Söýgüli Pygamberim

HABEŞISTANA HIJRET

Habeşistana birinji hijret

Resulullahyň pygamberliginiň (bigsetiň) bäşinji ýylynda, müşrikleriň jebirlerine garamazdan, musulmanlaryň sany barha artýardy. Emma müşrikler hem jebirlerini artdyrýardylar, ellerinden gelenini aýamaýardylar. Pygamberimiz sahabalarynyň çydap bolmajak jebirlere duçar bolmagyna, aýaklaryndan ýüp bilen düýelere daňlyp, garşylykly taraplara çekilip parçalanmagyna örän gynanýardy. Bu jebirler gün-günden güýçlenýärdi, onuň merhemetden doly ýüregi bulara çydap bilmeýärdi.

Bir gün ol hormatly sahabalary ýygnady-da: “Eý sahabalarym! Indi ýer ýüzüne dargaň. Allahu tagala ýakynda sizi ýene bir ýere jemlär” diýdi.

Olar: “Ýa Resulallah! Nirä gideli?” diýip soradylar. Pygamberimiz mübärek eli bilen yşarat edip, Habeş ýurduny görkezdi-de: “Ine, şol ýere! Habeş topragyna gidiň!1 Çünki ol ýerde ýanyndakylaryň hiç birine zulum etmeýän bir patyşa bar. Ol ýer hem bir dogruçyllyk ýurdudyr. Allahu tagala siziň düşen kynçylyklaryňyzdan bir çykalga we halas bolmak ýoluny açýança, siz şol ýerde boluň” diýdi.

Şeýdip, älemiň serweri Muhammet Mustafa (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalaryny jebirlerden halas etmek, mekgeli müşriklere garşy göreşini bolsa ýeke özi dowam etdirmek kararyna geldi. Doglan wagty: “Ymmatym! Ymmatym!” diýen söýgüli Pygamberimiz indi hem sahabalarynyň halas bolmagy üçin özüni pida edýärdi. Onuň bu rugsady bilen hormatly sahabalaryň bir bölegi watanlaryny taşlap, hijret edýärdiler!.. Emma söýgüli Pygamberimizden aýrylýandyklary üçin, olaryň gaýgysy hem örän uludy.

Bu ilkinji hijrete hezreti Osman we onuň aýaly hezreti Rukaýýa binti Resulullah, Abu Huzeýfe we onuň aýaly Sehle binti Suheýl, Zubeýr ibn Awwam, Musgap ibn Umeýr, Abdyrahman ibn Awf, Abu Seleme ibn Abdylesed we onuň aýaly Ummu Seleme, Hatyp ibn Amr, Amyr ibn Rebiga we onuň aýaly Leýla binti Abu Hasme, Osman ibn Mazgun, Abu Sebre ibn Abu Ruhm we onuň aýaly Ummu Gülsüm binti Suheýl, Suheýl ibn Beýda we Abdylla ibn Mesgut (radyýallahu anhum) gatnaşdylar.2 Pygamberimiz hezreti Osman hakda: “Hiç şübhesiz, Osman – Lut pygamberden soň aýaly bilen bilelikde hijret eden ilkinji adamdyr” diýdi.

Hormatly sahabalaryň bir bölegi ulagly, bir bölegi pyýada, gizlinlik bilen Mekgeden çykyp gitdiler. Kerwen Şugaýbä ýetende, beýik Allahyň merhemeti bilen ol ýere iki sany söwda gämisi gelipdi. Sahabalar söwdagärlere ýarym altyndan haky töläp, gämilere mündüler. Şol wagt muny eşiden müşrikler sahabalaryň yzyndan kowup çykdylar. Olar deňiz kenaryna ýetende, muhajyrlar gämilere münüp, deňze çykyp gidipdiler, şonuň üçin müşrikler olaryň hiç birini tutup bilmediler. Olaryň tagallasy puja çykdy we olar umytsyz yzlaryna dolandylar. Sahabalar Gyzyl deňizden Habeşistana aman-sag ýetdiler.3 Habeş patyşasy Najaşy musulmanlary öz ýurdunda ýerleşdirdi we olara örän gowy garady.

“Eý sahabalarym! Indi ýer ýüzüne dargaň. Allahu tagala ýakynda sizi ýene bir ýere jemlär” Hadysy şerif

Sahabalar Habeşistana gidenden soň Nejm süresi indi. Resulullah Mesjidul-Haramda kuraýşlylara bu süräni okanda, müşrikleriň butlary agzalýan 19-njy we 20-nji aýatlara ýetende, näletlenen şeýtan: “Butlar – beýik butlardyr, olardan şepagat umyt edilýär” ýaly zatlary goşdy. Müşrikler muny Resulullah aýtdy öýtdüler we: “Ol biziň dinimiz bilen ylalaşan eken, biz hem onuň bilen ýaraşdyk” diýdiler. Şol wagtlar Welit ibn Mugire hem Resulullahyň ýanyna gelip: “Mundan beýläk biz saňa degmeris” diýende, Pygamberimiz geň galdy. Müşrikleriň bu “ýaraşyk” (!) habary mübärek Ramazan aýynyň ahyrlarynda Habeşistandaky sahabalara ýetdi. Habeşistandaky musulmanlar: “Mekgede müşrikler bilen musulmanlar ylalaşyk baglaşypdyrlar!” diýen habary aldylar. Şondan soň olar: “Biziň hijretimiz, ýerimizi-ýurdumyzy taşlap gitmegimiz müşrikleriň duşmançylygy sebäplidi. Indi olaryň duşmançylygy dostluga öwrülipdir. Onda baryp, Resuly ekreme (sallallahu aleýhi we sellem) hyzmat etmek şerefine eýe bolaly” diýip oýlandylar. Şol wagt Jebraýyl aleýhisselam şeýtanyň bu hilesini Resulullaha bildirdi. Resulullah örän gynandy. Jenaby Hak Haj süresiniň 52-nji aýatyny inderdi, onuň manysy şeýledir: “Senden öň iberen şerigat eýesi resullarymyz we olara eýeren nebiler aýaty kerime okamak ýa-da özlerinden bir zat aýtmak islände, şeýtan olaryň okaýanyna ýa-da aýdýanyna bir zat goşýar. Allahu tagala şeýtanyň goşanyny dogrusyndan aýyrýar. Soňra Öz aýatlaryny berkidýär. Allahu tagala ynsanlaryň ýagdaýlaryny bilijidir we Öz hökümini ýerine ýetirijidir”. Bu aýaty eşidenlerinde, müşrikler musulmanlara ýene ezýet we jebir edip başladylar. Muhajyrlar Habeş patyşasyndan rugsat alyp, Şewwal aýynda Mekgeýi mükerremä geldiler. Emma olar alan habarlarynyň ýalňyşdygyny bildiler.4 Bolup geçenleri bilenlerinde olar aňk-taňk boldular. Soňra Pygamberimiziň huzuryna gelip, Habeşistan hakda: “Biz ol ýerde gowy goňşuçylyk we hemaýat gördük. Dinimize degilmedi, bizi ynjytmadylar. Halamajak bir sözümizi hem eşitmedik. Asudalykda Allahu tagala ybadat etdik” diýdiler.5 Olar Habeşistanyň suwunyň, howasynyň we miweleriniň güýç berýändigini, ol ýerde dört sany ybadathananyň bardygyny, her gün bu ýerlerde düýeleriň, goýunlaryň soýulýandygyny, garyplaryň we kesekileriň çagyrylyp, gowy hezzetlenýändigini, patyşalarynyň olary özi gelip görüp, aman berendigini we kynçylyklaryny aýyrandygyny uzak gürrüň berip, kanagatlanmalaryny bildirdiler.6 Olar Habeşistanda iki aýdan artyk galypdylar.

