GAÝGY ÝYLY
Perzent ajysy
Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) uly ogly Kasym on ýedi aýlykka wepat bolupdy. Bu ajy wakadan birnäçe ýyl soň, beýleki ogly Abdylla hem wepat boldy. Resulullah mübärek gözlerinden ýaş akyp durka, daga öwrülip: “Eý dag! Meniň başyma gelen zat seniň başyňa gelen bolsa, çydap bilmän ýykylardyň!” diýdi we gaýgysyny dile getirdi. Hezreti Hatyja enemiziň: “Ýa Resulallah! Olar häzir nirede?” diýen soragyna ol: “Olar jennetde” diýip jogap berdi.
Kainatyň Soltany söýgüli Pygamberimiziň iki oglunyň hem wepat bolmagy bilen müşrikler gaty begendiler. Abu Jehil ýaly kapyrlar muny pursat bilip, töwerekde gykylyk turuzdylar: “Indi Muhammet – ebterdir, onuň nesli kesildi. Onuň neslini dowam etdirjek ogly galmady. Özi hem wepat bolanda, ady-sany unudylar.”
Şondan soň Allahu tagala Köwser süresini inderip, Resulyna teselli berdi. Onuň manysy: “(Habybym!) Hakykatdan hem, Biz saňa Köwseri berdik (Köwser howzuny, örän köp haýry ihsan etdik). Onda Rebbiň üçin namaz oka we gurbanlyk çal. Dogrusy, haýyrsyz we nesli kesik – saňa (nesli kesik diýip) dil ýetirýäniň özüdir. (Saňa ebter diýen kişiniň özi zürýatsyz, şerefsiz we adsyzdyr. Saňa gelsek, eý Habybym, seniň päk nesliň, şanyň we şerefiň kyýamat gününe çenli dowam eder. Ahyretde hem saňa akla gelmejek näçe beýik şerefler taýýarlandy.)”1
Abu Talybyň wepaty
Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ogullary wepat bolandan soňky günlerde Abu Talyp keselledi, gün-günden keseli agyrlaşdy. Muny eşiden kuraýşly müşrikler şeýle pikir etdiler: “Abu Talyp diri wagty Muhammedi goramak üçin köp jan etdi. Indi onuň bu dünýäden göçýän wagty golaýlady. Soňky pursatynda hem bolsa, onuň halyny soramaga baralyň. Çünki deňi-taýy bolmadyk arap batyry Hamza hem, haýbaty, pälwanlygy we gorkusyzlygy gün ýaly äşgär bolan Omar hem musulman boldy. Her geçen gün arap taýpalaryndan adamlar gelip, topar-topar oňa eýerýärler. Şeýdip, musulmanlar günsaýyn köpelýär, olaryň sesi dünýäni tutýar. Bu ýagdaýda biz ýa olara eýermeli, ýa-da söweşe we uruşa taýýar bolmaly. Abu Talybyň ýanyna baryp, ýagdaýy gürrüň bereliň-de, ol bizi ýaraşdyrsyn. Biz onuň dinine degmäliň, ol hem biziň dinimize hüjüm etmesin.” Şu pikir bilen olar Abu Talybyň ýanyna geldiler. Ukbe, Şeýbe, Abu Jehil, Umeýýe ibn Halef ýaly tanymal adamlar Abu Talybyň ýatan ýeriniň ýanyndaky düşekçelere oturdylar. Olar şeýle diýdiler: “Biz seniň beýikligiňe ynanýarys, artykmaçlygyňy ykrar edýäris. Şonuň üçin saňa hiç haçan garşy çykmadyk. Gorkýarys, sen ölenden soň Muhammet biziň bilen göreşer, aramyzdaky duşmançylyk dowam eder. Bizi ýaraşdyr, biri-birimiziň dinimize degmäliň.”
“Eý dag! Meniň başyma gelen zat seniň başyňa gelen bolsa, çydap bilmän ýykylardyň!” Hadysy şerif
Hezreti Hatyja enemiziň türbesi / Jennetul-Mugalla
Yslam ulularynyň köp gabyrlary ýaly, söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) ilkinji aýaly hezreti Hatyja enemiziň (radyýallahu anha) türbesi hem ýykylyp, ýok edildi.
