MIRAJ
Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) haj üçin gelenlere-de, Mekgä we bazarlara söwda üçin gelenlere-de – gören her bir adama we her bir taýpa yslamy düşündirdi. Özüni goramaklaryny we ynsanlara yslamy ýetirmekde kömekçi bolmaklaryny sorady. Emma hiç kim ne musulman boldy, ne-de ony goramaga ýykgyn etdi. Üstesine, kemsitdiler, zulum etdiler, sütem etdiler, masgaraladylar we ýalana çykardylar. Älemleriň Serweri örän ýadaw, aç, suwsuz, gaýgyly we gaty gamgyndy. Gündizleri şeýle geçýärdi, bu ýagdaý giçki gijä çenli dowam edýärdi. Mekgeli müşrikler hemişe onuň yzyndan ýöreýärdiler, Käbäni zyýarat etmäge gelen ynsanlaryň musulman bolmagyna päsgel berişleri ýaly, Habyby ekreme zulum etmekden hem el çekmeýärdiler. Indi Resulullah üçin gitmäge ýer galmandy. Her tarap duşmandy. Mekgede birnäçe aý örän kyn geçdi.
Mübärek Rejep aýynyň 27-nji gijesi ol göni kakasynyň dogany Abu Talybyň gyzy Ummu Hanynyň Abu Talybyň mähellesindäki öýüne geldi. Ummu Hany ol wagt entek iman getirmändi. Ol: “Bu kim?” diýende, Resulullah: “Men – doganoglanyň Muhammet. Kabul etseň, saňa myhman geldim” diýdi.
Ummu Hany: “Seniň ýaly dogry sözli, ynamdar, asylly, şerefli myhmana jan gurban bolsun. Ýöne geljegiňizi öňünden habar beren bolsaňyz, bir zatlar taýýarlardym. Häzir iýdirer ýaly hiç zadym ýok” diýdi. Resulullah: “Iýmäge-içmäge zat islemeýärin. Olaryň hiç birine göwnüm ýok. Rebbime ybadat etmek, ýalbarmak üçin bir ýer maňa ýeterlikdir” diýdi.
Ummu Hany söýgüli Pygamberimizi içeri alyp, oňa bir gamyş düşek, bir legen we bir aftaba berdi. Gelen myhmany hormatlamak, ony duşmandan goramak araplar üçin iň şerefli wezipe hasaplanardy. Öýdäki myhmana zyýan ýetmegi öý eýesi üçin uly masgaraçylykdy. Ummu Hany: “Onuň Mekgede duşmanlary köp. Hatda ony öldürmek isleýänler hem bar. Abraýymy goramak üçin, ertire çenli oňa göz-gulak bolaýyn” diýip pikir etdi. Kakasynyň gylyjyny alyp, öýüň daşynda aýlanyp başlady. Resulullah şol gün gaty ynjydylypdy. Ol täret alyp, Rebbine ýalbarmaga, bagyşlanmak dilemäge, bendeleriň iman getirip, bagta ýetmekleri üçin doga etmäge başlady. Ol örän ýadaw, aç we gaýgylydy. Düşegiň üstüne uzanan badyna uklap galdy.
Şol pursat Allahu tagala Jebraýyl aleýhisselama şeýle diýdi: “Söýgüli Pygamberimi gaty gynandyrdym. Onuň mübärek bedenini, näzik ýüregini gaty ynjytdym. Şu ýagdaýda-da ol ýene Maňa ýalbarýar. Menden başga hiç zat hakynda pikir etmeýär. Git, Habybymy getir! Oňa jennetimi, dowzahymy görkez. Oňa we ony söýýänlere taýýarlan nygmatlarymy görsün. Oňa ynanmaýanlara, sözleri, ýazgylary we hereketleri bilen ony ynjydýanlara taýýarlan azaplarymy görsün. Oňa Men Özüm teselli bererin. Onuň näzik ýüreginiň ýaralaryny Men Özüm sararyn”.
Jebraýyl aleýhisselam Resulullahyň ýanyna gelende, onuň süýji ukuda ýatandygyny gördi.
Ony oýarmaga dözmedi. Ol ynsan keşbindedi. Onuň mübärek aýagynyň dabanyny ogşady. Jebraýylyň ýüregi-de, gany-da bolmanlygy sebäpli, onuň sowuk dodaklary Resulullahy oýardy. Pygamberimiz Jebraýyl aleýhisselamy derrew tanady we Rebbi özünden gaharlanandyr öýdüp gaty gorkup, şeýle diýdi: “Eý doganym Jebraýyl! Beýle biwagt näme üçin geldiň? Ýa men bir ýalňyşlyk etdimmi? Rebbimi gaharlandyrdymmy? Ýa-da maňa ajy bir habar getirdiňmi?”
“Iýmäge-içmäge zat islemeýärin. Olaryň hiç birine göwnüm ýok. Rebbime ybadat etmek, ýalbarmak üçin bir ýer maňa ýeterlikdir” Hadysy şerif
Jebraýyl aleýhisselam şeýle diýdi: “Eý ähli ýaradylanlaryň iň beýigi! Eý Ýaradanyň söýgülisi, eý pygamberleriň serweri, ýagşylyklaryň çeşmesi, artykmaçlyklaryň gözbaşy bolan şerefli we beýik Pygamber! Rebbiň saňa salam iberýär we seni Öz ýanyna çagyrýar. Tur, gideliň”. Söýgüli Pygamberimiz täret aldy. Jebraýyl aleýhisselam Resulullahyň mübärek başyna nurdan bir selle goýdy, egnine nurdan bir lybas geýdirdi, mübärek biline ýakutdan bir guşak guşady. Mübärek eline dört ýüz merjen bilen bezelen zümerretden bir hasa berdi. Her merjen Çolpan ýyldyzy ýaly ýalpyldaýardy. Mübärek aýaklaryna ýaşyl zümerretden kowuş geýdirdi.
Soňra eli-ele tutuşyp, Käbä geldiler. Bu ýerde Jebraýyl aleýhisselam söýgüli Pygamberimiziň mübärek göwsüni ýardy. Ýüregini çykaryp, ony zemzem suwy bilen ýuwdy. Soňra hikmetden we imandan doly bir käse getirip, ony ýüregine boşatdy we göwsüni ýapdy.
Ilkinji gyblamyz Mesjidul-Aksa / Iýerusalim
Soňra Jebraýyl aleýhisselam jennetden getiren Burak atly ak haýwany görkezip: “Ýa Resulallah! Muňa mün! Ähli perişdeler seniň ýoluňa garaşýarlar” diýdi. Şol wagt Pygamberimizi bir gam basdy we ol pikire batdy. Şol pursat Allahu tagala Jebraýyl aleýhisselama: “Eý Jebraýyl! Sora! Habybym näme üçin gamgyn?” diýip ýüzlenende, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle jogap berdi: “Men şeýle hormat-sylag gördüm. Göwnüme geldi: kyýamat güni ejiz ymmatymyň ýagdaýy nähili bolar? Elli müň ýyl Arasat meýdanynda pyýada durup, şunça günäleriniň agyrlygyny nädip çekerler we otuz müň ýyllyk ýol bolan Syraty nädip geçerler?” Şonda ylahy perman geldi: “Eý Habybym! Göwnüňi hoş tut. Seniň ymmatyň üçin elli müň ýyllyk wagty bir pursat ýaly ederin. Gaýgy etme!”