Hezreti Hamzanyň musulman bolşy

Bigsetiň altynjy ýyly… Yslamyň sesi gün-günden gulakdan-gulaga ýaýrap, göwünlere ýetip, has uzaklara-da baryp ýetýärdi. Bu ýagdaý kuraýşly müşrikleri däli edýärdi: ähli tagallalaryna garamazdan, olar yslamyň ýaýramagyna päsgel berip bilmeýärdiler. “Delaýilun-nubuwwe” we “Megarijun-nubuwwe” kitaplarynda şeýle bildirildi:

Müşriklerden Welit atly biriniň bir buty bardy. Olar Safa depesinde ýygnanyp, bu buta ybadat edýärdiler. Bir gün Pygamberimiz olaryň ýanyna bardy we müşrikleri imana çagyrdy. Kapyr bir jyn şol butuň içine girip, söýgüli Pygamberimiz hakda ýaramaz sözler aýtdy. Älemiň buýsanjy (sallallahu aleýhi we sellem) gynandy. Başga bir gün özi görünmeýän bir şahs Pygamberimize salam berip: “Ýa Resulallah! Kapyr bir jyn siziň hakyňyzda ýaramaz zatlar aýdypdyr. Men ony tapyp öldürdim. Isleseňiz, ertir Safa depesine gelmezmisiňiz? Siz ýene olary yslama çagyrarsyňyz. Men hem şol butuň içine girip, sizi öwýän sözler aýdaryn” diýdi. Pygamberimiz Abdylla atly bu jynyň teklibini kabul etdi.

Ertesi gün söýgüli Pygamberimiz şol ýere baryp, müşrikleri ýene imana çagyrdy.

Abu Jehil hem şol ýerdedi. Musulman jyn müşrikleriň elindäki butuň içine girip, söýgüli Pygamberimizi we yslamy beýan edýän gözel sözler we goşgular aýtdy. Bu sözleri eşidenlerinde, müşrikler ellerindäki buty döwüp zyňdylar we Resulullahyň üstüne topuldylar. Onuň mübärek saçlary pytrady. Mübärek ýüzi gana boýaldy. Ol olaryň bu ezýetlerine we jebirlerine çydady-da: “Eý kuraýşlylar! Siz meni urýarsyňyz. Emma men siziň pygamberiňizdirin” diýdi. Soňra ol ýerden gidip, öýüne geldi. Bir hyzmatkär gyz bu wakany başyndan ahyryna çenli görüpdi. Şol wagt hezreti Hamza dagda aw awlaýardy. Ol bir keýige ok atjak bolanda, keýik dile gelip: “Eý Hamza! Maňa ok atmagyň ýerine, doganyňyň ogluny öldürmek isleýänlere ok atsaň, has haýyrly bolardy” diýdi. Hezreti Hamza bu sözlere haýran galyp, çaltlyk bilen öýüne ugrady. Adatyna görä, ol awdan gaýdyp gelende, towap etmek üçin ilki Haremi şerife sowlup, soňra öýüne giderdi. Şol gün towap edýärkä, hyzmatkär gyz onuň ýanyna gelip, Abu Jehiliň Muhammet aleýhisselama edenlerini habar berdi. Pygamberimiziň kemsidilendigini eşidende, hezreti Hamzanyň garyndaşlyk gaýraty joş urdy. Ol ýaraglaryny alyp, müşrikleriň bolýan ýerine geldi. Ol: “Doganymyň ogluna erbet söz aýdan, onuň göwnüni ynjydan senmi? Ine, meniň dinim hem onuň dinidir. Güýjüň ýetýän bolsa, oňa edenleriňi maňa-da edip gör!” diýdi-de, boýnundaky ýaý bilen Abu Jehiliň başyny ýardy. Ol ýerdäki kapyrlar hezreti Hamzanyň üstüne topulmak islediler. Emma Abu Jehil: “Oňa degmäň, Hamza haklydyr. Men onuň doganynyň ogluna erbet sözler aýtdym” diýdi. Hezreti Hamza ol ýerden gidenden soň, Abu Jehil töweregindäkilere: “Seresap boluň, oňa ilişmäň! Ol bize gaharlanyp, musulman bolar. Onuň bilen Muhammet güýçlener” diýdi. Çünki Hamza sylanýan, gadyrly we güýçli adamdy. Hezreti Hamza musulman bolmasyn diýip, Abu Jehil kellesiniň ýarylmagyna-da razy bolupdy. Hezreti Hamza Pygamberimiziň ýanyna gelip: “Eý Muhammet! Men seniň üçin Abu Jehilden ar aldym. Ony gana boýadym. Gynanma, begen!” diýdi. Söýgüli Pygamberimiz: “Men beýle zatlara begenmeýärin” diýdi. Hezreti Hamza: “Seni begendirmek, gaýgydan halas etmek üçin, näme isleseň, şony ederin!” diýende, Pygamberimiz: “Men diňe seniň iman getirmegiňe we gadyrly bedeniňi dowzah odundan halas etmegiňe begenerin” diýdi.

Hezreti Hamza derrew musulman boldy. Onuň hakynda aýaty kerime indi. Hezreti Abdylla ibn Abbasyň aýtmagyna görä, Kurany Kerimde, Engam süresiniň 122-nji aýatynda “direldilen we nura ýetirilen” diýlip beýan edilýän şahs – hezreti Hamza, “garaňkylyklarda azaşyp ýören” diýlip agzalýany bolsa Abu Jehildir.

Hezreti Hamza müşrikleriň ýanyna baryp, musulman bolandygyny we Allahu tagalanyň Habyby Muhammet aleýhisselamy jany bahasyna-da bolsa gorajakdygyny bildirdi we bir kasyda okady. Okan kasydasynda ol şeýle diýdi: “Ýüregimi yslama we haka meýilli edendigi üçin Allahu tagala hamd bolsun. Bu din gullarynyň her edenini bilýän, her kese Öz lutfy bilen garaýan, gudraty her zatdan üstün bolan, älemleriň Rebbi Allahu tagala tarapyndan iberildi. Kurany Kerim okalanda, ýürek we akyl eýeleriniň gözlerinden ýaş akýar. Kurany Kerim açyk, ajaýyp dil bilen beýan edilen aýatlar görnüşinde Muhammet aleýhisselama indi. Ol – Muhammet Mustafa – biziň aramyzda sözi diňlenýän, oňa boýun egilýän mübärek bir adamdyr. Eý müşrikler! Akylyňyzy ýitirip, gözüňiz garaňkyrap, ol hakda gaty, agyr we gödek sözler aýtmaň. Eger şeýle pikire berilseňiz, biz musulmanlaryň jesetlerini basyp geçmän, hiç kim oňa degip bilmez”.

“Eý kuraýşlylar! Siz meni urýarsyňyz. Emma men siziň pygamberiňizdirin” Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam

Hezreti Hamzanyň musulman bolmagyna söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) örän begendi. Onuň hem olara goşulmagy bilen musulmanlar örän güýçlendi. Hezreti Hamzanyň musulman bolmagy bilen ýagdaý üýtgedi. Çünki mekgeliler hezreti Hamzanyň söweşjeň, gaýduwsyz, merdana, pälwan we uly gahrymandygyny bilýärdiler. Şonuň üçin kuraýşly müşrikler indi musulmanlara hiç hili sebäpsiz erbet garap bilmediler, esasan-da hezreti Hamzanyň gylyjynyň güýjünden çekindiler.7

Yşkyň bilen ýola düşdüm,
Şepagat, ýa Resulallah!
Günäkärin, ýüzüm gara,
Şepagat, ýa Resulallah!

