GIRIŞ
Her jandary ýaradan, ähli barlygy her pursat barlykda saklaýan we olaryň hemmesini gorkudan-howpdan goraýan Allahu tagala hamd edýäris. Onuň söýgüli Pygamberine – ynsanlaryň her babatda iň gözeli, iň gowusy we iň üstüni bolan Muhammet aleýhisselama biziň salawatymyz (dogamyz) we salamlarymyz bolsun. Ylym, magrifet we gözel ahlak saçýan maşgalasyna (Äline) we garyndaşlaryna hem bolsun. Ruhlara şypa bolan gözel ýüzüni görmek, peýdaly sözlerini eşitmek bagtyna eýe bolan we şonuň bilen ähli ynsanlaryň iň gymmatlysy bolan ähli sahabalaryna1 (radyýallahu tagala anhum / Allahu tagala olardan razy bolsun), şeýle hem olaryň yzyndan gidenlere-de bolsun.
Allahu tagala bu dünýäde ähli ynsanlara rehim edip, olara peýdaly zatlary ýaradyp iberýär. Ahyretde bolsa Ol2 dowzaha düşmeli möminleri hem Öz sahawaty bilen bagyşlap, jennete salar. Muhammet aleýhisselam Allahu tagalanyň nebisi3, resuly we habybydyr (söýgülisidir), Adam ogullarynyň seýididir (serweridir). Şeýle şerefli Pygambere iman getiren we onuň ýolundan gidenler, elbetde, ymmatlaryň iň gowulary boldular.
Jenaby Hak Öz rahmeti bilen bizi onuň ymmaty edip, nygmatlarynyň iň beýigine ýetirdi.4 Ol oňa eýermegiň we boýun bolmagyň zerurdygyny aç-açan bildirdi. Rebbimize bu beýik nygmaty üçin näçe hamd we şükür etsek-de, azdyr. Allahu tagala hiç bir zady ýaratmazdan öň, älemiň serweri Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek nuruny ýaratdy. Kurany Kerimde Pygamberimize ýüzlenip: “Biz seni älemlere rahmet edip iberdik” diýildi. Hadysy kudside5 bolsa: “Sen bolmadyk bolsaň, sen bolmadyk bolsaň, Men mahlukaty ýaratmazdym!” diýildi.
Imanyň esasy şerti – “hubbi fillah we bugdy fillah”, ýagny Allahu tagalanyň dostlaryny söýmek, duşmanlaryny söýmezlikdir. Bu bolmasa, hiç bir ybadat kabul bolmaýar – ol eýesiniň ýüzüne yzyna urulýar. Şonuň üçin “Älemleriň Serwerini” söýmek bize parz boldy, onuň mübärek muhabbetini ýüregimize ornaşdyrmak, onuň gözel ahlagy bilen bezenmek buýruldy. Bu muhabbet söndürilmesin diýip, asyrlar boýy Pygamberimiziň mübärek durmuşyny beýan edýän kitaplar ýazyldy, häzir hem ýazylýar. Has dogrusy, onuň mübärek ady bilen bereket gazanylýar. Biz hem bu bereketden paý almak we oňa bolan söýginiň ýüreklerimizde joşup-daşmagy üçin, Kainatyň Soltany Resulullahyň mübärek durmuşyny okamagyňyzy maslahat berýäris – bu eser Ähli sünnet alymlarynyň kitaplaryny uzak wagtlap öwrenmegiň netijesinde taýýarlandy. Zähmeti siňenleriň hemmesinden Allahu tagala razy bolsun. Jenaby Hak hemmämiziň ýüregimizi Pygamberimiziň muhabbeti bilen doldursyn we bizi Ähli sünnet alymlarynyň bildiren dogry ýolunda saklasyn! Amin.
Dr. Enver Ören
Käbeýi muazzama we Mesjidul-Haram Mekgeýi mükerreme
