Bekir! Gam çekme!.. Şübhesiz, Allahu tagala biziň bilendir” diýdi.
Abu Bekir Syddyk: “Ýa Resulallah! Janym saňa pida bolsun! Olardan biri başyny egip seretse, bizi görer!” diýende, Pygamberimiz: “Eý Abu Bekir! Biz şeýle iki adamdyrys, üçünjimiz Allahu tagaladyr. Gam çekme!.. Şübhesiz, Hak tagala biziň bilendir” diýdi. Müşrikler içeri seretmän yzlaryna dolandylar.5
Allahu tagala bu ýagdaýy Kurany Kerimde manysyna görä şeýle bildirýär: “Eger siz oňa (Habybyma) kömek etmeseňiz, (ýatlaň şol wagty:) kapyrlar ony (Mekgeden) ikiň ikinjisi edip (hezreti Abu Bekir bilen) çykaranlarynda, olar (Sewr dagynyň depesindäki) gowakda wagty, Allahu tagala oňa (Resulullaha) kömek edipdi. Şonda ol öz ýoldaşyna (Abu Bekir Syddyga): ‘Gam çekme, Allahu tagalanyň kömegi, nusraty, şübhesiz, biziň bilendir’ diýipdi. Allahu tagala onuň üstüne ýüreklere rahatlyk berýän sekinesini indiripdi, ony (Habybyny) siz görmedik (manawy) goşun bilen güýçlendiripdi (ony perişdeler bilen gorapdy), kapyrlaryň sözüni bolsa juda pes edipdi. Allahu tagalanyň (tewhit) sözi bolsa iň beýikdir (Ol Allah adyny tutuş jahana ýaýdy we höküm sürdürdi). Allahu tagala mutlak ýeňijidir. Ýeke-täk höküm we hikmet eýesidir”.6
“Allahyň haky üçin, ýa Resulallah, içeri girmäň! Men gireýin, ol ýerde zyýanly bir zat bar bolsa, maňa degsin, mübärek janyňyza bir gaýgy, bir elem degmesin” Abu Bekir Syddyk (radyýallahu anhu)
Söýgüli Pygamberimiz bilen hezreti Abu Bekir bu gowakda gijeli-gündizli üç gün galdylar. Hezreti Abu Bekiriň ogly Abdylla Mekgede eşidenlerini gije gowaga gelip habar berýärdi, onuň azat eden guly we sürüleriniň çopany Amyr ibn Fuheýre bolsa gijelerine süýt getirip, yzlary öçürýärdi.
Sewr gowagyndan dördünji gün, duşenbe gijesi, säher wagty çykan söýgüli Pygamberimiz Kaswa atly düýesine mündi. Bir rowaýata görä, ol yzyna hezreti Abu Bekiri hem mündürdi. Beýleki düýä bolsa Amyr ibn Fuheýre hezretleri bilen ýollary gowy bilýän Abdylla ibn Ureýkyt mündüler.
Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) Allahu tagalanyň öwen, şäherleriň iň gymmatlysy bolan Mekgeýi mükerremeden, öz watanyndan aýrylýardy. Ol düýesini Haremi şerife tarap öwrüp, gamgyn halda şeýle diýdi: “Allaha kasam! Sen Allahu tagalanyň ýaradan ýerleriniň iň haýyrlysy, Rebbimiň huzurynda iň söýgülisisiň! Senden çykarylmadyk bolsam, çykmazdym. Maňa senden owadan, senden söýgüli ýurt ýokdur. Kowmum meni senden çykarmadyk bolsa, çykmazdym, senden başga bir ýerde ýurt, höwürtge tutmazdym”.
Şol pursatda Jebraýyl aleýhisselam inip: “Ýa Resulallah! Watanyňy küýseýärmiň, ony sagyndyňmy?” diýdi. Pygamberimiz hem: “Hawa, küýseýärin!” diýip jogap berdi. Jebraýyl aleýhisselam ahyrynda onuň Mekgä dolanjakdygyny buşlaýan Kasas süresiniň 85-nji aýaty kerimesini okap, onuň mübärek göwnüne teselli berdi.