Pygamberimiz Buraga mündi. Burak örän çalt gidýärdi, bir ädiminde gözüň gören ýeriniň-de aňyrsyna ýetýärdi. Ýolda Jebraýyl aleýhisselam söýgüli Pygamberimize käbir düşelgelerde düşüp, namaz okamagy aýtdy. Älemleriň Serweri şondan soň jemi üç gezek düşüp, namaz okady. Soňra Jebraýyl aleýhisselam ondan namaz okan ýerlerini bilýänmi-bilmeýänmi diýip sorady. Jogabyny özi berip, ilkinji düşen ýeriniň Medinedigini we Pygamberimiziň bu şähere hijret etjekdigini habar berdi. Galan ýerleriň biriniň hezreti Musanyň Allahu tagala bilen ugursyz we näbelli bir görnüşde gürleşen Tury Sina dagydygyny, soňkusynyň bolsa Isa aleýhisselamyň doglan ýeri Beýtul-Lahmdygyny hem habar berdi. Soňra olar Iýerusalimdäki Mesjidul-Aksa geldiler.
Mesjidul-Aksada Jebraýyl aleýhisselam barmagy bilen bir gaýany deşip, Buragy oňa baglady. Ol ýerde geçmiş pygamberleriň käbiriniň ruhlary ynsan keşbinde ýygnanypdy. Jemagat bolup namaz okamak üçin Adam, Nuh we Ybraýym pygamberlere (aleýhimusselam) nobatma-nobat imam bolmak teklip edildi. Olar ötünç sorap, kabul etmediler. Jebraýyl: “Sen barka, başgasy imam bolup bilmez” diýip, Habybullahy öňe çykardy.
Pygamberimiz pygamberlere imam bolup, iki rekagat namaz okatdy. Mundan soň bolan wakany ol şeýle gürrüň berdi: “Jebraýyl (aleýhisselam) maňa bir gap jennet şeraby we bir gap süýt getirdi. Men süýdi aldym. Jebraýyl (aleýhisselam) maňa: ‘Sen fitraty (iki jahanyň bagtyny) saýladyň’ diýdi. Soňra ýene iki käse hödürlediler. Biri suw, biri baldy, ikisinden hem içdim. Jebraýyl: ‘Bal – ymmatyňyň kyýamata çenli dowam etjekdigine, suw bolsa ymmatyňyň günälerinden arassalanjakdygyna yşaratdyr’ diýdi. Soňra bilelikde asmana göterildik. Jebraýyl (aleýhisselam) gapyny kakdy. ‘Sen kim?’ diýdiler. ‘Men – Jebraýyl’. ‘Ýanyňdaky kim?’ ‘Ol – Muhammet (aleýhisselam)’. ‘Oňa (asmana çykmak üçin wahy we Miraj çakylygy) iberildimi?’ ‘Hawa, iberildi’ diýdi. ‘Gelen şahsa merhaba! Bu gelen nähili gowy ýolagçy!’ diýdiler we gapy derrew açyldy. Men özümi Adamyň (aleýhisselam) garşysynda gördüm. Ol maňa ‘Merhaba’ diýdi we doga etdi… Adam aleýhisselamyň sagynda we çepinde käbir ynsanlaryň ruhlary garaltylar ýaly durýardy. Adam (aleýhisselam) sagyna seredende ýylgyrýardy, çepine seredende bolsa aglaýardy. Jebraýyl (aleýhisselam): ‘Ýa Resulallah, bu garaltylar Adamyň neslinden gelen çagalarynyň ruhlarydyr. Sagdakylar jennetlik, çepdäkiler bolsa dowzahlykdyr! Sag tarapa seredende ýylgyrýar, çep tarapa seredende aglaýar!’ diýdi.
“Eý ähli ýaradylanlaryň iň beýigi! Eý Ýaradanyň söýgülisi, eý pygamberleriň serweri, ýagşylyklaryň çeşmesi, artykmaçlyklaryň gözbaşy bolan şerefli we beýik Pygamber! Rebbiň saňa salam iberýär we seni Öz ýanyna çagyrýar. Tur, gideliň” Jebraýyl aleýhisselam
Ol ýerde men köp perişdeleri gördüm. Olaryň hemmesi kyýamda huşug we hudug bilen durup, ‘Subbuhun kuddusun rabbul-melaiketi wer-ruh’ zikri bilen meşguldy. Jebraýyldan: ‘Bu perişdeleriň ybadaty şumy?’ diýip soradym. ‘Hawa. Olar ýaradylaly bäri kyýamata çenli kyýamda durarlar. Hak tagaladan dile, bu ybadaty ymmatyňa nesip etsin’ diýdi. Hak tagaladan diledim. Ol dogamy kabul etdi. Namazdaky kyýam şoldur.
(Ol ýerde) bir jemagatyň ýanyndan geçdim. Perişdeler olaryň başlaryny ezýärdiler, başlary ýene öňki ýagdaýyna gelýärdi. Ýene urýardylar, ýene öňküsi ýaly bolýardy. ‘Bular kimler?’ diýdim. Ol: ‘Anna namazyny we jemagaty terk edenler, rukugy we seždeleri doly etmeýänler’ diýdi.
Bir jemagaty gördüm. Olar aç we ýalaňaçdy. Zebanylar olary dowzahda otlamaga sürýärdiler. ‘Bular kimler?’ diýdim. Ol: ‘Garyplara rehim etmeýänler we zekat bermeýänler’ diýdi.
Bir jemagatyň ýanyndan geçdim. Olaryň öňlerine ajaýyp naharlar goýlupdy. Bir tarapda bolsa läş ýatyrdy. Olar ol ajaýyp naharlary goýup, läşi iýýärdiler. ‘Bular kimler?’ diýdim. Ol: ‘Bular – halaly terk edip, harama meýil eden erkekler we aýallardyr. Halal mallary bar bolsa-da, haram iýýän adamlardyr’ diýdi.
Arkasyndaky ýüküň köplüginden gymyldamaga mejaly galmadyk (käbir) adamlary gördüm. Olar şol ýagdaýda halka seslenip, üstlerine ýene biraz ýük goýmaklaryny isleýärdiler. ‘Bular kimler?’ diýdim. Ol: ‘Bu adamlar – amanada hyýanat edenlerdir. Ynsanlaryň hakyny alan hem bolsalar, ýene zulum edýärler’ diýdi.
Öz etlerini kesip iýýän bir topar adamyň ýanyndan geçdik. ‘Bular kimler?’ diýdim. Jebraýyl (aleýhisselam): ‘Bular – gybat edýänler we gep gezdirýänlerdir’ diýdi.
Ýüzleri gara, gözleri gök, ýokarky dodaklary maňlaýlaryna ýeten, aşaky dodaklary aýaklaryna sallanan, agyzlaryndan gan we iriň akyp duran bir topar adamy gördüm. Olara otdan käseler bilen dowzahdan akýan zäherli gan we iriň içirýärdiler, olar eşek ýaly baňňyrýardylar. ‘Bular kimler?’ diýdim. Ol: ‘Bular – içgi içýänlerdir’ diýdi.
Bir topar adama duşduk: olaryň dilleri kellelerinden sogrulyp alnan, keşpleri üýtgedilip, hynzyr (doňuz) keşbine öwrülen ýagdaýda azap çekýärdiler. Jebraýyl (aleýhisselam): ‘Bular – ýalan şaýatlyk edýänlerdir’ diýdi.
Başga bir kowma duşduk. Olaryň garynlary çişip, aşak sallanypdy, reňkleri gögerip gidipdi, elleri-aýaklary daňlypdy, ýerlerinden turup bilmeýärdiler. Jebraýyldan olar hakynda soradym. Ol: ‘Bular – göterim iýýänlerdir’ diýdi.1
Käbir aýallara duşduk. Olaryň ýüzleri gara, gözleri gökdi. Olara otdan eşikler geýdiripdiler. Perişdeler olary otdan gürzüler bilen urýardylar. Olar itler we doňuzlar ýaly çyňsaýardylar. ‘Bular kimler?’ diýdim. Jebraýyl: ‘Bular – zyna edýän we ärlerini ynjydýan aýallardyr’ diýdi.
