AKABA BEÝGATLARY
Birinji Akaba beýgaty
Bigsetiň on birinji ýylynda, Zülhijje aýynda, Esgat ibn Zurara we onuň on bir ýoldaşy haj wagtynda ýene Mekgä geldiler. Älemleriň Serweri bilen öňki duşuşyklaryndan bäri doly bir ýyl geçipdi. Ol ýyl müşrikler musulmanlara öňki ýyllaryň hemmesindäkiden-de köp azar we jebir berýärdiler. Olar Resulullahy yzygiderli yzarlaýardylar, onuň bilen gürleşen her kese gynamalar berýärdiler. Mundan habarly bolan medineliler Pygamberimiz bilen gije Akabada duşuşmak barada söz alyşdylar. Gije düşende, olar duşuşdylar. Oňa wepalydyklaryny bildirip, onuň ähli buýruklaryna we isleglerine boýun boljakdyklaryna söz berip, beýgat etdiler. Bu ylalaşykda olar “Allahu tagala şärik goşmajakdyklaryna, zyna etmejekdiklerine, ogurlyk etmejekdiklerine, töhmetden gaça durjakdyklaryna, aýyplanmakdan we rysk aladasyndan gorkup çagalaryny öldürmejekdiklerine” borçnama berdiler.1
Söýgüli Pygamberimiz ikisi Ews taýpasyndan, galanlary Hazrej taýpasyndan bolan bu 12 kişini öz taýpalaryna wekil etdi. Olar taýpalaryna yslamy düşündirip, olaryň adyndan Resulullahyň öňünde kepil bolmalydylar. Esgat ibn Zurara bolsa olaryň hemmesiniň adyndan wekil bellenipdi. Geçen ýyl Akabadaky duşuşykda bolan 5 we yslamy täze kabul eden 7 kişi şulardy: Malik ibn Nejjar ogullaryndan Esgat ibn Zurara, Awf ibn Harys we Muaz ibn Harys; Zureýk ibn Amyr ogullaryndan Rafyg ibn Malik we Zekwan ibn Abdykaýs; Ganm ibn Awf ogullaryndan Ubade ibn Samyt; Gusaýna ogullaryndan Ýezit ibn Saglebe; Ajlan ibn Zeýd ogullaryndan Abbas ibn Ubade; Haram ibn Kagb ogullaryndan Ukbe ibn Amyr; Sewat ibn Ganm ogullaryndan Kutbe ibn Amyr; Abdyleşhel ibn Jüşem ogullaryndan Abul-Heýsem Malik ibn Teýýihan we Amr ibn Awf ogullaryndan Uweým ibn Sagyde.
Medinede dogan gün
Birinji Akaba beýgatyndan (ylalaşygyndan) soň Medinä dolanan hezreti Esgat ibn Zurara we onuň ýoldaşlary gije-gündiz öz taýpalaryna yslamy düşündirip, olary hak dine çagyrdylar. Bu çagyryşyň netijesinde yslam Medinede çalt ýaýrap başlady. Hatda mundan öň biri-birine duşman bolan Ews we Hazrej taýpalary birleşip, yslamy has gowy öwrenmek üçin Resulullahdan bir mugallym sorapdylar. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) hem Kurany Kerimi we yslamy öwretmek üçin Mekgedäki sahabalaryndan hezreti Musgap ibn Umeýri mugallym edip Medinä iberdi. Hezreti Musgap hezreti Esgadyň öýünde düşledi. Olar bilelikde öýme-öý aýlanyp, her kese yslamy eşitdirdiler. Adamlardan Resulullahy söýmeklerini we ony ähli duşmanlaryndan goramak üçin jan-tenden çalyşjakdyklaryna söz bermeklerini islediler. Şeýdip, olary Resulullah bilen boljak beýgata taýýarladylar. Esgat ibn Zurara hezretleriniň taýpa baştutany Sagt ibn Muazdy, olar garyndaşdylar. Ol wagt araplaryň arasynda garyndaşy kemsitmekden gaça durmak däp bolandygy üçin, entek iman getirmedik Sagt ibn Muaz Esgat ibn Zurara hezretleriniň öýüne baryp, bu işiň öňüni almaga synanyşmady. Ol bir taýpa baştutany hökmünde bu işe özi gatyşmak islemeýärdi. Şonuň üçin ol taýpasynyň öňdebaryjy adamlaryndan Useýt ibn Hudaýra şeýle diýdi: “Biziň ýaşaýan ýerimize bar, gelen ol adamy gör, näme etjek bolsaň et. Esgat meniň daýzamyň ogly bolmadyk bolsa, bu işi saňa tabşyrmazdym”.