Hezreti Omaryň musulman bolşy

Yslam dini gün-günden ýaýraýardy, Kurany Kerimiň nury ruhlary ýagtylandyrýardy. Nesibesi bolanlar Allahu tagalanyň ihsany bilen iman getirýärdiler, hidaýata ýetýärdiler. Hormatly sahabalardan (radyýallahu anhum) bolmak şerefine eýe bolan bu mübärek şahslar el-ele, göwün-göwne berip, Resulullahyň töwereginde perwana ýaly aýlanýardylar. Olar onuň iň kiçijik islegini we yşaratyny uly buýruk hasaplap, ony ýerine ýetirmek üçin ýaryşýardylar, hatda bu ýolda janlaryny pida etmekden-de çekinmeýärdiler. Müşrikleriň howsalasy we aladasy bolsa iň soňky çägine ýetipdi. Çünki barmak bilen görkezilýän gahrymanlardan hezreti Hamza hem musulman bolup, Resulullahyň hatarlaryndan orun alypdy. Bu garaşylmadyk waka müşrikleri bütinleý gazaba getirdi. Şonuň üçin Hattabyň ogly Omar (ol entek musulman bolmandy) bir gün Resulullahy nirede görse, şol ýerde öldürmek niýeti bilen öýünden çykdy.

Ol söýgüli Pygamberimizi Mesjidul-Haramda namaz okap durka tapdy. Onuň namazynyň gutarmagyna garaşyp durka, onuň okaýanlary Omaryň ünsüni çekdi we ol gyzyklanyp diňläp başlady. Habyby ekrem Hakka süresini okaýardy. Manysyna görä: “Gelmegi hak bolan kyýamat!.. Näme ol gelmegi hak bolan kyýamat (bilýärmiň)? Gelmegi hak bolan kyýamatyň nämedigini saňa näme bildirdi? Semud we Ad (kowumlary) dehşetinden ýürekleriň titrejek kyýamatyny ýalana çykardylar. Semud kowumy azgynlyklary sebäpli (Jebraýyl aleýhisselamyň gygyrygy bilen) heläk edildi.

Ad kowumy bolsa her zady ýykyp-ýumurýan, güwläp öwüsýän, azgyn we güýçli ýel (tupan) bilen heläk edildi. Allahu tagala ol tupany ýedi gije we sekiz gündiz yzygiderli olaryň üstüne musallat etdi. (Olar şeýle bir ýagdaýa düşdüler welin,) eger sen şol wagt ol ýerde bolan bolsaň, olaryň kökünden goparylyp ýere ýykylan içi boş hurma kötükleri ýaly nähili ölüp ýykylandyklaryny görerdiň! Indi sen olardan galan bir zady (bir adamy, bir jandary) görüp bilýärmiň? Firgawun hem, ondan öňkiler hem, aşagy üstüne getirilen şäherleriň halky hem (Lut kowumy) hemişe şol ýalňyşlygy (şirki we baş göterijiligi) etdiler… Şeýdip, olar Rebbiniň pygamberine (Lut aleýhisselama we beýlekilere) garşy baş göterdiler. Şondan soň olary beýleki ymmatlara gelen azapdan hem has güýçli bir azap tutdy… Hakykatdan hem, Biz (Nuhuň tupanynda) suw her tarapy gaplanda, size bir ybrat bolsun we ony eşidýän gulaklar ony ýatda saklasyn diýip, sizi (siziň barlygyňyza sebäp bolan ata-babalaryňyzy) gämide göterdik.

Sura bir gezek üflenende, ýer we daglar ýerlerinden galdyrylyp, dargap gidýänçä biri-birine güýçli urlanda, ine, şol gün kyýamat gopar. Şol gün asman öz güýjüni we berkligini ýitirip, ýarylar we dargar.

Perişdeler bolsa asmanyň gyralarynda (Rebbiniň buýrugyna garaşyp durlar). Şol gün Rebbiňiň Arşyny (asmanyň töwereginde bolanlardan) sekiz perişde göterer. Şol gün siz (hasap üçin Allahu tagalanyň huzuryna) getirilersiňiz, (dünýäde wagtyňyz gizledik öýden) hiç bir syryňyz (Allahu tagaladan) gizlin galmaz. Ine, şol wagt kitaby sag eline berlen adam (begenip) diýer: ‘Alyň, kitabymy okaň! Hakykatdan hem, men hasabym bilen ýüzbe-ýüz boljakdygymy anyk bilýärdim’.

Ine, ol razy bolunjak bir durmuşda, belent jennetdedir… Onuň (miweleri) derrew ýygnalar ýaly ýakyndyr. (Olara aýdylar:) ’Geçen günlerde (dünýäde) öňünden iberen salyh amallaryňyzyň sylagy hökmünde iýiň, içiň, nuş bolsun’.

Kitaby çep eline berlen adam bolsa: ’Wah! Kaşgä meniň kitabym berilmedik bolsady… Hasabymyň nämedigini hem bilmedik bolsadym. Wah! Kaşgä ol (ölüm) meniň (ömrüme) kesgitli soňy beren bolsady (we men direlmedik bolsadym)! Malym maňa hiç hili peýda bermedi. (Ähli) häkimligim (güýjüm, delilim, bar-ýogum) menden aýrylyp ýok boldy!..’ diýer. (Allahu tagala dowzahdaky wezipeli perişdelere aýdar:) ’Tutuň ony-da, (ellerini boýnuna) daňyň!.. Soňra ony Jahyma (dowzahyň iň güýçli azap ýerine) taşlaň! Soňra ony ýetmiş arşyn uzynlygyndaky bir zynjyryň içine (ýene) salyň!.. Çünki ol beýik Allahu tagala ynanmaýardy. Ol (özi iýdirmek beýle dursun, başgalary-da) garyba iýmit bermäge yrmaýardy. Şonuň üçin bu gün bu ýerde onuň (oňa rehim etjek) hiç bir ýakyny (we dosty) ýok. Gyslinden (dowzah ehliniň gan garyşyk iriňlerinden) başga iýmiti hem ýok. Ony diňe (bilip) ýalňyşlyk edenler (kapyrlar) iýer…’”8 Hezreti Omar Pygamberimiziň okaýanlaryny haýran galyp diňleýärdi. Ömründe ol beýle gözel sözleri eşitmändi. Muny ol soňra özi şeýle gürrüň berdi: “Men diňlän bu sözleriň çeperligine, düzgünliligine, jemlenenligine haýran galypdym. Öz-özüme: ‘Kasam edýärin, bu, kuraýşlylaryň aýdyşy ýaly, şahyr bolmaly!’ diýdim”. Şol wagt Pygamberimiz aýaty kerimeleri okamagyny dowam etdi: “Görýän we görmeýän zatlaryňyza kasam edýärin: hiç şübhesiz, ol (Kurany Kerim) Allahu tagalanyň huzurynda örän şerefli bir Resulyň (Rebbinden) getiren sözüdir. Ol şahyryň sözi däldir. Siz nähili az ynanýarsyňyz!..”9 Hezreti Omar gürrüň berdi: “Men ýene öz-özüme: ‘Bu kähin bolmaly, çünki ol meniň içimden geçenleri düşündi!..’ diýdim”. Resulullah süräni okamagyny dowam edýärdi: “Ol kähiniň sözi hem däldir. Siz nähili az oýlanýarsyňyz!.. Ol (Kurany Kerim) älemleriň Rebbinden (Muhammet aleýhisselama Jebraýyl aleýhisselamyň üsti bilen) inderildi. Eger ol (Pygamber) Biziň garşymyza (Biziň aýtmadyk) käbir sözleri özünden toslan bolsady, elbetde, Biz ony güýç bilen tutardyk, soňra hiç şübhesiz onuň jan damaryny (şah damaryny) kesip, heläk ederdik!