Bir jemagaty gördüm. Olar gaty köpdi. Olar dowzahyň jülgelerinde tussag edilipdi. Ot olary ýakýardy, olar ýene direlýärdiler, ot ýene ýakýardy. ‘Bular kimler?’ diýdim. Ol: ‘Bular – kakalaryna asy bolanlardyr’ diýdi.
Bir jemagatyň ýanyndan geçdim. Olar ekin ekýärdiler, ol bir pursatda ýetişip, sümmül berýärdi. ‘Bular kimler?’ diýdim. Jebraýyl: ‘Allahu tagala üçin ybadat edýänler’ diýdi.
Bir deňze bardym. Bu deňziň geň ýagdaýyny beýan etmek mümkin däl. Ol süýtden-de akdy, dag ýaly tolkunlary bardy. ‘Bu nähili deňiz?’ diýdim. Ol: ‘Bu deňziň ady – Ýaşaýyş deňzidir. Hak tagala ölüleri direldende, bu deňizden ýagyş ýagdyrar. Çüýrän, dargan bedenler direlip, ot gögerşi ýaly gabyrlaryndan turarlar…’ diýdi.
Soňra ikinji gat asmana çykdyk. Jebraýyl (aleýhisselam) ýene gapyny kakdy. ‘Sen kim?’ diýildi. ‘Men – Jebraýyl’. ‘Ýanyňdaky kim?’ ‘Ol – Muhammet aleýhisselam’. ‘Oňa wahy we Miraj çakylygy iberildimi?’ ‘Hawa, geldi’ diýdi. ‘Gelen şahsa merhaba! Bu gelen nähili gowy ýolagçy!’ diýildi we gapy derrew açyldy. Men özümi daýzaogullary Isa bilen Ýahýa ibn Zekerýanyň (aleýhimesselam) ýanynda gördüm. Olar maňa ‘Merhaba’ diýdiler we doga etdiler… (Isa aleýhisselam orta boýly, ak bugdaý reňklidi.)
Bir topar perişdä duşdum. Olar saf baglap durdular, hemmesi rukugdady. Olaryň özlerine mahsus tesbihleri bardy. Olar hemişe rukugda durýarlar, başlaryny galdyryp, ýokary seretmeýärler. Jebraýyl (aleýhisselam): ‘Bu perişdeleriň ybadaty şeýledir. Hak tagaladan dile, ymmatyňa nesip bolsun’ diýdi.
Doga etdim. Ol kabul edip, namazda rukugy ihsan etdi. Soňra üçünji gat asmana çykdyk. Şol bir sorag-jogapdan soň gapy açyldy we men özümi Ýusubyň (aleýhisselam) ýanynda gördüm. Seretsem, oňa gözelligiň ýarysy berlipdir. Ol maňa ‘Merhaba’ diýdi we doga etdi…
Köp perişdeleri gördüm. Olar saf bolup düzülipdiler, hemmesi sežde edip durdy. Ýaradylaly bäri olar seždede bolup, özlerine mahsus tesbih bilen tesbih edýärler. Jebraýyl (aleýhisselam): ‘Bu perişdeleriň ybadaty şeýledir. Allahu tagaladan dile, bu amaly ymmatyňa aňsat etsin’ diýdi. Hak tagaladan diledim. Ol kabul etdi we muny size namazda nesip etdi.
Soňra dördünji gat asmana ýetdim. Onuň arassa kümüşden ýasalan, nurdan bir gapysy bardy. Oňa nurdan bir gulp asylypdy. Gulpuň üstünde ‘La ilähe illallah Muhammedur-Resulullah’ diýlip ýazylgydy. Şol bir sorag-jogapdan soň men özümi Ydrysyň (aleýhisselam) ýanynda gördüm. Ol maňa ‘Merhaba’ diýdi we doga etdi. Allahu tagala onuň hakynda (manysyna görä): ‘Biz ony belent bir mekana göterdik’ diýdi.2
Bir perişdäniň bir kürsiniň üstünde gamgyn we gaýgyly oturandygyny gördüm. Onuň töwereginde şeýle köp perişde bardy welin, olaryň sanyny diňe Jenaby Hak bilýär. Onuň sagynda nurany perişdeleri gördüm. Olar ýaşyl geýnipdiler, olardan örän hoş ys gelýärdi. Olaryň her biriniň gözelliginden ýüzlerine seredip bolmaýardy. Onuň çep tarapynda agyzlaryndan ot saçýan perişdeler bardy. Olaryň öňlerinde otdan naýzalar we gamçylar bardy. Olaryň şeýle gözleri bardy welin, olara seretmäge hiç kimiň takaty çatmaýardy. Tagtyň üstünde oturan perişdäniň başyndan aýagyna çenli gözleri bardy. Ol hemişe öňündäki depdere seredýärdi, bir pursat hem ondan gözüni aýyrmaýardy. Onuň öňünde bir agaç bardy. Onuň her ýapragynda bir adamyň ady ýazylgydy. Onuň öňünde legen ýaly bir zat hem bardy. Ol käte sag eli bilen ondan bir zat alyp, sagyndaky nurany perişdelere tabşyrýardy, käte çep eli bilen bir zat alyp, çepindäki zulmany perişdelere berýärdi. (Bu) perişdä nazar salanymda, ýüregime gorky düşdi. Jebraýyldan: ‘Bu perişde kim?’ diýip soradym. Ol: ‘Bu – Ezraýyldyr. Onuň ýüzüni görmäge hiç kimiň takaty ýetmez’ diýdi. Jebraýyl onuň ýanyna baryp: ’Eý Ezraýyl!
“‘Gelen şahsa merhaba! Bu gelen nähili gowy ýolagçy!’ diýdiler we gapy derrew açyldy, men özümi Adamyň (aleýhisselam) garşysynda gördüm” Hadysy şerif
Bu – ahyrzaman Pygamberi, Allahu tagalanyň Habyby, söýgülisi’ diýdi. Ezraýyl (aleýhisselam) başyny galdyryp ýylgyrdy. Ýerinden turup, maňa hormat goýdy we: ‘Merhaba! Hak tagala senden şerefli hiç kimi ýaratmady. Seniň ymmatyň hem ähli ymmatlardan üstündir. Men seniň ymmatyňa olaryň kakalaryndan we ejelerinden-de köp rehim edýärin’ diýdi. Şonda men: ‘Senden bir haýyşym bar. Ymmatym ejizdir. Olara ýumşak çemeleş. Janlaryny mylaýymlyk bilen al’ diýdim. Ol: ’Seni iň soňky pygamber edip iberen we Özüne habyp eden Allahu tagalanyň hakyna, Allahu tagala gije-gündizde ýetmiş gezek maňa şeýle buýurýar:
‘Muhammet ymmatynyň janlaryny ýumşaklyk we aňsatlyk bilen al, işlerini mylaýymlyk bilen bitir’. Şonuň üçin men hem seniň ymmatyňa olaryň ejelerinden we kakalaryndan-da köp mähir görkezýärin’ diýdi. Soňra bäşinji gat asmana göterildik. Ol ýerde Harun3 (aleýhisselam) bilen duşuşdyk. Ol maňa ‘Merhaba’ diýdi we haýyr-doga etdi. Bäşinji gat asmanyň perişdeleriniň ybadatyny gördüm. Olaryň hemmesi aýak üstünde durup, aýaklarynyň barmaklaryna seredýärdiler. Olar asla başga tarapa seretmeýärdiler, gaty ses bilen tesbih edýärdiler. Jebraýyldan (aleýhisselam): ‘Bu perişdeleriň ybadaty şeýlemi?’ diýip soradym. Ol: ‘Hawa, Hak tagaladan dile, bu ybadaty ymmatyňa nesip etsin’ diýdi. Doga etdim. Jenaby Hak ihsan etdi. Soňra altynjy gat asmana göterildik. Ol ýerde Musa (aleýhisselam) bilen duşuşdyk. Ol maňa ‘Merhaba’ diýdi we haýyr-doga etdi.
