SÖZBAŞY
Bismillähir-rahmänir-rahym.
Allahu tagala hamd we beren nygmatlary, ýagşylyklary üçin tükeniksiz şükürler bolsun… Onuň söýgüli Pygamberine – ynsanlaryň her babatda iň gözeli, iň gowusy we iň üstüni bolan Muhammet aleýhisselama, onuň gözel ýüzüni görmek we peýdaly sözlerini eşitmek bagtyna eýe bolan we şonuň bilen ähli ynsanlaryň iň gymmatlysy bolan ähli sahabalaryna, şeýle hem olaryň yzyndan gidenlere dogalar we salamlar bolsun…
Ynsanlary bezeýän, gözelleşdirýän, olary söýgüli we hormatly edýän zat – olaryň gözel ahlagydyr. Ne dereje, ne wezipe, ne mal, ne-de başga bir zat gözel ahlagyň ornuny tutup bilmez.
Eý ähli ýaradylanlaryň iň üstüni! Eý Ýaradanyň söýgülisi! Eý pygamberleriň serweri, ýagşylyklaryň çeşmesi, ynsanlaryň iň haýyrlysy we ähli kämillikleriň gözbaşy bolan şerefli Pygamberimiz! Biz seni öwmäge synanyşmaýarys – ýazgylarymyz seniň bilen gymmat tapýar.
Ýa Resulallah! Ýok güýjüm öwmäge seni,
Ýaradyldyk hemmämiz seniň hatyraňa.
Muhammet aleýhisselam Allahu tagalanyň resulydyr, Adam ogullarynyň seýidi, serweridir. Kyýamat güni ol – yzyna eýerenler dowzahdan halas bolýan şahslaryň iň sahysydyr.
Kyýamat güni gabyrdan ilki bilen ol turar. Ilki bilen ol şepagat eder. Ilki bilen onuň şepagaty kabul bolar. Jennetiň gapysyny ilki bilen ol kakar. Gapy oňa derrew açylar. “Liwaul-hamd” diýilýän baýdak onuň elinde bolar. Adam aleýhisselam we onuň zamanyndan kyýamata çenli gelen her bir mömin şu baýdagyň astynda bolar.
Bir hadysy şerifde ol şeýle diýdi: “Kyýamat güni men öňküleriň we soňkularyň seýididirin. Hakykaty bildirýärin, öwünmeýärin”. Ýene bir hadysy şerifde: “Men Allahu tagalanyň habybydyryn, söýgülisidirin. Men pygamberleriň baştutanydyryn. Öwünmek üçin aýtmaýaryn”.
Dürli yslam dillerinde ýazylan ähli mewlitlerde-de Pygamberimiziň ejesiniň we kakasynyň tertemiz bolandygy ýazylgydyr. Kurany Kerimden soň iň gymmatly, iň dogry kitap bolan “Buhary şerif” ýygyndysyndaky bir hadysy şerifde Pygamberimiz şeýle diýdi: “Men her asyrda, her zamanda ýaşan ynsanlaryň iň gowularyndan, saýlanlaryndan dünýä getirildim”.
Hemişe diňe dogrusyny sözleýän ol (aleýhissalatu wesselam) ýene şeýle diýdi: “Men pygamberleriň (aleýhimusselam) soňkusydyryn, öwünmeýärin. Men Abdyllanyň ogly Muhammetdirin. Allahu tagala ynsanlary ýaratdy. Meni ynsanlaryň iň gowularynyň arasynda ýaratdy. Allahu tagala ynsanlary toparlara böldi. Meni olaryň iň gowusynda ýerleşdirdi. Soňra bu iň gowy topary taýpalara böldi. Meni olaryň iň gowusynda ýerleşdirdi. Soňra bu jemagaty öýlere böldi. Meni iň gowy öýden, ýagny maşgaladan dünýä getirdi. Men ynsanlaryň iň gowusydyryn. Men iň gowy maşgaladandyryn. Kyýamatda hemme kişi dymanda, men gürlärin. Hiç kim gymyldap bilmeýän wagtynda, olara şepagat ediji – mendirin. Hiç kimde umyt galmadyk bir wagtda, olara hoş habar beriji – mendirin. Ol gün her ýagşylyk, her hili kömek, her gapynyň açary mendedir. Liwaul-hamd meniň elimdedir. Men ynsanlaryň iň haýyrlysy, iň sahysy, iň gowusydyryn. Ol gün meniň buýrugymda müňlerçe hyzmatkär bardyr. Kyýamat güni pygamberleriň imamy, hatyby we olaryň hemmesine şepagat ediji – mendirin. Bulary öwünmek üçin aýtmaýaryn. Hakykaty bildirýärin. Hakykaty bildirmek – meniň wezipämdir. Bulary aýtmasam, wezipämi ýerine ýetirmedik bolardym”.
