Mekge – Taýyf sapary
Geljek ýylyň Zülhijje aýynda ýene gelmek niýeti bilen, olar ýurtlaryna dolanmak üçin Pygamberimizden rugsat alyp aýryldylar. Täze musulman bolan bu alty adam şulardy: Ukbe ibn Amyr, Esgat ibn Zurara, Awf ibn Harys, Rafyg ibn Malik, Kutbe ibn Amyr we Jabyr ibn Abdylla (radyýallahu anhum).1
Musulman bolan alty adam Medinä, kowumlarynyň ýanyna dolananlarynda, derrew yslam we Pygamberimiz hakynda gürrüň berip, halky yslam dinine girmäge çagyryp başladylar. Muny olar şeýle yhlas bilen etdiler welin, Medinede Pygamberimiz we yslam hakynda gürrüň edilmeýän bir öý hem galmady. Şeýlelikde, yslam Hazrej taýpasynyň arasynda ýaýrady, Ews taýpasyndan hem käbir adamlar musulman boldular.
Taýyflylary imana çagyrmagy
Müşrikler söýgüli Pygamberimizden köp mugjyzalary görendiklerine garamazdan, inatlary sebäpli iman getirmeýärdiler; üstesine, musulman bolan çagalaryna, doganlaryna, garyndaşlaryna we dostlaryna ezýet bermekden, zulum etmekden yza durmaýardylar. Olaryň barha güýçlenýän bu zulumlary we sütemleri söýgüli Pygamberimizi gaty gynandyrdy. Ol Mekgäniň golaýyndaky Taýyfa baryp, onuň halkyny yslama çagyrmagy ýüregine düwdi. Şonuň üçin ol Zeýd ibn Harysany ýanyna alyp, Taýyfa bardy.
Ol Taýyfyň öňdebaryjylaryndan Amryň ogullary – Abdy Ýalil, Habyp we Mesgut bilen duşuşdy. Olara yslamy düşündirip, Allahu tagala iman getirmeklerini sorady. Olar iman getirmek däl-de, tersine, ony kemsitdiler, üstesine: “Allahu tagala pygamber edip ibermek üçin senden başga adam tapmadymy? Allahu tagala senden başgasyny pygamber edip ibermäge ejizmi? Ýurdumyzdan çyk-da, nirä isleseň, şol ýere git!.. Seniň kowmuň aýdanlaryňy kabul etmedi-de, şonuň üçin bu ýere geldiň, şeýle dälmi? Kasam edýäris, biz hem senden uzak durarys. Hiç bir islegiňi kabul etmeris” diýdiler.
Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) olaryň ýanyndan gaýgy bilen aýryldy. On gün ýa-da bir aý Sakyf taýpasyny yslama çagyrdy, emma olaryň hiç biri iman getirmedi; üstesine, ony masgaraladylar, ezýet berdiler we arkasyndan hüwledip gygyrdylar. Onuň geçjek ýolunyň gyralaryna çagalary we ýaşlary düzüp, ony daşa basdyrdylar, üstüne hüjüm etdirdiler. Taýyfly ýaşlaryň atan daşlaryna hezreti Zeýd öz bedenini galkan edip, Pygamberimize bir zyýan ýetmeginiň öňüni almaga çalyşýardy. Zeýd hezretleri söýgüli Pygamberimiziň töwereginde pyrlanýardy, daşlaryň oňa degmezligi üçin jan edýärdi. Onuň mübärek bedenine zyýan ýetmesin diýip, özüne degýän daşlara üns bermeýärdi. Ol şu günlerde janyny pida etmek üçin pursat gözlemeýärmidi näme? Ine, indi olar Älemleriň Serwerini daşlaýardylar, ezýet berip, zulum edip, ony öz ýurtlaryndan kowup çykarmaga çalyşýardylar.