Abu Talyp Pygamberimizi çagyrdyp: “Kuraýşyň ähli öňdebaryjylary senden olaryň dinine garyşmazlygyňy haýyş edýärler. Muny kabul etseň, olar seniň buýrugyňda işlärler we saňa kömekçi bolarlar” diýdi. Älemleriň Serweri şeýle diýdi: “Eý agam! Men olary diňe bir söze çagyrmak isleýärin: şol söz bilen ähli araplar olara boýun egerler, arap däller hem jizýe tölärler”. Kuraýşyň ýaşulularyna-da: “Hawa! Siz maňa bir söz aýtsaňyz, onuň bilen ähli araplara hökümdar bolarsyňyz, arap däller hem size boýun egerler” diýdi. Abu Jehil: “Bolýar. Biz ony on esse köp aýdarys. Ol nähili söz eken?” diýdi. Resulullah: “‘La ilähe illallah’ diýseňiz we Allahu tagaladan başga çokunýan butlaryňyzy aýryp taşlasaňyz” diýende, müşrikler derrew: “Sen bizden mundan başga bir zat sora!..” diýdiler. Pygamberimiz: “Siz Güni getirip, elime goýsaňyz-da, men sizden mundan başgasyny soramaryn” diýdi.
Müşrikler: “Eý Abul-Kasym! Sen örän geň teklip edýärsiň. Biz seniň göwnüňi awlamak isleýäris, sen bolsa biziň göwnümizi hoş etmeýärsiň!” diýdiler-de, turup gitdiler. Olar gidenden soň, Abu Talyp Pygamberimize: “Seniň Kuraýşdan islän zadyň gaty ýerlikli. Sen dogrusyny aýtdyň” diýdi. Kakasynyň doganynyň bu sözi Resulullahda umyt döretdi we Abu Talybyň iman getirjekdigine düşünip, ol şeýle diýdi: “Eý agam! Bir gezek ‘La ilähe illallah’ diý!.. Kyýamat güni men saňa şepagat edeýin”. Abu Talyp: “Halkyň ‘Ölümden gorkdy-da, şonuň üçin musulman boldy’ diýip, ýazgarmagyndan gorkýaryn. Ýogsa seniň göwnüňi hoş ederdim” diýip, munuň nebsine agyr gelýändigini aýtdy. Keseli barha agyrlaşyp, ol wepat boldy.2
Hezreti Hatyja enemiziň wepaty
Bigsetiň onunjy ýylynda, Abu Talyp wepat bolandan üç gün soň, Resulullahyň derdine şärik, ýigrimi bäş ýyllyk ömür ýoldaşy mübärek hezreti Hatyja enemiz hem dert we gaýgy bilen geçen üç ýyllyk gabawdan soň, hijretden üç ýyl öň, Ramazan aýynyň başynda, 65 ýaşynda wepat boldy.3 Kainatyň buýsanjy (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Hatyja enemizi öz mübärek elleri bilen jaýlady. Onuň bilen aýrylyşmak oňa gaty agyr degdi.
Bir ýylyň içinde hezreti Hatyja enemiziň we kakasynyň dogany Abu Talybyň yzly-yzyna wepat bolmagy Pygamberimizi gaýga batyrypdy. Şonuň üçin bu ýyla “Senetul-huzn”, ýagny gaýgy ýyly diýildi.
Hezreti Hatyja enemiziň wepaty söýgüli Pygamberimizi sarsdyrdy we örän gaýgylandyrdy. Çünki iň ilki iman getiren we Resulullahy tassyklan şoldy. Mundan başga-da, ol onuň iň uly daýanjy we teselli berijisidi. Hemmeler duşman wagtynda, ol tutuş ýüregini açyp, Pygamberimiziň muhabbeti bilen dolupdy. Ähli malyny, baýlygyny, näme bar bolsa, yslamyň ýolunda harçlapdy, söýgüli Pygamberimize hyzmat etmek üçin gijesini gündizine goşupdy. Resulullahy hiç haçan gynandyrmandy, asla göwnüne degmändi. Pygamberimiz muny wagtal-wagtal gürrüň berip, şeýdip mübärek aýalynyň fazyletlerini ýatlardy.