Şondan soň Useýt ibn Hudaýr naýzasyny alyp, hezreti Musgap ibn Umeýriň bolýan öýüne gitdi. Ol ýere baranda, gazap bilen gürläp başlady: “Bize näme üçin geldiňiz? Adamlary aldaýarsyňyz! Janyňyzdan jyda düşesiňiz gelmeýän bolsa, derrew bu ýerden gidiň!” Onuň bu gazaply halyny gören Musgap ibn Umeýr örän ýumşak we mylaýym jogap berdi: “Hany, ilki biraz otur, sözümizi diňle! Maksadymyza düşün, halasaň, kabul edersiň. Ýogsa bize päsgel berersiň…” Useýt köşeşip: “Dogry aýtdyň” diýdi we naýzasyny ýere sünjüp oturdy. Ol hezreti Musgabyň süýji gürrüňini, adamyň ýüregine ornaýan sözlerini we ýakymly sesi bilen okan Kurany Kerim aýatlaryny diňledi. Haýran galyp: “Bu nähili gözel zat!” diýdi. Soňra: “Bu dine girmek üçin näme etmeli?” diýip sorady. Oňa düşündirdiler we Useýt ibn Hudaýr kelimeýi şahadaty aýdyp, musulman boldy. Şatlygyndan ýerinde durup bilmeýän hezreti Useýt: “Men gidip, size birini ibereýin. Eger ol musulman bolsa, Medinede onuň kowmundan iman getirmedik hiç kim galmaz…” diýdi-de, howlukmaç turup gitdi. Ol göni Sagt ibn Muazyň ýanyna bardy. Sagt ibn Muaz ony görende: “Kasam edýärin, Useýt bu ýerden giden ýüzi bilen gelenok” diýdi. Soňra: “Näme etdiň, eý Useýt?” diýip sorady. Hezreti Useýt ibn Hudaýr Sagt ibn Muazyň musulman bolmagyny örän isleýändigi üçin şeýle jogap berdi: “Ol adam (Musgap ibn Umeýr) bilen gürleşdim, olaryň hiç bir ýamanlygyny görmedim. Ýöne şeýle bir habar eşitdik: Beni Harysa ogullary seniň daýzaňyň ogly Esgadyň öýünde beýle bir adamy saklaýandygyndan şübhelenip, ony öldürmek üçin herekete geçipdirler”. Bu sözler Sagt ibn Muaza gaty agyr degdi. Sebäbi birnäçe ýyl ozal bolan bir söweşde olar Beni Harysa ogullaryny ýeňip, Haýbere gaçyp sygynmaga mejbur edipdiler. Bir ýyldan soň bolsa olary bagyşlap, öz ýurtlaryna dolanmaga rugsat beripdiler. Muňa garamazdan, olaryň beýle bir hereket edýändikleri baradaky pikir Sagt ibn Muazyň gaharyny joşdurypdy. Aslynda bolsa beýle bir ýagdaý ýokdy. Useýt ibn Hudaýr bu hilä ýüz urup, Sagt ibn Muazyň öz daýzasyna we onuň ogly Esgat ibn Zurara, şeýlelikde Musgap ibn Umeýre-de zyýan ýetirmeginiň öňüni almak isläpdi. Şeýdip, ol Sagdyň olaryň tarapyna geçmegine we ahyrynda musulman bolmagyna zemin taýýarlady. Useýt ibn Hudaýryň bu sözlerinden soň Sagt ibn Muaz ýerinden böküp turup, hezreti Esgat ibn Zuraranyň ýanyna gitdi. Ol ýere baranda, Esgat bilen Musgap ibn Umeýriň örän rahat we asuda oturyp, söhbet edýändiklerini gördi. Olaryň ýanyna ýakynlaşyp: “Eý Esgat! Aramyzda garyndaşlyk bolmadyk bolsa, sen bulary edip bilmezdiň…” diýdi. Bu