Soňra ýedinji gat asmana göterildik. Şol bir sorag-jogapdan soň Ybraýymy (aleýhisselam) arkasyny Beýtul-Magmura diräp oturan ýagdaýda gördüm. Ol Beýtul-Magmura her gün ýetmiş müň perişde girýär (we olara gaýtadan nobat ýetmeýär). Ybraýyma (aleýhisselam) salam berdim. Ol salamymy aldy. ‘Merhaba, salyh pygamber, salyh ogul’ diýdi. (Soňra:) ‘Eý Muhammet! Jennetiň ýeri örän ajaýyp, topragy arassadyr. Ymmatyňa aýt, ol ýere köp agaç eksinler’ diýdi. ‘Jennete agaç nähili ekilýär?’ diýdim. Ol: ‘“La hawle wela kuwwete illa billah” tesbihini okap’ (bir rowaýatda bolsa: ‘Subhanallahi wel-hamdu lillahi we la ilähe illallahu wallahu ekber’) diýdi. Soňra Jebraýyl (aleýhisselam) meni Sidretul-münteha alyp bardy. Sidretul-münteha – köki altynjy gat asmanda, baldagy we şahalary ýedinji gat asmanyň üstünde bolan agaçdy, onuň ýapraklary piliň gulaklary ýaly, miweleri bolsa minaralar ýalydy.4 Ol kölegesi bilen ähli asmanlary we jenneti kölegeleýän ýaly bir agaçdy. Allahu tagalanyň jelal we azamat nurunyň tejellisi bilen ol dürli reňklere girýärdi, ýakut, zümerret ýa-da olara meňzeş göwherler bilen bezelýärdi we şeýle gözelleşýärdi welin, Allahu tagalanyň ýaradan mahluklarynyň hiç biri onuň gözelligini beýan edip bilmez.
Jebraýyl (aleýhisselam) meni Sidretul-müntehadan aňry äkitdi we meniň bilen hoşlaşdy. Men: ‘Eý Jebraýyl! Meni ýalňyz goýýarsyňmy?’ diýdim. Jebraýyl (aleýhisselam) aladalandy. Hak tagalanyň haýbatyndan titräp başlady we: ‘Eý Muhammet! Eger (ýene) bir ädim ätsem, Allahu tagalanyň azamatyndan heläk bolaryn. Tutuş wujudym ýanyp ýok bolar’ diýdi”.
Älemleriň Serweri şu ýere çenli Jebraýyl aleýhisselam bilen bile gelipdi. Jebraýyl aleýhisselam bu ýerde Resulullaha özüni ýaradylan keşbinde – alty ýüz müň ganatyny ýaýyp, her ganatyndan merjenler, ýakutlar saçylyp duran ýagdaýda görkezdi.
Soňra şuglasy günden-de ýagty bolan, Refref atly ýaşyl jennet düşegi geldi. Ol dyngysyz Allahu tagalanyň zikri bilen meşgul bolýardy, onuň bolan älemini tesbih sesi doldurýardy. Ol Pygamberimize salam berdi. Resulullah Refrefiň üstüne oturdy. Bir pursatda olar örän beýiklere göterildiler, hijap diýilýän ýetmiş müň perdeden geçdiler. Her hijabyň arasy örän uzakdy. Her perdede wezipeli perişdeler bardy. Refref Pygamberimizi ol perdelerden birin-birin geçirdi. Şeýdip, olar Kürsi, Arş we ruhlar älemlerinden geçdiler. Habyby ekrem we Nebiýýi muhterem (sallallahu aleýhi we sellem) her perdeden geçende: “Gorkma, eý Muhammet! Ýakynlaş, ýakynlaş!” diýen buýrugy eşidýärdi. Ol şeýle ýakynlaşdy welin, Kabe kawseýn makamyna ýetdi. Bilinmeýän, düşünilmeýän, beýan edilip bilinmeýän bir görnüşde, Allahu tagalanyň islän beýikliklerine ýetdi. Mekansyz, wagtsyz, ugursyz, sypatsyz görnüşde rugýat (görmek) hasyl boldy, ýagny ol Allahu tagalany gördi. Gözsüz, gulaksyz, serişdesiz, araçysyz Rebbi bilen gürleşdi. Hiç bir mahlugyň bilip, düşünip bilmejek nygmatlaryna gowuşdy.
Imam Rabbany hezretleri “Mektubat” kitabynda şeýle diýýär: “Ol Serwer (aleýhissalatu wesselam) Miraj gijesinde Rebbini dünýäde görmedi, ahyretde gördi. Çünki Resul aleýhisselam ol gije zaman we mekan çäginden daşary çykdy. Ezeli we ebedi bir pursat tapdy. Başlangyjy we soňy bir nokat hökmünde gördi. Jennete girjekleriň müňlerçe ýyldan soň jennete girişlerini we jennetde bolşuny ol gije gördi. Ine, ol makamdaky görmek dünýäde görmek däldir. Bu – ahyret görmesi bilen görmekdir.”
Pygamberimize: “Rebbiňe sena aýt!” diýlende, ol derrew: “Ettehiýýatu lillahi wes-salawatu wet-taýýibat” diýdi (ýagny: diller bilen edilýän ähli öwgüler, taryplar we senalar, beden bilen edilýän hyzmatlar we boýun bolmalar, mal bilen edilýän ýagşylyklar we ihsanlar Allahu tagala üçin bolsun).
“Hak tagala senden şerefli hiç kimi ýaratmady. Seniň ymmatyň hem ähli ymmatlardan üstündir” Ezraýyl aleýhisselam
Ilki Allahu tagala Habybyna gözsüz, gulaksyz, serişdesiz, mekansyz görnüşde: “Esselamu aleýke eýýuhen-nebiýýu we rahmetullahi we berekätuh” (Eý Resulym! Salamym, bereketim we rahmetim seniň üstüňe bolsun) diýip salam berdi. Pygamberimiz: “Esselamu aleýna we ala ybadillahis-salihin” (Ýa Rebbim! Bize-de, Seniň salyh bendeleriňe-de salam bolsun) diýip jogap berdi.
Muny eşiden perişdeler bir agyzdan: “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluh” (Gözüm bilen gören ýaly bilýärin we ynanýaryn: Allahu tagaladan başga ybadata laýyk ilah ýokdur. Muhammet aleýhisselam Onuň guly we resulydyr) diýdiler.
Pygamberimiz: “Esselamu aleýna…” diýende, Allahu tagala: “Eý Habybym! Bu ýerde ikimizden başga hiç kim ýok. Näme üçin ‘aleýna’ (bize) diýdiň?” diýdi. Resulullah şeýle jogap berdi:
“Ylahym! Ymmatymyň bedenleri meniň bilen bolmasa-da, olaryň ruhlary meniň bilendir. Meniň mähirli nazarym we ähli himmetim olardan uzak däldir. Sen maňa salam berdiň, meni ähli ýamanlyklardan uzak etdiň. Ahyrzaman pitnesine duçar bolan ol garyp, dertli ymmatymy bu beýik hormatdan we ihsandan nädip mahrum edeýin? Olary beýle nygmatdan nädip nesipsiz goýaýyn?”
Allahu tagala şeýle diýdi: “Eý Habybym! Bu gije sen Meniň myhmanym. Menden dile, näme isleýärsiň?” Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): “Ymmatymy isleýärin (ýa Rebbim!)” diýdi.