“(Eý agam!) Men diňe seniň iman getirmegiňe we gadyrly bedeniňi dowzah odundan halas etmegiňe begenerin” Hadysy şerif

Siziň hiç biriňiz muňa päsgel berip bilmezdiňiz! Hiç şübhesiz, ol (Kurany Kerim) takwa eýeleri üçin aýdyň bir nesihatdyr. Biz, elbetde, bilýäris: araňyzda ony ýalana çykarýanlar hem bar (ony tassyklaýanlaryň bolşy ýaly). Hakykatdan hem, ol (Kurany Kerim) kapyrlar üçin (gutulgysyz) bir hasratdyr (ahyretde ony tassyklaýanlara berlen nygmatlary görenlerinde). Hakykatdan hem, ol (Kurany Kerim) – hakkul-ýakyndyr (ol, elbetde, berk bilimiň hakykatydyr, berk bilimden ybaratdyr). Onda beýik Rebbiňiň adyny tesbih et”.10

Hezreti Omar: “Resulullah süräniň hemmesini okap gutarandan soň, ýüregimde yslama bir meýil döredi” diýdi. Hezreti Hamza musulman bolandan üç gün soň Abu Jehil müşrikleri ýygnap, şeýle diýdi: “Eý kuraýşlylar! Muhammet butlarymyza dil ýetirdi. Bizden öň ýaşan ata-babalarymyzyň dowzahda azap çekýändiklerini, biziň hem şol ýere barjakdygymyzy aýtdy!..

Ony öldürmekden başga çäre ýok!.. Ony öldüren adama ýüz gyzyl düýe we sansyz-sajaksyz altyn bererin!..” Bir pursatda Hattabyň ogly Omaryň ýüreginden yslama bolan meýil ýitdi. Ol ýerinden böküp turdy-da: “Bu işi Hattabyň oglundan başga hiç kim edip bilmez” diýdi. “Haýdy, Hattabyň ogly! Seni göreli!” diýip, oňa el çarpdylar.

Ol gylyjyny biline dakyp, ýola düşdi. Ýolda ol Nugaým ibn Abdylla bilen duşuşdy. Nugaým: “Beýle gazap we gahar bilen nirä barýarsyň, eý Omar?” diýip sorady. Omar: “Halkyň arasyna ikilik salan, dogany dogana duşman eden Muhammedi öldürmäge barýaryn” diýdi. Nugaým: “Eý Omar! Bu kyn iş. Onuň sahabalary onuň töwereginde perwana bolup, oňa bir zat bolmasyn diýip, onuň üstünde titreýärler. Olaryň ýanyna golaýlaşmak örän kyn. Ony öldürseň-de, Abdylmuttalyp ogullarynyň elinden ýakaňy halas edip bilmersiň” diýdi.

Hezreti Omar bu sözlere örän gaharlandy. Ol: “Ýa sen hem olardanmy? Ilki seniň işiňi gutaraýyn!” diýip, gylyjyna ýapyşdy. Nugaým: “Eý Omar! Meni goý! Sen gowusy gyz doganyň Fatmanyň we onuň äri Sagyt ibn Zeýdiň ýanyna bar: olar hem musulman boldular” diýdi. Hezreti Omar bu söze ynanmady. Nugaým: “Ynanmasaň, baryp sora! Düşünersiň” diýdi.

Eger hezreti Omar bu işi başaran bolsa, din aýralygy ortadan aýrylardy, emma araplaryň däbi bolan gan aryny almak ýüze çykardy we Kuraýş ikä bölünip, yzy üzülmeýän çaknyşyklar başlanardy. Şeýdip, diňe Omar ibn Hattap däl, eýsem ähli Hattap ogullary öldüriljekdi. Emma Omar ibn Hattap örän güýçli, gaýduwsyz we gahary çalt bolanlygy üçin, bulary oýlap bilmändi. Ol gyz doganynyň aladasy bilen derrew olaryň öýüne gitdi.

Şol wagtlar Taha süresi täze inipdi. Sagyt bilen Fatma (radyýallahu anhuma) ony ýazdyryp, Habbap ibn Erett atly sahabany öýlerine çagyryp, okaýardylar. Hezreti Omar gapynyň agzyndan olaryň sesini eşitdi. Ol gapyny örän gaty kakdy. Onuň bilinde gylyç dakylgydygyny, gaharly ýagdaýdadygyny görüp, olar ýazgyny gizlediler, hezreti Habbaby hem gizlediler. Soňra gapyny açdylar. Ol içeri girende: “Näme okaýardyňyz?” diýip sorady. Olar: “Hiç zat” diýdiler.

Onuň gahary has-da artyp, ol: “Eşidenim dogry eken, siz hem onuň jadysyna aldanypsyňyz!” diýip gygyrdy. Ol hezreti Sagydy ýakasyndan tutup, ýere urdy. Gyz dogany ärini halas edeýin diýende, ol gazap bilen onuň hem ýüzüne şapbat urdy. Onuň ýüzünden gan akyp başlandygyny görende, gyz doganyna gynandy. Fatmanyň jany agyrapdy, ol gana boýalypdy. Emma iman güýji ony herekete getirdi we ol Allahu tagala sygynyp: “Eý Omar! Näme üçin sen Allahdan utanmaýarsyň, Onuň aýatlar we mugjyzalar bilen iberen Pygamberine ynanmaýarsyň? Ine, men hem, ärim hem musulman bolmak şerefine eýe bolduk. Başymyzy kesseň-de, mundan dänmeris” diýdi-de, kelimeýi şahadaty okady.

Gyz doganynyň bu imanyny görüp, hezreti Omar birden ýumşady we ýere oturdy. Ýumşak ses bilen: “Hany, okaýan kitabyňyzy çykaryň” diýdi. Fatma: “Sen arassalanmasaň, ony saňa bermerin” diýdi. Hezreti Omar gusul etdi.

Soňra Fatma Kurany Kerimiň sahypasyny getirdi. Hezreti Omar gowy okaýardy. Ol Taha süresini okap başlady. Kurany Kerimiň çeper dilliligi, belagaty, manylary we artykmaçlyklary onuň ýüregini barha ýumşadýardy. “Asmanlardaky, ýerdäki, olaryň arasyndaky we (ýedi gat) topragyň astyndaky zatlar – hemmesi Onuňkydyr”11 manysyndaky aýaty kerimäni okanda, ol çuňňur oýa batdy. Ol: “Eý Fatma! Bu gutarnyksyz barlyklaryň hemmesi siziň çokunýan Allahyňyza degişlimi?” diýdi. Gyz dogany: “Hawa, şeýle-dä! Şübhe barmy?” diýip jogap berdi. Onuň geň galmagy barha artdy, ol: “Eý Fatma! Biziň altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan oýulyp ýasalan, bezegli müň bäş ýüze golaý butumyz bar. Olaryň hiç biriniň ýer ýüzünde hiç zady ýok” diýdi. Ol ýene biraz okady we “Allahu tagaladan başga ybadat ediljek, çokunyljak hak ilah ýokdur. Iň gözel atlar Onuňkydyr”12 manysyndaky aýaty kerime hakda oýlandy. “Hakykatdan hem, nähili dogry!” diýdi ol. Muny eşiden Habbap bukulyp duran ýerinden böküp çykdy we tekbir getirdi. Soňra ol: “Hoş habar, eý Omar! Resulullah Allahu tagaladan diläp: ‘Ýa Rebbim! Bu dini Abu Jehil ýa-da Omar bilen güýçlendir!’ diýip doga edipdi. Ine, bu döwlet, bu bagt saňa nesip boldy” diýdi.