sözlere hezreti Musgap ibn Umeýr şeýle jogap berdi: “Eý Sagt! Biraz dur, otur, bizi diňle, düşün… Sözlerimiz göwnüňe ýarasa, has gowy, halamasaň, muny saňa teklip etmeris, sen hem turup gidersiň!” Bu mylaýym we süýji sözlerden soň Sagt ibn Muaz köşeşip, bir gyra oturdy we olary diňläp başlady. Musgap ibn Umeýr hezretleri Sagt ibn Muaza ilki yslamy gürrüň berdi. Yslamyň esaslaryny düşündirdi. Soňra süýji we owadan sesi bilen Kurany Kerimden biraz okady. Ol okadygyça, Sagt ibn Muazyň haly üýtgeýärdi, ol özüni unudyp diňleýärdi. Kurany Kerimiň deňsiz-taýsyz belagaty öňünde onuň ýüregi ýumşady we ol uly täsir astynda galdy. Özüni saklap bilmän: “Siz bu dine girmek üçin näme edýärsiňiz?” diýip sorady. Musgap ibn Umeýr derrew oňa kelimeýi şahadaty öwretdi. Ol hem “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýip, musulman boldy. Musulman bolmakdan duýan rahatlygyndan we şatlygyndan Sagt ibn Muaz ýerinde durup bilmeýärdi. Ol derrew öýüne gidip, öwredilişi ýaly gusul aldy. Soňra kowmunyň ýygnanmagyny isledi. Useýt ibn Hudaýry ýanyna alyp, halkyň ýygnanan ýerine bardy. Abdyleşhel ogullaryna ýüzlenip: “Eý Abdyleşhel ogullary! Siz meni nähili adam hökmünde tanaýarsyňyz?” diýip sorady. Olar bir agyzdan: “Sen biziň baştutanymyz we ulumyzsyň, biz saňa eýerýäris!” diýip jogap berdiler. Olaryň bu sözlerinden soň Sagt ibn Muaz şeýle diýdi: “Onda hemmäňize habar berýärin: men musulman bolmak bilen şereflendim. Siziň hem Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getirmegiňizi isleýärin. Eger iman getirmeseňiz, siziň hiç biriňiz bilen gürleşmerin, görüşmerin!..”
“Onda hemmäňize habar berýärin: men musulman bolmak bilen şereflendim. Siziň hem Allahu tagala we Onuň Resulyna iman getirmegiňizi isleýärin” Sagt ibn Muaz (radyýallahu anhu)
Senetus-surur (Şatlyk ýyly)
Abdyleşhel ogullary baştutanlary Sagt ibn Muazyň musulman bolandygyny we olary hem yslama çagyrandygyny eşiden badyna, hemmesi bilelikde musulman boldular. Şol gün agşama çenli Medinäniň asmanyny kelimeýi şahadat we tekbir sesleri bilen ýaňlandyrdylar.2 Abdyleşhel ogullarynyň toparlaýyn musulman bolmagyndan gysga wagt soň, tutuş Medine halky – Ews we Hazrej taýpalary hem yslamy kabul etdi. Her öý yslamyň nury bilen ýagtyldy. Sagt ibn Muaz we Useýt ibn Hudaýr öz taýpalaryna degişli ähli butlary döwdüler. Bu ýagdaý söýgüli Pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) habar berlende, ol örän begendi. Mekgedäki musulmanlar şatlyk içindedi. Şonuň üçin bu ýyla (milady 621) “Senetus-surur” (şatlyk ýyly) diýildi.