Rowaýata görä, Hak tagala bu soragy ýedi ýüz gezek gaýtalady. Resulullah her gezek: “Ymmatymy isleýärin” diýip jogap berdi. Allahu tagala: “Hemişe ymmatyňy isleýärsiň” diýende, ol: “Ýa Rebbim! Dileýän – men, berýän – Sen. Ähli ymmatymy maňa bagyşla” diýip dileg etdi. Jenaby Hak şeýle diýdi: “Eger ähli ymmatyňy bu gije saňa bagyşlasam, Meniň rahmetim-de, seniň hormatyň-da äşgär bolmaz. Olaryň bir bölegini bu gije saňa bagyşladym. Iki bölegini yza goýdum. Kyýamat güni sen dile, Men bagyşlaýyn. Şeýdip, Meniň rahmetim hem, seniň hormatyň (şerefiň) hem belli bolsun”.
Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysy şerifinde şeýle diýdi: “Ol gije (Miraj gijesi) Allahu tagaladan ähli ymmatymyň hasabyny maňa tabşyrmagyny diledim. Hak tagala şeýle diýdi: ‘Eý Muhammet! Seniň islegiň – hiç kim ymmatyňyň aýyplaryndan habarly bolmasyn. Meniň islegim bolsa şudur: sen mähirli pygamber bolany üçin, olaryň aýyplary we çirkin işleri ýatlardan gizlin bolşy ýaly, senden hem gizlin bolsun. Eý Muhammet! Sen olaryň ýol görkezijisiň. Men olaryň Rebbidirin. Sen olary täze gördüň. Men ezelden ebede çenli olara nazar etdim we nazar edýärin. Eý Muhammet! Eger seniň ymmatyň bilen gürleşmegi söýmedik bolsam, kyýamat güni olary hasaba çekmezdim. Uly-kiçi hiç bir günäsini soramazdym’”.
“Allahu tagala şeýle diýdi: ‘Eý Muhammet! Mübärek gözüňi aç-da, aýagyňyň astyna seret’. Seretdim, bir penje toprak gördüm. Hak tagala şeýle diýdi: ‘Ähli bar zatlar – seniň aýagyňyň topragydyr. Ol topragymy Dostuň huzuryna getirdiňmi? Bir dostuň etegine ýapyşan tozany bagyşlamakdan Maňa seniň ymmatyňy bagyşlamak has aňsatdyr’”.
Ymmatyňy berdim saňa, eý Habyp!
Jennetimi olara etdim nesip.
Ýa Habybym, näme ol seniň diläniň,
Bir penje toprak üçin minnet etdiňmi?
Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýdi: “Hak tagaladan birnäçe zatlary soradym. Jogabyny eşitdim. Soranyma puşman boldum. (Olaryň käbiri şulardyr:)
‘Ýa Rebbim! Jebraýyla alty ýüz müň ganat berdiň. Munuň garşylygyna maňa ihsanyň näme?’ Hak tagala şeýle diýdi: ‘Seniň bir gylyň Maňa Jebraýylyň alty ýüz müň ganatyndan-da söýgülidir. Seniň bir gylyň hatyrasyna kyýamat güni müňlerçe asy günäkäri azat ederin. Eý Muhammet! Jebraýyl ganatyny ýaýsa, gündogar bilen günbataryň arasyny doldurar. Sen şepagat etseň, gündogar bilen günbataryň arasy asylardan doly bolsa-da, olaryň hemmesini saňa bagyşlaryn’. Men: ‘Atam Adama (aleýhisselam) perişdeleri sežde etdirdiň. Munuň garşylygyna maňa hormatyň näme?’ diýdim.
Hak tagala şeýle diýdi: ‘Perişdeleriň Adama sežde etmegi onuň maňlaýynda seniň nuruň bolany sebäplidir. Eý Muhammet! Saňa ondan-da üstün zat berdim. Adyňy adyma ýakyn etdim we Arşy aglanyň üstüne ýazdym. Ol wagt Adam entek ýaradylmandy, onuň ady-da, nyşany-da ýokdy. Seniň adyňy asmanlaryň gapylaryna, hijaplaryň üstüne, jennetleriň gapylaryna, köşklere we agaçlara, jennetiň her ýerine ýazdym. Jennetde üstünde “La ilähe illallah Muhammedur-Resulullah” ýazylmadyk hiç bir zat ýokdy. Bu mertebe Adama berlen mertebeden has üstündir’.
Men saňa aşyk bolanda, eý şerif,
Seniňki bolmazmy iki älem, eý latyf!
Zatyma aýna etdim zatyňy,
Adym bilen bile ýazdym adyňy.
‘Ýa Rebbim! Nuha (aleýhisselam) gämi berdiň. Munuň garşylygyna maňa näme ihsan etdiň?’ Ol şeýle diýdi: ‘Saňa Buragy berdim, bir gijede seni ýerden Arşa ýetirdim. Jenneti we dowzahy gördüň. Ymmatyňa metjitler berdim, kyýamat güni ymmatyň gämä münen ýaly ol metjitlere münüp, Syraty göz açyp-ýumasy salymda geçip, dowzahdan halas bolar’. ‘Ýa Rebbim! Ysraýyl ogullaryna gudrat halwasyny we bedene meňzeş guş etini inderdiň’. Hak tagala şeýle diýdi: ’Saňa we ymmatyňa dünýä we ahyret nygmatyny ihsan etdim. Ysraýyl ogullarynyň keşplerini ynsan keşbinden aýy, maýmyn we doňuz keşbine öwürdim. Seniň ymmatyňyň hiç birini beýle etmedim. Olar şolaryň amallary ýaly amal etseler-de, bu belany olara mynasyp görmedim. Eý Muhammet! Saňa bir süre berdim, oňa meňzeş süre Töwratda-da, Injilde-de ýokdur. Ol süre – Fatyha süresidir. Kim ol süräni okasa, onuň bedeni dowzaha haram bolar. Ol adamyň ejesiniň we kakasynyň azabyny ýeňilleşdirerin. Eý Muhammet! Men senden ekrem (gymmatly, üstün, şerefli) hiç kimi ýaratmadym. Saňa we ymmatyňa gije-gündizde elli wagt namaz parz etdim.
“Ol gije (Miraj gijesi) Allahu tagaladan ähli ymmatymyň hasabyny maňa tabşyrmagyny diledim” Hadysy şerif
Eý Muhammet! Kim Meniň birligimi kabul etse we Maňa şärik goşmasa, jennet olaryňkydyr. Şeýle ymmatyňa dowzahy haram etdim. Ymmatyňa bolan rahmetim gazabymdan öňe geçendir.
Eý Muhammet! Meniň huzurymda sen ähli halkdan ekremsiň, şereflisiň. Kyýamat güni saňa şeýle hormatlar ederin welin, tutuş älem haýran galar. Eý Habybym! Sen jennete girmeýänçäň, beýleki pygamberlere we olaryň ymmatlaryna girmek gadagandyr. Seniň ymmatyň girmeýänçä, başga ymmat girmez. Eý Muhammet! Seniň we ymmatyň üçin nämeler taýýarladygymy görmek isleýärsiňmi?’ Men: ‘Isleýärin, ýa Rebbim!’ diýdim. Ol Ysrapyla ýüzlenip şeýle diýdi: ‘Eý Ysrapyl! Bendäm, eminim we resulym bolan Jebraýyla aýt, Habybymy jennete äkidip, Habybym we onuň ymmaty üçin jennetde nämeler taýýarlan bolsam, şolary görkezsin. Şeýdip, onuň mübärek göwni aladadan halas bolsun’”.