Eger ol (aleýhissalatu wesselam) bolmadyk bolsa, Allahu tagala hiç bir zady ýaratmazdy, Onuň Reb bolşy, ybadat edilýän (mabut) bolşy ýüze çykmazdy. Adam aleýhisselam heniz suw bilen toprak arasyndaka, ýagny onuň palçygy ýugrulýarka, Muhammet aleýhisselam eýýäm pygamberdi.
Muhammet aleýhisselam Allahu tagalanyň mahbuby (söýüleni) bolany üçin, onuň yzyndan gidýän adam hem mahbuplyk derejesine göterilýär. Çünki muhyp, ýagny söýýän, söýgülisiniň ahlagyny, alamatlaryny kimde görse, ony hem söýýär.
Ähli adamzadyň seýidi, iň üstüni bolan şeýle Pygambere iman getiren, onuň ýolundan gidýän adam, elbetde, ymmatlaryň iň gowusy bolýar. Olara hoş habar – Äli-Ymran süresiniň ýüz onunjy aýatydyr, onuň manysy: “Siz ymmatlaryň, din eýeleriniň iň haýyrlysy, iň gowusysyňyz!” Pygamberimize iman getirmedik, oňa düşünip bilmedik, ony özleri ýaly hasap eden adamlar – ynsanlaryň iň ýamanlarydyr. Olary Toba süresiniň togsan ýedinji aýaty görkezýär, onuň manysy: “Ýabany, ýürekleri gaty nadanlar saňa iman getirmezler. Olaryň köpüsi münapykdyr (ikiýüzli)”. Dünýäniň häzirki ýagdaýynda onuň beýik sünnetine (sünneti seniýýe), ýagny yslama eýermek şerefine eýe bolanlar nähili bagtlydyr!
Jenaby Hak Nisa süresiniň sekseninji aýatynda Muhammet aleýhisselama boýun bolmagyň – Özüne boýun bolmakdygyny bildirýär. Manysyna görä şeýle diýilýär: “Kim Resula boýun bolsa, ol Allahu tagala boýun bolandyr”. Haşr süresiniň ýedinji aýatynda manysyna görä: “Resulymyň getirenini alyň, onuň gadagan edeninden gaça duruň!” diýildi. Bu aýaty kerime yslama eýermegiň zerurdygyny görkezýär. Allahu tagala Galam süresiniň dördünji aýatynda manysyna görä şeýle diýdi: “Şübhesiz, sen hulky azym (beýik ahlak) eýesisiň” (Galam süresi, 68:4). Ahzab süresinde Ol manysyna görä şeýle diýdi: “Resulullahda siziň üçin [eýerilmeli] gözel göreldeler bardyr” (Ahzab süresi, 33:21).
Jenaby Hak Öz rahmeti bilen bizi onuň ymmaty edip, nygmatlaryň iň beýigine ýetirdi. Ol oňa eýermegiň, oňa boýun bolmagyň zerurdygyny aç-açan bildirdi. Beýik Rebbimize bu uly nygmaty üçin näçe hamd we şükür etsek-de, azdyr.
Bu eser ähli adamzat üçin hakyky ýolbaşçy bolan söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň durmuşyny, gözel ahlagyny, mugjyzalaryny, artykmaçlyklaryny beýan edýär we oňa eýermegiň din we dünýä bagty üçin iň möhüm wezipeleriň biridigini bildirýär.
Özümize, maşgalamyza, watanymyza, milletimize peýdaly adamlar bolmak islesek, Muhammet aleýhisselama eýereliň. Bu dünýäde-de, o dünýäde-de rahat we bagtly bolmak üçin oňa eýereliň.
Hak tagala hemmämiziň ýüregimizi söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň muhabbeti bilen doldursyn we bizi Ähli sünnet alymlarynyň bildiren dogry ýolunda saklasyn! Amin!
Prof. Dr. Ramazan Ayvallı
