Söýgüli Pygamberim

EZÝET, JEBIR WE ZULUM

Kuraýşyň öňdebaryjy müşrikleri indi Pygamberimizi ýeke görenlerinde, onuň üstüne çozýardylar, ony kemsitmäge, hatda urmaga synanyşýardylar. Onuň sahabalaryny gynamakdan hem çekinmeýärdiler. Bir gün Kuraýşyň öňdebaryjy müşrikleri Käbeýi şerifiň ýanynda otyrdylar. Olar Pygamberimiz hakda gürrüň edip başladylar: “Biz hiç bir zada oňa çydaýşymyz ýaly çydamadyk. Ol bize akylsyzlar diýýär, ilahlarymyzy kemsidip ýamanlaýar, dinimizi aýyplaýar, jemagatymyzy biri-birinden aýyrýar, biz bolsa ýene-de sabyr edip, hiç zat diýmeýäris”. Edil şol pursatda Habyby ekrem Käbäni zyýarat etmäge geldi. Ol Hajarul-eswedi (Gara daşy) öpüp, towap edip başlady. Olaryň ýanyndan geçende, müşrikler Pygamberimize kemsidiji sözler aýdyp başladylar. Resulullah muňa örän gynandy, emma hiç zat diýmän, towabyny dowam etdi. Üçünji gezek olaryň ýanyndan geçende, ol durup, şeýle diýdi: “Eý kuraýşlylar! Meni diňläň! Janym gudrat elinde bolan Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin: siziň perişan boljakdygyňyz maňa bildirildi!”

Ol ýerdäki müşrikler näme etjeklerini bilmän, daş ýaly doňup galdylar. Hiç biri bir söz hem aýdyp bilmedi. Diňe Abu Jehil Resulullahyň huzuryna baryp: “Eý Abul-Kasym! Sen biziň üçin keseki däl. Biziň gödek hereketimize seretme, ybadatyňy dowam et. Sen bize eýerer ýaly nadan däl” diýip ýalbaryp başlady. Şondan soň Muhammet aleýhisselam ol ýerden gitdi. Ertesi gün müşrikler şol ýerde ýygnanyşyp, Pygamberimiziň garşysyna ýaramaz sözler sözläp başladylar. Şol wagt ol ýere Resulullah geldi. Müşrikler derrew Allahu tagalanyň Habybynyň üstüne topuldylar. Olaryň arasynda iň betbagtlaryndan bolan Ukbe ibn Abu Mugaýt söýgüli Pygamberimiziň mübärek ýakasyna ýapyşdy. Ol onuň mübärek boýnuny dem alyp bilmez ýaly gysdy. Şol pursatda ol ýere gelen hezreti Abu Bekir: “‘Rebbim – Allah’ diýen bir adamy öldürjekmisiňiz? Ol size älemleriň Rebbinden aýat getirdi-ä!..” diýip gygyryp, Resulullahy goramak üçin olaryň arasyna girdi. Müşrikler Habybullahy goýup, Abu Bekir Syddygyň üstüne topuldylar. Onuň mübärek başyna ýumruk we depgi bilen urdular. Utbe ibn Rebiga atly bir betbagt hezreti Abu Bekiriň mübärek ýüzüne aýakgaby bilen urup, ony gana boýady. Ony tanar ýaly däl ýagdaýa getirdi. Eger Teým ogullary ýetişip, olary aýyrmadyk bolsalar, ony ölýänçä urjakdylar. Onuň taýpasyndan bolanlar ysgyndan gaçan, perişan halda galan hezreti Abu Bekiri bir ýapynjanyň içine salyp, öýüne alyp gitdiler. Soňra derrew Käbä dolanyp gelip: “Eger Abu Bekir ölse, kasam edýäris, biz hem Utbäni öldürmän goýmarys!” diýdiler. Ondan soň olar hezreti Abu Bekiriň ýanyna gitdiler.1 Hezreti Abu Bekir uzak wagtlap özüne gelip bilmedi.

Kakasy we Beni Teým taýpasynyň adamlary ony özüne getirmek üçin köp jan etdiler. Ol diňe agşama golaý özüne gelip bildi. Gözlerini açan badyna ol ejiz ses bilen: “Resulullah näme edýär? Ol nähili ýagdaýda? Oňa-da dil ýetiripdiler, ony-da kemsidipdiler-ä” diýip bildi. Adamlar onuň ejesi Ummul-Haýra: “Sora-da gör, ol bir zat iýermikä ýa içermikä?” diýdiler. Abu Bekir Syddygyň hiç hili takaty ýokdy. Ol hiç zat iýmegi-içmegi hem islemeýärdi. Öýde adam galmanda, ejesi: “Näme iýjek, näme içjek?” diýip sorady. Ol gözlerini açdy-da, öz agyry-ynjysyny däl, öz janyndan hem artyk söýýän Söýgülisiniň ýagdaýyny sorady: “Resulullah nähili ýagdaýda, näme edýär?”

“Eý kuraýşlylar! Meni diňläň! Janym gudrat elinde bolan Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin: siziň perişan boljakdygyňyz maňa bildirildi!” Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam

Ejesi: “Allaha kasam, seniň dostuň barada meniň hiç hili habarym ýok!” diýip jogap berdi. Hezreti Abu Bekir oňa: “Hattabyň gyzy Ummu Jemiliň ýanyna bar-da, Resulullahy ondan sora!” diýdi.

Ummu Jemil hezreti Omaryň gyz dogany bolup, musulman bolupdy. Hezreti Abu Bekiriň ejesi Ummu Jemiliň ýanyna bardy-da: “Oglum Abu Bekir senden Muhammet aleýhisselamy soraýar. Ol nähili ýagdaýdaka?” diýdi. Ummu Jemil: “Meniň Muhammet aleýhisselam barada-da, Abu Bekir barada-da hiç hili habarym ýok! Isleseň, bilelikde gideli” diýdi. Ummul-Haýr: “Bolýar” diýende, olar hezreti Abu Bekiriň ýanyna geldiler. Abu Bekir Syddygy şeýle perişan ýagdaýda, ýaralaryň we gögeren ýerleriň içinde görende, Ummu Jemil özüni saklap bilmän gygyryp goýberdi we: “Saňa muny eden kowum, şübhesiz, azgyn we çäkden çykan adamlardyr. Allahu tagaladan dilegim – olar eden işleriniň jezasyny alsynlar” diýdi. Hezreti Abu Bekir Ummu Jemilden: “Resulullah näme edýär, nähili ýagdaýda?” diýip sorady. Ummu Jemil oňa: “Bu ýerde ejeň bar, ol meniň sözlerimi eşidýär” diýende, hezreti Abu Bekir: “Ondan saňa hiç hili zyýan gelmez, ol seniň syryňy ýaýmaz” diýdi. Ummu Jemil: “Ol diri, ýagdaýy gowy” diýdi. Ol ýene: “Häzir ol nirede?” diýip sorady. Ummu Jemil: “Erkamyň öýünde” diýip jogap berdi. Hezreti Abu Bekir: “Allaha kasam, baryp Resulullahy görmesem, hiç zat iýmerin, içmerin!” diýdi. Ejesi: “Sen häzir biraz garaş! Hemmeler uka gitsin, şonda bararys” diýdi.

Hemmeler ýatyp, köçeler boşansoň, hezreti Abu Bekir ejesine we Ummu Jemile daýanyp, ýuwaşlyk bilen Resulullahyň ýanyna baryp ýetdi. Ol ony gujaklap öpdi, musulman doganlary bilen gujaklaşyp görüşdi. Hezreti Abu Bekiriň bu ýagdaýy Pygamberimizi örän gynandyrdy. Hezreti Abu Bekir: “Ýa Resulallah! Kakam-ejem saňa pida bolsun! Ol azgyn adamyň ýüzümi-gözümi ýere sürtüp, meni tanalmaz ýagdaýa getirmeginden başga hiç hili gaýgym ýok! Ýanymdaky bolsa – meni dünýä getiren ejem Selma. Onuň üçin doga etmegiňi haýyş edýärin. Belki, Allahu tagala seniň hatyraňa ony dowzah odundan halas eder” diýdi. Şondan soň söýgüli Pygamberimiz Selmanyň musulman bolmagyny Allahu tagaladan ýalbaryp diledi. Resulullahyň dogasy kabul boldy. Şeýlelikde, Ummul-Haýr hem hidaýata (dogry ýola) gowuşup musulman boldy we ilkinji musulmanlaryň arasynda bolmak şerefine eýe boldy.

Abu Lehebiň elleri gurasyn

Pygamberimiziň öýi Abu Leheb bilen Ukbe ibn Abu Mugaýt atly iki ýowuz müşrigiň öýleriniň arasyndady. Olar her pursatda söýgüli Pygamberimize ezýet bermäge çalyşýardylar. Hatda gijelerine haýwanlaryň garyn-içegelerini Resulullahyň gapysynyň agzyna taşlaýardylar. Kakasynyň dogany Abu Leheb muňa-da kanagat etmezdi: goňşusy Adiýiň öýünden oňa daş atyp, ezýet bererdi.

Aýaly Ummu Jemil hem ärinden kem galmazdy: ýygnan tikenli agaç şahalaryny Resulullahyň mübärek aýaklaryna çümsin diýip, onuň geçjek ýollaryna dökerdi. Bir gün Abu Leheb getiren hapasyny Pygamberimiziň gapysynyň agzyna döküp durka, ony hezreti Hamza gördi. Ol derrew ylgap baryp, dogany Abu Lehebi tutdy-da, getiren hapasyny onuň başyna dökdi.

Abu Lehebiň we aýalynyň bu ezýetlerinden soň, olar barada “Abu Lehebiň elleri gurasyn, eýýäm gurady hem…” diýen sözler bilen başlanýan Mesed (Tebbet) süresi indi. Abu Lehebiň aýaly Ummu Jemil özleri barada süre inendigini eşidende, Pygamberimizi gözläp başlady. Onuň Käbäniň ýanyndadygyny bilende, eline uly bir daş alyp, şol ýere gitdi. Hezreti Abu Bekir edil şol wagt Pygamberimiziň söhbetinden şeref alyp otyrdy.

Ummu Jemiliň elinde daş bardygyny görende, ol: “Ýa Resulallah! Ummu Jemil gelýär. Ol örän ýaman aýal, size zyýan ýetirmeginden gorkýaryn. Bir çete çekilen bolsaňyz, ezýet görmezdiňiz” diýdi. Resulullah: “Ol meni görüp bilmez” diýdi. Ummu Jemil hezreti Abu Bekiriň başujunda durup, pes sözler aýtdy: “Eý Abu Bekir! Tiz aýt, ol dostuň nirede! Ol meni-de, ärimi-de goşgy bilen kemsidip ýamanlapdyr. Eger ol şahyr bolsa, men hem, ärim hem şahyr. Ine, men hem ony goşgy bilen kemsidýärin. Biz oňa garşy çykýarys, onuň pygamberligini kabul etmeýäris we dinini hem halamaýarys. Kasam edýärin, eger men ony bir görsedim, şu daşy onuň başyna urardym…” Hezreti Abu Bekir: “Meniň serwerim şahyr däl we seni goşgy bilen kemsitmedi” diýende, Ummu Jemil yzyna öwrülip gitdi. Hezreti Abu Bekir Pygamberimize öwrülip: “Ýa Resulallah! Ol sizi görmedimi?” diýip sorady. Ol: “Görmedi. Allahu tagala onuň gözüni meni görüp bilmez ýaly etdi” diýdi.2

Pygamberimiziň mübärek gyzlaryndan hezreti Ummu Gülsüm Abu Lehebiň ogly Uteýbe bilen, hezreti Rukaýýa bolsa onuň beýleki ogly Utbe bilen adaglydy, emma olar entek durmuş gurmandylar.