Hezreti Zeýd Resulullahy goramak üçin saga-çepe ylgadygyça, daşlar onuň başyna, bedenine, aýaklaryna yzly-yzyna degýärdi. Şonuň üçin hezreti Zeýd başdan-aýak gana boýaldy. Ol söýgüli Pygamberini goramak üçin bar güýjüni sarp edýärdi we daş atýan zalymlara bar sesi bilen: “Etmäň!.. Urmaň! Ol – Älemleriň Serweri! Ol – Resulullah! Meniň bedenimi bölek-bölek ediň, emma Pygamberimize hiç bir zyýan ýetmesin!” diýip gygyrýardy. Zeýd ibn Harysanyň üstünden aşyp, Resulullaha gelip degen daşlar onuň mübärek aýaklaryny gana batyrypdy.
Söýgüli Pygamberimiz gaýgyly, ýadaw we ýaraly ýagdaýda Utbe we Şeýbe atly iki doganyň üzüm bagyna ýakynlaşdy. Ol ýerde ugrunda ähli möminleriň janlaryny pida etmäge taýýar bolan Resulullah mübärek aýaklaryndan akýan ganlary süpürdi.
Täret alyp, agajyň aşagynda iki rekagat namaz okady. Soňra mübärek ellerini galdyryp, Rebbine ýalbaryp doga edip başlady.
Bagyň eýeleri muny synlap durdular. Olar Resulullahyň başyna gelenleri görüpdiler, onuň garyp, ýalňyz ýagdaýynyň şaýady bolupdylar. Olaryň rehim damarlary gozgaldy. Olar Addas atly gullary arkaly oňa üzüm iberdiler. Söýgüli Pygamberimiz üzümi iýip başlanda, bismilla diýdi. Üzümi getiren gul hristiandy. Bismillany eşidip, ol geň galdy we: “Men ýyllardan bäri bu ýerde, hiç kimden beýle söz eşitmedim. Bu nähili sözdür?” diýip sorady.
Resulullah: “Sen nireli?” diýip sorady. Addas: “Men ninewaly” diýdi. Resulullah: “Onda sen Ýunusyň (aleýhisselam) ýurdundan ekeniň” diýdi. Addas: “Sen Ýunusy nireden tanaýarsyň? Ony bu ýerlerde hiç kim bilmeýär” diýdi. Resulullah: “Ol – meniň doganymdyr. Ol hem meniň ýaly pygamberdi” diýdi.
Addas: “Bu owadan ýüzüň, bu süýji sözleriň eýesi ýalançy bolup bilmez. Men seniň Allahyň resulydygyňa ynandym” diýdi. Ol musulman boldy we şeýle diýdi: “Ýa Resulallah! Ýyllar boýy men bu zalymlara, bu ýalançylara gulluk etdim. Olar hemmäniň hakyny iýýärler. Hemmäni aldaýarlar. Olaryň hiç gowy tarapy ýok. Dünýä malyny ýygnamak we nebisleriniň höweslerini kanagatlandyrmak üçin her pesligi göze alýarlar. Men olary ýigrenýärin. Siziň bilen bile gitmek, size hyzmat etmek şerefine eýe bolmak, nadanlaryň, akmaklaryň size etjek hormatsyzlyklaryna nyşana bolmak, siziň mübärek bedeniňizi goramak üçin janymy pida etmek isleýärin”.2
Resulullah ýylgyryp: “Häzirlikçe eýeleriň ýanynda gal! Az wagtdan soň meniň adymy her ýerde eşidersiň. Şonda meniň ýanyma gel” diýdi.
“Etmäň!.. Urmaň! Ol – Älemleriň Serweri! Ol – Resulullah! Meniň bedenimi bölek-bölek ediň, emma Pygamberimize hiç bir zyýan ýetmesin!” Zeýd ibn Harysa (radyýallahu anhu)
Biraz dynç alandan soň, olar Mekgä tarap ýola düşdüler. Mekgä iki günlük ýol galanda, ol bir bulutyň özlerine kölege salyp durandygyny gördi. Üns bilen seredende, onuň Jebraýyl aleýhisselamdygyna düşündi. Bu wakany söýgüli Pygamberimiz soňra Aişe Syddyka enemize gürrüň beripdi.