Ýolagçylyk asuda geçýärdi. Müşrikler her ýeri gözlänlerine garamazdan, olary tapyp bilmeýärdiler; Jenaby Hak Öz Habybyny olaryň ýamanlygyndan goraýardy. Resulullah Kudeýd diýilýän ýere gelende, sahylygy bilen meşhur, akylly, namysly Ummu Magbet atly bir aýalyň çadyrynyň öňünde durdy. Olar haky bilen azyk, hurma we et satyn almak islediler. Ummu Magbet: “Eger bar bolan bolsa, pul bilen däl, myhmançylyk berip, hezzet ederdim. Gytçylyk we eklenç kynçylygy sebäpli elimizde hiç zat galmady” diýdi. “Süýt barmy?” diýip soranlarynda, ol: “Ýok. Mallar gysyr” diýip jogap berdi. Kainatyň Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) çadyryň ýanynda duran bir horlanan goýny görkezip: “Eý Ummu Magbet! Bu goýun näme üçin bu ýerde daňylgy dur?” diýdi. Ol hem: “Ol örän näsag we gowşak bolandygy üçin sürüden galdy. Ysgyny bolmandygy üçin gidip bilmedi” diýdi. Pygamberimiz: “Onuň biraz bolsa-da süýdi barmy? Bu goýny sagmaga rugsat berersiňizmi?” diýip soranda, ol: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, onuň süýdi ýok, ýöne ony sagmagyňyza hiç zat päsgel bermez” diýdi.
Resulullah goýnuň ýanyna gelip, Allahu tagalanyň adyny zikir etdi. Bereket diläp doga edenden soň, mübärek elini goýnuň ýelnine sürdi. Şol pursatda ýelin süýde doldy we süýt akyp başlady. Derrew gap getirip, ony doldurdylar. Ol ilki ony Ummu Magbede berdi. Ummu Magbet içenden soň, hezreti Abu Bekire we beýlekilere berip, olaryň doýýança içmeklerini üpjün etdi. Iň soňunda özi içdi. Soňra mübärek elini ýene goýnuň ýelnine degrip sagdy we çadyrdaky iň uly gaby isledi. Ony hem doldurup, Ummu Magbede tabşyrdy. Rowaýata görä, ol goýun ýene on sekiz ýyl ýaşapdyr we olar älemiň buýsanjy Pygamberimiziň bereketi bilen irden-agşam onuň süýdi bilen eklenipdirler. Olar ol ýerden gidenden soň, Ummu Magbediň äri geldi we süýdi gördi. Begenip: “Bu süýt nireden geldi?” diýip soranda, Ummu Magbet: “Bir mübärek adam gelip, öýümizi şereflendirdi. Görýänleriň – onuň himmeti we bereketidir” diýdi. Äri: “Ony suratlandyryp bilermiň? Onuň sypatlary, keşbi nähili?” diýip sorady.
Ummu Magbet şeýle diýdi: “Meniň gören ol mübärek şahs örän kaddy-kamatly we güler ýüzlüdi. Gözlerinde azajyk gyzyllyk, sesinde mylaýymlyk bardy. Mübärek kirpikleri uzyndy. Gözüniň agy örän ak, garasy örän garady, gözleri tebigatdan sürmeli ýalydy. Saçy gara, sakgaly gürdi. Dymanda, onuň üstünde bir mertebe we agraslyk bardy. Gürlände ýylgyrýardy, sözleri edil düzülen dür-merjenler ýaly agzyndan süýji bolup dökülýärdi. Uzakdan örän heýbetli görünýärdi, ýakyna gelende bolsa örän süýji we özüne çekiji bolýardy. Onuň ýanyndakylar onuň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin jan-tenden ylgaşýardylar”. Şeýdip, ol onuň ýene-de köp gözel häsiýetlerini sanap berdi. Bulary haýran galyp diňlän äri: “Kasam edýärin, bu şahs – Kuraýşyň gözleýän adamy. Eger men oňa duşan bolsadym, onuň hyzmaty bilen şereflenerdim, ýanyndan aýrylmazdym” diýdi. Ummu Magbediň äri Resulullahyň yzyndan gidip, Rim jülgesinde oňa ýetdi we musulman boldy. Ol sahaba bolmak bilen şereflendi. Soňra Ummu Magbet hem musulman boldy.7
Suraka ibn Malik
Müşrikler Medinä tarap ýola çykan Muhammet aleýhisselamy we hezreti Abu Bekiri yzygiderli gözleýärdiler. Olary tapyp bilmeseler, özleri üçin örän uly howp ýüze çykjakdy. Sebäbi olar musulmanlaryň bir “Yslam döwleti” gurup, gysga wagtda özlerini ýok edip biljekdiklerini pikir edýärdiler. Şonuň üçin müşrikler bar zatlaryny orta goýdular. Pygamberimizi we hezreti Abu Bekiri öldüren ýa-da ýesir alan adama ýüz düýeden başga-da sansyz mal we pul berjekdiklerini wada etdiler. Bu habar Suraka ibn Malikiň degişli bolan Müdlij ogullarynyň arasynda-da ýaýrady.