Mesed süresi inende, dowzahy Abu Leheb, onuň aýaly we Kuraýşyň öňdebaryjylary Utbe bilen Uteýbä: “Siz onuň gyzlaryny alyp, onuň ýüküni ýeňletdiňiz. Onuň gyzlaryny boşaň, goý, ol kynçylyga düşsün. Size Kuraýşdan isleýän gyzyňyzy alyp bereris” diýip teklip etdiler. Olar hem: “Bolýar, boşadyk” diýdiler. Uteýbe atly pes adam has-da öňe gitdi: ol Pygamberimiziň (sallallahu tagala aleýhi we sellem) huzuryna gelip, ony şeýle sözler bilen kemsitdi: “Eý Muhammet! Men seni-de, seniň diniňi-de tanamok. Gyzyňy-da boşadym. Indi ne sen meni söý, ne-de men seni! Ne sen meniň ýanyma gel, ne-de men seniň ýanyňa gelerin!..” Soňra ol söýgüli Pygamberimiziň üstüne topulyp, onuň mübärek ýakasyna ýapyşdy. Köýnegini ýyrtdy we ony kemsitdi. Şondan soň söýgüli Pygamberimiz oňa betdoga edip, şeýle diýdi: “Ýa Rebbim! Oňa Öz ýyrtyjy haýwanlaryňdan birini musallat et!” Betbagt Uteýbe kakasynyň ýanyna baryp, bolan zatlary gürrüň berende, Abu Leheb: “Muhammediň oglum hakdaky betdogasyndan gorkýaryn” diýdi. Birnäçe günden soň Abu Leheb ogly Uteýbäni söwda üçin Damaska iberdi. Kerwen Zerka diýen ýerde gije ýatmak üçin düşledi. Töwerekde bir arslan aýlanyp başlady. Uteýbe muny gören badyna: “Waý! Kasam edýärin, Muhammediň (aleýhisselam) betdogasy kabul boldy. Bu arslan meni iýer! Özi Mekgede bolsa-da, meniň ganhorum – şol!” diýdi. Biraz wagtdan arslan gözden ýitdi. Uteýbäni has beýigräk bir ýerde ýatyrdylar. Gije arslan ýene geldi. Ol kerwendäkileri birin-birin ysgap, Uteýbäniň ýanyna baryp ýetdi. Onuň üstüne böküp, garnyny ýardy, kellesinden tutdy we elhenç ýagdaýda dişläp, işini gutardy. Uteýbe: “Men size: ‘Muhammet – ynsanlaryň iň dogry sözlüsi’ diýmedimmi?” diýip, perýat ede-ede jan berdi. Oglunyň arslan tarapyndan parçalanandygyny eşiden Abu Leheb bolsa: “Men size: ‘Muhammediň oglum hakdaky betdogasyndan gorkýaryn’ diýmedimmi?” diýip aglady.3

“Abu Lehebiň elleri gurasyn (heläk bolsun), eýýäm gurady hem. Oňa ne maly (kakasyndan miras galany), ne-de gazanany peýda berdi. Ol alawly bir oda girer, aýaly hem – odun daşaýjy bolup, boýnunda işilen ýüp bilen” Mesed: 1–5

Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ynsanlary ebedi bagta çagyrýardy, olary Allahu tagalanyň barlygyna, birligine çagyryp, dowzahda ýanmazlyklary üçin jan edýärdi. Müşrikler bolsa: “Ata-babalarymyzyň dini şudur” diýip, butlara çokunmagy dowam etdirýärdiler. Pygamberimiz olary ynsan ýaly ýaşamaga, abraýly we şerefli bolmaga, gadyrsyzlykdan halas bolup, ýokary, belent derejelere göterilmäge çagyrýardy. Olar bolsa öz inatlaryndan dänmeýärdiler. Abu Leheb kemsidýänleriň we ezýet berýänleriň iň öňündedi. Ol hemişe Resulullahyň yzyna düşüp, adamlary ony diňlemekden sowmaga, olaryň aňynda şübhe döretmäge çalyşýardy. Ýygnanyşyk ýerlerinde, ýarmarkalarda Resulullah: “Eý ynsanlar! ‘La ilähe illallah’ diýiň, halas bolarsyňyz!” diýdigiçe, Abu Leheb derrew onuň yzyndan ýetip: “Eý ynsanlar! Bu gürleýän – meniň doganymyň ogly. Onuň sözüne asla ynanmaň. Ondan daş duruň!” diýýärdi.

Bir gün Muhammet aleýhisselam Käbeýi şerifde namaz okaýardy. Kuraýşyň öňdebaryjylaryndan Abu Jehil, Şeýbe ibn Rebiga, Utbe ibn Rebiga, Ukbe ibn Abu Mugaýt bar bolan ýedi kişilik bir müşrik topary gelip, Resulullaha ýakyn bir ýerde oturdy. Ol töwerekde bir gün öň soýlan bir düýäniň garyn-içegeleri we galyndylary ýatyrdy. Pes Abu Jehil ýanyndakylara öwrülip, ýigrenji bir teklip etdi: “Araňyzdan kim şu düýäniň garyn-içegelerini alyp, Muhammet seždä gidende, onuň iki egniniň arasyna goýar?” Ol ýerdäkileriň iň zalymy, iň rehimsizi, iň merhemetsizi we iň betbagty bolan Ukbe ibn Abu Mugaýt: “Men ederin” diýip, derrew ýerinden turdy. Pygamberimiz seždede wagty, ol garyn-içegeleri içindäkileri bilen bilelikde onuň mübärek egnine goýdy. Muny synlap duran müşrikler içlerini tutup gülüşip başladylar. Pygamberimiz seždesini uzaldýardy, mübärek başyny galdyrmaýardy. Şol wagt hormatly sahabalardan Abdylla ibn Mesgut bu ýagdaýy gördi. Ol bu wakany şeýle gürrüň berdi:

“Resulullahy şol ýagdaýda görenimde, ganym beýnime urdy. Emma meni müşrikleriň elinden gorajak ne kowumym, ne-de taýpam bardy. Men kimsesizdim, güýçsüzdim. Şol pursatda hatda geplemäge-de takatym ýetmeýärdi. Men ýerimde durup, Resulullaha uly gaýgy bilen seredip durdum.

Wah, şol wagt meni müşriklerden gorap biljek güýjüm ýa-da goraýjym bolsady-da, Resul aleýhisselamyň mübärek egnine goýan zatlaryny alyp zyňsadym! Men şeýdip garaşyp durkam, Resulullahyň gyzy hezreti Fatmany bu ýagdaýdan habarly etdiler. Şol wagt Fatma entek kiçijikdi. Ol ylgap geldi-de, kakasynyň üstündäkileri aýryp zyňdy. Muny edenlere betdoga edip, agyr sözler aýtdy. Resulullah bolsa hiç zat bolmadyk ýaly namazyny tamamlady-da, üç gezek şeýle diýdi:

‘Allahym! Kuraýşdan şu topary Saňa tabşyrýaryn! Allahym! Abu Jehil Amr ibn Hişamy Saňa tabşyrýaryn! Allahym! Utbe ibn Rebigany Saňa tabşyrýaryn! Allahym! Şeýbe ibn Rebigany Saňa tabşyrýaryn! Allahym! Ukbe ibn Abu Mugaýty Saňa tabşyrýaryn! Allahym! Umeýýe ibn Halefi Saňa tabşyrýaryn! Allahym! Welit ibn Utbäni Saňa tabşyrýaryn! Allahym! Umara ibn Welidi Saňa tabşyrýaryn!’

Özlerine garşy edilen bu betdogany eşiden müşrikler gülmeklerini bes edip, gorkup başladylar. Çünki olar Beýtullahda edilen doganyň kabul boljakdygyna ynanýardylar. Resulullah Abu Jehile: ‘Allaha kasam, sen ýa mundan el çekersiň, ýa-da Allahu tagala seniň başyňa bir bela indirer’ diýdi. Allahu tagalanyň ady bilen kasam edýärin, Resulullahyň atlaryny tutan bu adamlaryň her biriniň Bedr söweşinde öldürilip, ýere ýykylandygyny, soňra yssydan porsan maslyk halynda Bedr çukuryna zyňylandygyny gördüm”.

Bir gün Abu Jehil Beýtullahda kuraýşly müşriklere şeýle diýdi: “Eý kuraýşlylar! Görýärsiňiz, Muhammet dinimizi aýyplamakdan, butlarymyza we olara çokunan ata-babalarymyza dil ýetirmekden, bize akylsyzlara garan ýaly garamakdan el çekmeýär. Siziň huzuryňyzda kasam edip aýdýaryn: ertir ol şu ýere gelip, namaz okaýarka seždä gidende, men onuň başyna özümiň hem zordan göterip biljek bir daşy bar güýjüm bilen uraryn. Ondan soň siz meni Abdylmuttalyp ogullaryndan goraýarsyňyzmy ýa goramaýarsyňyzmy – özüňiz bilersiňiz. Men ony öldürenimden soň, onuň garyndaşlary maňa isleýänini etsinler…” Ol ýerdäki müşrikler ony gyzyşdyryp: “Kasam edýäris, biz seni hem goraýarys, hem hiç kime bermeris. Sen diňe ony öldür!” diýdiler. Irden Abu Jehil eline uly bir daş alyp, Käbä geldi. Ol müşrikleriň ýanynda oturyp, garaşyp başlady. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hemişekisi ýaly Beýtullaha gelip, namaz okap başlady. Abu Jehil ýerinden turup, elindäki uly daşy urmak üçin Resulullaha tarap ýöredi. Ähli müşrikler bu ýagdaýy tolgunyp synlaýardylar. Abu Jehil Resulullaha ýakynlaşanda, birden titräp başlady. Uly daş elinden ýere gaçdy, ýüzi kül ýaly agardy we ol uly gorky bilen yzyna çekildi. Haýran galan müşrikler Abu Jehiliň ýanyna baryp: “Eý Amr ibn Hişam! Aýt, näme boldy?” diýip soradylar. Abu Jehil: “Edil ony öldürmek üçin daşy galdyranymda, öňümden gazaply bir düýe çykdy. Kasam edýärin, ömrümde beýle uzyn aýakly, ýiti dişli, beýle gorkunç düýäni ne gördüm, ne-de eşitdim. Eger ýene biraz ýakynlaşan bolsam, ol meni hökman öldürerdi” diýdi. Ýene bir gün Abu Jehil müşrikleri ýygnap: “Abdyllanyň ýetimi şu ýerde namaz okaýarmy, ýüzüni topraga sürtýärmi?” diýip sorady. Olar: “Hawa” diýdiler. Diňe şu söze garaşyp duran Abu Jehil: “Eger men ony şol ýagdaýda görsem, onuň başyny aýagym bilen basyp ezerin” diýdi. Bir gün pygamberleriň seýidi Käbäniň ýanynda namaza durdy. Abu Jehil hem ýoldaşlary bilen şol ýerde otyrdy. Ol ýerinden turup, Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) tarap ýöredi. Ol gaty ýakyn geldi, emma birden eli bilen ýüzüni sypap, gaçyp başlady. Müşrikler onuň ýanyna baryp: “Näme boldy? Bu näme halyň?” diýdiler. Abu Jehil: “Biziň aramyzda bir ot çukury peýda boldy. Käbir adamlaryň maňa topulýandygyny görüp, yzyma öwrüldim” diýip jogap berdi. Welit ibn Mugire, Abu Jehil (Amr ibn Hişam), Eswet ibn Muttalyp, Umeýýe ibn Halef, Eswet ibn Abdy Ýagus, As ibn Waýl, Harys ibn Kaýs ýaly müşrikleriň öňdebaryjylary Resulullahy her görenlerinde: “Bu hem özüni pygamber, ýanyna-da Jebraýyl gelýär öýdýär” diýip, ony masgaralaýardylar. Şonuň sebäpli Habyby ekremiň örän gynanan bir güni Jebraýyl aleýhisselam gelip, birnäçe aýaty kerime getirdi. Manysyna görä:

“(Eý Resulym!) Ant bolsun, senden öň iberilen pygamberleri hem masgaralap gülüpdiler. Olary masgaralaýanlary we olardan (pygamberlerden) gülenleri masgaralamalarynyň jezasy hökmünde bela we azap her tarapdan gurşap aldy”.4 “Şübhesiz, seni masgaralaýanlara garşy Biz ýeterlikdiris. Olar Allahu tagala bilen bilelikde başga ilah tanaýarlar. Olar ýakynda (başlaryna geljek netijäni) bilerler. Biz, elbetde, bilýäris: olaryň sözlerinden (şirk goşmalaryndan, Kurany Kerime dil ýetirmelerinden we saňa masgaralaýjy sözler aýtmalaryndan) seniň göwsüň daralýar, içiň gysylýar”.5

“Eý Abu Jehil! Allaha kasam, sen ýa mundan el çekersiň, ýa-da Allahu tagala seniň başyňa bir bela indirer” Söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam

Bir gün Kainatyň Soltany Käbeýi muazzamany towap edip ýörkä, Jebraýyl aleýhisselam gelip: “Maňa olaryň (masgaralaýanlaryň) hakyndan gelmek buýruldy” diýdi. Biraz soňra olaryň öňünden Welit ibn Mugire geçdi. Jebraýyl aleýhisselam: “Bu geçýän nähili adam?” diýip sorady. Pygamberimiz: “Ol – Allahu tagalanyň iň erbet gullarynyň biri” diýdi. Şonda Jebraýyl aleýhisselam Welidiň baldyryna yşarat edip: “Men onuň hakyndan geldim!” diýdi. Biraz soňra As ibn Waýl geçip barýardy. Ol hakda-da sorap, şol bir jogaby alanda, Jebraýyl onuň garnyna yşarat edip: “Oňa-da ýerini görkezdim!” diýdi. Eswet ibn Muttalyp geçende – onuň gözüne, Abdy Ýagusy görende onuň başyna yşarat etdi. Harys ibn Kaýs geçende onuň garnyna yşarat edip: “Eý Muhammet! Allahu tagala seni bularyň şerinden halas etdi. Ýakynda bularyň her biri bir bela uçrar” diýdi.

As ibn Waýlyň aýagyna tiken çümdi. Näçe derman etseler-de, onuň derdine çäre tapyp bilmediler. Ahyrynda onuň aýagy düýäniň boýny ýaly çişdi we ol: “Muhammediň Allahy meni öldürdi!” diýip perýat ede-ede jan berdi.

Eswet ibn Muttalybyň gözleri kör boldy. Jebraýyl aleýhisselam onuň başyny agaja urup, ony heläk etdi.

Eswet ibn Abdy Ýagus Bady semum diýen ýerde wagty, onuň ýüzi-de, bedeni-de gapgara boldy. Öýüne gelende ony tanamadylar we gapydan kowdular. Ol gaharyndan başyny öýüniň gapysyna ura-ura öldi.

Harys ibn Kaýs bolsa duzly balyk iýipdi. Onuň içi ýanyp, gyzgynlygy barha artdy. Näçe suw içse-de, suwsuzlygy ganmady. Ahyrynda ol ýarylyp öldi. Welit ibn Mugiräniň hem baldyryna demir bölegi çümdi. Ýarasy bitmedi, ol köp gan ýitirdi we ol hem: “Muhammediň Allahy meni öldürdi!” diýip perýat ede-ede jan berdi.