“Sahyhy Buhary” kitabynda we Ahmet ibn Hanbalyň “Musnet” kitabynda şeýle bildirilýär: bir gün hezreti Aişe enemiz: “Ýa Resulallah! Seniň başyňdan Uhud gününden-de agyr bir gün geçdimi?” diýip sorapdy. Resulullah şeýle jogap berdi: “Allaha kasam, seniň kowmuňdan şeýle jepa çekdim welin, Uhud söweşindäki kapyrlardan-da beýlesini çekmedim. Ibn Abdy Ýalil ibn Abdy Külala özümi hödürlänimde (ýagny pygamberligimi bildirip, ony dine çagyranymda), ol kabul etmedi. Olaryň ýanyndan şeýle uly azap bilen aýryldym welin, Karnus-Segalib diýilýän ýere ýetýänçäm özüme gelip bilmedim. Ol ýerde başymy ýokary galdyrdym. Bir bulutyň üstüme kölege salyp durandygyny gördüm. Seretsem, bulutyň içinde Jebraýyl (aleýhisselam) dur. Ol maňa seslenip şeýle diýdi: ‘Eý Muhammet! Hak tagala hezretleri kowmuňyň sen hakda aýdan sözlerini eşitdi. Olaryň seni goramak islemändiklerini hem bildi. Ol saňa daglara wekil edilen şu perişdäni iberdi, näme isleseň, oňa buýrarsyň’. Ol perişde hem maňa seslenip, salam berenden soň şeýle diýdi: ’Eý Muhammet! Jebraýylyň aýdyşy ýaly, Hak tagala hezretleri daglaryň perişdesi bolan meni saňa iberdi, näme isleseň, maňa buýrarsyň. Buýrugyňa taýýardyryn. Eger şu iki beýik dagyň (Kugaýkygan dagy bilen Abu Kubeýs dagynyň) mekgelileriň üstüne abanyp ýapylar ýaly biri-birine birleşmegini (we müşrikleri düýbünden ezmegini) isleýän bolsaň, buýur, birleşdireýin’. Men razy bolmadym we şeýle diýdim: ’(Ýok! Men älemlere rahmet edip iberildim.) Allahu tagalanyň bu müşrikleriň neslinden diňe Jenaby Haka ybadat edýän we Allahu tagala hiç bir zady şärik goşmaýan bir nesil ýüze çykarmagy üçin doga edýärin’”.
Pygamberimiz Taýyfdan Mekgä dolanýarka, Nahle diýilýän ýerde biraz dynç aldy. Bir salym ol namaza durdy. Nusaýbin jynlaryndan bir topar şol ýerden geçip barýarka, söýgüli Pygamberimiziň okaýan Kurany Kerim aýatlaryny eşidip, durup diňlediler. Soňra Pygamberimiz bilen gürleşip, musulman boldular. Pygamberimiz olara: “Kowmuňyzyň ýanyna baranyňyzda, meniň imana çagyryşymy olara-da ýetiriň. Olary hem imana çagyryň” diýdi.
Ol jynlar öz kowumlarynyň ýanyna baryp, muny habar berenlerinde, eşiden jynlaryň hemmesi iman getirdiler.3 Bu barada Kurany Kerimiň Jyn süresinde we “Buhary”, “Muslim” atly meşhur hadysy şerif kitaplarynda bildirilýär.