Suraka ibn Malik yz yzarlamagyň ussadydy. Şonuň üçin ol bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklandy.
Bir sişenbe güni Müdlij ogullary Suraka ibn Malikiň ýaşaýan ýeri bolan Kudeýdde ýygnanypdylar. Ýygnakda Suraka ibn Malik hem bardy. Şol wagt Kuraýşyň adamlaryndan biri gelip: “Eý Suraka! Allaha kasam, men ýaňy deňiz kenaryna tarap barýan üç-dört adamlyk bir kerwen gördüm. Olar, megerem, Muhammet bilen onuň sahabalarydyr” diýdi. Suraka ýagdaýa düşündi. Emma ortada örän uly sylag goýlandygy üçin, ony ýeke özi almak isleýärdi. Şonuň üçin başga biriniň mundan habarly bolmagyny islemeýärdi. “Ýok, seniň gören adamlaryň – pylan-pylan adamlar. Olar biraz öň geçip gitdiler. Olary biz hem gördük” diýip, möhüm hiç zat ýok ýaly gürledi.
Suraka ibn Malik ýene biraz garaşdy. Ünsi çekmän öýüne geldi. Hyzmatkärine atyny we ýaragyny alyp, jülgäniň aňyrsynda özüne garaşmagy tabşyrdy. Özi hem naýzasyny alyp, onuň ýalpyldysy ünsi çekmez ýaly, ujuny aşak öwürdi. Atyny çapyp başlady. Ýoluny dowam edip, ahyrsoňy olaryň yzlaryny tapdy. Ol şeýle bir ýakynlaşdy welin, hatda Pygamberimiziň okaýan Kurany Kerimini hem eşidýärdi. Emma Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) yzyna asla gaňrylyp seretmeýärdi. Hezreti Abu Bekir yzyna seredende, Surakany görüp, howsala düşdi. Pygamberimiz oňa gowakdaky ýaly: “Gam çekme, Allahu tagala biziň bilendir” diýdi.