Essalatu wesselamu aleýke ýa Resulallah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Habyballah!
Essalatu wesselamu aleýke ýa Seýýidel-ewweline wel-ahyrin!
Ikinji Akaba beýgaty
Bigsetiň on ikinji ýylynda Mekge müşrikleriniň musulmanlara edýän zulmy soňky çägine ýetip, çydap bolmajak derejä geldi. Medinede bolsa Esgat ibn Zurara bilen Musgap ibn Umeýriň hyzmatlary sebäpli Ews we Hazrej adamlary musulmanlara gujak açmaga, olary bagryna basyp, olaryň ugrunda her hili pidakärlige taýýar bolmaga yşk we höwes bilen ýanýardylar. Olar Resulullahyň mümkin boldugyça tizräk Medinä gelip, şäherlerini şereflendirmegini arzuw edýärdiler we onuň ugrunda mallaryny-da, janlaryny-da gaýgyrmajakdyklaryna söz berýärdiler. Haj wagty gelipdi. Zülhijje aýynda Musgap ibn Umeýr bilen bilelikde medineli 73 erkek we 2 aýal musulman Mekgä geldi. Hajdan soň olaryň hemmesi ýene Akabada Pygamberimiz bilen duşuşdy. Esgat ibn Zurara hem içinde bolan 12 wekil öz taýpalarynyň adyndan Pygamberimiziň Medinä hijret etmegini haýyş we teklip etdiler. Resulullah olara Kurany Kerimden käbir aýaty kerimeleri okandan soň, öz janlaryny, maşgalalaryny we çagalaryny nähili gorap, olara nähili seredýän bolsalar, ony hem şeýle gorajakdyklaryna ynandyrmak üçin olardan berk söz isledi. Entek musulman bolmadyk, Resulullahyň kakasynyň dogany hezreti Abbas hem şol ýerdedi. Ol beýgat etmäge gelen bu jemagata şeýle ýüzlendi: “Eý medineliler! Bu – meniň doganymyň ogly. Adamlaryň arasynda iň köp söýýänim hem şol. Eger siz ony tassyklap, onuň Allahdan getirenlerine ynanýan we ony ýanyňyz bilen alyp gitmek isleýän bolsaňyz, meni kanagatlandyrjak berk bir söz bermelisiňiz. Bilşiňiz ýaly, Muhammet aleýhisselam bizdendir. Biz ony oňa ynanmaýan adamlardan goradyk. Ol biziň aramyzda izzet we hormat bilen goralyp ýaşaýar. Bularyň hemmesine garamazdan, ol hemmeden ýüz öwrüp, size goşulmaga we siziň bilen gitmäge karar berdi. Ähli arap taýpalary birleşip, size hüjüm edende, olara garşy durmaga ýeterlik söweş güýjüňiz bar bolsa, bu işe girişiň. Bu meseläni hem öz araňyzda gowy maslahatlaşyň, soňra agzalalyga düşmäň. Beren sözüňizde durup, ony duşmanlaryndan gorap bilersiňizmi? Muny mynasyp ýagdaýda ýerine ýetirip bilseňiz, has gowy. Ýok, Mekgeden çykandan soň ony ýalňyz goýjak bolsaňyz, häzirden ýüz öwrüň, goý, ol öz ýurdunda hormat bilen goralyp ýaşasyn”. Hezreti Abbasyň bu sözlerine medineli musulmanlar gynandylar. Resulullahy (sallallahu aleýhi we sellem) öz ýurtlaryna alyp gidenlerinde, ony müşriklerden gorap bilmejek, kyn güne düşende ony taşlap gitjek ýaly bir söz eşiden ýalydylar. Medineli sahabalardan Esgat ibn Zurara hezretleri Pygamberimize ýüzlenip: “Ýa Resulallah! Rugsat berseňiz, birnäçe sözüm bar. Ony size aýdaýyn” diýdi. Kainatyň buýsanjy Pygamberimiz rugsat berende, hezreti Esgat şeýle diýdi: “Ejem-kakam saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Her çagyryşyň ýumşak ýa-da gaty bir ýoly, usuly bardyr. Häzir siz bizi adamlaryň kabul etmegi örän kyn bolan bir zada çagyrýarsyňyz. Sebäbi adamlaryň gadymdan bäri çokunyp gelen butlaryny taşlap, yslamy kabul etmegi örän kyndyr. Muňa garamazdan, biz yslamy bütin ýüregimiz bilen kabul etdik. Ýene-de siz bize müşrik garyndaşlarymyz bilen aragatnaşygy kesmegi buýurdyňyz, biz ony hem yhlas bilen kabul etdik. Bilýärsiňiz, muny kabul etmek hem örän kyndyr. Hatda kakaňyzyň doganlary hem duşman kesilip goramadyk size gujak açyp, bu şerefli wezipäni özümize wajyp we zerur bildik. Biz hemmämiz bu sözlerimizde agzybirdiris. Dilimiz bilen näme aýdýan bolsak, ýüregimiz bilen ony tassyklaýarys. Öz maşgalamyzy, çagalarymyzy nähili goraýan bolsak, mübärek bedeniňizi hem ganymyzyň soňky damjasyna çenli gorajakdygymyza kasam edýäris. Eger bu ähtimizi bozsak, Allahu tagalanyň öňünde beren sözümizde durman, betbagtlaryň toparyna goşulaly. Ýa Resulallah! Biz bu sözümizde wepalydyrys. Allahu tagala şowlusyny bersin!” Soňra ol sözüni şeýle dowam etdi: “Ýa Resulallah! Bizden özüňiz üçin isleýän kepilligiňizi alyp, şert goýup bilersiňiz”.
Pygamberimiz olary yslama höweslendirdi we Kurany Kerim okady. Soňra şeýle diýdi: “Rebbim üçin sizden şertim – Allahu tagala ybadat etmegiňiz we Oňa hiç zady şärik goşmazlygyňyzdyr. Özüm we sahabalarym üçin şertim bolsa – bizi öz ýanyňyzda ýerleşdirmegiňiz, maňa we sahabalaryma kömekçi bolmagyňyz, özüňizi nämeden goraýan we gorap saklaýan bolsaňyz, bizi hem ondan goramagyňyzdyr”.
Bera ibn Magrur: “Seni hak din we kitap bilen pygamber edip iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, maşgalalarymyzy, çagalarymyzy goraýşymyz ýaly, seni hem gorarys! Biziň bilen beýgatlaş, ýa Resulallah!” diýdi. Medineli musulmanlardan Abbas ibn Ubade Pygamberimiz bilen baglaşylan ylalaşygy berkitmek üçin ýoldaşlaryna: “Eý hazrejliler! Muhammet aleýhisselamy näme üçin kabul edýändigiňizi bilýärsiňizmi?” diýdi. Olar hem: “Hawa” diýip jogap berdiler. Şondan soň ol şeýle diýdi: “Siz ony hem parahatçylyk, hem söweş döwürleri üçin kabul edip, oňa eýerýärsiňiz. Eger mallaryňyza bir zyýan ýetende, garyndaşlaryňyz we ýakynlaryňyz heläk bolanda, Pygamberimizi ýalňyz we kömeksiz goýjak bolsaňyz, muny häzirden ediň. Allaha kasam, eger beýle bir iş etseňiz, dünýäde-de, ahyretde-de heläk bolarsyňyz! Eger onuň çagyrýan işinde mallaryňyzyň gitmegine we ýakyn garyndaşlaryňyzyň öldürilmegine garamazdan, oňa wepaly bolup biljekdigiňize akylyňyz ýetýän bolsa, ony tutuň. Allaha kasam, bu siziň dünýäňiz üçin-de, ahyretiňiz üçin-de haýyrlydyr”. Şonda ýoldaşlary: “Mallarymyz zyýan çekse-de, ýakynlarymyz öldürilse-de, biz Pygamberimizden ýüz öwürmeris. Ondan hiç haçan aýrylmarys. Ölmek bar, dänmek ýok!” diýdiler.