Bu aýaty kerime we bu doga hezreti Omaryň ýüregindäki duşmançylygy süpürip taşlady. Ol derrew: “Resulullah nirede?” diýdi. Onuň ýüregi eýýäm Resulullaha baglanypdy. Şol gün Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Erkamyň öýünde sahabalaryna nesihat berýärdi. Hormatly sahabalar şol ýere ýygnanypdylar: olar onuň nurly ýüzüni görüp, süýji, täsirli sözlerini eşidip, ýüreklerini arassalaýardylar, çäksiz lezzet, hezil we şatlyk içinde haldan hala geçip, ruhlaryny ýeňledýärdiler.

Erkamyň öýünden hezreti Omaryň gelýändigi göründi. Gylyjy hem ýanyndady. Ol heýbetli, güýçli bolany üçin, hormatly sahabalar Resulullahyň töweregini gurşap aldylar. Hezreti Hamza: “Omardan çekiner ýaly näme bar? Ýagşylyk bilen gelen bolsa, hoş geldi. Ýogsa, gylyjyny çekmänkä, başyny uçuraryn!” diýdi. Şonda Resulullah: “Ýol beriň, içeri girsin!” diýdi.

“Ol kähiniň sözi hem däldir. Siz nähili az oýlanýarsyňyz!.. Ol (Kurany Kerim) älemleriň Rebbinden (Muhammet aleýhisselama Jebraýyl aleýhisselamyň üsti bilen) inderildi” Hakka: 42–43

Jebraýyl aleýhisselam mundan öň hezreti Omaryň iman getirmek üçin gelýändigini we ýoldadygyny habar beripdi. Resulullah hezreti Omary ýylgyryp garşylady-da: “Ony goýberiň, onuň ýanyndan aýrylyň” diýdi. Hezreti Omar Resulullahyň öňünde dyza çökdi. Resulullah hezreti Omary golundan tutup: “Iman getir, eý Omar!” diýdi. Ol hem arassa ýürek bilen kelimeýi şahadaty aýtdy. Hormatly sahabalar şatlyklaryndan tekbir seslerini asmana göterdiler.

Hezreti Omar musulman bolandan soň öz ýagdaýyny şeýle gürrüň berdi:

“Men musulman bolanymda, hormatly sahabalar müşriklerden gizlenýärdiler we ybadatlaryny gizlin edýärdiler. Men muňa örän gynandym we: ‘Ýa Resulallah! Biz hak ýolda dälmi?’ diýip soradym. Pygamberimiz: ‘Hawa. Barlygym gudrat elinde bolan Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin: öli bolsaňyz-da, diri bolsaňyz-da, şübhesiz, siz hak ýoldasyňyz’ diýdi.

Şondan soň men: ‘Ýa Resulallah! Madamky biz hak ýolda, müşrikler bolsa batyl ýolda, onda näme üçin biz dinimizi gizleýäris? Allaha kasam, biz yslam dinini küfre garşy aç-açan yglan etmäge has haklydyrys we has mynasypdyrys. Allahu tagalanyň dini Mekgede hiç şübhesiz üstün çykar. Kowumymyz bize insaply garasa, gowy, eger çäkden çykmak isleseler, olar bilen söweşeris’ diýdim. Resulullah: ‘Biz san taýdan örän az!’ diýdi.

Men: ‘Ýa Resulallah! Seni hak Pygamber edip iberen Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin: hiç çekinmän we gorkman, oturyp yslamy gürrüň bermedik bir müşrik jemagaty galmaz. Indi aç-açan çykalyň!’ diýdim. Ol muny kabul edende, biz iki hatar bolup daşaryk çykdyk we Haremi şerife tarap ýöredik. Hatarlaryň biriniň başynda Hamza, beýlekisiniň başynda men bardym. Topragy un edýän ýaly berk ädimler bilen, salykatly we heýbetli ýöriş bilen Mesjidul-Harama girdik. Kuraýşly müşrikler gah maňa, gah Hamza tarap seredýärdiler. Olar şeýle bir gaýga-gama batdylar welin, belki-de, ömürlerinde beýle umytsyzlyga hiç düşmändirler”. Hezreti Omaryň şeýle gelşini görüp, Abu Jehil öňe çykyp: “Eý Omar! Bu näme hal?” diýende, hezreti Omar oňa asla üns bermän: “Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýdi. Abu Jehil näme diýjegini bilmedi. Ol doňup galdy. Hezreti Omar bu müşrik toparyna öwrülip: “Eý kuraýşlylar!.. Meni bilen bilýär! Bilmeýän bilsin: men – Hattabyň ogly Omar… Aýalyny dul, çagalaryny ýetim goýmak isleýän ýerinden gozgalsyn! Gymyldany gylyjym bilen dograp, ýere ýazaryn!..” diýende, kuraýşly müşrikler bir pursatda dagaşyp, ol ýerden daşlaşdylar. Resulullah we onuň beýik sahabalary hatar tutup, gaty ses bilen tekbir getirdiler. Mekgäniň asmanlary hormatly sahabalaryň “Allahu ekber!.. Allahu ekber!..” diýen sesleri bilen ýaňlandy. Ilkinji gezek Haremi şerifde aç-açan namaz okaldy.13 Hezreti Omar musulman bolanda, Enfäl süresiniň 64-nji aýaty indi. Manysyna görä: “Eý Pygamberim! Saňa kömekçi hökmünde Allahu tagala we möminlerden seniň yzyňdan gidýänler ýeterlikdir”. Ikirjiňlenip ýören käbir adamlar hezreti Omaryň musulman bolandygyny görenlerinde, yslamy saýladylar we sahaba bolmak şerefine eýe boldular.

Indi musulmanlaryň sany gün-günden gar köçgüni ýaly artyp başlady.

“Ýa Rebbim! Bu dini Abu Jehil ýa-da Omar bilen güýçlendir!” Hadysy şerif

Her işde Rahmanyň adyny zikir ederdi – ol sahawat käni,
Öwgi-hamdyň çeşmesidi Pygamber – ol sahawat käni.
Ylahy lutflaryň mesgeni, ylmyň, hilmiň çeşmesidi,
Gözel ahlak bilen doludy ol jan – ol sahawat käni.
Hak tagalanyň mahluklaryna Allah üçin ýumşak, kiçigöwünli bolup,
Ähli halka lutf-ihsan ederdi ol sahawat käni.