Şeýlelikde, olaryň her biri eden işleriniň jezasyny gördi. Mundan başga-da, müşrikleriň dowzahda ebedi galjakdyklary aýaty kerimelerde bildirildi. Bir gün söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Hakem ibn Abul-Asa gabat geldi. Pygamberimiz gidenden soň, Hakem Resulullahyň arkasyndan masgaralap, agzyny, ýüzüni we bedenini çarpaşdyryp oýnatdy.

Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) Hakemiň eden işlerini pygamberlik nury bilen gördi we onuň şeýle galmagy üçin doga etdi. Hakemiň bedenini titreme tutdy we ol ömrüniň ahyryna çenli şeýle galdy.

Hormatly sahabalara edilen jebirler

Müşrikler diňe Pygamberimize ezýet bermek bilen çäklenmeýärdiler. Olar onuň şanly sahabalaryny hem (radyýallahu anhum) gynaýardylar. Esasan-da garyp, kimsesiz adamlary saýlaýardylar we ellerinden gelýän, akla-hyýala sygmajak jebir-zulumy hiç çekinmän edýärdiler. Iň köp jebir çekenler – Bilal Habeşi, Zinnire hatyn, Habbap ibn Erett, Ammar ibn Ýasyr we onuň maşgalasydy (radyýallahu anhum ejmagin). Olaryň käbirini günüň yssysynda gyzan daşlar bilen daglaýardylar, käbirini aç-suwsuz saklap: “Muhammediň dininden dän!” diýip gynaýardylar. Olar bolsa bu çydap bolmajak jebirlere sabyr edip, yslam dininden asla dänmezdiler.

Allah birdir, Allah birdir

Hezreti Bilal Umeýýe ibn Halef atly bir müşrigiň guludy; ol Abu Bekir Syddygyň üsti bilen musulman bolupdy. Umeýýe on iki gulunyň arasynda iň köp Bilaly söýýändigi üçin, ony buthana garawul edip goýupdy. Hezreti Bilal musulman bolanda, buthanadaky ähli butlary sežde edýän ýaly ýüzin goýdy. Bu habar Umeýýä ýetende, ony uly wehim gaplady. Ol Bilaly çagyryp: “Sen musulman bolupsyň, Muhammediň Rebbine sežde edýärmişiň, şeýlemi?” diýip sorady. Hezreti Bilal: “Hawa. Men beýik we belent Allahu tagala sežde edýärin” diýdi. Umeýýe bu jogaby halamady we derrew Bilala ezýet berip, ony gynap başlady. Öýle wagty gün edil depä galanda, ol ony ýalaňaçlap, yssydan gyzan daşlary onuň ýalaňaç bedenine goýup daglardy. Ot ýaly ýanýan daşlaryň bir bölegini onuň arkasyna, käbirini bolsa garnynyň üstüne üýşürip: “Yslam dininden dän!.. Lat we Uzza butlaryna iman getir!” diýerdi. Hezreti Bilal bolsa: “Allahu tagala birdir! Allahu tagala birdir!” diýip imanyny bildirerdi.

Umeýýe ibn Halef onuň bu sabyrlylygyny gördügiçe gazapdan däli ýaly bolýardy, ony tikenleriň üstünden süýräp, bedenini ýaralap gynaýardy. Hezreti Bilal bolsa bedeninden akýan ganlara üns bermän: “Allahym! Senden gelene razydyryn! Allahym! Senden gelene razydyryn!” diýerdi we imanynda berk durardy. Hezreti Bilal öz bu ýagdaýyny şeýle gürrüň berdi:

“Ol habys Umeýýe meni gündizine yssyda daňyp goýardy, gijesine bolsa azap bererdi. Örän yssy bir gündi. Ol adatdakysy ýaly ýene azap berip başlady. Meni yslamdan dändirmek üçin: ‘Butlarymyza çokun! Muhammediň Allahyny inkär et, inkär et, inkär et!’ diýdigiçe, men: ‘Allah birdir! Allah birdir!’ diýerdim. Gaharyny sowmak üçin, şol gün ol göwsümiň üstüne örän uly bir gaýa daşyny goýdy. Şol pursatda men huşumdan gidipdirin. Özüme gelenimde, üstümdäki daşyň aýrylandygyny, günüň buludyň aňyrsyna girendigini gördüm. Allahu tagala şükür etdim we öz-özüme: ‘Eý Bilal! Jenaby Hakdan gelen her bir zat gözeldir, hoşdur’ diýdim”.

Ýene bir gün Umeýýe ibn Halef Bilal Habeşini gynamak üçin daşaryk çykardy. Ol onuň eşiklerini çykaryp, diňe içki balagyny galdyrdy-da, ýakyp-ýandyryjy yssyda gyzgyn gumuň üstünde ýatyryp, üstüne daş üýşürdi. Müşrikler ýygnanyşyp, ony agyr gynadylar: “Diniňden dänmeseň, seni öldüreris” diýdiler. Bilal Habeşi bolsa bu çydap bolmajak jebirleriň astynda: “Allah birdir! Allah birdir!” diýýärdi. Şol wagt söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ol ýerden geçip barýardy. Hezreti Bilal Habeşiniň bu ýagdaýyny görende, ol örän gynandy we: “Allahu tagalanyň adyny aýtmagyň seni halas eder” diýdi.

Pygamberimiz öýüne gaýdyp gelenden biraz soň, onuň ýanyna hezreti Abu Bekir geldi. Pygamberimiz Bilal Habeşiniň çekýän jebirini Abu Bekir Syddyga gürrüň berip: “Örän gynandym” diýdi. Hezreti Abu Bekir derrew ol ýere gitdi. Ol müşriklere: “Bilaly beýle gynamakdan size näme peýda? Ony maňa satyň” diýdi. Olar: “Dünýä doly altyn berseň-de satmarys. Emma seniň guluň Amyr bilen çalşyp bileris” diýdiler. Hezreti Abu Bekiriň guly Amyr onuň söwda işlerini alyp barýardy we köp pul gazanýardy. Onuň öz şahsy malyndan başga-da on müň altyny bardy. Ol hezreti Abu Bekiriň kömekçisi bolup, onuň ähli işlerini ýöredýärdi. Emma ol kapyrdy we öz küfründe berk durýardy. Hezreti Abu Bekir: “Amyry ähli maly we puly bilen bilelikde Bilal üçin size berdim” diýdi. Umeýýe ibn Halef we beýleki müşrikler örän begenip: “Abu Bekiri aldadyk” diýdiler.

“(Eý Resulym!) Ant bolsun, senden öň iberilen pygamberleri hem masgaralap gülüpdiler. Olary masgaralaýanlary we olardan (pygamberlerden) gülenleri masgaralamalarynyň jezasy hökmünde bela we azap her tarapdan gurşap aldy” Engam: 10

Hezreti Abu Bekir derrew Bilal Habeşiniň üstündäki agyr daşlary aýryp zyňdy we ony aýak üstüne galdyrdy. Bilal Habeşi agyr jebirler sebäpli örän ysgyndan gaçypdy. Abu Bekir ony elinden tutup, göni söýgüli Pygamberimiziň ýanyna getirdi-de: “Ýa Resulallah! Şu gün men Bilaly Allahyň razylygy üçin azat etdim” diýdi. Resulullah örän begendi we hezreti Abu Bekir üçin köp doga etdi. Şol wagt Jebraýyl aleýhisselam Abu Bekiriň dowzahdan daşdadygy barada hoş habar berýän Leýl süresiniň 17-nji we 18-nji aýatlaryny getirdi. Ol aýaty kerimelerde manysyna görä şeýle diýildi: “Ol adam (hezreti Abu Bekir ýaly) örän takwa bolup (şirkden we günälerden saklanyp), Allahu tagalanyň huzurynda päk bolmak üçin (we ylahy wada ýetmek üçin) malyny haýyr ýolunda sarp edýär; ol ondan (dowzahdan) daşlaşdyryldy”.

Görlüp-eşidilmedik jebir

Habbap ibn Erett hezretleri hem dininden dändirmek üçin zulum edilenleriň biridi. Hezreti Habbabyň hem goraýjysy ýokdy, ol Ummu Enmar atly bir müşrik aýalyň guludy.

Ony gorap biljek garyndaşy bolmandygy üçin, müşrikler ýygnanyşyp, onuň mübärek bedenini ýalaňaçlap, üstüni tikenler bilen dyrnaýardylar. Käwagt onuň ýalaňaç bedenine demir köýnek geýdirip, günüň aşagynda saklaýardylar. Günde ýa-da otda gyzdyran daşlaryny onuň ýalaňaç bedenine basyp: “Diniňden dän! Lata we Uzza çokun!” diýerdiler. Habbap bolsa imanynda berk durup: “La ilähe illallah, Muhammedur-Resulullah” diýip, olara garşy durardy.

Bir gün müşrikler ýygnanyşyp, bir meýdanda ot ýakdylar. Hezreti Habbaby daňyp, şol ýere getirdiler. Ony ýalaňaçlap, oduň üstünde ýatyrdylar. Olar ýa ony dininden dändirmek, ýa-da otda ýakmak isleýärdiler. Oduň ortasynda arkan ýatyrylan hezreti Habbap: “Allahym! Sen meniň halymy görýärsiň, ýagdaýymy bilýärsiň. Ýüregimdäki imany berkit, maňa uly sabyr ihsan et!” diýip doga edýärdi. Müşrikleriň biri aýagy bilen hezreti Habbabyň göwsüne basdy. Emma olar Allahu tagalanyň iman getirenleri goraýandygyny bilmeýärdiler.

Ýyllar geçenden soň, Habbapdan bu waka barada soradylar. Ol arkasyny açyp, ýanyk yzlaryny görkezdi-de: “Men üçin ot ýakdylar, soňra meni süýräp, onuň içine taşladylar. Ol ody diňe meniň etim söndürdi” diýdi.

Hezreti Habbaby daşarda şeýle gynaýan wagtlary, onuň eýesi Ummu Enmar hem ony dininden dändirmek üçin otda demir gyzdyrardy-da, onuň başyna basyp daglardy. Ol dini üçin bu agyrylaryň hemmesine çydardy, olaryň teklip edenini etmezdi we imanyndan dänmezdi.

Bir gün hezreti Habbap söýgüli Pygamberimiziň huzuryna geldi-de: “Ýa Resulallah! Müşrikler daşarda meni nirede görseler, şol ýerde otda ýakýarlar. Öýde bolsa eýäm Ummu Enmar gyzdyrylan demir bilen başymy daglaýar. Dogaňyzy haýyş edýärin!” diýdi. Soňra arkasyndaky we başyndaky ýanyklary görkezdi. Pygamberimiz onuň bu ýagdaýyna örän gynandy. Ol Habbabyň dininden dänmezlik üçin çekýän ezýetine, oňa edilýän zuluma çydap bilmedi we: “Ýa Rebbim! Habbaba kömek et!” diýip doga etdi. Jenaby Hak Öz Resulynyň dogasyny derrew kabul etdi we Ummu Enmaryň başyna güýçli agyry berdi. Ummu Enmar başynyň agyrysyndan daňdana çenli iňňildärdi. Oňa derman hökmünde otda gyzdyrylan demir bilen başyny daglamagy maslahat berdiler. Ahyrynda ol Habbaby çagyryp, demir taýagy otda gyzdyrmagy we başyny daglamagy buýurdy… Hezreti Habbap hem demir bilen onuň başyny daglardy…

Yslamyň ilkinji günlerinde müşrikler Habbap ibn Erettiň ýagdaýyna o diýen üns bermeýärdiler. Emma gün-günden iman getirýänleriň sany artýardy. Ahyrynda olar isleseler-islemeseler-de, bu işe çynlakaý garamaga mejbur boldular. Olar hezreti Habbaby gynamagy güýçlendirdiler: ölçegsiz urdular, ýençdiler, ýaraladylar, jebiriň üstüne jebir etdiler…

Bularyň hemmesine garamazdan, hezreti Habbap imanyndan zerre ýaly-da gaýtmady. Emma ezýet we jebirler hem çydap bolmajak derejä ýetipdi. Ol bolup geçenleri Kainatyň Serwerine arz edip: “Ýa Resulallah! Çekýän jebirlerimizden halas bolmagymyz üçin doga etmezmisiňiz?” diýdi.

Şondan soň Resulullah şeýle diýdi: “Sizden öňki ymmatlaryň arasynda şeýle adamlar bardy: demir darak bilen olaryň derileri, etleri sypyrylyp gyrylardy, emma bu jebir hem olary dinlerinden dändirip bilmezdi. Olary arra bilen depesinden ikä bölerdiler, emma bu jebirler hem olary dinlerinden yzyna gaýtaryp bilmezdi. Allahu tagala, elbetde, bu işi (yslamy) tamamlar. Ony ähli dinlerden üstün eder. Hatda öz ulagyna münüp, Sanadan Hadramuta çenli ýeke özi gidýän adam Allahu tagaladan başga hiç kimden gorkmaz, goýunlary barada-da möjegiň hüjüminden başga hiç bir aladany bilmez. Emma siz howlukýarsyňyz”. Soňra ol Habbap üçin doga etdi we onuň arkasyny sypady. Resulullahyň ruhlara iýmit we şypa bolan bu mylaýym sözleri Habbabyň agyrylaryny köşeşdirdi.