“Eger bu ähtimizi bozsak, Allahu tagalanyň öňünde beren sözümizde durman, betbagtlaryň toparyna goşulaly. Ýa Resulallah! Biz bu sözümizde wepalydyrys. Allahu tagala şowlusyny bersin!” Esgat ibn Zurara (radyýallahu anhu)
Soňra olar Pygamberimize ýüzlenip: “Ýa Resulallah! Biz bu ähtimizi ýerine ýetirsek, bize näme bar?” diýip soradylar. Şonda söýgüli Pygamberimiz: “Allahu tagalanyň razy bolmagy we jennet bar!” diýdi. Olaryň her biri öz kowmunyň wekili, ynamdar adamy hökmünde söz berdi. Ilki bilen hezreti Esgat ibn Zurara: “Men Allahu tagala we Onuň Resulyna beren sözümi ýerine ýetirmäge, janym we malym bilen oňa kömek etmek baradaky wadamy amala aşyrmaga beýgat edýärin” diýip, elleşip görüşdi. Onuň yzyndan her biri şeýdip beýgat etdi we: “Allahu tagalanyň we Onuň Resulynyň çagyryşyny kabul etdik, eşitdik we boýun egdik” diýip, öz razylyklaryny we boýun egýändiklerini bildirdiler. Şeýdip, olar Resulullahyň ugrunda janlaryny we mallaryny ikirjiňlenmän orta goýdular. Aýallar bilen beýgat diňe söz bilen boldy. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) olardan “Allahu tagala hiç zady şärik goşmazlyk, ogurlyk etmezlik, töhmet atmazlyk we zyna etmezlik, çagalaryny öldürmezlik, ýalan sözlemezlik, haýyrly işlere garşy çykmazlyk…” barada söz aldy. Medineliler Pygamberimize beýgat edýän wagty Akaba depesinden bir ses: “Eý Minada düşläp ýatanlar! Pygamber bilen medineli musulmanlar siziň bilen söweşmek üçin ylalaşdylar!” diýip gygyrdy. Pygamberimiz bu ses barada: “Bu – Akabanyň şeýtanydyr” diýdi, gygyrana bolsa: “Eý Allahu tagalanyň duşmany! Seniň hem hakyňdan gelerin!” diýdi. Beýgat eden medinelilere bolsa: “Siz häzir öz düşelgeleriňize dolanyň” diýdi. Abbas ibn Ubade: “Ýa Resulallah! Kasam edýärin, eger isleseň, ertir irden Minadaky kapyrlaryň üstüne ýöriş edip, olaryň hemmesini gylyçdan geçireris” diýdi. Pygamberimiz muňa begendi, ýöne: “Bize entek beýle hereket etmek buýrulmady. Häzirlikçe ýerleriňize dolanyň” diýdi. Imam Nesaýynyň Abdylla ibn Abbasdan rowaýatyna görä, ensarlardan Akaba beýgatynda bolanlar Resulullahyň ýanyna gelmekleri bilen muhajyrlardan hem boldular.3
Serwi tekepbirlik edýär, gumrynyň zaryna gulak asmaz,
tä suw onuň aýagyna ýykylyp ýalbarmasa.
Gül bilbiliň ganyny içmek isleýär hile bilen,
tä suw gül şahasynyň tebigatyna girip, halas etmese.
Suw öz päk tebigatyny älem ehline aýan etdi,
Ahmedi Muhtaryň ýoluna eýerdi ol suw.
Adam ogullarynyň seýidi, saýlanan dür-merjen deňzi,
onuň mugjyzalary zalymlaryň oduna boldy suw.
Pygamberlik gülzarynyň röwnagyny täzelemek üçin,
mugjyzasy bilen gaty gaýadan çykardy ol suw.
Onuň mugjyzasy – älemde çäksiz bir deňiz,
ondan kapyrlaryň ojagyna hem baryp ýetdi suw.
Muny eşiden haýran galyp, barmagyny dişlär:
agyr günde ensarlara barmaklaryndan berdi ol suw.