Älemleriň Serweri bolan söýgüli Pygamberimiz Ysrapyl aleýhisselam bilen bile Jebraýyl aleýhisselamyň ýanyna geldi. Allahu tagalanyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin Jebraýyl aleýhisselam Pygamberimizi (sallallahu aleýhi we sellem) jennete alyp bardy. Perişdeler ellerinde tabaklar tutup garaşyp durdular: birinde jennet lybasy (hulla) bardy, beýlekisi nurdan dolydy. Jebraýyl aleýhisselam şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Bular Adam aleýhisselamdan segsen müň ýyl öň ýaradyldy. Bu makamda olar tabakdakylary saňa we ymmatyňa saçmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Kyýamat güni sen we ymmatyň Allahu tagalanyň buýrugy bilen jennetiň bosagasyna aýak basanyňyzda, bu perişdeler tabaklardaky göwherleri siziň üstüňize saçarlar”. Jennetde wezipeli Rydwan atly perişde olary garşy aldy. Ol Pygamberimize hoş habarlar berdi we: “Hak tagala jenneti ikisini seniň ymmatyňa, birini beýleki pygamberleriň ymmatlaryna bermek üçin üç bölege böldi” diýdi. Soňra ony jennetiň hemme ýerinde aýlady. Habyby ekrem şeýle diýdi: “Jennetiň ortasynda bir derýa gördüm.
Ol Arşyň ýokarysynda akýar. Bir ýerden suw, süýt, şerap we bal çykýar. Olar asla biri-birine garyşmaýar. Ol derýanyň kenary zeberjetdendi. Onuň içindäki daşlar göwherler, palçygy anbar, otlary zagpyrandy. Onuň töweregine kümüş käseler goýlupdy, olaryň sany asmandaky ýyldyzlardan-da köpdi. Onuň töwereginde guşlar bardy, olaryň boýunlary düýäniň boýny ýalydy. Kim olaryň etinden iýse we ol derýadan içse, Hak tagalanyň razylygyna mynasyp bolar. Jebraýyldan: ‘Bu nähili derýa?’ diýip soradym. Ol: ‘Bu – Köwserdir. Hak tagala ony saňa berdi. Sekiz jennetdäki bossanlara bu Köwserden suwlar akýar’ diýdi. Ol derýanyň kenarynda çadyrlar gördüm. Olaryň hemmesi merjenden we ýakutdandy. Jebraýyldan olar hakynda soradym. Ol: ‘Bular – seniň aýallaryňyň mesgenleridir’ diýdi. Ol çadyrlarda hüýrleri gördüm. Olaryň ýüzleri gün ýaly ýalpyldaýardy, hemmesi dürli owazlar bilen aýdym aýdýardylar. Olar şeýle diýýärdiler: ’Biz şatlykly we keýpihoş. Bize hiç gaýgy gelmez.
Biz bezenen, hiç haçan ýalaňaç bolmaýarys. Biz ýaş, hiç haçan garramaýarys. Biz gowy häsiýetli, hiç gaharlanmaýarys. Biz hemişe şeýle, hiç haçan ölmeýäris’ diýýärdiler. Olaryň owazlary we sesleri bagt köşklerine we agaçlaryna ýetip, her ýeri gaplaýardy. Olaryň sesleri şeýle owadandy welin, eger ol owazlar dünýä gelen bolsa, dünýäde ölüm hem, jebir-jepa hem bolmazdy. Jebraýyl: ‘Olaryň ýüzlerini görmek isleýärsiňmi?’ diýdi. ‘Isleýärin’ diýdim. Ol bir çadyryň gapysyny açdy. Seretdim. Şeýle owadan keşpleri gördüm welin, ömrümiň ahyryna çenli olaryň gözelligini gürrüň bersem-de, tamamlap bilmerin. Olaryň ýüzleri süýtden-de ak, ýaňaklary ýakutdan-da gyzyl we günden-de ýagtydy. Derileri ýüpekden-de ýumşak we aý ýaly nurlydy, yslary müşkden-de hoşdy. Saçlary juda gara: käbiriniňki örülen, käbiriniňki ýygnalan, käbiriniňki goýberilendi; otursa, töwereginde çadyr ýaly bolýardy, tursa, aýagyna çenli uzaýardy. Olaryň her biriniň öňünde bir hyzmatkär durýardy. Jebraýyl: ‘Bular seniň ymmatyň üçindir’ diýdi”.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi: “Sekiz jennetiň bag-bossanlaryny we her hili nygmatlaryny gördüm. Dowzahy we onuň derejelerini hem görsem diýip göwnüme geldi. Jebraýyl elimden tutup, meni dowzahyň iň uly perişdesi Malige alyp bardy. Ol: ‘Eý Malik! Hezreti Muhammet duşmanlaryň dowzahdaky ýerlerini görmek isleýär, oňa dowzahy görkez’ diýdi”. Malik dowzahyň üstünden örtügini açanda, dowzah şeýle gaýnap, joşup başlady welin, Pygamberimiz (aleýhissalatu wesselam) dowzahyň her zady gapyp alyp ýakýandygyny, dowzahdaky suwsuzlyk azaplaryny, azap zynjyrlaryny, azap ýylanlaryny we içýanlaryny, ol ýerdäki azaplaryň käbirini öz gözi bilen gördi.
“Malik dowzahyň gatlaryny açdy. Men ýedi gaty (hemmesini) gördüm. Ýedinji gata Hawiýe diýýärler. Onuň azaby beýleki gatlaryňkydan esse-esse köpdi. Malikden: ‘Bu gatda haýsy topara azap edilýär?’ diýip soradym. Malik: ‘Firgawuna, Karuna we seniň ymmatyňyň münapyklaryna (ikiýüzlilerine) azap edilýär’ diýdi. Altynjy gat – Lezadyr. Ol ýerde müşriklere (hiç bir dini bolmadyklara) azap edilýär. Bäşinji gat – Hutamedir. Ol ýerde oda, öküze çokunýanlara, buddistlere azap edilýär.
Dördünji gat – Jahymdyr. Ol ýerde güne, ýyldyzlara çokunýanlara azap edilýär. Üçünji gat – Sakardyr. Ol ýerde hristianlara azap edilýär. Ikinji gat – Sagyrdyr. Ol ýerde ýahudylara azap edilýär. Birinji gat – Jähennemdir. Onuň azaby beýleki gatlaryň azabyndan azdy. (Muňa garamazdan) men ol ýerde otdan ýetmiş müň deňiz gördüm. Her bir deňiz şeýle uludy welin, eger ýerleri we asmanlary bir deňze atsalar we bir perişdä buýursalar, müň ýyl gözlese-de, tapmak mümkin bolmazdy. Zebanylar (dowzahda wezipeli perişdeler) şeýle ullakandy welin, eger olaryň biri ýerleri we asmanlary agzynyň bir burçuna goýsa, asla bildirmezdi. Ol deňizler tolkunlanyp, gorkunç sesler çykýardy. Eger ol sesden dünýä azajyk ses gelen bolsa, ähli jandarlar heläk bolardy.
‘Bu gat haýsy topar üçin?’ diýip soradym. Malik jogap bermedi. Ýene soradym. Ol dymdy… Jebraýyl Malige: ‘Ol senden jogap garaşýar’ diýdi. Ol: ‘Meni bagyşla’ diýip ötünç sorady. Men: ‘Näme bolsa-da jogap ber, şu gün onuň alajyny etmek mümkin bolsun’ diýdim. Malik: ‘Ýa Resulallah! Ol seniň ymmatyňyň asylary üçindir. Olara nesihat et, şeýdip, olar bu gorkunç ýerden özlerini gorasynlar. Bedenlerini şeýle azaba sürüjek zatlardan saklansynlar. Ol gün men asylara rehim etmerin. Ne ak sakgally garrylaryna, ne-de ýaşlaryna mähir görkezmerin’ diýdi”.