“(Eý Mekgeýi mükerreme!) Maňa senden owadan, senden söýgüli ýurt ýokdur. Kowmum meni senden çykarmadyk bolsa, çykmazdym, senden başga bir ýerde ýurt, höwürtge tutmazdym” Hadysy şerif
Buhary hezretleriniň rowaýatyna görä, şol wagt hezreti Abu Bekir Resuly ekreme bir atlynyň olary kowup ýetendigini habar berende, Pygamberimiz: “Ýa Rebbim! Ony ýykyp taşla!” diýip doga etdi. Başga bir rowaýatda, Suraka olaryň ýanyna golaý gelende, hezreti Abu Bekir aglap başlady. Resuly ekrem onuň näme üçin aglaýandygyny soranda, ol: “Allaha kasam, özüm üçin aglamok. Saňa bir zyýan ýetmeginden gorkup aglaýaryn” diýdi. Suraka Pygamberimize hüjüm edip biljek derejede ýakynlaşdy. Ol: “Eý Muhammet! Bu gün seni menden kim gorar?” diýdi. Älemiň serweri Pygamberimiz hem: “Meni Jebbar we Kahhar bolan Allahu tagala gorar” diýip jogap berdi. Şol pursatda Surakanyň aty iki öň aýagy bilen dyzyna çenli ýere çümdi. Ol mundan halas bolup, ýene hüjüm etmäge synanyşanda, atynyň aýaklary ýene ýere batdy. Suraka atyny näçe zor salsa-da, ony hiç hili halas edip bilmedi. Onuň başga edip biljek hiç zady galmady. Çäresiz galanda, ol mähir we merhemet eýesi bolan Resulullaha ýalbaryp başlady. Ähli kämillikleri we gözel ahlagy özünde jemlän, iň beýik ahlak we tebigat bilen ýaradylan Pygamberimiz onuň bu haýyşyny kabul etdi. Suraka: “Eý Muhammet! Seniň goralýandygyňa düşündim. Doga et-de, halas bolaýyn. Mundan beýläk saňa asla zyýan bermerin. Seniň yzyňa düşenlere-de sen barada hiç zat aýtmaryn” diýýärdi. Kainatyň Serweri: “Ýa Rebbim! Eger ol sözünde dogruçyl we ýürekden bolsa, atyny halas et” diýip doga edende, Allahu tagala bu dogany kabul etdi. Suraka ibn Malikiň aty diňe şu dogadan soň çukurdan çykyp bildi. Şol wagt atyň aýagynyň batan ýerinden asmana tarap tüsse ýaly bir zat göterilýärdi. Suraka haýran galdy we bu bolup geçenleriň hemmesinden Muhammet aleýhisselamyň hemişe goralýandygyna düşündi. Ol köp zatlara şaýat bolupdy. Ahyrynda ol şeýle diýdi: “Eý Muhammet! Men – Suraka ibn Malik! Menden asla şübhe etmäň. Size söz berýärin: mundan beýläk siziň halamajak hiç bir işiňizi etmerin. Kowmuň seni we ýoldaşlaryňy tutana köp sylag berjekdigini wada etdi”. Soňra ol Kuraýş müşrikleriniň näme etmek isleýändiklerini birin-birin gürrüň berdi. Hatda ol olara ýol azygy we münmek üçin düýe bermek islän hem bolsa, söýgüli Pygamberimiz kabul etmedi we oňa: “Eý Suraka! Sen yslam dinini kabul etmeýänçäň, men seniň düýäňi-de, sygryňy-da islemerin, soramaryn. Sen bizi görendigiňi gizlin sakla, şol ýeterlik” diýdi. Ibn Sagt bolsa şeýle rowaýat edýär: Suraka Pygamberimize: “Maňa isleýän zadyňy buýur” diýende, Resulullah: “Öz ýurduňda dur. Hiç kime bize ýetmäge ýol berme” diýdi. Allahu tagala isläninde her zat bolýardy. Oňa yhlas bilen bil baglap, Onuň razylygy ýolunda ýöräninde, akyl ýetmejek wakalar ýüze çykýardy. Resulullahy öldürip, uly sylaglara ýetmek hyrsy bilen arlap duran arslan keşbinde ýola çykan Suraka indi ýuwaş, ýumşak bir çaga ýalydy. Her zada gadyr bolan Allahu tagala Öz Habybyna zyýan bermezligi üçin Surakanyň ýüregini ýagşylyga tarap öwrüpdi. Elbetde, Allahu tagala Öz Habybyny (sallallahu aleýhi we sellem) ýalňyz goýmazdy. Sebäbi ol Onuň ynsanlara merhemet üçin, olaryň dünýäde-de, ahyretde-de ebedi sagadata (bagta) ýetmekleri üçin iberen söýgüli Pygamberidi. Mundan soň Suraka öz yzy bilen yzyna dolandy. Başyndan geçenleri duşan adamlaryna-da gürrüň bermedi.8
Kainatyň Soltany gelýär!