Käbeýi muazzamanyň öňki görnüşi Mekgeýi mükerreme

Habeşistana ikinji hijret

Hormatly sahabalar (aleýhimur-rydwan) Mekgä gelenlerinde, müşrikler olara ýene ezýet we jebir edip başladylar. Olaryň zulmy barha artdy. Olar her hili jebiri hiç çekinmän edýärdiler. Bir gün hezreti Osman: “Ýa Resulallah! Men Habeşistany gowy söwda ýeri hökmünde gördüm. Bir aýlyk söwda köp girdeji getirýär. Allahu tagala hijret ýerini kesgitleýänçä, musulmanlar üçin mundan gowy ýer bolup bilmez. Hiç bolmanda, möminler Kuraýşyň jebirinden dynarlar. Najaşynyň bize köp lutflary we ep-esli ýagşylyklary bar” diýdi. Şondan soň Pygamberimiz: “Allahu tagalanyň ady bilen goralmagyňyz üçin, ýene Habeşistana dolanyň” diýdi. Hezreti Osman: “Ýa Resulallah! Eger siz özüňiz ol ýere barsaňyz, belki, olar musulman bolardylar. Olar ähli kitap bolany üçin, tiz yslama gelerler we kömeklerini gaýgyrmazlar” diýende, söýgüli Pygamberimiz: “Men asudalyk we rahatlyk gözlemäge buýrulmadym. Hijret meselesinde men Allahu tagalanyň mübärek buýrugyna garaşýaryn. Nähili buýrulsa, şeýle ederin” diýdi.

Bigsetiň altynjy ýylynda, bir rowaýata görä, hormatly sahabalardan (radyýallahu anhum) 83 erkek we 18 aýaldan ybarat ýüz bir kişilik bir kerwen ikinji gezek Habeşistana tarap ýola çykdy. Bu kerwene Jagfar ibn Abu Talyp hezretleri baştutan bellenipdi. Olar Najaşynyň ýurduna aman-sag baryp ýetdiler. Habeşistanda bolan wakalary hezreti Ummu Seleme (radyýallahu anha) şeýle gürrüň berdi: “Biz Habeşistana baranymyzda, ol ýerde örän gowy bir goňşa gabat geldik. Bu goňşy patyşa Najaşydy. Ol biziň her islegimizi ýerine ýetirdi. Biz dinimiziň buýruklaryny isleýşimiz ýaly berjaý edip bilýärdik. Allahu tagala erkin ybadat edip bilýärdik, hiç hili ezýet görmeýärdik. Ýekeje erbet söz hem eşitmeýärdik”. Mekgeli müşrikler bu ýagdaýdan habarly bolanlarynda, Habeş patyşasyna iki ilçi ibermek kararyna geldiler. Najaşy üçin örän gymmatly zatlardan başga-da, onuň örän halaýan Mekge sahtýanyndan hem sowgatlar taýýarlandy. Mundan başga-da, din adamlaryna we döwlet emeldarlaryna hem sowgatlar göz öňünde tutuldy. Bu iş Abdylla ibn Abu Rebiga bilen Amr ibn Asa tabşyryldy. Bu iki ilçä Najaşynyň huzurynda näme aýtmalydyklary öwredildi. Olara: “Patyşa bilen gürleşmezden öň, onuň patriklerine we serkerdeleriniň her birine sowgatlaryny beriň. Soňra Najaşynyňkyny gowşuryň. Muny edenden soň, ol ýerdäki musulmanlary size tabşyrmagyny soraň. Najaşynyň musulmanlar bilen görüşip gürleşmegine ýol bermäň” diýildi.14 Ilçiler Habeşistana geldiler. Döwlet emeldarlaryny görüp, sowgatlaryny berenlerinden soň, olaryň her birine: “Biziň aramyzda käbir adamlar peýda boldy. Olar biziňem, siziňem bilmeýän täze bir dini toslap tapdylar. Biz bu gelenleri öz ýurtlaryna alyp gitmek isleýäris. Patyşaňyz bilen olar hakda gürleşeniňizde, gelenler bilen gürleşilmän, olaryň bize tabşyrylmagyny üpjün etmäge çalşyň. Bu adamlar bilen iň köp meşgul bolup biljekler – olaryň öz ata-eneleri we goňşulary. Olar bulary gaty gowy tanaýarlar” diýdiler.15 Patrikler bu teklibi kabul etdiler. Soňra mekgeli ilçiler Najaşynyň sowgatlaryny gowşurdylar. Patyşa Najaşy sowgatlary kabul edip, olary çagyrdy we biraz wagt olar bilen gürleşdi.

“Allahu tagalanyň ady bilen goralmagyňyz üçin, ýene Habeşistana dolanyň” Hadysy şerif

Ilçiler Najaşa şeýle diýdiler: “Eý patyşa! Aramyzdan käbir adamlar seniň ýurduňa sygynypdyrlar. Bu gelenler öz milletleriniň dinini taşlaýşlary ýaly, seniň diniňe-de girmändirler. Olaryň öz kellelerine laýyk, toslama bir dini bar. Ne biz, ne-de sen bu dini bilýäris. Bizi seniň ýanyňa olaryň degişli bolan milletiniň mertebeli adamlary iberdi. Bu mertebeli adamlar seniň ýurduňa sygynan adamlaryň kakalary we öz ýakyn garyndaşlarydyr. Olaryň islegi – gelenleriň yzyna gaýtarylmagy. Çünki olar bularyň ýagdaýyny has ýakyndan tanaýarlar. Olaryň öz dinlerinde halamaýan zatlaryny has gowy bilýärler…” Amr ibn As hem, Abdylla ibn Abu Rebiga hem iň köp isleýän zady – Najaşynyň bu sözleri diňläp, olaryň islegine görä hereket etmegidi. Ilçiler bu sözleri aýdandan soň, Najaşynyň patrikleri söz alyp, şeýle diýdiler: “Olar örän dogry aýtdylar. Olaryň milleti olar bilen has gowy meşgul bolup biler, olaryň nämäni halap, nämäni halamaýandygyny has gowy bilýär. Şonuň üçin sen bu adamlary tabşyr, bular olary öz ýurtlaryna we milletlerine alyp gitsinler”. Patyşa Najaşy bu sözlere örän gaharlandy: “Allaha kasam, ýok! Men bu adamlary tabşyrmaryn. Maňa sygynan, ýurduma gelen adamlara dönüklik edip bilmerin. Olar meni başgalardan artyk görüp, meniň ýurduma geldiler. Şonuň üçin men gelen muhajyrlary köşgüme çagyraryn, olardan bu adamlaryň sözlerine garşy näme aýtjakdyklaryny soraryn we jogaplaryny diňlärin. Eger muhajyrlar bularyň aýdyşy ýaly bolsalar, olary gelenlere berip, öz milletlerine gaýtararyn. Beýle bolmasa, olary goraryn, ýurdumda galýançalar olara ýagşylyk ederin” diýdi. Mundan öň Najaşy asmany kitaplary öwrenipdi. Ol Muhammet aleýhisselamyň geljek wagtynyň ýakyndygyny, onuň kowumynyň oňa ýalançy diýip ynanmajakdygyny we ony Mekgeden çykarjakdygyny bilýärdi. Najaşy mekgeli ilçilerden: “Olaryň ynanýany kim?” diýip sorady. Olar: “Muhammet” diýdiler. Bu ady eşidende, Najaşy onuň pygamberdigine düşündi, emma muny bildirmedi. Ol gelenlerden ýene sorady: “Onuň dini we ýoly näme, ol nämä çagyrýar?” Amr: “Onuň ýoly ýok” diýdi. Najaşy: “Ýoluny-dinini bilmeýän, maňa sygynan bir topary nädip tabşyraýyn? Mejlis guraly. Olary hem getireli. Sizi ýüzbe-ýüz edeli. Hemmäňiziň ýagdaýyňyz belli bolsun. Olaryň dinini hem bileýin” diýdi. Musulmanlary köşge çagyrdylar. Musulmanlar ilki öz aralarynda maslahatlaşdylar: “Habeş patyşasynyň göwnüne ýaraýan we onuň häsiýetine laýyk geljek görnüşde näme gürrüň bereli?” diýip gürleşdiler. Hezreti Jagfar: “Allaha kasam, bu meselede biziň bilýänimiz – Pygamberimiziň bize buýranyndan ybaratdyr. Netije nähili bolsa-da, biz razydyrys” diýdi. Hemmeler muny kabul etdiler we diňe hezreti Jagfaryň gürlemegine ylalaşyp, Najaşynyň huzuryna geldiler. Patyşa Najaşy hem alymlaryny ýygnady. Uly diwan guruldy. Soňra muhajyrlary getirdiler. Musulmanlar içeri girende, salam berdiler.