Azgyn müşrik As ibn Waýlda, esasan-da, hezreti Habbabyň ep-esli algysy bardy. Habbap algysyny soramak üçin onuň ýanyna bardy. As ibn Waýl Habbaba: “Muhammedi inkär etmeseň, saňa algyňy bermerin” diýdi. Hezreti Habbap: “Allaha kasam, men diri wagtymda bolşy ýaly, ölenimden soň gabrymdan turanymda hem pygamberimi asla ret we inkär edip bilmerin. Her zatdan ýüz öwrerin, ýöne ony inkär edip bilmerin” diýip jogap berdi. Şondan soň As ibn Waýl: “Ölenimizden soň direlerismi? Eger şeýle zat bar bolsa, onda meniň malym-da, çagalarym-da bolar. Bergimi saňa şol gün bererin” diýdi.

As ibn Waýlyň bu sözleri sebäpli Allahu tagala Kurany Kerimde Merýem süresiniň 77–79-njy aýatlarynda manysyna görä şeýle diýdi: “(Eý Habybym!) Biziň aýatlarymyzy inkär edip: ’Maňa, elbetde, (kyýamat güni) mal hem, çaga-çuga hem beriler’ diýen adamy (As ibn Waýly) gördüňmi? Ol gaýby bilipmi ýa-da Rahmanyň huzurynda bir söz alypmy? Ýok, beýle däl! Biz onuň aýdanyny ýazarys (kyýamat güni munuň üçin ondan hasap alarys) we onuň azabyny artdyrdygyça artdyrarys”.

Huşundan gidýänçä jebir

Müşrikler jebir edenlerinde aýal-erkek diýip saýlamazdylar. Ilkinji musulmanlardan bolan we hiç kimsesi bolmadyk Zinnire hatyn hem bir gyrnakdy. Onuň musulman bolandygyny bilen müşrikler oňa-da jebir etmekden asla çekinmediler. Zinnire hatyny Lat we Uzza butlaryna çokunmaga mejbur edýärdiler, bokurdagyny gysýardylar, dem alyp bilmän huşundan gidýänçä gynaýardylar. Muňa garamazdan, ol dininden asla dänmezdi, olaryň aýdanlaryny etmezdi. Esasan-da Abu Jehil oňa köp jebir etdi. Şonuň sebäpli Zinniräniň gözleri görmez boldy. Bir gezek Abu Jehil: “Gördüňmi? Lat we Uzza seniň gözüňi kör etdi!” diýende, Zinnire hatyn imanyny bildirip: “Eý Abu Jehil! Allaha kasam, ol seniň aýdyşyň ýaly däl. Seniň Lat we Uzza diýýän butlaryň hiç bir işe ýaramaýar, olaryň özlerine çokunýanlardan hem, çokunmaýanlardan hem habary ýok. Meniň Rebbim gözümiň nuruny bermäge we meni öňki halyma getirmäge, elbetde, kadyrdyr” diýdi.

“(Eý Bilal!) Allahu tagalanyň adyny aýtmagyň seni halas eder” Hadysy şerif

Abu Jehil hezreti Zinniräniň sarsmaz imanyny görüp, aňk-taňk boldy. Allahu tagala Zinniräniň dogasyny kabul etdi we onuň gözleri öňküsinden-de gowy görüp başlady. Abu Jehil we kuraýşly müşrikler muny görseler-de, inatlyk edip, iman getirmediler. Üstesine-de olar: “Bu hem olaryň pygamberiniň bir jadysy! Muhammediň ýolundan gidýän bu akylsyzlara geň galmaýarsyňyzmy? Eger olaryň gidýän ýoly haýyrly we dogry bolsady, oňa olardan öň biz eýererdik. Diýmek, bizden öň bir gul dogrulygy tapdymy?” diýdiler.

Şondan soň Allahu tagala Ahkaf süresiniň 11-nji aýatyny inderdi. Manysyna görä: “Ol kapyrlar iman getirenler barada: ’Eger onda (yslamda) bir haýyr bolsady, olar (garyplar, biçäreler) bu meselede bizden öňe geçip bilmezdiler, bizden öň oňa ylgamazdylar’ diýdiler. Olar bolsa onuň bilen (möminler ýaly Kurany Kerim bilen) hidaýata ýetmändikleri üçin, (Kurany Kerimi inkär etmek üçin) ’Bu Kurany Kerim (Muhammediň oýlap tapan zady) – köne bir ýalan’ diýerler”.

Darul-Erkam

Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) müşrikleriň onuň sahabalaryna edýän zulumlaryna we jebirlerine örän gynanýardy. Yslamy ýaýratmak we öwrenmek üçin howpsuz bir ýer gerekdi. Pygamberimiz bu mukaddes wezipe üçin hezreti Erkamyň öýüni saýlady.6 Bu jaý Safa depesiniň gündogarynda, dar bir köçäniň içinde, beýiksiräk bir ýerdedi. Bu ýerden Käbeýi muazzama aýdyň görünýärdi. Jaýyň giriş-çykyş ýoly gelip-geçýänleri gözegçilikde saklamak üçin örän amatlydy. Mundan başga-da, hezreti Erkam Mekgäniň öňdebaryjylaryndan, abraýy uly bir adamdy. Habyby ekrem bu öýde sahabalaryna yslamy düşündirýärdi. Täze musulman boljaklar bu ýere gelip, yslam bilen şereflenýärdiler, Resulullahyň göwünlere derman bolan mübärek sözlerini diňläp, bereket tapýardylar. Olar Pygamberimizi edil başlaryna guş gonan, gepleseler uçup gitjek ýaly, demlerini çykarman diňleýärdiler. Onuň mübärek sözlerini, ýekeje sözüni-de sypdyrman, ýuwudýan ýaly ýatdan öwrenýärdiler. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) gündizlerini Erkamyň öýünde geçirýärdi we irden agşama çenli sahabalaryny terbiýelemek bilen meşgul bolýardy. Bu ýer musulmanlaryň ilkinji merkezi – “Darul-Yslam” bolupdy. Ilkinji musulmanlar bu ýerde ýygnanýardylar we şeýdip müşrikleriň her hili ýamanlyklaryndan goralýardylar.

Ölýänçä jebir

Ammar ibn Ýasyr şeýle gürrüň berýär: “Darul-Erkama baryp, Resulullahy görüp, musulman bolmak isleýärdim. Gapyda hezreti Suhaýba gabat geldim. ‘Sen bu ýerde näme edýärsiň?’ diýip soranymda, ol hem maňa şol soragy berdi. Men: ‘Hezreti Muhammediň huzuryna girip, onuň sözlerini diňläp, musulman bolmak isleýärin’ diýdim. Ol hem: ‘Men hem şonuň üçin gelipdim’ diýdi. Biz bilelikde onuň belent we şerefli huzuryna girdik. Ol bize yslamy düşündirdi. Biz söýüp musulman bolduk”.7

Ammar musulmanlygyny aç-açan yglan etmekden çekinmeýän mujahytlaryň biridi. Ol dininden dänmezlik üçin iň agyr jebirlere çydaýardy. Müşrikler ony ýeke tapan wagtlary, Mekgäniň gaýalyklaryna, Ramda diýen ýere alyp gidýärdiler, eşiklerini çykaryp, oňa demir köýnek geýdirýärdiler.

Şeýdip, ony ýakyp-ýandyryjy günüň aşagynda saklaýardylar we gynaýardylar. Käwagt onuň arkasyny ot bilen daglaýardylar, ol gutarnyksyz jebirlere duçar bolýardy. Her gezek olar: “Inkär et!.. Inkär et!.. Lata we Uzza çokun-da, halas bol!..” diýerdiler. Hezreti Ammar bolsa bu çydap bolmajak jebirlere uly sabyr bilen çydap: “Rebbim – Allah, pygamberim – Muhammet aleýhisselam” diýip jogap bererdi. Müşrikler mundan has-da beter gaharlanýardylar, onuň göwsüniň üstüne yssydan gyzan gaýa daşlaryny goýýardylar, käwagt bolsa guýa taşlap, suwda bogmaga synanyşýardylar. Bir gün Ammar ibn Ýasyr söýgüli Pygamberimiziň huzuryna baryp: “Ýa Resulallah! Müşrikleriň bize edýän jebirleri soňky çägine ýetdi” diýdi. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Ammaryň ýagdaýyna gynandy we: “Sabyr ediň, eý Ýahzanyň kakasy!” diýdi, soňra: “Ýa Rebbim! Ammaryň maşgalasyndan hiç kime dowzah azabyny dadyrma!” diýip doga etdi.

Ilkinji şehit, ilkinji gan

Hezreti Ammaryň kakasy Ýasyr, ejesi Sumeýýe, dogany Abdylla tutuş maşgalasy bilen musulman bolupdylar. Müşrikler hezreti Ammaryň ejesine, kakasyna we doganyna oňa edenlerinden hem köp jebir ederdiler. Gynaýan wagtlary müşrikler olara küfür sözlerini aýtdyrmak isleýärdiler, olar bolsa: “Derimizi soýsaňyz-da, etimizi dilim-dilim dograsaňyz-da, sizi diňlemeris” diýip jogap bererdiler we: “La ilähe illallah, Muhammedur-Resulullah” diýerdiler. Ýene bir gün Batha diýen ýerde Ýasyryň maşgalasyny bilelikde gynaýarkalar, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ol ýerden geçip barýardy. Sahabalarynyň bu çydap bolmajak jebirlerini görende, ol örän gynandy. Hezreti Ýasyr: “Ýa Resulallah! Ömrümiz hemişe şeýle jebir bilen geçermi?” diýip soranda, Pygamberimiz: “Sabyr ediň, eý Ýasyryň maşgalasy! Begeniň, eý Ammaryň maşgalasy! Hiç şübhesiz, siziň sylag ýeriňiz – jennet” diýdi. Ýene bir gün mekgeli müşrikler Ammary ot bilen gynaýardylar. Resulullah ol ýere geldi-de: “Eý ot! Ybraýyma (aleýhisselam) bolşuň ýaly, Ammara hem salkyn we zyýansyz bol!” diýdi. Soňra Ammar arkasyny açanda, oduň yzy görünýärdi. Bu yz Resulullahyň dogasyndan öňdi. Ýene bir gün Ýasyryň maşgalasyny gynaýarkalar, olar hezreti Ýasyry we onuň ogly hezreti Abdyllany ok bilen atyp şehit etdiler. Abu Jehil hezreti Sumeýýäniň mübärek aýaklaryny ýüp bilen daňdyrdy. Ýüpleriň uçlaryna iki düýe daňdyryp, olary iki tarapa sürdürdi we şeýdip hezreti Sumeýýäni parçalatdy we şehit etdi. Rehimsiz, gazaply zalym Abu Jehiliň we beýleki müşrikleriň Ýasyryň maşgalasyny gynap şehit edendikleri baradaky habary Pygamberimiz we hormatly sahabalar (aleýhimur-rydwan) eşidende, örän gynandylar. Bu waka sahabalaryň biri-birine has-da berk baglanmagyna, jebisleşmegine sebäp boldy.8 Hormatly sahabalar namaz okajak bolanlarynda, hiç kimiň ýok ýerlerine gidýärdiler we şol ýerde ybadatlaryny gizlin edýärdiler. Ýene şeýle günleriň birinde Sagt ibn Abu Wakkas, Sagyt ibn Zeýd, Abdylla ibn Mesgut, Ammar ibn Ýasyr we Habbap ibn Erett Mekgäniň jülgelerinden Abu Dub diýen ýerde namaz okaýardylar. Şol wagt olary yzarlap ýören Ahnes ibn Şerik we käbir müşrikler olaryň ýanyna gelip, ybadatlaryny masgaralap, ýamanlap başladylar. Muňa çydap bilmedik hezreti Sagt ibn Abu Wakkas we onuň ýoldaşlary müşriklere hüjüm etdiler. Hezreti Sagt eline düşen bir düýe süňki bilen kapyrlaryň biriniň kellesine urup, ony ýardy. Müşrikler gorkup gaçdylar. Şeýlelikde, musulmanlar ilkinji gezek kapyr ganyny dökdüler.