Pygamberimiz, hezreti Abu Bekir, Amyr ibn Fuheýre we olaryň ýolbeledi Abdylla ibn Ureýkyt bir hepde ýol ýöränlerinden soň, bigsetiň on üçünji ýylynda (milady 622-nji ýyl), sentýabr aýynyň ýigriminji güni, hijretiň birinji ýylynyň Rebiulewwel aýynyň sekizinji güni, duşenbe güni, çaşt wagty “Kuba” obasyna gelip ýetdiler. Olar Kulsum ibn Hidm atly bir musulmanyň öýünde myhman boldular. Resuly ekrem entek Medinä gelmänkä, ilkinji muhajyrlar Kubada Amr ibn Awf ogullaryna degişli bir hurma guradylýan ýeri namazgäha öwrüpdiler. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Kuba gelende, bu namazgähi giňeldip, ilkinji metjidi gurdy. Olar namazlaryny Kuba metjidinde okadylar. Kuba metjidi Toba süresiniň 108-nji aýaty kerimesinde manysyna görä “…binýady takwa üstünde gurlan metjit” diýlip öwüldi.9
Gije bilen gündiziň deňleşýän güni bolan sentýabryň ýigrimi üçünji gününi hem olar Kuba obasynda geçirdiler we Rebiulewwel aýynyň on ikinji güni, anna güni Medinä ugradylar. Öýle namazynyň wagty olar Medine bilen Kubanyň arasyndaky Ranona jülgesinde durdular. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) ilkinji anna namazyny şu ýerde okady we ilkinji hutbany hem şu ýerde okady.10 Şol gün hem olar Medinä gelip ýetdiler. (Soňra bu ýerde ilkinji anna namazynyň ýadygärligine “Mesjidi Juma” atly bir metjit guruldy.) Şol arada Mekgede galan hezreti Aly Resulullahyň Käbede hemişe oturýan ýerinde oturdy. “Resuly ekremde kimiň näme zady bar bolsa, gelsin-de alsyn” diýip jar çekdirdi. Her kes gelip, belgisini aýdyp, amanadyny aldy. Şeýdip, amanatlar eýelerine tabşyryldy. Allahyň arslany hezreti Aly Kuraýş kapyrlarynyň ýygnanýan ýerine bardy we: “Inşalla tagala, ertir Medineýi münewwerä gidýärin. Aýtjak bir zadyňyz barmy? Men şu ýerdekäm aýdyň” diýdi. Olaryň hemmesi başlaryny aşak salyp, hiç zat aýtmadylar. Ertir bolanda hezreti Aly Resuly ekremiň şahsy zatlaryny ýygnap, ýola düşdi. Kuraýşdan 4–5 adam onuň ýoluny kesen hem bolsa, ol olar bilen söweşip, ýeňiji çykdy. Soňra ýolda onuň öňünden Mikdat ibn Eswet çykdy. Ony hem bir urgy bilen ýere ýykyp, imana çagyrdy. Ol hem musulman boldy. Ýene ýola rowana bolup, çişen aýaklaryndan gan akýan ýagdaýda Kubada Resulullaha ýetdi. Gündizine gizlenip, gijelerine pyýada ýöreýän bu ýolagçylygyň ahyrynda ol Pygamberimiziň huzuryna baryp bilmejek ýagdaýa düşüpdi. Resuly ekrem muny eşidende, özi onuň ýanyna geldi. Hezreti Alyny görende, onuň halyna nebsi agyrdy, söýgüli, pidakär doganoglanyny gujaklady, mübärek elleri bilen onuň Hak ýolunda müňlerçe kynçylyga çydan näzik, nepis aýaklaryny sypady we onuň saglygy üçin doga etdi. Hatda hezreti Alynyň bu pidakärligi sebäpli manysy “Ynsanlaryň arasynda Allahu tagalanyň razylygy üçin öz janyny (özüni) pida edýänler bardyr” bolan aýaty kerimäniň inendigi rowaýat edilýär.1112
“Eý Suraka! Men häzir seniň Eýran şasynyň (kisranyň) bileziklerini dakynyp, guşagyny guşanyp, täjini geýeniňi gören ýaly bolýaryn!” Hadysy şerif
Medinä ondan öň hijret eden hormatly sahabalar we medineli musulmanlar Kainatyň Soltanynyň Mekgeden hijret üçin ýola çykandygyny eşidip, onuň gelmegine yhlas we tolgunma bilen garaşýardylar. Şonuň üçin olar Medineýi münewweräniň daş-töweregine gözegçiler goýup, şäherlerini şereflendirjek pursatynda Pygamberimizi garşylamak üçin jan atýardylar. Onuň söýgüsi bilen ýananlar gyzgyn çölüň suwa bolan hasraty ýaly, gözlerini gözýetime dikip, günlerboýy garaşdylar.