Emma olar sežde etmediler. Najaşy olardan: “Näme üçin sežde etmediňiz?” diýip soranda, olar: “Biz Allahu tagaladan başga hiç kime sežde etmeýäris. Pygamberimiz bizi Allahu tagaladan başga birine sežde etmekden gaýtardy we: ‘Sežde diňe Allahu tagala mahsusdyr’ diýdi” diýip jogap berdiler. Najaşy muhajyrlara: “Eý huzuryma gelen jemagat! Maňa aýdyň: ýurduma näme üçin geldiňiz? Ýagdaýyňyz nähili? Siz söwdagär däl, hiç hili islegiňiz hem ýok. Siziň bu peýda bolan pygamberiňiziň ýagdaýy nähili? Näme üçin siz ýurduňyzdan bu ýere gelýänleriň salam berşi ýaly salam bermeýärsiňiz?” diýdi.

Jagfar (radyýallahu anhu): “Eý patyşa! Men ilki üç söz aýdaryn. Eger dogry aýtsam, meni tassykla, ýalan aýtsam, ýalana çykar. Hemme zatdan öň buýur: bu adamlardan diňe biri gürlesin, beýlekisi dymsyn!” diýdi.

Amr ibn As: “Men gürläýin” diýdi. Najaşy: “Eý Jagfar, ilki sen gürle” diýdi.

Hezreti Jagfar: “Meniň üç sözüm bar. Bu adamdan sora: biz tutulyp, eýelerimize gaýtarylmaly gullarmy?” diýdi. Najaşy: “Eý Amr! Olar gulmy?” diýip sorady. Amr: “Ýok! Olar gul däl, olar azat!” diýdi. Hezreti Jagfar: “Belki, biz nähak ýere biriniň ganyny dökendiris-de, gany dökülenlere tabşyrylmalydyrys?” diýdi. Najaşy Amrdan: “Bular nähak ýere birini öldürdilermi?” diýip soranda, Amr: “Ýok, bir damja-da gan dökmediler” diýdi. Hezreti Jagfar Najaşa: “Belki, bizde başgalaryň mallaryndan nähak ýere alan, tölemäge borçly bolan mallarymyz bardyr?” diýdi. Najaşy: “Eý Amr! Eger bu biçäreleriň bergileri bar bolsa, hatda tölemeli köp altyn bolsa-da, ony men tölärin, aýdyň!” diýdi. Amr: “Ýok, bir karat (bir pul birligi) hem ýok!” diýdi. Najaşy: “Onda siz bulardan näme isleýärsiňiz?” diýip soranda, Amr: “Olar bilen biz bir dinde, bir ýoldadyk. Olar muny taşladylar. Muhammede we onuň dinine eýerdiler” diýdi. Najaşy Jagfardan: “Siz öňki diniňizi taşlap, näme üçin başga dine eýerdiňiz? Kowumyňyzyň dininden aýrylypsyňyz, meniň dinimde hem dälsiňiz, onda siziň ynanýan bu diniňiz nähili? Ol barada maglumat berermiň?” diýip sorady.

Hezreti Jagfar şeýle diýdi: “Eý patyşa! Biz nadan bir milletdik. Butlara çokunýardyk. Ölen haýwanlaryň maslygyny iýýärdik, her hili ýamanlyk edýärdik. Garyndaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy üzýärdik, goňşularymyza ýagşylyk etmeýärdik. Güýçlülerimiz güýçsüzlere zulum edýärdi we merhemetiň nämedigini bilmeýärdi. Allahu tagala bize öz aramyzdan dogruçyllygyny, ynamdarlygyny, namysyny, päkligini we nesliniň asyllylygyny özümiziň bilýän bir pygamberi iberýänçä, biz şu ýagdaýda galdyk. Ol pygamber bizi Allahu tagalanyň barlygyna we birligine ynanmaga, Oňa ybadat etmäge, biziň we ata-babalarymyzyň çokunyp gelen daşlaryny we butlaryny taşlamaga çagyrdy. Ol bize dogry sözli bolmagy, amanata hyýanat etmezligi, garyndaşlyk haklaryny berjaý etmegi, goňşular bilen gowy ýaşamagy, günälerden we gan dökmekden saklanmagy buýurdy. Her hili ahlaksyzlykdan, ýalan sözlemekden, ýetimleriň malyna el uzatmakdan, namysly aýallara töhmet atmakdan bizi saklandyrdy. Ol bize Allahu tagala hiç bir şärik goşman, Oňa ybadat etmegi buýurdy. Biz hem muny kabul etdik we ol Allahu tagaladan näme getiren bolsa, hemmesine ynandyk, onuň aýdanlaryny ýerine ýetirdik. Allahu tagala ybadat etdik. Onuň bize haram edenini haram, halal edenini halal bildik we şeýle amal etdik. Şonuň üçin kowumymyz bize duşman bolup, zulum etdi. Bizi dinimizden dändirmek, Allahu tagala ybadat etmekden sowup, ýene butlara çokundyrmak üçin dürli jebirlere we horluklara sezewar etdiler. Bize zulum etdiler. Bizi gysdygyça gysdylar. Olar biziň bilen dinimiziň arasyna girdiler we bizi dinimizden aýyrmak islediler. Biz hem ýurdumyzy, öýümizi taşlap, seniň ýurduňa sygyndyk. Seni başgalardan artyk gördük. Seniň hemaýatyňa, goňşulygyňa ymtyldyk. Seniň ýanyňda zuluma, adalatsyzlyga duçar bolmarys diýip umyt edýäris”. Hezreti Jagfar sözüni şeýle dowam etdi: “Salam bermek meselesine gelsek, biz seni Resulullahyň salamy bilen salamladyk. Biri-birimize hem şeýle salam berýäris. Jennetdäkileriň salamlarynyň hem şeýledigini Pygamberimiz habar berdi. Şonuň üçin biz siziň beýik şahsyňyzy şeýle salamladyk. Pygamberimiz ynsanlara sežde edilmejekdigini aýdandygy üçin, biz Allahu tagaladan başga birine sežde etmekden Allahu tagala sygynýarys”. Najaşy: “Sen Allahyň bildirenlerinden biraz bilýärmiň?” diýip sorady. Hezreti Jagfar: “Hawa” diýende, Najaşy: “Ony maňa oka” diýdi. Hezreti Jagfar Merýem süresiniň ilkinji aýatlaryny okap başlady (onuň Ankebut we Rum sürelerinden okandygy hem rowaýat edilýär). Najaşy aglaýardy. Gözlerinden akan ýaşlar sakgalyny öllendi. Ruhanylar hem agladylar. Najaşy we ruhanylar: “Eý Jagfar! Bu süýji we gözel sözden ýene biraz oka” diýdiler. Hezreti Jagfar Kehf süresiniň başyndan okady, onda manysyna görä şeýle diýilýär: “Hamd bolsun şol Allaha, Ol kapyrlary (beýik) Öz huzuryndan çykan iň agyr azap (dowzah) bilen gorkuzmak, salyh amal edýän möminlere bolsa içinde ebedi galjak gözel bir sylag (jennet) bilen hoş habar bermek we ‘Allahu tagala çaga edindi’ diýenleri gorkuzmak üçin, sözünde bir egrilik, manysynda bir gapma-garşylyk bolmadyk, (artykmaçlykdan we kemçilikden daş) göni kitaby (Kurany Kerimi) Öz guluna (Muhammet aleýhisselama) inderdi. Olaryň hem (‘Allahu tagala çaga edindi’ diýenleriň), ata-babalarynyň hem munuň (bu sözüň) barada hiç hili ylmy (we bilimi) ýok. Olaryň agyzlaryndan çykan bu söz (agyr we) örän howplydyr. Olar diňe ýalan sözleýärler. (Eý Resulym!) Eger olar bu Kurany Kerime ynanmasalar, sen gaýgy we gahar bilen olaryň yzyndan özüňi heläk etjekmi! Biz ýer ýüzündäki zatlary (tokaýlary, derýalary, magdanlary, haýwanlary we ösümlikleri…) ynsanlaryň haýsysynyň amalynyň salyhdygyny synamak üçin bezeg etdik…”16