Ol Mekgä ýakynlaşanda, möminler Resulullaha: “Kuraýşlylar Taýyfdaky pes adamlaryň size eden erbet muamalasyny eşitdiler. Häzir gelseňiz, olar zulumlaryny artdyryp bilerler” diýip habar iberdiler. Pygamberimiz Hyra ýetende, bir adamy Suheýl ibn Amryň ýanyna iberip, ony öz howandarlygyna almagyny haýyş etdi. Ol nesipsiz kabul etmänsoň, Mutgym ibn Adiniň ýanyna habar iberdi. Ol bu haýyşy kabul etdi. Habyby ekrem we Nebiýýi muhterem bolan Pygamberimiz Mutgym ibn Adiniň howandarlygynda Mekgä girdi. Mutgym hem bu ýagdaýy kuraýşlylara habar berdi. Resulullah Beýti şerifi towap edip, Hajarul-eswedi ogşady. Birnäçe günden soň ol Mutgyma: “Mundan artyk seniň howandarlygyňda galmaýyn” diýdi. Mutgym hem kabul etdi. Jenaby Hak Habybyny Öz goragynda saklady.
“La ilähe illallah” diýip halas boluň
Resul aleýhisselam ynsanlary hak ýola çagyrmagyny dowam etdi. Muňa jogap edip, müşrikler ýene azgynlaşyp, öňküsinden-de köp sütem we zulum edip başladylar. Şondan soň Jenaby Hak Pygamberimize Käbäni zyýarat etmek möwsüminde zyýarata gelýän arap taýpalary bilen duşuşyp, olary yslama çagyrmagy buýurdy. Bu buýrukdan soň söýgüli Pygamberimiz Mekgäniň töwereginde gurulýan Zülmejaz, Ukaz we Mejenne bazarlaryna gidip başlady.
Ol şol ýerlere ýygy-ýygydan baryp, taýpalary Allahu tagalanyň birligine we Oňa ybadat etmäge çagyrardy, özüniň pygamberdigini kabul etmeklerini sorardy. Kabul etseler, Jenaby Hakyň olara jenneti berjekdigini bildirerdi. Pygamberimiziň ýalbaryp diýen ýaly eden bu çagyryşlaryna, gynansak-da, olaryň hiç biri gulak asmazdy, käbirleri gödeklik edip, ony kemsiderdi, käbirleri bolsa gabagyny sallap, erbet sözler aýdardy. Kuraýşly müşrikler hem onuň yzyndan ýöräp, onuň baran taýpalaryny bozardylar.
Imam Ahmet, Beýhaky, Taberany we Ibn Ishagyň bildirişine görä, Rebiga ibn Abbat şeýle rowaýat etdi: “Men ýaşdym. Kakam bilen bile Mina gidipdik. Resul aleýhisselam arap taýpalarynyň düşlän ýerine baryp: ‘Eý pylan ogullary! Çokunýan şu butlaryňyzy taşlap, Allahu tagala hiç bir şärik goşman ybadat etmegiňizi, maňa ynanyp, meni tassyklamagyňyzy, Hak tagala tarapyndan iberilen wezipämi düşündirip, ýerine ýetirýänçäm meni goramagyňyzy size buýurýan Allahu tagalanyň resulydyryn!..’ diýerdi.
Onuň yzy bilen gyýa gözli, saçlary örülen bir adam ýöräp: ‘Eý pylan ogullary! Bu adam sizi butlarymyz Lat bilen Uzza çokunmakdan saklap, özüniň oýlap tapan bir dinine çagyrýar!.. Seresap boluň! Ony diňlemäň we oňa boýun bolmaň!..’ diýýärdi. Men kakamdan: ‘Bu şahsyň yzyndan ýörýän kim?’ diýip soradym. Ol: ‘Kakasynyň dogany Abu Lehebdir’ diýdi.”