“Eý Abu Jehil! Allaha kasam, ol seniň aýdyşyň ýaly däl. Seniň Lat we Uzza diýýän butlaryň hiç bir işe ýaramaýar, olaryň özlerine çokunýanlardan hem, çokunmaýanlardan hem habary ýok. Meniň Rebbim gözümiň nuruny bermäge we meni öňki halyma getirmäge, elbetde, kadyrdyr” Zinnire hatyn (radyýallahu anha)

Hezreti Abu Zer Gyfarynyň musulman bolşy

Adamlar birin-ikin hidaýata ýetýärdi, yslamyň nury Mekgäniň daşynda-da ýaýrap, älemi ýagtylandyryp başlapdy. Yslamyň döreýşi we ýaýraýşy baradaky habarlary eşiden müşrikler oňa päsgel bermegiň ýollaryny gözleýärdiler. Ahyrynda bu habar Beni Gyfar taýpasyna-da ýetdi. Abu Zer Gyfary bu habary eşiden badyna, dogany Uneýsi Mekgä iberip, ýagdaýy anyklamagy haýyş etdi. Uneýs Mekgä baryp, Pygamberimiziň mejlisinde boldy. Ol haýran galyp gaýdyp geldi. Dogany Abu Zer hezretleri: “Näme habar getirdiň?” diýip soranda, ol: “Agam! Allaha kasam, hemişe haýyry, ýagşylygy buýurýan we ýamanlyklardan saklandyrýan örän beýik bir şahsy gördüm” diýdi. Abu Zer Gyfary: “Bolýar, adamlar ol hakda näme diýýärler?” diýende, zamananyň meşhur şahyrlaryndan bolan dogany Uneýs şeýle jogap berdi: “Şahyr, kähin, jadygöý diýýärler. Emma onuň sözleri kähinleriň, jadygöýleriň sözlerine meňzemeýär. Men onuň aýdanlaryny şahyrlaryň dürli goşgulary bilen hem deňeşdirdim. Olara-da meňzemeýär. Meňzeşi bolmadyk bu sözleri hiç kimiň sözi bilen hem ölçäp bolmaýar. Allaha kasam, ol şahs haky bildirýär, dogrusyny aýdýar. Oňa ynanmaýanlar – ýalançylar we azaşanlar”. Bu habardan soň Abu Zer Gyfary Mekgä gidip, Pygamberimizi görmek we musulman bolmak kararyna geldi. Eline bir hasa we biraz azyk alyp, ol höwes bilen Mekgäniň ýoluna düşdi. Mekgä baranda, ol öz ýagdaýyny hiç kime gürrüň bermedi. Çünki müşrikler Pygamberimize we täze musulman bolanlara gazaply duşmançylyk edýärdiler, ezýetlerini-de barha artdyrýardylar. Esasan-da musulman bolan, kimsesiz we keseki adamlara örän köp jebir edýärdiler. Abu Zer Mekgede hiç kimi tanamaýardy. Ol bu ýerde gelmişek, keseki adamdy. Şonuň üçin ol hiç kimden hiç zat soramady. Ol Käbäniň ýanynda Resulullahy görmek üçin pursat gözleýärdi, onuň nirededigini bilmek üçin bir alamat agtarýardy. Agşama golaý ol bir köçäniň burçuna baryp oturdy. Hezreti Aly Abu Zeri gördi. Onuň keseki adamdygyna düşünip, ony öýüne alyp gitdi. Aly onuň ýagdaýyny soramansoň, Abu Zer syryny açmady. Ertir bolanda, ol ýene Käbä gitdi. Agşama çenli aýlansa-da, maksadyna ýetip bilmedi. Ol öňki ýerine baryp oturdy. Hezreti Aly şol gije hem ol ýerden geçip barýardy. “Bu biçäre henizem gözleýän öýüni tapmandyr” diýip, ony ýene öýüne alyp gitdi. Irden Abu Zer ýene Beýtullaha bardy we öz burçuna baryp oturdy. Hezreti Aly ony ýene öýüne çagyrdy. Bu gezek ol onuň nireden we näme üçin gelendigini sorady. Abu Zer hezretleri: “Eger maňa dogry maglumat berjekdigiňe berk söz berseň, aýdaryn” diýdi. Hezreti Aly: “Aýt, ýagdaýyňy hiç kime açmaryn” diýende, Abu Zer Gyfary: “Bu ýerde bir pygamberiň çykandygyny eşitdim. Onuň bilen görüşmek we onuň huzuryna ýetmek üçin geldim” diýdi. Hezreti Aly şeýle diýdi: “Sen dogry ýoly tapypsyň, akyllylyk edipsiň. Häzir men şol şahsyň ýanyna barýaryn. Meniň yzyma düş, men giren öýe sen hem gir. Eger ýolda saňa biriniň zyýan ýetirjekdigini duýsam, aýakgabymy düzedýän ýaly bolaryn. Şonda sen maňa garaşman, geçip gidersiň”. Abu Zer Gyfary hezreti Alynyň yzyna düşdi. Ahyrynda ol Pygamberimiziň mübärek ýüzüni görmek şerefine eýe boldy we: “Esselamu aleýkum” diýip salam berdi.

“Sabyr ediň, eý Ýasyryň maşgalasy! Begeniň, eý Ammaryň maşgalasy! Hiç şübhesiz, siziň sylag ýeriňiz – jennet” Hadysy şerif

Bu salam yslamda berlen ilkinji salam boldy, Abu Zer Gyfary hem ilkinji salam beren adam boldy. Pygamberimiz onuň salamyna jogap berip: “Allahu tagalanyň rahmeti seniň üstüňde bolsun” diýdi. Soňra Pygamberimiz: “Sen kim?” diýip sorady. Ol: “Men Gyfar taýpasyndan” diýdi. “Haçandan bäri şu ýerdesiň?” diýip sorady Pygamberimiz. – “Üç gün, üç gijeden bäri şu ýerdedirin.” – “Seni kim doýurdy?” – “Zemzemden başga iýere-içere hiç zat tapmadym. Zemzem içdigimçe hiç hili açlyk-da, suwsuzlyk-da duýmadym.” Pygamberimiz: “Zemzem mübärekdir. Ol aç adamy doýurýar” diýdi. Şondan soň Abu Zer Gyfary Pygamberimize: “Maňa yslamy bildir” diýdi. Pygamberimiz oňa kelimeýi şahadaty okady, ol hem ony gaýtalap aýtdy we yslam bilen şereflenip, ilkinji musulmanlaryň hataryna goşuldy.9 Musulman bolandan soň hezreti Abu Zer Gyfary Pygamberimize: “Ýa Resulallah! Seni hak pygamber edip iberen Jenaby Hakyň ady bilen kasam edýärin, men muny müşrikleriň arasynda aç-açan aýdaryn” diýdi. Ol Käbäniň ýanyna baryp, gaty ses bilen şeýle diýdi: “Eý kuraýşlylar! Eşhedu en la ilähe illallah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu – men şaýatlyk edýärin, Allahu tagaladan başga ilah ýokdur. Muhammet aleýhisselam Onuň guly we resulydyr”. Muny eşiden müşrikler derrew onuň üstüne topuldylar. Daşlar, taýaklar we süňk bölekleri bilen urup, ony gana boýadylar. Bu ýagdaýy gören hezreti Abbas: “Bu adamy goýberiň, öldürjek bolýarsyňyz-a! Ol siziň söwda kerweniňiziň geçýän ýolunyň üstünde ýaşaýan bir taýpadan. Mundan soň ol ýoldan nädip geçersiňiz?” diýdi. Şeýdip, ol Abu Zer hezretlerini müşrikleriň elinden halas etdi. Abu Zer musulman bolmak şerefine eýe bolmagyň şatlygyndan ýerinde durup bilmeýärdi. Ertesi gün ol ýene Käbäniň ýanynda kelimeýi şahadaty bar sesi bilen gygyryp aýtdy. Müşrikler ony bu gezek hem urdular we ol ýere ýykyldy. Ýene hezreti Abbas ýetişip, ony olaryň elinden halas etdi. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Abu Zer Gyfarynyň öz ýurduna dolanmagyny we şol ýerde yslamy ýaýratmagyny buýurdy. Bu buýrukdan soň ol öz taýpasynyň arasyna dolanyp, olara Allahu tagalanyň birligini, Muhammet aleýhisselamyň Onuň resulydygyny gürrüň berdi. Ol Pygamberiň bildirýän zatlarynyň hak we dogrudygyny, olaryň çokunýan butlarynyň batyl, boş we manysyzdygyny aýtdy. Ony diňleýän halkyň bir bölegi garşy çykyp başlady. Şol wagt taýpanyň baştutany Haffaf gygyrýanlary köşeşdirdi-de: “Duruň, diňläp göreli, näme gürrüň berjekkä” diýdi. Şondan soň Abu Zer hezretleri sözüni şeýle dowam etdi: “Men musulman bolmazdan öň, bir gün Nuhem atly butuň ýanyna baryp, onuň öňünde süýt goýupdym. Bir itiň golaýlaşyp, süýdi içendigini we butuň üstüni hapalandygyny gördüm. Şonda men butuň muňa päsgel bererlik güýjüniň ýokdugyna aýdyň düşündim. Hatda itiň-de kemsiden buta çokunmak size nädip ýaraýar? Bu akylsyzlyk dälmi? Ine, siziň çokunýan zadyňyz şu”. Hemmeler başlaryny aşak sallap durdular. Olaryň biri: “Bolýar, seniň aýdýan pygamberiň näme bildirýär? Onuň dogry aýdýandygyna sen nädip düşündiň?” diýende, Abu Zer hezretleri gaty ses bilen şeýle diýdi: “Ol Allahu tagalanyň birdigini, Ondan başga ilahyň ýokdugyny, Onuň her zady ýaradandygyny we her zadyň eýesidigini bildirýär… Ynsanlary Oňa iman getirmäge çagyrýar… Ýagşylyga, gözel ahlaga we biri-birine kömek etmäge çagyrýar. Gyz çagalary diri-diri gömmegiň we siziň edýän beýleki her hili ýamanlyklaryňyzyň, adalatsyzlyklaryňyzyň, zulumlaryňyzyň ýigrenjidigini we olardan saklanmalydygyny bildirýär”. We ol yslamy uzak wagtlap düşündirdi. Taýpasynyň azaşmalaryny birin-birin sanap çykdy. Soňra olaryň zyýanyny we ýigrenjiligini gürrüň berdi.

Ony diňleýänleriň arasyndan, taýpanyň baştutany Haffafdan we Abu Zeriň öz dogany Uneýsden başlap, köp adam musulman boldy.10

Käbäniň ýanynda Kurany Kerimiň aç-açan okalmagy

Bir gün hormatly sahabalar adamsyz bir ýerde ýygnanyp, öz aralarynda gürrüň edýärdiler: “Allaha kasam, Resulullahdan başga hiç kim bu kuraýşly müşriklere Kurany Kerimi aç-açan diňledip bilmedi. Olara Kurany Kerimi aç-açan okap diňletjek biri barmy?” diýdiler. Ol ýerde Abdylla ibn Mesgut hezretleri hem bardy. Ol: “Men diňlederin” diýdi. Sahabalaryň käbirleri: “Eý Abdylla! Müşrikleriň saňa zyýan ýetirmeginden gorkýarys. Biz şeýle bir adam isleýäris: gerek wagty ony müşriklerden gorap biljek kowumy we taýpasy bolsun” diýende, ol: “Siz maňa rugsat beriň, gideýin. Jenaby Hak meni gorar” diýip, öz sözünde durdy. Ertesi gün çaşt wagty ol Makamy Ybraýyma bardy. Müşrikler şol ýerde ýygnanypdylar. Ibn Mesgut aýak üstünde durup, Bismillähir-rahmänir-rahym diýdi-de, Rahman süresini okap başlady. Müşrikler biri-birine: “Ummu Abdyň ogly näme diýýär? Belki-de, Muhammediň getiren zatlaryny okaýandyr” diýip, onuň üstüne çozdular. Ýumruk, depgi we şapbat bilen onuň ýüzüni-gözüni gögerdip, tanalmaz ýagdaýa getirdiler. Emma ol şapbatlaryň we ýumruklaryň astynda okamagyny dowam etdi. Ol ýüzi-gözi ýaraly halda hormatly sahabalaryň ýanyna dolanyp geldi. Hormatly sahabalar muňa örän gynandylar: “Biz seniň şeýle ýagdaýa düşmegiňden gorkupdyk. Ahyrynda gorkan zadymyz seniň başyňa geldi” diýdiler. Emma Abdylla ibn Mesgut asla gynanmandy. Ol: “Men Allahu tagalanyň duşmanlaryny hiç haçan şu günki ýaly ejiz görmändim. Isleseňiz, ertir irden olara ýene şonçasyny diňledip bilerin” diýdi. Hormatly sahabalar: “Ýok, saňa şu-da ýeter. Sen ol ýowuz kapyrlara halamaýan zatlaryny diňletdiň” diýdiler.11

Tufeýl ibn Amryň musulman bolşy

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Mekgede yslamy aç-açan ýaýradyp başlan ýyllarynda, gije-gündiz ynsanlara nesihat berýärdi, olary yslam dinine çagyrýardy. Mekgeli müşrikler Resulullahyň bu tagallalaryny puja çykarmaga çalyşýardylar. Onuň gürrüň berýänlerini kabul edip iman getirýänlere her hili ýalany, töhmeti we jebiri rowa görýärdiler. Pygamberimiz bilen görüşen, gürleşen birini görseler, derrew onuň ýanyna baryp, onuň Pygamberimizi diňlemezligi we gürrüň berýänlerine ynanmazlygy üçin her hili hilä-de, ýalana-da ýüz urýardylar. Daşardan Mekgä gelýänleri onuň bilen görüşdirmezlik üçin, ellerinden gelen ähli zady edýärdiler. Musulmanlaryň kynçylykda bolan we kapyrlardan ezýet çekýän bir wagtynda, Mekgä Tufeýl ibn Amr Dewsi geldi. Muny gören müşrikleriň baştutanlary onuň ýanyna baryp, şeýle diýdiler: “Eý Tufeýl! Sen biziň ýurdumyza geldiň. Aramyzda peýda bolan Abdylmuttalybyň ýetiminiň geň galarlyk köp ýagdaýlary bar. Onuň aýdýan sözleri jady ýalydyr. Ol ogly kakasyndan, dogany doganyndan, äri aýalyndan aýyrýar! Ol orta atan pikirleri bilen töweregi bulaşdyrdy. Onuň sözüni eşiden ogul kakasyna seretmeýär, oňa eýerýär. Indi hiç kim biri-birini diňlemän, musulman bolýar. Biziň başymyza gelen bu aýralyk belasynyň seniň we kowumyňyň başyna-da gelmeginden gorkýarys. Saňa nesihatymyz şu: onuň bilen asla gürleşme! Ne oňa bir söz aýt, ne-de onuň sözüni diňle. Onuň gürrüň berýänlerine gulak asma! Örän seresap bol. Bu ýerde köp hem galma. Tizräk gidiber!” Mundan soňkusyny Tufeýl ibn Amr şeýle gürrüň berýär:

“Allaha kasam, ol şahs haky bildirýär, dogrusyny aýdýar. Oňa ynanmaýanlar – ýalançylar we azaşanlar” Hezreti Uneýs Gyfary (radyýallahu anhu)

“Kasam edýärin, olar muny şeýle köp gaýtaladylar welin, ahyrynda men onuň bilen gürleşmezlik we sözüni asla diňlemezlik kararyna geldim. Hatda Käbä girenimde, seresap bolaýyn, birden onuň sözlerini eşidäýmäýin diýip gorkup, gulaklaryma pagta dykypdym. Ertesi gün irden Käbä bardym. Resul aleýhisselamyň şol ýerde namaz okaýandygyny gördüm. Onuň golaýynda bir ýerde durdum. Jenaby Hakyň hikmeti bilen onuň okaýanlarynyň käbiri gulagyma degdi. Eşiden sözlerim şeýle bir owadandy! Men öz-özüme: ‘Men ýagşyny ýamandan saýgaryp bilmejek adam däl ahyry. Üstesine-de men şahyrdyryn. Näme üçin men onuň aýdýanlaryny diňlemeli däl? Sözlerini gowy görsem, kabul ederin, halamasam, taşlaryn’ diýdim. Men bir çete bukulyp, Resulullah namazyny okap, öýüne gidýänçä şol ýerde garaşyp durdum. Soňra onuň yzyndan gitdim. Ol öýüne girende, men hem girdim we: ‘Eý Muhammet aleýhisselam! Men bu ýurda gelenimde, seniň kowumyň maňa şeýle-şeýle diýdiler… Senden daş durmagymy islediler. Gorkudan seniň sözüňi eşitmezlik üçin gulaklaryma pagta dykdym. Emma Allahu tagala maňa seniň okaýanlaryňdan biraz eşitdirdi. Olary örän gowy gördüm. Indi sen maňa näme aýtjak bolsaň, bildir! Kabul etmäge taýýaryn’ diýdim. Resulullah maňa yslamy düşündirdi we Kurany Kerimden biraz okady. Kasam edýärin, ömrümde mundan has gözel söz eşitmändim. Derrew kelimeýi şahadat getirip, musulman boldum. Şol pursatda men şeýle diýdim: ‘Ýa Resulallah! Men kowumymyň arasynda sözi diňlenýän, abraýly adamdyryn. Olaryň hiç biri meniň sözümden çykmaz. Baryp, olary-da yslam dinine çagyraýyn. Doga ediň, Allahu tagala meniň üçin bir alamat, bir keramat bersin! Kowumymy yslama çagyranymda, ol alamat maňa bir aňsatlyk, bir kömek bolsun!’ Meniň bu haýyşyma jogap edip, Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem): ‘Allahym! Oňa bir aýat, alamat ihsan et!’ diýip doga etdi. Ondan soň men öz ýurduma dolandym. Garaňky bir gijede kowumymyň ýaşaýan çeşme başyna seredýän depä ýetenimde, maňlaýymda çyra ýaly bir nur peýda boldy we ýagtylyk saçyp başlady. Şonda men: ‘Allahym! Bu nury maňlaýymdan başga bir ýere geçir! Dews taýpasynyň nadanlary muny görüp, ol dininden dänendigi üçin Allah onuň maňlaýynda ylahy bir jeza hökmünde muny çykardy öýdäýmesinler!’ diýip doga etdim. Ol nur derrew elimdäki gamçynyň ujuna geçip, çyra ýaly asylyp durdy. Taýpamyň ýurduna ýakynlaşyp, depeden aşak düşüp başlanymda, ol ýerdäkiler elimdäki gamçynyň ujunda çyra ýaly ýalpyldaýan nury biri-birine görkezýärdiler. Şu ýagdaýda depeden düşüp, öýüme geldim. Ýanyma ilki bilen kakam gelip, meni şu ýagdaýda gördi. Meni gaty söýýändigi üçin, ol meniň boýnumdan gujaklady. Kakam örän garrydy. Men oňa: ‘Eý kakajan! Eger öňki ýagdaýyňda galsaň, ne men seniňki, ne-de sen meniňki!’ diýdim. Bu sözümi eşidende kakam geň galdy we: ‘Munuň sebäbi näme, eý oglum?’ diýip sorady. Men oňa: ‘Men indi Muhammet aleýhisselamyň dinine girip, musulman boldum’ diýip jogap berdim. Şondan soň kakam: ‘Oglum, men hem seniň giren diniňe girdim. Seniň diniň meniň hem dinim bolsun!’ diýdi-de, derrew kelimeýi şahadat getirip, musulman boldy. Ondan soň men yslam dininden bilýänlerimi oňa öwretdim. Soňra ol ýuwnup, arassa eşikler geýdi. Soňra ýanyma aýalym geldi. Oňa-da şol sözleri aýtdym. Ol hem kabul edip, musulman boldy. Ertir bolanda, Dews taýpasynyň arasyna çykdym. Yslamy düşündirip, olaryň hemmesini yslama çagyrdym. Emma olar kabul etmäge howlukmadylar. Uzak wagtlap garşy çykdylar. Günä we ýaman işlerinden el çekmediler. Hatda has-da öňe gidip, göz-gaş kakyşyp, meni masgaraladylar. Süýthorluga we humara berlendikleri üçin sözlerimi diňlemediler. Yslama eýermekden gaçdylar. Allaha we Onuň Pygamberine garşy baş göterdiler.

Birnäçe wagtdan soň men Mekgä geldim-de, kowumymdan Resulullaha arz-şikaýat edip: ‘Ýa Resulallah! Dews taýpasy Allahu tagala garşy baş göterdi. Olar yslama girmekleri üçin eden çagyryşymy kabul etmediler. Olar üçin doga ediň!’ diýdim. Her kese mähri we merhemeti uly bolan söýgüli Pygamberimiz ellerini galdyryp, gybla tarap öwrüldi-de: ‘Ýa Rebbim! Dews halkyna dogry ýoly görkez-de, olary yslam dinine getir!’ diýip doga etdi. Maňa bolsa: ‘Kowumyňa dolan. Olary ýylgyryp we süýji dil bilen yslama çagyrmagyňy dowam et! Olara ýumşak bol!’ diýdi. Men derrew ýurduma dolandym we Dews halkyny yslama çagyrmakdan bir pursat-da boş durmadym”.12

Ýarmarkalarda çagyryş

Her ýyl dürli şäherlerden adamlar belli günlerde Käbeýi muazzamany zyýarat etmek üçin Mekgä gelýärdiler. Resuly ekrem (sallallahu aleýhi we sellem) gelýänleri garşylap, her topara yslamy düşündirýärdi. Ol olara Allahu tagalanyň birdigini, özüniň hak pygamberdigini we halas bolmagyň mundadygyny bildirýärdi. Bir gün Welit ibn Mugire müşrikleri ýygnap: “Eý kuraýşlylar! Ýene Käbäni zyýarat etmek möwsümi geldi. Muhammediň sesi bütin äleme ýaýrady. Arap taýpalary onuň ýanyna gelip, onuň süýji sözlerine meýil edýärler we onuň dinine girýärler. Muňa garşy bir çäre oýlanmak gerek. Hemmämiz bir söze geleli, ýogsa ol hakda dürli zatlar aýdyp, biri-birimizi ýalançy çykararys” diýdi. Kuraýşlylar: “Eý Abdy Şemsiň kakasy! Aramyzda iň uzagy görýän adam – sen. Sen näme aýdaly diýseň, biz hem şony aýdarys” diýdiler. Welit: “Ýok, siz aýdyň, men diňläýin” diýende, olar: “Kähin diýeli” diýdiler. Welit derrew garşy çykdy: “Ýok! Kasam edýärin, ol kähin däl. Biz köp kähin gördük. Olar dogrusyny-da, ýalany-da hiç çekinmän aýdýarlar. Muhammediň okaýan zatlary kähinleriň toslaýan zatlaryna asla meňzemeýär. Soňra biz şu wagta çenli Muhammetden ýekeje ýalan hem eşitmedik. Eger şeýle diýsek, hiç kim ynanmaz” diýdi. Bu gezek olar: “Mejnun, däli diýeli” diýdiler. Welit ýene garşy çykdy: “Ýok! Kasam edýärin, ol mejnun hem, däli hem däl. Biz dälileri-de, mejnunlary-da tanaýarys, dälilik alamatlaryna-da düşünýäris. Onda ne bogulma, ne-de çabalanyp titreme, ne-de wehimlenme bar. Şeýle diýsek, bizi ýalançy çykararlar” diýdi. Kuraýşlylar: “Şahyr diýeli…” diýdiler. Welit ýene garşy çykdy: “Ol şahyr hem däl! Biz goşgynyň her görnüşini gaty gowy bilýäris. Onuň okaýanlary goşga asla meňzemeýär” diýdi. Bu gezek olar: “Jadygöý diýeli” diýdiler. Welit: “Ol jadygöý däl. Biz jadygöýleri-de, olaryň edýän jadylaryny-da gördük, olary-da bilýäris. Onuň sözlerinde jadydan nyşan ýok. Muhammediň sözi bütin älemden üstündir. Ol näbelli adam hem däl. Biz halky ondan aýryp, onuň bilen gürleşmeklerine päsgel berip bilmeris. Soňra çeper dillilikde, gözel we manyly gürlemekde ol deň-duşlaryndan üstündir. Gysgaça aýdanymyzda, ol hakda näme aýtsak-da, halk biziň sözümiziň ýalandygyna düşüner” diýdi. Aýtmaga söz tapmadyk kuraýşlylar: “Aramyzda iň ýaşulusy we tejribelisi – sen, sen näme diýseň, biz oňa razy” diýdiler.

“Pygamberimiz: ‘Ýa Rebbim! Dews halkyna dogry ýoly görkez-de, olary yslam dinine getir!’ diýip doga etdi. Maňa bolsa: ‘Kowumyňa dolan! Olary ýylgyryp we süýji dil bilen yslama çagyrmagyňy dowam et! Olara ýumşak bol!’ diýdi” Tufeýl ibn Amr (radyýallahu anhu)

Şondan soň Welit ibn Mugire biraz oýlanyp durdy-da, töweregindäkileri azdyryp, şeýle diýdi: “Ýöne hemmesinden gowusy – biz oňa jadygöý, jadyçy diýeli, akla iň ýakyny şu. Çünki ol sözleri bilen adamlary kowumyndan we garyndaşlaryndan aýyrýar. Dogany doganyndan, iki dosty biri-birinden sowadýar”. Kuraýşlylar derrew dagaşyp, Mekgede töweregine ýygnan adamlaryna: “Muhammet jadygöýdür!..” diýdiler we muny halkyň arasynda ýaýratdylar. Käbäni zyýarat etmek üçin taýpalar gelip başlanda, olar taýpalaryň öňünden çykdylar we Pygamberimiz bilen görüşmezlik barada duýdurmadyk hiç kimi galdyrmadylar. Müşrikleriň bu hereketleri sebäpli bütin arap ýurtlarynda yslama gyzyklanma oýandy, aňlarda-da butlar barada şübheler we soraglar döräp başlady. Allahu tagala kapyr Welit ibn Mugirä ajy azaplary dadyrjakdygy barada aýaty kerimeler inderdi. Mysal üçin, Muddessir süresiniň 11–29-njy aýatlarynda manysyna görä şeýle diýildi: “(Eý Resulym!) Meniň ýeke özüni (baýlykdan mahrum halda) ýaradan adamymyň (Welit ibn Mugire ýaly bir kapyryň) işini (jezasyny) Maňa goýuň! (Ol kapyra mynasyp jezasyny Men bereýin.) Men oňa örän köp mal berdim (hiç zada eýe bolmadyk ol nankör adama köp üzümçilikleri, baglary, mallary ihsan etdim, soňra ony köp nygmatlara ýetirdim). Men oňa hemişe ýanynda hazyr bolan ogullar berdim (ony gözegçilikde saklaýan, oňa ediljek hüjümi derrew yzyna serpikdirmäge taýýar duran güýçli-kuwwatly ogullar). Men oňa her zady aňsatlaşdyrdym, örän uly mümkinçilikler berdim (her zady aňsatlyk bilen ele salyp biljek ýagdaýa getirdim, onuň ýoluny açdym. Ol Mekgede ýokary derejä ýetdi. Oňa “Reýhanatul-Arab” diýen lakam berildi. Ol özüni kowumyna örän saýlama adam hökmünde tanadýardy). Soňra ol (ol açgöz, nankör adam) bu mümkinçiliklerden soň (malyny we çagalaryny) has-da artdyrmagymyzy isleýär (açgözlük bilen soraýar, ýeten nygmatlarynyň gadyryny bilip, şükür etmäge çalyşmaýar). Ýok! Onuň islegleri asla berilmez! (Ol inkär edijiniň, ol açgözüň arzuwy berjaý edilmez; onuň maly-da, çagalary-da artdyrylmaz.) Çünki ol Biziň aýatlarymyza garşy örän inatçy boldy. Men ony dowzahda aýak durmaýan typgyn gaýanyň üstüne zor bilen süýrärin (dowzahyň güýçli we agyr azaplarynyň içinde ony mynasyp jezasyna çekerin), ony kynçylyga we jebre salaryn! (Bir gün Pygamberimiz Käbede Kurany Kerimi sesli okaýarka, aýaty kerimeler Welide çuň täsir etdi. Ol kuraýşlylaryň ýanyna baryp: ‘Muhammediň okaýan bir sözüni eşitdim. Bu ynsanyň we jynyň sözi bolup bilmez. Bu söz goşgy däl, kähiniň sözi hem däl. Bu adam ýalan hem sözlemeýär. Men köp manyly sözleri eşiden adamdyryn. Emma men ony hiç bir zada meňzedip bilmedim. Siz onuň hiç haçan ýalan sözländigini gördüňizmi?’ diýende, kuraýşlylary uly alada gaplady we olar: ‘Waý! Bu akylly, baý, abraýly adamy hem elimizden gaçyrdyk! Muhammediň (sallallahu aleýhi we sellem) sözleri muňa-da täsir etdi’ diýdiler. Onuň ýanyna derrew Abu Jehili iberdiler. Abu Jehil gelip: ‘Näme boldy, seni beýle gamly, gaýgyly görýärin? Muhammediň jadysy saňa-da täsir etdimi ýa-da onuň mal-mülkünden bir zat eliňe degdimi? Biz öz aramyzda ylalaşdyk: eger sen mal-mülke höwes edýän bolsaň, saňa isleýşiň ýaly mal-mülk bereris. Sen beýle azaşyk ýollara düşme’ diýdi. Welit ibn Mugire: ‘Kuraýşyň iň baýy – men. Maňa nädip şeýle zat teklip edip bilýärsiňiz?’ diýdi. Abu Jehil: ‘Bolýar! Onda näme üçin sen onuň okaýan Kurany barada öwgüli sözler aýtdyň?’ diýdi.) (Şondan soň ol inkär ediji adam Resulullahdan eşiden Kurany Kerime dil ýetirmek üçin) aňynda käbir zatlary göz öňüne getirdi (oýlanyp-pikirlendi) we soňra bir baha kesdi (pikiriniň netijesini beýan etdi). Heläk bolasy (ýok bolgur), nähili baha kesdi! (Ol yzygiderli bolmadyk, öňki aýdanyny ýalana çykarýan, asla bolmajak bir baha kesdi. Bu adam aýdan sözlerini düşündirmelidigini duýdy we bu sözleri olara nädip düşündireýin diýip oýlandy.)