“Sežde diňe Allahu tagala mahsusdyr” Hadysy şerif

Najaşy özüni saklap bilmän: “Allaha kasam, bu – şol bir çyradan çogup çykýan nurdur. Musa we Isa hem (aleýhimesselam) şonuň bilen geldiler” diýdi. Soňra kuraýşly ilçilere öwrülip: “Gidiň! Allaha kasam, men olary size bermerin, olar hakynda hiç bir ýamanlyk hem pikir etmerin” diýdi. Abdylla ibn Abu Rebiga bilen Amr ibn As Najaşynyň huzuryndan çykdylar.17 Amr Abdylla tarap öwrülip: “Kasam edýärin, Najaşynyň ýanynda olaryň bir aýybyny ortaga çykaryp, köklerini gurudaryn, görersiň!” diýdi. Ýoldaşy oňa: “Olar bize garşy çyksalar-da, nähili bolsa-da, biziň bilen garyndaşlygymyz bar, beýle etme” diýdi. Amr: “Olaryň Isa aleýhisselamy bir gul hasap edýändiklerini Najaşynyň gulagyna ýetirerin” diýdi. Ertesi gün ol Najaşynyň ýanyna baryp: “Eý patyşa! Olar Merýem ogly Isa (aleýhisselam) hakynda agyr sözler aýdýarlar. Olara adam iberip, Isa aleýhisselam barada näme diýýändiklerini bir sora” diýdi. Najaşy olaryň hezreti Isa baradaky düşünjelerini soramak üçin musulmanlara adam iberdi. Musulmanlar ýene ýygnandylar. Olar biri-birine: “Isa aleýhisselam hakynda sorasalar, näme jogap bereris?” diýdiler. Hezreti Jagfar: “Allaha kasam, hezreti Isa hakynda Allahu tagalanyň diýenini, Pygamberimiziň bize getirenini aýdarys” diýdi. Olar Najaşynyň huzuryna baranlarynda, Najaşy: “Siz Merýem ogly Isa aleýhisselam hakynda näme diýýärsiňiz?” diýip sorady. Hezreti Jagfar: “Biz Isa aleýhisselam hakynda Pygamberimiziň Allahu tagaladan getirip, bize ýetirenini aýdýarys. Biz onuň Allahu tagalanyň guly we resulydygyny, dünýäden we erkeklerden ýüz öwrüp, özüni Hak tagala bagyşlan päkize aýal hezreti Merýeme Allahu tagalanyň salan sözi (kelimesi) bolandygyny kabul edýäris. Merýem ogly Isanyň ýagdaýy, derejesi şundan ybaratdyr. Ol hezreti Adamy toprakdan ýaradyşy ýaly, Isa aleýhisselamy hem kakasyz ýaratdy diýýäris” diýende, Najaşy elini ýere uzadyp, ýerden bir saman çöpüni aldy we: “Kasam edýärin, Merýem ogly Isa hem siziň aýdanyňyzdan artyk bir zat däldir. Arada şu çöp ýaly-da tapawut ýok” diýdi.

Najaşy muny aýdanda, töweregindäki döwlet emeldarlary we serkerdeleri öz aralarynda pyşyrdaşyp, hüňürdäp başladylar.

Najaşy muny görüp, olara: “Kasam edýärin, siz näme diýseňiz diýiň, men bular hakynda gowy pikirdedirin” diýdi. Soňra musulman muhajyrlara öwrülip şeýle diýdi: “Sizi we ýanyndan gelen şahsyňyzy gutlaýaryn! Men şuňa ynandym: ol – Allahyň resulydyr. Biz ony eýýäm Injilde görüpdik. Ol Resul barada Merýem ogly Isa hem habar berdi. Allaha kasam, eger ol şu ýerde bolsady, baryp onuň aýakgaplaryny göterip, aýaklaryny ýuwardym! Gidiň! Ýurdumyň el degmedik böleginde, her hili hüjümden uzakda, howpsuz we asuda ýaşaň. Size ýamanlyk edeni heläk ederin. Maňa dag ýaly altyn berseler-de, siziň biriňizi-de gynandyrmaryn!”

Soňra Najaşy kuraýşly ilçileriň getiren sowgatlary hakynda: “Meniň olara mätäçligim ýok! Başgalaryň zorlap alan bu hökümdarlygymy Allahu tagala maňa yzyna gaýtaryp berende we halkymy maňa boýun egdirende, menden para almady” diýip, sowgatlaryny yzyna gaýtardy. Kuraýşly ilçiler Najaşynyň huzuryndan eli boş gaýtdylar. Bagtyýar Najaşy bolsa yslamy saýlap, hormatly sahabalary örän begendiripdi.18

HAK ÝARATDY ÄLEMI
Hak ýaratdy älemi Muhammediň yşkyna.
Aýy-güni ýaratdy Muhammediň şowkuna.
“Bol!” diýdi – boldy älem, ýazyldy Lewh we Galam,
Okaldy hatmy-kelam Muhammediň şanyna.
Ärenleriň hemmesi geldi, dergähe ýüz sürdüler,
Tewhit zikrini etdiler Muhammediň nuruna.
Weýsel Karany gazandy, ahyr ýene höwes etdi,
Sekiz jennet bezendi Muhammediň yşkyna.
Howada uçýar guşlar, gögerýär dag-daşlar,
Miwe berýär agaçlar Muhammediň yşkyna.
Imansyzlar geldiler, ondan iman aldylar,
Bäş wagt namaz okadylar Muhammediň yşkyna.
Perişdeler geldiler, saf-saf bolup durdular,
Bäş wagt namaz okadylar Muhammediň yşkyna.
Ýunus nädip taryp etsin – öwýär Kuranyň aýaty,
Ýatla, aýt salawaty Muhammediň yşkyna.

“Sizi we ýanyndan gelen şahsyňyzy gutlaýaryn! Men şuňa ynandym: ol – Allahyň resulydyr. Biz ony eýýäm Injilde görüpdik. Ol Resul barada Merýem ogly Isa hem habar berdi” Najaşy Ashama