Taberany Tarik ibn Abdylladan şeýle rowaýat etdi: “Men Resul aleýhisselamy Zülmejaz bazarynda görüpdim. Ol ynsanlar eşitsin diýip, gaty ses bilen: ‘Eý ynsanlar! ‘La ilähe illallah’ (Allahu tagaladan başga ilah ýokdur) diýiň-de, halas boluň!’ diýip ýüzlenýärdi. Onuň yzyndan ýörän bir adam eline düşen daşlary onuň aýaklaryna atyp: ‘Eý jemagat! Ynanmaň!.. Ondan saklanyň! Çünki ol ýalançydyr!..’ diýýärdi. Degen daşlar onuň mübärek aýaklaryny ganatsa-da, ol henizem ýadaman, arman çagyryşyny dowam etdirýärdi. Adamlar: ‘Bu ýigit kim?’ diýip soradylar. Biri: ‘Abdylmuttalyp ogullaryndan bir ýigit’ diýip jogap berdi. ‘Daş atýan kim?’ diýip soranlarynda, ol: ‘Kakasynyň dogany Abu Leheb’ diýdi.”
Imam Buhary “Taryhul-kebir” kitabynda we Taberany “Mugjemul-kebir” kitabynda şeýle bildirýär: Müdrik ibn Münip kakasyndan, ol hem atasyndan rowaýat etdi, atasy şeýle diýipdir: “Kakam bilen Mina gelip düşläpdik. Bir topar adama duşduk. Bir adam olara: ‘Eý ynsanlar! La ilähe illallah diýiň-de, halas boluň!’ diýýärdi. Onuň töweregindäki adamlaryň käbiri onuň ol owadan ýüzüne tüýkürýärdi, käbiri başyna toprak sepýärdi, käbiri hem sögüp, dürli kemsitmeler edýärdi. Bu ýagdaý öýlä çenli dowam etdi. Şol wagt bir gyz çaga elinde suw gaby bilen ol ýere geldi. Ony şol ýagdaýda görüp, aglap başlady. Ol adam suw içenden soň gyza öwrülip: ‘Gyzym! Kakaň hakda ‘duzaga düşürilip öldüriler, horlanar’ diýip gorkma!’ diýdi. Soňra biz ol ýerde bolanlardan: ‘Bu kim, ol gyz kim?’ diýip soradyk. Olar: ‘Bu – Abdylmuttalyp ogullaryndan Muhammet, ýanyndaky hem onuň gyzy Zeýnepdir’ diýdiler.”
“Ol (Ýunus aleýhisselam) – meniň doganymdyr. Ol hem meniň ýaly pygamberdi” Hadysy şerif
Sagyt ibn Ýahýa ibn Sagyt Emewi “Megazi” kitabynda kakasyndan rowaýat etdi. Ol hem Abu Nagymdan we Abdyrahman Amiriden, Abdyrahman Amiri hem köp adamlardan rowaýat etdi. Olar şeýle diýdiler: bir gün söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Ukaz bazaryna bardy. Ol Beni Amyr taýpasynyň ýanyna baryp, olardan: “Eý Beni Amyr! Size sygynan adamlary nähili goraýarsyňyz?” diýip sorady. Olar: “Bize hiç kim söz atyp bilmez, biziň habarymyz bolmazdan odumyzda ýylynyp bilmez!..” diýdiler. Pygamberimiz: “Men – Allahu tagalanyň resulydyryn. Men siziň ýanyňyza gelsem, Rebbimiň maňa beren pygamberlik wezipesini ynsanlara ýetirýänçäm meni gorarsyňyzmy?” diýdi. Olar: “Sen Kuraýşyň haýsylaryndan?” diýip soradylar. Pygamberimiz: “Abdylmuttalyp ogullaryndan” diýende, olar: “Abdylmuttalyp ogullaryndan bolsaň, näme üçin olar seni goramaýarlar?” diýdiler. Resulullah: “Meni ýalana çykaranlaryň öňdäkileri olar boldy” diýdi. Beni Amyr topary şeýle diýdi: “Eý Muhammet! Biz seni ret hem etmeris, getirenleriňe iman hem getirmeris. Emma sen pygamberlik wezipäňi ynsanlara ýetirýänçäň, seni gorarys”.