“Ýok, men ýene baryp okaryn. Müşrikleri ilkinji gezek şeýle perişan ýagdaýda gördüm. Olaryň ejizligi meni örän begendirýär. Maňa edilen jebirlerden agyry duýamok” Abdylla ibn Mesgut (radyýallahu anhu)

Soňra heläk bolasy, nähili (şeýle gorkunç) baha kesdi! Soňra ol seretdi (meselä üns bilen çümdi, ony doly öz gözegçiligine almak üçin meseläni täzeden çuňňur oýlandy). Soňra gaşlaryny çytdy we ýüzüni turşatdy. Soňra ol hakdan ýüz öwürdi we tekepbirlik etdi. We şeýle diýdi: ’Bu – ynsanlardan miras galan (birinden beýlekisine yzygiderli geçip gelýän) jadydan başga zat däl. Bu diňe ynsan sözüdir!’” (Aslynda ol adam ozal kowumynyň arasynda Kurany Kerimiň ajaýyp bir söz bolup, ynsan we jyn sözlerine meňzemeýändigini boýun alypdy. Soňra ol inkär ediji kowumyny razy etmek üçin sözüni üýtgedip, Kurany Kerim barada oňa asla mynasyp bolmadyk töhmetleri atdy. Şeýdip, ol özüni ylahy azaba mynasyp etdi. Allahu tagala şeýle diýdi:) “Men ony dowzaha (Sakara, güýçli oduň içine) salaryn. Sakaryň nämedigini bilýärmiň? (Güýçli oduň nämedigini sen nireden bileýin? Onuň aýratynlyklary barada maglumatyň barmy?) Ol ne goýýar, ne-de taşlaýar! (Ynsany ne öldürýär, ne-de ýaşadýar; içine girenleri ne çykarýar, ne-de azapdan el çekýär.) Ol ynsanyň bütin derisini soýýar (ýakyp-köýdürýär, garaldýar) we süňklerini ýüze çykarýar”.

Müşrikleriň Kurany Kerimi diňleýşi

Müşrikleriň öňdebaryjylary dürli hileler we zulum bilen adamlaryň iman getirmegine päsgel berýärdiler. Olar mekgelilere Muhammet aleýhisselamyň okaýan aýaty kerimelerini diňlemegi gadagan edýärdiler. Özleri bolsa gijelerine gizlinlik bilen söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselamyň bolýan öýüniň ýanyna gelip, bir burçda bukulyp diňleýärdiler. Ertir bolup, daň ýagtylyp başlanda, biri-birinden habarsyz gije Kurany Kerimi diňlemäge gelendiklerini gören müşrikleriň öňdebaryjylary biri-birini ýazgarýardylar we: “Indi beýle etmeris” diýýärdiler. Emma ertesi gije olar ýene biri-birinden habarsyz baryp, bir burçda bukulyp, ýene diňleýärdiler. Ertir bolanda, biri-birini görüp geň galýardylar. Olar beýle etmezlige kasam edip aýrylyşýardylar, emma mundan el çekip bilmeýärdiler. Şeýle-de bolsa, nebislerine eýerip, ulumsylyk edip, beýleki müşrikleriň özlerini ýazgarmagyndan çekinip we ýene köp boş pikirlere berlip, olar iman getirmediler. Başgalaryna-da päsgel berdiler. Üstesine-de köçelerde: “Muhammet jadygöýdür” diýip gygyrdylar. Bir gün agşamara müşrikler Käbäniň töweregine ýygnanyp: “Muhammedi çagyryp, bu meseläni gürleşeli! Soňundan bizi ýazgarmasynlar, ötünçli hasaplasynlar” diýdiler-de, Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) habar iberdiler. Bu çakylyk boýunça Pygamberimiz Käbä gelip, müşrikleriň garşysynda oturdy. Müşrikler şeýle diýdiler: “Eý Muhammet! Saňa habar ibermegimiziň sebäbi – seniň bilen ylalaşmak. Kasam edýäris, araplaryň arasynda seniň ýaly kowumynyň başyny bela salan adam görülmedi! Sen dinimizi aýypladyň! Ilahlarymyza dil ýetirdiň! Akyllarymyzy kemsitdiň! Agzybirligimizi bölüp, bizi biri-birimize garşy goýduň! Başymyza getirmedik ýamanlygyň galmady! Eger sen bu hereketleriň we sözleriň bilen baýamak isleýän bolsaň, saňa isleýäniňden-de köp mal ýygnap bereris. Şan-şöhrat gazanmak isleýän bolsaň, seni özümize baştutan edip kabul ederis. Patyşa bolmak isleýän bolsaň, seniň patyşadygyňy yglan edip, töweregiňe ýygnanarys. Eger sen bir zadyň täsiri astynda galan bolsaň, seni ondan halas ederis. Jynlardan gelen bir kesel bolsa, ähli baýlygymyzy döküp, onuň dermanyny gözläris!..” Älemleriň Serweri olary sabyr bilen diňledi-de, şeýle beýik jogap berdi: “Eý kuraýşlylar! Siziň aýdýan zatlaryňyzyň hiç biri mende ýok. Men size getiren zatlarym bilen ne mallaryňyzy soramak, ne-de araňyzda uly şan-şöhrat gazanmak, ne-de size patyşa bolmak üçin geldim. Emma Allahu tagala meni size pygamber edip iberdi we maňa bir Kitap inderdi. Ol maňa (kabul edenleriňiz üçin) hoş habar beriji (jennet bilen) we gorkuzyjy (kabul etmeýänleriňiz üçin dowzah bilen) bolmagy buýurdy.

Men hem Rebbimiň bu buýrugyny size ýetirdim, size nesihat etdim. Eger meniň getiren zadymy kabul etseňiz, ol size dünýäde-de, ahyretde-de nesibe we azyk bolar. Eger kabul etmän ret etseňiz, Allahu tagala meniň bilen siziň araňyzda Öz hökümini çykarýança, maňa düşýän iş – Jenaby Hakyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin her kynçylyga döş gerip çydamakdyr…” Abu Jehil, Umeýýe ibn Halef we beýleki müşrikler şeýle diýdiler: “Eý Muhammet! Durmuş babatda bizden has kyn şertlerde ýaşaýan adamyň ýokdugyny bilýärsiň. Pygamber bolsaň, Rebbiňden sora: bizi gysyp duran, durmuşymyzy kynlaşdyrýan şu daglary aýryp, daşlaşdyrsyn! Ýurdumyzy giňeldip, onda Şamyň we Yragyň derýalary ýaly derýalar akdyrsyn! Mundan başga-da, Kusaý ibn Kilapdan başlap, geçen ata-babalarymyzyň käbirlerini direltsin! Kusaý ibn Kilap dogry sözli, beýik adamdy. Seniň aýdýanlaryňyň hakdygyny ýa batyldygyny ondan soralyň! Eger ol seni tassyklasa we sen biziň isleýänlerimizi etseň, biz seni tassyklarys. Şeýdip, seniň Rebbiňiň huzuryndaky derejäňi-de bileris. Eger biziň üçin bulary etmeseň, öz-özüň üçin Rebbiňden bir zat sora. Seniň sözleriňi tassyklajak, bizi senden yzymyza gaýtarjak bir perişde ibermegini sora! Mundan başga-da, Rebbiň saňa baglar, köşkler, hazynalar bersin-de, sen durmuş aladasyndan dyn! Çünki sen hem biziň ýaly bazarlarda aýlanýarsyň, durmuş üçin jan edýärsiň!..” Älemiň buýsanjy olara şeýle diýdi: “Men size bular bilen iberilmedim. Allahu tagala meni näme bilen iberen bolsa, men size Jenaby Hakdan diňe şony getirdim. Men ony size ýetirdim. Men (mal-mülk bermegi üçin) Rebbimden soraýan adam däl… Allahu tagala meni (getirenlerimi kabul edenleriňiz üçin jennet bilen) hoş habar beriji we (kabul etmän ret edenleriňiz üçin dowzah bilen) gorkuzyjy edip iberdi”. Şondan soň müşrikler: “Rebbiň isleýän her zadyny edýän bolsa, sora-da gör, şu asmany ýaryp, biziň üstümize gaçyrsyn!.. Sen muny etmeseň, biz saňa ynanmarys!” diýdiler. Pygamberimiz: “Bu iş – Allahu tagalanyňkydyr. Ol size muny etmegi islese, elbetde, eder” diýdi. Şondan soň müşrikler has-da öňe gidip: “Eý Muhammet! Seniň Rebbiň biziň seniň bilen oturjakdygymyzy, senden näme sorajakdygymyzy, senden näme talap etjekdigimizi bilmeýärmidi, saňa öňünden habar berip öwretmedi? Biz seniň ýetirýänleriňi kabul etmesek, bize näme etjekdigini näme üçin bildirmedi?.. Sözleriňiň dogrudygyna perişdeleri bize şaýat edip getirmeseň, biz saňa ynanmarys… Indi seniň öňüňde biziň hiç hili jogapkärçiligimiz galmady. Kasam edýäris, indi seniň ýakaňy goýbermeris! Ýa biz seni ýok ederis, ýa-da sen bizi…” diýdiler. Olaryň oňa ýakynlaşmagyň ýerine şeýle bütinleý daşlaşýandyklaryny gören söýgüli Pygamberimiz olaryň ýanyndan gitdi.13 Mekgeli müşrikler Kainatyň Soltanyny ret edenden soň, Allahu tagala Jebraýyl aleýhisselamyň üsti bilen wahy iberip, olara aýaty kerimeler bilen jogap berdi. Olaryň duçar boljak ajy azaplaryny bildirdi. Engam süresiniň 4-nji aýatyndan 11-nji aýatyna çenli manysyna görä şeýle diýildi: “Olara Rebbiniň aýatlaryndan gelen hiç bir aýat (Kurany Kerimiň aýatlaryndan bir aýat, delillerden bir delil ýa-da mugjyzalardan bir mugjyza) ýokdur welin, olar ondan ýüz öwürmän galmaýarlar.