Ahyrsoňy birden: “Gelýärler! Gelýärler!..” diýen bir ses eşidildi. Sesi eşidenler yssy çölüň ortalaryna tarap göz aýlap başladylar. Hawa!.. Hawa!.. Olar hem gyzgyn çölde, günüň ýakyjy yssysyna garamazdan, olaryň uly heýbet bilen özlerine tarap golaýlaşyp gelýändiklerini gördüler. Şatlyk bilen biri-birlerine: “Buşluk!.. Buşluk!.. Resulullah gelýär!.. Pygamberimiz gelýär!.. Begeniň, eý medineliler! Baýram ediň! Habybullah gelýär!.. Başymyzyň täji gelýär!..” diýip gygyryp başladylar. Bu habar bir pursatda Medineýi münewweräniň köçelerini doldurdy. Ýedisinden ýetmişine çenli, garrysyndan näsagyna çenli her kes bu deňi görülmedik şatlykly habara garaşýardy.
Ähli medineliler iň owadan eşiklerini geýip, Älemleriň Serweriniň garşysyna ylgaşdylar. Tekbir sesleri asmany ýaňlandyrýardy, şatlykdan gözýaşlary sil ýaly akýardy. Gussa we bagta doly bir şemal öwüsýärdi, Medine öz taryhynyň iň gözel gününi başdan geçirýärdi. Bir tarapda – her kesiň “Emin” lakamy bilen tanaýan Allahu tagalanyň Habybyny öldürmek üçin onuň başyna sylag goýanlar; beýleki tarapda bolsa ony we onuň ýoldaşlaryny goramak, bagyrlaryna basmak we bu ugurda janlaryny pida etmek isleýänler bardy.
Medineliler söýgüli Pygamberimiziň nurly jemalyny mümkin boldugyça tiz görmek isleýärdiler. Medine Medine bolaly bäri beýle şatlykly, beýle mübärek bir pursaty görmändi. Bu – şol güne çenli bolmadyk bir baýramdy. Meňzeşi görülmedik we görülmejek bu baýramda çagalar, ýaşlar, ulular, bagtyýar ynsanlar ilkinji gezek bir wagtda, bir agyzdan şu goşgyny aýdýardylar:13
Talagal-bedru aleýna,
Üstümize dolan aý dogdy
Min seniýýatil-wedag,
Wedag depelerinden.
Wejebeş-şukru aleýna,
Şükür etmek bize wajyp boldy,
Ma dega lillahi dag.
Haka çagyryjy çagyrdygyça.
Eýýuhel-mebgusu fina,
Eý bize iberilen şahs,
Jigte bil-emril-mutag,
sen Allahyň buýrugyny (Emrullahy) getirdiň.
Jigte şerraftel-Medine,
Sen Medinäni şereflendirdiň,
Merhaben ýa haýra dag.
hoş geldiň, eý çagyryjylaryň iň haýyrlysy!
Ente şemsun, ente bedrun,
Sen – gün, sen – aý,
Ente nurun ala nur,
sen – nur üstünde nur,
Ente misbahus-Süreýýa,
sen – Ülker ýyldyzlarynyň şöhlesi,
Ýa Habybi, ýa Resul!
eý söýgülim, eý Resul!
Kad lebisna sewbe izzin,
Izzet-hormat bilen dolduk,
Bagde eswabir-rikag,
köneliklerden halas bolduk,
We radagna sedýe mejdin,
beýiklige gowuşyp, doýduk,
Bagde eýýamid-diýag.
zyýandadyk – peýda tapdyk.
Kalet ahmarud-deýaji,
Garaňkylygy dargadýan aý aýdýar:
Kulli erbabil-islam,
“Yslam ehline aýdyň:
Küllu men ýetbag Muhammed,
Muhammede (aleýhisselam) eýerene
Ýenbagy en la ýudam.
asla zulum etmäň”.