“Eý agam! Bir gezek ‘La ilähe illallah’ diý!.. Kyýamat güni men saňa şepagat edeýin” Hadysy şerif
Bir gün Pygamberimiz öýden daşarda wagty, hezreti Hatyja ony gözlemäge çykdy. Oňa Jebraýyl aleýhisselam ynsan keşbinde göründi. Hezreti Hatyja enemiz ondan Pygamberimiz hakynda soramak islese-de, onuň duşmanlardan biri bolmagy ähtimal diýip pikir edip, yzyna dolandy. Söýgüli Pygamberimizi öýde görende, bolan wakany gürrüň berdi. Kainatyň buýsanjy şeýle diýdi: “Seniň gören we meni soramak islän ol şahsyň kimdigini bilýärsiňmi? Ol Jebraýyl (aleýhisselam) eken. Ol saňa salamyny ýetirmegimi aýtdy. Şuny-da saňa ýetirmegimi aýtdy: jennetde seniň üçin dürlerden ýasalan bir bina taýýarlanandyr. Elbetde, ol ýerde beýle gaýgyly, kynçylykly, zähmetli we agyr zatlar bolmaz”.
Biriniň eli howada galdy, biri kör boldy
Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ynsanlaryň iň bagtlylaryndan bolan sahabalaryna deňi bolmadyk söhbetler edip, olaryň ýüreklerini nurlandyrardy. Inen aýaty kerimeleri düşündirerdi, aýdylmadyk, düşünilmedik hiç zat galdyrmazdy. Şol bir wagtda müşrikleriň hem imana gelmegi üçin, olaryň ýygnanýan ýerlerine baryp, ýadaman we ýaltanman imana çagyrardy. Abu Jehil bilen Welit ibn Mugire muňa gaty gaharlanyp: “Şeýle dowam etse, Muhammet hemmeleri öz dinine geçirer, butlarymyza çokunýan hiç kim galdyrmaz” diýerdiler. Bir gün olar bu işi bitirmegiň ýeke-täk çäresi Älemleriň Serweri bolan söýgüli Pygamberimizi öldürmek diýen karara geldiler. Abu Jehil Welit ibn Mugiräni we Mahzum ogullaryndan birnäçe ýigidi ýanyna alyp, Beýtullaha geldi. Şol wagt söýgüli Pygamberimiz namaz okaýardy. Abu Jehil eline alan daşy bilen derrew öňe okdurylyp çykdy. Habyby ekrem we Nebiýýi muhterem bolan Pygamberimize daşy urmak üçin elini galdyran pursatynda, elleri howada gymyldaman galdy. Ol hiç zat edip bilmedi we aňk boldy. Şol ýagdaýda gelen ýerine gitdi. Müşrikleriň ýanyna baranda, eli öňki ýagdaýyna geldi we daş ýere gaçdy. Mahzum ogullaryndan biri şol daşy kakyp alyp: “Görersiňiz! Ony men öldürerin!..” diýip, Pygamberimize tarap ýöredi. Ýakynlaşanda, birden onuň gözleri kör bolup, töweregini görüp bilmez boldy. Şondan soň Mahzum ogullary hemmesi bilelikde söýgüli Pygamberimize tarap öňe ýörediler. Pygamberimize lap ýakynlaşan pursatlarynda, ony görüp bilmez boldular. Emma onuň mübärek sesini eşidýärdiler. Sesiň gelýän ýerine ýöränlerinde, ses olaryň arkasyndan, yzlaryna öwrülenlerinde bolsa, öňki ýerinden gelip başlaýardy. Olar şu ýagdaýyň birnäçe gezek şaýady boldular. Ahyrynda aňk bolup, Resulullaha hiç zat edip bilmän, ol ýeri taşlap gitdiler.
Hezreti Aişe we hezreti Sewde bilen adaglanyşmak
Hezreti Hatyja (radyýallahu anha) wepat bolanda, Resulullahyň öý-işiklerine seretjek hiç kim galmady. Hawla binti Hakym hatyn bu ýagdaýy görüp, älemiň serweriniň huzuryna bardy. Ol: “Ýa Resulallah (sallallahu aleýhi we sellem)! Saňa laýyk bir ömür ýoldaşy we hyzmatyňa mynasyp bir aýal gerek. Isleseňiz, size bir ýar sorap bereýin” diýdi. Resulullah: “Eý Hawla, bu hyzmata laýyk aýal nirede bar?” diýdi. Hawla: “Gyz isleseň, ol – dostuň Abu Bekiriň gyzy Aişedir. Dul isleseň, Sewde binti Zemga laýyk bolar” diýdi. Resul aleýhisselam: “Ikisini-de maňa sora” diýdi. Resulullah ilki hezreti Aişe, soňra Sewde bilen adaglandy. Hezreti Sewdäni Mekgede öýüne getirdi. Hezreti Aişe bilen toýy hijretiň ikinji ýylynda, Şewwal aýynda Medinede boldy.