“Ýabany, ýürekleri gaty nadanlar saňa iman getirmezler. Olaryň köpüsi münapykdyr (ikiýüzli)” Toba: 97

Ine, olar Hak (Kurany Kerim) özlerine gelende, ony ýalana çykardylar, ret etdiler. Emma ýakynda olara özleriniň masgaralap gülýän zadynyň habary (jezasy) geler. Olar (Mekge halky) özlerinden öň Biziň näçe nesilleri heläk edendigimizi görmedilermi? Anyk bilmedilermi? Biz olara size bermedik ähli mümkinçiliklerimizi beripdik. Asmandan olara bol ýagyşlar iberipdik. (Bagbakjalarynyň, baglarynyň we köşkleriniň) aşagyndan derýalar akdyrdyk. Soňra olary (bu nygmatlara şükür etmändikleri we) günäleri sebäpli heläk etdik. Olaryň ýerine başga-başga nesilleri ýaratdyk. Eger Biz saňa kagyza ýazylan bir kitap inderen bolsak we olar ony elleri bilen tutup gören bolsalar-da, ol kapyrlar inatlyklaryndan: ‘Bu aç-açan jadydan başga zat däl’ diýerdiler. Ýene-de olar: ’Oňa (Muhammet aleýhisselama) (biziň hem görüp biljek) bir perişde iberilse bolmaýarmy (we bize onuň pygamberdigini aýtsa bolmaýarmy)!’ diýdiler. Eger Biz bir perişde iberen bolsak (we olar ýene iman getirmeseler), iş, elbetde, tamamlanardy (olaryň hemmesini heläk etmek barada höküm çykarylardy). Soňra olara göz açyp-ýumasy möhlet berilmezdi, olara seredilmezdi. Eger Biz ony (Pygamberi) perişde eden bolsak, elbetde, ony ýene erkek (keşbinde) görkezerdik we olary häzirki düşen şübhelerine ýene düşürerdik. Ant bolsun, senden öňki pygamberleri hem masgaralap gülüpdiler, masgaralan zatlarynyň jezasy bolan bela we azap olary her tarapdan gurşap aldy. Aýt: ‘Ýer ýüzünde aýlanyň, soňra serediň: pygamberleri ýalana çykaranlaryň soňy nähili boldy?’” Furkan süresiniň 7–10-njy aýatlarynda hem manysyna görä şeýle diýildi: “Kapyrlar: ‘Bu nähili pygamber? Biziň ýaly iýip-içýär, köçelerde aýlanýar. Pygamber bolsady, oňa perişde gelerdi. Onuň kömekçileri bolardy, olar hem bize habar bererdiler, bizi dowzah bilen gorkuzardylar. Ýa-da Rebbi oňa pul hazynalaryny iberer, ýa-da onuň miweli baglary, ýer-mülkleri bolardy, isleýänini iýerdi’ diýdiler. Ol zalymlar biri-birine: ‘Eger siz oňa eýerseňiz, jadylanan bir adama eýeren bolarsyňyz’ diýdiler. (Eý Habybym!) Seret, olar seniň hakyňda nähili erbet mysallar getirip, hak ýoldan aýryldylar, azaşdylar. Indi olar azaşmakdan çykyp, hidaýata ýol tapyp bilmezler. Allahu tagalanyň şany nähili beýik! Ol islese, saňa (dünýäde) bulardan has haýyrly bolan, aşagyndan derýalar akýan bagbakjalar, baglar berer, seniň üçin köşkler gurar!” 21-nji aýatda hem manysyna görä şeýle diýildi: “Biz bilen duşuşmaga umyt etmeýänler: ’Bize perişdeler inderilse bolmaýarmy (we Muhammediň dogry aýdýandygyny habar berse bolmaýarmy), ýa-da Rebbimizi görsek bolmaýarmy!’ diýdiler. Ant bolsun, olar özlerini örän uly saýdylar we uly azgynlyk bilen çäkden çykdylar…” Sebe süresiniň 9-njy aýatynda manysyna görä şeýle diýildi: “Eger Biz islesek, olary (aç-açan aýatlarymyzy görüp, olary ýalana çykarandyklary sebäpli, Karun ýaly) ýere batyrardyk ýa-da (Eýke halkyna edişimiz ýaly) olaryň üstüne asmandan bölekler gaçyrardyk”. Isra süresiniň 97-nji aýatynda hem manysyna görä şeýle diýildi: “…Biz olary kyýamat güni kör, lal we ker edip, ýüzin ýygnarys! Olaryň baryp girjek ýeri – dowzah, onuň ody sönügsiredigiçe, Biz onuň ýalnyny artdyrarys!” Özleri barada inen aýaty kerimeleri eşidenlerinde, müşrikler duşmançylyklaryny has-da güýçlendirdiler.

Esasan-da Ubeý ibn Halef we onuň dogany Umeýýe Resulullahy örän gynandyrýardylar. Betbagt Ubeý çüýrän bir süňk alyp, Pygamberimiziň belent huzuryna geldi. Ol: “Eý Muhammet! Bu süňk çüýränden soň, seniň Allahyň ony direltjekmiş, şeýlemi? Diýmek, sen bu süňki çüýränden soň Rebbiň direlder öýdýärsiň, şeýlemi!” diýdi-de, süňki owradyp taşlady. Soňra onuň tozuny söýgüli Pygamberimize tarap üfledi. Ol sözüni dowam edip: “Eý Muhammet! Muny şeýle çüýränden soň kim direldip bilermiş?” diýdi. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem): “Hawa. Allahu tagala seni-de, ony-da öldürer… Soňra seni direlder we dowzaha salar” diýdi. Bu waka sebäpli Jenaby Hak aşakdaky aýaty kerimeleri inderdi. Manysyna görä: “Ol (inkär ediji) ynsan ony bir damja suwdan ýaradandygymyzy görmedimi, anyk bilmedimi? Şeýle bolsa-da, ol aç-açan jedelçi boldy. Öz ýaradylyşyny unudyp, Bize: ‘Çüýräp dargan bu süňkleri kim direlder?’ diýip mysal getirdi. (Eý Resulym!) Aýt: ’Olary (ýok wagtlary) ilkinji gezek ýaradan (Allahu tagala) direlder we Ol her bir ýaradylany doly bilýändir. Ol (Allahu tagala) – size gök agaçdan ot çykarýandyr, ine, siz ondan ot ýakýarsyňyz. Asmanlary we ýeri ýaradanyň olaryň meňzeşini ýaratmaga güýji ýetmezmi? Elbetde, ýeter. Ol – her zady ýaradyjy, her zady bilijidir…’”14

Halyt ibn Sagydyň imany

Yslama çagyryşyň ilkinji döwürlerinde Halyt ibn Sagyt bir düýş gördi. Düýşünde ol dowzahyň gyrasynda durka, kakasy ony itip gaçyrmak isledi. Edil şol pursatda ol Pygamberimiziň ony bilinden tutup, dowzaha gaçmakdan halas edendigini gördi. Ol gygyryp oýandy we: “Allaha kasam, bu düýş – hakykat” diýdi. Daşaryk çykanda, hezreti Abu Bekire gabat gelip, oňa düýşüni gürrüň berdi. Hezreti Abu Bekir oňa: “Seniň düýşüň hakdyr, bu adam – Allahu tagalanyň pygamberi. Häzir bar-da, oňa eýer! Sen oňa eýerersiň, onuň getiren dinine girersiň we onuň bilen bile bolarsyň. Ol hem seni düýşüňde görşüň ýaly dowzaha gaçmakdan gorar. Kakaň bolsa dowzahda galar!” diýdi.

Hezreti Halyt ibn Sagyt düýşüň täsiri astyndady. Wagt ýitirmän, ol derrew Ejýat diýen ýere, Muhammet aleýhisselamyň huzuryna bardy we: “Eý Muhammet! Sen adamlary nämä çagyrýarsyň?” diýip sorady.

Pygamberimiz oňa şeýle jogap berdi: “Men ynsany şärigi we meňzeşi bolmadyk ýeke-täk Allaha we Muhammediň (aleýhisselam) Onuň guly we pygamberidigine ynanmaga, eşitmeýän, görmeýän, hiç hili zyýan-da, peýda-da bermeýän, özlerine çokunýanlary-da, çokunmaýanlary-da bilmeýän käbir daş böleklerine çokunmakdan ýüz öwürmäge çagyrýaryn”.

Şondan soň Halyt ibn Sagyt derrew: “Men hem şaýatlyk edýärin: Allahu tagaladan başga çokunmaga mynasyp ilah ýokdur, ýene şaýatlyk edýärin: sen – Allahu tagalanyň pygamberi!” diýip musulman boldy. Onuň musulman bolmagy Pygamberimizi örän begendirdi. Onuň yzysüre aýaly Umeýýe hem musulman bolmak şerefine eýe boldy. Hezreti Halyt ibn Sagyt doganlarynyň hem musulman bolmagyny isleýärdi we munuň üçin jan edýärdi. Olardan Omar ibn Sagyt eýýäm musulman bolupdy.

“Biz olary kyýamat güni kör, lal we ker edip, ýüzin ýygnarys! Olaryň baryp girjek ýeri – dowzah, onuň ody sönügsiredigiçe, Biz onuň ýalnyny artdyrarys!” Isra: 97

Yslamyň gazaply duşmany bolan kakasy Abu Uhaýha Halydyň we Omaryň musulman bolandygyny we Mekgäniň adamsyz bir ýerinde namaz okaýandyklaryny bilende, çagalaryndan musulman bolmadyklaryny iberip, olary öz ýanyna getirtdi. Soňra olara täze giren dinlerinden çykmagy buýurdy. Ol olary käýinip, urup başlady.

Soňra ol Halyt ibn Sagyda: “Sen Muhammede eýerdiňmi? Sen onuň kowumyna garşy hereket edýändigini we getiren dini bilen butlarymyzy, ata-babalarymyzy kemsidýändigini görýärsiň-ä!” diýdi.

Halyt ibn Sagyt hezretleri: “Allaha kasam, Muhammet aleýhisselam dogry aýdýar. Men oňa eýerdim. Ölsem-de, dinimden dänmerin!” diýende, kakasynyň gahary has-da artdy. Ol ony taýak döwülýänçä urdy-da: “Eý ýaramaz oglum! Isleýän ýeriňe git. Ant bolsun, men saňa çörek bermerin!” diýdi. Hezreti Halyt: “Sen meniň nesibämi kesseň, Allahu tagala, elbetde, rysgymy ihsan eder” diýdi.

Kakasy beýleki çagalaryny: “Eger araňyzdan biriňiz onuň bilen gürleşse, oňa etmedigimi size ederin” diýip gorkuzdy. Hezreti Halydy bolsa öýüň ýerzeminine gabatdy we ony üç gün Mekgäniň yssysynda aç-suwsuz goýdy.

Halyt ibn Sagyt hezretleri bir alajyny tapyp, kakasynyň elinden dyndy. Kakasy agyr kesele duçar boldy. Abu Uhaýha kesel ýatan ýerinde yslama bolan duşmançylygy sebäpli şeýle diýýärdi:

“Eger bu keselden gutulyp, aýak üstüne galsam, Mekgedäki her bir adam biziň butlarymyza çokunar. Hiç kim olardan başga zada ybadat edip bilmez!..” Hezreti Halyt kakasynyň hak dine bolan duşmançylygy soňlansyn we musulman doganlaryna zyýan ýetirmesin diýip, ellerini galdyrdy-da: “Eý älemleri ýaradan Allahym! Kakamy bu keselden galdyrma!” diýip doga etdi. Jenaby Hak onuň dogasyny kabul etdi: Abu Uhaýha kesel düşeginden turup bilmän öldi.

Musgap ibn Umeýriň musulman bolşy

Musgap ibn Umeýr (radyýallahu anhu) Kuraýşyň asylly we baý maşgalasyndandy. Pygamberimiziň mübärek sözlerini eşidende, onuň ýüreginde uly söýgi döredi. Ol oňa ýetmek arzuwy bilen ýanyp-tutaşýardy. Ahyrynda ol Darul-Erkama bardy we musulman boldy. Muny eşiden ejesi bilen kakasy ony ähli zatdan mahrum edip, gynap başladylar. Dininden dändirmek üçin ony öýleriniň ýerzemininde gabap, günlerçe aç-suwsuz goýdular. Arabystanyň ýakyp-ýandyryjy gününiň aşagynda oňa agyr, çydamasy kyn jebirleri etdiler. Emma Musgap ibn Umeýr hezretleri bu agyr we rehimsiz jebirlere sabyr edip, yslamdan dänmedi.

Hezreti Musgap musulman bolmazdan öň maşgalasynyň baýlygy sebäpli eşretde-bolçulykda önüp-ösüpdi. Her kim oňa höwes edýärdi. Musulman bolanda, maşgalasy ony ähli zatdan mahrum etdi we jebirlere sezewar etdi. Dini üçin her hili kynçylyga çydan Musgap ibn Umeýr bir gün Resulullahyň huzuryna bardy. Onuň bu gelşini hezreti Aly şeýle gürrüň berdi: “Biz Resulullah bilen otyrdyk. Şol wagt Musgap ibn Umeýr geldi. Onuň egninde ýamaly bir eşigi bardy, ol gynanarlyk ýagdaýdady. Resulullah (sallallahu aleýhi we sellem) onuň bu ýagdaýyny görende, mübärek gözleri ýaşdan doldy. Musgabyň çeken bu jebirlerine we garyplygyna garamazdan, dininden dänmändigi sebäpli, Resulullah şeýle diýdi: ‘Allahu tagalanyň ýüregini nurlandyran şu adama serediň. Men onuň ejesiniň we kakasynyň ony iň gowy iýmitler we içgiler bilen ekleýändiklerini görüpdim. Allahu tagalany we Onuň Resulyny söýmegi ony siziň görýän ýagdaýyňyza getirdi’”.

“Allahym! Olaryň günälerini bagyşla! Çünki olar näme edýändiklerini bilmeýärler” Hadysy şerif

Haky zikir et, ýana-ýana!
Ýetersiň köp ihsana,
Açylar her gapy saňa,
Aýan bolar Jemalullah.
Şemsi Tebriz muny biler:
Älem galmaz, pany bolar,
Ähli mahluk ýok bolar,
Diňe baky galar Allah.
Salatullah, selamullah,
Aleýke ýa Resulallah.

Habeşistana hijret