We tegahedna jemigan,
Biz hemmämiz bile söz berdik
Ýewme aksemnel-ýemin,
kasam edilen günde:
Len nehunel-ahde ýewmen,
dogruçyllyk – biziň ýolumyz,
Wettehaznes-sydka din.
dinde haýynlyk bolmaz.
Leste wallahi neziýýen,
Allaha kasam, unutmaryn,
Ma ýukasihil-ibad,
elemsiz bir gün hem ýokdy,
Meşheden ýa nejme emnin,
Sen – şaýat, eý amanlyk ýyldyzy:
Zu webain we widad.
wepaň, söýgiň juda köpdi.
“Hoş geldiň, ýa Resulallah”, “Bize myhman boluň, ýa Resulallah” diýen haýyşlar töweregi ýaňlandyrýardy. Medinäniň öňdebaryjy adamlaryndan käbirleri Kaswanyň owsaryndan tutup: “Ýa Resulallah! Bize myhman boluň…” diýip ýalbardylar. Şonda Pygamberimiz olara: “Düýämiň owsaryny goýberiň, ol buýruk alandyr. Kimiň öýüniň öňünde çökse, şol ýerde myhman bolaryn!” diýdi.
“Ynsanlaryň arasynda Allahu tagalanyň razylygy üçin öz janyny pida edýänler bardyr” Bakara: 207
Her kesi uly tolgunma we gyzyklanma gaplap aldy. Kaswa nirede çökerkä? Kaswa Medinäniň içine tarap barýardy, her gapynyň öňünden geçende öý eýeleri: “Ýa Resulallah! Bize myhman boluň, bize myhman boluň!” diýip ýalbarýardylar. Pygamberimiz olara ýylgyryp: “Düýäniň ýoluny açyň! Onuň nirä çökmelidigi oňa buýrulandyr” diýýärdi.
Ahyrsoňy Kaswa Pygamberimiziň häzirki mübärek metjidiniň gapysy ýerleşýän ýere çökdi. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) düýesinden düşmedi. Haýwan ýene ýerinden turup, ýöräp başlady. Soňra öňki ýerine çökdi we gaýdyp turmady. Şondan soň Pygamberimiz Kaswadan düşüp: “Inşalla, biziň düşlejek ýerimiz – şu ýer” diýdi, soňra: “Bu ýer kimiňki?” diýip sorady. Oňa: “Ýa Resulallah! Ol Amryň ogullary Suheýl bilen Sehliňki” diýip jogap berdiler. Bu çagalar ýetimdi. Pygamberimiz: “Garyndaşlarymyzyň haýsysynyň öýi bu ýere has ýakyn?” diýip sorady. Sebäbi Resulullahyň atasy Abdylmuttalybyň ejesi Nejjar ogullaryndandy. Halyt ibn Zeýd Abu Eýýup Ensary hezretleri begenip: “Ýa Resulallah! Meniň öýüm has ýakyn. Ine, şu meniň öýüm, ine, şu-da onuň gapysy” diýip, tolgunyp görkezdi. Ol Kaswanyň ýüküni düşürip, Resulullahy öýüne çagyrdy.14
Medineli musulmanlar we muhajyrlar Pygamberimiziň hijretine örän begendiler. Bu ýyla “Senetul-izin” diýilýär.
Hijret wagtynda göwünleriň dermany, ynsanlygyň başynyň täji, Allahu tagalanyň Habyby Pygamberimiz elli üç ýaşyndady.
NÄME BOLDY HALYMA?
Näme boldy halyma, ýa Resulallah?
Ýanýar janym-tenim, ýa Resulallah.
Pelpelleýän alaw, buhurdan kimin
yşkyň bilen tütän men, ýa Resulallah.
Hijranyňyň hasratyndan köp zamandyr
eräp-ýiten men, ýa Resulallah.
Sen Şahy Lewlaksyň, beýik gapyňda
boýnum büken men, ýa Resulallah.
Basan topragyňda güller açyldy,
men onda bir tiken, ýa Resulallah.
Abu Eýýup Ensary radyýallahu anhu