Şondan soň Pygamberimiz olaryň ýanynda oturdy. Şol wagt Beni Amyryň öňdebaryjylaryndan Beýhara ibn Faris bazardaky alyş-çalşyny tamamlap, olaryň ýanyna geldi we Pygamberimizi görkezip: “Bu kim?” diýip sorady. Olar: “Bu – Muhammet ibn Abdylla” diýdiler. Beýhara: “Siziň onuň bilen näme işiňiz bar, ony ýanyňyzda oturtdyňyz?” diýende, olar: “Ol bize sygyndy, özüniň Allahyň resulydygyny aýdýar we pygamberlik wezipesini ynsanlara ýetirýänçä, ony goramagymyzy isleýär” diýdiler. Şondan soň Beýhara Pygamberimize öwrülip: “Seni goramaga girişmegimiz – ähli araplaryň okuna döşümizi nyşana etmegimiz diýmekdir” diýdi. Kowmuna bolsa şeýle diýdi: “Ýurduna sizden-de erbet bir zat bilen dolanan bir taýpa ýokdur. Diýmek, siz ähli araplar bilen söweşjek, olaryň okuna bedeniňizi nyşana etjek, şeýlemi!.. Eger onuň kowmy onda bir haýyr gören bolsa, ilki özleri gorardylar. Siz onuň kowmunyň ýalana çykaryp, ýanlaryndan kowan adamyny saklamaga, oňa kömek etmäge synanyşýarsyňyz!.. Siz gaty ýalňyş pikir edýärsiňiz!..”
Soňra bu bagtsyz söýgüli Pygamberimize öwrülip: “Derrew aramyzdan aýrylyp, kowmuňa dolan!.. Kasam edýärin, sen meniň kowmumyň arasynda bolmadyk bolsaň, häzir seniň boýnuňy çapardym!..” diýdi. Bu sözlerden soň Älemleriň Serweri uly gaýgy içinde düýesine mündi. Ol edepsiz Beýhara Resulullahy düýesinden ýykdy. Bu wakany gören hormatly sahabalardan Dubaga binti Amyr atly bir aýal nala çekip, garyndaşlaryna: “Allahu tagalanyň Habybyna edilen bu zady nädip mynasyp görýärsiňiz? Meniň hatyram üçin Resulullahy bularyň elinden halas etjek ýokmy?” diýip ýüzlendi. Kakasynyň doganynyň ogullaryndan üç adam derrew bagtsyz Beýharanyň üstüne topuldy. Beýharanyň kowmundan iki adam oňa kömek etjek bolsa-da, beýlekiler Beýharany we onuň kömekçilerini gaty urdular. Bu ýagdaýy synlap duran söýgüli Pygamberimiz özi üçin söweşen şol üç adam üçin: “Ýa Rebbim! Bu adamlara bereketiňi ihsan et!”, Beýhara we onuň kömekçileri üçin hem: “Ýa Rebbim! Bulary rahmetiňden uzaklaşdyr!” diýip doga etdi.
Onuň haýyr-doga eden adamlary musulman bolmak şerefine eýe boldular, beýlekiler bolsa kapyr bolup jan berdiler. Beni Amyr taýpasynyň adamlary ýurtlaryna dolananlarynda, taýpalaryndaky asmany kitaplary okan bir garry adama Mekgede başlaryndan geçenleri gürrüň berdiler. Ol adam Pygamberimiziň adyny eşidende, olary ýazgaryp: “Eý Beni Amyr! Siz näme etdiňiz? Ysmaýyl ogullaryndan hiç biri şu wagta çenli ýalandan pygamberlik dawasyny etmändir. Şübhesiz, onuň aýdany dogry we hakdy. Elden giden bu pursady indi düzetmek örän kyndyr!..” diýdi.
Jebraýyl bilen ederkä kelam,
Refref geldi öňüne, berdi salam.
Aldy ol jahan şasyny şol zaman,
Sidrä tarap ýetirdi ony heman.
“Eý ynsanlar! La ilähe illallah diýiň-de, halas boluň!” Hadysy şerif
Isra we Miraj