Akabadaky duşuşyk
Söýgüli Pygamberimiz her ýyl Käbäni zyýarat etmäge gelýän taýpalary dine çagyrýardy. Olaryň dowzah odundan halas bolup, ebedi bagta ýetmekleri üçin jan edýärdi we her hili kemsitmä garamazdan, pygamberlik wezipesini ýerine ýetirmegi dowam etdirýärdi. Ol taýpalaryň düşleýän ýerlerinde durup, gelenlere: “Allahu tagalanyň ýüklän pygamberlik wezipesini ýerine ýetirýänçäm meni öz ýanynda saklajak we maňa kömek etjek kim bar? (Şeýdip) oňa jennet berilsin” diýýärdi. Emma ne saklajak, ne-de kömek etjek bir adam tapylmaýardy.
Bigsetiň onunjy ýylynyň Zülhijje aýydy. Pygamberimiz bazarda Käbäni zyýarat etmek üçin gelen medineliler toparyna duşdy. Olara: “Siz kimler?” diýip soranda, olar medineli we Hazrej taýpasyndandyklaryny aýtdylar. Pygamberimiziň atasy Abdylmuttalybyň ejesi Selma hatyn hem Hazrej taýpasynyň Nejjar ogullary şahasyndandy. Pygamberimiz bu alty hazrejli bilen Akabada biraz oturyp, olara Ybraýym süresiniň 35–52-nji aýaty kerimelerini okady we yslamy düşündirdi. Olary bu dine girmäge çagyrdy.
Medinede Ews we Hazrej taýpalary öňden bäri ýahudylara duşmandylar, pursat tapdygyça biri-birine hüjüm ederdiler. Haçan-da aralarynda bir dawa tursa, ýahudylar: “Ýakynda bir pygamber geler. Kän galmady, şu gün-ertir peýda bolar. Biz oňa eýerip güýçleneris. Siziň bilen hem şonda hasaplaşarys” diýerdiler. Ews we Hazrej taýpasynyň adamlary bolsa ýahudylardan öň musulman bolup, yslam bilen şereflenseler, olardan üstün çykjakdyklaryna we olary Medineden çykarjakdyklaryna ynanardylar.
Taýpalarynyň ulularyndan we Medinede ýaşaýan ýahudylardan ýakynda bir pygamberiň geljekdigini eşiden bu nesipli adamlar Resuly ekremde (sallallahu aleýhi we sellem) pygamberlik alamatlaryny gördüler. Ol olary dine çagyranda, olar biri-birine seredişdiler. Soňra öz aralarynda: “Ýahudylaryň habar beren pygamberi – ine, şudur!” diýip gürleşdiler.
Şonuň üçin olar derrew Resulullahyň huzurynda kelimeýi şahadat getirip, musulman boldular. Pygamberimize: “Ýa Resulallah! Biz kowmumyzy ýahudylara garşy söweşip duran ýagdaýda goýup gaýdypdyk. Umyt edýäris, Allahu tagala olary hem seniň sebäbiň bilen iman getirmek bilen şereflendirer. Biz dolanan badymyza olary we kowmumyzy seniň pygamberligiňi kabul etmäge çagyrarys. Bu dinden kabul eden zatlarymyzy olara-da gürrüň bereris. Eger Allahu tagala olary bu diniň töwereginde jemläp birleşdirse, senden eziz we şerefli adam bolmaz” diýdiler.
Bu alty adam hakykatdan hem iman getiripdi, Allahu tagalanyň Pygamberimize bildirenlerini kabul edip, tassyklapdy.
“Allahu tagalanyň ýüklän pygamberlik wezipesini ýerine ýetirýänçäm meni öz ýanynda saklajak we maňa kömek etjek kim bar? (Şeýdip) oňa jennet berilsin” Hadysy şerif