“Miraj – akylyň gutaran, imanyň başlanan ýeridir” Hadysy şerif
Älemleriň Serweri aglap başlady. Mübärek başyndan sellesini aýryp, şepagat etmäge we (Allahu tagalanyň dergähine) ýalbarmaga başlady. Ymmatynyň ejizligini, beýle azaba çydap bilmejekdiklerini aýdyp, şeýle aglady welin, onuň bilen bile Jebraýyl aleýhisselam we ähli perişdeler hem agladylar. Şonda Allahu tagaladan hitap geldi: “Eý Habybym! Seniň hormatyň we gadyryň Meniň huzurymda beýikdir, dogaň kabul boldy. Göwnüňi hoş tut. Seni myradyňa ýetirdim. Saňa şeýle bir makam bererin welin, seniň şepagatyň bilen örän köp asylary, sen ‘ýeter’ diýýänçäň bagyşlaryn. Eý Habybym! Kim Meniň buýrugymy berjaý etse, azapdan we jezadan halas bolar, rahmetime eýe bolar. Jennetde Meni görmek şerefine ýeter. Saňa we ymmatyňa gije-gündizde elli wagt namaz parz etdim”.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) sözüni dowam edip şeýle diýdi: “Ol makamdan (soň) Arşa ýetdim. Asmanlardan geçip, Musanyň (aleýhisselam) bolan ýerine geldim. Ol menden: ‘Hak tagala saňa we ymmatyňa näme parz etdi?’ diýip sorady. Men: ‘Her gije-gündiz üçin elli wagt namaz okamagy maňa parz etdi’ diýdim. Ol: ‘Rebbiňe dolan, muny biraz ýeňilleşdirmegini dile. Çünki ymmatyň munuň hötdesinden gelip bilmez. Men Ysraýyl ogullaryny synadym we barladym’ diýdi. Şondan soň men Rebbime dolandym we: ‘Ýa Rebbim! Ymmatym üçin (bu buýrugy) biraz ýeňilleşdir!’ diýdim. Şonda Ol elli wagtdan diňe bäş wagty aýyrdy. Musanyň (aleýhisselam) ýanyna dolandym we (bäş wagty aýyrdy) diýdim. Ol: ‘Rebbiňe dolan! Ýene biraz ýeňilleşdirmegini dile. Çünki ymmatyň munuň hötdesinden gelip bilmez’ diýdi. Şeýdip, men Musa (aleýhisselam) bilen Rebbimiň arasynda gidip-geldim we ahyrynda Allahu tagala şeýle diýdi: ‘Bu namazy bäş wagta düşürdim. Her namaz üçin on sogap bardyr. Şonuň üçin ahyrynda ýene elli namaz bolýar. Çünki kim bir sogaby niýet edip-de, edip bilmese, onuň üçin bir sogap ýazylýar. Eger etse, bire garşy tamam on sogap ýazylýar. Emma bir günäni niýet edip-de etmese, hiç zat ýazylmaýar. Etse, diňe bir günä hökmünde ýazylýar’. Soňra Musanyň (aleýhisselam) ýanyna inip, ýagdaýy gürrüň berdim. Ol ýene: ‘Dolan, ýene biraz ýeňilleşdirmegini dile’ diýdi. Şondan soň men oňa: ‘Rebbime köp ýalbaranym üçin indi utanýaryn’ diýdim”.5 Allahu tagala şeýdip söýgüli Pygamberimiziň çeken kynçylyklary bilen ýaralanan mübärek ýüregine teselli berdi. Oňa hiç bir mahlugyna bermedik, hiç kimiň bilip, düşünip bilmejek nygmatlaryny ihsan etdi.
Gel beri, eý yşk oduna ýanyjy,
Özüni magşuga aşyk sanyjy.
Diňle, gel, ol Şanyň Mirajyny aýan,
Aşyk bolsaň, yşk oduna durman ýan.
Bir duşenbe gijesi – hakyky habar,
Gadyr gijesi eken ol gije, meger.
Ol bagty mübärek, gadry beýik zat
Ummu Hanynyň öýündedi ol gije.
Öň gelenler ýetmedi bu döwlete,
Hiç kim ýetmedi bu beýiklige.
Çünki hemmesini görüp, geçdi aňry,
Bardy, ýetdi ol beýik Huzura.
Alty tarapdan münezzeh Zuljelal
Kemsiz-keýpsiz oňa görkezdi jemal.
Äşgär gördi Rebbul-izzeti,
Ahyretde şeýle görer ymmaty.
Sen ki Miraj edip etdiň nyýaz,
Ymmatyň Mirajy etdim namaz.
“Eý Habybym! Kim Meniň buýrugymy berjaý etse, azapdan we jezadan halas bolar, rahmetime eýe bolar. Jennetde Meni görmek şerefine ýeter” Hadysy kudsi
Ynandym! Janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah
Soňra Älemleriň Serweri bir pursatda Iýerusalime geldi we ol ýerden Mesjidul-Aksanyň gapysyna daňlan Buraga münüp, Mekgeýi mükerremä dolandy. Pygamberimiz Iýerusalimden Mekgä gelýärkä, Kuraýşyň kerwenine duşdy. Kerwendäki bir düýe ürküp ýykyldy. Resulullah Mekgeýi mükerremede Ummu Hanynyň öýüne geldi. Onuň ýatan ýeri entek sowamandy, legendäki täret suwunyň yrgyldysy entek durmandy. Daşarda aýlanyp ýören Ummu Hany irkilipdi, hiç zatdan habary bolmandy.
Daň atanda, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) Mirajyny Ummu Hana gürrüň berenden soň: “Irden Käbä baryp, muny gürrüň bererin” diýdi. Ummu Hany hezretleri: “Eý doganoglan! Muny asla kuraýşlylara aýtma! Olar seni ýalana çykararlar we seni gynandyrarlar. Imany ejiz bolanlar muňa ynanmazlar, dinden çykarlar. Müşrikler hem eýýäm şuňa garaşýarlar, olaryň imanlaryny bozarlar. Häzirki wagtda musulmanlar az.
Musulmanlar biraz güýçlenip, berkände gürrüň berseň, nähili bolar?” diýdi. Älemleriň Serweri, Kainatyň Soltanynyň beren taryhy jogaby şeýledi: “Allaha kasam, men muny olara aýdaryn. Bu gün çüýrük bolan – ertir hem çüýrükdir. Men bu yslamy imany berk bolanlar bilen bina ederin. Eger maňa henizem şübhe bilen garaýan bar bolsa, aýrylsyn-gitsin. Meniň olar bilen işim ýok. Çüýrük hemişe çüýrükdir. Bu gün çüýremese, ertir çüýrär. Soň çüýränden, häzirden çüýresin-de, oňa bil baglap ýola çykmalyň. Berk bolanlar bize ýeterlikdir”.
Soňra ol irden Käbä bardy we gürrüň berip başlady… Kapyrlar: “Muhammet akylyndan azaşypdyr, düýbünden ýoldan çykypdyr” diýip masgaraladylar. Musulman bolmak niýetinde bolanlar hem ikirjiňlenip başladylar. Müşrikleriň käbiri begenip, Abu Bekiriň öýüne geldiler. Çünki olar onuň akylly, tejribeli, hasaply söwdagärdigini gaty gowy bilýärdiler. Ol gapa çykanda, olar: “Eý Abu Bekir! Sen Iýerusalime köp gezek gidip geldiň. Gowy bilýänsiň. Mekgeden Iýerusalime gidip gelmek näçe wagt alýar?” diýip soradylar. Hezreti Abu Bekir: “Gowy bilýärin. Bir aýdan köp” diýdi. Bu söze begenen kapyrlar topary: “Akylly, tejribeli adamyň sözi şeýle bolýar” diýdiler. Gülüp, masgaralap we hezreti Abu Bekiriň hem özleri ýaly pikir etjekdigine umyt edip: “Seniň hojaýynyň Iýerusalime bir gijede gidip gelendigini aýdýar, indi düýbünden ýoldan çykdy” diýdiler. Olar hezreti Abu Bekire söýgi we hormat görkezip, oňa bil baglapdylar.
Hezreti Abu Bekir Resulullahyň mübärek adyny eşidende (asla akylyna-mantygyna salyp durman): “Eger ol şeýle diýen bolsa, bu dogrudyr. Onuň bir pursatda gidip gelendigine men hem ynandym” diýdi-de, öýüne girdi. Kapyrlar aňk bolup: “Waý, Muhammet nähili ýaman jadygöý eken. Abu Bekiri jadylapdyr” diýip, yzlaryna gaýtdylar.
Hezreti Abu Bekir derrew Resulullahyň ýanyna geldi. Uly märekäniň arasynda ol gaty ses bilen şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Mirajyňyz mübärek bolsun! Bizi seniň ýaly beýik Pygambere hyzmatkär etmek bilen şereflendireni, mübärek ýüzüňi görmek, ýürekleri alýan, ruhlary çekýän süýji sözleriňi eşitmek bilen nygmatlandyrany üçin Allahu tagala tükeniksiz şükürler edýärin. Ýa Resulallah! Seniň her sözüň dogrudyr. Ynandym. Janym saňa pida bolsun!” Hezreti Abu Bekiriň sözleri kapyrlary aňk etdi. Aýtmaga söz tapman, olar dargadylar. Bu sözler şübhä düşen, imany ejiz birnäçe adamyň ýüregine hem güýç berdi. Resulullah şol gün Abu Bekire “Syddyk” diýdi. Bu ady almak bilen onuň derejesi ýene bir basgançak ýokary galdy.6
Muňa gaty gaharlanan kapyrlar möminleriň berk imanyna, Pygamberimiziň her sözüne derrew ynanmaklaryna, onuň töwereginde perwana ýaly aýlanmaklaryna çydap bilmediler. Resulullahy utandyrmak we ýeňmek üçin ony synap başladylar.
“Eý Muhammet! Iýerusalime gitdim diýýärsiň. Aýt hany, metjidiň näçe gapysy, näçe penjiresi bar?” ýaly soraglar berdiler.
“Mirajy gürrüň bermegim gerek, ynanmajak adam soňra hem ýüz öwürer, çüýrük binýadyň üstünde bina bolmaz, aýryljak adam häzirden aýrylsyn, berkler galsyn” Hadysy şerif
Akaba beýgatynyň edilen ýerinde gurlan Mesjidul-Beýga
Resulullah olaryň her birine birin-birin jogap berdi. Ol jogap berende, hezreti Abu Bekir: “Şeýledir, ýa Resulallah” diýýärdi. Emma Resulullah edebinden, haýasyndan garşysyndakynyň ýüzüne-de seretmezdi. Ol şeýle diýdi: “Mesjidul-Aksada men töweregime seretmändim. Olaryň soran zatlaryny görmändim. Şol pursat Jebraýyl (aleýhisselam) Mesjidul-Aksany gözümiň öňüne getirdi. Men onuň penjirelerini görüp sanaýardym we olaryň soraglaryna derrew jogap berýärdim”. Resulullah ýolda düýeli ýolagçylary görendigini aýtdy we: “Inşalla, olar çarşenbe güni gelerler” diýdi. Çarşenbe güni gün ýaşanda, kerwen Mekgä gelip ýetdi. Kerwendäkilerden soranlarynda, olar tupan turan ýaly bolandygyny we bir düýäniň ýykylandygyny aýtdylar. Bu ýagdaý möminleriň imanyny berkitdi, kapyrlaryň duşmançylygy bolsa barha artdy.7 Hijretden bir ýyl öň, Rejep aýynyň 27-sinde, anna gijesi bolan bu mugjyza Miraj diýilýär. Resulullah Miraja ruhy we bedeni bilen, oýa ýagdaýda çykdy. Miraj gijesinde oňa köp ylahy hakykatlar görkezildi we bäş wagt namaz şol gije parz edildi. Mundan başga-da, Bakara süresiniň soňky iki aýaty kerimesi ihsan edildi. Miraj barada Kurany Kerimde Isra süresiniň 1-nji aýatynda, Nejm süresiniň ilkinji aýatlarynda we käbir hadysy şeriflerde bildirilýär.8
Söýgüli Pygamberimiz Mirajdan soň sahabalaryna jenneti gürrüň berende şeýle diýdi: “Eý Abu Bekir! Seniň köşküňi gördüm. Ol gyzyl altyndandy. Seniň üçin taýýarlanan nygmatlary öz gözüm bilen gördüm”. Şonda hezreti Abu Bekir: “Ol köşk-de, köşkiň eýesi-de saňa pida bolsun, ýa Resulallah” diýdi.
Pygamberimiz hezreti Omara öwrülip: “Eý Omar! Seniň köşküňi gördüm. Ol ýakutdandy. Ol köşkde köp hüýrler bardy. Emma men içine girmedim. Seniň gabanjaňlygyňy ýatladym” diýdi. Hezreti Omar gaty aglady. Gözýaşlarynyň arasynda: “Ejem-kakam, janym saňa pida bolsun, ýa Resulallah! Senden-de gabanjaňlyk edilermi?” diýdi. Soňra hezreti Osmana: “Eý Osman! Men seni her asmanda gördüm. Jennetde köşküňi görüp, seni ýatladym” diýdi. Hezreti Ala: “Eý Aly! Seniň keşbiňi dördünji asmanda gördüm. Jebraýyldan soradym. Ol: ‘Ýa Resulallah! Perişdeler hezreti Alyny görmäge aşyk boldular. Hak tagala onuň keşbinde bir perişde ýaratdy. Ol dördünji asmanda durýar, perişdeler ony zyýarat edýärler, bereket alýarlar’ diýdi. Soňra seniň köşküňe girdim. Bir agajyň bir miwesini ysgadym. Ondan bir hüýr çykdy we ýüzüne perde çekdi. ‘Sen kim we kimiň?’ diýdim. Ol: ‘Doganoglanyň Aly üçin ýaradyldym, ýa Resulallah!’ diýdi” diýdi.
Miraj gijesiniň ertesi Jebraýyl aleýhisselam gelip, Resulullaha imam bolup, bäş wagt namazy wagtlarynda okatdy. Hadysy şerifde şeýle diýildi: “Jebraýyl (aleýhisselam) Käbäniň gapysynyň ýanynda iki gün maňa imam boldy. Ikimiz ertir namazyny daň (fejr) atanda, öýläni gün depeden agyp başlanda, ikindini her zadyň kölegesi öz boýy ýaly bolanda, agşamy gün ýaşanda (ýokarky gyrasy ýitende), ýassyny şapak garaňkylaşanda okadyk. Ikinji gün ertir namazyny howa ýagtylanda, öýläni her zadyň kölegesi öz boýunyň iki essesi bolanda, ikindini şondan derrew soň, agşamy agyz açylýan wagtda, ýassyny gijäniň üçden biri geçende okadyk. Soňra ol: ‘Eý Muhammet! Seniň we senden öňki pygamberleriň namaz wagtlary şudur. Ymmatyň bäş wagt namazyň her birini biziň okan şu iki wagtymyzyň arasynda okasynlar’ diýdi”.9 Namaz wagtlary şeýdip bildirilenden soň, Habeşistana-da habar iberilip, bäş wagt namazy okamaklary we namaz parz bolandan bäri okap başlan wagtlaryna çenli bolan namazlaryny kaza etmekleri bildirildi.
“(Eý medineliler!) Allahyň ýolunda Allah üçin hakykaty aýtmaga, öz janyňyzy we namysyňyzy goraýşyňyz ýaly maňa kömekçi bolmaga söz berýärsiňizmi?” Hadysy şerif
